23:47 Şu gün Bahargül Kerimowanyň doglan güni | |
ŞU GÜN BAHARGÜL KERIMOWANYÑ DOGLAN GÜNI
Gutlaglar
Şu gün şahyra Bahargül Kerimowanyň doglan günüdigi hakda Maýa gelnejemiz aýtdy. Heniz mekdep ýyllarymyzdan eserlerini okan zenan şahyrymyzyň adyny eşiden dessime çagalyk ýyllarymyň mähirli küýsegi bilen duýgulandym. Eýranda ýaşaýan meşhur ýazyjy gelnejemiz Ogulmaýa Saparowa jorasy Bahargül Kerimowany ýörite baryp öz adyndan gutlap bermegi towakga etdi. Ýazyjy-şahyrlaryň arasynda ýaşuly ýazyjy hökmünde kän maslahat berip, hemişe ýagşy görelde görkezýän Maýa gelnejemiziň şeýle towakga bilen iň ilki maňa ýüzlenendigine dogrusy begendim. XX asyr türkmen edebiýaty we onda zenan şahyrlaryň orny hakynda sözlenende, nämüçindir meň ýadyma Bahargül Kerimowa düşýär. Bu hakda özümden birnäçe ýaş uly sazanda agalarymyň birinden soranymda, ol «Diňe bir "Deňeýän" atly aýdymy üçinem Bahargül Kerimowanyň ady hemişe ýatlanmaga mynasypdyr» diýip, buýsanç bilen gürrüň berdi. Sebäbi saza şeýle sazlaşykly gelişýän sözleri tapyp bilmek, bu ýöne-möne iş däl, bu ylahy talantyň şahyryň eserlerinde janlanmagydyr. Baýry şahyramyzy mynasyp şekilde gutlajaik bolup, elimiz ter gül çemenli onuň döwletli ojagyna «Gujurly» bilim merkeziniň okuw terbiyeçilik işleri boyunça orunbasary Myrat Atabaýew bilen gadam goýduk. Barsak oýlaýşymyz ýaly, şahyramyzyň myhmanlary ýetik. Dost-ýarlary, töri dolduryp oturan boýdaşlary, sanasaň sogaby bar. Biz Bahargül gelnejä aýagüstünden baryp gaýtjakdygymyzy aýdyp, öňünden jaň edipdik. Şahyra bizi gapysynda garşylady, içeri giren badymyza salamlaşyp bagryna basdy. Edil ene mähremligi onki süňňünden nur ýaly ýaýraýan nurana kalply şahyra. Hudaý barlygymy aýdaýyn, ejem janyň mährine kybap mähir tapdym bu ojakda. Özem duýdansyz. Şeýle hamrak ynsan bilen didarlaşmagyma sebäp bolany üçin Maýa gelneje sag boluň! Ynha biz, Kerim Gurbannepes, Sahy Jepbar, Pürli Sary ýaly ägirtleriň duz-emek bolan ojagynda. Bu ojakda näçe-näçe ezizlige ýugrulan, aýdyma öwrülen keşde ýaly goşgular dörändir. Bu öý misli ylham sallançagy bolup şahyryny üwrandir. Togap etseňem az bu bosagany. Çaý başynda Bahargül gelneje «Şu jaýa göçäýen ýylymyz Kerim aganyň bir kitaby çap edilip, halka ýaýrapdy- diýip gürrüň berdi.- Şonda halypa şahyr şol kitabynyň titul sahypasyna «Bahargülüň we Döwletiň (şahyranyň ýanýoldaşy) täze jaýy baharly hem döwletli bolsun» diýip, awtograf ýazyp berendigini gürrüň berdi. Bu gün 79 ýaşyny uly ruhubelentlik bilen belleýän Bahargül gelneje hiç kimiňkä meňzemeýän poeziýasy bilen edebiýatymyzyň ösmegine goşant goşan ýaşuly neseilleriň wekili. Onuň sylag-sarpasy kalbymyza goltgy-daýanç. Şeýle mähriban ynsanlaryň alkyşyny alyp, ýaşaýşyň manysy hakda has çuňňur oýlanyp başlaýarsyň. Zehinli ýazyjymyz Ogulmaýa Saparowa-Semizadeniň aýdyşy ýaly, Ýeňiş ýylynyň tomsunda ýeňilmezek ýaz bolup dünýä inen Bahargül gelnejemize uzak ömür, şatlykly günlerden paý dileýäris. Doglan günüňiz ýene bir gezek gutly bolsun! | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||