13:11 Sumbaryñ "Ak altyny" | |
SUMBARYŇ «AK ALTYNY»
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk
Hawa, hawa, «Ak altyny». Bu jülgede diňe bir özüniň gözüňe söweýin ir-iýmişleri bilen tanalman, eýsem «Ak altyny» bilen hem meşhurdy. Ilkinji bäşýyllyklar döwründe-de, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda-da, bu ýerde «Ak altynyň» bol hasylyny alýardylar. Pagta hasylyny ýygnamagyň ussatlarynyň ençemesi Watanymyzyň orden-medallaryna mynasyp bolupdy. Baryp-ha 1940-njy ýylda TK /b/ P MK-nyň býurosy pagtany Hallan Begenjiň usuly bilen ýygmak hakynda ýörite karar kabul edipdi. Bu usul haý diýmän beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň ildeşleri tarapyndan hem alnyp göterilipdir. Pagtaçylaryň hemmesi partiýanyň bu çagyryşyna höwes bilen goşuldylar. «Trudowaýa armiýa» kolhozyndan Nowa Agaýewa, Garry Aşyrowa. «Şura» kolhozyndan Näzi Rejebowa, Hallygül Orazowa, Gurbangül Aşyrowa «Pagtasoýuz» kolhozyndan Tagy Gökiýewa, Jemal Muhadowa dagy raýonda ökde ýygymçylardy. Ine, men 1940-njy ýylyň 1-nji noýabryna çenli raýon boýunça pagta tabşyrmagyň ýyllyk planynyň ýerine ýetirlişi hakyndaky swodka seredip otyryn: raýonda pagta ekýän ýigrimi bir kolhozyň köpüsi planyny doldurypdyr. «Ynkylap» kolhozy 164,2, «Politbýuro» kolhozy 127, «Çarwa» kolhozy 140 prosentden aşyryp pagta tabşyrypdyr. Iň yzda süýrenýän Maksim Gorkiý adyndaky adyndaky kolhoz şol döwre çenli planyny bary-ýogy 58 prosent ýerine ýetiripdir. Hawa, indi o döwürlerden bäri aý aýlanyp, ýyllar tirkeş gurap geçip gidipdir. Orta ýaşan adamlar bolaýmasa, datly ir-iýmişli Sumbar jülgesinde kawçuk (kauçik) hasyly alynýan ösümlikdir «Ak altyn» ekilipdir diýilse, şu wagtky ýaş-ýeleňler geň görýärler - diýip, meniň söhbetdeşim Sary aga gürrüň berýär. Hyzmatyny ýetirip bilseň, topragyň eçilmejek gumany bolmaz, «ýerler zaýalanýar» diýip onda-mynda eşidýän weli ýüregiň-bagryň awap gidýär heýem ýer özözünden zaýalanyp bilermi?! Ýeri bilgeşleýin zaýalaýanlar bar! Diýmäýin diýsem, şo tetelli zyýankeşler her edip hesip edip, şöhrat gazanjaklar. Olar bir günlük şöhratdan gylaw alyp ertesini ýatdan çykarýarlar. Dogrusyny aýtsam, halky jowrandyrýarlar. Biziň işlän döwrümizde şu günki günüň bol tehnikasy ýokdy. Hemme zat el bilen edilýärdi. Azal bilen sürüm geçirilse, el bilen ekin ekilerdi. Men göwnüme bolmasa, şu wagta garanyňda, ozallar ýere, suwa has mukaddes garalýan ýalydy. Ýerem sähel ideg-yssywat edilmese, gürpdan düşýär. Sary aga bilen şol gün köp meseläniň başyny agyrtdyk. Hoşlaşyp durkam Sary aga köp manyly ýylgyrdy-da: - Bir zatlar ýazmakçy-ha dälsiň-dä?! - diýdi. Men baş atdym. - Gaty gowy-da! Bu jelagaýlarda ýaşuly adamlaryň kawçugy görmedigi ýokdur. Asyl-ha ol ekine hyzmat etmedigi ýokdur! Şol adamlaryň zähmetiniň wasp edilip, baý öz wagtynda ýazylandyr-ow! - diýip, raýon ýaşulylar Sowetiniň başlygy Sary Ýolly hoşlaşyp durka, buýsanç bilen aýtdy. Maşyn ýola rowana boldy. Dag eteginde ýazylyp ýatan meýdanlara syn edýärin. Bu ýerler bir wagtlar ýurdumyz üçin iňňän zerur kawçuk, gwaýýula, krym sagyzy ýaly ösümlikler ösdürilip ýetişdirilen ýerler. Indi bu ýerleri injirdir narlaryň, üzümdir badamyň giň giden plantasiýasy tutup otyr. Ine, saňa gözüňe söweýin adam eliniň gudraty! 1986 ý, aprel. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |