07:06 Şumer daş plita ýazgylary / 1-njy ýazgy | |
ŞUMER DAŞ PLITA ÝAZGYLARY (1-NJI ÝAZGY)
Geň-taňsy wakalar
• TAŇRYLARYŇ ÖZ ARALARYNDAKY SÖWEŞLERI NETIJESINDE ÝADRO WE HIMIKI ÝARAGLARY ULANMAKLARY, HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI Nibiruda (çaklamalara görä 12-nji planeta) höküm süren Anunyň ilkinji ogly, hormatly Enkiniň sözleri. Içim gysýar, agylarym zar-zar ýanýar; kalbymy ajylyk bilen gaplap alan agylarym bar. Diýara nädip urdy bu zarba; halky erbetlik howasy gurşap aldy, ahyrlaram terk edildi, agyllary boşap galdy. Şäherleri gaty erbet şamar iýdi. Erbet Howa uçran öli bedenler depe üstüne depe. Ekinzarlyklar ýop-ýok boldy. Erbetlik howasynyň düşen ýerindäki ösümlikler gurap galdy. Derýalar gaty erbet bela uçrady; indi içinde hiç zadam ýüzenok, şildireýän dury suwlary zyýana uçrady. Gara saçly halk bolan Şumer boşap galdy; bütin ýaşaýjylar gitdi; goýun-dowarlar Şumerden aýryldy. poşurdap boşap galan sütün başy sessiz. Ol buýsançly şäherlerde indi diňe şemal uwalýar. Bir salymlyk ys alýaň, olam ölüm. Başy göge beýgelen ybadathana, Tanrylar tarapyndan boşadyldy. Hökümdarlyk we patyşalyk ýörelgesi deň indi nam-nyşan ýok. Hasa we täç gitdi. Bir döwürler ýap-ýaşyl we ýaşaýyşa höwes döreden iki beýik derýanyň kenarlarynda (ähtimal Ýewfrat we Tigr) ýabany otlar çykdy. Esasy ýollara çykyp gezip ýören ýok, ýyldyzy parlaýan Şumer terk edilen çöle döndi. Diýara, Taňrylaryň we adamlaryň öýlerine gör nähili bela geldi. Ol ülkäniň üstüne adamogluna heniz belli bolmadyk apat indi. Adamoglunyň öň hiç görmedik, göräýse-de ýok bolup (ölüp) gitjek belasy geldi. Günbatardan gündogara bütin topraklarda ýumurtga togalaýmaly boldy. Şäherlerdäki Tanrylar edil adamlar ýaly çäresiz galdylar. Uzakdaky bir obada uly tupan, erbet bir nejis howa şemaly peýda boldy. Peýda boldugy saýy apat saldy. Günbatarda peýda bolan we ölüm çabyrdadan bir şemal ýoluny gündogara öwürdi, ugruny kysmat ölçedi. Tupan ýaly ýuwdujy, suw bilen däl, ýöne şemal bilen çykdy; gelip-gidýän ýaly şemal tolkuny bilen däl-de zäherli howa bilen demleri bogan apy-tupan. Täleý däl, kysmat tarapyndan peýda boldy. Mejlisdäki beýik Tanrylar Beýik Apada sebäp boldylar. Enlil (Anunyň iki ogly) we Ninharsagyň (Enkiniň ilkinji aýaly, ilkinji ene) çykaran netijeleri şudy. ''Degmäň, beýtmäň'' diýip ýalbaran diňe mendim. Gögüň emrini kabul etmekleri üçin gije-gündiz delil görkezdim, emma bary peýdasyz boldy! Enliliň söweşjeň ogly Ninurta we öz oglum Nergal beýik obadaky ýaraglary ilki zäherläp, soňam ulanmaga başladylar. Ýagtylygyň soňunda Erbetlik howasynyň öwüsjegini bilmedik diýip soňam ajy ýaşa bogulyp aglasdylar. Ölüm getiren apy-tupanyň günbatarda dogup ýoluny gündogara öwürjegini kim öňden görüp bilsin diýip Taňrylar iňňilläp aglaşdylar. Mukaddes şäherlerdäki Taňrylar Erbet howa-şemaly Şumere ugrukdyranlarynda gözlerine ynanmadylar. Taňrylar yzly-yzyna şäherleri terk edip gaçdylar, ybadathanalaryny erbet howanyň eline berip gaçyp gitdiler. Zäherli bulutlar ýakynlaşanda, şäherim Eriduny halas edip bilemokdym. Halka, açyk sähralyga gaçyň diýip aýtdym; ýan-ýoldaşym (bu ýerde heleýi manysynda) Ninki bilen men şäheri terk etdim. Nippur şäherinde-de Gök-Ýer baglanyşygynyň ýerinde Enlil muny saklap biljek hiç zadam edip bilenokdy. Erbet şemal howasy Nippury basyp aldy. Enlil we aýaly uçýan ulagyna münüp gyssanmaç ol ýerden daşlaşdylar. Urda Şumeriň hökümdarlyk şäherinde Nannar kömek etsin diýip kakasy Enlile ýalbarýardy. Göge tarap uzanan ýedi sany ybadathananyň ýerinde Nannar kysmatyň düşünjesine gulak asmagy red etdi. Sebäpkär bolan kakam, Ura hökümdarlyk bagş eden beýik Taňry Erbet howa şemalyny yzyna gaýtar diýip ýalbardy Nannar. Kysmatlary emrinde tutan Beýik Taňry Ura we halkyna dözme seni öwmäge dowam etsinler diýip ýalbardy Nannar. Enlil ogly Nannara şeýle diýdi: ''Oglum, asyl seniň ol buýsançly şäheriňe hökümdarlyk bagş edildi. Soňsuz hökümdarlyk bagş edilmedi! Aýalyň Ningalyň ýolundan tutda gaçyň şäherden! Kysmatlary emr eden özümem bolsam şäheriň Täleýini üýtgedip bilmerin'' diýip jigim Enlil gürledi. Heýhat, heýhat ol täley kysmat däldi. Taňrylaryň we Dünýäli Ýerdäkileriň başyna inen tupandan bäri iň beýik apatdy. Heýhat, bu täleý kysmat däldi ahyryn... • RADIOAKTIW WE HIMIKI ÝARAG ASLYNDA MARDUKA GARŞY ULANYLÝAR, MEJLISE ŞOŇA GÖRÄ ÜÝŞÜLDI Beýik Tupan çäksiz ýalydy, emma öldürip barýan bulut bilen gelen Beýik Apat gutarar ýaly däldi. Munuň sebäbem bozulan bir äht we ýygnakda belli karara gelinen; Zarbalandyryjy ýaraglaryň ulanylmagydy. Kysmat sebäpkär däl-de zäherli ýaraglaryň ulanylmagydy, bilgeşleýin edildi bu zatlar. Şol iki ogluň ýykan-ýumrançylygy, ilkinji oglum Marduka garşy alnyp baryldy; içleri kitüwlidi. Hökümdarlyga geçmek Mardukyň haky däl diýip gygyrdy Enliniň birinji ogly; ýaraglary oňa garşy ulanmak diýdi Ninurta. Adamlardan goşun düzdi, Wawilony dünýäniň ortasy diýip yglan etdi - diýip gygyrdy Mardugyň dogany Nergal. Beýik Taňrylaryň mejlisinde her hili paýyş sözler agyzdan-agyza geçdi. Gije-gündiz muňa garşy çykan sesimi kesmedim, imi-salalyk isledim, aljyraýana tarapdar bolmadym. Adamlar ikinji gezek onuň gökdäki mertebesini beýgeltdiler. Şeýtmek nämä gerek diýip ýalbardym. Bütin dolandyrma kontrola alyndymy? Göklerde Mardugyň eýýamy gelmedimi - diýip ýene soradym. Öz oglum Ningişzidda asmanyň yşaratlaryny başga tüýsli görkezdi. Mardugyň oňa görkezen tersliklerini ýüregine salandygyny bilýärdim. Enliniň Ýerde dogulan ogly Nannaram sylap goýmady. Demirgazyk şäherindäki ybadathanamy Marduk özüne mesgen edindi - diýdi. Enliniň iň körpe ogly Işkur jezalandyrmagy orta atdy; -Topraklarymdaky halky öz ýany bilen äkitmek üçin zorluk-sütem ulandy- diýdi. Nannaryň ogly Utunyň gahary geldi Mardugyň ogly Naba... Asman ulaglarynyň ýerini eýelemäge synanyşdy. Utunyň ekiz-taýy Inannanyň gahar-gazaby hemmesiniňkiden çäksizdi; söýgülisi Dumuzyny (Temmuz/tr/+Tomus /tm/) öldürendigi üçin integem Mardugyň jezalandyrylmagyny talap edýärdi. Taňrylaryň we ynsanlaryň enesi Ninharsag ýüz öwürdi: ''Marduk näme üçin bu ýerde däl'' diýdi. Öz oglum Gibil garaňkylykda aýtdy: Marduk hemmeleriň haýyşyna garamazdan gökleriň yşaratlaryna görä hemmelerden üstünligini aýtdy. Diňe elhenç ýaraglar bilen garşysyna çykmaly diýip gygyrdy Enliliň birinji ogly Ninurta. Asman ulaglarynyň ýeriniň goralmagyna Utu meşhuldy. Mardukyň eline geçmeli däl diýdi. Aşakdaky etrabyň hojaýyny Nergal bolsa: ''Rugsat beriň ýok etmek üçin öňki Elhenç ýaraglary ulanalyň. Haýranlar içinde öz ogluna bakdym. Gardaşyň gardaşa garşy elhenç ýaraglary ulanmazlygyna ýalan ýere ant içdimikä? Razylyk berilmege derek sessizlik gurşap aldy. Dymyşlygy Enlil bozdy: ''Jezalandyrylmaly, Erbetlik edenler ganatsyz guşlara öwrülsin. Marduk we Nabu bizi mirasymyzy ýok etmek isleýär. Rugsat beriň olara Asman ulaglaryndan mahrum bolsunlar!'' ''Ol ýeri ýakyp ýok edeliň'' diýip bogaz ýyrtyp gygyrdy Ninurta. ''Ýakyp gowran men bolaýyn'' diýip hezil eden Nergal ýerinden turup seslendi. Erbetleriň şäherleri weýran edilmeli. Günäkär şäherleri rugsat beriň men ýok edebini; goý şu günden şeýläk adym ''Ýok Ediji'' bolsun. Biziň ýaradan Ýerlilerimize (adamlara) zyýan gelmesin'' ''Günäkärleriň ýanynda bigünälilerem ýanmalymy'' diýdim. Ýaradylan kömekçim Ninharsag hem meň sözümi gollap: ''Mesele Taňrylar arasynda çözülmeli, adamlara zyýan gelmeli däl" • ANU BELLI BIR KARARA GELÝÄR: ELHENÇ ÝARAGLAR ULANMAGA RUGSAT BERILÝÄR Asman mesgenindäki Anu ýygnakdakylaryň aýdanlaryny üns berip diňleýärdi. Kysmat-kadyry belli edýän Anu Gök asmandan seslendi: Rugsat beriň Elhenç ýaraglar şu saparlyk ulanylsyn, asman gämileriniň gonuş ýeri ýok edilsin, adamlara zyýan gelmesin''. Enlil şeýle diýdi: ''Ninurta ýakyp-gowrujy Nergal bolsa ýok ediji bolsun. Olara Taňrylaryň syryny äşgär etjek, olara zarba urup ýok ediji ýaraglaryň saklanýan ýerini görkezjek''. Biri meňki, beýlekisi oň iki ogly Enliliň içki otagyna çagyryldy. Nergal ýanymdan geçeninde görmedi. Dat-bidat diýip sessiz haýkyrdym; gardaş gardaşy öldürmeli bolarmyka! Öňki döwürlerde bolup geçenleriň gaýtalanyp gelmegi täleýde barmyka? Enlil olara öňki döwürlere degişli syry äşgär etdi. Elhenç, tekizläp ýok edýän ýaraglary olara tabşyrdy. Elhenç gaply bir parlaklygy uçurdylar; degen ýerini tozana öwürýän ýaragdy ol. Dünýäde gardaş gardaşa garşy durmaly däl, hiç etraba zyýan gelmeli däl diýip agyzlaryny dolduryp ýalandan ant içipdirler. Ähtnama bozuldy şeýdip. Keýpi-çagyna batly gadamlary bilen Enliliň otagyndan çykyp giden iki ogul, ýaraglar üçin ýola rowana boldular. Beýleki Taňrylaryň şäherlerine dolanyp bardylar, hiç biriniň öz-özlerine zulum edýändiklerini bilenokdylar. • TAŇRYLARYŇ PLANETASY: NIBIRU Indi bolsa bu öňki döwürleriň we Sarsdyryjy ýaraglaryň peýda boluşy hakyndaky hekaýadyr. Öňki döwürlerdenem öňki başlangyç; öňki döwürlerden soň gadymy döwürler bardy. Gadymy zamanlarda Taňrylar Ýere geldiler we Ýerdäki adamzady peýda etdiler. Öňki döwürlerde Taňrylaryň hiç biri Ýerde däldiler, Dünýädäkiler (Ýerdäkiler) heniz şinelenmändiler. Öňki döwürlerde Taňrylaryň öýi öz planetalaryndady; ady Nibirudyr. Gaty uly planeta, parlak, reňki gyrmyzy reňke çalymdaş bolan Nibiru, Günüň daşyndan uzak aralykda aýlanýar. Belli bir wagtda Nibiru planeta sowuklyk aralaşýar, beýleki ýarysyna Gün gyzdyrýar. Nibiruny galyň wulkanik partlamalar bilen yzygiderli örtüp duran atmosferasy bar. Bu atmosfera her tarapdan ýaşaýyş durmuş üçin amatly. Şol bolmasa ölüm bolardy. Sowuk wagtlary Nibirunyň içki gyzgynlygy dowamly saklanyp durýar. Gyzgynlyk döwründe bolsa Günüň gowrup gelýän gyzgynlygy dan galkan ýaly goraýar. Ýagyşlary merkezde saklar we ýagdyrýar. Atmosferamyz ýap-ýaşyl derman ösümliklerini ulalyp ýetişdirýär we goraýar. Suwlarynda we topraklarynda her dürli janly ýaşaýyş şinelenýär. • ANNUNAKILERIŇ ÖZ PLANETASYNDAKY TARYHLARY $IMAGE3$ Gaty ir döwürlerden soňra biziň görnüşimiz özgerdi; öz-özümizi döredip biljek ebedi tohum. Sanymyz gitdikçe artdygysaýyn atalarymyz Nibirunyň etraplaryna ýaýrady. Käbirleri topragy özleşdirdi, käbirleri bolsa dört aýakly jandarlara çopanlyk etdi. Käbirleri dagda ýaşasa, käbirleri öýüni mekan sürüp boljak ýerlerde gurdylar. Serhetler çekildi, serhetlere golaýlaşanlar boldy, söweşler başlady, uruşda urulýan taýaklar sowuk ýaraglara öwrüldi. Tireler-taýpalara, taýpalar-milletlere bölünip iki millet biri-birlerine garşy bolup söweşmekçi boldylar. Demirgazyk ulus-il, günortadaky millete garşy ýaraglaryny guşandylar. • NIBIRUDA PLANETA SÖWEŞI WE ÝARAŞYK BAGLANYŞYLMAGY Elde tutup bolýan zatlar tejribe edilip atylýan ýaraglara, ondan gök-gürledýän sesli ýaraglara, ondanam ýiti parlaýan ýaraglara ýol açyldy. Uzak wagtlap dowam eden söweş tutuş planetany gurşap aldy; gardaş-gardaşa garşy birleşdi. Hem demirgazykda hemem günortada ölüm we heläkçilik bardy. Birnäçe bölek diýarlarda ýykan-ýumranlyk höküm sürdi; bütin ýaşaýyş söndi. Soňam ýaraşyk baglanyşyldy. ''Milletler birleşsin'' diýdiler ilçiler biri-birlerine. Nibirunyň tagtynda bir kişi, hemmelere höküm etjek bir patyşa bolsun. Demirgazykdan we Günortadan bolsun we belli edilsin, hemmelerden üstün bir patyşa... • NIBIRUDA PATYŞALYK GURULÝAR Eger Demirgazykdan patyşa bolsa, ýanynda günortadan şa gyzyny alsyn. Günortadan patyşa saýlanan bolsa demirgazykdan şa gyzyny alsyn. Är-aýal bolsunlar we ýeketäk beden bolsunlar. Ilkinji dogan ogullary tagtyň mirasdüşeri bolsun; şeýdibem birleşen dynastiýa emele gelip Nibiru planetada birlik gurulsyn. Ýykan-ýumranlygyň başlanan ýerinde ýaraşyk baglanyşyldy. Demirgazyk we günorta garyndaşlygynyň berkemegi bilen (millet) birleşdi. Patyşalyk tagty bir bedende birleşdi, bir patyşalyk guruldy. Ýaraşykdan soň ilkinji ýeke-täk patyşa demirgazygyň söweşjeňlerinden ýigit serkerde, dogruçyl we adalatly saýlaw bilen saýlandy. Birlik yglan edildi. Ýaşajak ýeri üçin buýsançly kaşaň bir şäher gurdy. Ady Agageýdi. Onuň manysy ''Birlik'' diýmek. Hökümdarlygy üçin oňa patyşalyk lakamy berildi. Lakamy An. Bu bolsa ''Asmanawy'' diýen manyny berýär. Kynlyk bilen bolsa-da bütin topraklarda tertip-düzgüni ýola goýdy. Kanunlar we Düzgünler düzdi. Her ülke üçin häkim belledi. Olaryň ilkinji etmeli işleri binalarda abatlaýyş işlerini geçirmekden ybaratdy. Hökümdarlyk ýyl ýazgylarynda bu hakda şeýle diýilýär: Ülkeleri birleşdiren, Nibiruda parahatçylygy ýola goýan Aň täze şäher bina edip kanallary oňardy; halkyna gıda saldy, topraklarda bereket bardy. Günortadan bir gyz saýlap aldy; ol gyz hem-ä söýgüsi hemem söweşjeňligi bilen meşhurlyk gazandy. An.Tudy patyşalykdaky ady. Anyň aýaly bolan baştutan. Bu at oňa saýlanyp dakylypdy. Ol Ana üç ogul we bir gyz dogrup berdi. Ilkinji ogluna An.Ki adyny berdi. Anyň kömegi bilen Berk hem çeýe diýen manyda. Ogul tagtda ýeke özi geçdi. Özüne gyz saýlap seçme pursaty gelende iki gezek gijikdi. Onuň hökümdarlygyndaky köşgüne gyrnaklar getirildi; ondan ogul mirasdüşer galmady. Şeýde-şeýde dynastiýa An.Kiniň ölümi bilen soňlandy. Düzgüne görä tagta çykmaga mirasdüşer ogly ýokdy. Birinji ogly bolmasa-da ortanjy oglan mirasdüşer bellendi. Üç doganlaryň biridi, ýaşlygyndan bäri ejesi oňa söýgi, ortanjy diýen manydaky Ib (ib) diýerdi. Patyşalyk ýyllyk senelerinde oňa An.Ib diýilip bellenilipdir. Patyşalykda asmanawy, nesillerine bolsa Anyň ogly diýen manyny berýärdi. Kakasy Anyň yz ýany Nibiru tagtyna çykdy. Barmak-basyp sanasak tagta geçen üçünji patyşady. Körpe jigisiniň gyzyny özüne ýan-ýoldaş edinip öýlendi. Oňa Nib.Ib diýildi. Ibiň hanymy. An.Ibiň, Nin.Ibden bir ogly boldy; tagtyň mirasdüşeri boldy, hasap boýunça patyşalaryň dördünjisi. Patyşalyk lakamy An.Şar.Gal. ady bilen ýüzlenilmegini isledi. Anyň şazadasy, şazadalaryň şazadasy diýen manyda. Başga eneden bolan gyz jigsi Ki.Şar.Gal bolsa şoňa görä at goýlupdy. Ylym we bilip, duýmak patyşanyň beter üns berýän zadydy. Gögüň (älemiň) usullaryna köp wagtyny ýitirip anyklady, barlady. • PATYŞALYKDA YZLY-YZYNA DÜZGÜNLEŞDIRILIŞDE PIKIRLER BULAŞÝAR. BIR ÝANDAN NIBIRU TEHNOLOGIÝA TARAPDAN ÖSÝÄR Nibirunyň uly aýlawlaryny, geçişini; uzynlygynyň bir şardygyny anyklady (3600 ýyl). Nibirunyň bir ýylydy bu ölçeg; patyşalygyň ýyl ýazgylary şeýle sanalyp bellige alynýar. Şary on bölege aýyrdy; Iki sany belleniljek baýramçylyk yglan edildi. (Nibiru) Günüň golaýyna golaý baranynda Gyzgynlyk baýramy bellenilmelidi. Nibiru (Günden) uzaklaşan wagty Sowuklyk baýramy bellenmelidi. Kabylalaryň we ulus-illeriň hemme gadymy baýramlarynyň ýerine halky birleşdiren iki baýramçylyk tutuldy. Är-aýalyň, ogul-gyzlaryň kanunlary bellendi. Söweşlerden ýaňa erkekleriň sany azalyp, aýal-gyzlar galypdy. Erkek adam başyna birnäçe gyzy nikasyna alyp biljekdigi yglan edildi. Kanuna görä resmi birinji nikalanyp alynan gyz, öýüň birinji hanymy bolmaly. Kanuna görä ilkinji dogan erkek kakasynyň yzyny ýöretmeli. Bu kanunlara görä bir az wagtdan soň akyl-kelle bulaşdy; eger ilkinji ogul ilkinji hanymdan dogulmadyk bolsa ikinji hanymdan ogul dogulsa tagta kim çykmaly? Şar sanyna görä ilkinji dogan erkek ogulmy? Ilkinji hanymdan bolan oglanmy ýa birinji ogul? Kanuny mirasdüşeri? Mirasy kim almaly? Yz ýany kim bolmaly? An.Şar.Galyň soltanlyk sürýän wagtynda Ki.Şar.Gal ilkinji hanym diýlip yglan edildi. Patyşanyň başga eneden bolan gyz jigleriniň biridi. Aň.Şar.Galyň hökümdar wagty gyrnaklar köşge täzeden getirildi. Gyrnaklar ogullar we gyzlary dogrup berdi patyşahy äleme. Birinden dogan ogul ilkinji dogandyr. Ilkinji ogul bir gyrnakdan doglupdy. Yz ýanyndan Kim.Şar.Gal bir ogul dogurdy. Kanuna görä mirasdüşer tagt eýesi ol däldi; ilkinji dogan oglan ol däldi. Köşkde Ki.Şar.Galyň gahar bilen gygyran sesi çasly çykdy: Düzgüne görä ilkinji hanymdan dogulmaly oglum yz ýany doglan bolsa meni (spermatozoidi) ýatdan çykarmaly däl! Başga eneden doglan bolsagam patyşa we men şol bir atanyň ogullary. Şol sebäpdenem oglum, kakamyz Anibyň tohumyny saklaýarys. Tohumyň kanuny mundan beýläk Jübütleşmek kanunyndan üstündir. Şu günden şeýläk başga eneden bolan bir gyz dogandan bir ogul haçan dogsa dogubersin tutuş beýleki ogullardan üstün bolsun, yzygiderli! An.Şar.Gam çuňňur oýa batyp tohumyň kanunyny özüçe üýtgetdi. Şeýlelikde heleýler gyrnaklardan, durmuş gurmaklykdan aýrylyşanlardan bolan kelläni bulaşdyryjylykdan saplanjakdy. Mejlisde patyşanyň egindeşleri üçin Tohumyň kanunyny özleşdirdiler. Patyşanyň emri bilen ýazyjylar bu emri ýazga geçirdiler. Şeýdip Tohumyň kanunyna görä tagta çykmaly soňky patyşa yglan edildi. Oňa patyşalyk lakamy hökmünde An.Şar diýildi. Tagta çykan bäşinji patyşady. Indi bu An.Şaryň soltanlygynyň we onuň ýoluny ýöreden patyşalaryň hekaýasydyr. • NIBIRUNYŇ YKLYMLARY ÜÝTGEÝÄR, ATMOSFERA ZAÝALANÝAR WE HALAS BOLMAKLYK GEZEGI BAŞGA PLANETALARDA GÖZLENILÝÄR Kanun üýtgänsoň beýleki şazadalar razylyk görkezdiler. Diňe bu hakda aýdymçy, gollan bolmady. An.Şar. özüne başga eneden bolan gyz jigsini aldy. Ony ilkinji hanym etdi. Ki.Şar ady bilen atlandyrylmalydy. Şeýdip dynastiýa şu kanunda şol durkuna dowam etdi. Aşaryň soltanlygynda ekinler zyýan çekdi, miweler we azyk-önümleriniň ýygnalyşy azalyp bereket gelmedi. (Nibiru) Aýlawdan-aýlawa Güne ýakynlaşdygyça gyzgynlyk artdy; uzaklardaky mesgende has amatly ýaşaýyş bardy. Şäher tagtynda Agage, olam patyşa, düşünjesi ösenleri bir ýana toplady. Ylymly-bilimli alymlardan sorap başlady; ( Nibirunyň ) topragyny barladylar, kölleri we dersleri tejribeden geçirdiler. Käbirleri: ''Has öňlerem şeýle bolupdyr'' diýip aýtdylar. Geçmişde Nibiru has erbet sorapdyr ýa-da gyzypdyr. Nibirunyň aýlawynda täleý aralaşypdy. Onuň aýlawyna beýleki alymlar Nibirunyň täleýini günäläp durmadylar. Edinen maglumatlaryna görä atmosferada bir näsazlyk peýda bolupdyr. Atmosferanyň jeddi bolan wulkanlaryň dumanlary azalypdyr. Nibirunyň howasy inçelipdi; goraýjy galkan güýçden gaçypdy. An.Şar we Ki.Şaryň soltanlygynda, ekinlere kesel degdi, muň çäresini görmek üçin näçe çytraşsalarda peýda etmedi. Olaryň ogly En.Şar tagta geçdi; dynastiýanyň altynjy patyşasydy. Ady Şaryň Azamaty jenaby diýen manyda. Hemme zada aňy ýetip duran çaga bolup dünýä inipdi, köp öwrenip, köp maglumatlar edinipdi. Bela-beterlere çäre tapmagyň ýoluny gözledi. Nibirunyň gökdäki aýlawyny epeýje gözden geçirip barlady. Çyzyşdyran ilmek içindäki Gün maşgalasynyň bäş hemrasyny, gözüňi gamaşdyryjy owadanlykdaky planetalary gujaklaýardy. Bela-beterlere çäre tapmak üçin En.Şar bularyň atmosferalaryny derňeşdirdi. Her birine bir at berip atalaryny sylaglady; olary gögüň (Älemiň) maşgalasy diýip düşündi. Garşysyndaky ikisine ekizler adyny beren planetalara An we Antu diýdi. Nibirunyň aýlawynyň aňyrsyndaky uly bölekleri bolan Anşar (Saturn) we Kişä (Ýupiter) bardy. Beýlekileriniň arasynda bir habarçy ýaly aýlanana Gaga (Pluton) diýdi; Günüň daş-töwereginde aýlanyp Nibiruny salamlaýanlaryň hemmesi bäş sanydy. Bularyň aňyrsynda edil böleklenen bilezik ýaly (Mars bilen Ýupiter aralygyndaky Asteroid) bir zat Günüň daşyndan aýlanýardy. Gögüň (Gün äleminiň) gadagan edilen ýerine hiç kim geçmez ýaly goragçy kimin aýlanýardy. Günüň beýleki perzentleriniň sany dörtdi we bilezik olaryň çagyrylmadyk myhmanlaryna garşy galkandy. En.Şar gabat gelen bäşleriň atmosferalaryny barlamak işine meşgul boldy. Täzeden aýlanýan gezeklerde Nibirunyň bäş sanysyny gözden geçirip barlady. • ÝER ŞARYNA SYÝAHAT WE NIBIRUNYŇ ATMOSFERASY GÜN-GÜNDEN ZYÝAN ÇEKÝÄR Nähili atmosfera eýe bolandyklary gözegçilikde saklanyp Älem ulaglary bilen derňeldi. Gözlegler akyllara durgunlyk berdi, syýahat akly bulaşdyrdy. Aýlawdan aýlawa Nibirunyň Atmosferasyndaky näsazlyk has beter erbetleşdi. Alymlaryň mejlislerinde muň hötdesinden gelmäge çäre gözlendi, belli karara gelip bilmediler, (Nibirunyň) atmosferasyny howsala bilen gözden geçirildi... Planetany gurşap aljak täze galkany döretmäge girişildi; ýokaryk uçurylanlaryň hemmesi aşak indi. Alymlaryň mejlislerinde, atylan wulkanlar barlanyldy. Çogup çykan wulkanlaryň bugy az hem bolsa peýda edýärdi. Atmosferanyň deşigi bolsa şol buglaryň inçelmegi bilen peýda bolupdy. ''Wulkanlaryň täzeden çogup çykmagyny ýola goýaýlyň'' - diýýärdi bir topar alym. Ýöne munuň nähili amala aşyrylmalydygyny hökümdara aýdylmady. En.Şaryň soltanlygy wagtynda asmandaky gädik has hem ulalypdy. Ýagyş-ýagmyr ýagmady; howa has agyr ösdi. Ýerden çykýan suwlar çuňlukdan çogup çykmady. Topraklara nälet okalan ýalydy; ene göwüslerinden süýt akmaz boldy. Köşkde asudalyk ýokdy; nälet ol ýerlerede hökümini ýöretdi. En.Şar ilkinji hanym hökmünde özüne Tohumyň kanunynyň emri boýunça ene başga gyz doganyny saýlap seçdi. Oňa Nin.Şar diýidiler. Şarlaryň hanymy. Ondan ogul bolmady. Bir gyrnakdan En.Şaryň ogly boldy. Şol hem birinji ogludy. Ilkinji aýalyndan we ene başga gyş jigsi Nin.Şar dagylardan ogul dünýä gelmedi. Kanuna görä gyrnagyň ogly tagta çykdy, hökümdarlygyň ýedinji patyşasydy. Hökümdarlyk lakamy Du.Urudy. Öýünde gaýnap-bişen diýen manyny aňladýar. Onuň tohumy Gyrnaklar öýünde amala aşyrylypdy. Du.Uru özüne aýal hökmünde ýaşlygyndan bäri halaşan bir gyzy aldy. Ilkinji hanymlygy sebäpli däl, yşka beslenip saýlanyp alnandygy üçindi. Patyşalykdaky lakamy Da.Uru. ''Ýanymdaky Aýal'' diýen manyda. Köşkde akyllar gaty bulaşdy. Ogullar mirasdüşer, aýallar ene başga gyz jigi däldi, ülkede gam-gussa köpeldi, ekin bereketini unutdy, halk arasynda çaga dogurmaklyk azaldy. Köşkde bereket ýokdy, ne ogul ne gyz dogýardy. Anyň tohumyndan bolan ýedi hökümdar gelip geçipdir, soň bolsa onuň tagtdaky nesilşalygy kesilipdi. •ATMOSFERANY HALAS ETMEKLIGIŇ ÇÄRESI TAPYLÝAR. ALTYN TOZGAJYKLARY Da.Uru köşgüň girelgesinde bir nätanyş çaga tapdy; ony ogly hökmünde gujaklady. Soňunda Du.Uru hem ony perzent ýerine goýdy. Ony kanuny mirasdüşer edip belledi, adyna Lahma diýip goýdy; ''Gurulyk'' diýen manyny berýär. Köşkde şazadalaryň ahy-nalasy eşidilýändi. Soňra Lahma tagta çykdy, Anyň tohumyndan däldi, ýöne sekizinji patyşady. Ylymdarlaryň mejlisinde deşigi gowlamak üçin iki sany çäre bardy: ilkinjisi altyn gerekdi, ikinjisi magdan gerekdi. Nibirunyň üstünde beýle zatlar gaty azdy. Döwülen bilezigiň (Marsdan soňky Asteroid guşagy) iç kysmynda bolsa diýseň kändi... Inçe tozga halyna gelýänçä döwülýän ownuk madda şoldy. Asman beýikligine çenli galdyrylsa howada durýar. Şeýdip bu asman deşigi wagtal-wagtal atmosferanyň ýerini doldurar. Gök diregleri gurulmaly, asmanawy altyny Nibiru (planeta) getirmeli! Galanyndan bolsa Ot açyjy ýaraglary ýasamaly - diýýärdiler. Ýeri sarsdyryp, daglary böleklere böljek ýaraglar. Wulkanly daglary gozgalyň, şeýtsek partlamalary artdyryp atmosfera döredeliň, atmosfera deşigi özünden ýapylar. Lahma belli bir karara gelerden ejizdi. Haýsysynyň diýenine gulak gabartmaly? Nibiru bir aýlawyny tamamlady, Nibiru ikinji aýlawyna dowam edýärdi. Ekerançylyk ýerlerdäki bela-beter azalmady. Wulkanlaryň atylyp çykmagy atmosferany düzetmedi. Üçünji aýlaw geçdi, dördünjä gadam basdy. Altyn integem tapylanokdy. Etrapda agzybirlik bozuldy; birek-biregi kötekleýärdiler. Köşge alymlar häli-şindi geler-gider durardy. Soýuzdaşlar bir daşary, birem içere girip karar tapanokdylar. Patyşa olaryň sözlerine gulak asmady; ol diňe Lahama atly heleýiniň sözünden çykanokdy. •LAHMA IŞLERI TÄLEÝDEN GÖRÝÄR, AÝAK-DIREMELER KÖPELÝÄR, GOZGALAŇ BAŞLAÝAR Ýazgyt şular ýaly bolsa (çäresi ýok) diýýärdi aýaly. Hemme zadyň BEÝIK ÝARADYJYSYNA ýalbaralyň. Ýeke-täk umydymyz bar, olam ýalbaryp-ýakarmak, boşuna oturmak däl! Köşkde şazadalaryň arasynda düşünişmezlikler bardy, günäni hökümdara atýardylar. Hötdesinden gelmäge derek, gaýtam uly peläkete ýol açýardy, düşünmän! Öňki gizlenen ýerden çykaryldy ýaraglar; iň köp gürrüňi edilen zat hem gozgalaňdy! Ýaraga ilkinji ýapyşan hem köşkdäki bir şazadady. Wadalar berip beýleki şazadalary hem öz tarapyna çekdi; onuň ady Alaludy. Lahma patyşa bolmasyn indi diýip gygyrdy. Geliň patyşany ynamdan gaçyralyň öz mekanynda! Tagtdan çekiler ýaly edeliň! Şazadalar onuň sözlerine gulak asyp köşgüň gapysyna tarap ylgaşlap hüjüme geçdiler. Tagtyň durýan otagyna, onuň gadagan edilen girelgesine üýşüp, kürsäp girdiler. Patyşa köşgüň üçegine tarap zordan özüni atdy. Alalu onuň yzyna düşdi. Üçekde bir bölek söweş başlady we Lahma ýokardan gaçyp öldi. ''Lahma ýok indi'' diýip gygyrdy Alalu. Keýpihon we şadyýan ýagdaýda jar etdi; patyşa öldi! Tagt ýerine ylgap bardy-da tagtda oturdy. Tagt öz haky dälem, ýa mejlis karary bolmazdan öz-özüni patyşa diiýip yglan etdi. Ýurtda öňküsi ýaly agzybirlik ýokdy. Köp kişi Lahmanyň ölenine begense, käbirleri Alalunyň bu eden zatlaryndan närazy boldylar. • NIBIRUDA PATYŞALYK UGRUNDAKY SÖWEŞ DOWAM EDÝÄR, ALALU PATYŞA BOLÝAR Bu bolsa Alalunyň patyşalygynyň we Ýere gidişiniň hekaýasy. Ýurtda agzybirlik ýokdy, patyşalyk üçin gaty köp kişi zyýan çekdi. Köşkde şazadalar arasynda tolgunyşyklar gidýärdi, mejlisde bolsa pikirdeşler gamgyndy. Andan başlap tagta çykypdylar yzyndakylar, atadan ogula geçip gelipdi; sekizinji zürýat Lahmu hem ogullyk yglan edilen ogly galdyrypdy. Alalu kim? Kanuny mirasdüşermi ol, ilkinji zürýatdymy? Haýsy hak bilen ol tagta el goýdy? Patyşanyň gandaş duşmany dälmi ol? Soraga çekilen ýedileriň huzuryna çagyryldy Alalu; täleýi ol ýerde ele alynmalydy. Anşargaldan meniň neslim, diýip açyklady suduň huzurynda. Atam onuň bir gyrnagyndan dogan ogludy, ady Alamdy. Şarlar hasabynda Alam birinji ogludy. Tagt oňa degişlidi. Göwreli galan şa aýaly onuň hak-hukugyny gaçyrdy. Tohumyň kanunyny orta atdy hiç zat ýok ýerden, öz ogluna patyşalygy berdi. Alamy patyşalykdan aýyrdy, onuň ýerine tagty ogluna bagyşlady. Alamyň şejeresinden meň aslym. Anşargalyň tohumy içimde. Sutdaky ýediler, Alalunyň sözlerini üns bilen diňlediler. Meseläni sud mejlisinde gözden geçirdiler, hakykymy ýa aldawmyka? Arhiw öýünden çykarylan Ýylýazgylary ünsli okaldy. Ilkinji patyşa An we Antudy. Üç ogullary bardy, hiç gyzlary bolmadykdy. Birinji oglunyň ady Anki. Tagtda höküm sürýärkä ýogaldy we yzynda perzendi galmandyr. Onuň ýerine ortanjy dogan tagta çykypdy; Anibdy ady. Anşargal onuň ilkinji ogludy. Tagta çykypdy. Onuň yz ýanyndan ilkinji ogluň tagta çykmasy kanuny dowamlaşdyrmady. Nobatdaky kanunyň ýerini Tohumyň kanuny alypdy. Bir gyrnagyň ogludy ilkinji ogly. Tohumyň kanunyna görä patyşalykdan mahrum edilipdi. Patyşalyk Kişargalyň ogluna bagş edilipdi. Patyşanyň ene başga gyz jigsidi. Ine sebäbi hem şudy. Gyrnagyň oglundan, ilkinji ogul hakda ýylýazgylarynda bellige alynmandyr. Şoň neslinden men diýip gygyrdy Alalu oturanlara. Nobatdaky kanunyna görä patyşalyk oňa degişlidi. Onuň özem şeýle diýýärdi. Şübheli oturanlar Alaludan ant iç diýdiler. Alalu öten geçenleriniň adyndan ýemin andyny içdi. Mejlis hem ony patyşa diýip yglan etdiler. Ýaşulylary çagyrdylar, şazadalary bir ýere üýşürdiler; olaryň huzurynda karary açykladylar. Şazadalar arasynda ýaş şazada öňe çykdy; patyşalyk hakynda aýtjak zatlary bardy. ''Barlag täzeden gözden geçirilmedi'' diýdi ýygnananlara. Ilkinji zürýat, ilkinji şa aýalyndan dogan bolmasamam arassa tohumdan gelýärin. Anyň özi içimde goragda, hiç bir gyrnak ony nemlendirmedi. Oturdaşlar onuň sözlerini üns bilen diňleýärdi. Ýaş şazada ýygnananlara has ýakynlaşdy. Onuň adyny soradylar. Anudyr uly atam. Anyň ady dakylandyr maňa. Onuň şejeresini soradylar we ol hem olara Anyň üç oglynyň bardygyny ýatlatdy. Anki birinji oguldy; ogul gyzy bolman öldi. Anib ortanjy oguldy, Ankiniň ýerine tagta çykdy. Anib kiçi jigisiniň gyzyny aýal edip alypdy. Şolardan bärem süren Şejere ýyllyklara belgilenipdir. An we Antudan, iň arassa tohumlaryň birinden dogan bu iň kiçi ogul kimdi? Ýygnanyşanlar çykgynsyz ýagdaýda biri-birine seredişdirler. Enurudy onuň ady diýip aýtdy Anu olara; ol meniň atamdy. Aýaly Ninuru. Onuň ene başga gyz jigsi. Ogly bolsa birinji ogul, adyna Enama diýip dakdylar. Onuň aýaly hem ene başga gyz jigsidi; tohum we nobatdakylyk kanunlara görä Enema bir ogul dogrup berdi. Nesiller ine şu arassa şejereden, kanuna we tohuma görä sap arassa şejereden geldiler. Enem-atam maňa Anyň adynyň hormatyna Anu adyny berdiler. Tagtdan çetleşdirildi emma Anyň arassa tohumyndan çetde däldiris! Käbir oturdaşlar patyşa Anu bolsun diýip gygyryşdylar. Alalu jezasyny çeksin! Beýleki oturanlar bolsa ätiýaçlygy elden bermäliň diýişdirler. Agzybirligi saklalyň. Alaluny huzura çagyryp bolup geçen wakany aýdyp berdiler. Alalu şazada Anuny gujaklajak ýaly ellerini açyp oňa şeýle diýdi. Başga nesilden gelsegem şejerämiz şol bir atadan gelýäris. Ikimiz birlikde aman-esenlik içinde ýaşarys welin Nibiruwa bereket gelsin. Men tagtda geçeýin, Senem meň yz ýanymdan geç. Soňra mejlise seslendi. Abu mirasdüşer bolsun, rugsat berseňiz ol meniň yz ýanym bolsun... • ALALU ÝEŇILÝÄR, ANU TAGTA GEÇÝÄR ''Ogly meň gyzymy aýaly edip alsyn, birleşsinler'' Anu mejlisiň öňünde egilip hormat bildirdi. Alalunyň hormatyna onuň yz ýany tagta geçerin, ogullarymyň biri onuň gyzlarynyň birini gelin edip alar. Mejlisiň karary şeýle: Patyşalyk ýylýazgylaryna hem bu şeýle diýlip ýazyldy. Alalu şeýdip tagta geçdi. Alymlary, ylymlylary we serkerdeleri toplap olar bilen maslahat etdi: karara gelmek üçin gaty köp maglumatlar taýýarlady. Göge (Älem) çykmaly diýip buýruk berdi. Döwülen bilezigiň (Ýerden soňky Asteroid guşagy) iç kysmynda altyn gözlenmeli. Saýýaralar parçalandy döwülen bilezigiň içinde: hiç biri yzyna gelmedi. Sarsdyryjy ýaraglary Nibirunyň çuňluklaryny kesip açan diýip buýruk berdi. Göge çykan ulaglar Sarsdyryjy ýaraglary bilen ýaraglandyryldy. Göklerden atylan Sarsdyryjy güýçli ýaraglar wulkanlary daglara degdi. Güýçli parlaýan gök gürledýän ýaraglar atylanda daglar opuruldy, ýerimiz titredi. Ülkede begenýän köpdi, bolçulyga berekete garaşýardy her kim. Köşkde Anu Alalunyň ýanyndady. Alalunyň aýaklaryna ýykylyp içgili bulgury Alalunyň eline uzatdy. Alalu patyşady; Anuwa hyzmatkärine seredişi ýaly seredýärdi. Ülkede begenýänler azaldy, ýagyş-ýagmyrlar integem az ýagýardy. Howa gatylaşýardy. Wulkanlaryň çogup çykmasy öňküler ýaly köp däldi. Atmosferadaky gädik açyklyk berkidilmedi. Göklerde Nibiru aýlanyp öz ugruna hereket edýärdi. Sowuga, gyzgyna çydar ýaly däldi. Nibiru halky patyşalaryna hormat bildirenokdylar. Alalu tagtda galdy. Şazadalar arasynda başarnykly güýçli we ylymly Anun onuň huzuryndady. Alalunyň öňünde dyzyna çöküp aýaklaryna ýykylýar, içgi bulguryny onuň ellerine berýärdi. Dokuz sapar sanalan döwür boýunça Alalu, Nibiruda patyşa boldy. Dokuzynjy şarda Anu, Alaluwa söweş yglan etdi. Ýaragsyz zatsyz ýumruklaşyp haýbat atýardy Alaluwa. Ýeňiş gazanan patyşa bolsun diýdi Anu. Uruş meýdanynyň ortasynda biri-birleri bilen bogalaşdylar, gapylaryň diregi diwary ýykyldy. Alalu ýüzin ýere ýykyldy. • ALALU GÄMISI BILEN ÝERE GAÇYP GELÝÄR Alalu bu tutluşykda ýeňilen soň; Anu alkyşlanyp patyşa diýlip yglan edilýär. Anu köşge baran wagty; Alalu köşge dolanyp barmady. Köpçüligiň içinde zym-zyýat bolup ýitdi; Lahma ýaly ölmekden gorkýardy. Hiç kimiň habary bolmazdan, gök (älem) ulaglarynyň durýan ýerine aralaşdy. Olaryň birine münüp, gapagyny ýapdy. Öň tarapdaky otaga girdi we serkerdäniň oturýan ýerine geçdi. Ýol görkeziji yşygy ýakdy; otaga mawy reňk çaýylan soň ot açyjy daşlary oýnaşdyrdy. Uwwuldysy edil bir saz ýaly jadylaýjydy. Ulagyň beýik atyjylygyny sazlady; gyrmyzy reňkli parlaklyk ýandy. Entek hiç kimiň habary hem ýokga Alalu gök (älem) gämisiniň içinde Nibirudan gaçdy. Alalu ugruny gar reňkli Ýere öwürdi, başlangyja degişli bir syr sebäpli saýlap alypdy bu ugry... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |