12:08 Şumer daş plita ýazgylary -3: dowamy | |
• ÝERDE ALTYN GÖZLEGINE BAŞLANÝAR Indi bu bolsa altynyň gözleginiň nähili başlandygynyň we Nibiruny halas etmekligiň puja çykýanlygy hakda bolar. Eridu çadyrlary gurulandan soňra we gahrymanlar iýip-içip doýanlaryndan soň Ea suwlardan altyn çykarymaga başlady. Ulagda otly daşlary garym-gatym etdi, onuň uly sapyny janlandyrdy; suwy sorýan ulagdan daşary uzatdy; gamyşly suwlaryň içine uzadyldy. Suwlar kristallardan bolan bir gaba dogry uzaldyldy, suwlardan çykarylan bütin metallary Kristal gapda toplandy. Soňra gapdan geçen suwlardaky balyklar yzyna goýberildi. Başarnykly Eanyň pikirleridi, elleriniň hünärlidigini aňladýardy. Alty Ýeriň güni boýunça gamyşlygyň suwy sordurylyp suwy başga ýeri akdyryldy. Gabyň içinde metallar toplandy. Ýedinji gün Ea we Alalu bu metallary derňediler, gabyň içine haýsy metallaryň toplanandygyna seretdiler. Köpüsi demir baýlygy bilen beýleki zatlar bardy emma köp däldi altyn. Ulagda Nudommudyň hünäriniň bir eseri bolan başga bir gapda metal görnüşlerine görä belli-belli edip goýdular. Alty gün boýunça gahrymanlar her hili edip çytraşdylar; ýedinji gün dynç aldylar. Alty günläp Kristal gaplara boşadyldy, ýedinji gün metallar sanalyp goýuldy. Demir bardy, çoýun bardy we başga-da birnäçe metallar bardy. Ýöne altyndan bir gysymam toplanmady. Gijesi Aý kiçeldi, ulaldy; Ea onuň bir aýlawyna Aý adyny berdi. • AÝ KALENDARY DÜZÜLÝÄR, MÖWSÜMLER BELLI BOLÝAR! Aýyň alty gün boýunça ýagty saçýan şahlary Aýyň başyny görkezýärdi. Täji ýarym bolanda ýedinji gün, ol gün dynç günüdi. Aýyň ýarsynda Aý gitdigiçe tegelenip dolýardy; durlanan soň inçelip solup gidýärdi; Gün öz ugry boýunça Aýyň ýolunyň aňyrsynda görünende ol ýüzüni Ýeriň aýlawyna tarap öwürýärdi. Aýyň hereketleri bilen jadylanan Ea, onuň Kingu hökmünde Kiýe baglydygy hakynda pikir etdi. Bu baglanyşyk nämä hyzmat edýärdi, haýsy gökdäki yşaraty berýärkä? Ea Aýyň bir turuna Aý adyny berdi; onuň aýlanyşyna hem aý diýip at berdi. • AÝ KALENDARY ULANYLMAGA BAŞLANYLÝAR, MÖWSÜMLER BELLENILÝÄR Aýyň alty gün boýunça parlak şahlary, ol aýyň başyny görkezýärdi. Täji ýaryma öwrülende ýedinji güni, ol gün hem dynç günüdi. Aýyň ýarymynda Aý gitdigiçe togalaklanyp doly görünýärdi; dury gorünenden soň inçelip solmaga başlaýardy. Gün ugry boýunça Aýyň aňyrsynda görünende ol ýüzüni Ýere tarap öwürýärdi. Ea onuň Kingu hökmünde Kiýe baglydygy hakynda pikir etdi. Bu baglanyşyk näme hyzmat etdika, haýsy gök barlygyny yşarat edýär? Ea Aýyň bir ugry boýunça aýlawyna Aý adyny, onuň öwrümine hem aý adyny berdi. Bir aý boýunça, iki aý boýunça ulagda suwlar aýryldy. Gün her alty aýda Ýere dürli möwsümi berýärdi; Ea bulara ''Gyş'' we ''Ýaz'' diýdi. Gyş bardy we Ýaz bardy; Ea Ýeriň bir aýlawyny ''Ýyl'' adyny berdi. Ýylyň soňunda toplanan altyn hasaplanyldy. Nibiruwa ugratmak üçin bular ýetmedi. ''Gamyşlygyň suwlary ýetenok; ulag bilen okeanyň çuňluklaryna çenli çümeliň'' diýýärdi Ea. Ulagyň baglary çözüldi, yzlygyna sallançak ýaly gaýyp gitdi. Üns bilen bulasdyryldy Kristal gaplar, duzly suwlar arasyndan geçdi. • OKEANYŇ ÇUŇLUKLARYNDA ALTYN GÖZLENILÝÄR, SABYRSYZLYK Metallar görnüşlerine görä aýyl-saýyl edildi; aralarynda ýyldyraýan altyn mese-mälim görünýär. Ea ulagyň üsti bilen bolup geçen zatlary söz bilen Nibiru planetasyna ugratdy. Anu bu habara hoşal boldy. Nibiru aýlawy bilen Günüň mesgenine tarap ugur ätdi. Nibiru Ýere golaýlaşýardy. Höwes bilen soraglar soraýardy altyn hakynda Anu. ''Nibiruwa ýetermi?'' diýýärdi. Ea oňa ''Ýöne welin suwlardan, intek doly mukdarda altyn toplamadyk, bir şar tamamlansyn, mukdary köpelsin diýip maslahat berdi''. Okean suwlaryndan altyn gözlenilýärdi, Eanyň ýüregi gysyp darygýardy. Ulagyň böleklerinden toplanan zatlar bilen gök otagy bina edildi. Baştutanlykdan gowy baş çykarýan Abgala gök otagy ynanyldy. Abgal we Ea her gün gök otagyna uçup Ýeri we onuň tebigatyny öwrenmek üçin işläp başladylar. Gök otagy üçin ýapyk bir mekan bina edilip Alalunyň ulagy bilen birleşdirilip içine goýuldy. Alalunyň ulagyndaky kristallary her gün derňedi Ea. Ýagtylyk bilen nämeleriň bolup geçendigini düşünjek boldy. Ea Alaludan ''Altyn nireden gelýär''? diýip sorady. Tiamatyň altyn damarlary Ýeriň niresinde? Abgal we Ea gök otagyna uçup Ýeri we onuň tebigatyny öwrendiler. Beýik daglaryň üstünde aýlandylar; düzlükde beýik derýalary gördüler; aşakda sähralyklar we tokaýlyklar, müňlerçe lig giňişlige ýaýylyp gidýärdi. Okeanlar bilen aýrylan gaty giň topraklary gördüler; Anyklaýan kesgitleýjiler bilen topraklaryň çuňluklaryna hem göz aýladylar. Nibirudakylaryň sabyr-takady tükenen ýalydy, ''Altyn (atmosferany) gorap-saklap bilermi'' diýen gykylyklary eşidilmäge başlady. • ALALUNYŇ ULAGYNDAKY FÝUZELER SÖKÜLIP ALYNÝAR Anu hem Ea şeýle diýdi:''...Altyny topla, (Ýer) Nibiru bilen golaýlaşanda altyny ugratmalysyň''. Alalunyň ulagyny ulagyny taýýarla, çünki Nibiruwa gelmek aňsat bolar, Şar ahyrlaberende taýyn bolsun. Ea kakasy Anunuň sözlerine gulak asdy. Alalunyň ulagyny oňarmaklygyň pikirini etdi. Bir gün agşam Gök otagy bilen ulagyň ýany başyna indiler, Abgal bilen birlikde ulaga girdiler; garaňkylykda gizlin iş tertibini taýýarladylar. Sarsdyryjy ýaraglar ýedi sanydy, ulagdan daşaryk çykardylar; olary gök otagyna ýükläp içinde gizlediler. Gün doganynda Ea Abgal bilen gök otagyna münüp gözden gaýyp boldylar. Başga bir diýara bardylar. Nirededir bir ýerlerde gizlin gowagyň içine salyp goýdy. Soňra Anzuwa buýruk berdi Ea. Şar tamamlanýança Nibiruwa gitmek üçin Alalunyň ulagyny oňarmaklygy buýurdy. Ulaglara gowy düşünýän Anzu pikirlerini we güýjüni jemläp işe girişdi. Ulagyň itijilerini täzeden gözden geçirdi, plita tabellerine seretdi. Sarsdyryjy ýaraglaryň ýoklugyna göz ýetirdi. Anzunyň muňa gahary geldi we gygyrdy. Ea olary uzak ýerlere näme üçin äkidendigini we gizländigini şeýle aýdyp berdi: ''Ýaraglary ulanmazlyga äht edipdik. Ne göklerde ne-de gaty toprakly diýarlarda. Anzu bolsa: ''Şo ýaraglar bolmasa Döwülen bilezikden hiç hili geçip bolmaz''. Olar bolmasa, Suw atyjylar bolmasa howp-hatara nädip çäre görjek. Eriduly serkerde Alalu, Eanyň sözlerini doňledi we Anzunyň sözlerine gulak asdy. • ABGAL NIBIRUWA GITJEK GÄMÄ SERKERDELIK EDÝÄR Eanyň sözleri Nibiru mejlisi tarapyndan ykrar edildi diýdi Alalu. Ýöne ulag dolanyp barmasa Nibiru ýok bolar. Ugurtapyjylygy bilen Abgal mertlerçe çykyp baştutanlaryň öňünde dikildi. Ýolbaşynda men bolaryn; howp-hatarlara mertlerçe garşy gelersiň''. Karar kabul edildi. Başda Abgal bolmaly we Anzu Ýerde galmaly. Nibiruda ýyldyzlara serederler gök Taňrylarynyň kysmatlarynyň üstünde durup düşündiler; Sähetli güni saýladylar. Alalunyň arabasyna altynly sebetler ýüklendi. Abgal Ulagyň öňüne geçdi, serkerdäniň oyurýan ýerine ornaşdy. Ea öz ulagyndan täleý tabelini alyp oňa berdi: ''Bu saňa ýoly görkezer, şuň bilen taparsyň açylan ýoly..'' Ulagyň otly daşlaryny aýlaşdyrdy Abgal. Ulagyň işleýşi ''wuwwully'' sesi ýaly jadylaýjydy. Ulagyň beýik atyş güýjüni janlandyrdy. Gyzyl ot parlap başlady. Ea we Alalu, gahrymanlar topary ulagdakylary ugratdylar. Ulag kükräp, titräp asmana süýnüp gözden gaýyp boldy. Muny Nibiruwa habar berdiler. Nibirudakylar olaryň gelmegine garaşýardylar. 4-NJI PLITA ÝAZGYSY Ugradylan sözler Nibiru planetasyna bardy. Nibiru planetasyndakylar olaryň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Abgal ulagy usullyk bilen dolandyrýardy; Kingunyň, ýagny Aýyň daşyndan bir aýlaw edip onuň sypdyrma güýjünden tizligi aldy. Müň lig, on müň lig bilen ugruny Lahmuwa (Mars) öwürdi. Onuň sypdyryş güýji bilen Nibiruwa tarap ýola düşdi. Lahmunyň aňyrsynda Döwülen bilezik (Asteroid guşagy) ýyldyrap aýlanýardy. Abgal usullyk bilen Eanyň beren kristallaryna seretdi we ýoluň açyklygyny tapdy. Täleý onuň ýüzüne gülüp bakdy. Bilezigiň aňyrsyna geçeninde ulag Nibirudan gelýän yşaratlary aldy. Ýol öýüne tarap alyp barýar. Ileride garaňkylykda Nibirunyň gyrmyzy ýagtylygy göründi. Ulag yşyga tarap barýardy. Nibirunyň daşynda üç gezek aýlanyp onuň dartyş güýjinden peýdalanyp ýuwaşlady. Abgal Planeta golaýlaşanda atmosferadaky gädigi mese-mälim gördi. Getiren altyny hakynda pikir edende onuň ýüregi daraldy. Atmosferanyň galyňlygyndan geçeninden soň ulag gyzgynlyga takat getirmedi. Abgal usullyk bilen ulagyň ganatlaryny ýaýdy. Aňyrrakda ulaglaryň saklanýan ýeri görünýärdi. Abgal ulagy yşyklary ýanan ýere tarap indirdi. Ulagyň gapagyny açdy welin onuň daşyna mähelle bary üýşüpdir. ANU ABGALY GARŞYLAÝAR, ALTYN TOZGAJYKLARY PEÝDA EDÝÄR Anu onuň ýanyna gelip garşylap mertebeli sözler aýtdy. Gahrymanlar ulaga tarap ylgadylar. Altynly sebetleri daşadylar. Sebetlerini kelleleriniň üstünde goýup alyp çykdylar. Anu ol ýerde üýşen mähellä ýeňiş sözlerini aýtdy. ''Indi biz halas bolduk'' diýýärdi. Abgalyň ýanynda köşge çenli ýol boýy ýoldaşlyk etdiler. Dynç alanyndan soň başdan geçirenlerini gürrüň berer ýaly ony ugratdylar. Alymlar gözüňi gamaşdyryp barýan altyny tozgalara öwrüp asmana tarap (Atmosferanyň gädik deşik ýerine) uçurmaga taýynlyk gördüler. (Bu günki atmosferadaky inçelen azon gatlagyny altyn tozgalary bilen berkidip bolýar). Onuň işi uzaga çekdi, wakalar bir şar dowam etdi. Roketalar bilen ýokarlygyna ugradyldy tozgalar. Kristallaryň ýagtylygy bilen sepelendi. Gädigiň deşik ýeri gowlaşyp başlady. Köşkdäkileriň şähdi açylyp olar peýwagtynady. Anu gowy habary Ýere ýollady. Altyn bizi ölümden alyp galdy. Altyn ýene gerek bolar diýdi. Ugradylan sözler Nibiru planetasyna bardy. Nibiru planetasyndakylar olaryň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Abgal ulagy usullyk bilen dolandyrýardy; Kingunyň, ýagny Aýyň daşyndan bir aýlaw edip onuň sypdyrma güýjünden tizligi aldy. Müň lig, on müň lig bilen ugruny Lahmuwa (Mars) öwürdi. Onuň sypdyryş güýji bilen Nibiruwa tarap ýola düşdi. Lahmunyň aňyrsynda Döwülen bilezik ?Asteroid guşagy) ýyldyrap aýlanýardy. Abgal usullyk bilen Eanyň beren kristallaryna seretdi we ýoluň açyklygyny tapdy. Täleý onuň ýüzüne gülüp bakdy. Bilezigiň aňyrsyna geçeninde ulag Nibirudan gelýän yşaratlary aldy. Ýol öýüne tarap alyp barýar. Ileride garaňkylykda Nibirunyň gyrmyzy ýagtylygy göründi. Ulag yşyga tarap barýardy. Nibirunyň daşynda üç gezek aýlanyp onuň dartyş güýjinden peýdalanyp ýuwaşlady. Abgal Planeta golaýlaşanda atmosferadaky gädigi mese-mälim gördi. Getiren altyny hakynda pikir edende onuň ýüregi daraldy. Atmosferanyň galyňlygyndan geçeninden soň ulag gyzgynlyga takat getirmedi. Abgal usullyk bilen ulagyň ganatlaryny ýaýdy. Aňyrrakda ulaglaryň saklanýan ýeri görünýärdi. Abgal ulagy yşyklary ýanan ýere tarap indirdi. Ulagyň gapagyny açdy welin onuň daşyna mähelle bary üýşüpdir. ANU ABGALY GARŞYLAÝAR, ALTYN TOZGAJYKLARY PEÝDA EDÝÄR Anu onuň ýanyna gelip garşylap mertebeli sözler aýtdy. Gahrymanlar ulaga tarap ylgadylar. Altynly sebetleri daşadylar. Sebetlerini kelleleriniň üstünde goýup alyp çykdylar. Anu ol ýerde üýşen mähellä ýeňiş sözlerini aýtdy. ''Indi biz halas bolduk'' diýýärdi. Abgalyň ýanynda köşge çenli ýol boýy ýoldaşlyk etdiler. Dynç alanyndan soň başdan geçirenlerini gürrüň berer ýaly ony ugratdylar. Alymlar gözüňi gamaşdyryp barýan altyny tozgalara öwrüp asmana tarap (Atmosferanyň gädik deşik ýerine) uçurmaga taýynlyk gördüler. (Bu günki atmosferadaky inçelen azon gatlagyny altyn tozgalary bilen berkidip bolýar). Onuň işi uzaga çekdi, wakalar bir şar dowam etdi. Roketalar bilen ýokarlygyna ugradyldy tozgalar. Kristallaryň ýagtylygy bilen sepelendi. Gädigiň deşik ýeri gowlaşyp başlady. Köşkdäkileriň şähdi açylyp olar peýwagtynady. Anu gowy habary Ýere ýollady. Altyn bizi ölümden alyp galdy. Altyn ýene gerek bolar diýdi. ABGAL HAS KÖP ALTYN GEREKLI BOLANDYGY ÜÇIN ÝERE GIDÝÄR Nibiru Günüň ýanyna geleninde altyn tozgalary onuň ýagtylygy zerarly zaýalandy. Atmosferadaky deşik ýene gädildi. Anu Abgala Ýere gitmekligi buýurdy; ulagda gahrymanlar bardy. Içki gysymlarynda suw sorýan we ony ýene daşyna akdyrýan goýlupdy. Olar bilen birlikde Abgala ýolbeletlik eden Nungal hem ulagda-dy. Abgal Eriduwa dolanyp baranynda ony uly şowhun bilen garşyladylar. EA NÄDIP HAS KÖP ALTYN ÝYGNAMALYDYGYNYŇ PIKIRINI EDÝÄR Salamlaşylyp, görüşilenden soň, Ea suwuň işlenilip düzülişiniň pikirini etdi. Ýüzünde şatlyk alamatlary bolsa-da ýüreginde dert bardy. Şar döwri geleninde Nungal ulaga münüp gidermen boldy. Ulagyň içinde diňe birnäçe sebetden ybarat altyn bardy. Ea Nibirunyň berbagtçylykly günlerini ýene-de ýadyna salyp gynandy. Ea bilen Alalu çözülmesi kyn mesele hakynda gürrüňdeş boldular. Ýagny: ''...Älemiň söweşi wagtynda Tiamatyň (Ýeriň öňki durky bolan planeta) kellesi kesilen bolsa altyn damarlarynyň kesilip ikä bölünen bölegi nirede?'' Gök otagyna münen Ea daglaryň we düzleriň üstünden geçdiler. Okeanlaryň üstünde barlaýjy enjam bilen barlady. Diňe şol bir görünýän zatlar bardy. Gury topragyň gury toprakdan goparylyp açylan ýerinde Ýeriň içki bölekleri çykaryldy. EA ALTYNYŇ AFRIKANYŇ TOPRAK ASTYNDADYGYNY ANYKLAÝAR Ýürek şekilindäki gara yklymyň astynda (Afrika, Afrika hakykatdanam ýürek şeklindedir) Ýeriň içinden çykjak altyn baýlygy köpdi. Ea bu ýerlere Abzu (Günorta, Gündogar Afrika) diýip atlandyrdy, altynyň doglan ýeri diýen manyda... Soňra Ea Anuwa şeýle sözleri ugratdy. Ýer hakykatdanam altyna baý, altyn suwlardan däl-de damarlardan alynmaly. Ýeriň suwlaryndan däl-de içki gatlaklaryndan almaly. Okeanyň aňyrsyndaky bir ýere Abzu diýip at dakdym, köp mukdarda altyn çykarsa bolar... ANU ENLILI HEM ÝERE UGRADÝAR Köşkde tolgunyşyk peýda boldy, alymlar we onuň soýuzdaşlary Eanyň sözlerinden soň maslahat etdiler. Bu maslahatda hemmeler bir pikirdediler, ýöne altyny ýeriň damarlaryndan nädip çykarmaly, ine şu keserilip duran kynçylykdy. Ýygnananlaryň arasyndaky dymyşlygy bir şazada bozdy. Onuň ady Enlildi. Eanyň ene başga dogany. Ilki Alalu, soňam onuň giýewsi Ea suwdan umydygär bolupdylar. Suwuň altynynyň kömegi bilen uly ili kynçylykdan halas edipdik. Muňa şarma-şardan (şar- belkäm Nibirunyň ýyl hasaby bolsa gerek /ýyl-ýyldan/) garaşypdyk, indi bolsa başga sözleri eşidýäris... Arzuw-hyýallaryň aňyrsynda gahrymansyramakdan söz edýärler. Altyn damarlarynyň subut edilmegi gerek; başarnykly bir plan gurnamaly. Enlil ýygnananlara şeýle diýdi; aýdanlaryny diňleýänleriň köpüsi şol pikirdedi. Anu: ''Rugsat berseňiz Enlil Ýere gitsin'' diýdi. Subut etsin, plan düzsün. Onuň sözlerine gulak assynlar. Ýygnaga gelenler ses berip, razylyk bildirdiler. Enliliň Ýere gitmegi makullandy. Enlil öz ynamdar kişisi Alýar bilen Ýere gitmek üçin ýola çykdy. Ýolbeledi Alalgardy. Her birine Asman otagy berlipdi. Anu patyşanyň aýdan sözleri Ýere bardy. Amala aşyrylmaly wezipe Enlile berilsin... ENLIL ÝERDE SERKERDELIGI ELE ALÝAR Enlil Ýere baranynda ene başga jigsi Ea ony gujaklap garşylady. Enlil Alalunyň huzurynda hormat bilen baş egdi. Alalunyň ''Hoş geldiň'' diýen sözi çala eşidildi. Gahrymanlar Enlile ''Hoş geldiň'' diýip gygyrdylar. Enlil başarnyklygy bilen Asman otaglaryny birleşdirmegi emr etdi. Bir asman otagy bilen beýige galdy. Baş kömekçisi Alalgar onuň ugrukdyryjysydy. Abgalyň ugrukdyrmasy boýunça Ea gök ulagyna mündi, olary Abzuwa tarap äkitjek ýoly görkezdi. Gury topraklary barlap derňediler. Okeanlary hem ünsden düşürmediler. Ýokarky deňizden aşaky deňize çenli gara ýerleri barladylar. Ýokarda we aşakda näme bar bolsa hasabyny ýöretdiler. Abzuda topragy barlap gördüler. Altyn dogrudanam şol ýerde-di. Altynlar topraklaryň we daglaryň aralarynda garylyp-gatylypdyrlar. • ANU ÝERDÄKI ÝERINE ÝETIRILMELI SOŇKY PLAN ÜÇIN ÝERE GELÝÄR Bu ýazgylar Anunyň Ýere gelşiniň Ea we Enliliň nädip başarnykly bolýandygynyň, Ea daga Enki lakamynyň berilýändiginiň, Alalu bilen Anunyň ikinji gezek göreş tutýandygy hakyndaky hekaýadyr. Anu Asman ulagy bilen uçuşa çykdy. Planetalaryň aralaryndan geçdi. Ýolbelet Nungal Lahmunyň (Mars) daşyndan bir gezek aýlaw etdi. Bir döwürler Kingu bolan Aýyň töwereginden geçenlerinde oňa haýran galmak bilen seretdiler. Anu Aýda hem altynyň bardygy ýa ýokdugy hakynda oýlandy. Gamyşlygyň ýanyndaky suwluk ýere ulag gondy. Onuň gelmegi mynasybetli sazlyk gamyşlardan oturgyçlar taýynlapdy Ea, Anu ýelken açyp kenara çykdy. Iň öňdäki oturgyçda Ea otyrdy. Hökümdar kakasyny ilkinji bolup garşylady. Anunyň öňünde başyny egdi, soňra Anu ''Ilkinji oglum'' diýip haýkyrdy. Gahrymanlar Eridunyň meýdanynda garşylap durdylar. Serkerde Enlil bolsa olaryň öňündedi. Hökümdar Anunyň öňünde hormat bilen baş egdi, Anu ony hem bagryna basdy. Alalu hem şol ýerde näme etjegini bilmän durdy. Anu oňa salam berdi. Ýoldaşlar ýaly el gysyşaly diýdi Alaluwa. Ikirjiňlenip duran Alalu öňe bir ädim ätdi. Soňra onuň bilen el gysyşyp salamlaşdy. Anu üçin nahar taýýarlanypdy; agşam düşüberende Ea Anuny öz bina eden külbesine äkitdi. Ertir irden, daň atanda Eanyň ýöredip başlan hasabyna görä ýedinji gündi. Dynç günidi. Hökümdar garşylanan, şähdi açmak ýaly günleriň biridi. • ANU ÝER SAÝÝARASYNDA AÝLANYP GÖRÝÄR Ertir irden Anunyň huzuryna çykan Ea we Enlil tapyndylary görkezdiler. Näme etmelidigini we näme etmekçidigini onuň bilen maslahat etdiler. Anu olara: ''Şu ýeriniň topraklaryny menem synlaýyn, göreýin'' diýdi. Gürrüňdeşlikden soň olar Asman gatyna çykdylar. Deňizden, deňize uzaýan garalary synladylar. Abzuwa çenli uçdylar, altyny gizleýän topraga gondular. Altyny çykarmak üçin uly güýç gerek bolar diýdi Anu. Altyny çykarmak hem görgüdi. Altyn näçe çuňlukda bolsa-da hökman çykarylmalydy. Ea we Enlil altyny çykarmak üçin gerek-ýarak zatlary toplap gurnadylar, soňra beýlekilere ony işletmek üçin wezipe berildi. Altyny toprakdan we dag gaýalaryndan nädip çykarmalydygyny, Nibiruwa altyny nädip äkitmelidigini täzeden maslahat etdiler. Anu iki ogluna: ''Gonmak üçin gonalga taýynlansyn, Ýerdäki alynyp barylmaly işler üçin köp gahryman gerek bolar'' diýdi. Soňra içinden hem şeýle diýdi: ''Älem giňişliginde hem gonalga bolsa-dy''... • ANU HER KESI IŞ BAŞYNA GEÇMELI EDÝÄR... Anunyň buýruklary şeýledi, Ea we Enlil hem şol pikirde-di, hormat bilen onuň huzurynda baş egdiler. Günler geçdi, hemmesi birlikde Eriduwa dolanyp bardylar. Eriduda maslahat mejlisini geçirdiler; her kime bir iş paýlanyp berildi. Eriduny guran Ea söze başlady: Eriduny gurdum, bu ýerlerde başga-da ýerleşer ýaly gonalgalar gurulsyn, Edin (Mukaddes Kitaplardaky ady Aden. Indiki bölümlerde ýaradan Adamuny = Adamy Nibiru planetasyndakylar şol ýere getirýärler) bolsun ady, adynyň manysy ''Dim-dik bolup duranlaryň mesgeni'' diýen manyda. Şu günden şeýläk şeýle diýip yglan edilsin''. Ediniň serkerdesi men bolaryn, Enlil hem altyn çykarmak işine girişsin. Enlil onuň aýdanlaryna gahary geldi. Soňra Enlil: ''Bu dogry däl'' diýdi Anuwa. Buýurmaga we wezipäni ýerine ýetirmekde men has başarnykly, Asmandaky gämilere degişli maglumatlar meniň ygtyýarymda. Ýeriň syrlaryndan jigim Ea menden has gowy düşünýär. Ea Abzuny aýlanyp gezdi, Abzunyň hojaýyny edip bellemeli ony'' diýdi. Anu onuň öýkeländigini, bada bat aňşyrdy. Jigi dogandylar, ýöne ene başga jigi-dogandylar... Ilkinji ogul bilen kanuny mirasdüşerleriň sözleri ýarag ýaly bolup degýärdi, olar gidişýärdiler. Ea birinji doglan, bir gyrnakdan dogandy. Soňra Antudan Anunyň aýalyndan bolupdy Enlil. Anunyň ene başga gyz jiglerinden biridi Antu. Şeýle ýagdaýda mesele öz-özünden düşnüklidi. Kanuny mirasdüşer Enlil bolmalydy (Ybraýym pygamberiň gyrnakdan bolan (Gajar) birinji ogly Ysmaýyl bilen ene başga gyz jigsi we aýaly Saradan bolan Yshak dagylaryň arasyndaky kanuny mirasdüşerlik ýaly parallellikleri ýatlaň)... • ANU BIJE ATYP WEZIPE BERÝÄR Şeýle ýagdaýdaky dawwa altynyň çykarylmagyna kynlyk döredip biler diýip Anu gorkdy... Jigi-doganlaryň biri Nibiruwa dolanyp barmaly diýip Anu gaýga batdy. Soňra bolsa iki ogluna garap: ''Tagtda oturmak üçin Nibiruwa kim gitmek isleýär? Edine kim baştutanlyk etmeli? Abzunyň hojaýyny kim bolmaly? Geliň üçümiz bije atyşalyň. Jigi-dogan sessiz-sedasyz haýran galyp seredip durdylar. Bije atyldy. Nibiru Anuwa, Eden we Ýeriň topraklary Enlile, Abzu (Afrika) bilen Deňizler we Okeanlar bolsa Eanyň paýyna düşdi. Suwly okeanlardaky päsgelçilikden soňky topraklar hem Eanyňkydy. Abzuda (Afrikada) hem ussatlyk bilen altyn çykarmalydy. Enlil täleýine kaýyl boldy. Eanyň gözleri yşk bilen doludy. Eridudan we Edinden aýrylasy gelenokdy. Anu Enlile ''Rugsat ber, Ea Eridudaky öýüni unutmasyn. Suwa ilkinji bolup gonanyň Eadygy soňsuz ýatdan çykarylmasyn. Rugsat ber Ea hem Ýeriň eýesidigini bilsinler, lakamy Ýeriň eýesi bolsun (Anadolydaky ezoterizmde Ýeriň hojaýyny ýa-da Ýeriň garawuly hökmünde bilinýän Hyzyry (a.s.) ýatlaň). • ANU ÝERDÄKI ÝERINE ÝETIRILMELI SOŇKY PLAN ÜÇIN ÝERE GELÝÄR Bu ýazgylar Anunyň Ýere gelşiniň Ea we Enliliň nädip başarnykly bolýandygynyň, Ea daga Enki lakamynyň berilýändiginiň, Alalu bilen Anunyň ikinji gezek göreş tutýandygy hakyndaky hekaýadyr. Anu Asman ulagy bilen uçuşa çykdy. Planetalaryň aralaryndan geçdi. Ýolbelet Nungal Lahmunyň (Mars) daşyndan bir gezek aýlaw etdi. Bir döwürler Kingu bolan Aýyň töwereginden geçenlerinde oňa haýran galmak bilen seretdiler. Anu Aýda hem altynyň bardygy ýa ýokdugy hakynda oýlandy. Gamyşlygyň ýanyndaky suwluk ýere ulag gondy. Onuň gelmegi mynasybetli sazlyk gamyşlardan oturgyçlar taýynlapdy Ea, Anu ýelken açyp kenara çykdy. Iň öňdäki oturgyçda Ea otyrdy. Hökümdar kakasyny ilkinji bolup garşylady. Anunyň öňünde başyny egdi, soňra Anu ''Ilkinji oglum'' diýip haýkyrdy. Gahrymanlar Eridunyň meýdanynda garşylap durdylar. Serkerde Enlil bolsa olaryň öňündedi. Hökümdar Anunyň öňünde hormat bilen baş egdi, Anu ony hem bagryna basdy. Alalu hem şol ýerde näme etjegini bilmän durdy. Anu oňa salam berdi. Ýoldaşlar ýaly el gysyşaly diýdi Alaluwa. Ikirjiňlenip duran Alalu öňe bir ädim ätdi. Soňra onuň bilen el gysyşyp salamlaşdy. Anu üçin nahar taýýarlanypdy; agşam düşüberende Ea Anuny öz bina eden külbesine äkitdi. Ertir irden, daň atanda Eanyň ýöredip başlan hasabyna görä ýedinji gündi. Dynç günidi. Hökümdar garşylanan, şähdi açmak ýaly günleriň biridi. • ANU ÝER SAÝÝARASYNDA AÝLANYP GÖRÝÄR Ertir irden Anunyň huzuryna çykan Ea we Enlil tapyndylary görkezdiler. Näme etmelidigini we näme etmekçidigini onuň bilen maslahat etdiler. Anu olara: ''Şu ýeriniň topraklaryny menem synlaýyn, göreýin'' diýdi. Gürrüňdeşlikden soň olar Asman gatyna çykdylar. Deňizden, deňize uzaýan garalary synladylar. Abzuwa çenli uçdylar, altyny gizleýän topraga gondular. Altyny çykarmak üçin uly güýç gerek bolar diýdi Anu. Altyny çykarmak hem görgüdi. Altyn näçe çuňlukda bolsa-da hökman çykarylmalydy. Ea we Enlil altyny çykarmak üçin gerek-ýarak zatlary toplap gurnadylar, soňra beýlekilere ony işletmek üçin wezipe berildi. Altyny toprakdan we dag gaýalaryndan nädip çykarmalydygyny, Nibiruwa altyny nädip äkitmelidigini täzeden maslahat etdiler. Anu iki ogluna: ''Gonmak üçin gonalga taýynlansyn, Ýerdäki alynyp barylmaly işler üçin köp gahryman gerek bolar'' diýdi. Soňra içinden hem şeýle diýdi: ''Älem giňişliginde hem gonalga bolsa-dy''... • ANU HER KESI IŞ BAŞYNA GEÇMELI EDÝÄR... Anunyň buýruklary şeýledi, Ea we Enlil hem şol pikirde-di, hormat bilen onuň huzurynda baş egdiler. Günler geçdi, hemmesi birlikde Eriduwa dolanyp bardylar. Eriduda maslahat mejlisini geçirdiler; her kime bir iş paýlanyp berildi. Eriduny guran Ea söze başlady: Eriduny gurdum, bu ýerlerde başga-da ýerleşer ýaly gonalgalar gurulsyn, Edin (Mukaddes Kitaplardaky ady Aden. Indiki bölümlerde ýaradan Adamuny = Adamy Nibiru planetasyndakylar şol ýere getirýärler) bolsun ady, adynyň manysy ''Dim-dik bolup duranlaryň mesgeni'' diýen manyda. Şu günden şeýläk şeýle diýip yglan edilsin''. Ediniň serkerdesi men bolaryn, Enlil hem altyn çykarmak işine girişsin. Enlil onuň aýdanlaryna gahary geldi. Soňra Enlil: ''Bu dogry däl'' diýdi Anuwa. Buýurmaga we wezipäni ýerine ýetirmekde men has başarnykly, Asmandaky gämilere degişli maglumatlar meniň ygtyýarymda. Ýeriň syrlaryndan jigim Ea menden has gowy düşünýär. Ea Abzuny aýlanyp gezdi, Abzunyň hojaýyny edip bellemeli ony'' diýdi. Anu onuň öýkeländigini, bada bat aňşyrdy. Jigi dogandylar, ýöne ene başga jigi-dogandylar... Ilkinji ogul bilen kanuny mirasdüşerleriň sözleri ýarag ýaly bolup degýärdi, olar gidişýärdiler. Ea birinji doglan, bir gyrnakdan dogandy. Soňra Antudan Anunyň aýalyndan bolupdy Enlil. Anunyň ene başga gyz jiglerinden biridi Antu. Şeýle ýagdaýda mesele öz-özünden düşnüklidi. Kanuny mirasdüşer Enlil bolmalydy (Ybraýym pygamberiň gyrnakdan bolan (Gajar) birinji ogly Ysmaýyl bilen ene başga gyz jigsi we aýaly Saradan bolan Yshak dagylaryň arasyndaky kanuny mirasdüşerlik ýaly parallellikleri ýatlaň)... • ANU BIJE ATYP WEZIPE BERÝÄR Şeýle ýagdaýdaky dawwa altynyň çykarylmagyna kynlyk döredip biler diýip Anu gorkdy... Jigi-doganlaryň biri Nibiruwa dolanyp barmaly diýip Anu gaýga batdy. Soňra bolsa iki ogluna garap: ''Tagtda oturmak üçin Nibiruwa kim gitmek isleýär? Edine kim baştutanlyk etmeli? Abzunyň hojaýyny kim bolmaly? Geliň üçümiz bije atyşalyň. Jigi-dogan sessiz-sedasyz haýran galyp seredip durdylar. Bije atyldy. Nibiru Anuwa, Eden we Ýeriň topraklary Enlile, Abzu (Afrika) bilen Deňizler we Okeanlar bolsa Eanyň paýyna düşdi. Suwly okeanlardaky päsgelçilikden soňky topraklar hem Eanyňkydy. Abzuda (Afrikada) hem ussatlyk bilen altyn çykarmalydy. Enlil täleýine kaýyl boldy. Eanyň gözleri yşk bilen doludy. Eridudan we Edinden aýrylasy gelenokdy. Anu Enlile ''Rugsat ber, Ea Eridudaky öýüni unutmasyn. Suwa ilkinji bolup gonanyň Eadygy soňsuz ýatdan çykarylmasyn. Rugsat ber Ea hem Ýeriň eýesidigini bilsinler, lakamy Ýeriň eýesi bolsun (Anadolydakg ezoterizmde Ýeriň hojaýyny ýa-da Ýeriň garawuly hökmünde bilinýän Hyzyry (a.s.) ýatlaň). Kakasynyň sözlerine hormat bildirip, baş atyp kabul etdi Enlil. Soňra agasyna öwrülip şeýle diýdi: ''Şu günden şeýläk lakamyň Enkidir. Ýeriň hojaýyny diýen manyda. Menem berilmeli emrleriň hojaýyny diýip tanalaryn. Anu, Enki we Enlil ýygnanyşan gahrymanlara hem muny düşündirdiler. Wezipe bellenilen kişilere berildi, hemme zat pikir edişimçe ugruna diýýärdi Anu. Indi men siz bilen hoşlaşýaryn, indi arkaýyn aladasyz Nibiruwa dolanýaryn. • ALALU WE ANU GÖREŞÝÄR Alalu öňe çykyp Anunyň ýanyna baryp, esasy mesele ýatdan çykdy öýdýän diýip gygyrdy. Ýeriň serkediligi maňa ynanyldy; altynlary tapandygymy Nibiruwa men aýdypdym. Nibirunyň tagtyndan ýüz öwüremok intek. Anunyň hemme zady ogullary bilen paýlaşmasy kemsidiji ýagdaýdy. Şeý diýip Alalu Anuwa duýdansyz ýere garşy çykyberdi. Anu gürläre zat tapman dymdy. Soňra gaharly ýagdaýda şeýle diýdi: ''Dawwamyz anyk belli bolar ýaly ikinji gezek göreşeli, gel, özem şu wagt, şu ýerde. Alalu egin-eşiklerini çykardy. Anu hem çykaryndy (Ýakup bilen Taňrynyň göreşmesini ýadyňyza salyň, Ol göreşde Ýakup ýeňiş gazanýar we Ysraýyl adyny alýar). Bütinleý diýen ýaly ýalaňaçlanan iki kükrek biri-birine direnip söweşe başlady, bu diýseň elhenç garpyşykdy. Alalu dyzyna çöküp, ýüzin ýere serilip gaýtdy (Bu göreş biziň bilýän göreşimiz däldir diýip pikir edýärin. Şeýle ösen aň-düşünjeli halkyň karary göreş bilen çözülmegi ýa-da nesilme-nesil geçip gelen hökümdarlygyň gurulmagy mantykly gelmeýär. Bu ýerde ilkinji Sümer halkyna düşüniläýjek terzdäki wakalar beýan edilen bolmaga çemeli. • ALALU ANUNYŇ JYNS AGZASYNY DIŞLÄP GOPARÝAR Anu aýagy bilen Alalunyň kükreginden basdy. Göreşde kimiň ýeňendigi belli bolupdy. ''Göreşde kimiň ýeňendigi belli boldy, men hökümdar. Alalu Nibiruna dolanyp barmaz...'' diýip Anu aýaklaryny onuň kükreginden aýyrdy. Alalu ýyldyrym ýaly bolup süýndi-de Anunyň aýaklaryndan tutdy-da ony ýere ýykdy. Soňra agzyny uly edip açyp Anunyň jyns agzasyny dişläp gopardy-da ony ýuwdup goýberdi (Osiris bilen Isisiň miflerinde hem jynsy agzanyň goparyp ýuwtmak ýaly wakalar bar. Asyl çeşmesiniň Sümerlerdedigini şu ýerden bilse bolýar). Anunyň ahy-nalaly sesi asmana galdy. Ol ýere ýykyldy. Enki Anunyň ýanyna ylgap bardy. Ha-ha-haýlap gülýän Alaluny tutdy. Gahrymanlar Anuny külbä göterip alyp gitdiler. Alaluwa nälet okady: ''Adalatly çözülsin hemme zat'' diýip gygyrýardy. Anu kömekçisine: ''Ýagty saçýan ýaragyň bilen at Alaluny... Enlil ''...Ýok, ýok''diýip gygyrdy. Soňra bolsa: ''Adalat öz ornuny tapdy, onuň içine zäher doldy. Alaluny gamyşly çatmalaryň birine alyp gitdiler. Elini-aýagyny ýesir edip daňdylar. • ALALU SUDA ÇEKILÝÄR. HÖKÜM BELLI BOLÝAR Indi bu ýazgylar bolsa Alalunyň sud edilşiniň we höküm çykarlyşy hakynda, Ýerde we Lahmuda nämeleriň bolup geçendigi hakyndaky ýazgylardyr. Gamyş külbesinde Anu agyrysyna çydaman, çarp urýardy. Beýleki gamyş külbede bolsa Alalu otyr, agzyndan ak köplük gelýärdi; Anunyň jyns agzasy onuň içinde agyr ýük ýalydy. Edil Anunyň döli bilen içinde hamyla bolan ýalydy. Çaga dogurjak bolýan aýallaryň garny ýalydy garny (Bir adamyň jyns agzasyny ýuwdan bir kişi nädip zäherlenip ölüp bilsin? Bu hem Nibirulylaryň bizi özlerine meňzeş edip ýaratmandygyny görkezýär) Üçünji gün Anunuň ýarasy birdir, agyrysy aýryldy. Mertebesi peselen ýalydy. Anu: ''Nibiruna çaltyrak barasym gelýär'' diýip iki ogluna ýüzlendi. ''Ýöne ilki bilen Alalu bu etmişi üçin adalatly höküm edilisin. Ony bu etmişi üçin jezalandyrmaly. Nibiru kanunlaryna görä, ýedi sany oturdaş, beýigiräk sekiniň üstünde bolsa akylly başly biri baştutanlyk etmelidi. Eridunyň meýdanyna toplandy gahrymanlar, Alalunyň höküm edilmegini görmek üçin Gahrymanlar Eridunyň meýdanyna toplandylar (Ýediligiň hem keramatly sandygynyň asly Sümer asyllydygyny görýäris. Ýeriň ýedinji planetalygy, hepdäniň ýedi günden ybarat bolmagy we ş.m.) • HÖKÜM BAŞLANÝAR Höküm çykaryjy ýediler üçin ýedi sany oturgyç goýuldy. Baştutanlyk etjek Anunyň oturgyjy iň ulusydy. Onuň sagynda Enki oturdy; Enlil bolsa Anunyň çep tarapynda oturdy. Enkiniň sagynda Anzu we Nergal oturdy. Abgal bilen Alalgarise bolsa Enliliň çepinde oturdy. Höküm çykarjak bolýan ýedileriň garşysyna Alalu getirildi. Elleri we aýaklary çözüldi. Söz gezegi Enka berildi; ''Göreş tutluşygynda Alalu ýeňilip hökümdarlygyny Anuwa bermeli boldy. Bu hakda näme diýýäň Alalu?'' Alalu: ''Göreş tutluşygynda patyşalygy Anuwa bermeli boldym'' diýdi. Enlil bolsa: ''Ýeňilen Alalu geçilmez günä iş etdi, Anunyň ärligini dişläp ýuwtdy, Jezasy ölümdir'' diýdi. Enki: ''Aýtjak zadyň barmy Alalu'' diýip gaýynatasyndan sorady. Alalu jogap bermedi. Soňra Alalu ''Hemmämiz bu işe şaýat bolduk'' diýdi. • ALALU JOGAP BERÝÄR Höküm muňa laýyk bolmaly. Aýtmak isleýän zatlaryň bar bolsa, karar kabul edilmänkä aýt'' diýdi Enki, Alaluwa. Köp wagtlyk dymyşlykdan soňra Alalu: ''Nibiruda patyşadym, hakym bilen hökümdarlyga geçdim. Anu meniň şerap guýup berýänçimdi. Şazadalary aýaga galdyrdy, gozgalaňa baş urdy, göreşde ýeňildim ondan. Dokuz şar boýunça Nibiruda patyşadym. Patyşalyk asyl neslimizden. Tagtyma Anu eýelik etdi. Özümi halas etmek üçin gaçyp howply ýol uçuşyna girdim, uzakdaky Ýere geldim. Nibirunyň halas bolmagyny göz öňünde tutup planetany aýlanyp gezen meň özüm. Maňa Nibiruwa dolanyp baranymda täzeden tagtyma geçjekdigim hakda söz berdiler. Soňra Ea (Enki) geldi Ýere. Indiki Nibirudaky hökümdar bolmaly kişidi ol. Soň Enlil geldi, Anudan soň onuň tagta geçjegi belli. Soňam Anu geldi. Eany (Enki) aldady, ony Dünýäniň hojaýyny Enki diýip yglan etdi. Nibiruda däl-de Ýerde hökümdar bolmaly. Soňam Enlile hojaýynlyk ýetdi. Enka bolsa uzakdaky Abzu (Afrika) berildi. Bu bolýan zatlar ýüregimi daraltdy, utançdan ýaňa ýüregim ýarylara geldi. Ine soňam Anu aýagy bilen döşümden basdy, ýüregimi mynjyratýan ýaly boldy. • SÖZ GEZEGI ANUDA Alalu sözüni tamamlanyndan soň hiç kimden ses çykmady. Soňra Anu: ''Asylly nebereden gelen kanuna görä göreşip tagta eýe boldum. Sen bolsa ujudymy goparyp ýuwtdyň, neslim dowam edip bilmez...'' diýdi. Enlil: ''Günäkär, günäsini boýun aldy; höküm çykarlyp jezasy ölüm bolsun...'' diýdi. ''Ölüm'' diýdi Alalgar. ''Ölüm'' diýdi Abgal. ''Ölüm'' diýdi Nungal. ''Iň soňam Alalu öläýmeli, ýuwdan zady ony iru-giç öldürýär'' diýdi Enki. ''Ajaly gelýänçä tussag edeliň'' diýdi Anzu. Anu bolsa olaryň aýdanlaryny diňläp pikirlendi. • KARAR KABUL EDILÝÄR, ALALU MARSA ÄKIDILÝÄR Hem gahara hemem agyrysyna çydamadyk Anu ''Uzaklaşdyrylyp sürgün edilsin, jezasy budur'' diýdi. Oturanlar haýran galyp biri-birine seredişdiler. ''Anu nämeler diýýär'' diýişdirler. Anu ýene: ''Ol Nibirudanam, Ýerdenem çetleşdiriler. Ýol ugry Lahmu (Mars) planetasy suw bilen atmosferadan doly. Enki heniz Ea adynda wagty ol ýere gonupdy. Onuň çekim güýji Ýeriňkiden has az. Hasap boýunça bu biziň işimize ýarar. Alalu asman ulagyna äkidilsin. Alalu meň bilen gitsin. Lahmunyň daşyndan aýlaw ederis. Alaluwa asman ulagyny bereris. Lahmunyň üstüne gonsun. Ömrüniň soňky günlerini şol ýerde geçirsin'' diýip Anu haýbatly sözüni soňlady. Alalunyň ykbaly çözüldi, hemmeler muny kabul etdiler. Nungal maňa ýolbeletlik etsin Nibiruwa gidýän ýolda. Ol ýerdenem gahrymanlary äkidip ýene Ýere getirsin. Anzu hem olaryň arasynda bolsun. Lahmuwa gonmaga jogapkärçilik onuň boýnunda...'' diýip Anu sözüni tamamlady. Onuň bu aýdanlary buýruk görnüşindedi. Ertesi gün ýol şaýyny tutup, taýynlyk gördüler. Hemmeler kürsileri bilen ulaga tarap ýöneldiler. • ANU ILKI MARSA GONÝAR, SOŇRA NIBIRUNA AŞÝAR ''Sert, gaty ýerde inmek üçin ýer taýynla'' diýdi Anu Enlile. Soňra sözüni şeýle dowam etdirdi: ''Lahmuda (Marsda) gonalga üçin ýer, oňaýly şert taýynla'' diýdi. Olar peýwagtyna, hoşlaşdylar. Anu taýynlanyp mündi ulaga. Elleri bagly halda Alalu hem mündi. Soňra asman ulagy uzanyp, süýnüp gitdi. Olar aýyň daşynda bir aýlaw etdiler, Anu onuň täsin görnüşine haýranlyk bilen seretdi. Gyrmyzy reňkli (Mars hakykatdanam gyrmyzy reňkli planetadyr) Lahmuwa tarap ýola düşdiler, onuň daşyndan iki aýlaw etdiler. Bu planetanyň üstüne gonuş wagtynda başy göge direýän daglar we ýüzi ýyrtylan ýaly ýerler hemmeleriň ünsüni çekdi. Eanyň birwagtlar gonan ýerine seretdiler, bir kölüň kenarydy. Ulag Lahmunyň çekiş güýji tarapyndan pessaýlady. Ulagyň içindäki asman otagyny taýynladylar. Şol wagt hem ulagy dolandyrýan Anzunyň agzyndan hiç kimiň oýuna-küýüne gelmejek sözler çykyberdi. • ANZU MARSDA ALALU BILEN BIRLIKDE GALJAKDYGYNY AÝDÝAR ''Lahmunyň gaty şert üstüne Alalu bilen birlikde menem gonjak, asman otagy bilen dolanyp barmagy göwnämok. Bu nätanyş planetada Alalu bilen birlikde galjak. Ölýänçä ony gorajak. Içindäki ujyt ony öldüren wagtynda ony patyşalara laýyk dessurda jaýlajak. Özüm hakda aýdanymda men işimi ýerine ýetirdim; Anzu, hemme zadyň bolup geçendigine garamazdan hökümdar çetleşdirilip sürgüne ýollanan wagty oňa ýoldaş boldy, beýlekileriň gormedigini gördi, keseki planetada bilinmedik zatlary öwrendi. ANU ANZUNY SYLAGLAÝAR Anzu gahrymanlarça ýogaldy diýsinler...'' Alalunyň gözlerinden ýaşlar akýardy. Anunyň ýüreginde bolsa haýranlyk bardy. ''Aýdanlaryň ýerine ýetirilip, hormatlanarsyň'' diýdi oňa Anu. Soňra ol sözleriniň üstüne şulary goşdy: Şu ýerde saňa bir söz bermäge rugsat ber. Elimi galdyryp ant içýärin saňa, soňky ýolçulykda bir ulag Lahmunyň aýlawyna girer, ol saňa asman ulagyny ugradar. Eger diri galan bolsaň ol seni tapar we men seni Lahmunyň hojaýyny diýip yglan etjek. Lahmuda gonuş aerodrom gurulanda serkerdesi sen bolarsyň...'' Anzu başyny egdi. ''Şeýle bolsun...'' diýdi Anuwa. Alalu we Anzu asman ulagyna mündüler, bürgüt şekilli skafandra we balyk şekilli geýim berildi. Azyk-owkat we gerek-ýaraklaryny ýanlaryna aldylar. Asman ulagy aýlaw çyzan Ulagdan aýryldy. Onuň gonuşy ulagdan syn edildi. Gözden gaýyp bolanyndan soňra ulag Nibiruna bardy. Dokuz şarlap (Her şar 3600 Ýeriň ýylyna görä) Nibiruda hökümdardy Alalu. Sekiz şar boýunça Eriduda serkerde boldy. Dokuzynjy şarda bolsa kysmatyna Lahmudan sürgün edilen wagty ölmeklik ýazylypdyr. • ÝERDE WE MARSDA LABARATORIÝALARYŇ GURULMAGY BAŞLANÝAR Bu ýazgylar bolsa Anunyň Nibiruna dolanyp barmagynyň, Alalunyň Lahmuda nädip jaýlanýandygynyň; Enliliň Ýere gonuş aerodromyny nähili gurýandygy hakynda bolup geçer. Nibiruda Anu hoşniýetli garşylandy. Nämeleriň bolup geçendigini Anu mejlisdakilere we şazadalara aýdyp berdi. Olardan ne ar alyş ne-de ötünç talap etdi. Hemmesine geljekdäki alynyp barylmaly işler üçin hasap-hesip talap etdi. Ýygnananlara göwrümi uly bolan plany aýdyp berdi: ''Nibirudan Ýere çenli Gün maşgalasynyň hemmesini ýeke-täk patyşalyga birleşdirip biljek gonuş aerodromlar gurmaly. Birinjisi Lahmuda gurlar, Aý üçinem aýratyn gonuş plany düzülmeli. Beýleki planetalaryň ýa-da olaryň daşynda aýlanýan hemralaryň üstünde hem gurulmaly. Yzygiderli bir ulag kerwenini goraýan we garşylaýan gonalgalar gurulmaly. Ýerden altyn hiç kesilmezden şeýdip daşalmaly Nibiruna, başga planetada altyn tapylaýsa şansymyza... Maslahatdaşlar, şazadalar, alymlar Anunyň planlarynyň üstünde pikirlendiler. Nibirunyň abadançylygy onda ýaşaýanlaryň umyt gözlerini açýýardy. Alymlar we serkerdeler gök Taňrylara degişli maglumatlary ýalňyşsyz öwrendiler. Ulaglara we asman gämilerine täze görnüşli roketa gämiler ýerleşdirildi. Wezipe başyna geçmek üçin öwredilen gahrymanlar saýlanyldy. Bu planlar Enkä we Enlile ses üsti bilen ugradyldy. Ýerdäki taýynlyklary çaltlyk bilen ýerine ýetirmekligiň gerekdigi aýdyldy. Ýerde nämeleriň bolandygyna we nämeleriň edilmegiň gerekdigine degişli meseleleriň üstünde durlup geçildi. Enki Alalgary Eriduna oruntutary edip belläp Abzuwa tarap ýöneldi. Ýeriň çuňlugyndaky altynlaryň nirelerden çykaryljagyny bellige aldy. Gahrymanlara haýsy wezipeleriň beriljegini, haýsy gerek-ýarak zatlaryň gerekdiginiň hasaplamak gerekdi. Enkiniň bir amal üstünde işlemegi netijesinde ýer ýaryjy gurnaldy. Onuň Nibiruda taýynlanmagyny isledi. Aýratynam ýerde bir ýaryk açmak we onuň içki gysymlaryna tunel ýoly bilen geçmek üçin Titredip deşiji we Ezeni oýlap tapypdyr. Nibiruda Abzu üçin taýýar edilmelidi. Nibirunyň alymlarynyň düşünjeli pikirlenmekleri üçin başga soraglar hem sorady. • ÝERDAKI GAHRYMANLARYŇ ÄTIÝAÇLY GEREK ZATLARY, ÄLEMIŇ ÜSTÜNIŇ NIREDE GURULJAKDYGY ÝALY MESELELERE ÇÖZGÜT TAPYLÝAR Gahrymanlaryň saglygy we salamatlylygy üçin gerekli zatlaryň spisogyny çykardy. Ýeriň tizligi we aýlawlary gahrymanlary biynjalyk edýärdi. Ýeriň tiz üýtgäp durýan Gün we Gije (Aý) döwürleri olary ala-sarmyk ýagdaýa getirýärdi. Atmosferasy gowy bolmagyna garamazdan käbir zatlary ýeterlik däl, käbir zatlary bolsa artykmaçdy. Gahrymanlar iýmitiň şol bir iýmitden ybaratdygyndan şikaýatçydylar. Serkerdeleri Enlil Günüň we Ýer üstüniň gyzgynlygyndan erbet täsirlenipdi. Serginlik we kölege gerekdi. Enki taýynlyk görýärdi Abzuda. Enlil bolsa Gökgämisi bilen Ediniň giňişligini uzaltýardy. Daglaryň we derýalaryň sanlaryny belleýärdi. Jülgeleriň we obalaryň ölçeglerini aldy. Gonuş ýerini nireden gurjakdygyny roketa gämileriniň ýeriniň nireden guruljakdygyna degişli amatly ýer gözlenilýärdi. Enlil Günüň gyzgynlygyndan erbet täsir duýýardy. Serginlik we kölege gözleýärdi. • BÄŞINJI PLITA ÝAZGYSY Ulag Lahmudan uçup daşlaşdy. Ugry Ýer tarapa ýöneldi. Aýyň daşyndan aýlaw etdiler, ol ýerde gonalga üçin derňew geçirdiler. Ýeriň daşyndan aýlandylar, suw ýüzüne gonmak üçin ýuwaşladylar. Nungal ulagy Eridunyň ýanyndaky suwlara gondurdy. Enlil tarapyndan bina etdirilen port gonalga aýak basdylar. Indi sandal agaçlarynyň geregi ýokdy. Enlil we Enki gyz jigsini gujaklap garşyladylar. Ýolbelet Nungal bilen el gysyşdylar. Aýal-erkek gahrymanlar, ol ýerdäki gahrymanlar tarapyndan garşylandylar. Ulag bilen getirilen zatlar tizlik bilen daşalyp gutardy. Olar Roketa gämiler we gök gämilerden taýýarlanan gerek-ýarak zatlardy. Nibiruda bolup geçen hemme zady, Alalunyň ölümini we gömülşini Ninmah aýdyp berdi erkek doganlaryna. Lahmudaky aerodromy we muňa Anzunyň baştutanlyk etjekdigini hem aýdyp berdi. • NINMAH ŞYPA DERMANLYKLARYŇ TOHUMLARYNY GETIRÝÄR Enki göwnemakul sözler aýtdy. Enlil bolsa haýran galmak bilen muny göwnemedi. Ninmah Enlile: ''Bu Anunyň kararydyr, buýrugy üýtgedilmeli däl. Syrkawlar üçin däri-derman getirdim'' diýdi. Torbasyndan bir käse tohum çykardy, olary topraga ekmelidi. Tohumlar suwarylan soň pyntyklap, miwe bermelidi. Bu suw dermanly suw. Ondan gahrymanlar içdigiçe syrkawlykdan açylmalydylar (Şu ýerden ýola çykyp; Lukman Hekim, indiki ýazgylarda Gilgameş we onuň ölümsiz bakylyk derman otuny gözleýşiniň asyl çeşmesidir. Adamzadyň ýakyn taryhlarda daglardan ot ýygnap şypa gözlemekleriniň çeşmesi hem belki bu wakalardan başlanýan bolmaly). • ENLIL WE NINMAH LIBIÝADAKY GONUŞ ÝERINE GIDÝÄRLER Hassalyk uzaklaşyp, keýpleri göteriljekdi. Tohumlaryň sergin ýere ekilmegi gerekdi. Ösüp boý almagy üçin suwlanmagy gerekdi. Muny Ninmah aýtdy erkek doganlaryna. Enlil: ''Bu işler üçin oňaýly ýer görkezjek saňa. Gonuş ýeriniň ýanynda sedir bagyndan (Katran bagy/ Erkek Taňrylaryň bagy) bir mesgen tutan ýerinde Enliliň gök gämisine mündiler ikisi. Enlil we Ninmah Garly daglardaky Sedir (Katran bagy / Erkek Taňrylarynyň bagy/ baglygyndaky tokaýlygyň ýanyndaky gonalga gitdiler (Häzir Baalbek diýilýän ýerde soňraky göçüp gelen uluslar Enliliň gonan ýerinden ybadathana /çokunylýan/ bina etdiler. Daşyndan basyp alyşa gelenler öňkülerini ýykypdyrlar, özleriniň ybadathanasyny gurupdyrlar. Iň soňky bina edilen ybadathana Rimlileriň bina eden Zews ybadathanasydyr). Gök gämi uly daş platformasyna gondy; bilelikde Enliliň mesgenine girdiler. Içere girenlerinde Enlil ony gujaklady, közli öpüşmeler bilen bogdy: ''Ah, söýgülijigim'' diýip pyşyrdady Enlil oňa. Söýüp ogşady ony. Ýöne ýatgysynda tohum galdyrmady. Ninmah ýumşak pessaý ses bilen oňa: ''Saňa oglumyz Ninurtanyň habarlaryny getirdim'' diýdi. • TOHUMLAR BAALBEKE EKILÝÄR ''...Ýaş şazada boldy ol indi, syýahata taýyn, Ýere gelip saňa goşulmakçy bolup dyrjaşýar. Bu ýerde galmaly bolsaň oglumyz Ninurtada gelsin'' diýdi Enlil oňa. Gahrymanlar gonuş ýerine geldiler, gökgämiler bilen platforma roketa gämiler gelip başlady. Ninmahyň torbasyndan çykan tohumlar toprak mekanlyga ekildi. Nibirudan bir miwe Ýerde ýetişmelidi. Enlil we Ninmah gökgämisi bilen Eriduna dolanyp bardylar. • ENLIL GUFULJAK ŞÄHERILERIŇ PLANLARYNY GÖRKEZÝÄR Ýol boýy ýerýüzüniň ölçegini, Ediniň nirelere çenli uzanýandygyny görkezdi Enlil oňa. Enlil oňa etjek-goýjak planlaryny asmandan seredip duran ýerinden açyklady. ''Soňsuzlyga çenli galjak bir plan taýynladym'' diýdi. Yzygiderli binalar gurulmagy gerek bolan planlar bular... Eridudan uzakda, gury topragyň başlanan ýerinde bolar lagerim. Adyna Larsa dakaryn, dolandyrma ýerine öwrüler. Burannunyň (Ýewfrat) çuň suwlar derýasynyň kenarynda ýerleşdiriler. Ondan ikiz iki sany şäher galdyrylan geljekde. Adyna Lagaş diýerin. Bu ikisinden soňam planlar üstünde bir çyzgy çyzdym. Şundan altmyş lig soň bir şypahana şäheri peýda bolmaly. Seniň öz şäheriň bolar. Şurubak, sygynma şäheri diýerin adyna. Çyzgynyň edil ortasynda ýerleşer we dördünji şähere ýol görkezer. Nibru-ki (Nippur), Ýeriň geçýän ýeri diýjek adyna, içine bir asman-ýer bagyny binýat etjek. Täleý tabelleri (plita ýazgysy) şol ýerde durar, bütin uçurylyş ulaglary dolandyryp durar. Eridu bilen birlikde bäş şäher peýda bolar we ömürbaky hem bar bolar. Enlil Kristal tabeliň üstüne çyzylan esasy plany görkezdi. Tabeliň üstünde başga bir yşaratlary gören Ninmah onuň nämedigini sorady. Bäş şäheriň aňyrsynda, ulaglaryň ýerini binýat etjek. Nibirudan Ýere göni geliş nokady bolar diýip ýaňzytdy Enlil. Şol wagt Ninmah düşünip galdy. Anunyň Lahmu bilen baglanyşykly planlary näme üçin Enliliň aklyny bulaşdyrdyka. Ninmah oňa: ''Bäş şäher üçin ýerine ýetirjek planlaryň buýsandyrdy''. Şurubakyň şypa şäherini maňa berendigiň üçin saňa diýseň minnetdardyryn... • ENKI ABZUDA (AFRIKANYŇ GÜNORTA-GÜNDOGARY) IŞLERINI DOWAM ETDIRÝÄR ''...Bu planyň aňyrsyna geçip kakaň sözüni red edip, jigiň azabyny ryýa etmegin. Sen hem gözel hemem köp zatlary bilýärsiň...'" diýdi Enki oňa. Enki hem Abzuda planlar gurnaýar. Gahrymanlar üçin ýerleşmeli ýerleri, Ýeriň düýp-bujagyna nirelerden girilmelidiginiň çyzgysyny çyzýardy. Gök gämisine münüp Abzunyň nirelere uzap gidýändigini ölçedi, daşynyň çägini aýlanyp çykdy. Abzu uzaklardaky diýardy. Edinden uzakda suwlaryň aňyrsyndady. Mes toprakly ýerleri bardy; hemme zatlar ýerbe-ýer, bol-bol bereketlidi. Bu mes toprakly ýerlerden akyp geçen beýik derýalar bardy, özem şarlap, uly tizlikde akýardy. Enki akan suwlaryň ýany başynda özüne ýaşar ýaly ýer edindi we şol ýerem onuň mesgeni boldy. Abzunyň ortasynda dury suwlaryň ýerine gitdi Enki. Ol diýarda Enki çuňluk ýerde gahrymanlara Ýere gonuş ýeri belli etdi. • MAGDAN ÇYKARYLMAGY ÜÇIN GEREKLI TEJRIBE GEÇIRILÝÄN ÝERLER GURULÝAR. Enki Ýer ýaryjy gurdy we şol ýerde ýaryk açyp Ýeriň içine tuneller uzanar ýaly etdi. Sebäbi Ýeriň içki çuňluklaryndan altyn damarlary çykarylmalydy. Titredýän we deşijileri ýakynlaryna ýerleşdirdi. Altynlary daşaýan jöwherler daşalyp ýenjildigiçe gök gämileri bilen daşalmalydy. Sedir daglaryndaky gonuş ýerine äkidilmelidi we ol ýerdenem roketa gämileri bilen Lahmuwa (Marsa) äkidilmelidi. • ŞÄHERLER GURULÝAR, ÝERDE WE LAHMUDA KÖP WAGTLYK IŞLER ALNYP BARYLÝAR Ýere gonup gelýän gahrymanlaryň sany her wagt öňküsinden artýardy; käbirleri Edine barsa, käbiri bolsa Abzuda wezipe başyna geçýärdiler. Larsa we Lagaş Enlil tarapyndan gurlupdy. Şurubaky Ninmah üçin gurupdy. Ninmah şypa beriji, dadyňa ýetişýän ýaşlar goşuny bilen birlikde ol ýerde oturýardy. Nibru-kide (Nippurda) Enlil asman - ýer bagyny gurýardy. Bütin wezipeler şol ýerden dolandyrylýardy. • ANUDAN ÝAZGY GELÝÄR Enki bolsa Eridu bilen Abzu arasynda çekiji ýüp dokaýardy. Kä wagtlar o ýersini, bu ýersini deňleýärdi. Lahmuda gurluşyk tiz depginde alnyp barylýardy. Aerodrom üçin gahrymanlar hem gelýärdiler. Bir şar, iki şar dowam etdi taýýarlyk işleri. Soňra Anudan habar geldi. Şol gün Ýerde ýedinji gündi. Enki tarapyndan başlangyçda yglan edilen dynç güni. Her ýerde üýşdi gahrymanlar; Anunyň Nibirudan ugradan ses ýazgysyny diňleýärdiler. Edinde ýygnandylar, serkerde Enlil şol ýerde-di. Onuň bilen birlikde Ninmah hem bardy. Onuň ýanynda bolsa ýaş goşunlary bardy. Eridunyň hojaýyny bolan Alalgar hem şol ýerde-di. Gonuş ýeriniň serkerdesi Abgal hem bardy. Abzuda-da bardy gahrymanlar. Enkiniň dolandyrmasy astynda boldular. Lahmuda hem gahrymanlar bardy; Serkerdeler Anzu bilen taýyndylar. Ýerdäkiler alty ýüz kişidi. Lahmuda (Marsda) üç ýüz kişi. Hemmesi umumy dokuz ýüzdi. Patyşalary Anunyň sözlerini hemmesi bilelikde eşitdiler. Gahrymanlar, siz Nibirunyň halasgärisiňiz. Hemmämiziň kysmatymyz siziň elleriňizde. Bitiren işleriňiz soňsuza çenli unudylmaz; hemmäňiz gowy atlar bilen ýatlanarsyňyz. Ýerdäkiler Annunakiler, asmandan ýere gelenler hökmünde bilinsin. Lahmudakylar (Marsdakylar) Igigiler gözegçilikde durýanlardyr. Gerekli bolan hemme zatlar taýyndyr; altyny ugratmaga başlaň, Nibiru halas bolsun... • ENLIL, ENKI, NINMAHYŇ SÖÝGI ÜÇLÜKLERI Indi bu hekaýa Enki, Enlil we Ninmah dagylaryň söýgi, duýgulary we jübütleşikleriniň we ondan dogan ogullar sebäpli bolup geçen wakalar hakynda aýdylýar. Üç ýolbaşçy Anunyň perzentleridir; enebaşga perzentler bolup dogulypdylar. Ilkinji ogly Enki; ejesi Anunyň gyrnagydy. Anunyň ejesi Antudan doguldy Enlil; şeýdip mirasdüşer boldy. Ninmahy doguran hem başga bir gurnakdy; iki erkek doganyň öweý gyz jigsidi. Anunyň birinji gyzydy, ady we lakamy Ninmah şol manyny berýär. Ol örän owadandy, akylly we köp zady bilýärdi we köp zady çalt öwrenýärdi. O wagtlar Enkiniň ady Eady, Ea lakamyndaka Enkä ýan-ýoldaş edip saýlapdy Ninmahy Anu. Şeýlelikde olaryň perzentleri mirasdüşer bolup galmalydy. Ninmah bolsa atylan daş ýaly serkerde Enlile göwün beripdi. Başdan çykarypdy Enlil ony; ýatgysyna tohumyny akydypdy; Enlilden bir ogul dogurdy Ninmah, adyny Ninurta diýip bilelikde goýdular. Anunyň bu bolan zatlara gaty gahary geldi, Ninmaha durmuşa çykmazlyk buýrugy bilen jezalandyrdy. Anunyň buýrugy bilen aýaly boljagyndan mahrum boldy Ea; onuň ýerine Damkina atly bir şagyzyna öýlenipdi. Bir ogly boldy, adyna Marduk dakdylar, sap arassa ýerde dogulan diýen manyda. Ninmahyň Enlilden bolan ogly bolsa olar durmuş gurmazdan dogulandy, indi Enliliň ýanynda ýoldaşy ýokdy. Nibiruda däl-de Ýerdekä ýan-ýoldaş saýlap - seçjekdi. • ÝERDE ENLIL BIR GYZ BILEN SÖÝÜŞÝÄR Bu hekaýada bolsa eýe bolmaklygyň, sürgün edilip kowulmagyň we ötünç soradan söýgüni; ene başga doganlaryň, beýleki ogullaryň dogulmaklygy hakynda bolup geçýär... Ýerde Ýaz pasly höküm sürýärdi. Enlil sedir baglygyndaky tokaýlyga barypdy. Ninmahyň ýaş goşunlaryndan gonuş ýerine ornaşanlaryň biri bir sowuk dag pynaryna ýuwunýardy. Sud owadanlygy we özüne çekijiligi bilen Enlili jadylady, Enlil ony sedir bagyndan edilen öýüne çagyrdy. ''Gel, men saňa Nibiru miwesiniň şerabyndan hödür-kerem edeýin'' diýdi ýaş gyza. Sud kabul edip Enliliň öýüne girdi. Enlil oňa bir bulgur şerap guýup berdi. Sud içdi. Enlil hem içdi. Gyzy aldatjak boldy. Islänokdy ýaş gyz: ''Men heniz kiçijek gyz, bular ýaly zatlary bilemok'' diýdi Enlile. Enlil Sudy kömekçi boldy. Islänokdy ýaş gyz. ''Dodaklarym näzikdir, hiç kime ogşatdyrmaryn'' diýdi Enlile. • ENLIL SÜRGÜN EDILÝÄR Enlil gülüp gujaklady gyzy, gülüp ogşady gyzy we onuň ýatgysyna tohumyny goýberdi. Suduň serkerdesi bolan Ninmaha aýdyp berdi bu ahlaksyzlygy. Ninmah Enlile ''Bu eden işiň üçin höküme çekilersiň'' diýip gaharlandy. Elli Annunakiniň huzurynda ýygnandy höküm çykaryjy ýediler. Höküm çykaryjy ýediler Enlile şeýle jezany berdiler. Enlil bütin şäherlerden kowulmaly, yzyna bu diýarlara dolanyp gelmez, sürgün edilsin diýdiler. • ENLIL ENKINIŇ SARSDYRYJY, ÝOK EDIJI ÝARAGLARYNYŇ BUKULUP GOÝLAN ÝERINI TAPÝAR Bir gök asman otagyna mündürip gonalga ýerden ugratdylar ony; ýolbeledi Abgaldy. Barsa gelmez diýaryna äkitmelidi Enlili, ol indi asla yza dolanyp gelmez edilipdi. Ikisi Gök otagynda ýola rowana boldylar. Ugurlary başga diýarlar bolmalydy. Gorkunç daglaryň edil ortasynda ýol aldylar, başga bir diýardy ugurlary... Abgal gök otagyny gorkunç daglaryň ortarasynda sessizlik ýere gondurdy: ''Seniň galmaly ýeriň şu ýer'' diýdi Abgal Enlile. Soňra bolsa: ''Belkäm bu ýeri men saýlap almadym, Enkiniň bir gizlin syry bar, şu ýerde. Sarsdyryp ýok etýän ýaraglary şu golaýdaky gowaklaryň birinde bukulyp goýlan. Alalunyň asman ulagyndan çykarlypdy ol ýaraglar. Ýaraglary sen al, bu ýaraglar bilen erkinligiňi gazanyp bilersiň'' diýdi. Abgal serkerdesi Enlile Enkiniň syrlaryny şeýdip açdy. Abgal bu ýerden daşlaşdy we Enlil şol ýerde ýeke galdy. Edinde Sud serkerdesi Ninmaha baryp şeý diýdi: ''Enliliň tohumyndan göwreli boldum, Enliliň perzendi içimde galdy. • SUD ENLILI ÄRI HÖKMÜNDE KABUL EDENINDEN SOŇ ENLILIŇ GÜNÄSI GEÇILÝÄR Ninmah Suduň buz sözlerini Enkä aýdyp berdi; ''Näme-de bolsa Ýeriň hojaýynydy Enlil! Ýerde iň ýokary derejeli bolandy ol! Sudu höküm çykaryljak ýere çagyrdylar we: ''Enlili äriň hökmünde kabul edýärsiňmi'' diýip soradylar. Sud razylygyny aýtdy. Bu sözler Abgal tarapyndan Enlile ýetirildi. Suda öýlenmek üçin yzyna dolanyp bardy Enlil. Şeýdip Enki we Ninmah ony bagyşladylar. Enliliň resmi aýaly hökmünde yglan edildi Sud; ''Ningil'' buýruk berýän hanym lakamyny aldy. Soňra bolsa Ninlil we Enliliň bir ogly boldy. Ninlil oňa Nannar adyny berdi, parlak diýen manyda. Ýerde ýatga düşen ilkinji Anunnakidi ol. Nibirunyň nesilşalygyndan başga bir planetada doglupdy. Enki Ninmaha şeýle diýdi: ''Gel Abzuda meň bilen bol''. • ENKI NINMAH BILEN BIRLIKDE ÝAŞAÝAR Abzunyň merkezinde, arassa suwlaryň ýerleşen ýerinde bir mesgeni bina etdim. Ady kümüş bolan parlak bir metal bilen gapladym, goýy mawy bir daş bilen lajiwertden bina etdim. Gel Ninmah meň bilen bol, Enlile göwün berme indi. Abzu tarap ýola düşdi Ninmah. Enki oňa duýgulandyryjy sözler diýdi, biri-birleri üçin ýaradylandyklaryny aýdyp gulagyna şirin-şirin sözleri pyşyrdady. Sen integem meň söýgülimsiň diýdi Enki oňa. Ony gujaklady, öpdi ogşady. Tohumyny Ninmahyň ýatgysyna guýdy. Ogul dogrup ber maňa, ogul dogur maňa diýip haýkyrdy. Ninmah tohumy ýatgysyna aldy, Enkiniň tohumyndan göwreli boldy. Ýeriň bir aýy Ninmah üçin Nibirunyň bir güni ýalydy. Bäş alty we ýedi, sekiz, aý güni tamamlandy; eneliginiň dokuzynjy sanynda Ninmahyň dogum sanjysy tutup başlady... • ENKININ OGLY BOLANOK Bir perzendi boldy; täze doglan çaga gyzdy. Abzudaky derýanyň gyrasynda Enki we Ninmahyň bir gyzy doglupdy. Enki gyz perzendini görüp gaty gynandy. ''Öp kiçijek gyzyňy'' diýdi oňa. Weziri Isimuda dert düşdi: ''Öp kiçijek gyzyňy" diýdi maňa. Bir oglan çaga isleýän. Enebaşga gyz jigimden dogan bir oglum bolmaly. Soňra ýene öpdi Ninmahy, ýene söýüp gujaklady, tohumyny onuň ýatgysyna guýdy. • NINMAH NÄLET OKAÝAR Ninmah ýene göwreli boldy; Enki ýene bir çagajyk dünýä inderdi. Bir oglum bolmazmy senden diýip haýkyrdy Enki. Ýene-de öpdi Ninmahy. Şonda Ninmah Enkä nälet okady. Ninmah näme iýip-içse garny agyrýardy, agzy agyrýardy, dişleri agyrýardy, elleri-aýaklary agyrýardy. Anunnakiler Ninmaha Isimudy ýolladylar. Çäre tapsyn diýip ýalbardy. Enki elini galdyryp Ninmaha golaýlaşmajakdygy hakda ant içdi. • ENKI AÝALY DAMKINANY ÝERE ÇAGYRÝAR Ol ýuwaş-ýuwaşdan syrkawlyga çäre tapdy. Enkini näletden halas etdi. Edine dolanyp bardy Ninmah. Ol indi asla durmuşa çykmajakdygy hakda Anudan perman gelipdi. Enki aýaly Damkinany ogullary Marduk bilen gelsin diýip Ýere çagyrdy. Oňa Ninki ''Ýeriň hanymy'' diýen lakamy berildi. Ondan we bäş sany gyrnakdan (jarýe) bäş sany ogly ýene bardy Enkiniň. Atlary şulardyr: Nergal we Gibil, Ninagal we Ningişzidda; iň kiçileri bolsa Dumuzi... • ENLIL OGLUNY ÝERE ÇAGYRÝAR Enlil we Ninmah ogullary Ninurtany Ýere çagyrdylar. Enliliň aýaly Ninlilden bir ogly ýene doguldy. Nannaryň öz jigsiniň ady Işkurdy. Jemi üç ogly bardy Enliliň; olar gyrnakdan dogulmadykdy. Şeýlelikde iki taýpa emele geldi Ýerde. Aralaryndaky gatnaşyklar bolsa barha söweşlere iterýärdi. • ALTYNY ÄKITMEK ÜÇIN ŞERT DÖREDILÝÄR Indi bu hekaýat Igigileriň gozgalaňynyň, täleý tabellerini ogurlandygy üçin Anzunyň nähili öldürilýändigi hakynda bolar. Ýeriň damarlaryndan çykarylan altyn Abzunyň gonalga ýerine daşalýardy. Ol ýerden Igigiler tarapyndan roketa gämiler bilen Lahmudaky (Mars) aerodroma daşalýardy. Lahmu planetasyndan bolsa metal gök ulaglaryň üsti bilen Nibiruna äkidilýärdi. Nibiruda altynlar inçejik tozga bolýança böleklenip atmosferany goramak üçin ulanylýardy. Gökdäki gädik ýuwaş-ýuwaşdan gowulaşýardy. Nibiru halas edilýär. Edinde bäş sany şäher binýat edilipdi. Enki Eriduda ýagty mesgen gurupdy, topragyň üstünden göge çenli beýgeldipdi başyny. Edil dag ýaly ýerden göge diräp durdy. Amatly ýerde gurupdy şol binany. Aýaly Damkina şol ýerde ýaşaýardy. Ogly Marduka şol ýerde ylym-bilim öwredýärdi Enki. Enlil Nibru-kide ýer gök bagyny gurupdy. Ol göräýmäge beýik kaşaň ymaratdy. Edil ortasynda asmana direýän we göge uzanan uzyn bir sütün, düňderilmez ýaly platformaň üstünde gurlupdy. Enliliň sözleri ol ýerden bütin ýerleşenlere esdilip durýardy. Lahmuda we Nibiruda hem eşidilýärdi. Ses tolkunlar şol ýerden beýgelip bütin diýarlara eşdilip durýardy... Gözleri bütin diýarlary barlaýardy. Agyrlygy belli bolmadyk zadyň ýakynlaşýandygyny aýdyp durýardy. Beýiklikdäki öýüň ortasynda täje meňzeş bir otag bardy. Örän uzakdaky göklere gözegçilik edip durýardy. Hemme ýere seredýärdi gözi, gögüň başujyndaky nokadyna dogry ýetýärdi. Mukaddes garaňky otagda Gün maşgalasynyň on iki nyşany yşaratlandyrylan görnüşdedi. MEler üstüne Gün we Aýyň, Nibirunyň we Ýeriň sekiz Gök taňrynyň gizlin formalary bellenilipdi. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |