00:36 Şumer daş plita ýazgylary-2: dowamy | |
2-NJI ŞUMER PLITA ÝAZGYSY
Geň-taňsy wakalar
Alalu ugruny gar reňkli Ýere (buz eýýamyny düşündirjek bolýanlygy ähtimal) öwürdi, başlangyja degişli bir syr sebäpli saýlap alypdy bu ugry. Gadagan edilen, öň hiç kimiň gitmedik ýerlerinden geçdi Alalu. Hiç kimem döwük bilezikden geçmäge gurbaty çatmaýardy. Başlangyçdan galan bir syr sebäpli saýlapdy Alalu ugruny. Nibirunyň täleýi elindedi, patyşalygyny yzyna gaýdyp alyp boljakdy. Nibiruda galsa iň soňy ol kowuljakdy; boýun alyk ölümiň tüýs özi boljakdygyna gözi ýetýärdi. Planyna görä ýeke täk çykalga howply ýollara çykmakdy; eger başaryp bilse soňy ýeňiş bilen sylaglanjakdy. Süýnýän bürgüt ýaly parran atan Alalu gökleri geçdi! aşakda Nibiru boşlukda asyl-asyl bolup duran top ýalydy. Şekili jadylaýjydy; ýagtylygy töweregine saçyp duran gökleri tutup durdy. Ululygy buýsançlydy; ýagtylygy uzaklary aýdyňlatýardy. Ýaşaýyşy goraýan, reňki gyrmyzy bolan örtügi tolkun atýan deňiz ýalydy. Edil ortasynda bolsa gädik, garalan ýara ýaly bildirip dur. Täzeden aşak seretdi; giň ýarym kiçelip gidipdir. Täzeden aşak seretdi; Nibirunyň beýik topy kiçijek miwe ýaly bolupdyr. Täzeden seredende Nibiru edil Tümlük deňzinde gözden ýiten ýaly boldy. Puşmanlyk Alalunyň kalbyny gorka saldy. Alalu duraýyn diýdi, soňam ýene ugruna tarap ýöneldi. Ulag ýüz lig gitdi, müň lig gitdi, on müň lige gitdi we Alalu integem ýoluna dowam edýärdi. Özüne çekiji göklerde garaňkylygyň goýusyndady; öran uzaklardaky ýyldyzlar bolsa gözlerini gyrpýardy. • ALALU GÜN SISTEMASYNA GELIP GIRÝÄR Gaty köp esse lig ýol aşdy Alalu, ýüzüni güldüren bir sahna kaklyşdy gözüne. Gögüň giň boşlugynda, gökleç barlyklaryň ilçisi salamlap garşylaýardy ony. Kiçi Gaga (Pluton) ýoly görkezip Alaluwa salam berýärdi, oňa hoş geldiň diýip ýol açýardy. Egri ýöreýşi bilen gökdäki barlyk Antunyň (Neptunyň) öňünden we yzyndan ýolçulyk etmekdi täleýi. Gysga wagtdan soň Anti (Uranyň bir wagtlar bar bolandygy aýdylýan ekiz taýy), ady patyşa Anşar (Saturn) tarapyndan berilen barlyk garaňkylygyň çuňlugyndan gitdigiçe ulaldy. Reňki dury, suwly mawydy. Ol ýokary suwlaryň başlangyjydy. Onuň owadanlygy Alaluny jadylady; onuň uzaklygyndan ýoluna dowam etdi. Daşlykda Antunyň ýan-ýoldaşynyň yşygy göründi. Görnüşi Antunyňka meňzeşdi. Ýoldaşynyň ekiz - taýydy, ýöne Anu (Uran) ýaşyl mawy reňke çalymdaşdy. Gözüňi gamaşdyran bir goşun onuň daşyny töwerekläp tutup durdy (Uranyň halkasy). Bu iki gök barlygyna güýç-kuwwat aldy Alalu. Gaganyň ýoly integem bildirip durdy. Gadymky hojaýnyna bir wagtlar ýoldaşlyk eden gökdäki barlyga giden ýoly görkezýärdi. Gökleriň öňde gelen şazadasyna Anşara (Saturna) dogry ugur bilen barýardy Alalu. Anşaryň duzaga çekýän çekimini Ulagyň tizlenmesinden duýýardy Alalu. Ulagyny gözüňi gamaşdyryp barýan parlak halkalar jadylaýardy. Alalu derrew ugruny beýle tarapa üýtgetdi; ýoly görkezen gudraty bilen onuň ünsüni sowdy. Şol arada oňa läheňi göründi: Örän uzak göklerde, maşgalanyň parlak ýyldyzy saýlanmalydy. Bu gezek oňa iň gorkunç barlyk göründi. Onuň kysmatynda mähnet janawer aýlanýardy. Günüň üstüne goýulaşan bir kölege düşüren Kişar (Ýupiter) ýaradanjasyny ýuwduberdi. Gorkunç wakady bu! Bu erbet alamat diýip düşündi Alalu. Äpet Kişar, saýýaralaryň başy ýaly özüne çekijidi. Burgaçlanan tupan-şemallar örtýärdi ýüzüni, aralarynda reňkli nokatlar hereket edýärdi; käbiri gaty hereketli, käbiri ýuwaş hereketli bolan, özem sanýetmez köplük goşun gök taňrysyny gurşap alandy. Ýollary düzüw däldi; eýläk-beýläk gaýýardy. Kişar (Ýupiter) özbaşyna bir efsun ýaýýardy. Ylahy ýyldyrymlar atýardy. Alalu oňa tarap hereket ediberende ugry bozulyberdi birden, ugruny ýitirdi, çykgynsyz ýagdaý boldy. Çuňlukdaky garaňkylyk dargamaga başlady we Kişar (Ýupiter) özbaşyna aýlawyna dowam etdirdi. • ALALU ASTEROID GUŞAKLYGYNA ARALAŞÝAR Ýuwaş hereket edýärdi, parlaýan Günüň üstünden galdy; hälden bäri çykman, birden çykdy orta. Alalunyň kalbyny dolduran heýjan uzak dowam etmedi. Bäşinji saýýaranyň aňyrsynda iň uly howp duzak gurup garaşýardy; örän gowy bilýärdi muny. Döwülen bilezik (Asteroid guşaklygy) höküm sürýärdi; ýykyp ýok etmek üçin garaşýardy. Gaýalardan we uly daşlardan bir ýere toplanyp döwülen ýalydy. Enesiz ýetimler ýaly bir ýerdediler. Eýläk-beýläk gaýyşyp, geçmişde galan kysmaty yzarlaýardylar. Edýänleri erbetlikdi; bir usulyýeti bela-beter getirmekdi. Awa çykan ýolbarslar ýaly parçalap ýuwdupdylar Nibirunyň ulaglaryny. Ýaşamak üçin gerekli bolan altyny çykarmakdan tama üzüpdiler. Alalunyň ulagy öňüni-yzyny saýgarmazdan döwülen bilezige dogry, wagşy gaýalar bilen ýüzleşmäge gidýärdi mertlerçe. Alalu ulagyndaky ot açyjy daşlaryny has güýçli ýagdaýda ýerleşdirdi. Ýoly görkezýän bilen, ellerini titretmän ugrukdyrdy. Bolgusyz beýik gaýalar söweşde duşmana garşy çozuş edýän ýaly ulaga tarap süýşeneklediler. Alalu olara tarap ulagdan öldüriji oky atdy. Soňra duşmana sarsdyryjy oklardan birini ýene bir sapar, soňra ýene birini atdy. Goja gaýalar gorkudan ýaňa sandyraýan esgerler ýaly bolup dargadylýar; Alaluwa ýol açdylar. Jadylanan ýaly bolup açyldy döwülen bilezik, edil patyşahy äleme açylan gapy ýaly. Garaňkylygyň çuňlugynda Alalu gökleri aňsatlyk bilen synlady welin bilezigiň (Asteroid) wagşylygy ýeňip bilmändi ony, Alalunyň uçuşy dowam edýärdi. Uzakda Günüň ýangynly topunyň gyzgynlygy uzaklardan bildirip durdy. Onuň öňünde ugruny aýlaýan gyzyl-goňur reňkli saýýara Lahmu (Mars) bardy. Hasaba görä ol altynjy gök barlygydy... • ALALU ÝERE GELÝÄR Alalu (oňa) diňe bir sapar seretdi: Täleýindäki ugry bilen uly tizlikde gelýän Alalunyň ýolundan çekildi. Şonda gar reňkli Ýer (Ýer şol wagt buzluk eýýamynda bolmagy ähtimal) göründi; gök barlygyna görä ol ýedinjidi. Alalu ugruny myhmansöýer bolan bu saýýara tarap öwürdi. Nibirudan has kiçi, özüne çekiji topjagaz, aýynyň özüne çekijiligi Nibirunyňkydan has ýönekeýdi. Atmosferasy Nibirunyňkydan inçedi, içindäki bulutlar girdaplanyp önýärdi. Aşakda (yklymlary) üç bölege aýrylypdy. Üsti we düýbi gardan, arasy mawy we goňur reňkli. Alalu ulagynyň saklanan ganatlaryny Ýeriň daşyndan aýlanmak üçin sazlady. Ortadaky gury topraklary we suwly ummanlary gowy görünýärdi. Ýokarda Ýeriň içki böleklerini ýagty kesimler (луч) derňäp barlady ''Tapdym ony'' diýip begenjinden ýaňa sesli gygyrdy: ''Altyn, köp mukdarda altyn'' diýip bildirýärdi ýagty kesim (луч); goýy reňkli bölegiň (yklym) astynda we suwlarda-da bardy altyn. Ýüregi gürsüldäp urýan Alalu bir karara gelmek üçin pikirlenmelidi: Ulagyny gury toprak üstünde gondursa ölüm, eger ugruny suwlara öwürse çümüp gitmeli! Şol gymmat altynyň taparmany bolmak üçin nädip diri galmaly? Bürgüdiň astynda Alalu bytnaman otyrdy; öz ugruna goýberdi ulagy. Ýeriň çekimine düşen ulag has beter tizlenmäge başlady. Açyk ganatlary şuwlaýardy. Ýeriň atmosferasy gaty gyzdyryjydy. Şol barmada gök gürlemesi başlady. Gaty erbet tizlikde ýere çarp-urdy ulag, birden doňan ýaly boldy hemme zat. Urga essinden aýylan Alalu bytnaman ýatyrdy. Soňra gözlerini açdy we özüniň diriligine göz ýetirdi; altyn saýýara mertlerçe gelipdi. • GÜN ULGAMYNYŇ DÖREÝŞINIŇ HEKAÝASY Indi bolsa, Ýer we onuň altynlarynyň we Başlangyjyň we Gök Taňrylarynyň nähili ýaradylandyklarynyň hekaýasy. Başlangyçda beýikliklerde Gök Taňrylar (planetalar) heniz atlandyrylmankalar we aşakdaky ykjam zemin heniz çagyrylmanka, Apsu (Gün), olaryň ilkinji ýaradyjysy boşlukda Ýeke täkdi. Ýokarynyň beýikliklerinde gök Taňrylar (planetalar) heniz ýaradylmandylar. Ýokarda we aşakda Taňrylaryň hiç biri emele gelmändi. Hiçbiriniň ady ýokdy, täleýleri hem belli däldi. Saz tamamlanmady, batgalyklar orta çykmandy. Boşlukda diňe ýeke-täk Apsu höküm sürýärdi. Şol pursatda onuň şemallary bilen ilkinji suwlar biri-birine garyşdy, Apsu (Gün) suwuň üstünde ylahy we hünärli bir jady peýda etdi. Boşlugyň çuňlugynda ukyny guýdy. Hemmesiniň enesini Tiamady (Ýeriň atasy, Ýeriň böleklenmezden öňki ýagdaýy) özüne ýoldaş hökmünde saýlady. Göksil ene, gör nähili suwlak we owadandy. Onuň ýanyna Apsu, soňam kiçi Mummuny (Merkuriý) peýda etdi. Ony özüne habarçy hökmünde belledi we Tiamata sowgat hökmünde berdi. Apsu ýoldaşyna gözüňi gamaşdyryp gelýän suwgady berdi. Parlaýan bir metal, ebedi altyn; diňe oňkydy. Şol wagtam bu ikisiniň suwlary biri-birine garyşdy, edil ortalarynda ylahy perzentler şekillendi. Bu gök barlyklar erkek we urkaçy edilip ýaradyldylar. Lahmu (Mars) we Lahamu (Wenera) atlary bilen çagyryldylar. Aşakda Apsu we Tiamat olara bir mesgen edip berdi. Olar garramazdan öň taýyn edilip goýlan boýly-boýuna; ýokarynyň suwlarynda Anşar (Saturn) we Kişar (Ýupiter) bellendi. Jiglerine ýokardan synlaýardylar. Bu ikisi bir gök barlygy hökmünde ýan-ýoldaş edilip bellenipdiler. Uzak göklerdäki bir ogul bolan Anu (Uran) olaryň mirasdüşeridi. Soňra Antu oňa ýoldaş bolsun diýip Anunyň ýanynda peýda edildi, ýokary suwlaryň çägi boldy mesgenleri. Şeýdip aşakda we ýokarda üç sany maşgala çuňluklarda şeýle ýaradyldy we şeýle atlar bilen bellendi Apsunyň, Mummunyň we Tiamat dagylaryň birlikde guran maşgalasy. Şol wagt Nibiru ozal ýokdy. Ýer heniz özüne gelmändi. Göksil suwlary biri-birine garyşyp-gatyşan ýagdaýda-dy, döwülen bilezik heniz biri-birinden aýrylmadykdy. Şol wagtlar aýlawlary belli däldi. Taňrylaryň (planetalar) kysmaty emr edilmändi. Bu gökdäki maşgalalar birleşip toparlanyşdylar; boluşlary bulam-bujarlykdy. Apsu olaryň bolşuny geň gördi. Eýläk-beýläk dönüp Tiamaty birahat etdiler (planetalar öz ýoluna gelýänçäler bolup geçen Kaos)we muňa gaharlandy. Ýanlarynda aýlaw etjek bir topar (emeli hemralar) ýoldaşlary emele getirdi. Apsunyň ogullaryna garşy atylyp çykan bir goşun (emeli hemralar) peýda boldy. Aýratyn olardan on bir sanysyny (on bir emeli hemrasy)dogurdy; goşunlaryň arasynda ilkinji bolup dogan Kinguýu (Aýyň atasy) baştutan edip belledi. Bu habar Gök Taňrylaryň gulagyna degende ýygnandylar gyssanmaç bolup... Kinguýu ulaldyp oňa An serkerdeligini beripdirler diýdiler biri-birine... Kükregine bir täleý plitasyny tutdurdy, özüne ynamly aýlawy bolsun diýipdir. • NIBIRU SAÝÝARASY ORTA ÇYKÝAR Ogly Taňrylara garşy söweşmegi teklip etdi Kingu daga. Kim garşy çykýar Tiamata (Ýere) diýip soradylar Taňrylar (planetalar) biri-birine. Hiç haýsysy aýlawyndan çykmaga milt edip bilmedi, hiç biri söweşmek üçin ýaraglanmadykdy. Şol wagt hem çuňlugyň merkezinde (uzak sistemada) bir Taňry (planeta) peýda boldy. Hünärli ýaradyjynyň erkinden emele geldi. Öz Gününiň oglydy ol. Bu Taňry Dogan ýerinden gyssanmaç halda uly tizlik bilen maşgalasyndan aýryldy. Ýanynda janlanmagyň ýaşaýyşyň tohumyny saklaýardy. Ýoluny boşluga aýlady. Täze kysmaty gözleýärdi. Boşlukda gezýän bu gök barlygy ilkinji we hemişe gören Antu (Uranyň gapdalynda ýok bolan, belkäm soňra Nibirunyň hemralarynyň biri boldy) boldy. Özüne çekiji yşygy bardy. Gidişi Taňrylara laýykdy, ugry gaty giňdi. Ol hemme Taňrylaryň arasynda iň ulusydy we aýlaw ýoly hemmesiniňkiden giňdi. Ony birinji bolup gören Antu boldy. Göwüslerini emmändi, hiç hili perzendi (hemrasy) ýokdy: ''Gel oglum bolsaň'' diýip seslendi oňa. Eneň bolaýyn diýdi. Agyny syçratdy oňa hoş geldiň diýip ugruna dowam etdi (Antu Nibirunyň hemrasy bolýar). Onuň bu sözleri täze geleniň kalbyny ynam bilen doldurdy. Ony emmäge taýyndy. Soňra onuňam dört hemrasy boldy. ''Bolýar'' diýip gymyldady dodaklary; arasyndan Taňrylaç oduny gusdy her ýana (Ýer çekiminiň täsiri bilen peýda bolan elektromagnit çekim) Ugruny Antuwa tarap öwürdi, gysga wagtdan soňra ýüzüni Anuwa (Uran) öwürmelidi. Anu ony gören wagty oglum, oglum diýip hyjuwly gygyrdy. Seni baştutanlyga saýlajak, bir goşun hyzmatkärleriň bolar. Adyň Nibiru bolsun. Ömürlik geçiş. Hormat bildirdi Nibiruwa, ýüzüni Nibirunyň geçişine öwürdi. Agyny ýaýdy we Nibiru üçin dört hyzmatkär orta çykardy (Nibiru Uranyň dört hemrasyny alýar), ýanynda: günorta şemaly, demirgazyk şemaly, gündogar şemaly, günbatar şemaly. Ýüregi heýjanlanan Anu atasy Anşara (Saturn) (Uran geçmişde belkäm Saturnyň bir hemrasy bolupdyr). Nibirunyň gelýändigini aýdyp berdi. Habary eşiden Anşar (Saturn) ýanyndaky Gagany (Plutonyň) habarçy hökmünde ileri ýollady. Anuwa düşüner ýaly aýdyp bersin, Nibiruny ýerleşdirsin diýip. Bizi dünýä getiren Tiamat häzir geň galýar, söweşjeň goşun gurdy, gaharyndan ýaňa näme edýänini bilenok. Taňrylara, perzentlerine garşy duran on bir sany urşujy ýörüşe çykdy (Ýeriň atasy Tiamatyň ol döwürler on bir sany hemrasy bardy). Aralarynda Kinguny beýik derejelere ýetirdi; onuň kükregine bir täleýi berdi sebäpsiz ýere. Onuň awusyna garşy çykjak taňry ýok içimizde, goşuny gorky saldy içimize... • NIBIRU SAÝÝARASY TIAMAT SAÝÝARASYNA TARAP, GÜN SISTEMASYNA GOLAÝLAŞÝAR... Ar almaga taýynlansyn Nibiru. Tiamat ýene ömri halas etsin. Oňa bir kysmat bagla; öňe çykyp gudratly duşmanymyz bilen ýüzleşsin. Gaga Anuwa tarap ýola çykdy; Anunyň sözlerini aýdyp berdi. Anu hem Nibiruwa atasynyň sözlerini aýdyp berdi. Gaganyň sözlerini oňa aýtdy. Nibiru bu sözleri geň galmak bilen diňledi; perzentlerini iýip ýutmakçy bolan enäniň hekaýasyny üns bilen diňledi. Indi zat diýmek nämä gerek, eýýäm kalbyny bire baglady. Tiamata garşy çykypdy. Agzyny açyp Anuwa we Gaga şeýle diýdi: Tiamat ýeňer görersiňiz, halas boljak bolsaňyz, kysmatymy beýgeltjek bir mejlisde ýygnansyn Taňrylar. Mejlisde belli karara gelsinler. Meni baştutan saýlasynlar we buýrugyma boýun egsinler. Lahmu (Mars) we Lahamu (Wenera) muny eşidip uly ses bilen haýkyrdylar: ''Nähili erbet talap, düşünşip bilenoklar''. Ine şeýle diýdiler. Kysmatlary bellejek Taňrylar biri-birleri bilen maslahat etdiler. Nibiru ar almaly diýen karara geldiler. Ony güýçlendirdiler. Aramyzdaky Taňrylardan saňa garşy çykjagy bolmaz diýdiler. Biziň hiç birimiz seniň çäkleriňe geçmeris. Git Nibiru aryňy al diýdiler. Tiamata tarap gitmek üçin şazadalary ugradýan ýaly ugratdylar. Nibiruwa haýyr dogalar etdiler. Nibiruwa güýçli Sarsdyryjy ýaraglar berdiler. Anşar (Saturn), üç apy-tupan şemalyny berdi, Erbet şemal, deňi-taýy ýok. Kişar (Ýupiter) onuň bedenini alaw bilen doldurdy; Tiamaty ykjam güýçlendirdiler. • KOSMOS SÖWEŞI BAŞLAÝAR Şeýlelikde söweşe taýynlanan Nibiru ýoluny Tiamata tarap dogrulady. Indi bolsa Älem söweşiniň we Ýeriň peýda boluşynyň we Nibirunyň täleýiniň hekaýasydyr. Jenap ýola rowana boldy. Gaharly Tiamata nazaryny dikdi, oňa nälet okady. Gorag örtügi bolsun diýip yşyga örtündi. Kellesinde haýbatly täji bardy. Sagynda we çepinde ýok edijileri (emeli hemralar) aldy. Kömekçiler goşunyny we ýedi erbet şemaly öňüne saldy. Gaharly Tiamata dogry uly tizlik bilen gelýärkä söweşmek üçin haýkyrýardy. Taňrylar onuň daş - töweregine üýşdiler we soňam ýolundan çekildiler. Tiamaty we onuň kömekçilerini barlamak; onuň goşunynyň sekerdesi Kingunyň planyna göz ýetirmek üçin bir özi ýola çykdy. Ýeňiji Kinguny görende gözi bulaşdy; bu läheňleri görende ugry üýtgäp başlady; ugry ýol almady. Tiamatyň bir çeti titreýärdi. Tiamatyň köklerine çenli sarsgyn peýda boldy, gudrat bilen kükredi. • NIBIRU ÝEŇIŞ GAZANÝAR Nibiruwa nälet okady; ony tilsimleri bilen saram-saram etdi. Tiamat we Nibiru biri-birlerine dogry herekete geçdiler. Jenap (Nibiru) ony tutmak üçin güýjini ýollady. Aklyndan azaşan ýaly haýkyrdy Tiamat. Nibiru erbet şemaly onuň ýüzüne tarap atdy. Erbet şemaly onuň yzyndan ýollady, sebäbi Tiamat agzyny açyp ony ýuwulmagy mümkindi. Agzy ýapylmaz ýaly ugratdy ony. Sarsdyryjy apy-tupan şemallary göbegine baryp degdi; bedeni aýryldy, içi uwlap agzy gaty açyldy. Nibiru onuň agzyna bir ok, iň güýçli ýyldyrymy oklady, bu ok Tiamatyň göbegini ýaryp açdy. Içini parçalap ýardy (Tiamat böleklere bölünýär). Şeýdip ýaşaýyş demini kesdi. Nibiru bu jansyz jesedi barlady, Tiamat läş ýalydy. Jansyz ýatan hanymyň töweregindäki on bir kömekçiler gorkudan titreýärdiler. Nibirunyň yzyna düşdiler. Gapana düşüpdiler (Nibiru Tiamatyň hemralaryny özüne geçirýär) Tiamatyň bu goşundaky baştutany Kingu (Aý) hem olaryň arasyndady. Jenap (Nibiru) ony urdy-da jansyz hanymyň ýanynda goýdy. Täleý plita ýazgysyny kükreginden çekip aldy, üstüne öz möhrüni basyp kükregine ýerleşdirdi. Tiamatyň hemralaryny ýesir alyp olary öz aýlawyna, duzagyna çekdi. Aýak astyna salyp böleklere böldi. Hemmesini öz turuna baglady; Soňra söweş meýdanyndan aýryldy Nibiru. Ony şöhratlandyran Taňrylara ýeňşini buşlamak üçin ýola çykdy. Apsu öz daşyndan bir sapar aýlanyp Kişar we Anşara dogry ýola çykdy. Gaga ony garşylamaga çykdy. Anu we Antunyň aňyrsyna çuňlukdaky mesgenine tarap ýola çykdy Nibiru. Jansyz Tiamatyň we onuň Kingusynyň täleýi hakda pikir etdi. Böleklenen Tiamata tarap ýene ýola düşdi jenap Nibiru. Onuň ýanyna baryp jansyz bedenini synlady. Bu mähnet janaweri ikä bölmeli diýen karara geldi. • NIBIRU TIAMADY BÖLEKLEÝÄR Ony ikä böleninden soň içki damarlaryny bölüşdirdi; altyn damarlaryna geň galyp seretdi. Jenap (Nibiru) Tiamadyň arka bölegini mynjyratdy, üstki bölegini bolsa goparyp aýyrdy. Demirgazyk howasy bolan kömekçisini çagyrdy ýanyna. Goparylan kellesini boşluga çykarylmagyny buýurdy şemala. Nibirunyň şemaly Tiamadyň üstünde taýyn boldy, onuň açyga akan suwlaryny syryp aýyrdy. Nibiru ýene ýyldyrym atdy we demirgazyk şemalyna yşaratlady. Tiamadyň üstki bölegini bir parlaklygyň içinde bellisi bolmadyk ýere goýuldy. Onuň bilen birlikde Kingu hem ýanynda bolmalydy. Goparylan parça ýoldaş bolmalydy. Soňra Nibiru onuň astyndaky bölege nazar saldy. Söweş meýdanyny belli eden mukaddes ýer, göklerde hemişe ýatladyp durjak ýer; söweşiň ebedi ýatlangyjy bolup durmagyny göwnedi. Topuzy bilen bu aşyky bölegi döwüm-döwüm edip parçalaşdyryp, bilezige öwrülsin (Asteroid) diýip olary düzdi bir sapaga, bir ýere ýerleşdirip ony (Tiamady) gorasynlar we suwlary aýyran perde bolsun ol diýdi. Semanyň üstündäki ýokary suwlary, (Asteroid guşagy bolan planeta toparyny biri-birinden aýyrdy) aşakyny bolsa aşaky suwlardan aýyrdy we Nibiru senetçilikde şeýdip işlerini tamamlady. Soňra jenap (Nibiru) göge geçdi we bölekleri sazlady. Apsunyň (Gün) mekanyndan başlap Gaganyň (Pluton) mekanyna çenli aralygy ölçedi. Soňam çuňlygyň kenaryny derňedi. Soňra nazaryny ýaradylan ýerine dikdi. Durdy we soňam söweş meýdanyna dolanyp bardy. Täzeden Apsunyň ýerinden geçip Günüň ýok bolan ýoldaşyny (Tiamaty) puşman bolup ýatlady. Tiamadyň ýaraly ýarysyna seretdi. Ünsüni onuň üstündäki bölegine dikdi. Ýaşaýyşyň suwlary integem ýaralaryndan akýardy. Altyn damarladan Apsunyň ýalkymy düşýärdi. Nibiru ýaradyjysynyň mirasyny, janlanyş tohumyny ýatlady. Tiamadyň üstüne gaýdan wagty ony ikä böleninde oňa bu tohumy salan bolmaly. Soňra Apsuwa şeýle diýdi: Ýagty ýalkymyň bilen onuň ýaralaryna şypa ber. Döwülen parça täzeden janlansyn, ýaşasyn, maşgalaňda gyz perzendiň bolsun. Rugsat ber suwlar bir ýere üýşsin, berk ýer emele gelsin. • YKLYMLAR PEÝDA BOLÝAR Apsu diýdi: Oňa berk Zemin diýeli. Mundan beýläk Mukaddes kitap hökmünde bilinsin. Aýlanmagy bilen gün we gije gündizleýin oňa şypaly ýagtylygymy bereýin. Kingu hem gijelerine parlak yşygyny saçyp Dünýäniň ýoldaşy Aý bolsun. Nibiru Apsuny diňläp bolanyndan soň begendi. Gökleri geçip olary synlady, ony beýgelden Taňrylara aýlanýan ýerlerini bagş etdi (planetalaryň aýlanmaly ýerleri belli bolýar). Aýlanyş turlaryň, ýollary biri-biriniňkä çykmasyn we biri-birlerinden yza galmasyn diýip sazlady. Gök gulplaryny göz astyna aldy, iki ýana gapy açdy. Özüne iň daşdaky öýüni mesgen hökmünde galdyrdy; ýeri Gaganyň aňyrragyndady. Aýlanmaly ýeri bolan uzak aralyklara höküm etmek üçin Apsudan ýalbardy. Bütin Taňrylar (planetalar) duran ýerlerinden seslendiler: ''Nibirunyň hökmürowanlygy üstün bolsun. Ol Taňrylaryň iň parlagydyr. Ol hakykatdanam Günüň ogludyr. Apsu muňa razylyk berdi. Gök we Ýeriň geçişi Nibirunyň elindedir, ady geçiş bolsun. Taňrylar ne-hä ýokary bölege ne-de aşaky bölege geçip bilerler. Merkezde Nibiru bolar, Taňrylara baştutanlyk etsin. Onuň aýlanyş ýoly bir şardyr. (3600 ýyl), kysmaty bolsa soňsuzdyr. • ALALU ÝERDE AÝLANYP, BARLAŞDYRYP GÖRÝÄR Indi bu gadymy zamanlaryň nädip başlandygynyň we altyn eýýam diýlip bilinen zamanyň ýylýazgylarynyň hem-de Nibirudan Ýere altyn gözlemäge nähili gelendikleriniň hekaýasydyr. Başlangyjy Alalunuň Nibirudan gaçyşydy. Alalu ösen düşünjesi bilen öwrendi, maglumat toplady, bellik edindi. Atasy Anşargalyň kömegi bilen göklere we aýlanyşyna degişli maglumatlary toplapdy. Enşaryň kömegi bilenem maglumatlar ýaýrap köpeldi. Alalu bulardan köp zatlar öwrenipdi. Alymlar we serkerdeler bilen kän oturşyp turuşardy. Başlangyjyň bilimini şeýdip öwrenipdi. Döwülen bilezikdäki altynyň barlygy hem şondan bellidi. Döwülen bilezikdäki altyn Tiamadyň ýarysyndaky altyny yşarat edýärdi. Alalu altyn saýýarasyna gahrymanlarça bardy. Ulagy bir tupan bilen ýere uruldy. Yşyk bilen töweregi barlady, nirededigini biljek boldy, ulagy gury topraga gondy. Örän giň suwly gamyşlygyň kenarynda durdy. Bürgüt kaskasyny geýip, balyk geýimini (skafandra) geýdi. Ulagyň gapagyny açdy we açyk gapakda durup töweregine aladaly seretdi. Zemin goýy reňkde-di. Asman ak-mawydy. Ses-üýn ýokdy. Oňa salam berýän hiç kimem ýokdy. Keseki saýýarada ýeke özidi. Nibirudan ömürlik kowulandygyny ýatlady. Ulagdan aşak düşdi, aýak basdy goýy reňkli topraga; uzakda depeler bardy. Ýakyn ýerlerde ýaşyl otlar. Öňünde gamyşlyk uzyn bolup ygşyldaýardy. Içinden ýöredi; suwuň sowuklygyndan üşäp titredi. Gury topraga tarap yzyna çykdy. Ýadyna her hili zatlar düşdi; aýalyny we çagalaryny ýatlady. Nibirudan aýrylypdy. Kellesine diňe şol pikirler gelýärdi. Birdenem ukusy tutdy. Näçe wagtlyk ýatanyny bilmedi. Ony näme oýandyrdy hiç bilip bilmedi. Daşarda bir ýagtylyk bardy. Ol Nibiruda Alalunyň ömrüne görmedik ýagtylygydy. Ulagdan daşaryk kellesini uzatdy, gapdalyna barlagdan geçirijisini dakdy. Saýýaranyň howasynyň özüne kybapdygyny görkezdi. Ulagyň agzyny açdy we arassa howadan dem aldy. Ol ýene bir sapar, soňra ýene bir sapar içi-içine dem aldy. Hakykatdanam kybapdy Kiniň howasy. Alalu elini çarpdy, begenjinden aýdym aýtdy. Bürgüt kaskasyz (skafandrasyz) balyk reňkli geýimsiz topraga ätdi. Daşardaky ýagty (Gün) gözüňi kör edip barýardy. Günüň ýagtylygy gaty güýçlidi. Ulaga baryp gözlerine perde (belkäm spektr äýnek) dakyndy.Ýanyna ýaragyny aldy. Ulanar ýaly synaýjyny aldy. Soň ulagdan aşak düşdi. Goýy reňkli topraga basdy. Gamyşlyklara tarap ilerledi; suwlar goýy ýaşylymtyk. Gamyşly suwuň kenary çagyllykdy. Alalu eline daş alyp gamyşlygyň içine zyňdy. Gamyşlykda hereket edýän gözleri bardy: Suwda balyklar bar eken. Synaýjyny gamyşlyga ýetirdi; palçykly suwlary barlady synaýjy bilen. Içmäge ýaramly däldi. Alalunyň keýpi gaçdy. Gamyşlykdan arany açdy-da depelige tarap gitdi. Ýaşyl otlardan geçdi. Kiçi otjumak ösümlikleriň (Кустарник) ornuny baglar alypdyr. Bu ýerlerde miweli baglar bardy. Baglaryň şahalary miwelerden doludy. Ýakymly ysy janyňy alyp gelýärdi. Alalu bir miwe gopardy şahadan we dişledi. Ysy ýakymly, tagamy ondanam ýakymly. Alalu örän begendi. Alalu Günüň ýagty düşýän ýerlerinden uzaklara (kölegelik) ýöredi. Ugruny depelere tarap ilerletdi. Agaçlar arasynda, aýagyna sowuk zat degdi. Diýmek ýakynlarda bir ýerlerde suw bar. Ugruny suwuklygyň çykýan ýerine tarap öwürdi. Tokaýlygyň içinde bir köljagaz bardy, dury suwdan dop-dolydy. Synaýjyny köle uzatdy. Suwy içmäge laýyk diýip görkezýärdi synaýjy. Alalu ha-haýlap hezil edip güldi. Howa gowy, suw içip boljak, miwelerinden iýse boljak we balyklar... Alalu ellerini goşawuçlap egildi-de dolduryp alyp içdi. Suwda serginlik bardy. Nibirunyňkydan üýtgeşikdi tagamy. Ýene-de alyp içdi we birden gorkdy-da daş-toweregine üns berdi. ''Çyslaýan'' bir zadyň sesini eşitdi. Kölüň kenarynda gaýyşyp hereket edýän bir zady gördi. Alalu ýanyndaky ýaragy bilen ''Çyşlaýan'' zada tarap çenäp atdy. O zadyň herekedi bilen ''çyssyldysy'' hem kesildi. Bu howpuň nämedigini bilmek üçin golaýlady Alalu. O zat läşerip ýatyrdy. Ölüpdir. Uzyn bedeni edil bir ýüp ýalydy. Bedeninde elleri, aýaklary ýokdy. Kiçijik kellesinde içiňden geçip gelýän gözleri bardy we agzynda sallanyp ýatan iki uçly dili bardy. Alalu ozal Nibiruda bular ýaly zat görmändi. Başga bir dünýäniň janlysydy ol. Miweli bagyň garawulymyka ýa suwuň garawulymyka diýip oýlandy Alalu. Ýanyndaky gapjagazyny suwdan doldurdy; daş-töweregi ünsli synlap, soňam ulagyna tarap ýöneldi. Süýji miwelerdenem toplaşdyrdy. Ulagyna gaýdyp bardy. • ALALU ALTYN GÖZLEMÄGE BAŞLAÝAR Gün şöhlesiniň parlaklygy azalyp ugrady; ulaga baranynda howa garaňkydy. Günüň gysgalygyny düşündi Alalu; Günüň gysgalygy ony geň galdyrdy. Gamyşlygyň aňyrsyndan bir ýagty top ýokarlygyna galdy (Aý dogýar). Görse öňki aýdylan hekaýatyň (Nibirunyň Tiamaty heläkleýiş hekaýasy) dogrydygyna düşünip galdy. Saýýaralar we olaryň aýlawlary; döwülen bilezik , Ýer Ki, onuň hemrasy Kingu, hemmesi bir gezekde ýaradylandygyna, altynyň hem tutuş Nibiruny halas etjekdigi hakyndaky dogry çeşmelere göz ýetirdi. Alalu titreýän elleri bilen synaýjyny Ulagyň bir tarapyndan çykardy. Titreýän elleri bilen balyga çalymdaş geýmini geýdi. Çaltlyk bilen dogjak Güne höwes bilen garaşdy. Daň şapagy atyberende ulagdan çykdy, gamyşlygyň içine girdi. Çuň suwa girip synaýjyny suwa çümdürdi. Höwes bilen synaýja seretdi. Synaýjy suwuň içini görkezýärdi, tapyndyny symbollar hem-de sanlaryň üsti bilen duýdurýardy. Bu duýduryş suwda altynyň bardygyny görkezýärdi. Alalu heýjana geldi, ýürek urşy duran ýaly boldy. Begenjinden ýaňa titreýän aýaklary öňe ädim ädýärdi, synaýjynyň tutan ýeri altyndy. • ALALU ALTYNY TAPANDYGYNY NIBIRU PLANETASYNA ÄŞGÄR EDÝÄR Alalunyň begenjiniň çägi ýokdy, bogazyndan atylyp çykan gykylygyny hiç hili ses bilen deňär ýaly däldi. Indi hakykatdanam Nibirunyň täleý-kysmaty elleriňdedi. Ulaga dolanyp baryp balyga çalymdaş geýmini çykardy we serkerde oturgyjyna geçip ornaşdy. Nibirunyň ugruny tapmak üçin takdyr plita tabelini janlandyrdy. Her hili sözleri barlaşdyryp gördi, sözler Nibiruwa barmalydy. Soňra Nibiru planetasyna şu sözleri ugratdy: Beýik Alalunyň sözleri, Nibirudaky Ana seslenýär. Başga saýýara geldim, halas etjek altyny tapdym, Nibirunyň geljegi meniň ellerimde, şertlerimi gulak asyp diňle... • ÜÇÜNJI PLITA Nibirunyň täleýi meniň ellerimde, aýdanlarymy üns berip diňle. Nibiruwa goýy reňkli Ýerden ses ugradyjy tarapyndan şeýle sözler ugratdy. Alalunyň sözleri patyşa Anuwa baryp gowuşanda Anu gaty geň galdy, gulaklaryna ynanmady: patyşanyň maslahat soraýan adamlary hem muňa geň galdylar, alymlar gökden inen ýaly bolup haýran galdylar. Olar: ''Alalu ölmedimi?'' diýip soradylar biri-birlerine. ''Başga bir dünýede gezip ýörendigi dogrumyka?'' diýip biri-birlerinden ynanman soradylar. Nibiruda bukulyp bir ulaga münüp şo ýerden ugradýan bolaýmasyn ol!?'' Ulaglaryň serkerdeleri patyşanyň huzuryna geldiler: Alymlar gelen sözleri derňäp, barlaşdyrdylar. Sözler Nibirudan gelenokdy. Döwülen bilezigiň aňyrsyndan gelýärdi. Olaryň çykaran netijesi şeýle görkezýärdi. Patyşa Anuwa muny bolşy ýaly aýdyp berdiler. Anu integem muňa ynanyp bilenokdy. Huzuryna gelenlere ''Sözlerini eşidendigimizi'' ýollaň Alaluwa diýdi. Gök ulagdan Alaluwa şeýle diýsinler: ''Patyşa Anu saňa salam ýollaýar, janyň sagdygyny eşidenimde begendim... • ALALU ANUNYŇ ÝERINE GEÇMEKÇI BOLÝAR ''...Nibirudan gaçyp gitmeklik üçin hiç hili sebäp ýokdy, Anunyň ýüregi ynjalmady. Halasgär altyny hakykatdanam tapan bolsaň, Nibiru halas bolsun rugsat et'' Anunyň sözleri Alalunyň ulagyna gowuşdy. Alalu derrew onuň jogabyny gyzgyny bilen ýetirdi: ''Sizi salamata ýetirip, kömek etsem, şejerämiň barly asylly bolandygyny kabul edip şazadalar ýygnaga toplansynlar. Serkerdeleriň başyna geçeýin, emirime boýun bolsunlar. Mejlis meni patyşa diýip yglan etsin, Anunyň ýerine tagta geçeýin. Alalunyň sözleri Nibiruwa baryp gowuşanda onuň bu teklibine ýene-de geň galdylar. Anu nädip aýrylsyn tagtdan diýip biri-birlerinden soraşdylar: ''Alalu ýalan sözleýän bolsa näme!? Niräk gitdikä? Hakykatdanam altyny tapypdyrmy?'' Alymlary çagyrdylar, ylymdarlardan soraşdyrdylar. Iň ýaşulylary şeýle diýdi: ''Alalunyň ussadydyryn men, Başlangyja degişli hekaýalary eşidipdi; saýýara arasyndaky Gök söweşlerini bilýärdi, suwlak janawer Tiamaty (Ýeriň atasy) we onuň altyn damarlaryna degişli okuwy öwrenipdi. • NIBIRUDAKYLAR ALALUDAN SUBUTNAMA SORAÝARLAR Eger hakykatdanam döwülen bilezigiň aňyrsyna baran bolsa gonan mesgeni Ýerdir. Ýedinji saýýara. Bu ýere toplananlaryň arasynda bir şazada öňe çykdy. Ol Anunuň ogullaryndan biridi, Anunyň aýaly Antudan bolan şazadady. Enlildi ady. Ady Emirleriň jenaby diýen manyda. Ol şeýle diýdi: ''Alalunyň teklibi edil ýerine ýetirilip barylmaly däl. Onuň ellerinden bela üstüne bela gelipdi, ýumruklaşmakda tagtyny ýitirdi. Tiamatyň altynyny hakykatdanam tapan bolsa, munuň subutnamasy gerek; atmosferamyzy halas etmek üçin ýeterlikmi altyn? Döwülen bilezikden geçirilip nädip getirilip biliner?'' Anunyň ogly Enlil şeýle diýeninden soň beýlekiler hem sorag üstüne sorag ýagdyrdylar. Gaty köp subutnama gerek diýdiler bir agyzdan. Enliliň beren maslahatyna görä subutnama Alaluwa baryp ýetende, Alalu Ýere gelmek üçin köp jepalar çekendigini, kösenendigi hakynda dogry habarlary ýollady. Synaýjynyň içindäki Kristal kysmyny ýerinden çykaryp hemme tapyndylary gözleşdirdi. Subutnamany Nibiruwa ugratdy. Alalu onuň ýany bilen şeýle sözlerem ugratdy: Subutnama baran bolsa patyşa diýip yglan ediň meni, buýrugyma boýun egiň!'' diýip pert sözleri ýollap goýberdi. Alymlar subutnamany görüp doňňara daş ýaly doňup galdylar. Alalu Sarsdyryjy ýaraglary bilen Nibiruny peläkete ugradypdy, Sarsdyryjy ýarag oky bilen bilezigiň arasyndan ýol açypdyr. Nibirunyň aýlawy o ýere golaý baranda bela inderer... Mejlisde gorky, tolgunma örboýuna galdy. Patyşalygy şeýdip ele almak hakykatdanam bolup biläýjek ýagdaý. Anu Patyşalygyň şejeresinden gelmegine garamazdan tagta göreşip çykypdy. Şazadalaryň arasynda Anunyň ogly aýak üstüne galdy. Her hili ýagdaý başa düşende çykalga tapýardy. Ylymdarlaryň arasynda tanalýardy. • EA ÝERE TARAP UÇMAGYŇ UGRUNA ÇYKÝAR Suwlaryň syrlaryny öwrenen ussat Ea öýi suw bolan diýmekdi ady. Anunyň birinji ogludy; Alalunyň gyzy Damkina öýlenipdi: ''Meni dünýä getiren kakam Anu patyşadyr diýdi'' Ea. Alalu bolsa gaýynatam. Iki kabylany birleşdirmekdi öýlenemde bar niýetim; bu dawwany köşeşdirip birligi saklajak bolýaryn. Anunyň Alaluwa ugradan ilçisi bolaýyn, Alalunyň giden yzyny yzarlap gideýin. Ulagyň içinde Ýere ugraýyn, bilezikden geçmek üçin ot bilen däl-de suw bilen ýol açaýyn. Rugsat berseňiz Ýerdäki gymmat altyny suwlardan çykaraýyn welin Nibiruwa ýollansyn. Alalu ylymdarlaryň geljek netijesine garaşýança Ýerde patyşa bolsun, Nibiruny halas etjek bolsa, rugsat berseňiz täzeden tutluşyk bolsun, göreşsin. Nibiruda täzeden kimiň höküm sürjekdigi şonda äşgär bolar. • EANYŇ SÖZLERI BIR AGYZDAN KABUL EDILÝÄR Şazadalar, danyşmenler, ylymdarlar, serkerdeler Eanyň sözlerini diňlediler. Geň galdylar. Hikmet bilen doludy sözleri. Meseläni çözüpdi. ''Dogry, şeýle edilsin'' diýip yglan etdi Anu. Ea uçuşa taýynlansyn, altyn barlagdan geçirilsin. Soňra Alalu bilen ikinji gezek göreşjek, ýeňen Nibiruda patyşa bolsun. Anunuň bu sözlerini Alaluwa ugratdylar. Alalu pikirlendi-de muňa razy boldy: ''...Oglum Ea Ýere gelsin, suwlardan altyn çykarylyp, Nibiruny halas edip, ikinji gezek göşeş başlasyn, Anumy ýa-da men patyşa bolmaly? Şeýle bolsun diýip Anu jemlenenlere yglan etdi. Enlil garşylyk görkezmek üçin ýerinden turdy. Ýöne giç boldy. Indi Patyşanyň sözleri üýtgemeli däldi. Ea ulaglaryň durýan ýerine gitdi. Serkerdeler we ylymdarlar bilen tanyşdy. Uçuş wagtyndaky öňden çykjak howply, kyn ýollary hasaplady. Altyny nädip çykaryp getirip boljakdygy hakynda pikire batdy. Alalunyň gözleglerini üns bilen derňewden geçirdi. Alalunyňkydan has çuňňur barlamak üçin maslahat soraşdyrdy. Uçuş üçin täleý tabelini gurnady. Ulagdaky ulanmaly kuwwat birligi suw bolmaly bolsa, nireden doldurmaly? Ulagyň niresinde suw howuzy ýerleşdirmeli, kuwwat birligine nähili öwürmelikä? Şol pikirler bilen taýýarlyk görülýänça Nibirunyň bir aýlawy gutardy (bir Nibiru ýyly 3600 ýyl). Şol taýýarlanyşykda iň uly gök ulagy taýýar edildi. • EA ÝOLA ÇYKÝAR Aýlawynyň täleýi hasaplandy, täleý tabeli içine ýerleşdirildi, altyn çykarmak üçin Ýere gitmek wezipesini ýerine ýetirmek üçin elli sany ökde gahryman gerekdi. Anu uçuş syýahata çykmak üçin rugsat berdi. Ýola çykmak üçin sähet almak üçin ýyldyzlara seredildi. Uçýan ulaglaryň durýan ýerine üýşdi giden mähelle. Gahrymanlary ugratmaga gelipdiler. Bürgüt şekilli şlýomlaryny geýip, balyk şekilli geýimlerini geýinip ulaga ýerleşdiler. Ulaga soňunda giren Ea özüni ugratmaga gelenler bilen hoşlaşdy. Patyşadan ak pata almak üçin kakasy Anunuň huzurynda çöküne düşüp oturdy. Anu: ''Eziz oglum: gaty uzaklara (äleme) syýahat edersiň, biziň barymyz üçin howply ýollardaky kynçylyklara mertlerçe döz gelersiň. Hötdesinden gelseň Nibirudan uzaklaşyp, sag-aman dolanyp gelersiň'' Anu ony ugradyp ak pata berdi. Eanyň ejesi Ninul ony gujaklady. ''Anudan miras galan diňe sensiň maňa, näme üçin seň ýüregiň gaty giň? Howply ýollardan geçip sag-aman dolanyp gel'' diýdi. Ea aýaly Damkinany öpdi we hiç zat aýtmazdan ony gujaklady. Enlil ene başga jigsi bolan Eany gujaklady. Başararsyň diýdi oňa. Ea tukat ýagdaýda girdi ulaga. Ea Ýokary uçmak emrini berdi... * ÄLEM GÄMISI ÝERE TARAP UÇÝAR Indi bolsa ýedinji planeta tarap ediljek syýahatyň we suwlardan gelen balyk Taňrysynyň efsanasynyň nädip dörändiginiň hekaýaty. Ea gamgyn halda girdi ulaga, uçmak üçin buýruk berdi. Serkerdäniň oturgyjynda Ea däl-de Anzu oturdy. Adynyň manysy gökleri bilýän diýmekligi aňladýar. Şonuň üçinem ol ýörite saýlanyp alynypdy. Şazadalaryň biridi. Ene tarapy patyşa şejeresine baryp ýetýär. Gök ulagyna erk etmek üçin saýlandy. Nibirudan kuwwat alyp beýige uçurdy-da ugruny uzakdaky Güne tarap öwürdi. On lig (Nibirunyň uzaklyk ölçegi), ýüz lig boýunça uçdy ulag; müň lige gadam basdy. Kiçi Gaga (Pluton) olara salam bermek üçin çykdy. Gahrymanlara hoş geldiňiz diýip habar ýollady. Mawy reňkli Antu (Uranyň ekiz taýy), owadan jadylaýjy zenan ýoly görkezdi. Anzu onuň owadanlygyna özüne çekijiliginden gözüni aýryp bilmedi. Onuň suwlaryny barlap göreliň diýdi Anzu. Ea durman ýöremelidigini tabşyrdy. Onuň gitse gelmez ýolly saýýaradyr diýdi. Saýýaralar sanalanda üçünjisi bolan Anu (Uran) tarap dowam etdi ulag. Älem saýýarasy Anu gytaklaýyn hereket edýän goşunlary (häzir onuň 27 hemrasynyň bardygy belli) tizlik bilen hereket edýärdi. Synaýjy abzallar bu ýerde suwuň bardygyny görkezýärdi. Gerek bolsa gonmak üçin amatly saýýaradygyna yşarat edýärdi... Ea ýola dowam edeliň diýýärdi Anşara. Köp wagt geçezden Anşaryň (Saturnyň) öz duzagyna çekýän güýjiniň çekimi bildirip başlady. Onuň reňkli halkalaryndan gorkup haýran galdylar. Anzu ulagy ussatlyk bilen ýola saldy. Çakyşma howpundan saklady. Indiki gezek gabatlaşmaly saýýara mähnet Kişardy (Ýupiter)... • ÄLEM GÄMISI DÖWÜLEN BILEZIGE (ASTEROIDE) ARALAŞÝAR Onuň çekiş güýji örän güýçlidi. Anzu usullyk bilen ulagyň rotasyny (ugruny) başga tarapa aýlady. Kişar (Ýupiter) bu gök ulagyna gaharyndan ýaňa ylahy ýyldyrymlar atdy. Goşunyny bu çakylyksyz gelene tarap ýollady. Kişar (Ýupiter) ýuwaşlyk bilen aradan aýryldy. Şol barmana ulag ondan soňky duşman bilen pete-pet sataşdy. Bäşinji planetanyň aňyr tarapynda döwülen bilezik (Mars planetasynyň öňündäki Asteroid halkasy) bardy. Ea özüniň döreden suw atyjysyny taýýarlamagy buýruk berdi. Öz töwereginde tizlik bilen aýlanýan goja gaýalyklardan düzülen goşuna tarap ulag uly tizlik bilen gelýärdi. Ol gaýalaryň her biri wagşylarça sapandan atyljak daşlara meňzeýärdi. Eanyň buýrugy bilen müň gahrymanyň kuwwatyna barabar suw atyldy. Ýöne ýok bolan her bir goja gaýanyň ýerine başga biri geçýärdi. Sanlary sanardan kändi. Tiamatyň ikä bölünendigine ary köyen goja gaýalardan ybarat goşun. Ea buýruk üstüne buýruk berdi, wyzzyllaýjy suw atyjysyna. Gojaman gaýalardan düzülen goşunlara suw goýberildi, ahyry geçer ýaly ýol açyldy. Ulag hiç zyýan çekmezden ýoluna dowam etdirdi. • EANYŇ TOPARY ASTEROID GUŞAKLYGYNY GEÇIP MARSA GONÝAR Gahrymanlaryň şähdi açyk şadyýan gykylyklary tutuş ulagyň içini gurşap aldy. Günüň perdesi açylanda bolsa keýpleri has hem göterilidi. Joşgunly gykylygyň arasyny Anzu böldi: ''Döwük bizelikden geçmek üçin gaty köp suw sarp edildi, Ulagyň otly daşlary suwuň kömegi bilen herekete geçiriji syýahatyň dowam etmegine ýetmese gerek. Garaňkylykda 6-njy saýýarany görse bolýardy, Günüň şöhlesi aýdyň görünýärdi. '' Lahmuda (Marsda) suw bar'' (eseriň dowamynda Marsyň Nibiru saýýarasynyň täsiri astynda zyýana ugrap suwuny ýitirendigini göreris) diýýärdi Ea. Ol ýene-de şeýle diýip sözüni dowam etdirdi: ''Ulagy onuň üstüne gonduryp bilersiňmi'' diýip sorady Anzuwa. Anzu ulagy ussatlyk bilen Lahmu saýýarasyna öwürdi. Bu gök Taňrysyna pessaýladygyça onuň daşyndan bir gezek aýlandy. Saýýaranyň çekijiligi güýçli däldi, bu çekimi bilen gonmak aňsat bolar diýdi Anzu. Örän reňkleç, haşamatlydy Lahmu. Ak garlary, ortasy gyrmyzy reňkde we edil ortasynda ýyldyrap durdy kölleri we derýalary. Anzu ökdelik bilen ýuwaşlatdy ulagy; bir kölüň kenaryna asuda gondy. Ea we Anzu bürgüt kaskalaryny kellelerine geýdiler. Gaty topraga aýak basmak üçin aşak düşdiler. Buýruk bilen gahrymanlar suw çekijini uzatdylar; Ulagyň iç howuz kysymly kölüň suwlaryndan dolduryldy. Ea bilen Anzu bolsa töweregi barlagdan geçirýärdiler. Synaýyjy we barlaýjy bilen meseläni çözdüler. • NIBIRULYLAR ÝERE Gonzalez Suwdan içse boljak ýöne howasy ýeterlik däl. Bu bolan zatlary Ulagyň ýyl ýazgylaryna bellik edildi. Ulag ýoldan çykmaz ýaly ätiýaçlandyryş işlerini gördüler. Işleýiş guratlanan ulag ýokary galyp süýnüp gitdi. Hoşniýetli Lahmu (Mars) bilen hoşlaşdylar. Kän daş bolmadyk ýerde (Ýer) aýlanýardy. Ýer we onuň ýoldaşy (Aý) ulagy garşyladylar. Serkerde oturgyjynda Anzudan ses çykmaýardy. Ea dymýardy hiç zat diýenokdy. Gonmaly menzilleri öňlerindedi, onuň altyny Nibirunyň halasgäri bolmaly ýa-da belasy. Ulag pessaýlamasa Ýeriň galyň atmosferasynda ýanyp kül bolar diýip Ea Anzuwa ýaňzytdy. Ýeriň ýoldaşy Aýyň töwereginde aýlanyp bir az tizligini gowşadalyň diýip Ea sözüniň üstüni ýetirdi. Aýyň daşyndan aýlandylar; Nibirunyň gök söweşinde derbi dagyn bolan Aý boýny egik ýagdaýda ýaraly ýatan ýalydy. Ulagy şeýle ýagdaýda pessaýladan Anzu ony ýedinji saýýara tarap ugrukdyrdy. Ulag bilen Ýeriň daşyndan bir-iki aýlaw edip ony topraga bakan alyp gitdi. Planetanyň üçden iki bölegi gar reňkindedi (akdy); ortasy bolsa goýy reňkdedi. Ummanlary görünýärdi, sert topraklary hem görünýärdi. Alalunyň yşaratlaýan yşygyny gözleýärdiler. Bir ummanyň gury topraga süsňän ýerinde, dört derýanyň gamyşlyk bilen örtülen ýerinde Alalunyň yşaraty ýol görkezdi. ''Ulag gamyşlyga gonmaga uly we agyr geler-'' diýýärdi Anzu. ''Dünýäniň gury toprakdaky çekim güýji bilen ol ýere gonup bilmeris'' diýip Anzu ýene-de sözüniň üstüni ýetirdi. Ea, Anzuwa'' Suwa gon, ummanyň suwlaryna gon diýip gygyrdy'' • GÄMI UMMANA GONÝAR Anzu planetanyň töwereginde bir öwrüm aýlawyny edip ulaga ünsüni jemläp okeanlaryň kenaryna tarap aşaklady. Ulagyň uly kükregi howa bilen doldy; suwlaryň üstüne çümmezden ýöne gondy. Ses berijiden ses geldi: ''Ýere hoş geldiňiz'' diýýärdi Alalu. Onuň sesi eşidileninde nirededigi bilindi. Anzu ulagy şo ýana öwürdi, häzirlikçe ulag edil suwdaky gämi ýaly ýüzýärdi. Bir az soňra giň okeanlyk daralmaga başlady; iki tarapda-da sakçylar ýaly görünmäge başlady gury toprak. Çep tarapda goňur reňkli depeler beýikdi. Sag tarapda bolsa başyny göge direýän daglar. Alalunyň mekanyna tarap ýüzüp barýardy ulag, suwuň ýüzünde. Ilerde suwuň astynda galan gury topraklar göründi, okeanlaryň ýerini gamyşlyk büräpdir. Anzu gahrymanlara buýruk berdi; balyk geýmiňizi geýiň. Ulagyň bir gapagy açyldy we gahrymanlar batgalyga aýak basdylar. Ulaga güýçli ýükleri baglap ulagy çekdiler. • NIBIRU PLANETASYNDAKYLAR MESOPOTAMIÝA AÝAK BASÝARLAR Alalunyň yşarat üçin ugradan sesi barha güýçlenýärdi: ''Howlugyň, howlugyň!'' diýýärdi gamyşlygyň kenarýakasynda. Seretseler Gün ýagtysyna ýaldyraýardy Nibirudan bir ulag; Alalunyň gök ulagydy ol! Gahrymanlaryň gadamlary barha artýardy. Alalunyň ulagyna tarap ýöneldiler. Sabyrsyz Ea öz balyk geýimlerini guşandy. Ýüregi kükregine deprek kimiň urýardy. Gamyşlyga girdi, kenaryna tarap tiz ädimleri bilen ýöredi. Gamyşlygy örtüp duran suw çuňdy. Ýöremegi goý bolsun edip ýüzdi; Gury topraga golaý geleninde ýaşyl çaýyrlary gördi. Soňra aýagy gaty ýere degdi. Soň ýene pyýadalady. Ileride Alaluny gördi; ellerini galdyryp bulaýlady. Suwdan çykan Ea Kenara geldi. Goýy reňkli Ýeriň üstüne çykypdy. Alalu ylgap baryp giýewsini garşy aldy, soňra ony gujaklady: ''Hoş geldiň başga planeta'' diýdi... • MESEPOTAMIÝADA GÖZLEGLER BAŞLAÝAR Indi bolsa Eridunyň (Nibiru halkynyň Ýerde guran ilkinji şäheri) Ýerde nähili gurlandygynyň, ýedi gün hasabynyň nähili başlandygynyň hekaýasydyr (Töwratda aýdylýan ýedinji gün dynç güni diýilýän ritualynyň Sümer asyllydygyny häzir göreris!) Alalu hiç zat diýmän uzak wagtlap ony gujaklap durdy. Gözleri begenç göz ýaşlaryna boguldy. Ea hormat bilen egildi onuň öňünde, gaýynatasyna sylag-hormatyny görkezdi. Gahrymanlar gamyşlyga tarap ilerledi. Käbiri balyk geýmine bürenip gury topraga barmak üçin howlukýardylar. Araba suwuň ýüzünde dursun diýip buýrýardy Anzu. Suwlara baglap (demirläň) ýakyndaky kenar palçygyna golaý eltmäň! Gahrymanlar kenara çykdylar. Alalunyň huzurynda hormat bilen egildiler. Anzu kenara bardy, ol iň soňunda ulagdan düşdi. Alalunyň huzurynda baş egdi. Alalu bilen gujaklaşdylar. Gelenleri gowy sözler bilen garşylady Alalu. Soňra Ea şeýle diýdi: ''Bu ýerde biz serkerdelik ederis. Ölümden halas bolmak üçin geldik, Nibirunyň täleýi biziň elimizde...'' Soňra ol daş-töweregine garanjaklady, çadyr gurmak üçin ýer gözledi, soňra ol: Toprak üýşürip şu ýerden bir depe galdyryň'' diýdi. Soňra çadyr dikdiler • ÝERIŇ GYSGA GÜNLERI NIBIRULYLARY GORKA SALÝAR Görkezilen ýerde Alalu gamyşdan külbe çadyr gurdy. Soňra Anzuwa seslendi: ''Nibiruwa sesimizi ugrat, patyşa kakam Anuwa sag-aman gelip gonandygymyzy duýdur. Köp wagt geçmänkä asmanyň reňki üýtgedi. Ikindin çagydy. Nibirulylaryň gözleriniň öňünde her hili hadysa bolup geçdi. Ýagny Gün gyzyl top ýaly bolup batyp gitdi. Gahrymanlar gorkdular ''Elhenç apat gelýär'' diýip ýürekleri agyzlaryna geldi. Alalu olaryň bolşuna güldi-de şeýle diýdi: ''Bu Günüň aýlanyp baryşy, Ýerde bir günüň tamamlanýandygyny yşarat edýär. Gysga wagtlyk ýatyp dynjyňyzy alyň. Ýerde gije ynanar derejede däl. Gaty gysga. Soň ýene Gün çykýar, daň atýar, gündiz bolýar. Garaňkylyk aralaşdy. Dünýäni gökden aýyrdy. Garaňkylygy dilip geçýärdi ýyldyzlar. Ýyldyrym çakyp ýagyş ýagşy. Şemala garyldy ýagyş damjalary. Keseki bir Taňrynyň apy-tupanydy bular. Ulagyň içinde joňkarylyşyp otyrdy gahrymanlar. Olar biri-birlerine gysylyşdylar. Dynç alyp ýatar ýaly däldi, örän birahatdylar. Günüň dogaryna garaşyp ýatdylar. Günüň doganyna begendiler, şähdiaçyk halda biri-birleriniň arkasyna el bilen kakan boldylar. Agşam boldy, daň atdy we Ýerde ilkinji gün boldy. Gün agaranda Ea etmeli işlere ýolbaşçylyk edip başlady; bar ünsüni suwlary, suwlardan aýyrmak boldy. Engury süýji suw çykarmak üçin wezipe berdi. Alalu ýylan kölüne tarap gitdi. Onuň süýji suwlary bardy. Kölde erbet ýylanlar bar'' diýip Engur serkerde Ea aýdyp berdi. • HER GÜN TÄZE GÖZLEGLER (Sümer ýazgylaryna syn) Soňra Ea gamyşlyk hakynda oýlandy; ýagyş suwunyň bollugyny hasaplady. Enbiluluny gamyşlyk Gamyşlygyň çäklerini bilip gelmek üçin ýollady. Enkimduny hendek we suw ýoly üçin meşgullanmagy buýurdy. Gamyşlygyň çäklerini belli edip görkezmek üçin, hemem ýagyş suwunyň bir ýere üýşüp ýagmagy üçin amatly bolar ýaly ýap gerekdi. Aşakdaky suwlar şeýdip aýryldy ýokardaky suwlar bilen; gamyşlygyň suwy bilen süýji suwlaryň arasyna çäk çekilen ýaly bolup ikä bölündi. Agşam boldy, daň atdy we Ýerde ikinji gün boldy. Gün atanda gahrymanlar wezipeleriniň başyna geçdiler. Alalu bilen Ea çaýyrlyga we tokaýlara tarap gitdiler. Miwe bakjalarynda her hili miwe ösýärdi, derman ösümlikler we miwelerini dürli görnüşleri barlanyldy. Ea weziri Isimutdan soraýardy: ''Bu derman ösümlik näme? O derman ösümlik nähili?'' diýip gezekli gezegine soraşdyrdy. Bilimli Isimud ýetişen derman otlaryny seljerip bilýärdi. Isimud Ea bir miwe goparyp berdi. Birini özi iýdi, birini Ea iýdi. Ýetişen miweleriň gowularyny aýyrmak üçin Ea gahryman Guruny belledi. Gahrymanlara suw we iýmit şeýdip üpjün edildi, ýöne doýmaýardylar. Agşam düşdi, daň atdy we Ýerdäki üçünji gün boldy. Dördünji gün şemalyň bady gowşady, ulag tolkunlarda üwrelmedi. Ulagdan gerek-ýarak zatlar getirildi. ''Depede çatmalar gurulsyn diýip buýurdy Ea. Ea Kalıp ve tuğlanın başynda durmagy Kulla berdi. kilden tuğlalar biçimlendirecekti. Mesgeniň üstüne gurulmaly zatlary Muşdammu bellendi. Gün, günuzyn asmanda ýagty saçdy. Agşam boluberende Kingu, Ýeriň Aýy tep-tegelekdi, Ýeriň üstüne kümüşsow ýagtylygyny saçdy. Gijä höküm eden, aşaky derejeden bir yşyk hökmünde gök Taňrylar arasynda belli bolmalydy. Agşam düşdi we daň atdy, Ýerde dördünji gün boldy. Bäşinji gün Ea Ningirsige gamyşdan bir oturgyç ýasamagy emr etdi. Gamyşlygyň çägi hasaplanyp, batgalygyň nirelere çenli baryp ýetýändigi hasaplanmalydy. Suwlarda we howada uçýan jandarlary bilýän Ulmaşty bilen gowyny erbetden aýyrmaga gitdiler. Suwlarda ýüzýän, ganatly howada uçýan dürli görnüşleriň köpüsi Ulmaşa ýat bolup göründi. Sanlary sanardan köpdi, sazanlar gowy welin erbetler arasynda ýüzýärdiler. Gamyşlygyň ussasy Enbiluluny çagyrdy Ea; hendek we suw ýoly bilen wezipelendirilen Enkimduny çagyrdy. Olar bilen maslahat etdi; gamyşlyklar we ýaşyl sazlar bilen sazlyklarda bir böwet bolmaly, balygy balykdan aýyrmak üçin bir ýapyk mekan, sazanlaryň gaçmazlygy üçin çekim duzagy, guşlaryň duzagy hem şeýle edildi. Şeýdip balyk we guşlaryň gowulary gahrymanlar üçin saýlandy. Agşam düşdi, daň atdy we Ýerdäki bäşinji gün boldy. Altynjy gün Ea miwe bakjasyndaky jandarlar pikirini etdi. Enursaga süýrenýän we ýöreýän jandarlary iki aýry edip bellemek işini berdi. Bularyň köpdürliligi Enursagy haýran galdyrdy; wagşylyklarynyň hetden aşgyndygyny Ea aýdyp berdi. Kullany çagyrdy Ea; Muşdammuwa buýruk berdi gyssagly. Agşam wagtyna çenli mesgenler tamamlansyn, goranmak üçin töwereklere berkitme aýla... Gahrymanlar berilen wezipeleriň hötdesinden geldiler. Gamyşlardan öýler, kesilen agaçlardan berkitme edildi. Anzu ulagdan kesip öldüriji getirdi. Eanyň mesgenine söz ýaýýan (mikrafon) gurdy; agşam wagty gurulyp tamamlandy lager. Gije hemmesi şol ýerde toplandylar. Agşam düşdi, daň atdy we Ýerdäki altynjy gün boldy. Ýedinji günde lagerdäki gahrymanlar bir ýere toplandylar. Ea şeýle diýdi: ''Öran howply ýollardan soň bu ýere geldik... • ÝEDINJI GÜN DYNÇ ALMAK ÜÇIN BUÝRUK BERILÝÄR ...Nibirudan ýola çykyp ýedinji planeta howply ýollardan geçip geldik. Ýere gonmagy başardyk; köp haýyrly işler etdik, lager gurdyk. Bu gün dynç alyş güni bolsun; mundan beýläk ýedinji gün hemişe dynç alynsyn. Mundan beýläk bu ýeri ''Uzaklardaky mekan'' manysyny aňladýan Eridu diýlip atlandyrylsyn. Sözümizi ýerine ýetirmek üçin Eriduly Alaluny serkerde yglan edeliň. Ýygnanyşan gahrymanlar bilelikde hemmesi bir agyzdan gygyryp makulladylar. Alalu Ea öwgüli sözler aýtdy. Ea ikinji at bilen atlandyrylsyn. Mundan beýläk Hünärli manyda gelen Nudimmud diýilsin. Gahrymanlaryň hemmesi bilelikde gygyryp makulladylar. Agşam düşdi, daň atdy we Ýerdäki ýedinji gün boldy. _____________ Zakariýa Sijin şeýle diýýär: Plita ýazgydaky we beýleki Sümer plita ýazgylaryndaky bu alty gün çalyşyp, ýedinji gün dynç almak dini kitaplaryndaky ýaradylyş hökmünde geçipdir. Bu gün gaýta-gaýta gözlegdäkileriň günde diýen ýaly agzaýan Ýaradylyşdaky geçen bir gün müň ýyl diýilýän (Eger şeýle bolsa ylym bilen gabat gelerdi, Sebäbi Älem 15 milliard ýaşyndadyr. Ýer 4,5 milliard ýaşyndadyr) ýaradylyş hekaýasynyň asly şulardyr. Bu mysal dini kitaplaryň käbir sözleri Sümer plitalaryndan sözme-söz alnandygyny görkezýän mysallaryň ýeke biridir. ______________ Indi şol bir hekaýany Töwratdan okap göreliň: Bap 1 1-Başlangyçda Taňry gögi we ýeri ýaratdy. 2-Ýer boşdy, ýer ýüzünde şekiller ýokdy; çuňňur garaňkylyk bilen gaplanandy. Taňrynyň Ruhy suwlaryň üstünde hereket edýärdi. 3-Taňry ''Ýagtylyk bolsun'' diýdi we ýagtylyk boldy. 4-Taňry ýagtylygyň gowulygyny gördi we garaňkylykdan aýyrdy. 5-Yşyga ''Gündiz'', garaňkylyga ''Gije'' adyny berdi. Agşam düşdi, daň atdy we ilkinji gün geçdi. 6- Taňry ''Suwlaryň ortasynda bir gupba bolsun, suwlary biri-birinden aýyrsyn'' diýdi. 7-We şeýle-de boldy. Taňry gök gupbasyny ýaratdy. Gupbanyň astyndaky suwlary üstündäki suwlardan aýyrdy. 8-Gupba ''Gök'' adyny berdi. Agşam düşdi, daň atdy we ikinji gün geçdi. 9-Taňry ''Gögüň astyndaky suwlar bir ýere toplansyn, gury toprak görünsin'' diýdi we şeýle-de boldy. 10-Gury alaňa ''Gara'' toplanan suwlara bolsa ''Deňiz'' adyny berdi. Taňry onuň gowulygyny gördi. 11-Taňry ''Ýer ýüzündäki dermanlyk ösümlikleri, tohum berýän otlar, görnüşine görä tohumy miwesinde bar bolan miweli agaçlary ösdürsin'' diýdi we şeýle-de boldy. 12-Ýerýüzündäki dermanlyk ösümlikler, görnüşine görä tohum beren otlar, tohumy miwesinde bolan miweli baglary ýetişdirdi. Taňry onuň gowulygyny gördi. 13-Agşam düşdi, daň atdy we üçünji gün geçdi. 14-15- Taňry şeýle diýdi ''Gök gupbasynda gündüzi gijeden aýyrar ýaly ýer ýüzüni aýdyňladar ýaly yşyklar bolsun. Belli wagtlary, möwsümleri, günleri, ýyllary görkezsin'' diýdi we şeýle-de boldy. _______________ Zakariýa Sijiniň bu getiren meňzeşlikleriniň üstünde durup geçmek gerek. Eger hakykatdanam Musa pygambere iberilen Töwradyň asyl aýatlary Şumer plitasyndan göçürilip, üýtgedilipdir diýilýän bolsa, Musawy dini kitaplary we ynanjy şübheli diýilip garalýan bolsa onda Zakariýa Sijiniňem bu düşündirişleri, asyl-ha şu Sümer ýazgylaryndaky wakalara näme üçin şübhe gözi bilen seretmeli däl!? Belki Sümer ýazgylaryny Dini ynançdan daşlaşdyrmak üçin gurnalan komplimasiýa bolsa nätjek!? Kuranda şeýle aýatlar bar: ''Ýogsam olar hiç zat ýaratmadyk, öz-özünden ýaradylan barlyklary (Baal = Enlil we Enki) Allaha ortalyk ýerinde goýýarlarmy?'' (7. Araf. 191) Indi Sümer ýazgylarynyň başyndaky Enkiniň ''Öz-özümizi döretdik'' diýen ýazgylaryny getirsek Kurandaky aýat bilen Enkiniň sözleri gabat gelibem dur. Kuran Sümer ýazgylaryndaky Anunnakileri inkär etmeýär: (Şeýle-de) bu (çokunylýan) barlyklar ne-hä olara, ne-de özlerine kömek etmäge güýçleri ýeter (7/Araf. 192). Hakykatdanam öz aralarynda Anunnaki başga planetalylar ýalňyşýarlar, özlerini bu kyn ýagdaýlardan halas bolup bilmän aralarynda söweşipdirler. Kurandaky aýatlar ýene şeýle ýaňzytma berýär: Allahy unudyp, özlerine doga etdirden barlyklar, siziň ýaly (Allaha) guldurlar. Eger dogry aýdýan bolsaňyz, çagyryň-da garşylyk görkezsinler (7. Araf, 194). Sümerologlaryň başga planetaly Anunnaki diýilýän barlyklaryndan Anu, Enlil we Enki ýaly bütin akylly we güýçli barlyklar Allanyň gullarydyr. Belkäm Anunnakiler Kuranda agzalýan Allanyň Ýere ugradan jynlary ýa perişdeleri bolup bilerler. Bu perişdeler ýa-da jynlar adamlara Allanyň barlygyny düşündirmedik bolmaklary ähtimal. Sebäbi adamlara ilçi hökmünde gelen melekler jynlar däl-de pygamberlerdir. Allanyň barlygyny, Ýeketäkdigini düşündirmek işi perişdelerde däl-de bellenen adama, ilçilere berilendir. Adamlar hem beýleki adamlara düşündiripdirler. ''Jynlary ýaradan (Allah) bolandygyna garamazdan jynlary Alla bilen deň tutdylar. (Munuň bilenem çäklenmän) hiç bir sebäpsiz ýerden Allanyň ogullary we gyzlary bar diýdiler. Ol (Allah), olaryň bu deňeýän sypatlaryndan päkdir, arassadyr. (6. Engam.100) Sümer ýazgylarynda bir anunakiliniň ynsany eli bilen ýugrup ýaradandygyna degişli ýazgylary (geljekgi terjimelerde) okap bilersiňiz. Kuranda Allah ''Biz ynsany ýaratdyk'' diýip düşündirýär. Ýaýradylanlaryň döreden, bar eden zatlaryny-da Allah ''Olary hem men ýaratdym'' ýa-da ''Biz ýaratdyk'' diýip köplük sany goşýar. Ine Zakariýa Sitjiniň we Sümerologlaryň düşündirişlerine, şeýle düşündiriş bilen sözümizi çäklendirýäris. Eger şeýle düşündiriş bilen orta çykmasak, ertir, biýrgün Nibiru planetasyndaky Anunnakilere ýene çokunmaly bolarys. Olary Hudaý, Allah diýip beýgeltmeli bolarys. Sözümiň soňunda haçandan bäri kellämi gorjalaýan şeýle pikirleri hem aýtmak isleýärin. Şu Anunnakileri kimler nähili döredip haýsy başga planetaly olary janlandyryp, şinelendirdikä? Haýsydyr bir başga planetaly Nibiruly Anunnakileri döreden bolsa şol başga planetaly Anunnakilerdenem güýçli bolmaly. Hem akyl tarapyndan, hem kuwwat, hem beýleki ösen ylym-bilim berilen bolmaly. Ýene geň galdyrýan soraglaryň ýene birini bereýin, ol başga planetalyny hem başga bir planetaly döretdimikä? Dowamy bar. @Jeksparro | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |