19:59 Şumer daş plita ýazgylary -4: dowamy | |
• IGIGILER TOPALAŇ TURUZÝARLAR
Geň-taňsy wakalar
Täleý tabelleri bu otagda reňkini daş-töwerege ýagtyldyp durdy. Enlil şolaryň kömegi bilen gelen-gidenleri hasaplap bilýärdi. Anunnakiler Ýerdäki kyn şertlere görä işlemeleri kyndy; işden-güýçden şikaýat edýärdiler. Ýeriň çalt aýlawlary sebäbi birahatdylar; taýynlanýan melhemler azlyk edýärdi. Anunnakiler Edinde kyn şertlerde işlediler. Abzudaky işler hem gaty kyndy. Anunnakiler topar-topar edilip Nibiruna ugradylýardy. Täze toparlar gelýärdi. Lahmuda ýerleşen Igigileriň şikaýatlary has köpdi. Lahmudan Ýere gelenlerinde Ýer üstünde dynç alar ýaly ýer soradylar. Enlil, Enki we Anu bilen bilelikde goşulyp patyşadan maslahat soradylar. Anu olara: Baştutanlary Ýere gelsin Anzu bilen meseläni belli-külli etsin'' diýdi. Anzu gökden Ýere gondy; şikaýatlaryny Enlil we Enkä getirdi. Işleriň nädip ýörändigine degişli Anzuwa düşündireliň diýdi Enki Enlile. • ANZU TABELLERI OGURLAÝAR Oňa Abzuny görkezjek, Senem oňa gök-ýer bagyny görkez. Enkiniň sözlerine razy boldy Enlil. Enki Abzuny görkezdi Anzuwa. Oňa magdanlardaky kyn işleri görkezdi, Enlil Nibru-ka çagyrdy Anzuny, garaňky mukaddes otaga girmegine rugsat berdi. Içerde ýerleşen mukaddes ybadathanada täleý tabellerini Anzuwa açyklady. Anunnakileriň bäş sany şäherde nämeler edýändiklerini Anzuwa görkezdi. Gonuş ýerine gelen Igigilere kömek ediljekdigini aýtdy. Igigileriň şikaýatlaryny diňlemek üçin soňra Nibrikuwa dolanyp bardy. Şazadalar arasynda ol hem şazadady. Jeddi (asly) patyşa tohumyndan, Gök-ýer bagyna dolanyp baranda erbet düşünjeler doldurdy ýüregini. Täleý tabellerini ogurlamagy ýüregine düwdi. Gögüň we ýeriň emrlerini ele almagy planlady içinden. Enlilligi aýryp, Igigileri we Anunnakileri dolandyrmakdy niýeti. Ondan şübhelenmedik Enlil Anzuny mukaddes otagyň girişinde sergin suwda suwa düşüp ýüzmäge gitdi. Erbet niýetli Anzu täleýler tabellerini alyp gaçdy. Asman otagyna münüp ýitirim.boldy. Gök otaglaryň dagyna bardy. Ol ýerdäki gonalgadaky topalaňçy Igigiler oňa garaşýardy. • ENLIL WE ENKINIŇ GAHARY GELÝÄR Anzuny Ýeriň we Lahmunyň patyşasy diýip yglan etmäge taýynlanýardylar. Nibirunyň mukaddes otagynda ýagtylyk azalyp sönmäge başlady; Uwwuldylaryň sesi kesildi. Dymyşlyk başlandy, mukaddes formulalar ýönekeý bolup galdylar. Nibru-kide Enlil laljimdi; oňa bu haýynlyk gaty agyr gelipdi. Enkä gaharlandy we oňa sögündi. Anzunyň aslyna şübhelendi. Nibru-kide baştutanlar ýygnandy; Anunnakiler täleýi yglan eden Anuwa muny aýdyp berdi. • NINURTA ANZU BILEN SÖWEŞÝÄR ''Anzu tutup getirilmeli, tabeller mukaddes otaga getirilmeli'' diýip Anu şeýle buýruk berdi. Topalaňçy bilen kim ýüzbe-ýüz durar? Tabelleri kim getirip berer? - diýip baştutanlar biri-birlerine seredişdiler. Täleý tabelleri elindekä ýeňip bolarmyka Anzuny? - diýýärdiler. Ejesiniň ruhlandyrmagy bilen öňe çykdy Ninurta: ''Enliliň urşujysy men boljak, Anzuny ýeňerin'' diýýärdi. Ninurta dag tarapa ilerledi, gaçgak Anzunyň yzyna düşüp onuň bilen söweşip ýeňmek isleýärdi. Anzu duran ýerinden Ninurta haýbat atdy: ''Tabeller meň ellerinde, meni ýeňip bilmersiň'' diýdi. Ninurta Ýyldyrymly oklaryny Anzuwa tarap atdy. Oklar Anzuwyň ýanyna ýetende yzyna öwrüldiler. Söweş bes edildi. Ninurtanyň ýaraglary Anzuny ýeňip bilmändi. Soňra Enki akyl berdi oňa; ''Kasyrgan bilen şemal, tüweleý saňa kömek eder...'' • NINURTA ANZUNY ÝEŇÝÄR Tozan tutsun Anzunyň ýüzüni, gök guşunyň ganatlary garyşsyn. Enlil ogly üçin gudratly ýarag ýasap berdi. Bu Tillu gundakly ýaragdy. Tüweleý, şemally ýaragyňy şu ýaraga goşsaň, ganat-ganata gelende Anzuwa çene-de ot aç! Enlil ogluna şolary öwretdi. Ganat-ganada ýakynlanynda ýyldyrym ýaly bolup uçsun. Ninurta tüweleý katastrofasy bilen beýgeldi. Anzu gök guşy bilen oňa garşy çykmak üçin beýgeldi. ''Ganat, ganata'' diýip gazap bilen gygyrdy Anzu. ''Bu söweş seniň soňlugyň bolar''. Ninurta Enkiniň aýdanlaryna uýdy. Onuň ýaragyny ulandy: Ine birden başlanan tüweleý zerarly katastrofa başlandy. Apy-tupan, tüweleý başlap, ýeriň tozany Anzunyň ýüzüni örtdi. Asman guşunyň ganatlaryny orta tutdy. Pursatdan peýdalanan Ninurta guşuň orta ganatyna tarap çenäp oky atdy. Anzunyň ganatlaryny parlak ýagty alaw gaplap aldy. Ganatlary zordan uçýan kebelek ýaly bolup pyrlanyp aşaklady. Anzu ýere gaýyp düşdi. Ýer sarsyldy, asman garaldy. Ninurta Ýere gaçan Anzuny ýesir aldy. Tabeli elinden aldy. Igigiler dagyň üstünde seredişip durdylar. Ninurta geleninde gonuş ýerinde gorkudan ýaňa dyza çökdüler. Ýesir alynan Abgaly we Anunnakileri azat etdi Ninurta. Anu we Enlile ýeňşini buşlady. Soňam Nibrukä dolanyp bardy. Tabelleri içki otaga saldy, täzeden gurnady. • ALTYNJY PLITA ÝAZGYSY • ENKI ILKINJI ADAMY ÝARATMAK ÜÇIN AFRIKADAKY MAÝMYN GÖRNÜŞINI DÜŞÜNDIRÝÄR ''...Ilkinji işçileri döretmek üçin onuň üstüne özümiziň yşaratymyzy goýmaly!'' diýipdi Enki baştutanlara. ''...Ätiýajymyza gerekli bolan ýaradyljak jandar taýýar'' diýip Abzunyň syryny paş etdi olara. Beýleki baştutanlar Enkiniň sözlerini diňläp geň galdylar. Bu aýdylanlar olary diýseň geň galdyrypdy. ''...Abzuda iki aýakly, dik ýöreýän janlylar bar, öňki aýaklaryny el hökmünde ulanyp bilýärler, elleri hem bar. Sähralygyň haýwanlarynyň arasynda ýaşaýarlar. Geýinip örtünmäni bilenoklar. Ösümlikleri agyzlary bilen goparyp iýýärler, suwy kölden ýa-da çukurdan içýärler. Bedenleri gür tüý bilen örtülen, kelleleri ýolbarsyň kellesi ýaly. Keýikler bilen kowalaşýarlar, suwlardaky jandarlar bilen oýnaýarlar. Baştutanlar Enkiniň sözlerini haýran galmak bilen diňlediler. Edinde bular ýaly jandar görülmedi şu wagta çenli diýdi Enlil. Geçen eýýamlar mundan ozallar Nibirudaky atalarymyz hem şular ýaly ýaşan bolaýmasynlar,,, diýdi Ninmah. • ENKI BEÝLEKI ANUNNAKILERI ÝAŞAÝYŞ ÖÝI DIÝILÝÄN YLMY GÖZLEGLER MERKEZINE GETIRÝÄR Bu ýaradylan däl-de barlyk diýdi Ninmah. Ony görmek örän hezil bolardy. Enki olary Ýaşaýyş öýüne äkidip görkezdi. Bu barlyklaryň käbiri güýçli kapasanyň içindedi. Enkini we beýlekileri görende bökmäge başladylar; kapasanyň gözeneklerini ýumrukladylar. Hyrlaşyp, horruldap ses çykardylar; hiç zat diýenokdylar. Enki: ''Olaryň biri aýal, beýlekisi erkek, hersiniň jynsy agzalary bar '' diýdi. • ENKI MAÝMYN HROMOSOMALARYNYŇ ÜSTÜNDE ÖZ HROMOSOMALARYNY GOÝANDYGYNY ILKINJI IŞÇILERI ÝARATJAKDYGYNY AÝDÝAR ''Edil biz ýaly, Nibirudan(!?) gelipdirler, üýrýärler. Oglum Ningişzidda olaryň formatirläp synagdan geçirdi; edil biziňkileri ýatladýar, iki ýylan ýaly biri-birlerine çyrmaşypdyrlar (Hromosomalary suratlandyrýar). Olaryň ýaşaýşy biziňki bilen birleşende yşaratymyz olaryň üstünde bolar. Ilkinji ýerli işçi ýaradylar. Buýruklarymyzy diňläp, gurallarymyzy ulanarlar, gazy gazylýan ýerlerdäki işleri olar eder. • ENLIL BU PIKIRE GARŞY ÇYKÝAR ''...Abzudaky Anunnakileriň işleri azalar. Rahatlyk taparlar''diýip Enki heýjanlyk bilen aýtdy. Enlil bolsa ikirjiňlenip gürledi: ''Bu meseläniň üstünde durup geçmek gerek. Planetamyzda (ýagny Nibiruda) gul eýeçilik gaty ir zamanlar mundan ozal bes edilipdi. Gerek-ýaraklar, gurallar guldur, başga barlyklar däl-de...Öň bar bolmadyk täze barlygy peýda etjek bolýaň. Ýaýratmak ýeketäk, hemme zady başladan Kaka mahsusdyr...'' diýip garşy çykdy Enlil. Onuň bu aýdanlary örän pert-pert çykdy. Soňra Enki şeýle diýdi: Planym gullary ýaratmak däl-de kömekçileri döretmek. Bu ýaradyljak zat eýýäm taýyn diýýärdi Ninmah. Etjek planymyz oňa biraz bejergi bermek! Täze ýaratmaly däl-de, barlygy öz suratymyza meňzeş ýasamaly diýdi Enki. Kiçeňiräk üýtgeşme bilen ýasalar, biziň özümizden diňe bir damjasy gerek. * * * Geliň indi bolsa Sümer Plita ýazgylaryndaky Taňrylaryň garşy-garşy aýdýan sözleriniň Töwratdaky gaýtalanýan ýerlerine durup geçeliň: (Ýaradylyş-1:26 Taňry ''Ynsany öz suratymyzda, özümize meňzeş ýaradalyň'' diýdi.. 27- Taňry Ynsany öz suratynda ýaratdy. Şeýdip ynsan Taňrynyň suratynda ýaradyldy. Ynsanlary erkek we dişi (urkaşy) edip ýaratdy. 9; 6 Kim ynsan ganyny dökse, onuň öz gany hem ynsan tarapyndan döküler. Çünki Taňry Ynsany öz suratynda ýaratdy.) * * * (Kuranda bolsa döwrüne görä üýtgeşik şekilde aýdylýar. Kuranda Taňry suratynda ýaradylanok-da ruhundan nepes üflenýär?!! ''Hijr;29.30-Munuň üçin men Ony muntazam bir ynsan görnüşine getirip içine ruhumdan üflän wagtym, häziriň özünde onuň üçin sejdä gidiň. Şondan soň bütin melekleriň hemmesi birden sejde etdiler. 72-Ony şekillendirip ruhumdan oňa üflän wagtym, derhal oňa sežde ediň. • ENKI WE NINMAH IKISI ENLILI RAZY ETMÄGE SYNANYŞÝARLAR ''...Bu bir ýöne-möne zat däl ahyryn, bu pikir göwnüme ýaramdy'' diýýärdi Enlil. ''Bir planetadan başga bir planeta syýahata gitmek gadagandyr. Düzgüne görä Ýere gelmek gadagan edilipdi. Etmeli işimiz bize diňe altyn gerekdi. Hemme zady başladan atanyň ýerine geçmek däl...'' diýip Enlil sözüniň üstüni ýetirdi. Ninmah oňa şeýle jogap berdi: Hemme zady başladan ata bize ylym-bilim berdi we düşünje bagş etdi. Ony ulanyp başaryp bilmejek bolsak biz näme üçin beýle ýaradyldyk? • DÜŞÜNIŞMEZLIK ÇÖZGÜTSIZ TAMAMLANÝAR. GÜRRÜŇI ANU EŞIDÝÄR. ''...Hemme zadyň ýaradyjysy biziň ýaşaýyş tohumymyzda nämäni edip başarýan bolsak edip bilşimiz ýaly bilim we düşünje beripdir, şonuň üçinem ýaradylypdyrys!...'' Ninmah erkek jigsi Enlile şeýle diýdi: ''Özümizem bize bagş edilen zatlar bilen gerek-ýarak zatlary we ulaglary ýalňyşsyz döretdik, Sarsdyryjy ýaraglaryň kömegi bilen daglary bölek-bölek edip gökleri altyn bilen halas etdik...'' Ninurta özüni doguran enä şeýle diýdi: '' Ylymymyz bilen gerek-ýarak zatlary döredeliň, täze janly ýaratmalyň, Täze üstün mehänizasiýa bilen aňsatlasdyralyň işi, gul ýaradylanlar bilen däl-de...'' Ningişzidda: ''Düşünjämiz bize ýol görkezýän bolsa şol ýere gitmek kysmatymyzdadyr...'' diýdi. ''Bilýän ylymymyzyň öňi alynmaz'' diýip Ningişzidda sözüniň üstüni ýetirdi. Kadar, täleýi üýtgedip bolmaz; ol başlangyçdan soňsuza çenli bellidir... Enlil şeýle diýýärdi: '' Suwlardan altyn ýygnamak üçin bizi bu saýýara getiren; Taleými ýa-da Kysmat? Anunnaki gahrymanlaryny örän kyn işlere iteren, ilkinji işçiler toparynyň ýaradylmagynyň planlanmasyna ýol açan zat? Ine gardaşlar, mesele hem şunda. Kadarmy ýogsam Kysmatmy? Karary şunuň üstünde çözmeli. Başlangyçdan başlap kadarda görkezilenmidi biziň saýlan ýolumyz???'' • ANU WE NIBIRU MEJLISI ÝARADYLJAK ZADYŇ PEÝDA EDILMEGINI BIR AGYZDAN KABUL EDÝÄRLER Meseläni Anuna eşitdirmegi ýüregine düwdüler. Anu hem bu meseläni mejlise aýdyp berdi. Ýaşulylara, alymlara, serkerdelere bu meseläni orta goýdy. Uzaga çeken maslahat bolup geçdi; ýaşaýyş we ölüm, kadar we kysmat hakynda gürrüň edildi. Altyny daşamaklygyň başga ýoly bolup bilermikä? Ömrümiz howp astynda. Altyny aňsatlyk bilen aljak bolsak, bu barlyk ýaradylsyn, diýip belli karara geldi mejlis. Anu saýýaralar arasyndaky syýahatdaky kanunlaryndan ýüz öwrüp Nibiruny halas etmeklik üçin elinde baryny gaýgyranokdy. • ENKI ÖZÜNE KÖMEKÇI HÖKMÜNDE NINMAHY SAÝLAÝAR Karar Anunyň köşkünden Ýere gelip gowuşdy. Enki muňa diýseň begendi we: ''Ninmah kömekçim bolsun, bu meselelerde düşünjesi köpdür'': diýdi. Onuň Ninmaha bakyşlary ajaýypdy. Ninmah: ''Goý şeýle bolsun'' diýdi. Enlil hem ahyry: ''Goý şeýle bolsun'' __diýdi. Karar Ennugi tarapyndan Abzudaky Anunnakilere äşgär edildi: ''...Şol janly barlyk ýaradylýança her kim islegi bilen iş başyna dolanyp barsyn...'' diýildi. • GOZGALAŇÇYLAR IŞ BAŞYNA DOLANYP BARÝARLAR, YNSANY ÝARATMAK ÜÇIN SYNANYŞYK BAŞLANÝAR Näme etseler-de gozgalaňlary başa barmandy; Anunnakiler öňküje kyn işiň başyna dolanyp bardylar. Abzudaky ýaşaýyş öýünde Enki Ninmaha janly barlygy nädip döretjekdigini açyklaýardy. Ony baglygyň arasyndaky ýere alyp bardy, bu ýerler kapasalardan doludy. Kapalasalaryň içinde hyýrsyz jandarlar bardy; ýabanylar hem bular ýaly hyýrsyzlary görmändi. Öňki bölegini başga bir dürli görnüşden, arka bölegini başga bir görnüş jandardan alynandy (Belkäm Enki öňden bäri her dürli janly görnüşlerden täze janly görnüşleri çaknyşdyran bolmagy ähtimal). Iki sany aýry görnüşleriň jandarlaryny özleri bilen birleşdiren Enki Ninmaha görkezdi. Ýaşaýyş öýüne döndüler; Enki Ninmahy gözleriňi gamaşdyrýan arassa ýere alyp bardy. Bu arassa ýerde Ningişzidda ýaşaýyşyň syrlaryny düşündirdi Ninmaha. Iki görnüşiň nähili birleşdirilişini aýdyp berdi. Ninmah olary synlap: ''Agaçdan edilen kapasalardaky jandarlar örän eýmenç, janawerler ýaly'' diýdi. • NINMAH WE ENKI TEJRIBELERI DEŇÄP GÖRÝÄRLER ''...Şeýle'' diýip Enki dillendi. Ýalňyşsyz jandary ýaratmaly, munuň üçin bolsa sen gerek. Olar nähili birleşdirilmeli; näçerägi ondan? Näçerägi mundan nähili ölçegde almaly, nähili enelik ýagtysynda goýmaly? Muň üçin seň kömegiň gerek we şypa bermegiň gerek. Ýaňy çaga doguran ejäniň öz çagasyna nähili düşünýän bolsa seniňem şeýtmegiň gerek. Niňmahyň ýüzi güldi; Enkiden doguran iki ekiz gyzy ýadyna saldy. Ninmah Ningişzidda bilen bilelikde ME-lere ýazdyrylan mukaddes formulalary ýerbe-ýer goýdy. Bu zadyň nähili edilýänini, o zadyň nähili edilýändigini ondan sorady. Agaç kapasalardaky janawerleri derňedi; iki aýakly janawerler hakynda pikir etdi. Bu ýagdaý erkegiň urkaçyny döllendirmesi bilen synlanýardy. Biri-birine çyrmaşan iki ýüp aýrylyp bir çaga peýda etmek üçin birleşýärdi. Bir Anunnaki erkegi iki aýakly urkaçylardan birini döllendirsin, birleşmesinden bir çaga dogsun diýdi Ninmah. ''Ony etmäge synanyşdyk, bolmady, göwreli bolmady, dogurmady'' diýdi Enki. • SEZARÝANDAN ILKINJI ÇAGA DOGULÝAR Bu hekaýada, ilkinji işçileriň nädip ýaradylýandygyny Ningişziddanyň kömegi bilen Enkinwe Ninmahyň bu barlygy nädip peýda etýändigi hakynda bolar. Garyşdyrylan suwuklygy başgaça edip düzüp görmeli diýdi Ninmah. Ýaşaýyşyň Iki ýüpini birleşdirmegiň başga ýolyny tapmaly, Ýere degişli bolan ýaradyljak topar zyýan çekmeli däl. Biziň isleýşimiz ýaly şekillendirilmeli. ME formulalaryndan peýdalanyp Nibirunyň özi kynlyk bilen synagdan geçirilmeli. Ninmah bir Kristal gapda bir garyndyny taýynlap, iki aýakly urkaçynyň ýumurtgasyny usullyk bilen ýerleşdirdi içine, Anunnaki tohumly ME bilen ýumurtgany döllendirdi. Bu ýumurtgany iki aýakly urkaçynyň enelik ýatgysynyň içine ýerleşdirdi (Munuň düşündirilişi şundan başga nädip taryp ediler?) Bu gezek hamyla boldy, emma doguryp bilmedi. Çäresiz galan Ninmah bir kesik dilip peýda bolan janlyny tutup daşyna çykardy. Onda entegem jan bardy (Bu hem operasiýanyň gowy düşündirilişi)... • BU ÇAGADA ILKINJI IŞÇINIŇ UKYBY ÝOK Enki begenjinden gygyryberdi: ''Başardyk!'' Ningişzidda begenjinden aglady. Täze dogan çagany eline alan Ninmahyň ýüzünde şatlyk alamaty ýokdy. Täze dogan çaganyň hemme ýeri gür tüýden doludy, öň taraplary Ýeriň mahluklaryna, arka tarapy bolsa Anunnakileri ýatladýardy. Iki aýakly urkaçy jandara täze dogulany süýt bersin, emdirsin diýip berdiler. Täze dogulan örän tiz ösüp ýetişdi. Nibirunyň bir güni Abzuda bir aýdy. Ýerli çaganyň boýy ösdi, emma Anunnaki keşbinde däldi. • TEST TEJRIBESI DOWAM EDÝÄR Elleri gural tutar ýaly çeýe däldi, düşünişmesi ''hyrryldap'' hümmürdeýärdi. Ninmah: ''Muny ýene bir gezek synanyp görmeli'' diýdi. Garyndylaryň gerekli sazlamalary ýetenok. ME-lere täzeden seredeýin, täzeden synanyşaýyn. Enkiniň we Ningişziddanyň kömegi bilen işleri täzeden gurnadylar. Ninmah ME-däki ýüp baglanyşygynyň üstünde işlemek gerek diýip pikir etdi. Birinden bir az bölek, beýlekisinden hem bir bölek aldy. Soňra Kristal käsäniň içinde Ýerli urkaçylaryň biriniň ýumurtgasyny döllendirdi. Ol hamyla boldy. Wagty gelende dogurdy. Bu gezek dogulan bäbek Anunnakilere gaty meňzeýärdi. Ony doguran enesine berdiler, olam emdirip seretdi. Görnüşi enaýydy, elleri gerek-ýarak zatlary, gurallary ulanmaga ukyply derejededi. Duýgularyny synap gördüler we seretseler kemisligi bardy. Ýerli çaga eşitmeýär, gözleri gowy görenokdy. Ninmah irginsiz diýen ýaly täzeden garyndyny sazlady. ME formulalaryndan bir az bölekleri toplady. Dogulanlaryň biriniň aýagy ysmazdy, beýlekileri organlaryndan syzdyrýardy, biriniň elleri titreýärdi, beýlekisiniň öýkeni gowy işlänokdy. Biriniň elleri agzyna ýetenokdy, beýlekisiniň öýkeni gowşakdy. Bu testler şowuna bolmany üçin ahmyr çekdirdi Enkini. Enki Ninmaha ''Ilkinji işçileri ýaradyp bolmady'' diýýärdi. • ÝUMURTGALYK GABYŇ ÝERIŇ TOPRAGYNDAN EDILMEGINIŇ GEREKDIGINI PIKIR EDÝÄRLER ''Synag geçirip görýärin bu barlyklara; ne-hä gowy, ne-de erbet'' diýýärdi Ninmah Enkä. ''Ýüregim başarýançaň dowam et'' diýýär maňa. Garyndyny ýene ýaşady; täze dogulan bu gezegem kemis çykdy. Ýetmezçilik garyndy-da bar bolaýmasyn diýýärdi Enki. Ýetmezçilik ne urkaçynyň ýumurtgasynda ne-de baglanyşyk ýüzünde! Ýeriň özünden ýaradyljak zat; ýetmezçilik hut şol bolmaly! Ylym eýesi bolan Enki Ninmaha şeýle diýdi: ''Nibirunyň kristallaryndan ediljek gaby Ýeriň topragyndan ýasa!'' Ýeriň öz içindäki garyndylardan, altyndan we kümüşden hem garmak gerekdir? Enki Abzunyň topragyndan ýasamagy maslahat berdi... Ninmah Ýaşaýyş öýünde Abzunyň topragyndan gap ýasady. Bu gap suwa düşülýän wannany ýadyňa salýardy, garyndyny hem şonuň içinde ýerine ýetirdi. Indi bolsa Taňrynyň ynsany toprakdan ýa-da çägeden ýaradýandyny aýdýan Mukaddes kitaplara ser salalyň. Ýaradylyş-2;7 Reb Taňry Adamy toprakdan ýaratdy we burnuna ýaşaýyş demini üfledi. Şeýdip Adam ýaşaýan barlyga öwrüldi. Gurhan; Muminun 12-aýat; Ähd edýärin biz adamy, toprakdan, bir damja suwdan ýaratdyk. 2. Rahman14,15 aýat; - Allah ynsany otda bişen ýaly gury toprakdan ýaratdy. 3. Hijr 26-Hakykatdanam biz ynsany gury toprakdan, birleşdirilen palçykdan ýaratdyk. 4. Sejde 7-Ynsany ýaratmaga bir toprakdan başlady... Ýöne käbir aýatlarda spermadan (suwuklyk) ýaradylandygy aýdylýar. 5. Araf 189- Ol şeýle bir zatdyr kiý, sizi bir suwuklykdan ýaratşy, zenanyny hem ondan peýda etdi, göwnüne ýarar ýaly. 6. Nahl 4-Allah ynsany bir damja suwdan ýaratdy. 7. Enbiýa 30-Janly bolan her bir zady suwdan ýaratdyk. • TOPRAKDAN EDILEN ILKINJI YNSAN DOGULÝAR Palçykdan edilen gabyň içine iki aýakly Ýerli urkaçynyň ýumurtgasyny enaýy edip ýerleşdirdi. Bir Anunnakiniň ganyndan çykarylan ýaşaýyş ýüpüni hem gapda goýdy. ME formulalaryna görä garyndy taýynlandy; Şeýdip döllenen ýumurtga Ýerli urkaçynyň enelik ýatgysyna goýuldy. ''Hamyla boldy'' diýip Ninmah begendi. Dogulmaly wagtyna garaşdylar. Wagty sagady dolanda Ýerli urkaçynyň içi sanjyp ugrady. Bir çaga doguldy. Ninmah öz elleri bilen täze dogulan çagany eline aldy. Ol oglanjykdy. Keşbini gözden geçirdi. Ýalňyşlyk ýokdy. Ellerinde tutup ýokaryk galdyrdy. Enka we Ningişzidda görkezdi. Üç baştutan begenjinden ýaňa ha-haýlap gülüp şatlandylar. Enki we Ningişzidda biri-birleriniň arkasyna kakdylar. Ninmah Enkini gujaklap öpdi. ''...Elleriň bilen ýaratdyň ony'' diýdi Enki. Parlak gözleri oňa seredýärdi. Ony doguran enä berdiler, täze dogulan çagany. Nibirudaky çaganyň ösüp ulalşyndan örän tiz ulalyp ýetişýärdi. Aý aýdan keşbe girýärdi täze doglan; bäbeklikden çykyp çaga boldy. Elleri aýaklary iş etmäge çeýedi, gürläp bilenokdy. Soraga jogap berip bilenokdy. Hyrryllap hümmürdemekden ybaratdy sözleri. • ONDA KEMISLIK BARLYGY SEBÄPLI ÝUMURTGA ANUNNAKILERIŇ ÝATGYSYNA ÝERLEŞDIRILÝÄR. Enki bu mesele boýunça pikirlenýärdi, her garyndy-da näme etmelidigi hakynda oýlanýardy. Enki Ninmaha: ''Her testlerde bir zady ýatdan çykarýarys'' diýýärdi. Enki ýene-de şeýle diýip sözüniň üstüni ýetirdi:'' Döllenen ýumurtgany diňe Ýerli urkaçynyň ýatgysyna goýýarys. Ýeketäk ýalňyşlyk şol bolaýmasyn'' diýdi. Ninmah Enkä üýtgeşik şekilde, geň seretdi. Ninmah: ''Sen näme diýjek bolýarsyň?'' diýip ondan jogaba garaşdy. ''....Çagany dogurmaly enelik ýatgysyndan gür açýaryn. Döllenen ýumurtgany ýetişdirip soňra ony dogurana çenli garnynda göterýänden söz edýärin. Biziň keşbimizde we bize meňzeş bolmaly bolsa Anunnakiniň enelik ýatgysy gerek bolaýmasyn'' diýdi Enki. Ýaşaýyş öýüne sessizlik aralaşdy. Enkiniň bu aýdanlary öň eşidilmedik geň sözlerdi. Biri-birine bakdylar; biri-birleriniň näme hakda pikir edýändikleri hakda oýlanyşýardylar. • NINMAH HAMYLA BOLMAKLYGY KABUL EDÝÄR Ninmah ahyrsoňy: ''...Aýdýanlaryň hut öňdengörüjilikdir gardaşym'' diýdi. ''...Ýalňyşsyz bolan garyndyny, terslik bilen enelik ýatga goýupdyrys. Indi haýsy Anunnaki öz enelik ýatgysyny muňa taýýar tutar öýdýäň?...'' diýip Ninmah çala agzyny titirdedip gürledi. ''Muny ýoldaşym Ninkiden sorap göreýin. Ony bu ýere ýaşaýyş öýüne çagyraly; meseläni oňa düşündireli...'' diýip Enki sözüni soňlap çykyberjek bolanda Ninmah eli bilen onuň egninden tutdy-da şeýle diýdi: ...Ýok, ýok...Garyndylary meň özüm taýynladym; onuň garşylygy meň özümiňki bolmaly. Ýagny meniň enelik ýagtymda döresin, erbet kysmat ýa gowy kysmat bilen meň özüm ýüzbe-ýüz boljak...'' diýdi. Enki başyny egip ony enaýy gujaklady-da ''Goý, şeýle bolsun'' diýdi. Palçyk gapda garyndyny taýynladylar, Ýerli urkaçynyň ýumurtgasy bilen Anunnaki erkeginiň suwuklygyny bir ýerde gardylar. • NINMAH ÇAGANY DOGURÝAR Döllenen ýumurtga Ninmahyň ýatgysyna Enki ýerleşdirdi, ol hamyla boldy. Olar biri-birlerine: ''Garyndy bilen başlan hamylalyk näçe wagtlap dowam eder?'' diýişdiler. Nibirunyň dokuz aýymy ýa Ýeriň dokuz aýy? Ýerdäki wagtdan Nibirunyň gysga wagty aralykda Ninmahyň garny sanjyp başlady. Ninmah bir ogul dogurdy. Enki oglanjygy elleriniň arasyna aldy. Onda kemçiliksiz keşp bardy. • TÄZE DOGULAN ÇAGADA UKYP BAR Mundan soňra täze dogulanyň ''Adamu'' (Biziň ulanýan Adam kelemesiniň köki şu bolsa gerek) at bilen çagyrylmagynyň we oňa dişi (aýal, urkaçy) Ti-Amatyň nädip ýaradylýandygy hakda ýatlanylyp geçilýär. Baştutanlar täze dogulan oglanjygyň keşbini we ellerini, aýaklaryny ünsli barlap gözden geçirdiler. Gulaklarynyň şekili gowudy, gözleri ýumuk däldi, elleri aýaklary çeýedi; aşaky bölegini aýak we ýokarsyndaky synasyny el hökmünde ulanýardy Ýabanylar ýaly gür tüýli däldi, saçlary goýy garady. • ÝERLINIŇ SÜNNET HAMYNYŇ BARDYGY BELLI BOLÝAR Teni Anunnakileriň teni ýaly ýumşakdy. Reňki goýu gan gyrmyzy reňklidi. Abzunyň topragynyň reňkini alypdy. Jynsy agzasyna seretdiler. Görnüşi ýönekeýdi, öňki bölegi ham bilen örtülendi!!!!!! Anunnakileriň jynsy agzalary bolsa tersine onuň yz tarapynda deri bardy. Enki bu hamy synlap: ''Ýerliler biz Anunnakilerden bu ham arkaly tapawutlansyn'' diýdi (Bu ýerde sünnete degişli edim-gylymlar hakda gürleşeliň! Sünnet penis Taňry tarapyndan belgilenendigine görä adamlaryň sünnete degişli edim-gylymlary şol sebäpden bolmagy mümkin. Ybraýym Rebbiň emri bilen penisini sünnet edýär. Munuň üçin hem keser pyçak ulanýar (Yslamda; bu hakda öňde üstünde durup geçeris) Anunnakileriň penisiniň Ýerdäki adamlaryňkydan has uly bolandygyny görkezýär. Belkäm Ýeriň beýleki ýerlerinde tapylan uly penisli Taňry heýkelleri şol sebäpden ýasalan bolmaly. Ybraýym hem ýarym taňrydy. Ýagny bir Anunnakiden dogulan nesliň dowamaty. Anunnakiler ýarym Ýerli şeýle çagalary guran şäherlerine görä patyşa ýa-da ruhany edip belläpdirler. Ybraýym hem Ruhany bolan Terahyň Şeýle ruhanylar we patyşalar Anunnakiler, ýagny Taňrylar bilen gan bagy bolandygyny görkezmek üçin özlerini sünnet edip tapawutlanmaga çalşypdyrlar). Töwratda we Yslam silselelerinde (aslynda Kuranda sünnet bilen baglanyşykly söz aýdylmandyr. Diňe Ýahudylaryň düzen sünnetinde Yslamda başdan bäri hem bardyr???!!!) Sünnet emri Taňrylaryň, ýagny Anunnakileriň özüne bagly kabylalaryň tapawutlanmagy üçin aýdylan bolmagy mümkin dälmikä? Sebäbi Taňry Ybraýymy penisinden tanajakdygyny aýdýar. Edil ýokarda Enkiniň Ýerliler bilen Anunnakileri aýyrýan sünnet hamynyň bolşy ýaly. Indi Töwratdan Ybraýymyň nädip sünnet emrini alandygyny okalyň: 11- Sünnet edilmelisiňiz. Sünnet aramyzdaky ähtleşmäniň belligi bolar. 12. Öýüňizde dogulan ýa-da nesliňizden bolmadyk başga kesekilerden satyn alan gullaryňyz sekiz günlik her erkek çaga sünnet ediler. Indiki nesilleriňiz boýunça bu dowam eder. 13. Öýüňizde dogan ýa-da satyn alan çagaňyz sünnet edilsin. 14. Sünnet edilmedik her erkek halkynyň arasyndan kowular. Sebäbi ähdimizi bozdugydyr. 23. Ybraýym öýündäki bütin erkekleri Taňrynyň özüne aýdyşy ýaly şol gün sünnet etdirdi. 24. Ybraýym sünnet edilende 99 ýaşyndady. 25. Ogly Ysmaýyl on üç ýaşynda sünnet edildi. 26. Ybraýym ogly Ysmaýyl bilen bir günde sünnet edildi. 27. Ybraýymyň öýündäki bütin erkekler onuň bilen bilelikde sünnet edildi. (Kuranda sünnet emriniň ýoklugyna garamazdan rowaýatlar we hadyslar Hz. Ybraýymyň keser bilen özüni sünnetländigi hakynda aýdylanlar musulmanlar tarapyndan kabul edilendir) Hristiýanlarda bolsa Isanyň sünneti hakynda Injilde aýdylmadygam bolsa uzyn teswirlemelerden soň sünnetiň gereksizdigini düşündirýär. Esasy zadyň içiňdäki imandygy aýdylýar: 1. Luka; 2.bölüm 21- Sekizinji gün çagasyny sünnet etdiriljek bolanda oňa Isa ady berildi. Bu onuň ene ýatgysyna düşmezden öň melegiň dakmaly diýip tabşyran adydy. Rimliler 2;25-Keramatly kanuny ýerine ýetirseň, üwty gbgbbynybnnbrrt bardyr. Ýöne Kanuna garşy gelseň, sünnetli bolmagyň hiç hili manysy bolmaz. 3.26-Bu sebäpden, sünnetsizler Kanunyň buýruklaryna uýsalar sünnetli bolmazlarmy. 4.27.Sen Keramatly ýazgylara eýe bolup hem sünnetli bolup, Kanuny çeýnäp geçseň, bedeni bilen sünnetli bolmadyk emma Kanuna uýan kişi seni höküme çekmezmi? 5. 28-Çünki ne daşky ýahudy bolan hakyky Ýahudydyr, ne-de görnüşine, beden taýdan bolan sünnet hakyky sünnetdir. 6. 29-Diňe içden ýahudy bolan Ýahudydyr. Sünnete ýürekden berilendir; ýazylgy kanunyň däl-de, Ruhuň işdir. Işden ýahudy bolan kişi, ynsnalaryň däl-de Taňrynyň öwgüsine mynasyp bolar. Rimliler 3;3-Şeýle bolsa Ýahudynyň ne üstünligi bar? Sünnetiň muňa peýdasy näme? 8.4-Çünki sünnetlileri olaryň imany sebäpli, sünnetsizleri hem şol iman bilen aklajak Taňry ýeketäkdir. Rimliler 4;9-Bu bagtlylyk diňe sünnetliler üçinmi ýa-da şol bir wagtyň özünde sünnetsizler üçinmidir? Men aýdýan-a Ybraýym imany bilen aklanyldy. 10. 10-Nähili ýagdaýda aklandy? Sünnet bolanyndan soňmy ýa sünnetsiz wagtymy? Sünnetli wagty däl-de sünnetsizkä. 11- Ybraýym heniz sünnetsizkä iman bilen aklanandygynyň nyşany hökmünde sünnet yşaratyny aldy. Sünnetsiz bolsalaram iman edenleriň hemmesiniň atasy bolsun, şeýdip olaram aklanan hasap ediler. 12-Şeýdip atamyz Ybraýym imanly hem sünnetlileriň hem atasy boldy. Korintliler; 7 bölüm 19-Sünnetli bolmak esasy zat däl. Esasy zat Taňrynyň buýruklaryny berjaý etmekdir. Galatiýalylar 5; 2 - Serediň men Pawlus, size şulary aýdýaryn: sünnet etdirseňiz Mesihiň size hiç peýdasy bolmaz. Mesih Isa 6-da ne sünnetliligiň ne-de sünnetsizligiň peýdasy bar; peýdaly bolan söýgi bilen täsirini görkezen imandyr. 15- Sünnetli bolup-bolmazlygyň gerek ýeri ýokdur, esasy zat täze dünýä gelmekdir. Filippinler3; 2 - Erbetlik eden ol adamlardan ol itlerden seresap boluň; ol sünnetbazlardan seresap boluň!'' (Z.S.-Meniň pikirimçe şunça delil ýeterlik bolsa gerek. Injiliň, asly bize öwredilen urp-adatlara garşy çykyşy diňe Ýahudylaryň dini bolmagynyň öňüni aldy we beýleki ulus-iller hem bu dine geçdiler. Ýöne bu dini döreden Anunnakilermidi? Enkiniň başda döreden bu sünnet aýratynlygy has soňra Anunnakiler tarapyndan ujypsyz zada öwrüldimi? Ýa-da ýönekeý strategik sebäpler bilen Hristiýanlykda Isadan soň şeýle ýagdaýa geldimi?) • ÝARYM ÝERLI BÄBEJIGI NINMAN EMDIRÝÄR, ADYNA ADAMU DIÝILÝÄR Täze dogulan çaga aglamaga başlady; Ninmah oňa mämmesini berdi, emdirmäge başlady. Begenip ''Ýalňyşsyz zatsyz çagany ýaratdyk'' diýýärdi Ningişzidda. Enki gyz jigsine: ''Ninmah bu barlyk däldir, siz edil eneli-ogul ýaly. Oňa bir at berermiň?'' diýip sorady. Ninmah täze dogulan çaganyň goýy-gyrmyzy reňkli teninden ogşady-da :''ADAMU'' diýjek oňa'' diýdi. Ýeriň topragyndan diýen ýaly manyda, ady şeýle tutular. Täze dogan Adamu üçin bir ýer taýyn etdiler. Ýaşaýyş öýüniň bir ugrunda goýdular ony. Ilkinji işçi üçin bir keşpi ýaradyp başardyk'' diýdi Enki. Ningişzidda ululara ''Indi işçiler topary gerek'' diýdi. ''Ol hakykatdanam owadan keşpli. Ony güýçli işlerden gorarys. Diňe onuň özi bolar biziň galybymyz'' diýdi Enki. Onuň bu aýdanlaryna Ninmah begendi. • GÖWRELI ENELER ŞEPAGATÇY ZENANLARDAN SAÝLANYP ALYNÝAR ''Ýeri indi döllenen ýumurtgalary kimiň göwresine ýerleşdirip bolar?'' diýdi Ningişzidda. Baştutanlar bu meseläniň üstünde durup geçdiler. Ninmah şeýle çözgüt tapdy. Ol öz şäheri Şurubakdan şypaçy zenanlary çagyrdy; olara esasy zatlary düşündirdi. Olary Adamunyň bolýan ýerine alyp bardy. Şypaçylara ''Bu aýdanlarym size buýruk däl'' diýdi Ninmah. Bu siziň öz islegiňiz boýunça bolar. Ýygnanan Anunnaki zenanlarynyň arasyndan ýedisi öňe çykdy; ýedisi hem kabul etdiler. Atlary ebedi ýatlansyn diýdi Ninmah Enkä. Işlerini gahrymanlarça ýerine ýetirseler; olardan işçi synpy emele geler. Ýedisi öňe çykyp atlaryny aýtdylar. Ningişzidda olaryň atlaryny belligi aldy. Ninimma, Şuzianna, Ninmada, Ninbara, Ninmug, Musadu we Ningunna. • ADAMUNYŇ TOHUMY WE ÝERLI ZENANYŇ ÝATGYSYNDAN EMELE GELEN ZIGOT ANUNNAKILI ZENANLARYŇ ÝATGYSYNA ÝERLEŞDIRILÝÄR Öz islegleri bilen perzent dünýä indirmäge razy bolan ýedileriň atlary şol ýokardakylardy. Ýerdäkiler olaryň ýatgylaryndan dünýä inmelidi; ilkinji işçiler emele gelmelidi. Abzu topragyndan edilen galybyň içine Ninmah iki aýakly zenanlaryň ýumurtgalaryny ýerleşdirdi. Adamunyň ýaşaýyş özenini çykaryp kynlyk bilen galyba goşdular. Soňra Adamunyň jynsy organyny kiçeňiräk edip dildi. Ol ýerden bir damja gan çykdy. • GAN BARDYR GAN IÇINDE, JAN BARDYR JANAN IÇINDE Ýaşaýyşyň yşaraty bolsun bu; et we janyň birleşendigini aýan etsin ömürbaky. Täze dogulanyň jynsy organyndan sykyp alynan her damja gany garynda goşdy (Testesteron bilen spermanyň alynmagy gör nähili ajaýyp şekilde aňladylypdyr). ''Bu ýüpüň garyndysy bilen Ýerli hem Anunnaki birleşer'' diýdi Ninmah. Ol bir doga etdi. Iki özen, Biri gökden, biri ýerden, ikisi bir ýere gelip birleşdi. Ýerden bolan Nibirudan bolan gan baglanyşygy bilen baglandy (Bu sözler; günümizdäki Alawylyk diýilen Yşyk dinde hem agzalyp geçilýär. Mysal üçin; Alawylykda 40 makamda Sekähumyň syry öwrenilýär. Bu syra görä ynsan evrimleşmesini başga planetada tamamlanyndan soňra özüniň keşbini ýer ýüzündäki ynsanyýet barlygyna ýollanypdyr. Yşyk ynanjyna görä ynsanyýet barlyklar tarapyndan genetiki gaýnaşma bolup geçipdir. Ýer ýüzündäki ynsanyýet barlygyna özüni transfer eden Gaýry planeta barlyk bu genetiki transfer bilen ýerýüzündäki ynsanyýet barlygyň içinde özüne ýer tapynypdyr - Z.S (gysgaldylyp alyndy). • ÝEDI ERKEK DOGULÝAR Ninmah şeýle diýdi: ''Ningişzidda onuň sözlerini bellige aldy. Doguljak gahrymanlaryň ýatgylaryna döllenen ýumurtgalar ýerleşdirildi. Göwrelilik başlandy; wagty sagady dolansoň dogurmaly boldy. Ýer şaryndan bolan ýedi erkek ýene dünýä geldi. Sypatynda kemçilik ýokdy; dogry sesler çykaryp aglaýardylar. Olar gahrymanlar tarapyndan emdirildiler. • ADAM OGLUNYŇ AÝALYNY (URKAÇYSYNY) ÝARATMAK KARARYNA GELÝÄRLER ''Ýedi sany ilkinji işçi ýaradyldy'' diýdi Ningişzidda. Ol ýene sözüniň üstüne şulary goşdy: ''Ýene gaýtadan işläp ýedi sanysyny ýaratmak gerek...'' Enki oňa ýüzlendi: ''Ýedi sapar ýedisi hem ýetmez. Şypaçy gahrymanlardan köp zat talap etdik, işleri ömürlik şolar ýaly bolar...'' ''Bu iş gaty kyn, çydamsyz'' diýdi Ninmah. ''Aýallaryny (urkaçylaryny) ýaratmalydyrys'' diýdi Enki. Erkekleri doly taýynlamak gerekdi. Biri-birlerini bilsinler, ikisi bir beden bolsunlar. Öz-özleri köplesinler, özbaşlaryna perzent dogursynlar. ''Ilkinji işçiler özbaşlaryna köpelseler urkaçy Anunnakiler arkaýynlaşarlar. ME formulalaryny üýtgetmeli, erkekden urkaça dogrulap sazlamalysyň'' diýip Enki Ningişzidda ýüzlendi. Adamunyň 12 süňňüne gerek zatlaryň birem onuň urkaçysyny Anunnaki urkaçynyň ýatgysynda ýaratmaly''... • URKAÇYNY NINKINIŇ ENELIK GARNYNDA ÝARATMAGA KARAR BERÝÄRLER Ningişzidda kakasy Enkä ýüzlendi. Enki Ninmaha ''Näme diýersiň?'' diýen terzde oňa seretdi. Ol hiç zat gürlemän elini galdyrdy. Ol sesini bir az gataldyp: ''Bu sapar Ninkini çagyrmagyma rugsat ber'' diýdi. Soňra sözüniň üstüne şulary goşdy: ''Eger göwnese, aýal (urkaçy) Ýerliniň ýaradylmagy üçin galyby şol bolsun. Ninkini Abzudaky Ýaşaýyş öýüne çagyrdylar. Oňa Adamuny görkezdiler. Bolup geçenleri gürrüň berdiler. Munuň hötdesinden gelip biljekdigini ýa bilmejekdigini soradylar. Başarnyklyklary we howplylygy aýdyp düşündirdiler. Ninki bu iş wezipesine haýran galdy we: ''Häziriň özünde işe başlalyň'' diýdi. Ningişzidda ME formulalaryny sazlady: garyndy bilen bir ýumurtga döllendi. Adamsy Enki ony Ninkiniň ýatgysyna üns bilen ýerleşdirdi. Göwrelilik başlandy. Dogurmaly wagty gelende Ninkiniň sanjysy tutdy, ýöne dogrup bolmady. Ninki aýlary sanady, Ninmah aýlary sanady; onunjy aýa erbet kysmat aýy diýip at berdiler. • BÄBEJIGI KESDIRIP ÇYKARÝARLAR Elleri ençeme ýatgylary açan hanym Ninmah ýiti gural bilen dildi. (Göwrelilik wagtyndan soň uzasa kesip alýarlar). Başyny örtdi. Ellerine gorag esbabyny geçdi (Ellik we operasiýa üçin kellä geýilýän şapkajyk ; gör nähili düşnükli aňladylan). Uly başarjaňlyk bilen amala aşyrdy, ýüzi ýagtylyp gitdi. Göwredäki bäbejigi daşyna çykardylar. ''Gyzjagaz! Bir gyzjagaz dogdy!'' diýip keýpi kök halda begenjinden gygyrdy'' Ninki. Täze dogulanyň görnüşi we elleri aýaklary üns bilen barlagdan geçirildi. Gulaklarynyň şekili gowudy. Gözleri ýumuk däldi. Elleri aýaklary sagdyndy; aşagy aýak, ýokarky böleginde el bardy. • INE-DE HOW ENEMIZ!!! TIAMAT Ýabanylar ýaly gür tüýli däldi; arassa deňiz kenaryndaky çägäniň reňkindedi saçlary. Teni ýylmanak, edil Anunnakileriň teni ýaljak ýumşak we olaryň reňkindedi. Ninmah gyz çagany ellerine aldy. Syrtyna bir-iki sapar şappat berdi. Täze dogulan çykarmaly sesi çykarýardy. Ony Ninkä Enkiniň aýalyna uzatdy. Çünki ol täze dogulany emdirmelidi, seretmelidi we ulaltmalydy. Enki aýalyna: ''Oňa bir at dakarmyň. Ol mahluk däl-de bir barlyk. Seniň suratyňda we saňa meňzeýär. Ýalňyşsyz ýaradyldy. Zenan işçiler üçin bir galyby ýasadyň''. Ninki täze doglan gyz bäbejigi eline alyp onuň teninden ogşady: ''Ady Tiamat bolsun, ýaşaýyşyň enesi diýen manyda'' diýdi Ninki. Ýerden we Aýyň içinden çykan ol köne planetanyň adyny dakdym. Onuň ýatgysynda ýaşaýyş özeninden doguljaklar galyplanar. Şeýdip işçi köpçüligine ýaşaýyş bagyşlanar..'' diýýärdi Ninki. Beýlekiler hem onuň bu aýdanlaryny makulladylar. • ÝEDI SANY ZENAN ÝARADYLÝAR Indi bu wakalar Adamu we Tiamadyň Edine (Aden, ýagny Jennet. Mukaddes Kitaplarda şol bir at geçýär) gidişini, köpelmegi we Abzuwa (Afrika) kowulmagy hakynda aýdylýar. Ninkiniň göwresinden Tiamat dogulansoň Abzunyň çägesinden edilen ýedi sany gabyň içine Ninmah iki aýakly zenanlaryň ýumurtgalaryny ýerleşdirdi. Tiamadyň ýaşaýyş özenini çykaryp kynlyk bilen gaplara geçirdi. Abzu topragyndan edilen gaplarda garyndyny peýda etdi Ninmah. Ol doga okaýardy. Çaga dogurmaly gahrymanlaryň ýatgylaryna döllenen ýumurtgalar ýerleşdirildi. Göwrelilik başlady; dogulmaly çaga garaşdylar. Wagty, sagady dolansoň ýedi sany gyz Ýerli doguldy. Süňňi düzüwdi. Dogry sesler çykarýardylar. Şeýdip ýedi erkek we ýedi gyz çagalary ýaratdylar. Enki beýlekilere şeýle diýdi: ''Ýerliler şeýdip ýaradylandan soňra erkekler gyzlar bilen bolup döllendirsin, ilkinji işçiler özbaşyna döräp köpelsinler. Soňra dogulanlaram başga işçileri dogurar, ilkinji işçileriň sany şeýdip köpeler. Anunnakileriň kyn ýüküni olar galdyrar. Enki we Ninki, Ninmah we Ningişzidda begenýärdiler, miwe şerbedinden içýärdiler. • ADAM WE TIAMAT (HOW ENE) EDIN (ADEN) ŞÄHERINE (JENNETE) GETIRILÝÄR Ýedi gezek, ýedi kapasa ýasap, zatlary agaçlaryň arasynda ýerleşdirdiler; bilelikde ulalsynlar, ärlik we tişilik edinsinler, erkekler zenanlary tohumlandyrsyn, öz başlaryna köpelsinler diýýärdiler biri-birlerine. Adamu we Tiamat gazuw-ýygnaw ýaly ýerlerdäki kyn işlere golaýlaşdyrmaly däl. Olary Edine (Keramatly kitaplarda ady geçen Aden, ýagny Jennet. Görnüşi ýaly Aden Anunnakileriň bir şäheriniň ady) alyp baralyň, ol ýerdäki Anunnakilere ýaradan eserlerimizi görkezeliň. Beýlekiler Enkiniň bu aýdanlaryny golladylar. Adamuny we Tiamaty Eriduwa, ýagny Enkiniň Edindäki şäherine äkidildi. Olar üçin mekan gurulypdy mesgen hökmünde (ýagny Jennet), ol ýerde gezip aýlanyp bilýärdiler. Edindäki Anunnakiler gonuş ýerdäkiler olary görmäge geldiler. Enlil hem olary görmäge geldi; olary görüp bir az bolsa-da ýüzi açyldy. Ninurta bilen Ninlil hem olary görmäge gelipdiler. Lahmudaky Enkiniň ogly Marduk hem olary görmäge gelipdi. Haýran galaýmaly. Haýran galanyňa degýärdi, ajaýypdy. (Töwratda Ýahudylaryň bu günde ýaşan ýeriň gündogar tarapyndaky Edin şol bir şekilde suratlandyrylýar. Ol ýerdäki miwelik bag-bakjalygy-da şol ýeri görkezýär. Elbetde Din kitaby bolan Töwrady ýazanlar jynsy gatnaşyklary gizlin tutmak üçin iýeniňde hemme zady bildiýrän bagyna, ölümsizligi Ýaşaýyş bagyna, hromosoma çyrmaşygyny ýylana we soňra şeýtana ýanapdyrlar. Z.S) 1. Ýaradylyş -2;8- Reb Taňry gündogarda (Açykdan-açyk jenneti Ýerde gurýar. Ýagny Ysraýylyň gündogarynda, ýagny Mesopotamiýada!!), Adende (Ediň) bir bakjalyk dikdi. Ýaradan Adamsyny ol ýerde goýdy. 9. Bakjada Adamy şol ýere ýerleşdirdi. Bakjada ýagşy miwe beren her dürli owadan baglar ösüp durdy. Bakjanyň ortasynda ýaşaýyş bagy bilen ýagşyny erbedi saýgarýan miweli bag bardy. 10. Adenden bir derýa bardy, bag-bakjany suwlap ol ýerde dört gola aýrylýardy. 11. -Birinji derýanyň ady Pişondyr. Altyn damarlary bolan Hawilanyň çäklerinden akyp geçýär. 12. Ol ýerde altyn, reçine we oniks bar. 13. -Ikinji derýanyň ady Gihondyr, Kuşuň töwereginden akyp geçýär. 14. Üçünji derýanyň ady Tigrdyr. Assiriýanyň gündogaryndan akyp geçýär. Dördünji derýa bolsa Ýewfratdyr (Görnüşi ýaly bu günki gün ikisi guran 4 derýadan Tigr we Ýewfratyň ady agzalýar. Bu hem bize şol geografiki giňişligi yşaratlandyrýar.) 15. Reb Taňry, Aden bakjasyna seredip, ol ýerde işlemek üçin Adamy şol ýere goýdy. 16. Oňa, ''Bakjada islän bagyň miwesinden iýiber'' diýip aýtdy. 17. ''Ýöne, ýagşyny erbedi seljeriş agajyndan iýmek. Çünki ondan iýen günüň ölersiň''. (Görnüşi ýaly Töwratda Taňry Adamy jennete dälde, içinde işlemek üçin bakjada ýerleşdirýär. Jennetiýet ylahy mekan hökmünde adamlar tarapyndan dine syr goşmak maksady bilen gelip ýetipdir. Aýratynam Töwratda Taňry sözünde durmadyk sözleriniň birini agzalýar. Eger ol agaçdan miwe iýseň ölersiň, diýmegine garamazdan Adam we How ene dagylary öldürmeýär.) ''Muny eliňiz bilen etdiňiz'' diýýärdi Anunnakiler. Ýer we Lahmu arasynda uçup edýän Igigiler hem begendiler. ''Ilkinji işçiler peýda edildi; muşakgatly günler tamamlandy'' - diýýärdiler. Abzuda ulalyp-ýetişýärdi täze dogulanlar. Anunnaki olaryň ulalyp ýetişmegine garaşýardylar. Enki barlaýardy; Ninmah we Ningişzidda hem onuň ýanyna bardylar. • ABZUDAKY ÝEDI ZENAN GYSYR BOLUP ÇYKÝAR Anunnakiler gazuw geçirilýän ýerlerinde igenişýärdiler, sabryň ýerini sabyrsyzlyk doldurdy. Enki ýygy-ýygydan ussalaryň başlygy Enubiden hasabat soraýardy; ol bolsa işçiler üçin atylýan halas etmek ýaly kömege mätäçleri gözleýärdi. Ýeriň aýlawynyň tizligi ulaldy, Ýerliler ulaldy. Zenanlaryň arasynda göwreli ýokdy, hiç hili çaga dogurýan ýokdy. Agaçlaryň arasyndaky kpaasalaryň ýany başyna çemenlerden bir goltuk edip ýygnapdyr Ningişzidda. Gije-gündiz Ýerlileri synlap durýardy, näme edýändiklerini bilýärdi. Agaçlaryň arasyndaky kapasalaryň ýanynda olary jübütleşýän wagtlary görüpdi, erkekler zenanlary döllendirýärdi. Göwreli galany ýokdy, çaga dogurýan hem ýok.Enki çuňňur oýa batdy, bir döwürler garyşdyryp-birleşdiren janlylaryny ýatlap oturdy. Hiç birisi hem önmändi. Iki dürlini birleşdirenim, bir nälet ýaradypdyr'' diýdi Enki beýlekilere... • GYSYRLYGYŇ SEBÄBI GÖZLENÝÄR ''Adamunyň we Ti-Amatyň öz suwuklyklaryny täzeden garyşdyralyň'' diýdi Ningişzidda. Olaryň MElerini ownuk-ownuk edip derňewden geçirdi, nämäniň ýalňyşdygy şonda bilinmelidi. Şurubakda şypa öýünde Adamunyň we Tiamadyň suwuklyklarynyň üstünde düýpli pikir alyşyldy. Anunnaki erkekleriniň we aýallarynyň janly suwuklyklary bilen deňeldi. Ningişzidda janly suwuklyklary biri-birine çyrmaşan iki ýylan ýaly aýyrýar!!!( Biri-birine dolanan hromosomalar zynjyryny, biri-birine çyrmaşan ýylanlar şeklinde düşündirip bolar.) Janly suwuklyklary Janly agajynyň üstünde ýigrimi-iki şaha ýaly düzülipdi. (Adamyň genleriniň her birinde 22 hromosoma bar. Ol genlerdäki x we y hromosomalary goşsaň jemi 46 hromosoma bolýar. Erkekleriň xy, aýallaryň xx jynsy hromosomalarynyň bolmandygy aýdyljak bolunýar.) • ZENANLARDAN WE ERKEKLERDE KÖPELIŞ GENINIŇ ÝOKDUGY BELLI BOLÝAR Bu parçalary garyşdyryp bolýar; keşbi we meňzeşligi biri-birine gabat gelýärdi. Ýigrimi iki bölekdi; köpelme ukyby ýokdy. Ningişzidda, Anunnakileriň suwuklygyndaky iki bölegi beýlekilere görkezdi (x we y geni) Bir erkek, bir urkaçy, bular ýeterlik däl bolandygy üçin köpelenoklar. Bu ýagdaýy şeýle düşündirdi. Adamu we Tiamadyň suwuklygynda bu ýokdy. Ninmah muny eşidip gynandy. Enki ör-gökden geldi. ''Abzuda topalaň turaýmasa, gozgalaň ýene turar'' diýýärdi Enki olara. Altyn çykarma işi durmaz ýaly ilkinji işçileri köpeltmelidiris. Ylymly Ningişzidda bir çözgüt tapmaga synanyşýardy. Şypa öýünde, ulularyň Enki we Ninmahyň gulaklaryna pyşyrdady. Ninmaha kömek edýän zenan gahrymanlar daşaryk çykdylar. • ANUNNAKI ENKINIŇ WE NINMAHYŇ GAPYRGASYNDAN ÇYKARYLAN JYNSY GENLER ADAMU WE TIAMADYŇ GAPYRGASYNA GEÇIRILÝÄR Olar çykyp gidensoňlar gapyny gurdular. Üçüsi birlikde iki sany Ýerli galdy. Ningişzidda bu dördüsini uklatdy (Belkäm narhoz kol urup ýatyrýar) Enkiniň gapyrgasyndan janly suwuklygy çykaryp Adamunyň gapyrgasyna ýerleşdirdi!!! Ninmahyň gapyrgasyndan janly suwuklygyny çykaryp Tiamadyň gapyrgasyna ýerleşdirdi. (Din kitaplarynda; ýaradylyş hekaýasynda Taňry Adamyň gapyrgasyndan How enäni ýaradandygy hakdaky aýatlaryň çeşmesi şondan gelip çykýar. Şundan soňky Sümer Plita ýazgylaryndaky wakalar din kitaplaryndaky wakalar bilen deň derejede gidýändigine düşünip başlan bolsak gerek. Sümer plita ýazgylary Töwratdan 4000 ýyl öň ýazylypdyr. • ÝARADYLYŞ 2;18- Soň ''Adamyň ýalňyzlygy gowy däl'' diýdi. ''Oňa kömekçi ýaratjak'' 19-Reb Taňry ýerdäki haýwanlaryň, gökdäki guşlaryň hemmesini toprakdan ýaradypdy. Olara nähili at berjekdigini Adamda peýda etdi. Adam her birine bir at dakdy, olar şol at bilen atlandyryldy. (Sümer Plita ýazgylary bolsa bularyň tersini aýdýar. Her zadyň adyny Taňry Adama öwredýär. Bu hem ynsany aýratynlaşdyrmak üçin üýtgedilipdir. Sebäbi köne çeşme asylky çeşmedir). 20. Adam bütin öý haýwanlaryna we ýabany haýwanlara, howada uçýan guşlara at dakdy. Ýöne özi üçin, özi ýaly taýyny tapmady. 21-Reb Taňry, Adama uky berdi. Adam ýatyrka, Reb Taňry onuň gapyrga süňklerinden birini alyp ýerini ET BILEN GAPLADY. 22. Adamdan alan gapyrga süňkünden bir zenan ýaradyp ony Adamyň ýanyna eltdi. 23. Adam: ''Ine bu meniň süňklerimden alynan süňk, etimden alynan etdir'' diýdi'', ''Oňa aýal diýilen, çünki ol adamdan alyndy. 24. Bu sebäpden adam ejesinden-kakasyndan aýrylyp aýalyna baglanar, IKISI BIR BEDEN bolar. 25. Adam we ýaly-da ýalaňaçdyr, heniz utanç diýilýän zady bilmeýärdiler. • ADAMUNYŇ WE TIAMADYŇ JYNSY GATNAŞYKLARY Kesikler ýapylandan soň etleriň üsti örtüldi (ýagny dikin goýulýar). Soňra olaryň dördüsini oýandyrdy. Ningişzidda (Reanimasiýa edilýär. Häzirki ösen lukmançylygyň ulanylyşy) ''tamamlandy'' diýip buýsançly gürledi. Olaryň janly baglaryna iki sanysy ýene goşuldy ( x we y hromosomalary). Olaryň janly suwuklyklary indi köpeliş güýjini görkezmelidi: ''Öz erkine goýbereli olary, bir beden bolýançalar biri-birlerini bilsinler'' diýýärdi Ninmah. • ÖZ ERKINE GEZSINLER DIÝIP EDINIŇ MIWE BAKJALARYNA ÝERLEŞDIRILDI Adam we Tiamat (Mukaddes Kitaplardaky Aden we ol ýerdäki miwe bakçalygyny ýatlaň) ýalaňaçlygyna göz ýetirdiler, jynsy agza, erkeklik we aýallygyň nämedigini bildiler (Indi bolsa ýylanyň, ýagny lukmançylykdaky hromosoma nyşanynyň peşgeş beren almasyndan soň Adam bilen Howyň jynsy gatnaşygy bilmeklik hekaýasynyň asylky görnüşini okalyň. Indem jennetden, ýagny Adenden hakykatdanam nähili kowulýandygyna üns bereliň.) • ENLIL ADAMU WE TIAMADY JYNSY ORGANLARYNY ÖRTÜKLI HALDA GÖRÝÄR Tiamat Ýapraklardan öňlük edindi, ýabany haýwanlardan tapawutlanmak isledi. Günüň gyzgynlygynda Enlil miwe bakjalygynyň kölegesinde aýlanyp ýördi (Töwrätda hem şol bir ýazgy bilen Taňry miwe bakjalygynda aýlanýandygy ýazylypdyr). Garaşylmadyk ýagdaýda Adamu we Tiamada sataşdy. Gasyklarynyň örtülendigini gördi. Enlil: ''Olaryň örtüginiň sebäbi näme?'' diýip Enkini çagyrdy. • BU ÝAGDAÝ ENLILIŇ GAHARYNY GETIRÝÄR Enki gelip ''Olaryň köpeljekdijlerini'' aýdyp berdi. Ýedi sapar, ýedi gezek başaryp bolmady'' diýip Enlile aýdyp berdi. Ningişzidda janly suwuklyklaryny barlagdan geçirdi, bir zatlar ýetenokdy. Enliliň gahary gitdigiçe möwç aldy we ol şeýle diýdi: ''Bu zatlar hiç göwnüme ýaramady, ýaratmak, döretmek biziň hetdimizemi diýip garşy çykypdym. Ätiýaçly ýaradylan bar diýipdiň Enki. Bir etmeli zadymyz onuň üstüne yşaradymyzy goýup ilkinji işçileri peýda etmekdi. Şypaçy gahrymanlar howply ýagdaýa baş urdylar. Ninmah we Ninki dagylar hem töwekgellik etdiler. Hiçisi derde ýaramady. Eserleri dereksiz boldy. Indem janly öýjügimizi bu ýaradylanlara berdiňiz köpelsin diýip biz ýaly. Biziň ýaşaýan ýaşymyzam olara berdik bir diýme...(Uzak ýaş aýratynlygy hakda aýdýar)''. Enki Enlili köşeşdirmek üçin Ninmah bilen Ningişziddany çagyrdy. Ningişzidda söze başlady: ''Jenap Enlil. Olara köpeldiçlik bagş edildi. Ýöne uzak ýaş olaryň suwuklyk agajyna goşulmady. (Töwratda adamyň ömri 120 ýyl diýilendigini ýatdan çykarmalyň. Ýaradylyş; 6-3 Reb, ''Ruhum adamda ömürlik galmaz, çünki ol ölümlidir'' diýdi. Adamyň ömri ýüz ýigrimi ýyl bolar...''). Soňra Ninmah Enlile öýkeli halda şeýle diýdi: ''Başga näme edeli doganym? Hemme zady başaryp bilmän Nibiruny Howp astynda goýalymy? Ýa-da täzeden synanyşyp güýçli işleriň hötdesinden gelmek üçin Ýerlileriň köpelmegine şert döretmekdimi? Eger şeýle bolsa nirede özbaşlaryny çarap bilseler şol ýere hem gitsinler. Edinden daş ýerde gezsinler'' diýdi. Adam bilen Tiamady Abzuwa kowdular (Ine şu ýerde Adam ata bilen How ene Jennetden kowulýar.) ÝEDINJI PLITA ÝAZGYSY • TIAMAT (HOW ENE) AFRIKADA TÄZE JENNETINDE ÇAGANY DÜNÝÄ GETIRÝÄR ''...Edinden uzakda bolan, Abzuwa (Günorta-gündogar Afrikada bir ýer) gitsinler'' diýip Enlil janykdy. Adamu we Tiamat Edinden kowuldylar. Enki olary baglaryň arasynda gurulan ýapyk mekana (Afrika Jenneti) ýerleşdirdi; biri-birlerini bilsinler'' diýdi. Ningişziddanyň bitiren işiniň netijeliligini gördi. Enki keýpihon ýagdaýdady. Tiamat hamylady. Ninmah onuň çaga dogurşyny görmäge geldi.Ýerli barlyklaryň bir ogly, bir gyzy boldy. Ekizdiler. (Mukaddes Kitaplarda Adam ata we How enäniň Kabyl we Anyk atly iki erkek we olaryň ekizleri iki gyz bolmak bilen 4 çaga dogulypdyr. Sümer plitalary bu atlary öňde bir näçe wakalar bolup geçenden soňra ýatlap geçýär. Ýagny bu atlar hem Sümer hekaýalaryndan alynandyr. Ýöne mukaddes kitaplar Kabyl we Abyl dogulýança; adamlaryň işçi we gul hökmünde işledilýän döwrüni pas geçirýär. Sebäbi bu Bir Taňryly dini alyp göterýän görüşleriň ''Taňry ýaratdy'' diýenine ters düşýärdi. Elbetde Elohim ýaradan Adamsyny gul ýaly magdanlarda işletdirdi diýip bilmez. Şunça gizlin saklanan zatlara garamazdan ýene-de Keramatly kitaplar açyklap görkezýär. Bular hakda öňdäki bölümlerde degip geçeris... • ILKINJI IŞÇILER IŞLEMÄGE TAÝÝAR Täze dogulanlaryň haýran galmak bilen synladylar Ninmah bilen Enki. Günler aýlara, Aýlar Ýeriň ýyllaryna tarap ilerledi. Adamu we Tiamadyň başga-da gyzlary we ogullary dogulýança, ilkinji doganlar öz aralarynda köpeltmäge başlapdylar. Nibirunyň bir sary dolmazdan Ýerliler köpelmäge başladylar. Ilkinji işçiler düşünjelidiler, aýdylanlary ýerine ýetirip bilýärdiler. Anunnakiler bilen birlikde bolmagy halaýardylar; bir az taýynlyga köp iş bitirýärdiler. Tozandan, gyzgyndan şikaýat etmeýärdiler, agyr iş edenlerinde igenmeýärdiler. Abzudaky Anunnakiler iş-güýçden çekilipdiler. Altynlar alynyp Nibiruwa eltilýärdi, Nibirunyň atmosferasy gitdigiçe gowulanýardy. Ýerdäki işler her kesi begendirýärdi. • ANUNNAKILER ÝERDE ÖZ ARALARYNDA KÖPELÝÄRLER Anunnaki asmandan ýere gelenleriň arasynda durmuş guruşmak, birleşmek we köpelmek bardy. Enlil we Enkiniň öz öweý gyzjigilerinden, şypaçy gahrymanlardan dogan ogullar hem aýallar alypdy. Olaryň ogullary we gyzlary dogdy Ýer ýüzünde. Nibirunyň ýyl döwürleri bilen ýaşamaga öwrenşen bolmagyna garamazdan Ýeriň döwürlerine hem öwrenşipdirler. Ýerde biri dogýança Nibiruda alty sansy dogulýardy. Ýerdäki ylgap-ýöreme ýaşyna ýetýänçä Nibirudaky iş ýaşyna ýetýärdi. Nannar we Ningalyň (Enliliň ogly we gelni) ekizleri dogulanda hemmeleriň ýüzünde şatlyk alamaty bardy. Bir gyz we bir ogul doguldy. Ningal olara Inanna (Iştar) we Utu (Şamaş) diýip at dakdy. Olar bilen birlikde Anunnakileriň Ýerde üçünji nesli başlady. Baştutanlaryň çagalaryna wezipeler berildi. Käbir öňki işler paýlaşdyryldy, çagalar bilen has aňsat edilýärdi. • ANUNNAKILER NIBIRUNYŇ GÜN SISTEMASYNA HOWP SALJAKDYGYNY BILÝÄRLER Öňki edilýän işleriň üstüne täzeleri goşuldy. Ýerde gyzgynlyk artyp, garly, buzly bölekler eräp suw bolýardy. Deňizleriň hanasy indi dolup daşypdy. Ýeriň aşaklaryndan otlar we kükürtler , wulkanlar atylyp çykýardy. Ýer yranyp, her saparynda Ýer titreýärdi. Aşaky bölekde gar reňkli ýerde (Antarktida) buzlar döwülýärdi. Abzunyň iň ujynda (Afrikanyň günortasy) Enki syn edilýän mesgen gurdy. Bu ýerleri ogly Nergala (Irrigal) we onuň aýaly Ereşkigalyň (Nannaryň gyzy) serkerdeligine tabşyrdy. Nergal kakasy Enkä :''Onuň astynda näbelli bir zat çişýär'' diýdi. Nibirukide, gök-ýer bagynyň ýerinde Enlil gökleriň aýlawyny synlaýardy. Täleý plitalarynyň ME-lerine görä gök hereketleri gabat gelýärdi. Enlil: ''Göklerde bir bulaşyklyk bar'' diýdi jigsi Enkä. Marduk Lahmunyň (Mars) aragatnaşyk ýerinden şikaýat edýärdi kakasy Enkä. • NIBIRUNYŇ ÇEKIŞ GÜÝJI LAHMUWA WE BÜTIN GÜN SISTEMASYNA TÄSIRINI ÝETIRÝÄR Güýçli şemallar ösüp, tozan-tupanlar turýardy. Mardugyň kakasy Enkä ugradan sözleri şeýledi. Döwülen bilezikde (asteroid guşaklygy) üýtgeşmeler bolup geçýär. Ýokardan ýagan kükürt Ýeriň üstüne gaçýardy. Merhemetsiz iblisler apat getirýärdiler, güýçli uçgun Ýere golaýlap göklerde alowly ýangynlar ýaly partlaýardy. • ÇÄRESIZ NIBIRULYLAR. NIBIRU GÜN SISTEMASYNA GIRÝÄR Açyk howada garaňkylyk düşüp, tupanlar we erbet howalar ary galan ýaly aýlanyp durdular. Daş ýangynlar ýaly çozýardylar Ýeriň hemrasy Kingu (Aý) we Lahmu zyýan çekdi. Sansyz ýaralara duçar boldy ýüzi. Enlil we Enki gyssanmaç patyşa Anuwa bulary habar berdiler. Nibirunyň alymlaryny çagyrdylar. Ýer, Aý we Lahmu näbelli bela duçar boldy. Nibirudaky alymlar jogap ugratdylar. Ýöne bu jogap olaryň soraglaryny kanagatlandyrmaga ýetmedi. Gün sistemasy göklerde aýlanyp durýardylar. (Aýlanyş ýoluny sazlaýarlar) Ýedinji ýerde Ýeriň durmagy bilen saýýaralar özleriniň ýollaryny saýlaýardylar. Göklere golaý gelen Nibiru Günüň mesgenine aralaşdy. Bir setire düzülen ýediler Nibirunyň ünsüni çekdi. • NIBIRU, WENERA WE MERKURINIŇ UGRYNY ÜÝTGEDÝÄR Döwülen bilezikden (asteroid) geçip giden ýoly gözleýärdi. Bilezikden ýogyn we inçe parçalary gopardy. Gök päsgelçiliginden geçen Lahmu (WENERA), Mummu (Merkuriý) bilen Güne tarap ilerledi. Lahamu göklerdäki görkli ýerleşen ýerini terk edýärdi. Gök patyşasy Nibiruwa dogry çekildi Lahamu. Gök şa zenany bolmak isleýärdi. Nibiru ony köşeşdirmek üçin astyndaky janawar sypat Iblisi çekip çykartdy. • NIBIRU BIR GUÝRUKLY ÝYLDYZY GÜN SISTEMASYNA ÇEKÝÄR Bir döwürler Tiamatyň goşunyna degişli bolan ýyldyzlar söweşi tarapyndan degişli edilen janawardy. Nibiru tarapyndan süýşürilen, ýoluny üýtgedip täzeden ýerine getirildi. Çuňlukdan gögüň edil ortasyna alawlar saçýan ajdarha ýaly süýndi. Başy bir lig uzynlykdady. Uzynlygy bolsa elli lig; guýrugy gorkuly hem gaty ulydy (Guýrukly ýyldyz bolsa gerek). Günüň ortasynda garaldy Dünýä semalary. • AÝ, MARS WE ÝER ZYÝAN GÖRÝÄR Gijesi bilen Aýyň ýüzüni bir garaňkylyk gurşap aldy. Lahmu doganlary, gök barlyklardan kömek sorady. Aždarhany saklap biljek barmy, kim duruzyp öldürerkä ony diýip sorady. Bir wagtlar Tiamadyň hemrasy bolan Kingu (Aý) orta çykdy. Aždarhanyň ýoluny kesmek üçin Kingu gyssanmaç ýola çykdy. Kingunyň üstündäki bulutlar titredi. Kingu sarsyp gitdi. Alan zarbyndan titräp sarsdy. Soňra apat öz-özünden ýuwaşady, Nibiru çuň uzaklykdaky öýüne gitdi. Lahmu bolýan ýerini terk etmändi. Daşdan ýagyşlar Lahmu we Ýeriň üstüne ýagmagy kesildi. Enki we Enlil bilen Marduk we Ninurta üçüsi ýygnak etdiler. Bu hadysalary barlap, sebäbini anyklamalydy. Enki abzallary bilen Ýeriň platformalaryny başlady. • ÝERIŇ ZYÝANA UGRAN ÝERLERI GÖZLENÝÄR. MARS ATMOSFERASYNY ÝITIRÝÄR Okeanlaryň çuňlugyny ölçedi, Ýeriň uzak ýollarynda altyn we kümüş daglaryny barlady. Enki: ''Nibirunyň ömrüni halas etjek altynyň hiç kemi bolmaly däl'' diýýärdi. Daglaryň titräp, ülkeleriň sarsgyna düşen ýeri bolan Edini Ninurta barlamalydy. Gök gämisi bilen beýiklige galyp ýola rowana boldy. Gonuş ýeri bolan platforma zyýan çekmändi. Demirgazykdaky ülkelerde ýanýan suwlar akýardy. Ninurta kakasy Enlile şu ýokardakylary düşündirdi. Lahmu atmosferadan zyýan çekýärdi, tozan tupanlar ýaşamaga päsgelçilik döredýärdi. Marduk kakasy Enkä: ''Ýere barasym gelýär''. Enlil bolsa öňki planlaryna ünsüni sowdy. Haýsy şäherlerde haýsy wezipelere girişmek üçin pikir derýasyna batdy. • GONALGA ÝERI MARSDAN ÝERE ALYNÝAR Enlil ''Edinde bir ulag ýeri bina edilmeli'' diýýärdi beýlekilere. Kristal plitanyň üstündäki öňki ýerleşmeli ýeriň planlaryny görkezdi. ''Gonuş ýerinden Lahmudaky gonalga barmak näbelli bolýandygy üçin Ýerden göterilip Nibiruna tarap gitmelidiris'' diýdi. Suwa gonulan günden bäri segsen şar sanaldy (bir şar 3600 ýyl,288.000 • MARSDAKY BAZA ÝERE, BAD-TIBARA ALYNYP GELINÝÄR Indiki ýazgylar Enki we Mardugyň Aýa gonuşy, Enki gögüň üç usulyny we ýyldyzlary nähili belleýşi hakynda bolup geçer. Bad-Tibaranyň serkerdesi Ninurta şeýle diýdi: ''Metal şäheri Bad-Tibaranyň ýanynda ulaglaryň ýeri gurulmaly. Ýerden Nibiruna altynlar gönümel ulaglar bilen daşalmaly...'' Enlil ogly Ninurtanyň sözlerine gulak asdy; oglunyň giň gözýetimine buýsandy. Enlil bu plany patyşa Anuwa şeýle habar berdi: ''Rugsat beriň, Edinde gök ulaglaryň gonuş ýerini bina edeliň. Altyn jöwherleriniň eredilip guýulýan ýeriň golaýyndan guralyň. Altynlary Ýerden Ulaglar bilen Nibiruna daşalyň. Gahrymanlar we gerek-ýarak zatlar Ýere gelsin. Jigimiň planlarynyň peýdasy uly'' diýip aýtsa-da onuň bu aýdanlarynda ýalňyşlyk bardy. Dowamy bar... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |