01:04 Şumer daş plita ýazgylary -5: dowamy | |
• ENKI WE MARDUK AÝA GIDÝÄR
Geň-taňsy wakalar
Ýeriň agyrlyk güýji Lahmunyňkydan has güýçlidi; ony ýeňmäge güýjümiz ýetmez. Gyssanmaç bir karara geleliň. Ýakynda Ýeriň ýoldaşy bar, ýagny Aý. Çekiş güýji has kiçi we onuň üstüne gonmak kyn bolmaz. Aralykdaky gonalga diýip düşüneliň ony. Men we Marduk (Enkiniň ogly) o ýere baryp gaýdaly. Patyşa Anu bu iki sany plany alymlaryň we maslahatçylaryň öňünde çözsünler diýip goýdy. Olar ilki Aý barlansyn, diýip maslahat berdiler. Anu Enki we Enlile ''Ilki Aý barlansyn'' diýip ses ugratdy. Enki bu habary eşidip begendi. Aý oňa hemişe enaýy görünýärdi. Onda suw barmy ýa ýokmy? Nähili atmosferasy bar? Hemişe şulary bilesi gelýärdi. Ukusyz gijelerde onuň kümüşsow reňkine, togalaklygyna jadylanan ýaly synlaýardy. Onuň Gün bilen oýnaýandygyny, onuň dogup batyşy täsin bolup görnüpdi. Enki we Marduk kosmos gämisine münüp Aýa tarap ýola rowana boldylar. Ýeriň ýoldaşynyň daşynda üç sapar aýlandylar; aždarhanyň salan ýarysyny barladylar. • AÝ GONALGA ÜÇIN ÝARAWSYZLYGY BELLI BOLÝAR Aýyň ýüzi iblisleriň urup galdyran eserlerinden ýaňa diňe çukurlardan hem dilik-deşiklerden doludy. Depeleriň çykyp duran ýeriniň ortarasyna Kosmos gämisi gondy. Gonan ýerlerinden Ýeri, ümmülmez gökleri synladylar. Bürgüt kaskalary, howpsuzlyk geýimlerini guşandylar, atmosferasy, howadan dem almaga amatsyzdy. Daş-töwerege aýlandylar, bir ýana, soň beýleki bir ýana aýlanyp gördüler. Erbet aždarhanyň galdyran eseri erbet zyýan ýetiripdir. ''Lahmunyň üstünden beter bu ýerler'' diýdi Marduk kakasyna. Marduk sözüniň üstüne şulary goşdy: ''Terk edeli bu ýerleri Ýere dolanyp baraly''. Enki bolsa: ''Nirä howlugýaň, Ýeriň, Aýyň we Günüň gök tanslary seni jadylanokmy? Bu ýerden synlanymyzda bize päsgel berýän zat ýok.. Günüň çärýegi ýakyn geldi, Ýer boşlukda sallançak ýaly asyl-asyl bolup durdy. • AÝ WE GÜN SISTEMASY WE WAGT HASAPLARYNYŇ ÜSTÜNDE IŞLENÝÄR Görýän täsinliklerinden haýran galan Enki ogly Marduka şeýle diýdi: ''Uzakdaky gökleri enjamlarymyz bilen ölçäris... HEMME ZADY ÝARADANYŇ täsin eserini özümiz synlap bileris. Galaly aýlawlary hasaplaly; Aý Ýeriň daşyndan nähili liniýadan ýörär? Ýer Günüň daşyndan nähili liniýadan hereket eder?'' Marduk ňakasynyň aýdanlaryna razy boldy. Kosmos gämisinde ýaşamak üçin ýer taýynladylar. Ýeriň bir aýlawy, Aýyň bolsa üç aýlawyna deňiç galdylar. Aýyň Ýer daşyndaky hereketlerini ölçediler, bir aýyň wagtyny hasapladylar. Ýeriň alty aýlawy, Ýeriň daşyndan on iki aýlaw boýunça Ýeriň ýylyny hasapladylar. Bu ikisiniň nädip biri-birine aýlanyp yşykly diskleriň gözden ýitişini bellige aldylar. Soňra Günüň çärýegine üns berdiler; Mumunyň we Lahmunyň ýollaryna syn etdiler.Ýer we Aý bilen Lahmu, Günüň ikinji çärýegini düzdi. Suwly gök barlyklaryň üsti-asty alty gatdy ( Asteroid guşagynyň Güne ýakyn bolan bölegine aşaky suwlar, uzakdaky bölegine bolsa ýokary suwlar diýýärler). Enki Marduka şeýle diýip düşündirdi. Alty gat ýokarky suwlaryň gök barlyklary; böwet bolan döwülen bilezigiň aňyrsynda. Anşar (Saturn) we Kişar (Ýupiter), Anu (Uran) we Nudimmud (Neptun), Gaga (Pluton) we Nibiru dagylar şol altylar. Jemi on iki bölekdir. • ÝYLDYZLARYŇ GEÇIŞ ÝOLY ATLANDYRYLÝAR Gün we maşgalasy on iki sanydy. Marduk kakasyndan iň soňky ÝYKAN ÝUMRULŞYK hakynda soraýardy. Näme üçin ýedi sany gök barlyklar öz gezekli-gezegine düzülip ýer aldylar? - diýip ol ýene kakasyndan sorady. Enki bolsa Günüň daşynyň aýlaw sany hakynda pikir etdi. Olary wujuda getireniň, Günüň daşynda peýda eden zynjyrlaryny üns bilen barlady. Ýeriň we Aýyň yşaratlaryny plitanyň üstüne bellik etdi. Günüň maşgalasyndan bolmadyk Enki Nibirunyň hereketlerine görä bu uly gözlegiň giňişligini takyklady we Patyşanyň hormaty üçin oňa ''Anu ýoly'' diýip at goýdy. Ataly-ogul gökdäki ýyldyzlar giňişligini ölçediler. Biri-birine ýakyn ýyldyz toparlary Enkini jadylaýan ýalydy. Gökleriň geçýän turlaryna görä bir başdan beýleki ujuna çenli on iki ýyldyzy çyzdy. Uly giňişlikde Anu ýolunda bularyň her birini Gün toparyndaky on ikiler bilen ýakynlaşdyrdy. Şundan şeýläk şu atlar bilen atlandyrylsyn. Soňra göklerde Anu ýolunyň astynda Nibirunyň Güne ýakyn ýerine Enki öz adyny dakdy. Ýagny ''Enki ýoly''... Ýyldyzlary hem on iki ýyldyz toplumy görnüşinde düzüşdirdi. Ýyldyzlaryň toplumy 36 sanydy. Üç ýoluň içinde ýerleşendi. Nibirunyň ýakynlaşyp daşlaşan gezegindäki synlan ugry bu ýyldyzlaryň ýerleşişine Ýerden synlap bilse bolýardy. Günüň daşynda eden aýlawynda Ýeriň bellenen çägi hem şeýledi. Enki Marduka muny şeýle düşündirdi. Ýere baran wagtym ahyrdaky duralga Balyk diýip atlandyrdym. Onuň yz ýanyndaky gelen topluma bolsa lakamyma mynasyp Suwlardan bolan diýip at berdim...'' diýip Enki ogly Marduga buýsançly gürrüň berýärdi. ''Bilimdarlygyň gökleri gurşap alar, öwrenenleriň meniň düşünjelerimden iki esse artar. Ýöne Ýerde we Nibirunyň üstünde ylym bilen hökümdarlyk aýrylandyr. • MARDUK KAKASYNA SÜTEM EDÝÄR, EZILENDIGINI AÝDÝAR ...Oglum! Eý oglum! Başga-da bilmeýän zadyň barmy? Saňa mundan başga näme öwredeýin, näme bereýin diýip Enki oglundan sorady. Gökleriň syrlaryny, Ýeriň syrlaryny seniň bilen paýlaşmadymmy?'' ''Heýhat kakam!'' diýen Mardugyň sesi ezýetli çykdy. Soňra ol şeýle diýip haýkyrdy: ''Abzudaky Anunnakiler işi taşlanlarynda we Senem ilkinji işçini ýaratmaga synanyşanyňda saňa kömek etmek üçin ejemi däl-de Ninurtanyň ejesini ýanyňa çagyrdyň. Saňa kömek etmek üçin meni däl-de menden kiçi Ningişziddany çagyrdyň. Ömür we ölüm bilen baglanyşykly bilimi meň bilen däl-de olar bilen paýlaşdyň...'' Enki ýene-de ''Oglum'' diýip ýüzlendi we: ''Saňa Igigileriň we Lahmunyň serkerdeligi berildi, iň ululary bol diýip...'' ''Haý kaka! heýhat kaka diýýärdi Marduk. ''Kysmat ýoksul edip goýdy bizi üstünlikden. Sen adam Anunyň birinji oglykaň, sen däl-de Enlil mirasdüşer boldy. Sen ilkinji bolup suwa gonup Eriduny guranyňda Eridu Enliliňki boldy, seňki bolsa uzak Abzuda. Seniň ilkinji ogluň men, hemem kanuny aýalyňdan bolmak bilen Nibiruda doguldym. Gel gör altyn Ninurtanyň şäherinde bir ýere toplanyp şol ýerden ugradylýar we ol ýerde goýulýar. Nibirunyň kysmaty onuň ellerinde meňkide däl. Ýere baranymyzda meniň etmeli işim näme bolar? Meşhur patyşalyk bolarmy kysmatym ýa-da peselermi?'' Onuň bu aýdanlaryna dymyp galan Enki ogluny gujaklady. Oňa Aýda şeýle söz berdi: ''Menden alynan zatlar, geljekde seňki bolar! Seniň asmanawy zamanyň geler, seňki bolar. • ENKI WE MARDUK ÝERE DOLANYP BARMAKDAN GIJÄ GALÝAR Indi bolsa Edindäki ulaglar ýeriniň, Sipparyň we ilkinji işçileriň nädip Edine dolanyp barýandyklary hakynda bolar. Ýeriň birnäçe aýlawy dönüp geçse-de ataly-ogul Aýdan dolanyp gelmändiler. Lahmudaky Igigiler birahatdylar. Enlil kakasy Anuwa gizlin sözler ugratdy: Enki we Marduk Aýa gitdiler, olar eglenmek bilen ol ýerde galdylar. Näme edýändikleri, näme planlýandyklary belli däl. Marduk Lahmudaky gonalga ýerini terk etdi. Igigiler möwjeýärler. Tozanly tupanlar gonalga ýerine zyýan ýetirýändigi belli däl. Edinde ulaglar ýeri gurulmady. Lahmudaky gonalga geregem bolmaz indi. Ninurtanyň planydyr bu, bu onuň düşünjelilogini aňladýar. Rugsat berseň Bad-Tibiranyň golaýyndan gursun ulaglar ýerini. Ilkinji serkerdesi Ninurta bolsun. • GÖZLEG GONALGASY ÝERDE GURULÝAR, SERKERDESI UTU (ŞAMAŞ) BOLÝAR Anu Enliliň bu aýdanlarynyň pikirini etdi we şeýle jogap berdi: Enki we Marduk Ýere dolanyp barýarlar, intek diňläli sözlerini. Aýda nämeler tapandyklaryny göreli. Enki we Marduk Aýdan dolanyp Ýere geldiler. Ol ýerdäki görenlerini aýdyp berdiler. Uçuş-gonuşly ýer aerodrom gurnamak üçin amatsyz diýdiler. Ulaglaryň ýeri gurulsyn diýdi Anu. Rugsat berseňiz serkerdesi Marduk bolsun diýip ýüzlendi Enki Anuwa. Bu wezipe Ninurta üçin aýryldy - diýip Enlil haýkyryp gygyrdy. Igigileri serkerde edip bellemegiň geregi ýok, Mardugyň bu işlerden bilýän zatlary köp. Rugsat berseň gök gapylaryna Marduk bellensin - diýýärdi Enki kakasyna. Anu bu meseläni goh-galmgal bilen ulaltdy. Pähim-paýhasdan ýüki ýetik Anu belli karara geldi. Ulaglara derek altyny başga bir usullar bilen daşalsyn edildi. Anu: ''Mundan beýläk täze nesliň ellerinde bolsun buýerler. Ne Enlil ne Enki, ne-de Ninurta we Marduk bolsun serkerdesi!!! Bu wezipäni üçünji nesil Altyn, serkerdesi Utu bolsun! Gök arabalaryň ýeri gurulsyn, ady hem Sippar, Kuş kent-şäher bolsun'' diýdi. Onuň sözlerini üýtgedip bolanokdy. Gurluşyk segsen birinji şarda başlady (291.600 ýyl), Enliliň planlaryna görä ugrukdy. Merkezinde Nibriku bolan bu şäher Enlil tarapyndan Dünýäniň göbegi diýlip yglan edildi. Bellenen ýerleri we uzaklyklary beýiklikde bildirip durdy öňki şäherler, aşakdaky deňizden daglara dogry giden ok ýaly gurnalypdy. Demirgazykdaky göklere tarap Arratanyň (häzirki Agri ) ekiz ýanyndan geçen bir çyzyk çyzdy Enlil. Bellik eden okuň Arrata çägini kesýän ýerinde Sippar üçin ulaglar ýerini bellik etdi. Ok göni şoňa tarap uzaýardy. Nibrukiden bir çember uzaklykda ýerleşendi. Çyzylan plan ussatlyk bilen ýerine ýetirilendi, muny hemmelere düşündirdi. Sipparyň gurluşygy Segsen ikinji şarda tamamlandy. Enliliň agtygy Utuwa serkerdelik berlipdi. Onuň üçin bürgüt şlýom ýasaldy. Ony Bürgüt ganatlary bilen bezediler. Nibirudan Sippara tarap gelmeli ilkinji arabada Anu gelýärdi. Ýerine ýetirilen işlere hem-de onuň täsinligine baha bermäge gelýärdi. • ANU ÝERE GELÝÄR Mardugyň serkerdeligindäki Igigiler Lahmudan Ýere soň üçin gelipdiler. Gonuş ýerinden we Abzudan gelen Anunnakiler hem ol ýerde taýyndylar. Biri-birlerini görenine begendiler; salamlaşdylar, baýramçylyk bellediler. Enliliň agtygy Inanna gazal aýdyp tans etdi Anu üçin. Anu begenip ony ogşady. Oňa mähir bilen Anuniti diýip lakam goýdy. Manysy Anunyň söýüp mähir bildireni diýmekdi. Anu gitmezden ozal erkek we zenan gahrymanlary toplap: Täze Eýýam başlandy diýdi olara. Halas ediliş altynlar toplananda, kyn işleriň soňy geler. Ýeriň kyn şertlerinde işlemek azalar, erkek we zenan gahrymanlar Nibiruwa dolanyp bararlar. Anu ýygnananlara şeýle söz berdi. Birnäçe şar işläniňizden soňra öýüňize gaýdarsyňyz diýdi... • ABZUDAKY ILKINJI IŞÇILER SÜMER DIÝARYNA ÇAGYRYLÝAR Anu ýany bilen altynly Nibiruwa tarap süýnüp uçup gitdi. Utu täze wezipedäki işine uly höwes bilen girişdi. Ninurta bolsa Bad-Tibiranyň serkerdeligindedi. Marduk Lahmuwa dolanyp barmady, kakasy bilen Abzuwa hem gitmedi. Onuň hyýal-arzuwy bütin diýarlaryň üstünde aýlanmakdan ybaratdy. Gök gämisine münüp Ýeri öwrenmekçi bolýardy. Käbiri Lahmuda käbiri Ýerde bolan Igigileriň serkerdeligine Utu taýyn edilipdi. Anu Nibiruwa gideninden soň Ýerdäki galan baştutanlaryň diýseň uly umytlary bardy. Anunnakileriň täzeden kuwwatly işlemäge başlajakdyklaryny, altyny çaltlyk bilen öýe ugradylmagyna garaşdylar. Heýhat, bu beýle däldi. Abzudaky Anunnakiler bolsa kyn işi dowam etdirmegi däl-de rahat dynç almaklyga garaşýardylar. ''Ýerdäkiler barha köpelmäge başladylar, işi indi olar etsinler'' diýýärdi Abzudaky Anunnakiler. Edindäki bellenen wezipeler has uludy. Has köp öý, goş-golam gerekdi. Edindäki gahrymanlar diňe Abzuda ýerleşdirilen ilkinji işçileri goýbermeklerini soradylar. Edindäki gahrymanlar ''Kyrk şarlap rahatlyk diňe Abzuwa nesip etdi'' diýip gygyryşýardylar. • NINURTA ABZUDAN ÝERLILERI EDINE GIZLIN ALYP GAÝDÝAR ...Işimiz hasam beter artdy, bize-de indi işçi gerek. Enlil bilen Enki munuň çäresini tapmak üçin pikir alyşdylar. Ninurta meseläni özbaşyna çözmek isledi. Elli gahrymanlar bilen bilelikde Abzuwa tarap ýörüş edip ýaraglandylar. Abzunyň tokaýlygynda we sähralygynda Ýerlileri gözläp başladylar. Gözläp tapan ýerlerinde erkek-zenan diýmän Edine getirdiler. Miwelik baglygynda we şäherlerde her dürli işi etmekleri üçin olary okadyp öwretdiler. Bu işlere Enkiniň gahary geldi; Enlil gazap atyna mündi. Adamu we Ti-Amaty kow diýipdim etmediň!'' diýdi Enlil Ninurta! Abzuda bolup geçen gozgalaň, Edinde hem başlamasyn diýdi Ninurta Enlile. Ýerliler Edine gelseler gahrymanlar köşeşerler. Bir näçe şar geçsin, kynçylyk çözüler!-diýdi Ninurta, Enlile. • EDINDE ÝERLILER KÖPELÝÄR. IÝMIT ÝETMEÝÄR Enlil köşeşer ýaly däldi, hüňňürdäp-igenip ''bolýar'' diýdi ogluna. Altyn tiz toplansyn, hemmämiz iň gysga wagtyň içinde Nibiruwa dolanalyň. Edinde Anunnakiler Ýerlileri haýran galmak bilen synlaýardylar: Olar düşünjelidiler, buýrulan buýruklara düşünýärdiler. Her dürli görnüşden ýokary düşünjelidiler. Işlerini ýalaňaç ýerine ýetirýärler. Erkek we zenanlar öz aralarynda dowamly birleşip, dowamly köpelýärdiler. Bir şaryň dowamynda kä wagtlar dört, käte has köp nesil dünýä gelýärdi. Ýerlileriň sany köpeldigiçe Anunnakileriň işçileri Anunnakileriň berýän iýmitleri ýetmezlik edip başlady. Şäherlerde we miwe bakjalarynda, düz ýerli mekanlarda we depelerde Ýerliler dowamly diýen ýaly iýmitiň gözlegindediler. Ol wagtlar dänelik we ekinlik ýokdy. Urkaçy goýun, guzy dogulmandy. Bu mesele sebäplem Enlil Enkä igenýärdi: ''Seniň eden işleriň sebäpli döredi bu problemmalar, munuň çäresinem sen gözle!'' • ENKI SIWILIZASIYALY ADAMY DÖRETMEGI PLANLAŞDYRÝAR Indi bu bolsa siwilizasion ynsanyň orta çykyşynyň we Edinde Adapa we Titiniň Enkiniň gizlin syrlarynyň kömegi bilen nädip dogýandygy hakynda bolar. Ýerlileriň köpelýändigine Enki begenýärdi, Enlil bolsa alada batýardy. Anunnakileriň agyr ýükleri ýeňlän ýaly boldy, birahatlykdan aýryldylar. Olar köpeldikleriçe Anunnakiler agyr işlerden gaçýardylar, işçiler topraga bagly gullar ýalydylar. Ýedi şar içinde Anunnakileriň paýyna düşen iş aňsatlaşypdy. Ýene-de üç şar geçeninde balyklar we guşlar azalyp başlady. Öz-özünden ýetişýän zatlar Anunnakilere we Ýerlilere ýetmez boldy. Enki başga bir çykalga tapmak üçin pikirlenýärdi. Topraga ekiljek tohumlar olar tarapyndan ýetişdirilip, goýunlara hem seredip çopançylyk edip ýetişdirip biljekdiler. Ýöne muny nädip başarmalydygy hakynda pikir etdi. Bu esasy plan üçin Abzudaky ilkinji işçileri gözledi. Edindäki Ýerlileri şäherlerde we miwe bakjalarynda gözden geçirdi. Bulary nädip şol işlerde belläp bolar? Intek birleşmedik haýsy janly ýaşaýyş suwuklygy bilen amala aşyrmaly? • ANUNNAKI TOHUMY SIWILIZASIÝA YNSANYNYŇ DÖREDILMEGI ÜÇIN GEREKLI. ENKI IKI ÝERLI ZENANY DÖLLENDIRÝÄR. Ýerlileriň çagalaryna syn etdi we örän erbet bir zat gördi: Aralarynda jübütleşe-jübütleşe bular ilkinji atalarynyň ýagdaýyna düşüpdiler. Enki gamyşlyklarda aýlanyp gördi, derýalarda ýelken açyp gözleşdirdi. Ýanyna diňe syr saklaýan weiri Isimudy aldy. Derýanyň kenarynda hezil edip suwa düşýän Ýerliler onuň ünsüni çekdi. Aralarynda wagşy owadanlyklary bilen iki zenan onuň gözüne ildi. Olary gören Enki begendi. Enki Isimuda ýüzlenip: ''Bu ýaşlary ogşasammykam'' diýdi. Isimut gämini kenara tarap öwürdi. Enki gämiden düşdi. Ol ýaşlaryň birini ýanyna çagyrdy. Ýaş gyz Enki üçin bagdan miwe ýoldy. Enki egilip ony gujaklady. Ýaş ýerli gyzy bildi. Jübütleşip, ýatgysyna tohum goýberdi. Ýaş gyz mukaddes tohumdan hamyla boldy. Enki beýleki gyzy hem ýanyna çagyrdy, ýaş gyz oňa üzüm ýolup berdi. Enki ony hem egilip gujaklady. Ýaş gyzy bildi. Jübütleşip mukaddes tohumy ýatgysyna goýberdi. Jenap Enkiniň tohumy bilen hamyla boldy. Weziri Isimuda bolsa şeýle tabşyryk berdi: ''Bu ýaş gyzlar bilen bile bol, göwreli bolup-bolmandygyndan habarly bol'' diýdi. Isimud ýaş gyzlaryň ýanynda galdy; dördünji sanyň içinde göwreleri tegelendi. • ÝERLI ZENANLAR DOGURÝARLAR Onunjy sanda dokuzynjy tamamlanypdy; birinji zenan çommalyp bir oglan bänejigi dünýä getirdi, ikinji zenan çommalyp bir gyz bäbejigi dünýä getirdi. Şol günüň wagtyny bellige alanyňda gün dogup gün batýança dogurdylar. Şol günden bäri ''Zarifler Şapak we Agşam'' diýlip rowaýatlarda aýdylyp gelindi. Kakalary Enki bolan bu ikisi togsan üçünji şarda 334.800 ýyl) Edinde doguldylar. Isimud olaryň dogulandygyny Enkä habar berdi. Enki bu habary eşidip begendi. Enki Wezir Isimuda şeýle diýdi: ''Bu syr biziň aramyzda galsyn! Eneleri olary emdirsin. Soň olary meniň öýüme getir...'' • ENKI TÄZE DOGULANLARY ÖÝÜNE ALYP GELÝÄR ''...Bu perzentleri gamyşdan örülen sebediň içinde hasyroty saz çalýan gamyşlyklaryň arasyndan tapdym...'' diýip hemmelere şeýle diýip aýtgyn. Ninki terk edilip taşlanyp gidilen çagalary gowy görüp söýdi. Olary öz ogullary ýaly ulaldyp ýetişdirdi. Oglanjygyň adyna Adapa diýip at goýdy. Gyza bolsa Titi diýip dakdy, durmuşda dogulan diýen manyda. Bu ikisi beýleki Ýerli çagalara hiç meňzänokdy. Beýleki Ýerlilerden giç ulalýardylar, düşünjeleri olaryňkydan tiz özleşýärdi. Ökdediler, gürleýişleri düşnüklidi. Gyz owadandy. Elleri hünärlidi. Enkiniň aýaly Ninkiniň gyzgyn mähri Titini gurşap alypdy. Oňa her dürli el hünärini öwredýärdi. Enki bolsa Adapany okadýardy. Ýazgylary ýitmez ýaly nähili bellemelidigini, saklamalydygyny öwredýärdi. Enki bu başaran işini buýsanmak bilen görkezýärdi weziri Isimuda. Oňa Siwilizasiýa ynsanyny ýaratdym diýýärdi. • NIBIRUDAN HAÝWAN WE DERMAN TOHUMLARY GETIRILÝÄR Tohumymdan täze bir Ýerli tüýs peýda boldy. Ol meniň öz keşbinde we maňa meňzeş! Derman tohumlaryndan besin ýetişdirerler, guzylary süri-süri edip ýetişdirerler! Mundan beýläk Anunnakiler we Ýerliler aç galmazlar. Jigsi Enlile habar ýollady; Enlil Nibrukiden çykyp Eridu şäherine geldi. Ýabany çaýyrlarda täze bir Ýerli tüýs emele gelipdir diýdi Enki Enlile. Ýatkeşlikleri güýçli, aýdylan zada örän çalt düşünýärler, olara ylym-bilim öwretseň boljak. Rugsat ber Nibirudan eker ýaly tohumlar getireliň, rugsat ber Nibirudan Ýere goýun getirip, köpeldeliň, Anunnakiler we Ýerliler aç galmasyn'' diýdi Enki Enlile. Olar köp tarapdan alanyňda bize Anunnakilere meňzeýärler - diýdi Enlil doganyna. Ýöne olaryň çaýyrlykda tapylmagy bolsa haýran galdyryjy. Isimud çagyryldy: ''Olary gamyşdan örülen sebetleriň içinde tapdym'' diýdi. Enlil bu meseläni çynlakaý çözmek üçin çemeleşdi, gam-gussa batdy, kellesini ýaýkady. ''...Ýerde täze siwilizasiýa döreýär, Ýerde öz-özünden siwilizasiýa orta çykýar, oňa ekerançylyk we çopanlyk, el işleri öwredilmeli, hakykatdanam geň, ynanar ýaly däl!...'' • ADAPA WE TITINIŇ PERZENTLERI BOLÝAR Enlil Enkä şeýle diýdi: ''Bu täze görnüşi Anuwa habar bereli! Täze görnüşe degişli maglumatlar Anuwa ugradyldy. ''...Rugsat berseň Ýerde ekmek üçin tohum gerekli boljak, goýun-guzy hem bakmak, köpeltmek we oňňut etmekde ýagdaýlar şeýle. Anunnakiler we Ýerliler täze dörän siwilizasiýa tarapyndan seredilsin, olara iýmit berip dok etsin...'' Anu bu sözleri eşidip şok boldy: ''Janly suwuklygyň başga bir görnüşe öwrülmegi bu görlüp-eşidilen zat däldir'' diýip olara jogap ýollady. Ýerde Adamudan siwilizasiýa gaty tizlikde geçmeklik eşidilen zat däldir. Tohum ekip, tikin dikmek, çopançylyk etmek üçin integem gaty köpelmekleri gerek; bu barlyklar köpelmeýän bolaýmasynlar? Nibirudaky alymlar bu hakda pikir edýärkäler, Eriduda esasy wakalar bolup geçdi. Adapa Titi bilen jübütleşip ony bildi; onuň ýatgysyna tohum goýberdi. Hamyla bolanyndan soň ony dogurdy. • ANU ADAPANY NIBIRUWA ÇAGYRÝAR Titi ekiz-ekizden dogurdy. Bu habar Anuwa ýetirildi. Bu ikili dörew bilen olary köpeldip bolar. Rugsat berseň Ýerde tohumlar ekilsin, goýunlar köpelsin! Rugsat berseň Ýerde hojalyk döresin we çopanlyk edilsin, rugsat ber hemmämize iýmit ýetsin!'' diýip Enki we Enlil Nibirudaky Anuwdan haýyş etdiler. Soňra Anu olara şu jogaby berdi: ''Titi Eriduda galsyn, täze dogulanlary emdirsin, Ýerli Adapa bolsa Nibiruwa getirilsin..!'' 8-nji plita • ANU ADAPANY NIBIRUWA ÇAGYRÝAR. ''...Ýerli Adapany bolsa Nibiruwa ugradyň!'' diýdi Anu. Enlil bu gelinen karardan hoşnut bolmady. Enlil baştutanlara we Enkä. ''Kimiň aklyna gelsin ilkinji ýerli işçi peýda bolýar we bu barlyk bize meňzeýär, oňa hemme zady öwredilen soň gök we ýer aralygynda uçýar. Nibiruda bakylyk suwundan içiriler, bakylyk iýilýän zatdan iýdiriler, Ýerli biri edil biz ýaly Anunnakilerden biri bolmaly...'' diýýärdi Enki hem Anunyň bu isleglerinden hoşnut bolmady. Anu ''Adapany ugradyň'' diýeninden soň ýüzi salyndy. Enlil şeýle diýeninden soňra Enki hem jigsiniň sözlerine goşuldy. Dogrudanam bu hiç kimiň aklyna geljek zat däl. Jigi-dogan oturup muň pikirini etdiler. Ninmah hem olara goşuldy we dertdeş boldy. Anunyň emirlerine-de garşy gidip bolmaz diýdiler. • ENLIL WE ENKI PERZENTLERINI NIBIRUWA UGRADÝAR Biziň ogullarymyz hem Adapa ýoldaşlyk etsinler. Nibiruwa barýarkalar onuň gorkusyny azaldyp Anuwa muny aýdyp bersinler. Enki ýanyndakylara şeýle diýdi. Ningişzidda we Dumuzi oňa ýoldaşlyk etsinler. Nibiruny hem öz gözleri bilen görsünler. Ninmah hem onuň aýdanlaryna goşuldy: ''Ýerde dogulan ogullarymyz Nibiruny ýatdan çykarmazlary ýaly gitsinler, bolmasa ömür wagtyny Ýerliler basdylar. • WEZIR ILABRAT ÝERLILERI ÄKITMÄGE GELÝÄR Enkiniň öýlenmedik iki ogullaram gitsinler Nibiruwa. Belkäm özlerine taý taparlar. Nibirudan gelen gök otagy Sippara baranynda Anunyň weziri Ilabrat onuň içinden çykdy. Ýerli Adapany alyp äkitmäge geldim, diýdi baştutanlara. Baştutanlar Ilabrat bilen tanyşdylar. Enkiniň ogullary Ningişzidda we Dumuzi hem Ilabrat bilen tanyş boldylar. Uçuş wagtynda Adapa ýoldaş bolmak üçin saýlanyp bellendi, diýýärdi oňa. ''Agtyklaryny görenine Anu hem begener'' diýdi Ilabrat. Enki Adapa taýynlansyn diýip ony çagyrtdy we şeýle diýdi: ''Eý, Adapa biziň gelen planetamyza, ýagny Nibiruwa gidersiň. Patyşamyz Anunyň huzuryna bararsyň, onuň öňünde başyňy egersiň...'' • ENKI ADAPA NIBIRUDA ŞERAP IÇMEZLIK ÜÇIN DUÝDURÝAR ''...Diňe soralan zady jogapla. Soraglaryna gysgaça jogap ber. Saňa täze geýimler bererler. Ony geýgin. Soň saňa Ýerde öň iýip görmedik çöregiňden bererler. Ölüm getirýän çörekdir bu, iýmegin! Içmek üçin saňa şerap hödürlener. Ölümlidir bu içgi. Içmegin! Ogullarym Ningişzidda we Dumuzi bilen gidersiň. Diýenlerini etgin, heläk bolmarsyň! Enki oňa şeýle diýip tabşyranyndan soňra Adapa ''Aýdanlaryňy ýatdan çykarmaryn'' diýdi. Enki öwüt berip ugratmak üçin Ningişzidda we Dumuzini çagyrdy. Kakam Anunyň huzuryna bararsyňyz. Oňa hormat bilen egilip baş egersiňiz. Şazadalar we asyllylar gözüňizi gorkuzmasyn, sizem olaryň birisiňiz. Adapany yzyna alyp gaýtmakdyr size berilen wezipe. Nibirunyň haýranlyklaryna akly gitmesin onuň'' diýdi. • ENKI GIZLINLIK BILEN ANUWA GOWŞURMAK ÜÇIN NINGIŞZIDDA BIR TABEL BERÝÄR ''Aýdanlaryňy ýatdan çykarmarys'' diýdiler Ningişzidda bilen Dumuzi. Enki kiçi ogly Dumuzini gujaklady, alnyndan öpdi. Pähimli ogly Ningişziddany hem gujaklady Enki, onuň maňlaýyndan ogşady. Möhürli tabeli gizlinlikde Ningişziddanyň eline berdi. Kakam Anuwa gizlinlikde bergin bu tabeli'' diýdi Enki. Soňra bu ikisi Adapa bilen bilelikde Sippardan aýrylyp gök ulaglarynyň durýan ýerine bardylar. Anunyň weziri Ilabrata göründiler. Ningişzidda we Dumuza Igigi geýiminden berildi. Gök bürgütleri ýaly bolup geýnipdiler. Adapanyň bulaşyk saçlaryny kesip bürgüt kaskadan birini geýdirdiler. Onuň egnine gysyp duran geýim berdiler. Ýokarlygyna süýnüp gidýän ulagyň içinde Ningişzidda bilen Dumuziniň aralygynda otyrdy. Yşarat berilende gök ulag kükräp titredi. • KOSMOS GÄMISI ÝOLA ÇYKÝAR, ADAPA GORKÝAR Adapa gorkudan ýaňa gözlerini ýumup gygyrdy. Ganatsyz bürgüt süýnüp süzülip gitdi. Ningişzidda we Dumuzi ellerini onuň omzunda goýup köşeşdiriji sözler aýtdylar. Bir lige çenli beýgelenlerinde Ýeriň keşbini synladylar, deňizler we okeanlar bilen böleklere bölünen keşbi synladylar. Iki lig beýgelenlerinde okean legen ýaly bolup kiçeldi. Üç lig ýokary göterilenlerinde Ýer top ýaljakdy. Ýer garaňky deňizde gaýyp ýören ýalydy. Adapa gorka gaplanyp ýüzüni, gözüni örtüp gygyrýardy: ''Yzyma äkidiň meni'' diýýärdi. Ningişzidda onuň egninde elini goýdy!!!(?) Adapa şol wagtyň özünde ýuwaşady. Nibiruwa gonanlarynda indi näme bolarka? • OLAR NIBIRUDA GARŞYLANÝARLAR Enkiniň Ýerde dogan ogullary, ýagny ýerlä garaşýardy Nibirudakylar. Başga planetanyň barlygy Nibiruwa geldi! Diýip gygyryşýardy köpçülik. Ýuwunmalary we hoşboý ysly ýaglar bilen mesh edilmeleri üçin Ilabrat bilen bilelikde köşge bardylar. Arassa we laýyk geýimler berildi olara. Enkiniň sözlerine uçan Adapa täze geýimleri geýdi. Köşge şazadalar we maslahatçylar, asyllylar we gahrymanlar, tagt otagynda ýygnanypdyrlar. Tagt otagynda patyşa Anunyň huzurynda baş egdiler. Anu tagtyndan düşüp olara ýanaşdy. Agtyklarym! Agtyklarym! diýip Dumuzini gujaklady. Ningişziddany gujaklady. Gözleri ýaşa doldy. Olary öpüp, bagryna basdy. Sagynda Dumuzini çepinde Ningişziddany oturtdy. Soňunda Ýerli Adapany kabul etdi. Anu Ilabratdan sorady: ''Aýdanlaryma düşünermi?'' Ilabrat: ''Hawa düşünýär, jenap Enki tarapyndan öwredilipdir oňa'' diýip jogap berdi. Anu Adapa ýüzlenip: ''Gel bärik'' diýdi. Soňra Anu ýene-de: Adyň näme, näme iş bilen meşgullanýaň? Adapa öňe çykyp täzeden baş egdi: ''Adapadyr adym, jenap Enkiniň guly!'' diýip jogap bermegi her kesi geň galdyrdy. ''Ýerde ynanylmasy geň bolan iş başarylypdyr'' diýdi Anu. Onuň yzyndan toplananlar hem gaýtalady. • SUPRADA ADAPA BERILENLERI IÝMEÝÄR, IÇMEÝÄR Myhmanlar geleni mynasybetli baýramçylyk bellensin diýdi Anu. Anu ol ýerdäkileriň hemmesini myhman suprasyna çagyrdy. Stoluň üstünde dürli-dümen, näzu-nygmatlar goýulan soň olara ümledi. Nibirunyň çöreginden uzadyldy Adapa. Ýöne ol bu çöregi iýmedi. Içgi hödür edildi, ýöne ol içgidenem içmedi. Patyşa Anu muňa haýran galdy; ýerinden gobsundy. Enki näme üçin bu Ýerlini oňa gökdäki usullary açyklatmak üçin ýolladyka Nibiruwa? Hany sen maňa aýt hany Adapa? Näme üçin hiç zat iýip-içeňok, berilenleri red edýärin? - diýdi. Adapa: ''Jenabymyz Enki maňa şeýle tabşyrdy: ''Çörekden iýmek, içgiden içme! - diýdi. Anu: ''Bu nähili bolgusyzlyk. Biziň çöregimizi we içgimizi bir Ýerlä hödür eden wagtymyz iýip-içmezlige böwet bolan zat nämekä? • NINGIŞZIDDA ENKINIŇ UGRADAN TABELINI ANUWA BERÝÄR Ilabratdan sorady, soňra Dumuziden sorady, Ilabrat näme diýjegini bilenokdy. Dumuzy hem aýtmandy. Ningişziddadan sorady. Belkäm jogap şundadyr diýdi Anu. Ningişzidda ýanynda bukup getiren tabeli patyşa Anuwa berdi. Anu haýran galyp, gaýga batdy. Tabeliň koduny çözmek üçin öz otagyna girip gitdi. Indi şundan aşakda siwilizasiýa ynsanlygynyň atasy bolan Adapanyň we onuň ogullary Kain (Kaýin ýa-da Kabil) we Abaeliň (Habil) bitiren işlerinden soň Ýerdäkileriň açlykdan halas boluşlarynyň helaýasydyr. Öz otagyna giden Anu tabeliň möhürini döwüp açdy. Tabeli barlaýjy enjama ýerleşdirdi. Enkiden gelen hatyň koduny çözdi. Adapa bir Ýerli zenandan dogulan meniň tohumymdyr! - diýýärdi Enkiden gelen hat. Şolar ýaly Titi hem başga bir Ýerliden bolan tohumymdan. Pähimi we gürleşip, düşünişi ýeterlik dürsdir. Ýöne Nibirunyň uzak ýaşy bilen ýeterlik özleşmedi. Uzak ýaş çöreginden iýmeli däl, içgisinden içmeli däl. Adapa Ýerde ýaşap ölmek üçin yzyna gaýdyp gelmelidir, panylyk paýyna düşen; onuň ogullary Ýerdäkileri açlykdan halas etmek üçin topragy ekip-biçip çopançylyk etmelidirler. • ANU ENKINIŇ AÝDANLARYNA ÜNS BERÝÄR Enki Adapanyň syryny şeýle açyklady. Enkiden gelen bu gizlin habar Anuny geň galdyrdy. Gahary hem geldi, güljeginem bilmedi.. Wezir Ilabrady otagyna çagyrdy we oňa şulary diýdi: ''Oglum Ea, Enki lakamyny almanka aýal-gyzlara bolan höwesini bes edip bilmändi. Wezir Ilabrata gizlin haty görkezip: ''Düzgün näme? Patyşa näme etmeli?'' diýip sorady wezirden. • ADAPA ÝERE UGRADYLÝAR ''...Kanunlara görä gyrnaklar bilen bolmaga rugsat edilýär, ýöne planetalar arasynda, başga planetaly bilen jübütleşmek kanunymyzda ýok'' diýdi Ilabrat. Eger bu howply bolsa muny çäklendirmek gerek. Adapany häziriň özünde Ýere ýollamak gerek, rugsat berseňiz Ningişzidda we Dumuzi uzak wagtlap bärde bolsunlar. Soňra Anu Ningişziddany öz otagyna çagyrdy. Kakaň ugradan hatynda näme diýendigini bilýäňmi diýip ondan sorady. Ningişzidda kellesini öňe tutup pyşyrdap şeýle diýdi: ''Bilemok, ýöne şeýle pikir edýärin: Adapanyň janly suwuklygyny barlagdan geçirdim, ol Enkiniň tohumyndan... diýdi. Hatda hem şeýle ýazylan eken diýdi Anu. Adapa häziriň özünde Ýere dolanyp barsyn, onuň täleýi siwilizasiýa adamlaryň atasy bolmaly. Saňa gelsekNingişzidda, Adapa bilen Ýere dolanyp baryň. Kakaň ýanynda bolup adamzada halypalyk, mugallymçylyk edersiň-diýdi. Anu huzuryna ýygnanan alymlara, asyllylara, şazadalara we soýuzdaşlara şeýle diýdi: ''Bu Ýerlini uzak wagtlap bu ýerde saklap bilmeris, biziň planetamyzda iýip-içmeýär. Onuň haýran galdyrýan taraplaryny hemmämiz gördük, indi Ýere dolanyp barsyn...'' • ÄLEM GÄMISINE NIBIRUDAN DERMAN TOHUMLARY SALYNÝAR, NINGIŞZIDDA ADAPA GÜN SISTEMASYNY DÜŞÜNDIRÝÄR ''...Onuň zürýatlary Ýerde ekin-ekip, dikin-dikip, çopançylyk etsinler! Ynamy ödemek we aljyramaz ýaly Ningişzidda hem onuň bilen dolanyp barar. Olar bilen bilelikde Nibirudaky derman otlarynyň tohumlary hem Ýere ýollansyn. Anunyň bu sözlerine hemmeler baş atdylar. Ningişzidda bilen Adapa Uçýan ulaglaryň ýanyna bardylar. Anu we Dumuzi, Ilabrat we soýuzdaşlar, asyllylar we gahrymanlar olary ugratdylar. Älem gämisi titräp, kükräp süýnüp gitdi. Nibirunyň kiçijek şekilini gördüler... • NINGIŞZIDDA NIBIRUDA BOLUP GEÇEN ZATLARY AÝDYP BERÝÄR Uçuş wagtynda Ningişzidda oňa planeta Taňrylary hakynda aýdyp berdi. Gün we Ýer hem-de Aý hakynda oňa ders berdi. Aýlaryň nähili biri-birleriniň yzyndan kowalap ýetýändigini we Ýeriň ýylynyň nähili hasaplanýandygyny öwretdi. Ýere baranlarynda Ningişzidda kakasy Enkä bolup geçen zatlary aýdyp berdi. Enki garnyny tutup hahaýlap güldi. ''Hemme zatlar isleýişimçe bolupdyr...'' diýdi. Dumuziniň galmagy welin meni geň galdyrdy. Ningişzidda we Adapanyň gysga wagtyň içinde yzyna dolanyp gelişlerine Enlil geň galdy. Näme zatlar bolup geçdi Nibiruda diýip Enkiden we Ningişziddadan sorady. Enki ''Ninmahy hem çagyraly olam eşitsin'' diýdi. Olam geleninden soň Ningişzidda olara bolan zatlary aýdyp berdi. • ENLILIŇ ENKÄ GAHARY GELÝÄR Enki Ýerli zenanlar bilen bolandygyny aýdyp berdi; Hiç hili kanuny bozmadyk; saklanyp bilmedim diýdi Enki beýlekilere. Enliliň oňa gahary geldi we: ''Hiç hili kanuny bozmadyň, Anunnakiler we Ýerlileriň geljegini oýlanyşyksyz bir iş bilen çyzdyň!... diýip igenip ol ýerden çykyp gitdi. • ÝERLILER TÄLIM ALÝARLAR Marduk Eriduwa geldi, ejesi Damkina tarapyndan çagyrylypdy. Bolup geçen zatlary kakasyndan we agasyndan eşitmek isleýärdi. Ataly-ogul bu syry Marduga paş etmediler: '' ''Anunyň täze adamy Ýerdäkileri iýdirip-içirmek üçin ugradandygyny'' aýdyp berdiler. Mardugyň syny Adapada we Titide oturdy. Ogullaryny bolsa halamady. Ningişzidda Adapa tälim berip başlady, Marduk bolsa kakasy Enkiden: ''Rugsat berseňiz menem ogullaryna tälim berip, öwretmekçi'' diýdi. Enki bolsa: ''Marduk birine, beýlekilere Ninurta öwretsin'' diýdi. Eriduda Adapa we Titä Ningişzidda tälim berdi. Ol Adapa sanlary we ýazmagy öwretdi. • MEŞHUR ABYL KABYL HEKAÝASY BAŞLAÝAR, BAŞGA PLANETADAN GOÝUN GETIRILÝÄR Ninurta Ilkinji dogulan ekizi Bad-Tibara atly öz şäherine alyp gaýtdy. Oň adyna Ka-in dakdy. Ekin ekip hasyl ýygnan diýen manyny berýär. Oňa ekin suwarmak üçin kanal açmagy öwretdi. Ninurta Kaina odunlardan we agaçlardan ýer sürer ýaly plug ýasamagy öwretdi. Adapanyň beýleki ogluny alyp çaýyrlyga eltdi. Onuň adyna Abael dakdy, suwarylan çaýyrlardan bolan diýen manyda. (Keramatly kitaplarda belkäm adamogly şol döwre çenli Anunnakileriň gullugynda bolandyklary üçin we ýerli işçiler hökmünde ulanylandygy üçin Kabyl (Kaýyn) we Abael, Adamunyň (Adam) ogullary ýaly edip düşündiripdir. Edil haýsam bolsa bir kinofilmiň gerekmejek ýerini kesip, ol ujundan bul ukyby birleşdiren ýaly bolupdyr. Bolmasa Adamunyň zürýatlary Sümer Plita ýazgylarynda gul hökmünde işledilip, ýerli genetikasy bozulan ýerli işçiler hökmünde düşündirýär. Sümer ýazgylaryna görä hakykatda Enkiden bolan Adapa, Ka-in we Abaeliň kakasydyr. Keramatly kitaplar birnäçe üýtgeşmeleri geçirse-de Sümer ýazgylarynda bolup geçen zatlary Ylahy bolup geçen zat ýaly düşündirişine ýene bir delil Kain we Abael hekaýasydyr. Atlary hem üýtgemezden, wakalar hem şol, bolup geçen zatlaram şol bir zat!!!) Ýaradylyş: 4;1-Adam aýaly How bilen bile ýatdy. How hamyla boldy we Kaýyny dogurdy. ''Rebbiň kömegi bilen bir ogul Dünýä getirdim'' diýdi. 2-Soňra Kaýynyň jigsi Janymy dogurdy. Habyl çopan boldy. Kaýyn bolsa ekin-ekdi.)) Marduk oňa nädip Agyl (mal ýatak) gurmalydygyny öwretdi. Çopançylyga başlamak üçin Dumuziniň gaýdyp gelerine garaşdylar. Şar dönensoň Dumuzi ýere dolanyp geldi. Ýany bilen goýunlaryň öz tohumyny, ulaldylyp ýetişdiriljek urkaçy goýunlary getirdi. Nibirunyň dört aýakly haýwanlaryny başga bir planeta, Ýere getiripdi. Onuň gelmegi baýramçylyga sebäp boldy. • GENETIKI KLONLAMA BAŞLANÝAR Dumuzi getirilen ýükleri kakasy Enkiniň ellerine berdi Dumuzi. Soňra baştutanlar ýygnandylar we bu täze görnüş adamlara näme etmelidigi hakynda pikir alyşdylar. Ýerde hiç hili nesil öndürýän goýun ýokdy, asmandan guzy gelmändi Ýere. Goýun ýüňi egrilip-dokalmandy. Anunnaki baştutanlary, ýaýradyjy Enki bilen Enlil, Tejribe öýüni gurmaga karar berdiler. Gonalga ýeriniň çür depesiniň üstünde, Sedir daglarynda (häzirki Liban töwerekleri) guruldy bu ýer. Ninmah tarapyndan getirilen däri-derman, melhemleriň dikilen ýeriň ýany başynda ýaradylyş otagy guruldy. Ekin tohumlarynyň we urkaçy goýunlaryň Ýerde köpelmegi şol ýerde başlanypdy. Ekin-ekip, dikin-dikmekde Ninurta Kainyň mugallymydy. Goýun we guzy ýetişdirmek ugrunda Marduk Abaeliň mugallymydy. • HABYL KABYL WAKASY BAŞLANÝAR Ilkinji köpeldiş işleri, her kimiň köpelden zatlarynyň baýramçylygy gurnalsyn diýip Enlil buýurdy. Ýygnanan Anunnakileriň huzuryna getirildi ilkinji azyk-toplaýyş we ilkinji guzylar. Kain birinji bolup Enlil we Enkiniň aýaklarynyň ýanyna toplanlaryny goýdy. Abael hem onuň edişi ýaly Enlil bilen Enkiniň aýaklarynyň ýanynda goýun-guzylaryny goýdy. Enlil bu jigi-doganlary gutlady. Enki ogly Mardugy gujaklady. Hemmeler guzulary görsün diýip ýokaryk galdyrdy we şeýle diýdi: ''Iýmäge et, geýinmäge ýüň geldi Ýere!!!'' • KABYL ABYLY ÖLDÜRÝÄR Indi bolsa, Adapanyň nesliniň we Abaeliň Ka-in tarapyndan öldürilmeginiň we ondan soňra nämeleriň bolup geçýändigi hakynda aýdylar. Ilkinjiler gutlagy bolup geçeninden soňra Kainyň ýüzi salykdy. Enkiniň beren gurbanlygy onuň gaharyny getirdi. Jigi-dogan işleriniň başyna geçeninden soň Abael jigsiniň öňüne geçdi we: ''Berekedi getiren, Anunnakileri doýuran, gahrymanlara güýç-kuwwat beren, geýimler üçin ýüň ýasan mendirin! (Keramatly kitaplarda hekaýa gysgaldylan görnüşde dowam edýär: Ýaradylyş: 4;3-Günler geçdi. Bir gün Ka-in topragyň hasylyndan Rebbe eçildi. 4-Habil hem sürüsinde ilkinji dogan haýwanlardan käbirlerini, aýratynam ýaglaryny getirdi. Reb Habili we onuň getirenlerini kabul etdi. Ka-iniň getirenlerini bolsa red etdi. Ka-iniň gahary geldi. Ýüzüni asdy. 6-Reb Ka-ine ''Näme üçin gaharyň gelýär?'' diýip sorady: ''Näme üçin ýüzüň şalyk?'' diýip sorady. Soňra ýene: ''Dogry bolan zady etseň, seni kabul etmerinmi?'' diýdi. Emma dogry bolan zady etmeseň, günä gapyda bukulyp ýatyr, saňa garaşýar? Oňa eýelik etmelisiň!'' diýdi. Maide süresi; 27-Hä, birem olara Adamyň iki oglunyň başyndan geçiren zatlaryny okap ber! Olaryň ikisem gurbanlyk hödürläpdiler. Beýlekisiniňki kabul edilmedi. Ol ''Men seni hökman öldürerin'' diýdi. Beýlekisi: ''Allah, diňe özünden gorkýanlarynyň (gurbanlygyny) kabul eder. 28-And içýärin, sen meni öldürmek üçin maňa el uzatsaňda men seni öldürmek üçin saňa el uzatmaryn. Çünki men, älemleriň Rebbi bolan Allahdan gorkýaryn. 29- Men, sen ýaly, seniň günäňe ýüklenip jähennemilik bolmagyňy islämok. Zulm edenleriň jezasy ine şudur'' diýdi). (Her iki kitapda-da bu Sümer hekaýasynyň Taňrylaşdyrylan wakalar şaýatlyk edýär. Bir ata; iki ogly surat çekse, biriniňkini gowy diýip, beýlekisiniňkini erbet diýermi? Erbet diýilýänide toplanan hasyl. Çeken suraty gowy bolmandygy üçin geljekde ony erbet diýip, oglundan aýyrt edermidi? Ortada üýtgeşik edilen günä ýok. Hata bar bolsa Taňrynyň hatasy. Ka-in dogry bolmadyk näme iş etdi. Taňry islegi üçin daýhan boldy. Taňry isländigi üçin hasylyny getirdi, ol bolsa kabul etmändir. Bu mantyksyz açyklama Taňrynyň bilýän gizlin bir hatasy bar ýaly görkezilip, üsti örtülmäge synanyşyk edilen ýaly bolup görünýär. Kuranda ýagşy gul hökmünde görkezilen Habylyň jigsiniň jähenneme gitmegini işlemegi bolsa gaty gorkunç hakyda. Üst-üstesine-de oňa zyýan ýetirmänkä, ýagşy ynsan jigsiniň jähenneme gitmegini islärmi? We Ka-in Taňryny görüp bilip, ondan gorkman Habyly öldürmek islemegi erbet dälmi? Gaty erbet ýagdaý, Şeýtanam Taňrydan gorkmandy. Taňryny görmek üçin Musa gaýdyp gelenimizde, Taňry oňa ýüzlenip: Meni görseň ölersiň'' diýýär. Birnäçe kişi Taňryny görýär, söhbet edýär, gurbanlyk berýär, isleglerini ýerine ýetirýär. Bu geň dälmi? Şol bir Taňry soňra Musa ölçeglerini berip öý ýasatdyryp onuň bilen söhbet edýär. Hatda: ''...Adamlara aýt bu ýerlere hapa dökmesinler, aýagyma degýär'' hem diýýär? Ine Sümer hekaýalaryny gizlin din hökmünde peýda ederin diýseňiz, boljagy şoldyr. Çekeleşiksiz bolup galmaz!) Indi sümer ýazgylary dowam edýär... Ka-in erkek jigsiniň sözlerine güjenip daraldy, onuň bu aýdanlaryna garşy çykdy: Düzlükleri ýap-ýaşyl eden özüm, ýer sürülen ýaryklary tohumlar bilen dolduran özüm, Ekinlerimde guşlar köpelýär, kanallarymda balyklar gaýnaşýar! Ýaşamaga goşant goşýan çöregi men bişirýärin, Anunnakileriň iýýän balyk bilen guşlary ýetiren men!...'' Jigi dogan şeýdip dawwalaşyp durdular. Gyş geçýänçä dawwalary ýatmady. Gyş geçip ýaz geldi, Ýagyş ýagmady, çaýyrlaram gurady. Otluklar azaldy. Abael sürülerini jigsiniň ekinine tarap sürdi. Joýalardan we kanallardan suw içer ýaly etdi. Kainyň hem muňa gahary geldi; jigsine sürülerini uzaklaşdyrmagyny sözledi. Daýhan bilen çopan, Jigi - doganlaryň agzyndan paýyş sözler çykdy. Biri-birine tüýkürdiler. Ýumruklaşdylar. Gahary gelen Kain daş alyp Abaeliň kellesinden urdy. Abael ýere ýykylyp kellesinden ganlar akýança uruberdi, uruberdi. Kain jigsiniň ganyny görüp: ''Abael! Abael!'' diýip haýkyrdy. Abael gymyldaman ýerde ýatyrdy. Jany bedenini terk etdi. Öldüren jigsiniň ýany başynda Kain uzak günläp aglady. Ony ilkinji bolup Titi duýdy. Ýatyrka düýş gördi. Ka-iniň ellerine Abaeliň gany bulaşypdyr... Dowamy bar... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |