20:03 Şumer medeniýetiniñ gelip çykyşy we dini taryhy | |
ŞUMER MEDENIÝETINIÑ GELIP ÇYKYŞY WE DINI TARYHY
Taryhy makalalar
XIX asyryñ ortalaryna çenli şumerleriñ barlygyny bilýän ýokdy, tapylan toýun tabletkalardaky ýazgylar okalandan soñ gadym-gadym zamanlarda şeýle medeniýeti döreden halkyñ ýaşap geçendigi doly anyklandy. Elbetde, Jules Oppert diýen alymyñ alyp baran işleri bu asylly işiñ ýola goýulmagyna uly goşant boldy. Şumer sözi ilkinji gezek bize bir tabletkanyñ ýazgysynda duş gelýär. Ol ýazgyda "Şumerleriñ we akkadlaryñ patyşasy" diýen jümle bar. Şol wagta çenli akkadlar hakynda maglumatlar köp duş gelýänem bolsa, şumer sözüniñ näme many añladýandygy barada pikir ýöretmek üçin ýeterlik deliller ýokdy. Soñky geçirilen barlaglaryñ dowamynda bu babatda köp işler edildi. Şumer dili we söz gurluşy öwrenilip başlanandan soñ şumerleriñ ýaşan ýerlerinden tapylan müñlerçe toýun tabletkalar terjime edildi we şumer sözleri baradaky maglumatlara gabat gelindi. Şol maglumatlara goldanyp, şumer sözüniñ olary atlandyrmakdan ötri, şumer halkynyñ ýaşan geografiki giñişligine berilen atdygyny bilmek bolýar. Iñ gyzykly ýeri bolsa, şumer sözüniñ şumerler tarapyndan özlerine özleriniñ dakan ady däldigidir. Şumer tabletkalarynda olar öz ýaşan ýerlerine "Kengi" diýýärler. Dürli döwürlerde dürli atlar bilen tanalan bu ýer häzirki Günorta Mesopotamiýadyr. Şol bir wagtyñ özünde bu ýurda "Deñiz ili" we "Kalde" hem diýipdirler. Şumerler öz ýaşaýan ýerlerine Kengi diýmek bilen birlikde akkadlara degişli toýun ýazgylarda şumer sözleri gabat gelýär, ol giçki döwür akkad dilinde "medeniýet mülki" manysynda ulanylypdyr. Şumerler bu sebite gelenlerinden soñ ýaşajak ýerlerini oñat özleşdiripdirler, ellerinde bar bolan mümkinçiliklerine görä umumyadamzat ähmiýetli beýik medeniýetiñ düýbüni tutupdyrlar. Şol bir wagtyñ özünde Mesopotamiýa üçin has täze we siwilizasiýa taýdan has ýokary derejelere galmagyny üpjün eden üýtgeşmeler bu ýere başga ýerden gelen adamlar tarapyndan girizilipdir. Sebitde öñ ýaşap ýörenler olara "şumerler", ýagny "medeniýet getirenler" diýip ýöne ýere at goýmandyrlar. Şumer sözüniñ ýer-ýurt atlaryna girýändigi üçin olara şumerler diýilmegi käbir şumerşynaslara ýaramandyr, olar bir halkyñ ýer-ýurt atlaryna girýän at bilen atlandyrylmagyny dogry hasaplamandyrlar. Olaryñ pikirine görä şumerler däl-de şumerliler diýilmelidir. Emma geçen bir ýarym asyryñ dowamynda geçirilen barlaglaryñ dowamynda köplenç şumerler sözüniñ ulanylmagy, bu sözüñ indi ylmy terminologiýa ymykly girmegine getirdi. Şonuñ üçin bizem şumerliler diýmän köp ylmy işlerde ýazylyşy ýaly şumerler diýip atlandyrmagy makul hasapladyk. ■ Şumerleriñ gelip çykyşy Şumerler Mesopotamiýa takmynan b.e.öñ 3500-nji ýyllardan soñ gelip başlapdyrlar. Günorta Mesopotamiýadaky batgalyk ýerlere ýerleşen şumerler topar-topar bolup oturymly ýer üçin amatly ýerlerde: Eridu, Ur, Uruk, Lagas, Umma, Suruppak, Kis ýaly birnäçe şäher döwletini gurupdyrlar. Olar bu sebitlere gelenlerinde özleriniñ ýeten derejelerinden juda pes derejedäki oba medeniýeti bilen garşylaşýarlar. Sebite şumerlerden öñ gelen medeniýet gysga döwrüñ içinde şumerlerden täsirlenýär we silindr möhür, küýzegärçilik, belent ýerde gurlan ybadathanalar ýaly birnäçe täze tradisiýalar aralaşyp, köne oba medeniýeti çaltlyk bilen şäher medeniýetine öwrülýär. Şumerleriñ Günorta Mesopotamiýadaky batgalyk ýerlere gelen wagtlarynda ol ýerde ýaşaýan ýerli halk barada edil häzirki wagtda ýeterlik maglumat ýok. Şol sanda şumerleriñ hem bu ýere nirden gelendigi birnäçe ýyllap anyklap bolmady. Ilkibaşda alymlar olaryñ aslyny hindi we indus medeniýetinden gelip çykandyr öýdýärdiler. Emma antdopologik we arheologik tapyndylar; şumer diliniñ bitişik gurluşa eýe bolmagy, şumerleriñ hindilerden we soñrakky döwürlerde bu ýere gelmäge başlan sami halklaryndan tapawutly kowumdygyny görkezýär. Şumerler hakyndaky ilkinji barlaglaryñ netijesinde, olaryñ Mesopotamiýa deñiziñ üsti bilen Hindistandan gelendikleri, Mesopotamiýada düýbi tutulan şumer medeniýetiniñ aslynda Hindiguş, Indus medeniýetleriniñ bir şahasy we dowamy bolup biljekdigi çaklanylýardy. Has soñra arheologiýa, filologiýa, teologiýa ugurlarynda geçirilen barlaglar alymlaryñ ýüzüni Orta Aziýa, häzirki Türkmenistanyñ çäklerinde galan Turan ýaýlasyna sary öwürdi. Çünki hindi-eýran kökli adamlaryñ ybadat maksady bilen ybadathanalar gurmandygy, ybadaty belent ýerlerde açyk meýdanda edendigi mälimdir. Olar açyk meýdanda ýerine ýetirilýän ybadatlar üçin ybadathana gurmagyñ zerurlygy ýok hasap edýärdiler. Galyberse-de, Türkmenistanyñ Mary şäherinde zikkuratlar bilen arhitektura taýdan meñzeşligi bolan ybadathana tapyldy. Şol sanda şumerleriñ Günorta Mesopotamiýa Hindiguş daglarynyñ, Hind jülgesiniñ, Basra aýlagynyñ üsti bilen gelendiklerini çaklaýan bir gipotezanyñ barlygyny hem ýatdan çykarmaly däl. Bu gipoteza laýyklykda şumerler bilen Hindiguş we Indus medeniýetleriniñ arasyndaky umumylyklar aslynda uzak wagtlap dowam eden we goñşy sebitleri öz täsirine alan Änew medeniýetidir. Şumerler Änew medeniýetindendir we Hindiguş bilen Indus medeniýetine degişli umumylyklaryñ galyndylary esasan änewlilere degişlidir. Şumerleriñ gelip çykyşyna aýdyñ göz ýetirmek üçin Hindiguş, Indus medeniýetleri we türk(men)leriñ ilkinji guran Änew medeniýeti hakynda gysgaça maglumatlaryñ üstünde durup geçmegi dogry hasaplaýarys. ■ Hindiguş we Indus medeniýetleri Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, arheologik tapyndylar şumerleriñ Mesopotamiýada günortadan demirgazyga tarap hereket edendiklerini görkezýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, şumerler Hindistan ýarym adasyndan Mesopotamiýa deñziñ üsti bilen gelendir öýdülýärdi. Şumerleriñ gelip çykyşy boýunça ylmy çekişmeleriñ çäginde Hindiguş we Indus medeniýetlerini aýry-aýry rubrikalar arkaly düşündirmehi okyjylara has düşnükli bolar diýip pikir edýäris. ■ Hindiguş medeniýeti Owganystanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde gap-çanaklar, küýzeler we dürli ekerançylyk gurallary tapyldy. Hindiguş sebitleriniñ iñ artykmaç tarapy ~ ekerançylyk bilen meşgullanan adamlaryñ ilkinji mekanlarynyñ biri bolmagyndadyr. Ol ýerde ýetmişden gowrak bugdaý sorty ýetişdirilipdir. Sebit b.e.öñ 2000-nji ýyllarda başga ýerlerden göçüp gelýän adamlaryñ akymyna duçar bolýar. Ekerançylyk we küýzegärçiik babatda Hindiguş dünýäniñ iñ ösen merkezleriniñ birine öwrülipdir. Şumerleriñ döwürdeş jemgyýetlere garanda ekerançylykda has ösen derejede bolmaklary, suwaryş kanallaryny çekmekleri we ýeri işläp bejermekde has tejribeli bolmaklary, olaryñ Mesopotamiýa ekerançylykda has ösen sebitden gelendikleri baradaky pikiri döretdi. Şumerleriñ Mesopotamiýadaky ýerleşiş prosesiniñ-de täsiri bilen bu sebitiñ Hindiguş medeniýetiniñ şahasydygy öñe sürüldi. ■ Indus medeniýeti Gynansak-da, Indus medeniýeti hakynda ýeterlik maglumatlar häzirlikçe ýok. Bulujystandan Jambaý aýlagyna çenli ümmülmez territoriýany öz içine alan bu medeniýet heniz-henizlerem taryhyñ çañly sahypalarynda gömlüp ýatyr. Munda indus ýazgylaryny okamak başartmaýanlygy hem uly rol oýnaýar. Hind jülgesinde b.e.öñ 4000-nji ýyllarda mis eýýamyna geçilipdir, b.e.öñ 3000-nji ýyllarda bolsa daş-töweregi galalar bilen gurşalan şäherleriñ peýda bolandygyny görmek bolýar. Oturymly durmuşa geçmegi üpjün eden bu özgerişler b.e.öñ 2500-nji ýyllarda Indus medeniýetiniñ döremegine getirýär. Ýedi ýüz ýyla çenli dowam eden bu medeniýetiñ 100-den gowrak ilatly punkty bolupdyr. Onuñ b.e.öñ 1800-nji ýyllarda Eýran basybalyjylary tarapyndan ýa-da tebigy hadysalar zerarly ýok bolandygy çaklanylýar. Indus medeniýetiniñ orta çykaran iki esasy medeniýet merkezi bolupdyr. Şol bir wagtyñ özünde baş şäher statusyny göteren Harappa we Mohenžo-Daro şäherlerinde geçirilen barlaglaryñ dowamynda Indus medeniýetine degişli gymmatly tapyndylar ýüze çykdy. Harappa Indus medeniýetiñ esasy iki merkeziniñ biridir. Şumer tabletkalarynda gündogara gidýän deñiz ýollaryndan söz açylanda üç möhüm söwda nokadynyñ ady tutulýar. Olar Tilmun, Magan we Hind derýasynyñ deltasynda ýerleşýän Meluha şäherleridir. Şumerler hususanam Hindistan bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyrlar. Mesopotamiýada geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde Harappa şäheriniñ möhürleriniñ tapylmagy bu gatnaşyklaryñ bolandygyny tassyklaýan iñ sagdyn delil bolup durýar. Harappa we beýleki Indus şäherlerinde dik dörtburçluk görnüşinde planlaşdyryş işleri geçirildi. Bu şäherler döwürdeş şumer şäherlerine garanda has ösen ýagdaýdady. Öýlerde hammamyñ we suw geçirijileriñ bolmagy, arassa we hapa suwuñ aýry-aýry suw geçirijiler arkaly akdyrylmagy bu sebitiñ ösen derejesini we sagdyn durmuş kadalaryny birkemsiz berjaý edendiklerini görkezýär. Şol bir wagtyñ özünde altyn we beýleki gymmatly magdanlardan ýasalan dürli şaý-sepler, nepis heýkeltaraşlyk sungatynyñ önümleri bolan kiçijik heýkeller, misden we bürünçden ýasalan ýaraglar, terezi we çeküw daşlary, külalçylyk enjamy we üstünde birnäçe ýazgy bolan möhürler Indus medeniýete mahsus unsurlardyr. Özara ydysady gatnaşyklar ýygjamlaşypdyr, olar aýratynam şumerler bilen giñ gerimli söwda gatnaşygynda bolupdyrlar. Hind derýasynyñ 5 km günbatarynda ýerleşen başga bir şäher bar, ol Harappa bilen birlikde bu siwilizasiýanyñ ikinji esasy merkezi bolan Mohenžo-Darodyr. Mohenžo-Daronyñ tekiz meýdanda gurlan galasy, hammamy, däne ambary, köpçülikleýin kararlaryñ kabul edilýän aktlar zaly we dindarlaryñ üýşmegi üçin gurlan binasy bar. Şäher bir şaýoldan we beýleki aralyk köçelerden ybarat. Jaýlaryñ gapylary aralyk köçelere tarap açylýar, gündelik hysyrdylar jaýlaryñ howlusynda edilipdir. Howlularda arassa agyzsuw guýulary, hapa suwlaryñ akdyrylýan ganawy bolupdyr, ganawa akdyrylan hapa suwlar köçelerdäki salmalara, ol ýerdenem hapa suwlaryñ toplanýan howdanyna akypdyr. Sagdyn durmuş kadalaryna doly eýerilen we kanalizasiýa sistemasynyñ ilkinji görnüşiniñ ulanylan bu şäheriniñ durmuşynda suw aýgytlaýjy rol oýnapdyr. Binalar bişen kerpiçlerden gurlupdyr. Agaç önümleriniñ köp ulanylan arhitektura gurluşygynda käbir binalary bezemek maksady bilen ulanylan agaç, daş önümler we heýkeller tapyldy. Şol sanda ekerançylyga uly üns berlipdir, jaý gurluşygy bilen birlikde däne ambarlary-da gurlupdyr. Kese ýerli basybalyjylaryñ ýörişleri, ýygy-ýygydan gaýtalanyp durýan siller we çakdanaşa köp ýagýan güýçli ýagyşlar şäheriñ ösüşiniñ peselmegine we kem-kemden ýok bolmagyna sebäp bolupdyr. Mesopotamiýada şumer medeniýetiniñ ösen döwründe has giñ gerimli çäkde täsirli bolan Indus medeniýeti şäherleşme prosesi taýdanam, magdan işläp çykarmak taýdanam şumerlerden öñe gidipdirler. Indus medeniýetine mahsus dür monjuklaryñ Mesopotamiýadan tapylmagy we bu medeniýetiñ has ösen derejesi şumerleriñ gelen ýeri baradaky çaklamalara ilkibaşda Hind jülgesini hem goşupdy. Emma indus elipbiýuniñ şumer elipbiýinden has tapawutly bolmagy, şeýle-de jaý ulgamyndaky, el gurallaryndaky we plastiki önümlerdäki tapawutlyklar bu çaklamany puja çykarýar. Biz Şumer we Indus medeniýetleriniñ arasyndaky meñzeşlikler iki sebitiñ özara söwda gatnaşyklarynyñ netijesinden başga zat däldir diýen netijä gelýäris. ■ Änew medeniýeti Aşgabat şäheriniñ alkymyndaky Änew etrabynda geçirilen barlaglar prototürkleriñ iññän gadymy medeniýet merkezlerinden biriniñ üstüni açdy. Alnyp barylan arheologik barlaglaryñ dowamynda Günüñ şöhlesine bişirilip taýýarlanan kerpiçlerden gurlan binalaryñ galyndylary, ekerançylyk önümçiligine geçilendigine güwä geçýän dürli gurallar, maldarçylykda ulanylan dürli egin-eşikler, ilkinji bolup atyñ eldekileşdirilendigine güwä geçýän gymmatly tapyndylar ele salyndy. Arpany we bugdaýy üwemek üçin ulanylan gurallar we misden ýasalan enjamlar tapyldy. Bu zatlaryñ ählisine umumy göz bilen seredilende, Änew medeniýetiniñ ekerançylykda, maldarçylykda we magdan önümçiliginde ýokary derejä çykandygyny görmek bolýar. Atyñ eldekileşdirilmegi Änew medeniýetiniñ türk(men)lere degişli medeniýetdiginiñ aýdyñ subutnamasydyr. Aşgabat şäherinden 5 km uzaklykdaky Änew posýologyndan geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ilkinji bugdaýyñ öndürilişi b.e.öñ 8000-nji ýyllara, haýwanlaryñ eldekileşdirilmegi b.e.öñ 8000-6800-nji ýyllara, magdan işläp çykarmagyñ bolsa b.e.öñ 5000-nji ýyllara gabat gelýändigini anyklapdyrlar. Änew medeniýetiñ iñ esasy bellemeli artykmaçlyklarynyñ biri-de, onuñ Mesopotamiýa, Müsür ýaly beýik medeniýetlerden has ir döremegidir we 2000 ýyla golaý wagt dowam etmegidir. Änew medeniýetinde ilki bilen synpy gatlaklar ýüze çykmaga başlapdyr. Ekerançylyk, maldarçylyk, dokmaçylyk, küýzegärçilik, metal işläp bejermek pudaklarynda önümçilik peýda bolupdyr. Änew şäherinde bu ösüş prosesleri bolup geçýän döwründe beýleki ýerlerde awçylyk bilen meşgullanýan taýpalar heniz oturymly ýaşaýyşa geçibem gutarmandy. Bu ýerde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan süýri kelleçanaklaryñ türkmenleriñ antropologik aýratynlyklary bilen hutma-hut gabat gelmegi diýseñ ünsi çekijidir. Eger Änewdäki barlaglaryñ gerimi hasam giñeldilse, dünýä medeniýetiniñ taryhynda düýpli öwrülşikleriñ boljakdygyna şek-şübhe ýok. Bu barada "The New York Times" gazetiniñ 2001-nji ýylyñ 13-nji maýyndaky sanynda diýseñ gyzykly maglumatlar berilýär. Şol ýyl rus we amerikan arheologlaryndan düzülen bir topar Änew şäherine parallellikde Türkmenistanda we Özbegistanda ylmy-barlag işlerini alyp bardylar. Barlagyñ dowamynda baý we täsin maglumatlaryñ üstünden baryldy. Geçirilen gazuw-agtaryş işleri biziñ eýýamymyzdan 4.000 ýyl öñki döwürlere degişli birnäçe oturymly ýerleriñ üstüni açdy. Bu oturymly ýerler Datlyköl töwereklerinde ýerleşipdir. Sebitde ýaşaýan adamlar jaýlary kerpiçden gurupdyrlar. Daýhançylykda we maldarçylykda ösen derejä ýetipdirler, goýundyr geçi köpeldip, suwaryş kanallaryny çekipdirler. Kanallar arkaly ekin meýdanlaryny suwarypdyrlar. Misden ýasalan paltalar, nepis keramiki önümler, mermerden we süñkden ýasalan darakdyr ş.m. zatlar, altyndan we gymmat bahaly daşlardan ýasalan şaý-sepler şol gazuw-agtaryş işleriniñ dowamynda tapyldy. Aýratynam käbir guburlardan tapylan zatlara üns bermezlik mümkin däl. Şol gazuw-agtaryş işlerinde dört ýa-da bäş gyzyl reñkli harpyñ-simwolyñ ýerleşen kiçijik jamy tapyldy. Bu ýazgyly jamyñ taryhy möhlet taýdan saklanyp galan durky ullakan ähmiýete eýedir. Bu şekilleriñ şumer toýun ýazgylarynyñ ilkinji prototipleri bolaýmagy juda ähtimaldyr. Gündogar Özbegistandan günbatarda Änewe çenli uzalýan Garagum çölünde 300 bilen 400 mil aralygyndaky uzynlyga we 50 mil ine eýe bolan onlarça oturymly punklaryñ bolandygy doly anyklandy. Häzirki ele salnan maglumatlara goldanyp, Orta Aziýadaky gadymy medeniýetiñ öwrenilmegi dünýä siwilizasiýasynyñ taryhyny öwrenmekde ylmyñ täze sepgitlerine ýetirdi. Indi alymlaryñ birnäçesi adamzat taryhynyñ ilkinji medeni ojaklarynyñ bu sebitde ýüze çykan bolmalydygyny ynam bilen aýdýarlar. Bu medeniýetiñ düýbüni tutujylar türk(men)leriñ ata-babalarydyr. Bu ýere golaý sebitlerde ýüze çykan orta siwilizasiýalaryñ köküniñ aslynda Änew merkezlidigini, iñ gyzykly ýeri bolsa Şumer-Änew medeniýetiniñ medeni we gelip çykyş taýdan pikir edilişinden has biri-birine ýakyndygyny tutumy barha giñeýän arheologiki barlaglaryñ netijesine seredip, ynamly aýdyp bileris. Geçirilen barlaglaryñ netijesi şumerleriñ Mesopotamiýa ilkinji gezek Basra aýlagynyñ üsti bilen gelendiklerini, wagtyñ geçmegi bilen günortadan demirgazyga tarap oturymlaşma hereketini amala aşyrandyklaryny görkezýär. Sebite getiren tehnologiýasy, medeniýeti, gepleşik dili, dini ynanjy, urp-adatlary, geýim-gejimleri we ýaşaýyş şertleri şumerleriñ Mesopotamiýanyñ ýerli ilaty däldigini görkezmek bilen birlikde, olaryñ Turan ýaýlasynyñ ýaşaýjylarydygyna yşarat edýär. Arheologik tapyndylara seredibem şumerleriñ turanlylardygyny, olaryñ Turandan Hindiguş daglaryna, Hind jülgesine, Basra aýlagynyñ üsti bilen Günorta Mesopotamiýa aralaşandyklaryny çak etse bolýar. Şumerlere degişli guburlarda geçirlen barlaglarda şumerleriñ süýrikelleli, orta boýly we eginlek bolandyklary anyklandy. Aýratynam şumerlere degişli heýkellerde we adam şekillerinde hem bu sypatlandyrmany görmek bolýar. Ýene bir üns bermeli zat, olam şumer heýkellerinde duş gelýän "konakes" atly ýüñ geýimiñ Mesopotamiýa ýaly yssy howaly ýurduñ şertlerine sazlaşmaýanlygydyr. Aýazly gyşlary geçirýän gurak ýurtlara mahsus bolan bu geýimiñ şumerlerde ýygy-ýygydan ulanylmagy, şumerleriñ aslynda Mesopotamiýa nireden gelendiklerine yşarat edýär. Diýmek şumerler Mesopotamiýa sowuk howaly ýurtlardan gelen bolmaly. Aýratynam ybadathanalaryñ belent ýerde gatbar-gatbar edilip gurulmagy şumerleriñ bu sebite daglyk ýerden gelendiklerini görkezýär. Şeýle hem Mesopotamiýada magdan işlemegiñ şumerler gelenden soñra başlamagy, şumerleriñ ata watanynyñ magdanlara baý ýurt bolandygynyna güwä geçýär. Netijede şumerleriñ gelen ýurdy daglyk, sowuk, bol magdanly ýer bolupdyr diýip gutarnykly pikire gelmek mümkin. Bu maglumatlar bize Aziýa yklymyny yşarat edýär. Şumerleriñ Aziýadan gelendiklerini, olaryñ ata watanynyñ nirede bolandygyny "Kalde zodiaky" diýlen toýun tabletkadanam anyklap bolýar. Bu toýun tabletkada ýyldyz toparlary dürli haýwanlara we jisimlere meñzedilip asman suratlandyrylýar, onda astronomik maglumatlar hem bar. Mälim bolşy ýaly asmandaky ýyldyzlar we Aý dürli tarapa gönügip durýar. Şol sanda ýer togalagy-da öz okunyñ we Günüñ daşynda aýlanýar. Bu proses asmandaky jisimleriñ Ýer şarynyñ dürli künjeginde ýakynlyk-uzaklyk ýa-da görünmek-görünmezlik ýaly aýratynlyklara eýe bolmagyna getirýär. Gün şöhlesiniñ Ýeri dürli-dürli derejede çoýuşy ýaly, Ýerden seredilende-de, asmanyñ belli bir bölegini görüp bolýar we bu ondaky ýyldyzlaryñ biri-birine ýakynlygy, uzaklygy we ýagtlygy her ýerde birhilidir. Şonuñ üçin asmanyñ görnüşine görä dürli ýurtlarda ulanylan ýyldyz kartalary düzülipdur. Ynha, şol "Kalde Zodiagynda" suratlandyrylan ýyldyz toparlarynyñ şekilleri, bir-birlerine bolan uzaklyklary we ýagtlyk derejesi Hazar deñziniñ gündogary bolan 40° we 46° belentlikde gabat gelýär. Has takygy "Kalde Zodiagyndaky" şekiller bu sebitiñ asmanyna degişlidir. Bu sebite bolsa Orta Aziýa, Türküstan ýa-da Turan ýaýlasy (Türkmenistan) diýilýär. Rus arheology Nikolskiý hem şumerleriñ gelip çykyşy barada ýokarky pikirler bilen birmeñzeş pikirleri öñe sürýär. Onuñ aýtmagyna görä şumerleriñ watany Aşgabadyñ etekleridir. Bu ýerlerde daşdan, dürli magdanlardan we ýüñden ýasalan zatlar bilen Günorta Mesopotamiýadaky oturymly şumer posýoloklaryndan tapylan zatlaryñ arasynda ullakan meñzeşlik bar. Her iki aýry-aýry sebitde tapylan arhelogik tapyndylaryñ arasynda hiç hili tapawut ýok diýen ýalydyr. Aýratynam şumerleriñ baş hudaýy Enliliñ bolýan ýeri hökmünde daglaryñ görkezilmegi şumerleriñ nireden gelendikleriniñ yşaratyny berýär. Bularyñ ählisi şumerleriñ gelip çykyşy barada biziñ elimize ullakan we hakykata ýakyn delilleri berýär. King, Jastrow ýaly taryhçylaram şumerleri belentli-pesli daglyk ýerlerden gelen diýip çaklapdyrlar. Çünki olaryñ tapan tapyndylarynyñ salgy berşine görä, şumerler daglyk we düzlük ýeriñ arasynda ýygy aragatnaşyk gurapdyrlar, bu aragatnaşyk hakynda-da galdyran ýazgylarynda ýatlapdyrlar. Şumer ýurt we dag sözlerinde "Kur" söz belgisini ulanypdyrlar. Şol bir wagtyñ özünde şumerler öz ybadathanalaryny ýokarlygyna gatbar-gatbar görnüşde bina edipdirler. Bu bolsa şumerleriñ ilki ýaşan ýerlerinde ybadathanalaryny belent ýerde bina edendikleriniñ nyşany bolup biler. Dilçi alymlaryñ aýtmagyna görä türk(men) dilindäki Tañry (Tengri) sözi bilen şumerçedäki Dingir sözüniñ arasynda many, ses we forma meñzeşligi bar. Türki dilleriñ beýleki şahalarynda-da Tañry sözi hudaý we asman manysynda ulanylýar, şumer dilindäki Dingir sözü-de hudaý we asman manysyny berýär. Özem her iki sözüñ başynda gelýän "d", "t" harplary ýaly ujypsyz ses aýratynlyklary her sözüñ taryhynda-da bolup bilýär. Bu iki sözüñ aslynyñ bir bolmagyna ýöne tötänlik hökmünde garamagyñ özi ylma garşy gelýär. Tañry sözi bilen şumerçedäki Dingir sözüniñ arasyndaky meñzeşlik başga sözlerde-de mesaña bildirýär. Muña mysal hökmünde şumerlerde "Nin..." sözi bilen başlanýan has atlaryñ esasan zenan hudaýlar üçin ulanylandygyny görkezmek bolar. (Meselem: Inanna, Nanse, Ninhursag, Ningal). Türk(men)çede ulanylýan ene (anne) we näne (nine) sözleri-de şol bir köke eýedir, bu sözler maşgalamyzdaky zenanlar üçin ulanylýan sözlerdir. Şol sanda Orta Aziýada enelerimize we nänelerimize görkezilýän aýratyn hormat bilen şumer dinindäki "zenan hudaýlarynyñ" arasynda hökman bir baglanşyk bolaýmaly. ■ Peýdalanylan çeşmeler: 1. Samuel Noah Kramer "Şumerler"; 2. Leonard Wuleý, "Başga ýerliniñ gözi bilen şumerleriñ beýany"; 3. K.W.Keram, "Hudaýlar, mazarlar we danyşmentler” (arheologik roman); 4. Nazmi Özçelik, "Ilkidurmuş taryhy we medeniýeti" (İlk Çağ Tarihi ve Uygarlığı); 5. Serefhan Jiziri "Anadolydan Mesopotamiýa çenli taryh we siwilizasiýa"; 6. Wiktor Sarianidi, Gadymy Garagumyň beýik medeniýeti"; 7. Mümin Köksoý "Nuhuñ tupany we şumerleriñ gelip çykyşy"; 8. Benno Landsberger "Mesopotamiýada medeniýetiñ döremegi"; 9. Umaý Türkeş Günaý "Türkleriñ taryhy" Hikmet Tanýu, "Yslamdan owalky türklerde ýekehudaýlyk ynanjy"; 10. Jean Bottero, "Gadymy Orta Gündogar" Ekrem Sarykçyogly "Başlangyçdan häzirki güne çenli dinler taryhy"; 11. Aly Ryza Seýfi "Şumerleriñ din sistemasy II"; 12. Mirka Eliada "Dini ynançlar we düsünjeler taryhy-1". #kenandabirkuyu.com ■ Goşmaça maglumat üçin seret: 1. Begmyrat Gereý "Şumerler ~ türkmenler"; 2. Osman Öde "Şumerler; Şu - ok, Mer - ýaý" (makala); 3. Juma Hudaýguly "Türkmeniñ ahwaly"; 4. Juma Hudaýguly "Oguz taryhy we dünýä rowaýatlary"; 5. Oljas Süleýmanow "Toýun kitap" 6. Ahmet Turgut "Ybraýym pygamberiñ asyl watany"; 7. A.Abakumow "Turanlylar türk däldir" * Bellik: Goşmaça maglumatda ady görkezilen makalalar (Begmyrat Gereýiñ kitabyndan başgasy) saýtda ýerleşdirlen. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||