15:37 Sungat ussatlarynyñ, ýazyjy-şahyrlaryñ durmuşyndan | |
SUNGAT USSATLARYNYŇ, ÝAZYJY-ŞAHYRLARYŇ DURMUŞYNDAN
Ýatlamalar
Oglanlykda bolup geçen wakalar ýadyňda hemişelik galýan borly. Ol mahallar biziň ýetginjeklik döwrümizdi. Ýaş oglanlarda bilesigelijilik uly bolansoň, ene-atalarymyz dogan-garyndaşlarymyň toýlaryna gitse, bizem olar bilen höwes atyna atlanyp giderdik. 1976-njy ýylyň tomus aýlarynyň bir günüdi. Biz ene-atamyz bilen Wekilbazar etrabynyň Gökje obasynda ýaşaýan garyndaşlarymyz Aky Şadurdylara toýa barypdyk, ol ogluny öýerýärdi. Mary şäherini etekläp oturan oba şäher kysmydy. Köçeler tämiz, howlular gül-pürçüge beslenendi. Toýuň şowhuny aýdym-saz bilen bolansoň, öýe gelinalyjy gelen dessine türkmen däbine görä, aýdym-saza orun berildi. Mähelläniň bir gyrasynda oturgyçda ornaşan sazanda ilki dutarda birnäçe saz çaldy. Soňra orta ýüz-gözleri nurana, dolmuşdan orta boýly aýdymçy çykyp, «Boýlaryňa», «Duşurmazmy», «Söýgülimiň elleri», «Gözüm düşse gözleriňe» diýen aýdymlary ýerine ýetirdi. Bagşynyň elinde mikrofon bolmasa-da, onuň çeşme ýaly dury sesi ýaýlymly-ýaýrawly toýuň ähli ýerine ýetýärdi. Aýdyma, hoş owaza teşne göwünler aýdymçynyň berekellasyny ýetirýärdiler. Şowhun gidip durka birden ara maý düşdi-de, bir aýdym tamamlanan dessine bir daýza gelip, aýdymçydyr sazandanyň egnine ak seçekli ýaglyk atdy. Şol mahallar ol goşa ýaglygyň bahasy ýaz gyrkymyndan çykan bir işşegiň bahasyna deňeçer bardy. Bagşy egnine atylan ýaglyga hoşallyk bildirdi-de, ony emaý bilen halypasynyň beýleki egnine atdy. Ol aýdymçy Türkmenistanyň at gazanan artisti Gurban Gummanowdy. Oňa sazandarlyk eden halypa sazanda Sapar Mämiýewdi. * * * 1980-nji ýylyň tomsunda ýokary okuw mekdebine giriş synaglaryna taýýarlyk görülýän döwri dostum Esenmyrat Orazow ikimizi agam Annamuhammet duz-emek bolup gatnaşýan dosty şahyr Atamyrat Atabaýewlerde ýerleşdirdi. Atamyrat aga şol mahal paýtagtymyzyň ilerisinde ýaşaýardy. Olaryň öýüniň gabat öňünde Nobatguly Rejebow, aşak ýüzüniň sag gapdalynda Agageldi Allanazarow, çep tarapynda-da Kakabaý Gurbanmyradow ýaşaýardy. Dört şahyr bir ýerde goňşuçylykda ýaşansoň ol ýere ýygy-ýygydan dürli ýerlerden medeniýet we sungat işgärleri gelerdi. Kitaplaryny okap ýören şahyrlarymyzdyr diňläp ýören bagşy-sazandalaryň gelmegi bilen biz olar bilen gadyrly görşerdik. Şeýle ýakyn didarlaşmak bizde ruhy begenji döredýärdi. Şeýle günleriň birinde Atamyrat agalaryň gapysynyň öňünde sary «Wolga» saklandy. Ondan düşen kelteräk boýly, başy sugur bagana telpekli dolmuşdan gelen bugdaýreňk adam salam beren dessimize salamymyzy alyp: — Öňräk Tagan Söhbet «Atamyratlaň öýünde» goşgusynyň bir ýerinde bu ýere gelmegiň hyllalladygyny ýatlaýardy. Ýol çarkandakly eken. Ýöne sungat-saz, goşgy bu zatlara seretmeýär, adamlary birikdirýär — diýdi-de, sag elinde tutup duran dutaryny saklamagy bizden haýyş etdi. Ýygy-ýygydan telewideniýede çykyş edensoň biz gelen ýaşulyny gören badymyza tanadyk. Şol gün Atamyrat agalarda ýatdan çykmajak üýşmeleň boldy. Şonda bagşy «Görüşeli», «Selbinýaz», «Ogulbeg» ýaly birnäçe aýdymlary joşup-joşup aýtdy. Şahyrlar goşgy okadylar. Mahlasy, özboluşly aýdym-saz we şygyr güni boldy. Ol ýerden gaýtjak mahaly bagşynyň diýen bir sözi heniz-henizlerem ýadymda: — Sözüň güýji aýdyp-diýer ýaly däl. Sungat, edebiýat sözüň perzendi, ol ýürekleri birleşdirýär. Şahyrlar bagşyň aýdanyny makullap, ýygy-ýygydan görşüp durmagy arzuw etdiler. Ol bagşy Türkmenistanyň halk bagşysy Ödenyýaz Nobatowdy. * * * Türkmen telewideniýesinde 1989-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap ýaýlyma berlip ugran «Ýedigen» atly edebi-sazly gepleşigimizde esasy maksadymyz halkymyzyň milli mirasyny, aýdym-saz sungatynyň ägirtleriniň döredijilgini, nusgawy edebiýatymyzyň dürdänelerini halka ýetirmekdi. Belli bir sebäplere görä, ünsden düşürilen-de bolsa, halk hakydasynda ýaşaýan aýdym-saz we söz ussatlaryny ýaýlyma bermek hem gepleşigimiziň esasy maksady bolup duransoň, bize tomaşaçylardan dürli teklipleri orta atýan hatlar ýygy-ýygydan gelerdi. Halk köpçüligi bir aýdymçyny ýaýlyma bermegimizi sorap has-da köp hat ýazýardy. Yzygiderli gelýän hatlarda onuň aýdymlarynyň teşne ýüreklerde ýaşaýandygy, teleto- maşaçylaryň onuň aýdymyna garaşýandygy nygtalýardy. Biz teletomaşaçylaryň islegini nazarda tutup, haýyş edilýän bagşyny studiýa çagyryp, iki aýdymyny ýazga geçirdik. Şonda ol ansamblynyňsazandarlyk etmeginde Magtymguly- nyň sözlerine «Adamzat»hem-de «Buluda gardy meni»aýdymyny ussatlarça ýerine ýetirdi. Aýdymçynyň aýdymy ýazylan gepleşik 1989-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda ýaýlyma goýberildi. Şonda teletomaşaçylardan gelen alkyşly hatlaryň yzy bir-iki aýda üzülmedi. Muňa göwni galkynan bagşy ol günden birnäçe gün soňra ýörite redaksiýamyza gelip şeýle diýdi: — Ýolda-yzda görseler, meni gutlaýarlar. 89 ýaşynyň içinde ejem bardy. Bende «Ýaşymyň soňunda telewizora çykanyňy bir görsem oglum, bu dünýäde armanym ýok» diýip dileg ederdi. Siz sogap iş etdiňiz. Aýdymlarymy ýaýlyma bermeziňizden öň ýöremeden galan ejem aýdymymy diňländen soň göwni galkynyp, özi daş-iç çykyp ugrady. Bu perzende bolan enäň söýgüsi we sungatyň güýji. Biz muňa hoşal bolduk. Halypa teletomaşaçylardan gelen ýüzlerçe hatlary görkezdik. Şol wakadan birnäçe ýyl geçensoň oňa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakyldy. Ol bilbil owazly bagşy Öwezgeldi Tekäýewdi. * * * 1988-nji ýylyň gül-gülälekli maý aýydy. Paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda beýik akyldaryň ýadygärliginiň öňünde poeziýa baýramy geçirilýärdi. Gül-pürçüge beslenen giň meýdança adam bary ýygnanypdy. Dürli ýerlerden gelen doganlyk halklaryň wekilleri, türkmen ýazyjy-şahyrlary, alymlar, ýaş şahyrlar ýadygärligiň bir gyrasynda goýlan mikrofonyň öňünde beýik akyldara bolan hormatyny beýan edip, goşgy okaýardylar. Gezek tanymal şahyrlaryň birine ýetdi. Oňa söz berlende hyň berýän mähelläniň gowry ýatyp, töwerege dym-dyrslyk aralaşdy. Agras ýüzli, epeý pyýada orta çykyp: Näçe uzaklardan görenem bolsaň, Bu günlere gözüň ýetäýdimikän? Zada haýran galynmaýan asyrda, Saňa haýran galýar goşgyňy okan — diýip başlanýan Magtymgula bagyşlap ýazan goşgusyny okady. Toý-baýrama ýygnanan mähelle uzak elçarpyşmalar bilen her sözi dürüň dänesi ýaly şahyryň ýene bir goşgy okamagy üçin mikrofonyň öňünden gaýtmagyna ýol bermedi. Şahyr halkyň islegini kanagatlandyrdy. Şol gün biz telewideniýede bu dabarany giňişleýin tomaşaçylara ýetirmelidik. Pursatdan peýdalanyp, goşgy okan şahyr bilen Magtymguly babatda sowal-jogap alyşmagy müwessa bildik. Şeýle maksat bilen ýüz tutanymyzda ol bize Magtymgulynyň akyl-paýhasa ýugrulan mirasy hakynda gürrüň berdi. Soňra bolsa sözüni şeýle setirleri bilen jemledi: Beýik diýsek, beýikdenem ýokarda, danadanam on esseräk dana sen. Öz soragyň bilen sorag bereýin: Aýt, bu zatlardan başga näme sen? Ol tanymal şahyr Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowdy. Atamyrat ŞAGULYÝEW, žurnalist. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |