20:40 Ýuwaş geliniñ gaýyn atasy | |
ÝUWAŞ GELINIŇ GAÝYN ATASY
Teatr we kino sungaty
• Belli artist Şükür Kulyewi ýatlap Şu günki ýaly ýadymda. Biziň ýaşaýan Murgap etrabymyzyň Şordepe obasyndaky oba klubynda artist Şükür Kulyýew bilen duşuşyk boljak diýen habar okuwçy döwrümiz bizi diýseň gyzyklandyrypdy. Şol gün kluba ýygnananymyzda klup müdiri Aman Lapby biziň hemmämize, aýratyn-da, öňdäki hatarlarda oturan mekdep okuwçylaryna: “Üns berip, ýuwaşja oturyp diňleseňiz, duşuşykdan soň Şükür aga araňyza gelip, siz bilen elleşip görüşjek diýýär” diýdi. Bu biz üçin uly şatlykdy. Çünki dürli kinolarda oýnaýan belli artist bilen görüşmek biz üçin bagtdy. Şol duşuşykda Şükür aga kluba ýygnanan mähellä dürli kinolarda ýerine ýetiren keşpleri, esasan-da “Meniň dostum Meleguş” çeper filminde uçarmanyň keşbini janlandyryşy hakynda diýseň täsirli gürrüň berdi. – Meniň uçara ilkinji sapar münüp görşümdi. Ruly aşakda komandir dolandyrýanam bolsa, hamala ony men sürýän ýaly ýarty ruly kä öňe, käte özüme çekýärdim, iki gözümem uçaryň ortarasyndan açylan kitaby ýada salýan öň aýnasyndady. Bir-de pessaýlasam, bir-de ýokary galýardym. Aşak ýanymdaky komandirem maňa howatyr bilen: “Şükür aga, ellemesiz düwmeleri elleme ahyry” diýip igenýärdi. Menem oýunlyga salyp: “Aý, soň sürülermi, sürülmezmi, susagyň sapy elimize ýetende elýeterdäki zatlary elleşdirip bir çykaly-da” diýýärdim. Muňa komandir güljeginem, gaharlanjagynam bilmän ýylgyrýardy. Men oňa sereden mahalym ol: “Aý, ýaşuly, öňe seret, sen uçarman ahyry” diýýärdi. Menem: “Wiý, ýegen, şeýledir-ow...” diýip, baý, hezil edip, al howada gaýandyryn-a... Zalda oturanlar Şükür aganyň keşbe girip görkezýän hereketlerine gyzyl-gyran gülüşýärdiler. Duşuşyk tamamlanandan soň Şükür aga öňdäki hatarda oturan okuwçylaryň ýanyna gelip, biz bilen ýekän-ýekän salamlaşdy. Başy telpekli, uzyndan agajet, haýbatly murtlary ýüzüne gelşik berip duran, elleri gataňsy artist şeýdip, biziň ýanymyzda özi üçin goýlan boş orunda oturdy-da, biz bilen “Meniň dostum Meleguş” çeper filmine tomaşa etdi. Bu pursatlar biziň ýadymyzda baky galdy. Soň-soňlar biz Şükür aganyň oýnan haýsy filmine tomaşa etsegem, ony özümize ýakyn bir adam ýaly kabul ederdik. * * * Şükür Kulyýew 1913-nji ýylda Mary etrabynyň Mülk–Bagşy obasynda agaç ussasy Işanguly aganyň maşgalasynda dünýä inýär. Ökde araba ýasaýan ussanyň Näzik, Şükür, Guwwaly, Altyn we Suraý atly çagalary bolupdyr. Şüküriň kakasy Işanguly aga degişmäni gowy görýän, alçak, wäşi adam eken. Şükür ýaşlygyndan kakasynyň ýanynda agaç ussaçylygyna werziş bolansoň, onuň her bir gülşükli hereketlerini synlap, ony öz ýanyndan kakasy ýaly bolup gaýtalamaga çalşar ekeni. Onuň bary-ýogy dört synp bilimi bolupdyr. 1943-nji ýylda Şükür 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gidipdir. Duşmanlara garşy söweşýän mahaly ol maý tapdygy söweşdeş ýoldaşlaryna ýany bilen äkiden gyjagynda saz çalyp berer ekeni. 1944-nji ýylda ol agyr ýaralanyp, uruşdan gaýdyp gelipdir. Şonda Şükür aga çagalaryna: “Garymda ýatan ýerimden: Allajan, ölsem-ä ölüp giderin, ýöne ýaraly bolsam-da gyjak çalar ýaly gurbat bir bereweri” diýip, dileg edýärdim’’ diýip, gürrüň berer ekeni. Uruşdan soň Şükür aga dürli edaralarda ussa bolup işläpdir. 1950-nji ýyllarda bir sapar oňa kinorežissor Meret Atahanow bilen bir oturyşykda gabatlaşmak miýesser bolupdyr. Şonda Şüküriň görkezýän gülküli hereketleri Meret Atahanowda aýratyn täsir galdyransoň, ol öz ýanyndan: “Gülküli kino alsam, şuny çagyraryn” diýip, ony bellige alypdyr. 1960-njy ýylda Şükür Kulyýew “Daşgalada bolan waka” atly çeper filme surata düşmek üçin ilkinji sapar synaga çagyrylýar. Şonda oňa ýaşulynyň keşbini döretmegi ynanýarlar. Filmde ýerine ýetirijiligi şowly bolansoň soňra ol “Şeýle-de bolýar-da” filminde bufetçiniň, “Göze ilmeýän adam” kinosynda garry çopanyň keşplerini ýerine ýetirýär. Ilki-ilkiler kinoda synaga çagyran bolsalar, soňra režissýorlar Şükür agany synagsyz, oňa göni roly ynanýar ekeni. “Ýanýan furgonyň ýoly” çeper filminde hem hut şeýle bolupdyr. Şükür Kulyýewiň döreden keşpleriniň iň şowlularynyň biri hem “Ýuwaş gelin” çeper filminde onuň gelniň gaýyn atasy bolup oýnan keşbidir. Ýazyjy Naryman Jumaýewiň adybir powesti esasynda kinorežissor Setdar Garajaýewiň Aşgabady etekläp oturan Bagyr obasynda düşüren bu filminde ýerine ýetiren keşbi Şükür aga uly şöhrat getirýär. Bu keşp ony sözüň doly manysynda artist hökmünde ykrar etdirýär. Şükür Kulyýew ömrüni sungata bagyş eden ýyllary ululy-kiçili jemi ýigrimi filmde dürli keşpleri ýerine ýetiripdir. Olaryň hatarynda “Ýanýan furgonyň ýoly” filmindäki Uzynyň, “Japbaklar” kinofilminde galtamanyň, “Ýartygulakda” derwüşiň, “Mukamyň syrynda” Porhan aganyň, “Ýurt eýesinde” poçtalýonyň, “Myradyň jadyly kitabynda” ýaşulynyň keşbi ýaly onlarçasyny görkezse bolar. Şükür Kulyýew doganlyk halkaryň filmleriniň hem birnäçesinde ýatdan çykmajak keşpleri döreden ussatdyr. Muňa mysal hökmünde “Mosfilm” kinostudiýasynyň döreden “Söýmek gerek” filminde Feldşeriň, “Özbekfilm” studiýasynyň önümi bolan “Gyzylgum” filminde ýaşulynyň keşplerini görkezmek bolar. Şükür Kulyýew türkmen sunatynyň ägirtleri – Alty Garlyýew, Bazar Amanow, Durdy Saparow, Sary Garryýew, Baba Annanow, Artyk Jallyýew, Akmyrat Bäşimow, Meret Atahanow, Osman Saparow, Hojadurdy Narlyýew, Kakow Orazsähedow ýaly ussatlaryň, şol sanda meşhur rus artistleri Ýuriý Nikulin, Spartak Mişulin dagynyň ýokary bahasyna mynasyp bolan artistdir. Şükür Kulyýewiň iň soňky surata düşen filmi “Keçjal” çeper filmidir. 1989-1990-nji ýyllarda düşürilen bu filmde Şükür aga baş keşpdäki oýnaýan gyzyň babasynyň keşbini ýerine ýetiripdir. * * * Meşhur artist Şükür Kulyýewiň durmuşy, onuň kino sungaty bilen baglanyşykly wakalary öz içine alýan gürrüňler halk içinde diýseň köp. Bize ol gürrüňleriň birnäçesini artistiň ogly, sungat işgäri Kakaly Kulyýewden ýazyp aldyk. Ine, olaryň käbiri. Orta mekdebi doly tamamlamasa-da kadr ýetmezçiligi sebäpli Şüküri Aşgabatdaky kitaphanaçylyk ugrundan okadylýan alty aýlyk okuwa alypdyrlar. Okuwyny tamamlap gelip, obada okalga müdiri wezipesine ýerleşende, kakasy onuň okan okuwynyň ugruny sorapdyr. Onda Şükür: – Hawa, kaka, biz Aşgabatda alty aý okadyk. Okan okuwymyzyň ady “Oblastnoý dom narodnogo tworçestwo, uprawleniýe po delam isskusstwo, rukowoditeli dramatiçeskogo kružkow, pri mnisterstwo kultury i prosweşeniýe” diýip, jogap beripdir. – Bäý-bä, ýaman okan okuwyň ady uzyn ekeni welin, indi bu işiňde saňa näçeräk hak-heşdek berjekler? – Birbada okalganyň içini zadyny süpüreniň bilen 30 manad-a tölejekler... Onda haýsy bir zadyň bahasy bilen gyzyklansa, ony gaňňaň nyrhy bilen ölçemäge ürç eden kakasy: – Päheý, ol-a bir gaňňaň bahasyça-da ýok oguşýan diýipdir. * * * Şükür aganyň eý görýän ulagy welosiped bolansoň, şähere gitse ony münüp gider ekeni. Ýöne her saparam ony ogurladar ekeni. Onsoň onuň etrap polisiýa müdirliginiň başlygy Baba Agajanow diýen dosty bar ekeni. Şonuň ýanyna baryp: “Baba, meniň welosipedimi ogurladylar” diýse, ol ýanyna kömekçisini çagyryp: “Baryň, Şurige (dost-ýarlary oňa hemişe režissýorlaryň dakan Şurik ady bilen ýüzlener ekenler) bir welosiped beriň” diýer ekeni. Şonda Şükür aga hatarlanyşyp, duran welosipedleriň iň bäri çetindäkini alar ekeni. Her saparam onuň alan welosipedi özüne tanyş, öz ogurladan welosipedleri bolup çykar ekeni. * * * Şükür aganyň etrap pasport bölüminiň naçalnigi bolup işleýän Akmyrat Salyhow diýen bir dosty bar ekeni. Bir gün ol dostunyň ýanyna baryp: “Akmyrat, maňa pasport gerek” diýipdir. Dosty oňa pylan-pylan resminamalary getirseň pasport beräýeris diýip, gerekli resminamalary aýdypdyr. Onda Şükür: “Akmyrat, özüň oňaryşdyraýsana” diýipdir. Dosty: “Aý, bolýar, men gyzlara aýdyp taýýarlatdyraýaryn. Ýöne foto suratyň gerek boljak” diýipdir. Onda Şükür aga: “Akmyratjan, şonam özüň gaýrat edäýsene” diýip degişipdir. * * * Şükür aga sungat adamsy bolansoň, öz döwrüniň belli bagşylary Çary Täçmämmedow, Sahy Jepbarow, Çary Gurbanow, Ödenyýaz Nobatow, Amannazar Ataýew, Nasyr Mürzäýew ýaly ussatlar bilen duz-emek bolup gatnaşypdyr. Bir sapar Muhammetoraz bagşy onuň öýüne baranda, Şükür aga okarasynyň düýbündäki iň soňky palawy syryp iýip oturan ekeni. Myhman salawmaleýkim diýenden ol: – Oh-ow, Muhammetoraz, hany töwir edip ber – diýipdir. Onda bagşy geňirgenip: – Şurik, men entäk hiç zat iýemog-a – diýipdir. Şükür bolsa degişgenlik bilen gözlerini oýnadyp: – Del töwir gowy bolar, oka – diýipdir. * * * Bir sapar Şükür Çary atly bir oba bagşysynyň ýanynda gyjak çalyp sazandarlyk etmeli bolupdyr. Şonda ikisiniň sözleri azaşyp, sen gowy kowaňok-da, sen gowy gaçaňok diýşip dawalaşypdyrlar. Şonda Şükür: – Eger men ýaramaz çalýan bolsam gyjakda “Çary” diýdireýin, hany senem “Şükür” diýdir-dä – diýipdir-de, gyjagyny süýkäpdir welin, gyjak “Ça-ary, Ça-ary” diýip duranmyş. Emma, ýoldaşy guralyna “Şükür” diýdirip bilmändir. * * * Bir sapar biri Şükür agadan gyjak çalmak kynmy, öwrenip bolmazmyka diýip sorapdyr. Ol bolsa: “Aý, gaty bir kynam däl. Mysal üçin “Torgaý guşlary” çaljak bolsaň 32 gezek süýkäp, 48 gezek hem barmaklaryňy basaýmaly” diýip, agzyna gelen sanlary aýdyp goýberipdir welin, sala salan bende gyjakda hem süýkewini hem barmak basmalaryny sanajak bolup dert-azara galypmyş. * * * Bir ýyl Işanguly aganyň pomidory boldan getiripdir-de, ogly Şüküri bazarda satyşmaga ýany bilen alyp gidipdir. Bir görse aňyrdan Şüküriň direktory ýetip gelýän ekeni. Ony gören badyna ol kakasyna: – Kaka, hana, direktorymyz ýetip gelýär, oňa pomidoryň gowjasyndan saýlap berewergin—diýipdir. Kakasam bor diýipdir-de oglunyň direktoryna iň bir ýaramaz, çüýrük pomidorlary berip goýberipdir. Birki günden soň muny bilen Şükür näme üçin beýle etdiň diýip sorasa kakasy: – Pomidorlaryň çüýrüklerini tanyşlar almasa, başgalar alanok ahyry. Men-ä ony tanyş görüp şeýtdim—diýip jogap beripdir. ■ SÖZSOŇY ÝERINE Meşhur artist Şükür Kulyýewiň iň soňky düşen filmi 1989-1990-njy ýyllarda düşürilen “Keçjal” çeper filmidir. Şol wagt ol 76-77 ýaşlarynda eken. Bu kinony almak üçin kinorežissýor Osman Saparow olaryň öýüne baryp: “Şurik, seni kino düşürmäge alyp gitjek” diýipdir. Şonda Şükür aga: “Osmanjan, indi men gaty garradym, kino düşmäge ýaraman” diýse-de, režissýor ony göwnedipdir. Ol kinoda Şükür Kulyýew esasy gahryman bolup hereket edýän Zylyha Jumanyýazowanyň – gyzyň babasynyň keşbini ýerine ýetiripdir. Gökdepede daglaryň arasynda kino surata düşürilip ýörkä Osman Saparow kärdeşlerine: “Şu wagt Şükür aga miwesi goýalan garry tut agajyna meňzeýär... Heniz saýa salyp durka ony näçe kino alyp bilsek almaly” diýipdir. Bu kinoda Şükür aganyň oýnan gahrymany ýogalýar. Edil şol gahrymany ýaly Şükür Kulyýew hem, ol filme düşüp bolandan alty aý soňra 1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda aradan çykýar. Onuň özüne oýnan bu keşbini görmek miýesser etmeýär. 1998-nji ýylda Mary etrap häkimligi tarapyndan Şükür Kulyýewiň 85 ýyllyk ýubileýi bellenip, ýaşan köçesine onuň ady dakylýar. Ruhy medeniýetimiziň howandary, eziz Arkadagymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli sungatymyza goýýan sarpasy bize bu günki gün türkmen sungatynda görnüki yz galdyran Şükür Kulyýew ýaly zehinli artistleriň geçen durmuş ýoly hakynda giňişleýin söhbet açmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi diýseň guwandyryjy ýagdaýdyr. Şükür Kulyýewiň sungatda goýan yzy biziň her birimiziň ruhumyzy baýlaşdyrmakda, göwnümizi götermekde iňňän uly ähmiýete eýedir. Atamyrat ŞAGULYÝEW, žurnalist | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |