00:58 Pyragynyñ demi düşen sähralar | |
PYRAGYNYŇ DEMI DÜŞEN SÄHRALAR
Magtymgulyny öwreniş
Ösüp gelýän ýaş nesli öz topragynyň, Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň, Magtymgulynyň ruhunda terbiýelemek şu günki günüň baş aladasyna öwrüldi. Şonuň üçin ol şahsyýetleriň geçen ýollaryny dolulygyna öwrenmek biziň her birimiziň baş aladamyz bolmaly. Türkmen klassyky edebiýatynyň şamçyragy, biziň ruhy kyblamyz hem seždegähimiz Magtymguly Pyraga bolan garaýyş hem soňky ýyllarda düýpgöter özgerdi, ösdi. Biz edebi mirasymyza näçe ýygy ýüzlensek, nesil daragtymyzyň sagdyn boý almagyna ýardam eder. Men 1994-nji ýylyň noýabrynda türkmen halkynyň ruhy täji Magtymguly Pyragynyň yzyny yzlap, onuň önüp-ösen ýerlerine, demi düşen sähralaryna, ruhy siňen topragyna, aýak yzlaryna togap etmek maksady bilen şahyryň ýurdy Etrekde, Soňudag sebitlerinde, Gyzylbaýyr obasynda boldum. Gyzylbaýyr obasynyň pähim-paýhasly, sähraýy adamlary bilen şahyryň önüp-ösen ýerlerine aýlandyk. Şahyry haýry-dogada ýat edip, onuň ruhuna aýat-töwir etdik. Şahyryň ýaşan döwrüniň ruhuny saklap duran mukaddes ýerler göýä alnymyzda Ussady direlden ýaly boldy. Şol birnäçe güne çeken ýatdan çykmajak zyýaratda men Gyzylbaýyr obasynyň 4-nji mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty boýunça baýry mugallymy Şiri Gulmämmediň we oba ýaşulysy, şahyryň döredijiliginden köptaraplaýyn düşünjeli Kömek Annasähediň Magtymguly hakyndaky täsirli gürrüňleri biparh goýmady. Edebiýat ylmy meýdanynda halklaryň bilelikdäki gözlegleriniň barha rowaç alýandygyna buýsanjymyz örän uly. Hut şonuň üçinem özümi biparh goýmadyk şol gürrüňleri söýgüli gazetimiz “Edebiýat we sungatyň” ojykylaryna ýetirmegi makul bildim. Sebäbi Magtymguly ýaly beýik şahsyýetiň ýaşan döwrüni ylmy taýdan ýa bolmasa, şol döwürlerden habarly adamlaryň çaklamalaryny bilelikde öwrenmek hem biziň hemmämiziň borjumyz. Şu ýerde getiriljek käbir maglumatlar beýik şahyryň ömrüni, ýaşan ýerlerini has-da anyklaşdyrmaga azda-kände ýardam eder diýen tamam bar. Atamyrat ŞAGULY. * * * Şiri Gulmämmet: - Magtymguly Pyragy dünýä belli beýik şahyr. Uly söz ussady. Türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujy. Türkmen edebi dilini esaslandyryjy. Okuw kitaplarynda Magtymguly Etrek, Gürgen obalarynda ýaşapdyr diýilýär. Gerkez obasy şahyryň asly mekany bolup, onuň ýurdy Etrekdir. Şahyr Etregiň Soňudag arkajynda ýerleşýän Gyzylbaýyr obasynda ýaşap geçipdir. Magtymgulynyň döwründe gökleňler bilen ýomutlar gatyşyp-garyşyp oturýan ekenler. Şahyr muny köp goşgusynda tassyklaýar. Meselem, “Çowdur han” diýen goşgusynda: “Gökleň, ýomut ýola çykyp bakyşyp, Umyt etdi iller, aman Çowdur han”. “Zarlar içinde” diýen goşgusynda: Kime nesip etdi Ispihan ýaýyň? Sözüm galat däldir, behiştdir jaýyň! Gökleň, ýomut weýran boldy saraýyň, Pelek weýran etdi harlar içinde. “Öňi-ardy bilinmez” diýen goşgusynda: Ýomut-gökleň tagsyp edip özünden, Çyksa goşun, öňi-ardy bilinmez. Sygmaý çykdy, Deşdi-dahan düzünden, Ýörän ýoly, gonan ýurdy bilinmez – - diýip, ýomutlaryň, gerkezleriň arynyň-täsibiniň birdigini, bu iki tiräniň agzybir ýaşaýandygyny görkezýär. Beýik şahyr “Äleme belgilidir” diýen goşgusynda: Ýaz geler, wagt-da gider, gaflata çykmyş gözlerim, Açaýyn diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr, Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz: Asly Gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr – diýip, aslynyň gerkezdigini, ýurdunyň Etrekdigini açyk aýdýar. Magtymguly hakykatdan hem Gyzyletrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynda, ýagny Soňudagyň güneýinde we arkajynda ýaşapdyr. Muny şahyryň Soňudaga bagyşlap ýazan goşgulary doly tassyklaýar. Magtymguly “Gözlär meni” diýen şygrynda: Ýurdum Etrek, ilim – gökleň, Men bir söwer ýar gözlär men. Jan şährine düşdi talaň, Kuwwat bergen Pir gözlär men – - diýip, ýurdunyň Etrekdigini aýdýar. Ýene şu goşguda: Soňudag guwanjym meniň, Gezer men seriňde seniň, Saýýat men, awlap jereniň, Syýa ýylçyr mar gözlär men – - diýip, Soňudagyň başynda köp gezendigini, dagyň jerenini awlandygyny, ol daglara guwanýandygyny nygtaýar. Soňudagda hüýt gara, ýylmanak, uly ýylanlar häzir hem bar. şahyr şol ýylanlary hem öz gözi bilen görüpdir. 1960-njy ýyllaryň başlarynda biziň obamyzyň 3-4 kolhozçysy Soňudagyň arkasynda ýerleşýän gömlen guýyny arassalamaga gidipdir. Olar guýynyň düýbünde bir-birine işilen ýüp ýaly çolaşyp ýatan 24 sany çalajan ýylany görüpdirler. Şahyr “Görülsin indi” diýen goşgusynda: Oturmasyn kempir, ýaşlar dul bolup, Galmaňlar, türkmenler, ile dil bolup, Rakyp ähli musulmana gul bolup, Ilersi Soňudaga sürülsin indi – - diýip, Soňudagyň adyny guwanç bilen tutýar. Gyzylbaýyr oba arçynlygy Şarlawuk obasynda ýerleşýär. Ol göni gidilende obadan 15-18 kilometr çemesi ýer. Soňudagyň edil örküjiniň üsti bilen gündogardan-günbatara Türkmen Eýran döwlet serhedi geçýär. Dagyň beýik ýeriniň gutarýan tarapynda “Naýbadaý” gädigi ýerleşýär. Obanyň 30-35 kilometr gündogarynda “Hartut”, 35-40 kilometr günbatarynda “Çat” diýen ýer bar. Geliň, indi şahyryň özüniň Gyzylbaýyr, Soňudag, Naýbadaý hakynda nämeler diýýänligi bilen tanşalyň. Şahyr şu daga bagyşlan “Soňudagy” diýen goşgusyny ýazypdyr: Eý, söwdügim, Soňudagy, Dagdanlydyr biliň seniň. Duşman görse, döwdüleşer, Ýomut, gökleň iliň seniň. Şahyr Soňudaga söýünç bilen garaýar. Onda oturýan iliň – ýomutlaryň, gökleňleriň duşman bilen gaýduwsyz söweş gurýandygyny, döwdüleşýändigini görkezýär. Kesgin-kesgin ýoluň geçer, Gyzylbaýyr göwün açar, Sowuk çeşme suwuň içer, Süri-süri malyň seniň... – - diýip, dagdan kesgin-kesgin ýoluň geçýändigini, Gyzylbaýryň jana ýakymly howasynyň gamgyn göwünleri açýandygyny, sowuk çeşme suwundan süri-süri malyň ine-gana içip, hezil edýändigini ýazýar. Ýaňy-ýakyn ýyllarda-da Soňudagyň arkajyndaky üç-dört çeşmeden suw akyp çykýardy. Olar Aýjemal, Käriz, Gargyjak çemri. Häzir şol çeşmeleriň birinden hem suw akmaýar. Sebäbi Aýjemal çeşmesinde skwažina oturdylyp, oba agyz suwy getirilýär. Şol skwažina dagyň arkajyndaky ähli çeşmeleri guratdy. Ýaz paslynda Gyzylbaýryň gözelligini hiç bir ýer bilen deňeşdirer ýaly bolmaýar. Gyzylly-ýaşylly, al-elwan güller açylyp, her hili ýakymly yslar burnuňa urýar. Dem almak ýeňilleşmeýär. Şahyr şu zatlary öz gözi bilen görüpdir, synlapdyr: Dürli-dümen otuň biter, Her deräň bir ile ýeter, Hatarlanşyp kerwen öter, Naýbadaýdyr ýoluň seniň. Soňudagyň arkajyndaky dereler giň, oty dürli-dürli we gür bitýär. Her derede 2-3 süri goýny ýerleşdirmek mümkin. Soň şol dereleriň samany hem köp bolýar. şahyr Soňudagyň “Naýbadaý” diýen gädiginden hatarlanyşyp barýan uly düýe kerwenini görüpdir. Oňa syn edip oturypdyr, daşyndan guwanypdyr. Oýlukda ýaýlany gursak, At çapdyryp, baýrak bersek, Töreýitde harman gursak, Nan dökmek hyýalyň seniň. Şu bentdäki “Oýluk” sözi “öýlük” bolmaly. Arap elipbiýinde “O” harpy bilen “Ö” harpynyň, “U” harpy bilen “Ü” harpynyň ýazylyşy meňzeş bolany sebäpli, “Öýlük” sözi “Oýluk” görnüşinde okalypdyr we ýazylypdyr. Biziň obamyzdan Taňryberdi Jepbarow 49 gün Eýranda bolup geldi. Şol 49 günüň 15 gününi “Garry molla” gonamçylygynyň golaýyndaky Kürenolum we Aktokaý obalarynda geçiripdir. Ol Eýrana gidende, men ondan şol obalaryň we gonamçylygyň suratyny alyp gelmegi haýyş edipdim. Ol gelende birnäçe surat getirdi. Şolaryň içinde Öýlükdepäniň hem suraty bar eken. Näme üçin şoňa Öýlükdepe diýildikä? Soňudagyň ilersinden Etrek derýasy geçýär. Etrek derýasynyň gaýrasy Soňudagy. Ýaz-tomus aýlary Soňudaga güýçli ýagyş ýaganda, suw dagdan gaýdýan jülge boýunça derýa tarap akýar. Çarwalar derýa bilen dagyň arasynda garaja öýler tutup oturýan ekenler. Güýçli suw akymy ýüzüniň ugruna öýleri, amllary derýa dykýan eken. Derýa bilen dagyň arasynda 10-15 öý, 2-3 süri ýerleşer ýaly depe bar. olar öýlerini şol depäniň üstünde tutýan ekenler. Suw öýlere, mallara zyýan ýetirip bilmeýär. Şonuň üçin hem şol depä “Öýlükdepe” diýipdirler. Öýlükdepe biziň obamyzdan 3035 kilometr uzaklykda. Goşguda agzalýan “Töreýit” diýen ýer, Eýrandan gelenleriň aýtmagyna görä, 150-200 gektar meýdany bolan ekerançylyga ýaramly ýer. Ol Etrek derýasynyň kenarynda ýerleşýär. Şol oý ýere derýa güýçli joşanda suw çykýar. Soň suw çekilende, şol ýere arpa-bugdaý ekip, bol hasyl alynýan eken. Magtymguly, set açandyr, Bu döwran senden geçendir, Üstüňden iliň geçendir, Niçik geçer halyň seniň. Duşmanlar türkmenleriň üstüne yzyly-yzyna çozuşlar edýärler. Ogul-olja, gyz-ýesir äkidýärler. Mallaryny sürýärler, gymmatbahaly zatlaryny – halylaryny, gelin-gyzlaryň, şaý-seplerini talaýarlar. Şonuň üçin türkmenler oturymly ýerlerini – Soňudag sebitlerini taşlap, Gyzylbaýryň gizlin, gat-gat baýyrlarynyň arasyna siňmäge mejbur bolýarlar. Dag adamsyz, mal-garasyz çolaryp galýar. Gökleňler Soňudagy taşlap gaýdýan hem bolsalar, goh-galmagal ýatyşansoň, duşmanlar yzlaryna gidensoň, ýene yzlaryna – Soňudaga dolanyp gelýärler. Muny şahyryň ýegeni Gurbandurdy Zelili (Magtymguly 1783-nji ýylda aradan çykan, Zelili 1800-nji ýylda doglan) Magtymguly aradan çykanyndan 40-50 ýyl geçeninden soň tassyklaýar. Ol “Seýidi” diýen goşgusynda şeýle diýýär: Çomry onda bolsa, çarwa sergizde, Günbatary Çatda-Oýlynyň düzde, Gündogary Hartut, ardy Margizde, Öňi baryp gonsa, Guwla Seýidi. “Sergiz” diýen ýeri Eýrandan gelenler hem, oba ýaşululary hem bilmediler. Onuň “Çomrular belli bir ýeri üýtgetmän oturýarlar, çarwalar otly-suwy sergin ýerlerde bolýarlar” diýen manyda berlen bolmagy mümkin. “Günbatary Çatda-Oýlynyň düzde”. Çat – Etrek derýasy bilen Sumbar derýasynyň çatlaşýan, birigýän ýeri. Çatyň demirgazyk taraplaryny tutup ýatan giň, tekiz düzlüge “Oýlynyň düzi” diýilýär. Çat Gyzylbaýyr obasynyň merkezi posýologyndan, Soňudagdan 40 kilometr uzaklykda, Gündogarda “Hartut”. Hartut obadan 35-40 kilometr gündogarda ýerleşýär. “Ardy-Margiz”. Ardy-gaýrasy Margiz. Margiz Gyzylarbat etrabynyň Hojagala obasynyň ilersinden geçýän çaý. Öňi-ilersi – Guwly. Guwly – Etrek derýasynyň kenaryndaky kiçiräk köl. Gündogary Hartut, Günbatary – Çat, gaýrasy – Margiz, ilersi – Guwly. Şu görkezilen çäk-territoriýa häzirki Gyzylbaýyr obasynyň territoriýasyny aňladýar. Eger şu goşgyny Zelili 25-30 ýaşlarynda düzen bolsa, onda goşgy Magtymguly aradan çykandan 42-47 ýyl soň ýazylan bolýar. Diýemk, Magtymguly aradan çykandan 42-47 ýyl soňra-da, gökleňler Zeliliniň görkezen çäginde – Gyzylbaýyrda ýaşapdyrlar. Bu pikiri Zelili “watanym seni” diýen goşgusynda hem tassyklaýar: Ýürek telwas eder, göterler serim, Köňül arzuw eýlär, Watanym seni. Etrek, Gürgen – ýurdum, gezen ýerlerim, Köňül arzuw eýlär, Watanym seni. Şu ýeriniň ýaşaýjylarynyň arasynda şeýle bir rowaýat bar: Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azady Gürgen-Hywa kerwen ýoluny gysgaltmak maksady bilen, “Çaltja” diýen ýerde ýowar edip, öz hasabyna gädik gazdyrypdyr. Meşhur mirasgär Ümür Esen ýerli ýaşaýjylary Keşer Amany, Mämmet Hajygylyjy, Kömek Annasähedi ýanyna alyp, kerwen ýoluny yzarlap, gädik gazdyrylan ýeri gördi. Kömek Annasähet: Sähraýy türkmeniň gerçek ogly, öz döwrüniň belent akyldary, edebiýat äleminiň nurly göwherli ýyldyzy bolan Magtymguly Pyragynyň adyny türkmen topragyndan alyslarda-da, has takygy, Ýer togalagynyň ähli künjeginde eşitmek bolýar. güneşe baý ülkämiziň miwesiniň datly bolşy ýaly, şahyryň döreden şygyrlarynyň her bir sözi, her bir setiri halkyň ýüregine ýakyn, ysnanyň iň näzik duýgularyny gobsundyryjy, şirinen-şirin ruhy lezzet berijidir. Magtymguly Pyragy öz döwürniň güýçli wagyz-nesihatçysy bolupdyr. Onuň gyzyldan gymmatly dürdäne setirleri türkmen tire-taýpalaryny agzybir, asuda ýaşaýşa çagyrypdyr. Ganatly setirleri daşky duşmanlar bilen bolan söweşlerde üstün çykmaga ýardam edipdir. Ine, şonuň üçinem türkmeniň ähli tire-taýpasy şahyra doganlyk garaýşy bilen öz milli şahyry hökümnde garaýar. Onuň dürdäne sözleri şu gün hem öz hümmetini ýitirmän, göwher daşy ýaly barha lowurdy açýar, hormatlanýar. Häzire çenli şahyryň eserleri dürli ýyllarda, ençeme gezek neşir edildi. Bu onuň adyny gitdigiçe belende göterýär, şonuň ýaly-da, gün geldigiçe magtymgulyşynaslaryň sany artýar. Ine, men hem Magtymguly hakda jahankeşdeleriň biri. Türkmenistanda hakykatyň hatyrasyna şu güne çenli il içinde söz ussady dogrusynda toplan materiallarymy il-güne ýetirmegi hem-de öz şahsy pikirimi aýtmagy maksada laýyk ynsanýetçilik borjum hasap etdim. Dogduk depäm Hajygowşan obasy, Tigre ogşar selleleriň gabasy, Pire ýeter Pyragynyň nalasy, Siziň bilen işim bolmaz mollalar. - diýmek bilen şahyr özüniň haýsy obada dünýä inendigini mälim edýär. şahyr 4-5 ýaşly oglanka onuň nebereleri çerkez-düýeji, köçek, igdir tire-taýpalar bilen Soňudagynyň güneý tarapyndan arkaç tarapyna, has takygy, Ýylyja, Bedelata, “Süýş pygamber” diýen ýerlere göçüp barýar. Sebäbi bu ýerler eklenç üçin amatly bolupdyr. Şahyr hem ömrüniň köpüsini şu etraplarda ýaşap geçiripdir. Gerkezler bu ýerde irrigasion desgalary hem gurupdyr. Ol Gyzylbaýryň üstünde ýerleşip, 80 ýaşy arka atan Nury ogly Elýas aganyň aýtmagyna görä, ol uly akawudyň ugry bolan Sumbar derýasynyň, Çendiriň gündogar tarapynda köne Nikolaýyň posty diýilýän ýeriň günbatar ileri ýüzünde, häzire-şu güne çenli gazylan ýaplaryň, gurlan bentleriň sudury bildirip duran ýerden geçipdir. Mundan başga-da, Sumbaryň günortasynda ýerleşýän gerkezleriň öwlüýäsi diýilýän (“Japar şehit” we ş.m.) ençeme öwlüýäleriň bolmagy olaryň bu ýerde uzak-uzak wagtlap oturandyklaryna şaýatlyk edýär. olaryň çarwaçylyk bilen meşgul bolanlary Suwulgan, Ümrüm, Hajygoç, Jöwenli, Çoganly, Sary gowak, Sary daş diýen ýerlerde ýylyň gelşine görä göçüp-gonup ýörüpdirler. Şonuň ýaly-da, gerkezleriň Hajy goç diýen ýerde ötmesi kyn bolan baýyrlardan kerweniň ötüp geçmegi üçin öz elleri bilen gazan gädikleri hem bar. aýdylyşyna görä: “Gerdeni gerimli, maňlaýy giň, gözleri dag bürgüdiniňki ýaly ýiti nazarly, ýaňaklary nar öwüşginli, mylaýym garaýyşly, at ýüzünden tegelegräk, burny inçemik, çalasyn hereketli, orta boýly, kak çekge, telpegi Hywa etrabynyň telpegine meňzeş, tüýleri gysga, reňki goňur-gyzyl, boýy uzyn bolmadyk Magtymgulynyň çagalykda söýen pişesi owlak-guzy bakmak bolupdyr. Häzir il içinde ýaşap ýören 85-96 ýaşlaryndaky Allan aganyň gürrüňlerinden: - Hat-sowady öwrenenden soň, atasy Magtymgulyny daýysy Durdy şyha tabşyrýar. Ol oňa kümüşçilik hünärini öwredýär. Diýmek, Durdy şyh Magtymgulynyň daýysy bolsa, onuň ejesi şyhlar tiresinden bo,maly. Alaý aga Eýranda bolanda Durdy şyhyň (ýagny, Magtymguly bilen şygyr aýdyşan Durdy şahyryň) mazaryny görüpdir. Ol Soňudagdan geçen ýeriňdäki Küren obasynda bolmaly. Şahyr 20 ýaşlarynda Hywa gidip, 3 ýyl 4 aýdan soň Gyzylbaýra dolanyp gelýär. Wagtyň geçmegi bilen igdir, düýeji taýpalary gerkezleriň ýarysy bilen Eýran sebitlerine göçmeli bolýarlar. Gerkezleriň ýarysy bolsa, Garrygala etraplaryna göçp, Garrygalanyň “Magtym şyh” diýen ýerlerine baryp, mekan tutýarlar. Emma Magtymgulynyň nebereleri Soňudagyň arkaç ýüzüne göçüp barýarlar. Şeýlelikde, Bedeli ata ýa-da häzirki Aýjemal çeşmesiniň agzynda mekan tutýarlar. Özüniň gojalan döwürlerinde hem şahyr özüniň Gyzylbaýyrlydygyny subut edýän goşgular düzýär. Soňudagyň arkaç ýüzünde belli zolak bar – Kiçidepe: şol ýerde şahyr agyr näsaglyga sezewar bolýar. onuň ýagdaýyny soramaga ähli ýerden – Kasym hojanyň, Habyp Hojanyň nebereleri, öz ýegeni Zeliliniň dosty Seýdi Hojanyň kowum-garyndaşlary gelýärler. Hemme il-gün, kowum-garyndaşlary ýygnanansoň, şahyr olara ýüzlenip: - Meni daşary alyp çykyň, indi meniňki boldy – diýýär. Adamlar onuň haýyşyny kanagatlandyrýarlar. Şahyr şonda şu goşgyny aýdýar: Seýil edeliň bu jahana, Jahanda näler görüber. Isgender Jemşit saldyrgan, Beýik binalar görüner. Şahyr “Näler görüber” diýen goşgusyny tamamlanyndan soň, gaýtadan Gyzylbaýra nazaryny aýlap: Soňudagyň saýasynda, Gyzylbaýryň aýasynda, Bolzar iner maýasynda, Göwnüň açan Baýryň seniň – - diýip, öz mähri siňen Gyzylbaýryny wasp edýär. Şahyryň iň ýakyn hossarlary we il-ulusy, ähli kowum-garyndaşlary ellerinde göterip, ony arzuwly mekany Soňudaga baka ugradýarlar, şahyry eltip Soňudagyň üstünde, Naýbadaýyň gädiginde goýýarlar. Şol gün Oraza aýynyň 19-y güni eken. Şahyry emaý bilenýerde goýanlarynda, ol elini gaýra uzadyp, günbatara tarap salgap goýberýär. Şahyryň bu yşaraty ýerli halkyň çaklamasyna görä: - Özüniň mesgeni-mekany bolan Soňudagy, Gyzylbaýry, il-ulusy, dogan-garyndaşlary we dost-ýarlary bilen hoşlaşygy bolmaly. Ine, şondan soň, şahyry Naýbadaýdan 2-3 kilometr uzaklykdaky Abasaryň çeşmesiniň ýanyndan 2-3 metrlikde bolan gowakda goýýarlar. Ine, şol ýerde şahyr ýagty jahan bilen hoşlaşýar. Gyzylbaýyrlylar ony ýörite kerwen bilen ak maýa ýükläp, “Garry Molla” gonamçylygyna alyp gidýärler. Elbetde, bu zatlary men şahyryň öz eserlerine hem-de rowaýata çalymdaş eşiden gürrüňlerime salgylanyp aýdýaryn. “Edebiýat we sungat” gazeti, 13.02.1998 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |