15:30 Oguz zenanlary | |
OGUZ ZENANLARY
Zenan şahsyýetler
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda bina eden gadymy ýadygärlikleriň taryhy ähmiýeti hakynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Mälim bolşy ýaly, heňňamlara şaýat bolup oturan şeýle binalardyr ýadygärlikleriň birnäçesi zenanlaryň ady bilen baglanyşyklydyr. Olaryň hatarynda Lebapdaky Daýahatyn kerwensaraýyny, Gadymy Merwdäki Kiçi hem Uly Gyzgalany, Balkandaky Parawbibi kümmetini, Köneürgençdäki Törebeg hanymyň kümmetini görkezmek bolar. Bu ymaratlaryň döreýiş taryhy gadymy döwürde ýaşan türkmen zenanlarynyň edermenligi, gahrymançylygy, päk söýgä wepalylygy, ahlak päkligi bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi ata-babalarymyzyň zenana bolan hormat-sarpasynyň örän ýokary bolandygyny görkezýär. Her bir ugruň, ýörelgäniň asyl kökleriniň — gözbaşynyň bolşy ýaly, ata-babalarymyzyň zenana bolan hormaty hem öz gözbaşyny gadymy oguz durmuşyndan alyp gaýdýar. Muňa uzak ýyllaryň dowamynda oguznamaçylyk däbi esasynda döredilen eserlerde beýan edilýän maglu.atlar aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle eserleriň gymmatly nusgalarynyň biri, adamzat paýhasynyň dürdänesi bolan «Gorkut ata» şadessanydyr. Şa dessanda oguz zenanynyň asyllylygy, edermenligi, maşgalasyna wepalylygy, adamsyna ýürekdeşligi, aladaçyllygy, hamraklygy onuň maşgalada we jemgyýetde abraýly orna eýedigini ýüze çykarýar. Oguz zenany özüniň ýokary edim-gylymy bilen hemişe adamsynyň çuň hormatyna eýe bolýar. Mysallara ýüzleneliň: Şadessanda oguz gyzlary özüniň owadanlygy bilen bir hatarda, mähremligi, edim-gylymy, öýüne-ojagyna yhlasy bilen hem belent söýgä mynasyp bolýar. Muny şadessanyň «Baý Bugra beg ogly Bamsy Birek boýunda» görmek bolýar. Bu boýda Bamsy Birek kakasy bilen öýlenmek hakynda gürrüň edýär. Kakasy ondan: «Oguzda kimiň gyzyny alyp bereýin?» diýip soraýar. Bamsy Birek oňa özüne ýerinden turmanka, özi turýan, atyna münmänkä, özi atlanýan gyz gerekdigini aýdýar. Ol gyz edeplilikde, erjellikde özüni äşgär eden Banu Çeçekdir. Oguz zenanlarynyň ýanýoldaşyna bolan hormaty şa dessanyň bütin dowamynda ýüze çykýar. Eserde zenanlaryň agzy ýaşmakly. Ady agzalan boýda Bamsy Birek atanlykda Banu Çeçegiň bolýan ýerine baranda, gyz nätanyş adamdyr öýdüp, ondan ýaşynýar. Her hili ýagdaý ýüze çyksa-da, oguz begleri zenanlaryna çuňňur garaýyş bilen ýaşaýarlar. «Bugaç han Derse han oglunyň boýunda» Derse han perzentsizlik derdinden köňli daralyp dursa-da, aýalyna mähir bilen ýüzlenýär: Bäri gelgil, başym bagty, öýüm tagty, Öýden çykyp ýöriýende, selbi boýlym, Topugynda sarmaşanda, gara saçlym, Gurugly ýaýa meňzär — çatma gaşlym, Goşa badam sygmaýan dar agyzlym, Güýz almasy meňzär — al ýaňaklym, Hatynym, diregim, tüwlegim! Şadessanda oguz zenanlary zerur ýerinde adamsyna degerli maslahatlary bermegi-de başarýar. Bu maşgalada zenan ornunyň ýokarydygyny görkezýär. Aýaly Derse hana: «Ýeriňden ör tur, düýe, goýun öldür, içogzuň, daşogzuň beglerini ýygna. Aç görseň, doýurgyn, ýalaňaç görseň, don etgin, borçlyny borjundan gutargyn, depe kimin et ýyg, k Köl kimin gymyz sagdyr, uly toý et, hajat dile, belki, bir agzy dogalynyň alkyşy bilen Taňry bize bir ogul beräýedi-dä» diýip, ýagşy dileg edýär. Derse han aýalynyň maslahatlaryna eýerip, uly toý tutýar. Birnäçe wagtdan soň onuň ogly dünýä inýär. Şadessanyň boýlarynda oguz zenanlary mährem aýal we gyz dogan hökmünde hereket edýär. Aýaly Derse hana hemişe: Han babamyň giýewsi, Gaýyn enemiň söýgüsi, Atam, enem berdigi. Göz açyban gördügim, Göwün berip söýdügim — diýip ýüzlenýär. Bu ýagdaýlar gadymy oguz maşgalasynyň ýokary ahlak sypatlaryna şaýatlyk edýär. Oguz eneleri bagryndan önen perzendine hamrak. Muny «Salyr Gazanyň öýüniň ýagmalandygy boýy» bölüminde Burla hatynyň ogluna ýüzlenişinde görmek bolýar. Altyn başly öýümiň gabasy, ogul, Gaza meňzär gyzymyň, gelnimiň çeçegi, ogul! Ogul-ogul, aý ogul, Dokuz aý dar garnymda göterdigim, ogul, On aý diýende, dünýä getirdigim, ogul! Oguz gyzlary agzybirligiň, durnukly bolmagyň ajaýyp göreldesini görkezýärler. «Salyr Gazanyň öýüniň ýagmalandygy boýunda» Burla hatyn, ogly Oraz, garry enesi hem kyrk sany oguz gyzy duşmanlar tarapyndan zor bilen äkidilýär. Duşmanlar aýallaryň arasyna gelip: «Gazan begiň aýaly kim?» diýip soraýarlar, kyrk gyzyň kyrkysy hem kyrk ýerden «Men» diýip, jogap berýär. Şonuň üçin duşman öz maksadyna ýetip bilmeýär. Gadymy oguz zenanlarynyň ýene bir esasy aýratynlyklarynyň biri, adamsy ýok mahaly onuň ýerini tutup, maşgalabaşynyň borçlaryny ýerine ýetirip bilenligidir. Bu hakda XV asyr taryhçysy Ýazyjyogly Alynyň oguzna maçylyk däbi esasynda döreden «Seljuk türkmenleriniň taryhy» atly kitabynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Kitapda çarwa ýaşaýyşda bolýan oguz zenany adamsy ýok mahaly hojalygy dolandyrmak bilen bir hatarda, gelen myhmany deňliderejeli garşylamaga hem ygtyýarly. Taryhyň uzak ýollarynda oguz zenanlarynyň aýajyp häsiýetleri hakyndaky gürrüňler halk hakydasyna baky ornaşyp, çeper edebiýatyň sahypalaryna giripdir, dilden-dile geçip, ildenile ýetipdir. Muňa aşakda beýan etkek wakamyz hem şaýatlyk edýär. Birmahal Isgender Zülkarneýiniň goşuny oguz iliniň gyrasynda düşläpdir. Goşunyň düşlän ýeriniň beýleräginde-de, bir zenan tamdyra çörek ýapyp duran eken. Zenan tamdyrdan çykaran ilkinji çöregini ýaş Isgendere uzad ýar. Isgender özleriniň parahat oturan oguz iline ýarag çekip gelýändiklerine garamazdan, özüne çörek hödürlenýänine geň galyp, ony almajak bolýar. Oguz zenany onuň ýaýdanýanyny bilip: — Müýnürgemän alyberiň, men siziň ýarag göterýäniňiz üçin dälde, adam bolanyňyz üçin hödür edýän... — diýýär. Zenanyň sözi ýaş Isgenderi oýa batyrýar. Ol şonda, bu ýurda — oguz iline ýarag çenäp gelmeli dälde, akyl sorap gelmelidigine düşünýär. Asyrlara nazar salsak, Kire garşy barlyşyksyz göreş alyp baran Tumar şa-da, beýik Seljuk döwletiniň abadan galmagynda tagalla baryny eden Altynjan Hatyn-da, daglarda ruhy ebedi galan Parawbibi-de, Gökdepe söweşinde erkekler bilen bir hatarda eline ýarag alyp, batyrlarça il-ýurt goragyna çykanlar-da, ata Watan, ene-toprak üçin alnyp barlan uruşlarda ojagyna ýeke çöp düşürmän, ömürbaky ýaryna wepaly bolup galanlarda oguz nesliniň zenanlarydyr. Oguz zenanlary ajaýyp, päk ahlagy bilen durmuşda öz ornuny berkidip, biziň häzirki nesillerimize nusgalyk ýol-ýörelgäni miras goýupdyrlar. Şonuň üçin olar hemişe hormat bilen ýatlanmaga mynasypdyrlar. Atamyrat ŞAGULYÝEW, mirasgär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |