OT BITMEZ ÝODA
Biz şu makalamyzda Hak tarapyn pähim-paýhas berlen ýaşuly, Aşgabat etrabynyñ Gypjak obasynda 1897-1989-njy ýyllar aralygynda ýaşap öten Çary Karan oglunyñ ömrüniñ käbir pursatlary, onuñ ömri, durmuşy bilen baglanyşykly il-halkyñ içinde rowaýata öwrülip giden käbir gürrüñler hakda söhbet açmagy makul bildik.
* * *
Bir gezek Çary agadan obadaşlary ilden eşidip, ýygşyran gürrüñlerinden añry geçip bilmän, şol bir zatlary gürrüñ berip ýören adamlar hakynda pikirini sorapdyrlar. Şonda ol:
- Ogullar, gürrüñi birinden alsañ, bir howza suw guýup içen ýalydyr. Onuñ derrew düýbi görnüp gutaraýar. Gürrüñ diýeniñ aby-zemzem suwy ýaly näçe alsañam, çogup çykyp, öwezi dolup durmalydyr. Ol durmuşyñ özünren añyrdan berilmese bolmaýar - diýipdir.
* * *
Çary aga säher-säher turup ertir namazdan soñ abraýymy alandan, özümi al - diýip, doga eder eken.
* * *
Herrikgaladan Annaseýit Wekiliñ arkasy, Keýmir körüñ weziri bolan Esen molla diýip biri bar eken. Esen molla:
- Ýigidiñ bazary geplemezlik - diýer eken.
Çary aga:
- Agzyñ birligi, gulagyñ ikiligi ýöne ýerden däldir - diýip, bu pikiri ösdüripdir.
* * *
- Nähili adama gowy adam diýse bolar? - diýip, Çary agadan sorapdyrlar. Şonda ýaşuly şeýle jogap beripdir:
- Bir adama gowy diýmek üçin üç synag bolýandyr. Onuñ bilen goñşy bolmaly, algy-bergi etmeli, ýola gidip-gelmeli. Şonda ol özüni tanadar.
Aslynda durmuşda ADAM TANAMAK YLMY diýip bir ylym zerur.
* * *
Ýaşuly: "Alym ýalñyşsa ylma barar, nadan ýalñyşsa, ölüme. Nadan adam sowatly adamyñ açary bolýandyr" diýer eken.
* * *
Çary Karan ýadynda galan jaýdar söhbetleri gürrüñ berer eken.
Bir sapar Tyrran atly akgoñurly ýaşuly Ussa Hümmet aly pähim-paýhasly ýaşula:
- Men-ä akylyñ howzuna girip çykýandyryn - diýipdir.
Onda ol:
- Ol-a ýagşy welin, endamyñda öl görnenok-la? - diýip, öwünjeñe jaýdar söz gaýtarypdyr.
* * *
Çary Karanyñ Gökdepäniñ Bagaja-Mülkaman obasyndan syçmazlaryñ alasakal tiresinden bolan Balkan Pälwan atly dosty hem halypasy bar eken. Pähim-paýhasyñ öýi bolan ol ýaşuly il agasy, don ýakasy eken.
Ýaşuly käte aýdyma hiñlener eken.
- Ýaşuly, bir heñ edip ber - diýseler ol:
- Köp ýigitler gelip-geçdi jahandan,
Niýetine görä ykbal bolmady.
Gerdişi köp, gahba pelek elinden,
Ertiri şat bolan, öýlän gülmedi -
- diýip dutaryny düñderip:
- Çöpläberiñ. Size bolarlyk zat bardyr - diýer eken.
* * *
Çary aga: "Aýaldan utulmak - durmuşdan utulmak" diýer eken.
* * *
Amaşagapandan Geldi öýçi diýip bir öý ýasaýan adam bar eken. Ol bir gün Çary aga ýasan kiçeñräjik öýüni görkezip:
- Şuña näçe adam sygar? - diýip sorapdyr.
Çary aga säginmän:
- Garamaýakdan-a, ýigrimisi dagy sygsa gerek. Ýöne molladan bir, bir ýarymysy dagy sygar - diýip, olaryñ oñşuksyzlygyny tankyt edipdir.
* * *
Çary aga: "Kimiñ howlusyndan ätläp, tamdyryny görsem, onuñ aýalynyñ nähilidigini bilerin" - diýer eken.
* * *
Çary aga şu bendi aýratyn gowy görüp ýatlar eken:
Teketçiniñ (eýeriñ -A.Ş.) batanny eýesi bilmez at biler,
Bir ýagşynyñ gadyryny ýakyny bilmez, ýat biler.
Ite berseñ aşyñny, it çekelär läşiñi,
Äre berseñ aşyñny, är hezzetlär başyñny.
* * *
Ýaşuly käte öwüt-ündew edende şeýle diýer eken:
- Ýaş adamsyndan aýrylan päk gelne bir zat diýmekden häzir boluñ. Eger ol göwnüne alyp gargaýsa, kabul bolýandyr...
* * *
Käte ýaşyna görä akyly goýalyşmadyk ýaşulyñ gürrüñleri göwnüne batmasa, Çary aga:
- Sakgalyñ içinden barmaklaryñy ýöreden bol-da, sesiñi çykarman, il bilen märekä gatnap, tüwi iýde ýör-dä. Il ýaşuly edýär-ä - diýer eken.
* * *
Toý-tomgy, märeke üçin islendik kösenen adam Çary agañ ýanyna barsa, ol säginmän:
- Ýatakda mal bardyr - diýer eken.
Ol jomartlyk bilen bütin ile belli bolupdyr.
* * *
Çary aga ýadynda galan gürrüñi uly joşgun bilen aýdar eken. Ol şu gürrüñem mahal-mahal ýatlar eken.
Garagalpakdan Türkmenistana gelen Döwletýar begden:
- Biziñ illeri nähili gördüñ? - diýenlerinde, ol:
- Döwleti syçmazda gördüm. Aty ganjyk-gagşalda, ýigidi amaşada, iti gökjede, perini daşaýakda, teýsiz dawany goñurda gördüm - diýipdir.
* * *
Çary Karan halkyñ ruhy ahwalaty bolup, onuñ hakydasynda galan mirasy söhbetlerine aýratyn gadyr goýup, il-gününe ýetirer eken. Onuñ Keýmir kör bilen baglanyşykly söhbetleri il-halkyñ ýadynda baky galypdyr.
Keýmir kör oglanka, ýigit çykyp ugranda öz ýanyna men diýen ýigitleri saýlap ugrapdyr. Olaryñ sany ýigrimä ýetipdir.
Bir gün obada bir ýygynçak bolýar. Şonda ol ýigitlerine ýüzlenip:
- Baryñ, şol ýygynçakdaky märekä hyzmat ediberiñ. Men azyrak eglenip, bärden baryberenimde: "Han aga geldi, han aga geldi" boluberiñ. Özüm oturjak ýerimi bilerin - diýýär. Şeýdibem ol märekä barýar. Ýigitler ähli tabşyryklary berjaý edensoñlar, Keýmir kör törde, hormatly ýerde oturýar. Şol wagt märekeden biri:
- O nähilu ýeñiýoluk han bolýar-aý? - diýýär. Keýmirem ol gürrüñi eşidip, oña jogap gaýtarýar:
- Tapdy-da geýmedimi?
Gürrüñi aýdandan ses çykanok.
- Şunda sen ýapmana kömek etdiñmi?
- Ýok.
- Onda meñ enem-atam bilen işiñ bolmasyn. Meñ dogşuma seret.
Atam bir baran. Enem bir gärigol,
Ýagdy ýagmyr, çykdy läle, boldy Keýmir.
Şonda ýaşulularyñ biri onuñ arkasyna kakypdyr-da:
- Halaýyk, siz şuñ yzyna düşmeli borsuñyz. Bu ýigit Haksylagly ogul - diýipdir.
* * *
Bir gün ähli pikirini bir ýere jemlän Keýmir kör egri oturyp, dogry sözleşmek üçin Nediriñ ýanyna gidermen bolup, ýol şaýyny tutýar. Aýaly oña: "Gitme, agşam gören düýşümi halamok" diýip, näçe özelense-de, ol pikirinden dänmeýär. Şeýdibem ol aralykdaky gädikden aman-sag aşyp, Nediriñ dergähine barýar. Barybam:
- Nedir, çyk! - diýýär. Daş çykan Nedir şobada ýalñyşanyny bilýär. Keýmir bolsa oña şol barmana salam hem bermän:
Garşydan ýel össe, guzaýyñ gary gider,
Agzy ala iliñ namysy-ary gider,
Kişi gepine gideniñ, söýgüli ýary gider,
Patyşasy adyl bolmasa, döwletiñ bary gider - diýýär.
Ony diñlän Nedir:
- Bagyşla! - diýýär we bütin ile jar çekdirip:
- Şuñ iññesi ýitse, iner edip alyp beriñ. Şuñ dyrnagy ganasa, ýedi pyştyña çenli gyraryn - diýýär. Şondan soñ Keýmir kör ýedi ýyl Nedir şanyñ tarhany bolup gezipdir.
* * *
Çary aga mydama: "Haýalylygyñ simwoly ulugyzdyr" diýer eken.
* * *
Çary Karan köne durmuşy görüp, onuñ ot deýin lowlaýan alawynda taplanypdyr. Şonuñ üçin ol sahawatlylyk, adalatlylyk, haýa-şerim hakda şu sözleri aýdar eken:
- Baýda sahawat bolmasa, bir gury ýaba meñzär. Patyşada adalat bolmasa, göwheriñ sadaba meñzär. Aýalda haýa bolmasa, urkaçy hara meñzär.
* * *
Çary aga dosty, üýtgeşik zehinli Hoja Ahmet ahun bilen duz-çörekli gatnaşar eken.
Hoja Ahmet ahunyñ köneden çuññur habary, türkmen topragynda ýaşan öten, il-güni üçin hyzmat baryny bitiren şahsyýetler baradaky bilýän örän köp maglumatlary Çary agany haýran galdyrar ekeni. Çary aga olar hakda ahun agañ berýän gürrüñlerini diñläp, hiç ganabilmez eken. Şonuñ üçin ol dosty bilen ýygy-ýygydan duşuşar eken. Çary aga ahun agany iñ soñky sapar göreninde hem göýä onu soñ gaýdyp görmejegini duýan ýaly:
- Ahun jan, sen meñ ýüregime ýakyn. Şonuñ üçin ýygy-ýygydan gelip duraweri - diýip sargyt edipdir. Bu ýagdaýy Hoja Ahmet ahun Çary Karana bagyşlap ýazan şygrynda hem beýan edipdir.
* * *
Çary aga wagtal-wagtal şu iki bende ýüreginden aglap, hiñlener eken:
Geçme ýagşyny göreñde,
Halyndan habar alañda,
Bir dertli aglap duranda,
Ýanynda gülüji bolma.
Ýagşyny görmek jennetdir;
Baryp görmek ganymatdyr,
Namardyñ işi minnetdir,
Zer berse, alyjy bolma.
* * *
1938-1950-nji ýyllar aralygynda Aşgabat etrabynyñ Gypjak obasynda kolhoz başlygynyñ orunbasary bolup işlän, edep-ekramly, gujur-gaýrat bilen il-gününe hyzmat eden Çary Karan il derdi üçin aglapdyr. Il gülen ýerinde gülüpdir. Bir günem onuñ kazasy dolup, yzynda men diýen iki sany goç ogly goýup, dünýeden gaýdypdyr. Şonda onuñ il-güni üçin ömürboýy içinden aglan agysyna ses goşmadyk halk, ses edip aglapdyr. Emma ol sesler näçe gaty hem bolsa, Çary agany oýadybilmändir. Bütin iliniñ derdi-garamatyny gerdenine alan Çary agany il-güni ýeke sapar egnine alyp, soñky ýola äkidipdir. Çary aga ömrüniñ dowamynda diñe şol sapar il-günüñ egnine agram salypdyr. Ony jaýlanlarynda ýalkamyşdan Ilmyrat aga diýen ýaşuly ýuwaşja, gaýgyly halda dillenipdir:
- Gypjaklylar! Siz diñe ynsany däl, giden akyly gömýäñiz.
By ýatan gara ýer däl, muña "ner" diýerler.
Bu töwerek ýetim galdy...
Emma Çary aganyñ goýup giden bu Zemininiñ göwsündäki öçmejek ajaýyp ynsan ýodasy hiç mahal ýetim galmandyr. Ol ýoda durmuşyñ uzak-uzak ýollaryna sapyp gidipdir. Ynsanlar ol ajaýyp we halal ýodadan Çary aganyñ belent ruhy bilen geljegiñ ýagty ertirlerine sart ynamly ädim ätläpdirler.
Diýmek, Çary aganyñ ýoly dowam edýär.
Atamyrat ŞAGULY.
Sözler