00:26 Kerwen ýolunda argyş ýükleri | |
KERWEN ÝOLUNDA ARGYŞ ÝÜKLERI
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Kerwene laýyk ýük urmak, uzak ýola gidilende, esasy aladalaryň biri bolupdyr. Munuň üçin howut — ýük urmak üçin ýörite ýasalan hataply enjam berkden gaýym bolmaly. Howudy iki ýüp — çemmer bilen guşgun saklapdyr. Çemmer — düýäň garnynyň, guşgun bolsa guýrugynyň aşagyndan berkidilip daňlypdyr. Ýöne ýüküň berkligi, esasan, ýüpleriň, ýagny baglaryň daňlyşyna bagly bolupdyr. Şonuň üçin ýük urlanda ýüp gyýak daňlyşy, gonnybag, igbagy görnüşinde daňlypdyr. Gyýak daňlyşy bilen daňylanda ýüp çigişdirilýär. Gonnybag bolsa, köplenç, onuň üstünden daňylýar. Şeýle ýagdaýda gülebent — mata-marlyk gymyldamaýar. Ýük igbagy görnüşinde daňyljak bolsa, ýüpi goşalandyryp, içinden alyp çekmek arkaly berkidilipdir. ▶ SÜÝJI SUWLY ÝЕRI TAРMAK Кerwen ýоlunyň аladasy özünе ýеtikdir, uzаk ýоla äkidilýän hаrytlardan bаşga-da, аzyk-оwkat, içimlik suw, düşek-dоlak, mаhlasy, üрjüniňi gurаt еtmeli. Вu zаtlar tаýýar еdilensoň, bir ugrа düzülеn kеrwen hаtary uzаk ýоly kültеrläp ugrаr. Аrgyş ýоly пdamlardan уkjamdan еrjelligi tаlap еder. Кäte аrgyşa gidilеnde jöwzаly günlеr köр bоlup, suw ýеtmezçiliginiň ýüzе çykýаn gеzekleri-de bоlupdyr. Ugur-ýоl bilýän kеrwenbaşy bu ýаgdaýyňam çykаlgasyny tаpypdyr. Еger оl ýаkyn аlkymda çоpan gоşy ýа-da bаşga bir suwа hеmaýat еtjek düşеlge bоlmasa, еnçeme gün suw bеrmän sаklan düýеleriniň biriniň ýüрüni hаtardan ýаzdyrar-da, оny рeýwagtyna gоýberer еken. Duýgurdаn hаlatly düýе jаnawaram рatanaklap аra аçyp gidişinе, nirеde süýji suw bаr bоlsa, şоl ýеre bаryp çökеr еken. Оnsoň sähеl güýç sаrp еtseň, mаllary gаndyrar ýаly suw çykуpdyr. Вu ýаgdaý аňňat-аňňat gum deрeli Gаragumuň döşüniň hеrhalda suwludygyndаn hаbar bеrýär. ▶ JEZBER Synlap görseňiz uly hatardaky kerwenbaşynyň bil guşagyna ujy ildirilgi çüňklüje bir zada gözüňiz düşer. Ol — keýik owlagynyň ýarym garyş çemesindäki şah ujudyr. Oňa jezber diýilýär. Onuň ujy diýseň çüňkli, özi-de juda berk bolýar. Argyşa gidilende kähalatda ýolda-ýolumda ýagyş-ýagmyryň kän ýagyp, käte ýüpüň öl bolup çözülmesi kyn bolýan mahallaram bolupdyr. Şonda bekden-bek gatan düwünler barmak bilen çözülmese, ujy çişli jezberiň kömegi bilen çözülipdir. ▶ HAMMANÇA Argyş ýoly baldyra agram berip, bile syrdamlyk salsa-da, özboluşly gyzyklylygy özünde jemläpdir. Bu, esasan-da, tebigat täsinlikleri bilen bagly bolupdyr. Çöl daragtlarynyň pür-pudak ýaýradyp ösüp oturyşy, guşlaryň owazy, gum içiniň mör-möjekleriniň geň-enaýy hereketlerine şaýat bolup gitmek uly ýola werziş bolýan kerwençilerde ýakymly täsirleri goýupdyr. Käte uzak ýola gidiljek mahaly kerwene mergenleriňem göwünjeň goşulýan gezekleri bolupdyr. Şonda hemme zady üns merkezinde saklaýan kerwenbaşy mergene: «Hammançaňy at eýeriňe bagladyňmy?» diýip sorar ekeni. Hammança — ýörite towşan salynýan torba. Oňa «Pygamber torbasy-da» diýlipdir. Uzak ýolda aw alkyma gelip, ganly bolsa awçylar hammançany towşandan doldurýar ekenler. Ýöne oňa ýedi towşandan köp salmazlyk parz edilipdir. ▶ ÝYLDYZLAR Kerwençileriň arasynda: «Gündizki ýol — gol, gijeki ýol — hal» diýen gürrüň bardyr. Munuň özi gündizki ýoluň görer göze ymgyr uzakdygyny, göz baglanansoň bolsa gijeki ýoluň elhaldygyny aňladypdyr. Argyşçy gijesine ýol ýörände ýyldyzlardan ugur almaly bolupdyr. Asman hadysalaryndan ýeterlik baş çykarýan ata-babalarymyzyň bu babatdaky garaýyşlary esasynda dürli setirler emele gelipdir. Ol setirlerde kerweniň ýyldyzlara görä etmeli hereket ugry beýan edilipdir. Daň ýyldyzy gözüň açsyn, Ülker ýola nurun saçsyn, Aralyga daşdan gara, Üçýyldyza tarap ýöre, Ýaldyraga kebzäň sowat, Ekizowlak getir döwlet, Kerwengyran, sowulyp geç, Akmaýada ýazdyrgyn göç, Ömrüzaýa belgi bolsun, Zöhre ýyldyz çelgi bolsun, Ýol äkitsin, ýol getirsin, Maksat-myrada ýetirsin! ▶ GAÝDYP GELIŞ Uzak ýoly söküp, ýükli kerweniň baş-esen, bagry bitin gaýdyp gelşi her bir obada uly şowhun döredipdir. Onuň bilen baglanyşykly halk arasynda dürli yrymlar bolupdyr. Aýdalyň, kerweniň gelşini ilki bolup boý gyz görüp, töweregindäkilere buşlasa, onuň basym bagt bijesiniň çykjagy — kejebä münjegi. Kerwen hataryny ilki bolup çaga görse, onuň Güne solmaz kamys matadan ezýaka köýnek geýjegi. Eger ony gerçek goç ýigit görse — Oguz ilinde hemişe ýagşy zady ata ýanaýarlar — ak ata atlanjagy. Bu ynanç-ygtykatlar türkmen durmuşyna ornaşyp, adamlaryň ýaşaýşa bolan höwesini artdyrypdyr. Atamyrat ŞAGULYÝEW, mirasgär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |