GULBABA BAGŞY
Türkmen aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran bagşylaryň hatarynda Gulbabanyň ady hemişe hormat bilen ýatlanýar.
Möwlamberdi Hanow, ýagny Gulbaba bagşy 1956-njy ýylyň aprel aýynyň 22-sine Mary şäherinde Türkmenistanyň halk artisti, meşhur sazanda Han Akyýewiň maşgalasynda dünýä inýär.
Tumarça ýaly oglanjyk ele tutaklyga ýarap-ýaramanka, aýdym-saz älemine berlip ugraýar. Kakasy onda ylahy zehiniň bardygyna göz ýetirip, onuň bu ugurdan adygyp gitmegi üçin tagalla edýär. Ol heniz iki ýarym ýaşyny dolduryp-doldurmanka, Mary şäherindäki 10-njy orta mekdebiň okuwçylarynyň öňünde çykyş edýär. Çagalar şol sapar onuň joşgun bilen aýdan «Ýarap borka» diýen aýdymyny üç sapar gaýtaladyp, diňlediler.
Gulbabajyk Mary şäherindäki 2-nji rus mekdebinde okap ýörkä, kinorežissýor Meret Atahanowyň synçy nazary onda eglenýär. Şeýlelikde, Meret aga ony Aşgabady etekläp oturan Bagyr obasynda, Bäherden etrabynyň Garry-Nohur obasynda hem-de Sankt-Peterburg şäherinde «Daşgaladaky waka» filminde surata düşürýär.
Gulbabajyk gün geldigiçe sungat äleminde ezberlenip ugraýar. Ussat sazanda Çary Täçmämmedowyň, meşhur bagşy Sahy Jepbarowyň synagyndan geçen Gulbabajyk 1964-nji ýylda 8 ýaşynda mahaly türkmen edebiýatynyň we sungatynyň Moskwada geçen ongünlügine gatnaşýar. Şonda egni gyrmyzy donly, ak telpeklije bagşy uly mähelläniň öňünde «Öz ilimiň bagşysy men», «Begler» hem-de «Bellidir» ýaly aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.
1965-nji ýylda Gulbabajyk kakasy bilen Moskwada Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde çykyş edýär. 1966-njy ýylda bolsa ol oba çeper höwesjeňleriniň döwlet gözden geçirilişine gatnaşyp, guwandyryjy netijelere eýe bolýar. Şonda ýygnanan märeke onuň:
Adalatly, ak göwünli,
Beýik halkyň bagşysy men
— diýip, ýaňlanan mahmal owazyny soň-soňlaram ýatdan çykarmady. Aýdym-saz äleminiň ýakymly ýaýlasynda kämillige gol berip, halkynyň söýgüli bagşysyna öwrülen Gulbabajyk öz ýaşan gysga ömründe türkmen aýdym-saz mirasyna saldamly goşant goşdy. Bilbil owazly bagşynyň aýdan aýdymlary hemişe ýüreklerde ýaşaýar.
Atamyrat ŞAGULYÝEW, žurnalist.
“Nesil” gazeti, 08.01.2019ý.
Aýdym-saz sungaty