13:39 Suw perisi / poema | |
SUW PERISI
Poemalar
Aýa, Güne golaý wagty zeminiň, Perişdeleň ýörjen-ýörjen mahaly, Baglaryň gür, daglaryň dür eýýamy, Kenarda daşlaryň merjen mahaly, Ýer ýüzünde iki umman bar eken, Arşdan aşak bakyp, görseň jahany. Biri Ýuwaş umman, ady deý ümsüm, Hanasynda dogýan eken ümsümlik. Beýlekisi bolsa, Tetis ummany, Özi öz goýnuna balyk deý sümlüp, Almaz deý arassa suwuň astynda Ygşyldapdyr jeňňel ýaly ösümlik. Gujagynda jennet ýaly ýazy jem, Tetis azm urupdyr asmana sary. Dünýäň owurdynda ajy meý deýin, Çaýkanybam bolmandyr oň karary. Giňäpdir günsaýyn, her tolkunsaýyn, Suw bilen törpüläp daşly kenary. Ummanyň düýbünde tylla balyklar bilen suw perisi halk bolýar eken. Gündogar goýnunda Gün suwdan çykyp, Günbatara ýetmän gark bolýar eken. Müň ýyl owal öten benijanlaram Seredip-seredip aňk bolýar eken. Göz bilen görmeseň, ynanmak kyndyr, Delil tapylmasa, akyl çapmasa. «Bir bar eken, bir ýok eken…» diýsin-de, Goý, alymlar urubersin çaklama. Bir şahyr ýaşapdyr Tetis boýunda, Köpetdagyň eteginde çatmada. Säherler tolkuny burma ummanyň Golun bulap, çagyrşyna oýanyp, Joşup-joşup goşgy ýazypdyr şahyr, Güneş ýaşyp, ýyldyz ýanyp, Goýalyp, iňrigiň ýüregi suwa dönýänçä, bagry gan gijede tüme boýalyp. Durnaň gözi ýaly Tetis ummanyň Akwarium deý içi görnüp durupdyr. Şahyram merjenli kenara gelip, Behişde meňzedip boýnun burupdyr. …Bir ajaýyp agşam kenara çykan Suw perisin görüp aşyk bolupdyr. *** Suw peri! Suw peri! Saňa aperin! Aşyk eýläp doga aşyk şahyry, Adam akylyndan jyda eýlediň. Dür-merjeni ýaýrap ýatan kenarda Samrap ýören telbe, geda eýlediň. Gylaw berip gomly duýgularyna, Ýüzgüçsiz arzuwyn pida eýlediň, Özüňi şahyra huda eýlediň. Adam söýse aşyk bolýar, ikuçsuz, Aşyk söýse şahyr bolýar joş alyp. Şahyr söýse kim bolmaly, hany, aýt, Mejnunmy, Mansurmy ýa-da Nesimi?! Akyl yşka ýetse tükge düşýär-de, Eňräberýär, ejiz gelýär hesibi Döz gelerden ol ylahy hesere. Söýgi sosiologyň serişdesi däl, Ony akyl bilen ölçäp-kesere. Şahyr söýgüsini ýelken edinip, Oýandygy ýelk ýasapdyr kenara, Her sözünem kapyýalap sözläpdir. Surnugýança ýüzüp umman içinde, Gije-gündiz suw perisin gözläpdir. Çatma ony goýmandyr öz erkine, Ýürek ony çatmasynda goýmandyr. «Munda suw periniň tagamy bar» diýp, Şerebe deý şor suwundan doýmandyr. Tolkunlaryň gujagyna böküpdir, Geler diýen ynam bilen ymtylyp. Maňa biraz ýürekselik umyt ber, Ýaşar ýaly arzuwyma ymsynyp! diýip, ol Tetise ýüzlenen çagy, Apbasy deý teňňeleri lowurdap, Suwoty deý ýaşyl saçy ýaýylan, Şahyryň yns arzuwlaryn ogurlan, Suw perisi tolkunlary tagt eýläp, Tylla balyklary bilen gelipdir Şahyry şa, balyklary bagt eýläp! Suw peri, Suw peri, Ummanyň hüýri, Çala süzüp janalgyç hüýr gözlerin, Bir näzijek labyr ýaly, kenara Goýupdyr tyllaýy gyz ýüzgüçlerin. Şahyr bolsa şatlygyna çydaman, Duýgularna bäs gelmändir bedeni. Özüni goýberip, suwy gujaklap, Agymy, gülkimi, düşnüksiz halda, Sesin endiredip goşgy okapdyr, Suw perisin goýup ýüz müň ahwalda: Maňa biraz ýürekselik umyt ber, Ýaşar ýaly arzuwyma ymsynyp! Ah, düşün, şahyrym, sen maňa düşün, Suw meniň ýaşaýşym, durmuşym, howam! Men suwda ýaşaýyn, sen bolsa bärde, Ediber kenarda durmuşyň dowam! diýipdir-de, tolkunlara siňipdir. Şondan soňra şahyr eňräp kenarda, Ne-hä yşky, ne gözýaşy diňipdir. Gije-gündiz ummanyň saý ýerinde Hünübirýan goşgy okap, agtaryp, Emaý bilen tolkunlary barlapdyr, Çyrpynýan gomlaryň goýnuna baryp. Güne bakyp zar-zar haýyş edipdir, Aýa bakyp aýdypdyr öz azaryn. Umyt uçgunyny çyrag edinip, Idäpdir sataşyp ýiten mydaryn. Suw perisi, Owadan suw perisi, Dözmändir-de ýigdiň düşen halyna, Tylla balyk kenizlerin jem eýläp, Gelipdir ol aşygynyň ýanyna. – Ine, tylla balyk üç ýüz müň sany, Hersi seniň üç arzuwyň bitirer. Menden özge näme arzuwyň bolsa, Bular seni ählisine ýetirer! – Üç ýüz müň kenizleň üýşüp ählisi, Bir arzuwym hasyl edip bilmezmi, Senden özge arzuwy men neýläýin?! Isleseň bu dagdan bir gämi ýasap, Özümi şol gämä labyr eýläýin. Suw peri ses-üýnsiz suwa bakdy-da, Esli wagtdan gabagyny galdyryp, Tylla balyklara: Bar, gaýdyberiň, Ýüzgüjimi çalşyp elwan baldyra! diýdi, şahyryna näzli ýylgyryp. Ol ýere çalyşdy dury ummany, Ol ýele çalyşdy burma tolkunyn. Suwasty behişdi çalyşdy pana, Ýalyna çabratdy näzik alkymyn. Şeýdip, ir döwürde Tetis boýunda, Suw perisi gurdy täsin maşgala. Bir şahyryň söýüp özün, goşgusyn, Köpetdagyň eteginde çatmada. *** Asal aýy tamam bolan säheri, Arzuwyna ýeten armansyz şahyr, Suw perisin çatmasynda galdyryp Şol köne kenara gelipdir, ahyr. Gelip görse, kenar kaýda, suw kaýda, Dazzarkeller balyk çöpläp otyrmyş. Aňňat-aňňat, depe-depe çöl bolup, Umman çala yzgar bolup ýatyrmyş. Şahyr her sekuntda üç ýüz müň gezek Haýran galyp, ylgap öýüne çensiz, Çatmasyna gelse… Görse perisi Teňňelerin döküp, ýatanmyş demsiz. Asal aýy arzymanyn ýitiren Şahyr muňa neneň edip döz geler. Ýaňy yşka düşüp, yşka düşünip, Elden gitse bütin ömür gözlenen. Suw perisin sülmüredip çatmada, Boşadyp jahanyň uly jamyny, Şahyr yşky bilen hem goşgy bilen Bu ummanyň alan eken janyny. Seýitmyrat GELDIÝEW. | |
|
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |