23:45 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Simin Behbahani | |
"GAZALYÑ DEWASY": SIMIN BEHBAHANI
Şygryýet melekleri
Eýranly pars şahyrasy Simin Behbahani (Parsça: سیمین بهبهانی, hakyky ady Simin Halili) 1927-nji ýylyñ 20-nji iýunynda Eýranyñ paýtagty Tähranda dünýä inýär. Simin Behbahani Mürze Halyl atly eýranly rewolýusioner-reformistiñ agtygydyr. «Eghdām» gazetiniñ baş redaktory bolup işleýän şahyr we pars edebiýatynda roman žanrynyñ başyny başlan Abbas Halili (1895-1971) bolsa Eýranyñ Täzeleniş (Meşrutyýet) döwrüniñ belli şahslaryndandyr. Siminiñ pars we arap dillerinde ýazan köp sanly ajaýyp goşgulary bar. Fransuz dili mugallymy bolan ejesi Fahre Ozma Argun (1898-1966) bolsa pars, arap, fransuz dillerini suwara bilýän we şahyrana döredijilik bilen meşgullanýan intellektual zenan bolupdyr. Simin Behbahani täze döwrüñ gazal dünýäsinde täze stil döredipdir. Getiren täzelikleri netijesinde oña "Gazalyñ dewasy" diýipdirler. Simin Tähran uniwersitetinde hukuk ugrundan okanam bolsa, okan ugry boýunça işlemändir. Ol ömrüniñ ahyryna çenli mugallymçylyk edipdir we döredijilik bilen meşgullanyp, köp sanly ajaýyp eserleri döredipdir. Munuñ bilen birlikde aýal-gyzlaryñ hak-hukuklary ugrundaky göreşiñ öñüni çeken şahyr zenan ömürboýy aýal-gyzlarynyñ hak-hukugyny goldaýan aktiwist çärelere gatnaşdy. 1969-njy ýylda Şygyr we Saz guramasynda Eýranyñ ussat şahyrlary bilen işleşip başlan şahyr 1978-nji ýylda Eýranyñ Ýazyjylar birleşiginiñ agzalygyna kabul edildi. Simin Behbahani zyna etmekde aýyplanýan aýal-gyzlaryñ daşlanyp öldürilmegi, aç-hor galandygy üçin ogurlyk etmäge mejbur bolan çagalaryñ eliniñ kesilmegi ýaly birnäçe ýowuz jezalary tankyt edýän goşgulary ýazdy. Progressiw pikirleri sebäpli birnäçe gezek Eýran Yslam Respublikasynyñ hökümeti bilen garşyma-garşy geldi. Eýran-Yrak urşuny ýazgaryp ýazan goşgusy üçin goşgynyñ çap edilen žurnaly ýapyldy. Şahyryñ özi ýurtdan çykaryldy. Bütin bulara garamazdan, ussat şahyr hakykatlaryñ jarçysy bolmakdan birjigem el çekmedi. Ol bir ýazgysynda şeýle diýdi: "Meni oda ýakasyñyz ýa-da daşlap öldüresiñiz gelýändir. Emma eliñizdäki daş maña zeper ýetirme güýjüni ýitirjekdir!" Simin Behbahaniniñ goşgularynda sosial deñsizligiñ döredýän ýaralary güýçli añlatmalar arkaly beýan edilýär. Simin Behbahani dünýäniñ abraýly halkara baýraklaryna mynasyp boldy. Olardan käbiri Grant Helman-Hammet (Human Rights Watch) (1998), Adam hukuklaryny goramak boýunça halkara ligasynyñ Karl fon Oseskiý medaly (1999), Norwegiýanyñ Ýazyjylar birleşiginiñ erkin pikir boýunça baýragy (2006), MTVU teleýaýlymynyñ baýragy (2009), Wengriýanyñ PEN merkeziniñ baýragy (2013), "Janus Pannonius International Poetry Prize" (2013). 1999-njy, 2002-nji ýyllarda Nobel baýragyna laureatlyga hödürlenen "Gazalyñ dewasy" Simin Behbahani 2014-nji ýylyñ 19-njy awgustynda Tähranda aradan çykdy we "Beheşte-Zahra" gonamçylygynda jaýlandy. • Seni täzeden döretjek men, eý, Watan! Seni täzeden döretjek men, eý, Watan, Janymdan kerpiçler bilenem bolsa. Üçegiñe sütünler dikjek Öz süñklerimdenem bolsa. Ýene seniñ gülleriñi ysgajak Ýaşajyk neslimiñ joşguny bilen. Ýene ýuwjak üstüñdäki ganlary, Suw-sil bolup akan gözýaşym bilen. Ol gün geler, Bilýän, sumat bor tümlük A men bolsa şygyrlarmy boýaryn Asmanyñ ne ajap mawy reñkine. Ýüz ýyl mundan owal ölenem bolsam Ýene ör turaryn böwsüp topragy Batyrgaý nazarmy aýlaryn herýan Duşmanyñ ýüregni kylaryn girýan. Ýere siñip, çüýräp giden süñkümi Kim direlte ýene şepagat kylyp.[1] Meni-de beýgelder bir dag mysaly Synag dünýäsinde. Garry-da bolsam Dolasalar birden öñki ýaşlygma Geljek ýene ýaş neslimiñ ýanyna. Watan söýgüsine ýugruljak Söýjek Kalbymdan syzylan her söz janlanar Agzymy her gymyldadan pursatym, Alawlañ ýagtysy demimde çabrar Bir uly ot ýanar kükregim içre. Maña güýç-kuwwat ber, eý, eziz Watan! Boýalsa-da şygyrlarym al gana, Saña ýene jan bagyşlap janymdan Täzeden döredesim gelýär, eý, Watan! Güýjüm ýetmese-de... __________________________________________ [1] Gurhanyñ "Ýasin" süresiniñ 78-79-njy aýatlaryna yşarat edýär. 78-nji aýat: "Öz ýaradylyşlaryny ýatdan cykaryp bize mysal görkezmäge het edip, "Şu çüýräp giden süñklere kim jan berjekmiş?" diýýär." 79-njy aýat: "Sen aýt: "Olary ilkibaşda ýaradan direltjekdir. Ol ýaratmagyñ her dürlüsini bilýär." Dariuş Salehiniñ makalasy giñeldilip terjime edildi. Taýýarlan: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 14 | |||||||||||
| |||||||||||