15:14 Syýahatçylar / hekaýa | |
SYÝAHATÇYLAR
Hekaýalar
Bahar möwsümi öz möwritini ötürip, jöwzaly tomus höküm ýöredip ugrapdy. Birnäçe gün mundan ozal parç bolup oturan maýsalar solup-saralýardy. Obamyzyň adamlarynyň arasynda daga, düze we deňiz ýakasyna syýahat edýän adamlaryň sany köpelýärdi. Ol indi birnäze ýyl bäri ýörelgä öwrülipdi. Ýogsam öň ýolagçylyk diýlende bir derwaýys iş, görme-görüşlik ýa-da gulluk sapary göz öňüne tutulardy. Şolar ýaly zeruriýet bolaýmasa obamyzyň adamlary öýünden daşlaşman, öz gün-güzerany bilen gydyrdanyp ýörerdiler. Il-günüň durmuşy abatlanyp, dokuzy düzüwlense, ynsanyň durmuşa höwesi göterilýän eken. Onsoň onuň gözýetimi giňäp, ruhy islegleri artýan bolarly. Mahlasy, bütin ýurt möçberinde bolşy ýaly, meniň obadaşlarym hem zähmet rugsaty döwründe ýurt görmek, tebigatyň gözelliginden lezzet almak, täze täsirlerden ganyp, nepesini durlamak üçin alys-ýakyn ýolagçylyga rowana bolýarlar. Altmyş ýaşap barýan baýry sürüji Durdymyrat aga öňňül ýyl ýanýoldaşy Bibi daýza bilen ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda gezenç eden bolsa, geçen ýyl olar iki sany ekiz agtyklaryny hem alyp, Hazar deňziniň kenaryndaky Awazada ençeme gün göwün açyp gaýdypdylar. Bu ýyl hormatly dynç alşa çykan ýaşuly: “Indi ýylboýy öz elim, öz ýakam. Tomusky dynç alyşda öýümdäki oglumdyr gelnim çagalary bilen nirä gitseler gidip gelsinler, Bibi ikimiz bolsa tomsuň ahyrynda, Awazanyň mahmal möwsüminde kenaryň şypaly howasyndan dem alyp gaýdaýarys” diýip karar edipdi. Emma indi birnäçe gün bäri aýaly bilen ikiçäk galan ýaşulynyň biraz içi gysýardy. Agtyklarynyň oýun-gülküsine halys öwrenişip giden bolarly. Ol howluda mal-gara güýmenip ýörşüne: “Bir ýoldaş tapylsa birki günlik Balkanyň ýa-da Hasaryň derelerine seýran edip, göwün açyp gaýtsaň-a bolaýardy” diýip hyýal ýüwürtýärdi. Sebäbi Durdymyrat aga aslynda-da öýdeçil adam däldi, ömürboýy awtoulagda dag-düzleriň ýoluny külterläp gezen adamdy. Şol wagt howla gelip duran ýeňil ulagdan kyrk bäş ýaşlaryndaky uzyn boýly, inçesagdyn, agajet pyýada düşüp, hojaýyn bilen salamlaşdy. Ol Durdymyrat aganyň şäherde ýaşaýan garyndaşy, welaýat bilim bölüminiň hünärmeni Mätjan mugallymdy. -- Näme, inim, soňky jaňy kakdyryp, dynç alyp ýörmüň? – diýip, öý eýesi çaý başynda ondan sorady. -- Okuw ýylyny-ha tamamladyk welin, biziň üçin iň jogapkärli, hysyrdyly döwür şondan soň gelýär ahyry – diýip, baýry bilim düşündirdi.—Bu wagt döwlet synaglaryny geçirip, mugallymlardyr okuwçylaryň ýylboýy çeken zähmetiniň netijeleini elekden ötürip ýörşümiz. Bilýän adama şonuň jogapkärçilik ýüki az-küş däl. Onsoň ara birki gün wagt düşende, “Agam bilen bir seýle çykyp, nepisimi durlap geleýin” diýip gaýdyberdim. -- Bolubilýä, oňarypsyň – diýip, Durdymyrat aga ýoldaş tapanyna begendi – Aslynda-da dynç almak diýen zat öýüňde güýlenip ýatmak däldir. Näme, onda ertir keremli daglara tarap tutdyrýarysmy? -- Daglaram jennet mekan welin... – diýip, Mätjan mugallym sägindi – Ýöne meniň göwnüm-ä ýazyň maýsasy doly guramanka, çöl-sähra gidip, müň derde dermanlyk otlaryň üstünde biraz aýakýalaň ýöräp keýpden çykmakdy. Daglaryň jülgesi tomsuň ortasynda-da lälezar ahyry. Çölüň gülzary tiz sowlup gidýär. -- Olam dogry – diýip öý eýesi razylaşdy – Çölüň gülälekli bahary tiz geçip gidýär, ýylda bir gezek çölüň baharyny görmän, ýuwa-ýelmiginden datman galsaň armanly bolýarsyň. Ertir, nesip bolsa, özüm seni çölüň serçemen ýerlerine elterin. Agşam öýe oturmaga gelen iki goňşy – Kuwwat bilen Ýegşem hem bulara goşulmaga göwünjeň boldy. Durdymyrat aga ýaly dag-düze belet, tejribeli pyýadanyň yzyna düşseň her ýerde-de horlanmajagyňa olaryň gözi ýetikdi. -- Ertir daňdan dört japbak bolup ugraýarys-da onda? Diňe bir eşegimiz ýetenok – diýip, ýaşuly degişdi. -- Biz pyýada ýöräp, aýagymyzyň ýelini almaga barýarys. Ýöne beter agyr ýükem almaň, diňe gerek-ýaragyňyz bolsun – diýip, Mätjan mugallym geçen ýyl orta mekdebi gutaran çepiksi Ýegşeme seredip duýdurdy – Ýene bir aýratyn şert: ýanyňyza ýeke teňňe pulam alyjy bolaýmaň. Biz çöl-sährada pulsuz, öz dogumymyz bilen başymyzy çaramagy öwrenmelidiris. -- Näme, Ýegşem jan ertir: “Men-ä ýöräp ýadadym” diýip, bizi taşlaga-da, garaýola çykyp, taksi tutup gaýdyberer öýdýärmiň? – diýip, Durdymyrat aga loh-loh güldi.—Aý, beýtmez-le, Ýegşem jan zordur. Senem baran ýeriňi mekdep synawyna öwrüberýäň, Mätjan inim... * * * Syýahatçylar daňdan horaz gygyryp, mal-gara örmänkä gaýra tarapa – ymgyr çöle sary ýola düşdiler. Käýerde gabat gelýän gyrymsy baglar alagaraňkyda garalyp görünýärdi. Tiz wagtdan olar düňle çölüň bir gyrasyndan girdiler. Syýahatçylaryň iň laýyk geýineni, gürrüňsiz, Mätjan mugallymdy. Onuň aýagynda nah jorap, pessejik, berk we oňaýly kedi aýakgap, harby-meýdan reňkli amatly jalbar, egninde ýeňi tirseginden aşak geçýän giňiş pagta köýnek, başynda giň erňekli saman şlýapa – sombrero bardy. Durdymyrat aga adaty iş lybasly, başy papaklydy. Kuwwat tutuş sport eşikli, injiginden etegini görkezmän duran galyň krossowkalydy. Ýegşemiň dyzyndan çala geçýän gysga, giň jalbary, baldyryny ýapyp duran joraby, ýarym sport aýakgaby, gaşy gotanyň çüňki ýaly garyş sere öňe somalyp duran kepkasy bardy. Gijäniň sowujak, yzgarly howasynda kükregiňi çölüň arassa şemalyndan dolduryp, gadam urmak näçe diýseň hoş ýakýardy. Syýahatçylar käýarym demlerini dürsäp, bir gidişlerine on-on iki kilometr dagy ýol aşdylar. Hiç kim ýadandygyny boýun alasy gelenokdy. Şeýlelikde olar Gün ýaňy naýza boýy galanda çölüň ilkinji düşelgesi bolan Gökböreň meýdanyna ýetýänçäler mazaly haýdap, şol ýerde goş ýazdyrdylar. Ertiriň seleň çagynda bu ýerdäki igde baglarynda guşlar ýygnanyşyp joşgun bilen saýraýarlar. Guşlaryň sazlaşykly nagmasyna, şirinden-şirin owazyna melul bolan adamyň süňňi ýeňläp, ýadawlygy eräp gidýär. Aw möwsüminde Gökböreň meýdany awlaga öwrülýär. Awlanmaga rugsat berilýän towşandyr käkilik näçe diýseň tapylýar. Durdymyrat aga hem ökde awçydy. Hemem tebigatyň hak aşygydy. “Ol ýowşanyň düýbünde busup ýatan towşany görýän ýiti gözli awçydyr. Atan oky aňsat nyşanadan sowa geçenýän däldir” diýip obanyň ýaşulylary aýdýardylar. Emma ol negada bir jandar awlardy. Şikara çykanlara nesibä kaýyl bolmagy, artykmaç aw etmezligi ündärdi. Ylaýta-da häzir onuň hem, ýoldaşlarynyň hem aw niýeti ýokdy. Emma aw höwesi ynsan oglunyň ganynda bar bolara çemeli. Gökböreňe gelip ýaňy çaý üçin odun ýygnama başlan Kuwwat bilen Ýegşem bir ýaraty käkiligi gördüler. Janawar ýanbaşyna ýatyp, ganatlaryny kynçylyk bilen galgadýardy. Ýigitler “Algyr ýaralanan bolsa gerek” diýip, käkiligi tutjak bolup ser-sepil boldylar. Ýöne her sapar aw guşy hile gurap, olardan sypmagy başarýardy. Durdymyrat bilen Mätjan mugallym ýaşlaryň bu başagaýlygyny synlap oturyş-laryna ahyry hezil edip güldüler-de, olary çagyryp, käkiligiň “kowalaşmaşak” oýnynyň syryny açdylar. Olar bu öňem ýadaw ýigitleriň nähak ýere elem-tas bolup ýörüşlerine dözmediler öýdýän. Ýogsam bolmanda bu gyzykly oýnuň dowamy boljakdy. -- Tejribesi ýetik awçylar käkiligiň hamrak guş bolany üçin jüýjelerini gola salmagyň aňsat däldigini aýdýarlar. – diýip, kiçigöwünli Durdymyrat aga başga awçylara salgylanmak bilen tejribesini paýlaşdy -- Ol jüýjelerini duşmanlaryndan goramak üçin kökenek gurýar. Onuň häzirki tilsimi bizi höwürtgesinden uzaklaşdyrmakdy. * * * -- Umuman, daga, düze, çöle we deňze gidilende şol ýere laýyk düzgün-kadalary berjaý etmeli bolýar. – diýip, Durdymyrat aga çaýyň gaýnaryna garaşyp oturan ýoldaşlaryna gürrüň berdi. -- Serenjamyňy, däri-dermanlaryňy almagy unutmaly däl. Ýola düşülende zäherli mör-möjekleriň sataşmagy we her dürli hadysalaryň ýüze çykmagy mümkin. Seresaplygy elden berende “men” diýen deňizçileriň heläk bolşy ýaly, sähel ýalňyşlygy sebäpli ençeme çöl söken awçylaryňam dünýäden armanly öteni az bolmandyr. “Aldap ençe awçylary ötir sen” diýip, çöl barada Seýdi şahyr ýöne ýerden aýdan däldir. -- Garaz, hüşgärlikden heniz zelel gören ýokdyr – diýip, köpi gören ýaşuly näme üçindir Kuwwata aladaly seredip sözüni dowam etdi – Iň bärkisi çöle, umuman ýola çykanyňda artyk iýmän, süňňiýeňil çyksaň, könelerimiz aýtmaşlaýyn “keýik, gulan ýaly çus bolsaň” gowy. Etli, ýagly, hamyrly, süýji zatlardan doýup, yssyda çöle çyksaň, elbetde, hezil bermez. Iýeniňi eredip bilmän, teşnelikden horlanyp, suw baryny içersiň, garnyňam “julk” bolar. Mätjandyr Ýegşem pakyrdaşyp gülüşdiler, Kuwwat bolsa çym-gyzyl boldy. Ýaşulynyň bu sözleri oňa seredip aýtmagynyň sebäbi düşnüklidi. Geň ýaly bolsa-da ýolagçylaryň arasynda iň horlanany çepiksije Ýegşem däl-de, 25 ýaşly daýaw ýigit, etrabyň belli pälwany Kuwwat bolup çykdy. Syr bildirmejek bolsa-da, onuň yzdan has-has edip gelşi ýoldaşlaryna zordan eýerýändigini belli edipdi. Özem garşy-garşy mytarasyndan suw içip gelipdi. -- Dogryňy aýt, Kuwwat, irden näme nahar iýdiň? – diýip, Mätjan sorady. -- Irden nahar iýmedim, agam. Diňe süýtli çaý bilen garbak-gurbak edip gaýtdym. -- Be-e. Onda ýöreýşiň-ä göwnüme ýokmady. Näsaglap ýören-ä dälsiň? – diýip, Mätjan mugallym alada galdy. Onsaň Kuwwat gönüsinden gelmeli boldy. Ol çuwal ýaly dolmuş, tokarrak göwreli ýigidem bolsa, öň göwresine mahsus bolmadyk çakganlyk bilen hereket edýärdi. Göreş sporty bilen irginsiz meşgullanardy, sport ussady derejesi bardy, iýmitde düzgün saklardy. Emma iki ýyl öň öýleneli bäri sporty taşlady diýen ýalydy. Edara işgäri bolansoň işi-de kän hereket talap edenokdy. Üstesine-de, eli süýji gelin duşanyndanmy-nämemi, agzyna hem ejizlik edip başlady. Garnyna esli et-ýag ýygnany äşgär görünýärdi. Bu sapar hem ol irden elin nahar iýmese-de süýtli çaýyň gapdalyndan gelniniň ýag, ýumurtga we şeker goşup bişiren çöreginden, etli-soganly kümejinden garnyny kemsiz otarypdy. Onsoň ýolda agzy gurap suwsuzlykdan horlandy, iýen bol ertirligi göwresine agram hem salypdy. -- Men-ä irden diňe bir bulgar kofe bilen birazajyk mürepbeli, mesgeli çörek iýip gaýtdym – diýip, Ýegşem monça bolup habar berdi. -- Şonuň üçinem, goňşy jan, sen “çöpe jan bitdi” diýilýäni-dä – diýip, biraz gaharly oturan Kuwwat onuň ýüzüni aldy. Soňam özüni aklajak bolýan ýaly: -- Diňle, inim! “Ertirligiň hemmesini özüň iý, günortanlygyňy dostuň bilen paýlaş, şamlygyňy duşmanyňa ber” diýipdirler. Irden gowuja naharlanmaly – diýip oňa maslahat beren boldy. -- Ol ýöne agşama golaýlaşdygyňça näçe az iýseň, şonça gowy bolýanyny nygtamak üçin aýdylan zat. – diýip, Mätjan düşündirdi -- Onsoňam häzir daňdan turup, mal kowup ýa at gezdirip ajygyp gelýän ýok. Agşamky iýlenler siňip ýetişenok. Häzirki adamlar az hereket edýärler. Şonuň üçinem az, düzgünli iýmeli, et-ýagy, süýjini kän iýmeli däl. Esasy naharyňam günortanlyk bolmaly. Mätjan mugallymyň et-ýagdyr az hereketlilik barada bu sözlerini özüne çeken Kuwwatyň indi çeti mazaly gyzypdy.Ýylda birnäçe gezek goňşusy Durdymyratlara gelýän Mätjan mugallymy daşyndan biraz tanasa-da onuň bilen birinji gezek ýoldaş bolşudy. “Sport hakynda maňa akyl satýar welin, bu meniň pälwanlygymy bilmeýärmikä?” Şeýle pikir kellesine uran ýaş ýigit şu etrapda kimiň öz güýjüne we çalasynlygyna göwni ýetýän bolsa Kuwwat pälwan bilen tutluşmalydyny, soň oňa akyl bermelidigini jar etdi. Onuň özüne kakdyrýandygyny bilip gülümsirän Mätjan mugallym jalbarynyň gonjyny çermäp orta çykdy. Onuň bilen bil tutuşan Kuwwat indi özünde öňki çeýeligiň, süňňiýeňilligiň ýokdugyny dessine aňdy. Mätjan mugallymyň mamladygyna akyl ýetirdi. Özi ýaly hünärli türgen bolmasa-da, sportdyr sagdyn durmuş ýörelgesini taşlaman gelýän bu esli ýaşan pyýadany, öň pikir edişi ýaly, aňsatlyk bilen ýykyp goýberäýmek mümkin däldi. Ol kä aýaklary iki ýana diräp, kä ýygryp-düýrüp garşylyk görkezýärdi. Elbetde, pälwan her niçigem bolsa pälwan bolýar. Onuň öz emel-timsimlerini ulanyp, garşydaşyny ahyrsoňy ýykjagy bellidi. Kuwwat munuň üçin ýumşak ýer peýläp, pyrlanyp ugranda Durdymyradyň ardynjyrap, özüne edýän ümlerini gördi-de, bu pälinden el çekdi. Ýaşulynyň agras nazarynda: “Inim, ol myhman adamdyr, ýaşam ulurakdyr, ynjydaýma” diýen yşarat bardy. Onuň üçin Kuwwat bir öwrümde bir dyzyny ýere degrip: -- H-ýäk, mugallym, ahyr alyp ýatdyň-ow! – diýip, ýeňlenini boýun alan boldy. Emma Mätjan mugallym beýle sylaga düşünse-de, özüni aldatjak adam däl eken. -- Oňarmadyň, inim, beýtmeli däldiň. “Göreşde ataňam bolsa ýyk” diýipdirler – diýip, ol çaý demläp oturyşyna öz pikirini daşyna çykardy. -- Emma “Myhman ataňdan ulam” diýipdirler ahyryn – diýip, Kuwwat gönüsinden geldi – Onsoňam, agam, sen göreşden has gowy baş çykarýan bolanlygyňda bu çeýeligiň bilen meniň agramymy özüme garşy ulanyp, aňsatja güpürdedip bilýärdiň... Onuň bu sözlerinde öz-özüne, öz ýaltalygyna nägilelik hem duýulýardy. “Nesip çekip indiki ýylam bile çöle gaýdaýsak, siz matdyldap barýan tosan Kuwwaty däl-de, sarç bedew ýaly toparyň öňüni çekip barýan Kuwwaty görersiňiz. Oňa çenli özümi täzeden gowy seýislemesem bolmaz” diýip, ol öz-özüne lebiz etdi. * * * Göl-sährada demlenen çaýyň lezzeti bir başga. Çaý ýagşy degip başlanda Durdymyrat aga bu künjegiň waspyny ýetirdi: -- Gökböreň meýdany ummülmez çölüň içine ýarym ada ýaly süsňäp girip ýatan boz otly, seýrek agaçly, awlaglyk meýdandyr. Ho-ol günorta-gündogarda seleňläp oturan daglara serediň. Baharda olaryň gary erände, Inçesuw çaýyndan towlanyp akýan okgunly suw ahyrsoňunda şu ýerdäki guýma gelip dolýar. Has ygally ýyllarda suw daş-töwerege giň ýaýrap, bu künjek gülzarlyga öwrülýär. Howa gyzdygyça bu öleňlik ýeriň suwy çekilip, tomsa çenli diňe ho-ol ortadaky köl galýar. Maýsalar gurasa-da yssa çydamly, gataňsy ot-çöplerdir agaçlar ýaşaýşyny dowam etdirýärler. Onuň üçin bu künjek gurt-guşlary özüne çekýär. Köljagaz bolsa soňabaka jandarlaryň aýak yzyndan doly batgalyga öwrülýär. Käbir guş-gumrulardyr jandarlar çaýyň boýy bilen daglara gidýärler, käbirleri güýze çenli şu ýerde gün görýärler. Garaz, bu ýerde arly ýyl diýen ýaly aw bar. -- Onda Inçesuwuň boýuny syryp gidiberseň daglardan çykarjag-ow – diýip Ýerşem alysa nazar saldy. – Onda biz çöle ymykly girmänem ekenik. – Howa, obadan göni gaýtsaň bu ýere çölden aşyp gelýärsiň – diýip ýaşuly tassyklady – Ol daglaryň eteginden çaýyň ugry bilen gytaklap gaýtsaň welin, aýagyňy çägä basman bu ýere gelse bolýar. -- Biz haçan oba dolanarys? – diýip, Ýegşem töweregidäkilere garady. -- Goňsujyk, sen çaýyňy iç-de, Inçesuwuň ugry bilen daglara tarap ugraber – diýip, Kuwwat oňa ýaňsyly maslahat berdi. – Dagyň eteginde, Inçesuwuň köprüsüniň üstünde ulaga garaş. Ulagdaş ulag duşsa oba alyp gaýdar. Düşündiňmi, bäşlikçi? Biz-ä ýene çölüň içine ýolumyzy dowam edip, ilkinji guýa barman gaýtjak däl. -- Kuwwat janyň soňky sözi-hä dogry – diýip, Durdymyrat aga tassyklady.—Hakyky çöl täsinliklerini görjek bolsaň Gaýrakguýa barman gaýtmaly däl. Galan maslahat sizden, adamlar. “Ýok, artykmaç horlanmaly” diýseňiz, günortan geçinçä ýerde bolup, günüň bady gaýdanda yzymyza ugrasagam bolýar. -- Gaýrakguýa çenli näçe kilometr? – diýip Mätjan mugallym sorady. -- Ýedi-sekiz kilometr bardyr. -- Onda, ýigitler, öýläne çenli şu ýerde ýatandan, şol ýerik baryp gaýtsak nädýär? – diýip, Mätjan mugallym teklip etdi.— Goş-golamymyzy şu ýerde goýup, egni ýeňil gideris. -- Bu gün howa-da salkynrak – diýip alyp göteren Kuwwat beýlekilere gözüni gypdy -- Ýegşem jan, sen gitmek islemeseň goşlarymyzyň ýanynda galaý. Gelinçäk gowuja nahar-şor taýýarlap goýarsyň. -- O-la gowy welin...—diýip, goşda galmaga göwünjeň bolan Ýegşem sägindi – Ýöne bişiren naharyma razy bolaýsaňyz. Birinji gezek-dä. Nähili bişirmelidigini bilýän welin, heýgenekden başga tagamy entek bişirip göremok. -- Öwrenersiň, goňşy jan – diýip, Kuwwat göwünlik berdi – Dünýäde hemme işler birinji gezekden başlanýar. -- Sen Kuwwatyň degişmesini çyn hasap edäýdiň öýdýäň, Ýegşem jan – diýip, Durdymyrat aga düşündirdi – Hany, ýör bakaly! Biz seni ýeke goýup gidip bilmeris ahyryn. -- Ýoldaşyňy taşlap gitmezlik – ýolagçylygyň birinji şertidir – diýip, Mätjan mugallym hem onuň aýdanyny berkitdi – Her ýagdaýda-da bir jan, bir ten bolunmalydyr. “Gämä münenleriň jany bir” diýlenidir. -- Hany, tur, tur!—diýip, Ýegşemiň elinden çekip turzan Kuwwat oýun bilen onuň ýeňsesinden tutup südenekledi – Saňa bir zat bolsa men Amantäç gelnejä näme jogap bererin? Edil şol mahal golaýdan motosiklediň tyrryldysy eşidildi. Ol obadaşlary Kakyş bolup, towşana gurup giden gapanlaryny barlamaga gelipdir. Kakyş ikindine çenli şu ýerlerde boljakdygyny aýdandan soň syýahatçylar oňa Ýegşeme göz-gulak bolmagy tabşyryp, üç bolup Gaýrakguýa sary ýola düşdüler. * * * Esli dymyşlykdan soň Kuwwat ýaş ýetginjekleriň lälikliginden, olaryň diňe aňsat ýol gözleýändiklerinden zeýrendi. -- Ýegşem ýene ýarym ýyldan gulluga gitmeli. Serhetçi bolaýsa dagy uzak gezimlere nädip ýararka? Esger boljak bolsaň on kilometr pyýada ýörişi dagy “ýol geçdim” hasap etmelem däl-ä. “Haý, diýseňem seniňem-ä goruň Ýegşemiňkiden kän bir artyga meňzänok” diýip onuň aýagyny agyr alyşyna pisindi oturmadyk Mätjan mugallym her niçigem bolsa: -- Howa şu mahal salkyn welin, günortan gyzybermese diý – diýip, başga hörpden gopdy. -- Bu gün yssy bolar – diýip, Durdymyrat aga kesgitli aýtdy.—Günuzyn salkyn bolaýjak ýalydyr welin, soňurrak gyzyp ugrar, ony-ha eşitmedim diýmäň. Gumluk baýyrlarda hin gazynan çal alakalar art aýaklaryna daýanyp dikelip durşuna keşt etmäge çykanlara hüşgärlik bilen garaýardylar. Çöl serçeleri, goýunguşlar, geçiguşlar, torgaýlar syýahatçylaryň sähel hereketden ürküp uçmak bilendiler. Ýarym sagada golaý ýöränlerinden soň Kuwwatyň ýüzüniň bagyr ýaly gyzaryp, agyr-agyr dem alşyny halamadyk Mätjan mugallym: -- Kuwwat, saňa näme bolýar, janyň beri sagmy? – diýip sorady. -- Aý, şu içigar galan sport eşigim halys demimi berenok – diýip, Kuwwat geýminiň ýakasyny garnyna çenli ýazdyryp durşuna ýüzüni eňşetdi – Howany ne goýberýär, ne çykarýar. Endamym derden ýaňa şepbeşip dur. -- Bu irden şemalda ylganyňda derlemek üçin geýilýan eşik ahyryn – diýip Mätjan düşündirdi – Häzir sen özümizde öndürilýän, ýokary hilli nah eşikleri geýip gaýtmaly ekeniň. Tebigy nah eşik deriňi sokga sorup alýar, endamyňy bolsa buz ýaly edýär. -- Dogry aýdýaň, Mätjan – diýip, Durdymyrat aga ony goldady – Syýahata çykanymyzda senden öňňämiz eşigiň pikirini etmändiris, çem gelen zady geýip gaýdyberipdiris. Indikimize sapak bolar-da. -- Aý, gep eşikde bolsa ýagşy-la – diýip, Mätjan mugallym rahatlandy – Onda ho-ol görünýän bir topbak sazagyň astyna ýetip demimizi dürsäli. Sazaklaryň astyna ýetenlerinde özüni lampa ýere goýberen Kuwwat bir tirsegine daýanyp ýatyşyna jübüsinden bir guty çilim çykardy-da, birini sogrup, otlamak bilen boldy. -- O-ho, indi barysy düşnükli boldy – diýip, Mätjan mugallym hyrçyny dişledi – Belaň körügi eşikde däl ýaly-la... -- Indi iki ýyl bäri gulagyny gazap gelşim – diýip, Durdymyrat aga janykdy – Heý, şeýdip öz janyňa kast etmek bolar oguşýa... -- Onda sen syýahat diýip biziň bilen gaýdybam oturmaly däl ekeniň, Kuwwat. Özüňem horlanman, bizem horlaman, öýüňde oturybermeli ekeniň çilimiňi çekip. Ikibaşdan syýahatçylyk, sport, saglyk diýen zatlar seniň bu agy tüssäň bilen bir ýere sygyşanok ahyryn. Onda yzymyza döndükmi, ýoldaşlar? – diýip, Mätjan mugallym lapykeç sorady. Syýahatyň özi sebäpli şowsuz tamamlanýandygyna Kuwwat ör-gökden geldi. Aljyrap, aýdara söz tapmady. Am-säm bolup dikeldi. -- Sen çilimiňi arkaýyn çekip gutarsana, Kuwwat jan – diýip, Durdymyrat aga giňlige saldy – Seniň ertirden bäri şony çekmäge çekinip, çydap gelşiňi bilýän-ä. Onsoň assa-ýuwaşdan ýolumyzy dowam edibiýris. Gökböreňe giçlik dolanyp barsak bolar-la. Şol ýerde ýatyp, ertir daňdan oba ugraýarys. Häzir Ýegşeme hem-de obadakylara bu barada jaň ederis. -- Wah, agam, syýahat diýeniň ýöne bir pylan menzile baryp gaýtmak däl-ä. Tebigaty ine-gana synlamak, aň-düşünjäni baýlaşdyrmak, gözýetimiňi giňeltmek üçin syýahat edilýär-ä. Ýogsam zoraýakdan dert edinip, ýol sökmegiň näme manysy bar. Aramyzda birimiziň jany sag bolmasa, syýahatyň näme hezilligi bolar? Ynha, şu guş-gumrularyň mesgeni bolan bir bölejik sazak tokaýlygyna serediň. Onuň özünde tebigatyň açyk-gizlin birgiden täsinligi bar. Şol şahadaky ýaldur-ýuldur edip, hemle atyp duran nägehany görýärmiň, Kuwwat? Golaýjykdaky bir şahada hallan atyp duran bir metrden gowrak “ýylany” gören ýigidiň gözleri petredi. Onuň bolşuna gülşen ýoldaşlary onuň ýylanyň gowygydyny aýdyp, tebigatyň bu hadysasyny düşündirdiler. -- Howa, gumuň içi hem şu hili täsinliklerden püre-pür – diýip, Mätjan mugallym dowam etdi – Emma sen şu ýagdaýdakaň, Kuwwat, biz hamala hemme zat gülala-güllük ýaly syýahat edip bilmeris. Gaýrakguýa baranymyzda-da hiç hili hezilligimiz bolmaz. Sen oba baranyňda her hal lukmana görünmegiň gerek, Kuwwat. Häzir bolsa Gökböreňe ugralyň. -- Bolýar, Mätjan inim, bir dagy-duwara diňe seniň maslahatyňa eýereris. Syýahatyň guramaçysy sen ahyryn. -- Menen onda çilimimi taşlaýaryn, Mätjan mugallym – diýip, Kuwwat çiliminiň soňuny zyňyp, ýerinden gobsundy – Şu iň soňky çilimim! -- Eýe bolup bilmejek bolsaň weza-para ýalan söz berme, goňşy! – diýip, Durdymyrat aga duýdurdy – Ýöne çilimiňi kem-kemden azalt-da, soňra goýaý. -- Ýok, men şu wagt goýýaryn – diýip, bu günki şowsuzlyklary janyna degen Kuwwat berkine tutdy. Ol hiç kimden göwün etmeýärdi, günäniň özündedigine düşünip, ýalňyşyny düzetmegi berk karar edipdi. Sähel salymdan üç pyýada Gökböreň ugranlarynda ýaňy bir çeti açylan çilim gutusy guma bulaşyp ýatyrdy. * * * Şol wagt Gökböreň ýaýlasynda Kakyş üç gapan bilen bir towşany sallap gelşine düşelgede bir gazançany esgi bilen tutup, ör turan Ýegşeme habar gatýardy: -- Ýer-ow, inim, bu başagaýlyk näme? Ol bir gazança nahary näme etmekçi bolýaň? -- Muny dökmeli boljak, Kakyş daýy! Duzy köp atyp şerebä dönderipdirin. Derrew etsizem bolsa täzesini ataraýyn. Galan-gaçan zatlardan, hurşsuzam bolsa, derrew bir şurruk çorba taýýarlaryn-da. Ýoldaşlarym jaň etdiler, ýarym sagatdan geljekler. Ýöne... beýdenim üçin olar maňa näme diýerlerkä? -- Ýenjerler! – diýip, Kakyş kesgitli aýtdy. Soňra eli gazançaly doňup galan ýigdekçä ýylgyryp: -- Ýoldaşlaryny beýdip köseýäni öňler-ä ýençýän ekenler, ýöne durmuşyň bu abadançylygynda adamlaram giň-dä. Bir gazança nahar üçin azar berip durmazlar – diýip köşeşdirdi. -- Emma köpçülikde, aýratynam, ýolagçylykda-saparda, çöl-beýewanda ýoldaşlaryň ynamyny puja çykarmak ýaman zatdyr. Umuman, akylly-başly, jogapkärçilikli çemeleşmeseň hiç bir işiň şowlamaz. Soňra ol getiren towşanynyň derisini sypyrmaga girişdi: -- Ine, saňa hurş! Kündikde gaýnan towşan çorbasyny iýeris. Ýöne ol gazanyňy hem dökmän, öňküsi ýaly ojaga atar. Naharyň suwundaky artykmaç duzy nedip aýyrmalydygyny häzir öwrenersiň... Şondan bir sagat çemesi wagt geçenden soň bäş adamyň bir supranyň başyndaky söhbeti gyzyşypdy. -- Aw ganlymy, Kakyş? – diýip, Mätjan mugallym gyzyklandy. -- Häliden bäri üç gapanymy gözläp tapdym – diýip, Kakyş habar berdi.—Birine şu towşan, birine alaka düşüpdir, biri ýazman galypdyr. Öýläne çenli galan dördüsinem görerin . Garaz şu gün maňa ýene iki towşan barmyka diýýän. Üçüsi bolsa-ha bagtym getirdigi. “Şu aw edişi bilen ýene üç towşan tutsa-ha, dogrudanam, munuňky tüýs şowladygy bolýar. Haý, näbileýin-dä” diýip, Mätjan mugallym sübhelendi. “Elbetde, ussat awçynyňky hem ýüz göterim oňmaz – diýip, Durdymyrat aga hem iç gepledýärdi – Bir gapana alaka düşer, birine kirpi düşer, birini tilki süýrär. Emma ýedi gapan gurup, ortaça bäş towşan almasa, oňa ökde awçy diýip bolarmyka?!” Kakyş bolsa düýpden başga hörpden tutdy: -- Eý-ho, bir günde dört towşan! Onda şolaryň birini maňa diri bersene, Kakyş daýy! Satsaňam, ýa öý towşanyna çalyşsaňam men razy. -- Düz towşany sen nätjek? – diýip, gürrüňe kän goşulman ýatan Kuwwat oňa gözlerini agdaryp seretdi. -- Öý towşany bilen çaknyşdyryp, nesil aljak. Eti şu towşanyňky ýaly bolmasa-da, garaz, öňküden kän gowy bolarmyka diýýän. -- Ol başa barmaz, Ýegşem jan – diýip, Mätjan mugallym çürt-kesik etdi -- Gögerçin gumra, leglek durna, krolik towşana çalym edýändir. Ýöne olar fiziologik taýdan parhlydyr. Aýry toparlara degişli bolansoň bu jandarlar bilelikde nesil öndürip bilýän däldir. --Siz bu meseläni şeýle jintgäp düşündirdiňiz welin, alym dagy dälsiňiz-dä hernä — diýip Kakyş gyzyklandy. -- Ýok, men alym däl, inim—diýip, Gurbanberdi gürrüňi dowam etdirdi--Bilmek, öwrenmek üçin köp okamaly. Degişli gollanmalardan peýdalanmaly. Krolikler eti, sütügi we derisi üçin ýöriteleşdirilen fermalarda, hojalyklarda köpeldilýär. Göwresindäki düwünçegini 29 gün saklaýar. Ýylyň dowamynda kroligiň käbir görnüşi 150 çenli nesil bermäge ulyply. Olar hinde çagalaýarlar. Gözleri ýumuk, tüýsiz halda dünýä inýän, dürli reňkden bolan çagalary ejiz, kesele ýakyn bolýarlar. Ene krolik nesillerini hinde, belli bir wagtda emdirýär. Duşmanlaryndan goramak üçin hiniň girelgesini petikleýär. Düz towşanynyň göwrelilik möhleti 53 güne barabardyr. Ol ýazda we güýzde, açyk meýdanda çebşekleýär. 2-3 sany çebşek tüýlije, gözleri açyk halda dünýä inýär. Düz towşanynyň çagasy dogumly, hüşgär bolýar. Aňsatlap sähel duşmanlaryna şam bolmaýarlar. Gaçyp gutulýarlar ýa-da bilniksizje gizlenip bilýärler. Dagda we düzde ýaşýaýan towşanlara şol ýeriň reňki mahsusdyr. Seniň ýaşlaryňdakam men hem krolik köpeltmegi pişe edindim. Adam boýynda guýy şekilli çukur gazyp, krolikleri şonuň içine göýberdim. Şeýle usulda saklanyňda olar hin gazsalar-da gaçyp gitmeýärler. Käbir adamlaryň “Çöl towşany bilen kroligi çakyşdyryp nesil aldym” diýip tekrarlamasy howaýy gürrüňdir, onuň hakykata laýyk gelmeýändigine indi düşünen bolsaň gerek. Bu janawarlar meňzeşligine garamazdan bililişip nesil öndürmekden mahrumdyrlar.. Şüwlümli söhbet bilen syýahatçylar günüň öýläne sanany-da duýman galdylar. Soň olaryň öňüne düşen Kakyş bir ýazman ýatan gapanyny zordan gözläp tapdy. Durdymyrat aga onuň ýalňyşyny düşündirip, gapanyň gurulmaly ýerini – towşanlaryň geçýän ýerini tapyp görkezdi. -- Şonuň guran gapanlaryny gözläp tapyşyna haýran galaýmaly – diýip, ýola düşenlerinde Ýegşem öz geňgalyjylygyny gizläp bilmedi.—Men-ä başarmazdym. -- Onuň asla awdan boş gelmeýşine haýran galmaly – diýip, Kuwwat hüňürdedi -- Durdymyrat aga öz guran gapanlaryny bäş minutda tapardy. Elbetde, Ýegşem han ýedi gapan gursa altysyny ýitirip gelerdi. -- Tejribe uzakdan gelýär-dä – diýip Mätjan mugallym meseläni ylalaşykly jemledi. Syýahatçylar oba ikindinara ýetdiler. * * * Şondan dogry bir ýyl geçdi. Kesearkaç tarapyndan gireniňde ümmülmez Garagumyň ilkinji guýusy bolan Gaýrakguýynyň töweregi günortanyň yssysynda-da salkynjakdy. “Damja suwdan tal çykar” diýlişi ýaly, süýji suwly guýynyň töweregi daragtlar bilen saýalanan gök maýsaly meýdançady. Çar tarapdaky ymgyr çölde eýýäm jöwzaly tomus gününiň höküm sürýändigine garamazdan bu agyl ýaly kiçijik künjegiň goýnundaky sergin daň howasy, saman bassyrmanyň we bag ýapraklarynyň gür kölegesi, guşlaryň şadyýan jürküldisi jana şypa berýärdi. Bassyrmanyň aşagynda ýaňy garbanyp, saçagy ýygnap oturan üç pyýadanyň başlaryndaky giň erňekli saman şlýapalary, giň we ykjam eşikleri, berk we ýeňil aýakgaplary, çaklaň goşhaltalary olaryň birki günlik ýola çykan syýahatçylardygyny habar berýärdi. -- Daňdandan bäri obadan goş ýazdyrman gaýdyşymyza Gaýrakguma ýetdik -- diýip, olaryň iň ýaşkiçisi, tokarrak berdaşly ýigit göwnihoş gürledi – Erbet netije däl. Suwsapdyrys diýmeseň horlanman geldik. -- Bolsa-da çopanlaryň goýup giden süzmesi hezil berdi. Süzme çaly teşneligiňi gowy gandyrýar – diýip, orta ýaşdan geçen inçesagat pyýada gürrüňi dowam etdirdi – Teýli naharam bişirip oturmadyk ahyryn. Men-ä getiren azyklarymyň köpüsini şu taýda goýup gitsem diýýän. Gaýdyşyn miwe suwudyr ýeňil-ýelpaý şamlyk ýeterlik bolar-la. -- Meniňem ýagly petirlerim iýilmedi – diýip, daýaw ýigit alyp göterdi – Onuňam diňe birisini alyp gitsek şol bolýar. -- Senem özüňi nähili berkine tutup seýisleseňem şü Maýsa gelniň etli-ýagly petir-çöreklerinden aýrylyp bileňok-da, Kuwwat jan – diýip, loh-loh gülen Dyrdymyrat aga soň çynlakaý görnüşde nesihat etdi – Hak edýäňiz, oglanlar. Esli mahal zaýalanmajak önümleriň zeruryýetiňizden artykmajragy bar bolsa guýynyň başyndaky bassyrmada ýa-da çatmada asyp goýup gidäýmelidir. Bu – çölüň ajaýyp adatlarynyň biridir. -- Howa-la, arkalaşyk, bir-biregiň aladasyny edip goldamak gumlylaryň ýazylmadyk kanuny. – diýip, Mätjan mugallym tassyklady. -- Şol kanun olary asyrlarboýy ençeme heläkçilikden we horluklardan gorandyr. Çölde azaşan adam guýyny tapdygy besdir, ol şol ýere adam gelýänçä ençe wagtlap şondaky azykdyr suw bilen gününi görer. -- “Emma şol adam hem öňde ýa soňda guýularda duz-nygmat goýup, goňşokara parzyny berjaý kylmaly, her kes il-halkyň aladasyny etmeli” diýjek bolýarsyň-da. Onyň hak gürrüň, mugallym. Bu urp-adat şeýdip dowam edýär ahyryn. Ýöne bizem yzymyza azyk-suwluksyz gaýtmaly däl. Gökböreňde bize nahar taýýarlap, garaşyp oturan Ýegşem ýok indi – diýip, Kuwwat ýatlatdy. Ýegşem indi ýarym ýyl gowrak bäri serhet goşunlarynda gulluk edip ýördi. -- Yogsa-da, Ýegşem bilen habarlaşýarmyň? – diýip, goşhaltasyny bogup, egnine atan Mätjan mugallym Kuwwatdan sorady. -- Howa, aram-aram jaňlaşyp durus – diýip, Kuwwat hem ykjamlanyp, ýola düşmäge häzirlendi – Onuň ýagdaýy gül ýaly-la. Dagy näme, öňünden ýarym ýyllap güýçlendirilen taýýarlykdan geçirip, gulluga häzirlän özüm-ä ony. -- Ýegşem janyň ata-enesine ogullarynyň birkemsiz gulluk edýändigi barada minnetdarlyk haty geldi – diýip, Durdymyrat aga düşündirdi – Diýseň-diýmeseň, Kuwwat inim, Ýegşemiň şu üstünliginde seniňem ulu hyzmatyň bar. Onuň üçin Hydyr bilen Amantäjiň saňa alkyşynyň çägi ýok. -- Aý, ýok-la, gaýtam bahana bilen meniň özümem täzeden sporta baş goşdum – diýen Kuwwat göwnühoş halda diriň-diriň böküp, gimnastik hereketleri etdi – “Bir zady gowy öwrenjek bolsaň, şony başga birine öwretmeli” diýenleri çyn eken. Aslynda meniňem Mätjan mugallym ikiňize alkyşymyň çägi ýok, Durdymyrat aga. Siziň yzyňyza düşüp, menem çilimimi hem taşladym, özümi hem ýaňadandan seýisläp, sporta gaýdyp geldim. Syýahatçylar haýal etmän, ýola düşdüler.. Garagumyň jümmüşine syýahat etmäge olary hiç kim mejbur etmändi. Olar bu syýahata göwün açmak, beden taplamak, tebigat bilen sazlaşyk üçin çykypdylar. Olaryň haýsyna seretseňem hereketi ynamly, ýöreýşi süňňüýeňil, keýpi çag görünýärdi. Howa, bu kiçijik syýahat Sarpaly Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyna hem-de göreldesine eýeren raýatlarymyzyň döwrüň we asryň talabyna laýyk, döwrebap durmuş ýörelgesine aýak basmagynyň, hususanam, bütindünýä saglyk, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport hereketine goşulmagynyň buşlukçysydy, bütin türkmen halkymyzyň sagdyn durmuş, berk beden, süňňüsagat, ruhubelent, şatlykly, gözel durmuşa sary aýgytly gadamynyň aýdyň güwäsidi. Şahymerdan SARY OGLY, Türkmenbaşy şäheri. | |
|
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |