08:06 Tapawut | |
TAPAWUT
Goşgular
- Şepe, seniñ ýaşaýyşyñ dürs däl, Öýüñde ýok altyn, göwher, hrustal. Sakasynda bolup gözli bulagyñ, Ýok geýýän köwşüñden başga ulagyñ. Bal tutsañ-da, barmagyñy ýalaman, Barmak däl, goluñy bala bulaman, Durmuşyñ durmuş däl, gury azap-la, Ömür ýeke, günler bar hasaply... - Men ýaşamok sen deý pullary ysgap, Men ýaşaýan elwan gülleri ysgap! ■ TANAP BOLÝAR... Tanap bolýar her kimsäni bir zatdan, Gybatkeşi törpi ýaly dilinden. Aýagyndan - ýyldyrym deý atlary, Daýhanlary aýasyndan, elinden. Tanap bolýar her kimsäni bir zatdan, Gömülgenler gitmez ýeriñ ýüzünden. Guýrugyndan tanap bolýar tilkini, Jerenleri tanap bolýar gözünden. ■ HAKDYR MAÑA BERÝÄN BAHAÑ... Hakdyr maña berýän bahañ, Hakdyr biçak ynjyklygym. Ýalñyz galan sözi üçin Dostumdanam dänjekligim. Hakdyr maña berýän bahañ, Bardyr çendan gyzmalygym. Çydamok men görsem eger, Erkeklerde gyz gylygyn. Hakdyr maña berýän bahañ, Badyr käte gödekligim. Ýokdur ýasama mähirim, Hakdyr nebsime bekligim. Hakdyr maña berýän bahañ, Elim biraz ýukarakdyr. Ýöne welin, il-günümden, Gizläp goýan zadym ýokdur. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |