14:25 Taryhyñ akymyny üýtgeden uruşlar | |
TARYHYÑ AKYMYNY ÜÝTGEDEN URUŞLAR
Taryhy makalalar
Her uruşyñ özüçe bir tutarygy bar we şol uruşlaram belli-başly netijeleri döredipdir. Ýöne käbir uruşlar bar welin, eger şol uruşlar başgaça gutaran bolsa, häzir biz düýbünden başga hili taryh bilen tanyş bolardyk. Aşakda, siziñ üçin taryhyñ akymyny üýtgeden uruşlaryñ we olaryñ getiren netijeleriniñ sanawyny düzdük: ■ Marafon söweşi (b.e.öñ 490) B.e.öñ 490-njy ýylda afinylylaryñ we persleriñ arasynda bolup geçen bu gandöküşikli söweşe Marafon söweşi diýilýär. Grekler bilen general Datisiñ serkerdeligindäki Ahamenitleriñ arasynda Marafon jülgesinde bolup geçenligi üçin çaknyşyga Marafon söweşi diýlipdir. Bu aýgytly söweşde oñat ýaraglanan persleriñ goşun sany greklerden has agdyk gelýändigine garamazdan söweşiñ afinyly grekler bolup ýeñiji bolup çykypdyr. Ikinji Marafon söweşinde gazanylan şanly ýeñşiñ netijesinde grekleriñ şäher döwletleri uzak wagtlap basybalyjylaryñ hüjümine uçramandyr we grek watanynda asudalyk höküm sürüpdir. Ylym-bilim, edebiýat we sungat, senetçilik gülläp ösýär. Netijede gadymy grek medeniýeti kemala gelýär. Eger gresiýalylar Marafon söweşinde asgyn gelen bolsalardy, onda grek medeniýeti, sungaty we ylmy ösmezdi hem-de biziñ döwrümize gelip ýetmese-de ýetmezdi. Şonuñ üçin grekleriñ Marafon söweşindäki gazanan ýeñşi taryhyñ iñ möhüm wakalarynyñ biri hökmünde ýatlanylýar. ■ Bedir söweşi (624) Medineli musulmanlaryñ mekgeli müşrik kureýşlere garşy Bedir söweşinde gazanan şanly ýeñşi yslam dininiñ ýaýramagynda möhüm ähmiýeti boldy. • Bedir ýeñşiniñ musulmanlaryñ galkynmagy üçin diýseñ gowy netijeleri berdi. Bu ýeñiş arkaly Hezreti Muhammet pygamberimiziñ (s.a.w) tarapyna geçýänleriñ sany üzül-kesil artdy. Yslama meýil bildirýänlerim sany-da artyp başlady. • Medinelileriñ arasynda heniz butparazçylykdan el çekmän oturanlar bu ýeñişden soñ yslamy doly kabul etdiler. • Bedir ýeñşiniñ soñunda Pygamberimiziñ (s.a.w) ýesirler we oljalar hakyndaky beren kararlary yslam uruş hukugynyñ esaslaryny emele getirdi. • Bedir söweşinde ýeñlen mekgeli müşrikleriñ Arabystandaky at-abraýlary pese gaçdy. • Bedir guýularynyñ we Siriýa barýan söwda ýollarynyñ agalygy musulmanlaryñ eline geçdi. ■ An Luşan gozgalañy (755 – 769) 755-nji ýyldan 769-njy ýyla çenli Hytaýda bolup geçen An Luşan gozgalañynda 40 million adam wepat boldy. Bu san şol wagt dünýä ilatynyñ altydan bir bölegidi. ■ Haçly ýörişler (1096-1270) Haçly ýörişler diýip Rim papasynyñ meçew bermegi bilen hristian ýewropalylaryñ musulmanlara garşy gurnan ýörişlerine aýdylýar. Hernäçe dini perdelenip edilse-de, esasan syýasy, sosial-ykdysady sebäplere hem daýanan haçly ýörişler Rim papasy Urban II tarapyndan Klermon soborynda (ýygnanşygynda) eden çykyşyndan soñ başlanypdyr. Düýp maksady musulmanlaryñ ýaşaýan ýurtlaryny basyp alyp, Gündogaryñ ösen tehnologiýasyny, ylym-bilmini ele geçirmek islän ganojak haçparazlaryñ öñi-ardy gelmedik ýörişleri birnäçe asyra çekipdir. Millionlarça adamlar wepat bolupdyr, birgiden musulman döwletler ýykylap gülläp ösen şäherler weýran bolupdyr. Hernä, haçparazlaryñ garşysyna ilki seljuk türkmenleri, eýýuby türkmenleri, soñra osmanly türkmenleri çykypdy. Ýogsa biziñ döwrümizde yslam dünýäsi diýen zat bolarmydy, bolmazmydy... Ony anyk bilýän ýok... ■ Stambuluñ eýelenmegi (1453) Anadoly türkmen taýpalarynyñ Osmanly baýdagynyñ astynda osmanly goşuny bilen birigip, Stambuly (ondan öñki ady Konstantinopol) eýelemegi netijesinde: • 1000 ýyllyk Wizantiýa döwletiniñ soñuna nokat goýuldy. • Stambulyñ eýelenmegi Gadymy dünýäniñ soñy we Täze dünýäniñ başy hasap edildi. • Gala diwarlary top oky bilen böwsüldi. Garaşylmadyk üýtgeşmelet gelişmeler Ýewropada feodalçylyk gurluşynyñ kem-kemden dargamagyna we absolýut korollyklaryñ güýçlenmegine getirdi. • Stambulyñ eýelenmeginden soñ Italiýa göçen wizantiýaly akyldarlar we alymlar Ýewropa Renessansynyñ başlanmagyna öñaýak boldy. • Möhüm söwda ýollarynyñ Osmanly döwletiniñ eline geçmegi ýewropalylary başga-başga çykalgalary tapmaga iterdi we entek aýak basylmadyk materiklere aralaşmagyna sebäp boldy. • Ýewropa ýurtlary Stambulda ilkinji ilçihanalaryny açmaga başlady. • Prawoslaw hristianlar Osmanly döwletiniñ hemaýatkärligine alnyp, Ýewropanyñ dini bileleşiginiñ öñüne böwet basyldy. ■ Waterloo söweşi (18.06.1815) “Waterloo ýöne bir söweşdir öýtmäñ, bu söweş dünýäniñ çarhynyñ başga tarapa gönükmegidir". Wiktor GÝUGO. Waterloo dünýä belli fransuz ýazyjysy Wiktor Gýugonyñam aýdyşy ýaly dünýänin ykbalyny çözen söweşdir. Napoleonyñ iñ soñky soñky söweşi bolan Waterloo söweşinde fransuz goşuny Angliýa-Prussiýa ýaranlygyna garşy söweşdi. Bu söweş Napoleonyñ sürgünde gezip ýören Elba adasyndan gaçyp gaýtadan tagta çykmagy bilen ýüze çykdy we Napoleon gutarnykly ýeñlişe sezewar boldy. Dünýä taryhynyñ iñ meşhur serkerdelerinden biri bolan Napoleon ikilenç sürgüne ugradylýar we ölýänçä sürgünlikde galýar. Taryhçylaryñ biragyzdan çaklaýşy ýaly, eger Napoleon Waterloo söweşinden ýeñiş gazanyp çykan bolsa, onda dünýä taryhy bu gün düýbünden başga hili ýazylardy. ■ ABŞ-nyñ Graždanlyk urşy (1861 – 1865) Amerikanlaryñ graždanlyk urşy öz getiren netijeleri bilen birlikde taryha geçen uruşdyr. Urşuñ netijesinde: • Uruş gutaranda günorta ştatlardaky gul eýeçilik düzgüni ýatyryldy. • Köp wagt geçmänkä azatlyga çykan gullara saýlawlara gatnaşmaga hukuk berildi. • ABŞ-nyñ günortasynda gul eýeçilige esaslanan ekerançylygyñ soñuna çykyldy. • ABŞ döwletiñ dargama howpuny başyndan sowup, gaýtadan bir bitewi döwlete birikdi. ■ Gökdepe gyrgynçylygy (12.01.1981 ý) Dünýä agalygy ugrundaky göreşde öñdeligi saklamak üçin Angliýa bilen bäsleşýän Patyşa Russiýasy iñlislerden bir ädim öñde bolmak isleýärdi. Munuñ üçin bolsa tebigy baýlyklara we çig mal gorlaryna baý bolan Merkezi Aziýany eýelemek gerekdi. Hywa, Buhara, Kokant ýaly üç özbek hanlygyny bir demde baknasyna öwrüp taşlan ruslaryñ öñünde göräýmäge Ýakyn Gündogaryñ arap ýurtlaryna we Hindistana çykmaga böwet galmadyk ýalydy. Ýöne bu gezek olaryñ öñünden sähranyñ gaýduwsyz atlylary bolan türkmenler çykdy. Saragt, Mary we Garrygala söweşlerinden ýeñiş bilen çykan atarman-çaparman türkmenler bir bitewi döwlet bolup ýaşamagyñ nähili uly bagtdygyny duýup ýetişenem bolsalar, sözüñ doly manysynda heniz bir bitewi özbaşdak döwlete öwrülip ýetişmändi. Ýogsa bu ugurda Nurberdi handyr Gowşut han we olaryñ daşyny gallan edermen han-beglerimiz az işler hem etmändir. Muña garamazdan uzak dowam eden sekiz asyrlyk döwletsizlik derdi türkmeniñ etine-süññüne ornap gidipdi we birbada bu kesel aýrylyp gidiberenokdy. Russiýa türkmenleri boýun egdirmek üçin olaryñ başynda duran hanlary ýok etmegi makul bilipdi. Şonuñ üçin heniz uruş başlamanka Nurberdi han, Gowşut han dagylar zäherlenip şehit edildi. 1979-njy ýylyñ tomsunda bolup geçen Birinji Gökdepe söweşinde ýeñlişe uçran rus goşunlarynyñ başyna bu gezek türkmenleriñ Balkan ýurtlaryndaky ganybir garyndaşlaryny (Osmanly türkmenlerini) gyrmakda ýaka tanadan "gözi ganly ak general" M.Skobelew bellenildi. 1981-nji ýylyñ 12-nji ýanwarynda ruslaryñ dişinden dyrnagyna çenli şol zamanyñ iñ kämil ýaraglary bilen ýaraglanan goşuny bilen eli gylyçdyr naýzaly, gyrkylykdyr pyçakly, daşdyr taýakly arslanýürek türkmenleriñ arasynda bolup geçen deñ bolmadyk adalatsyz söweşde ruslar gutarnykly ýeñiş gazandy. Netijede: • Türküstanyñ iñ soñky galasy Gökdepe ýer bilen ýegsan edildi; • Orta Aziýanyñ türki halklary doly boýun egdirildi we ruslaryñ öñünde mundan beýlak garşylyk görkezjek hiç hili güýç galmady. • Türkmenleriñ şineläp başlap bir bitewi döwlet gurmak arzuwy puja çykdy we 110 ýyla çeken baknalyk döwri başlandy. • Birinji jahan urşy (1914 – 1918) Ikinji jahan urşy netije taýdan alanda taryha iñ uly täsirini ýetiren uruş boldy. Urşuñ netijesinde: • ABŞ dünýäniñ iñ täsirli imperial güýjüne öwrüldi. Ýewropa ýurtlarynyñ gol çeken birtaraplaýyn agyr şertnamalaryndan soñ ABŞ Ýewropanyñ ykdysadyýetine islän wagty goşulmaga we täsirini ýetirmäge mümkinçilik gazandy. • Şertnamalardaky altyn indeksi dünýäniñ ykdysady krizisini döretmede agramly rol oýnady. Bu ykdysady krizis bolsa Ikinji jahan urşunyñ turmagyna şert döretdi. • Polşa, Çehoslowakiýa, Ýugoslawiýa we Wengriýa döwletleri guruldy. • Ýewropada we Aziýada döwletara deñagramlylyk bozuldy. Osmanly, Russiýa we Awstro-Wengriýa imperiýalary taryhyñ çañly sahypasyna gömüldiler. • Kolonializm adyny üýtgedip, başga şekillerde dowam etdi. • Ikinji jahan urşy (1939 – 1945) Ikinji jahan urşy dünýäniñ syýasy kartasyny kesgitlän we dünýä taryhyny başga ugra gönükdiren uruşlaryñ iñ möhümidir. Uruş dowam edip durka dünýäniñ agalyk ediji güýji dürli döwletleriñ eline gelip-geçip durupdyr. Birinji jahan urşundan soñ agyr şertlere sezewar bilan we ykdysady krizise düşen Germaniýada Nasional sosialistleriñ partiýasy (soñra adyny üýtgedip, nasistleriñ partiýasyna öwrülýär) halasgär hökmünde görlüp, partiýanyñ başlyklygyna Adolf Gitler bellenýär. Gitler ykdysady çöküşiñ nyrhyny Germaniýadaky ýewreýlere kesýär we ýewreýleriñ milletparazlyk edip diñe özlerinden bolanlara goldaw berip, nemeslere işlemäge iş goýmandyklaryny öñe sürýär. Çykalgany ýewreýleri gyrmakdan gözlän Gitler nemes halkyny özüne ynandyrmagy başarýar we ýewreý genosidini amala aşyrýar. Şol bir wagtyñ özünde ýaraglanşygy haýdadyp, Birinji jahan urşunyñ soñunda baglaşylan Wersal şertnamasynyñ talaplaryny göz-görtele bozup Reýn sebitine goşun çekýär. Yzyndanam Polşany basyp alýar we Ikinji jahan urşunyñ turmagyna sebäp bolýar. Faşistik Germaniýa ýurtlary yzly-yzyna basyp almaga we Germaniýanyñ düzümine goşmaga başlaýar. Bu ýagdaý nemes goşunlary tä SSSR-iñ çägine girýänçä dowam edipdir. Köp milletden toplanan agzybir sowet goşuny tarapyndan petigulysy berlen nemes basybalyjylary Berline çekilmäge mejbur bolýar we faşistik diktatura 1945-nji ýylda sowet goşunynyñ Berline girmegi bilen gutarnykly ýykylýar. Şeýlelik bilen Ikinji jahan urşunyñ tamamlanandygy yglan edilýär. Urşuñ netijesinde: • ABŞ we SSSR dünýäniñ agalyk ediji iki uly güýjüne öwrüldi. • Dünýä ABŞ-nyñ öñbaşçylygyndaky Günbatar harby bloguna we SSSR-iñ öñbaşçylygyndaky Gündogar bloguna hem-de bu blogyñ haýsam bolsa biriniñ tarapyna geçmedik ýurtlardan düzülen 3-nji bloga bölündi, şunlukda bu bloklaryñ arasynda "sowuk uruş" başlandy. • Kolonialist döwletleriñ agyr ýagdaýda batyp başlamagy sebäpli kolonializm režimi dargamaga başlaýar. • Koloniýa öwrülen Hindistan, Päkistan, Liwiýa, Alžir, Tunis ýaly birnäçe ýurtlaryñ halky azat edijilik urşuna başlap, garaşsyzlygyny yglan etdiler. ■ Türk Azat edijilik urşy (1919 -1922) Taryhyñ çañly sahypasyna gömlen Osmanly türkmen döwletiniñ Birinji jahan urşundaky ýeñlişini yglan eden Mondros ýaraşyk şertnamasynyñ baglaşylmagy (30.10.1918 ý) bilen Anadoly we Trakýa islendik okkupasiýa açyk ýagdaýa geldi. Sebäbi Mondros şertnamasynyñ urşy bes etmek baradaky maddalary ýeñiji döwletlere gerekli hasap eden islendik ýerini basyp almaga ygtyýarlyk hukugyny berýärdi. Garaşylşy ýalam boldy. Şertnamanyñ yzysüre basybalyjylykly operasiýalaryñ yzy üzülmedi. Ilki ermeniler gozgalañ turuzdy. Greklerem ýewropaly hemşerileri tarapyndan özlerine wada berilen ýerleri eýelemek üçin herekete geçdiler. 1919-njy ýylda asly ýörük türkmenlerinden bolan Mustapa Kemal Atatürk Samsunda halkyñ öñüne çykyp, halky azatlyk ugrunda göreşe çagyrdy. 1920-nji ýylyñ 10-njy awgustynda iñ soñky deminde hyrkyldap ýatan Osmanly döwleti Sewr şertnamasyny baglaşmaga mejbur boldy. Şol ýyl Atatürk Türkiýäniñ Ýokary Halk mejlisini (TÝHM- TBMM) çagyrdy we Mejlis Sewr şertanamasyna gol çeken osmanly döwlet işgärleriniñ hemmesini "watan dönügi" diýip yglan etdi. Mustapa Kemalyñ halk köpçüliginden ýygnanan meýletinçi goşuny ýeñiş üstüne ýeñiş gazandy we basybalyjy güýçler türk topragyndan kowlup çykaryldy. Mudanýa şertnamasynyñ yzyndan Lozan şertnamasy baglaşyldy we täze türk döwletiniñ dörändigi bütin dünýä jar edildi. Azat edijilik urşy soñ-soñlar dünýäniñ koloniýalara öwrülen beýleki ýurtlaryna-da nusga boldy. Taýýarlan: Suraý ATAÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |