11:00 "11-nji sentýabr" boýunça şübhe oýaryjy alty teoriýa | |
"11-NJI SENTÝABR" TERAKTY BOÝUNÇA ŞÜBHE OÝARYJY ALTY TEORIÝA
Geň-taňsy wakalar
Ýakyn taryhymyzda, ýagny 2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabrynda bolup geçen terrorçylykly hadysa dünýä taryhyna ýañ saldy. Hadysanyñ netijesi: ● ABŞ-nyñ Yragy we Owganystany okkupirlemegine; ● Birgiden bigünä adamlaryñ ilki "Ekizler" binasynda (Bütindünýä Söwda merkezinde), soñra Yrakda we Owganystanda pajygaly ýagdaýda wepat bolmagyna; ● Birnäçe ýurtlaryñ ykdysadyýetiniñ Ýakyn Gündogar bilen söwda gatnaşyklarynyñ kesilmegi zerarly krizise düşmegine; ● Ýarag satyp pul gazanýan ýurlaryñ barha güýçlenmegine; ● Dünýä jemgyýetçiliginde "yslam terrory" diýen gorkynyñ döremegine; ● Musulmanlara bolan ýigrenjiñ armagyna getirdi. Ýakyn Gündogaryñ arap ýurtlaryna hüjüm etmegiñ dünýä birnäçe döwletleri tarapyndan oñlanylar ýaly ýagdaýa getiren "11-nji sentýabr" terakty boýunça dowam edýän jedelleriñ gowry üstünde ikisi kem ýigrimi ýyl geçendigine garamazdan, häli-häzirlerem ýataýanok. Bu adatdan daşary hadysa bilen baglanyşykly jogapsyz galdyrylan birnäçe sorag bar. Olardan alty sanysy bolsa has oýlandyryjy görünýär... 1. Dünýäniñ iñ kuwwatly howa güýçlerine eýe bolan ýurduñ harby-howa güýçleri näme üçin dört uçardan iñ bolmanda birini saklap ýa-da urup bilmedi? ● Teoriýa: ABŞ-nyñ Prezidentiniñ kömekçisi Dik Çeýni uçarlara degilmezligi üçin goşuna görkezme berdi. 2. "Ekizler" binasy adaty şertlerde has uzak wagtlap we gapdallygyna ýykylmagy gerekdi. Näme üçin ol şeýle çalt we öz içine tarap çökdi? ● Teoriýa: "Ekizler" binasy ýörite gözegçilik astynda ýykyldy. Binalaryñ bary-ýogy 10 sekuntda ýykylmagy, ýangynyñ bolsa uzak wagtlap dowam etmegi (birinji binada 102 minut, ikinji binada elli alty minut), heniz binalar ýykylmanka partlama seslerini eşdenleriñ barlygy, binalaryñ çökmäge başlan gatlaryndan has aşakky gatlarynyñ penjirelerine otdur kül sowrulmagy "Ekizleriñ" daşyndan urlup däl-de, öz içinden bilkastlaýyn partladylandygyny görkezýär. 3. Öwrenje uçarman söwda maksatly uçary zordan diýen ýaly dünýäniñ iñ güýçli goşunynyñ ştaby bolan Pentagona tarap nädip gönükdirip bilýärkä? Munuñam üstesine uçar hüjüminiñ boljagy barada berlen duýduryşdan tutuş 78 minut geçensoñ?.. ● Teoriýa: Binalara "Boing 757" däl-de, bir raketa ýa-da çaklañrak we adamsyz dolandyrylýan uçar gelip urdy. Özem uçar "El-Kaide" tarapyndan däl-de Pentagon tarapyndan dolandyryldy. Wakany gözi bilen gören şaýatlar "Boing 757" däl-de kiçeñräk bir uçar görendiklerini aýdýar. 4. ABŞ-nyñ Pensilwaniýa ştatynyñ Şankswill gyrynda uçar urlup düşürildi diýip görkezilen ýer näme üçin şeýle kiçi we uçaryñ bölekleri näme üçin ýok? ■ Teoriýa: Uçar ABŞ-nyñ Ýaragly güýçleri tarapyndan ýörite gözegçilik astynda uruldy, netijede uçaryñ bölekleri çar tarapa ýaýyldy. 5. Häzire çenli polat bilen üçeklenen neboskorýob ýangyn zerarly ýykylmandy. Eger bu binalara uçar gelip urman bolsa, nädip şeýle çalt we simmetrik şekilde ýykylybildikä? ● Teoriýa: Binanyñ ýedinji gatynda ABŞ-nyñ Merkezi razwedka uprawleniýesiniñ we beýleki gizlin gulluklaryñ ofisleri bar eken, binalar partlaýjy we ýanyjy maddalar ulanmak arkaly gözegçilik astynda ýykyldy. 6. "United Airlines" we "American Airlines" şereketleriniñ girdeji paýlaryna näme boldy? ● Teoriýa: Birža dolanşygyndaky paýlar dessine pese gaçdy. Bu ýagdaýlar tütjar paýdarlar teraktyñ boljagyndan habarly edilendir diýen şübhäni döretdi. Ýene bir geñ galmaly zat bar: ABŞ-daky iñ uly paýdarlar ýewreýlerdir we şol gün "Ekizler" binasynda işleýän dört müñ sany ýewreý işe gelmändir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |