11:35 Atlantik we Ýuwaş ummanyny ýüzüp geçen ilkinji adam | |
ATLANTIK we ÝUWAŞ UMMANYNY ÝÜZÜP GEÇEN ILKINJI ADAM
Geň-taňsy wakalar
● Fransiýaly Benoit Lekomte Ýuwaş okeany ýüzüp geçmegi niýetine düwdi. 1998-nji ýylda ýetmiş üç günläp dowam eden ýüzüşiñ soñunda Atlantik ummanyny ýüzüp geçen ilkinji adam hökmünde adyny taryha girizen fransiýaly Benoit Lekomte 2018-nji ýylyñ 5-nji iýulynda bu rekordyny täzelemek üçin Ýaponiýada Ýuwaş ummanyna gujak açdy. Elli bir ýaşly suwda ýüzüji türgen Lekomte 1998-nji ýylda ýetmiş üç günläp 6.400 kilometri ýüzüp geçip, fransuz kenarlaryna ýeten pursatynda "Gaýdyp dagy-duwara deñizde ýüzmerin" diýip öz-özüne äht edipdi. Ýöne ýigrimi ýyl geçensoñ Lekomtäniñ pikiri üýtgedi we täze rekord goýmak üçin ýeñini çyzgady. Ýuwaş ummanynda ýüzmek üçin uzak wagtlap fiziki we psihologiki täkim alan we munuñ üçin mazaly taýýarlanan Lekomte Ýaponiýadan başlanan syýahatyna alty aýyñ soñunda San-Fransiskonyñ kenarlaryna ýetdi. Oña ýyrtyjy akulalaryñ, äpet deñiz tolkunlarynyñ we gipotermiýa howpunyñ abanjak ýolunyñ uzynlygy 9.000 kilometr. Ýolagçylygyñ dowamynda günde sekiz sagat ýüzüp, galan wagtyny oña ýolda ýoldaşlyk etjek gämä münüp iýip-içmeli we dynjyny almaly Lekomte bu täsin ýolagçylygy arkaly deñiziñ hapalanmagy ýaly global problemalara ünsi çekmek isleýär. Şol bir wagtyñ özünde Lekomtäniñ söbügini basyp gitjek alymlar bolsa onuñ bu synagy arkaly "aşa we uzak wagtlaýyn dowam edýän pişäniñ ýürege berýän täsiri" diýen temadan ylmy-barlag işlerini geçirerler. Çeşme: "Washington Post", "BBC". | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||