00:05 Taryhyñ geñ-tañsylyklary | |
TARYHYÑ GEÑ-TAÑSYLYKLARY
Geň-taňsy wakalar
■ 1800-nji ýyllarda adamlaryñ ölüp-ölmändigini anyk bilmek üçin tabydyñ içine jañ mehanizmi oturdylypdyr. Eger jaýlanan adam ölmedik bolsa, özüne gelensoñ çykarylmagy üçin jañy kakypdyr. ■ Orta asyrlarda haýwanlar jogapkärçilige çekilipdir, käte olara ölüm jezasy hem berlipdir. ● Gadymy Rimde agyz suwy hökmünde siýdik ulanylypdyr. ■ Buzluk eýýamynda Britan adalarynda ýaşaýan adamlar adamyñ kelleçanagyny başgap ýerine ulanypdyr. ■ Häzirki amerikan baýdagy liseý okuwçysy Robert Heft tarapyndan okuw sapagynda berlen ýumuş ýerine ýetirende taýýarlanan baýdakdyr. ■ Geçen üç müñ ýylymyzyñ bary-ýogy 240 ýyly parahatçylykly ýagdaýda geçipdir. ■ 1487-nji ýylda astek ybadathanasynda geçirilen dini çärelerde 20 müñden gowrak adam hudaýlara gurban edilipdir. ■ Orta asyrlarda öli esgerleriñ dişinden protez ýasalypdyr. ■ Rim imperatory Kommod imperiýanyñ çäginde ýaşaýan maýyp-müjrüpleriñ ählisini Rimdäki Kolizeý meýdanyna ýygnap, suwasalma ýençdiripdir. ■ 1900-njy ýyllaryñ başynda çilim öndürýän şereketler çilimiñ lukmanlar tarapyndan maslahat berilýän saglyga peýdaly önümdigini mahabat edýärdiler. ■ Birinji jahan urşy başlananda amerikan goşunynda bary-ýogy 18 sany uçarman bardy. ■ ABŞ-nyñ Graždanlyk urşy ýyllarynda amerikan ilatynyñ 2,5 %-i wepat bolupdyr. ■ Dünýä taryhynyñ iñ köp adam pidasyna getiren on urşunyñ ýedisi Hytaýda bolup geçdi. ■ Ikinji jahan urşuna gatnaşan iñlis goşunynda tankçylara çaý demläp berýän ýörite rotalar bardy. ■ Meksikaly general Santa Anna kesilen aýagy üçin dabaraly ýagdaýda depin çäresini gurnapdy. ■ Yragyñ öñki Prezidenti Saddam Hüseýine ABŞ-nyñ Detroýt şäheriniñ altyn açary berlipdi. Taýýarlan: Suraý ATAÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |