Köne worzakon Nikolaý Sutýagin "tagta neboskorýob" binany 15 ýylyñ dowamynda gurupdyr. Tagta binanyñ boýy 13 gatly binanyñ beýikliginde bolupdyr. Bina 2008-nji ýylda ýangyn howply diýip yglan edildi wе 2009-njy ýylda sökülip aýryldy.
Moskwanyñ birnäçe ajaýyp metro duralgalarynyñ biri bolan "Komsomolskaýa"duralgasynyñ içki gurluşy barokko stilinde oñarylan dekorasiýa bolsa-da, daşky gurluşy 1940-njy ýyllaryñ stalinçi stilini ýatladýar. "Komsomolskaýa" duralgasy köp duralgalarda duş gelýän aerodinamikasy we drenažy gurulmadygam bolsa, fakelleri, lýustralary, ýarym aýlaw potoloklary we sekizburçly sütünleri bilen gidip göreniñr degýän ýerdir.
■ Keramatly Wasiliý hramy (Храм Василия Блаженного)
1552-nji ýylda musulman tatarlara garşy alnyp barylan basybalyjylykly ýörişleriñ şanyna Iwan Groznynyñ görkezmesi bilen 1552-1561-nji ýyllarda Keramatly Wasiliý hramy guruldy. Rus binagäri Postnik Ýakowlew aýry-aýry dokuz kapelladan ybarat dürli-dürli reñk öwüsýän hramy bina edipdir. Hram çüri gümmezler asmana tarap uzap gidýän we dabaraly çärelerde atylýan feýerwerklere çalym edip duran şekilde gurlupdyr.
Gyş köşgi 1732-nji ýyldan 1917-nji ýyla çenli rus patyşalarynyñ hökümet binasy bolup hyzmat etdu. Bina Pýotr I-niñ görkezmesi bilen 1703-nji ýylda Sankt-Peterburgyñ Newa derýasynyñ boýunda guruldy. Gyş köşgi ilkibaşda bary-ýogy iki gatdan ybarat kiçijik binady. Wagtyñ geçmegi bilen bina häzirki durkuna geldi. Daşky gurluşy barokko stilinde gurlan Gyş köşgüniñ 1500 kabulhanasy, ýatakhanasy, ofisleri we galareýalary bar.
■ Ýekaterina köşgi (Екатери́нинский дворе́ц)
Sankt-Peterburgyñ golaýyndaky "Sarskoýe selo" posýologynda ýerleşen Ýekaterina köşgi rys patyşalarynyñ tomusky bolýan ýeridi. Rokoko stilinde dekorasiýalaşdyrylyp 1717-nji ýylda işe başlan köşk dünýäniñ sekizinji täsinligi hasaplanylýar.
Bu ajaýyp binanyñ tans zaly, reñklenen potoloklary, heýkelleri, köpsanly ýatakhanalary, zaly has ýagty we uly görüner ýaly ýüz görülýän edilen aýnaly penjireleri, diwara oýulyp lak bilen çekilen dürli suratlary we mebelleri bar.