12:29 Täsin aýlagyñ gizlin syrlary / hekaýa | |
TÄSIN AÝLAGYŇ GIZLIN SYRLARY
Hekaýalar
Garabogaz aýlagyna tarap barýan awtoulag ýolunyň ugrundaky ýalňyz daragty kimiň, haçan ekendigini anyk bilýän ýok. Onuň seýrek ýapraklarynyň aşagynda goýry kölegesi bolmasa-da tomus günleri saýalamak bolýar. Bu ýerde säginip geçýän ötegçiler bagy ekene alkyş aýdýarlar.Her ýylda bagyň ýogyn şahalarynyň arasynda guşlar höwürtgeläp jüýje çykarýarlar. Ümsümlik wagtynda dürli guşlar ýygnanyp nagma kakýarlar. Awtoulag ýolunyň iki tarapynda ojar, selin, ýüzärlik seýrek ösüpdir. Munuň tersine sözen, gandym, çerkez, ýylgyn we kelte boýly gyrymsy agaçlar bitginli görünýär.Ýerli tebigatyň ýowuzlyklaryna uýgunlaşan keltejik ösümlikler syrgynlara, çäge süýşmeleriňne ygtybarly böwet bolýarlar. Gyşyn-ýazyn parhy ýok, günüň çogy peselende ot-çöpleriň ýakymly ysy bir-birleri bilen utgaşypburnuňa hoş ýakýar. Ýoluň ugrunda häli-şindiduş gelýän tilkidir, şagallar adam gördügi tüýlek guýruklaryny bulaýlap gözden ýitýärler. Heniz tüpeň sesini eşitmedik, ýorgalaşyp ýören aw guşlary hem güsürdeşip göge galýarlar. Çal towşanlar, sarymtyl alakalar ýolagçylara hüşgärlik bilen syn edip, depeleriň arasynda sumat bolýarlar. Gün öýleden aganda tilkidir şagallaryň sokduryp uwlaşýan sesleri eşdilip başlaýar. Günorta tarapda, gün şöhlesine enajylyk bilen ýalpyldaşýan deňiz tolkunlaryrahat görünýär. Aýlaktarapa gidýän deňiziň akabasynyň kenarynda, gamyşlaryň bitginli ýerinde we batgalykda gyzylgazlaregri çüňkleri bilen batgalygy dörjeläp iýmit gözleýärler. Biraz aňyrrakda beýleki suw guşlary petekelerini ýesiri bolup ýörler. Bahar pasly sebite gijigip gelýär, ýöne bu ýeriň ýüpek ýaly gyrtyjy, ýylagy mallar üçin örän ýokumly iýmitdir. Ene topraga jan girende ýylan, içýan, möý ýaly zäherli mör-möjekler gyş ukusyndan oýanýarlar. Şonda ünsli we gaty hüşgär bolmasaň ýalňyşmagyň ähtimal. Mahlasy, Garabogazyň täsin tebigaty, şypaly çeşmeleri diňe bir syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň däl-de, eýsem açyk howa gezelenje çykan adamyň göwnünden turýar we uzak wagtlap onuň hakydasynda ýakymly ýatlama bolup galýar. *** Ogla, gyza, gelne, agtyga,çowluga, nesip etseýuwluga guwanmagyň, zowky, eşret-sapasyene-ata üçin tapylgysyz we gymmatly hazynadyr. Onuň keýpini, lezzetini orta ýaşy arka atan adamlar gowy bilýändirler. Garabogazda ogullarym-gelinlerim, agtyklarym we dost-ýarlarymýaşaýarlar. Şonuň üçin boş wagt tapsam ol ýere gezelenje, myhmançylyga gidenimi kem göremok. Bahar we güýz pasyllarynda Garabogaz aýlagy göç edýän guşlaryň düşleýän we dynç alýan mekanydyr. Guşlar pugta gorag astyna alnansoň özlerini erkin duýýarlar. Sebitde diňe bir guşlaryň däl-de beýleki jandarlaryň bol-elin gyşlamagy üçin iýmit ýeterlikdir. Tutuş bedeni gyzgylt-ak, keltejik ganatlarynyň uçlary öwüşgünli gara reňkli gür ýelekler bilen ykjam örtülen, uzalyp gidýän gyzyl injikli gyzylgazlar her ýylda aýlagyň kenarynda gyşlaýarlar. Çaýlymlarda, gyrmançaly, batgalyk kenarda olara garbanmak üçin ownuk mör-möjekler we beýleki jandarlar ýeterlik. Adamlar bilen ýakyndan ysnyşansuw guşlary golaýlaşanyňdagorkaýyn-ürkeýin diýmegiň deregine “gyý-ýuw” edişip özleriniň bardygyny duýdurýarlar. Tebigatyň gaýtalap bolmajak bu gözel görnüşini fotoapparatda şekile düşürmek üçin guşlara tarap ugranymda olar näme üçindir zenzele turuzyp göge galyp başladylar. Onuň sebäbini bilmek üçin asmana garanymyzda , olary ynjylykdan gaçyran günäkäriň özümiz däl-de, gökdegopbamsylyk bilen ganat ýaýyp ýören akguýruk garaguşdugyny bilip galdyk. *** Ak guýrugyndan özge ýeri öwüşginli goňur reňke boýalan ýyrtyjy guşuň aýlagyň çägindepeýda bolmagysuw guşlarynyň rahat gününi kynlaşdyrdy. Ol soňky günlerde asuda kenarda ýaşaýan guşlaryň başyna inen towky bolup sataşypdy. Gabarasy uly ýyrtyjy guş, hyjuwlanyp asmana galanda kenarda sürlenişip galan biçäre guşlarynyň haýýady göçýärdi. Olar ürkip nirä gaçjagyny bilmäni zaryn seslenişip, bir-birlerine gysmyljyraşýardylar.Akguýrukgaraguş özünebäsdeş bolup biljegiň ýokdugyna göz ýetiripdi. Ol bu ýerde göwniniň islän balygyny, guşuny saýlap awlardy. Kä günler bolsa meslik edip, sähra guşlaryny, çöl haýwanlaryny gyran-jyranlyga salardy. Baýak bu ýere kiçiräk bir ýyrtyjy guş aralaşdy, şonda garaguş ony kowalap allowaradan çykarardy. Bu wakadan soňra ol guşy jelegaýda görünmedi. Ynha häzir akguýruk garaguş asmandaky sürülenişip ýören guşlary kowalap, göwün solpundan çykdy. Ahyrynolaryň içinden pidasynysaýlap alyp ony bat bilen kakyp göýberdi. Gyzylgaz kelemenläp dik başaşak gaýdyp kenardaky kowumlarynyň arasyna düşende aýak üçtünde durardan ejizdi.Toplanyşyp duran guşlar ony öz aralarynda gizläp, garaguşy gorkuzmak üçin gopgun turuzyp başladylar. Akguýruk garaguş guş sürüsiniň depesinden birnäçe gezek aýlaw etse-de aşak inmäge milt edip bilmedi. Eger pälinden gaýtmasa ol gaty puşman etmeli boljakdygyna aňýan bolarly, basym bu ýeri terk etdi. Men şonda ejiz hasaplaýan guşlaryň hem gerek ýerinde bir-birlerine berk goltgy berip biljekdiginiň gözli şaýady boldum. *** Ýalpak suwly kenarda ejizlän, ýaraty guşy tutmak bize kyn bolmady. Hereketlerimizden nägile bolan kowumlary keltejik ganatlaryny galgadyşyp ýogyn sesleri bilen gagyldaşsalarda biziň öňümizde biçärediler.Ýaraty guşy gujagyma alanymda ol hak hossaryna sataşan ýaly maňa gysmyljyrady, birjikde garşylyk görkezenokdy. Görgüliniň umydygär gözlerinden: “ Sen meniň ýalňyz halasgärimsiň” diýen manyny okamak kyn däldi. Öýe alyp gaýtsak ony saklaraketek ýok, ýaraty guşuň bize azap-görgi boljakdygyny bilýärdim. Ýöne ony häzirki halynda taşlamak maňa berilen edep--terbiýälaýyk geljek zat däldi. -- Ejize hemaýat etmek, teşne kişä suw beren ýalysogap işdir. Kowumlary alys ülkelere uçmankalar bu guşy bakyp-bejereli, soňuny soň görübiris, ogul—diýenimde, agtygym meniň aýdanlarym bilen ylalaşýan terzde baş atdy. *** -- Wagtynda getiräýipsiňiz, bolmasa ol ýerde heläk bolardy –diýip, guşa degişli melhemleri edýän mal lukmany Orazdurdy aýtdy:-- Şunuň ýaly biçäre hala düşen guşlaryň duşmany köp bolýar. Olar diňe tilkidir şagalyň däl-de eýsem, özünden güýçli beýleki guşlaryň awy bolýan wagtyna duş geldim. Gyzylgazyň ýarasy bitensoň tiz daýanyp, güýç-kuwwatyna geldi. Geçenýekşenbe güni kowumlaryna goşanymyzda olar täsin sesleri bilen gykuwlaşyp garşy aldylar. Biz hem eden işimizden hoşal bolup öýe dolandyk. *** Guşlar alys ülkelere ýola rowana bolanlarynda gyzylgazlar hem sürilenişip olara goşuldylar. Indi aýlagyň kenary çolaryp galan ýalydy. Bir gün gyzylgazy erkinlige goýberen gamyşlygymyň ýanynda säginemde kalbym bir zatlary duýýan ýaly boldy. Gamyşlaryň arasyndan jyklap duran iki sany gyzylgazy görenimde tisginenimi duýman galdym. Sebäbi guşlaryň biri maňa has tanyş görünýrdi. Men hiç zatdan habarsyzsyrap şähere geldim. Ýakymly täzeligi özgelerden öňürti agtygyma buşlap, şatlygymy onuň bilen deň paýlaşdym. Şonda ol begenjinden towsaklap boýnumdan gujaklap taýly gezek ýaňagymdan ogşady. Şol günüňertesi biz ýarmadan aş taýýarladyk. Çörek owuntyklaryny, miwe we gök önümleriň galyndylaryny kerçäp bir gapda ýerleşdirip, gyzylgazlaryň gyşlaýan ýerine gitdik. *** Deňiziň gyrmançaly kenarynda gören höwürtgämiz örän täsindi. Ol palçykdan ýasalanbeýigräk bir ojaga çalym edýärdi. Suw otlarynyň garyndylardan we beýleki serişdelerden gurulan höwürtgede ýaşyl reňkli ýumurtgalaryň ikisi bardy. Şeýle reňkli ýumurtgalaraheniz duş gelmändik, olar bizde uly gyzyklanma döretdi. --Gyzylgazlaryňky bolaýsa gerek-- diýip, çaklasakda oňa känbir ynamymyz ýokdy. Onýançada bizi gören gyzylgazlar: --Bize digişlidir, degmäň olara!--diýýän ýaly ýogyn sesleri bilen gyýkuwlap başladylar. --Jübütler kowumlaryna goşulyp uçup gitmändirler welin, tomsyň jöwzasynda heläk bolmazlarmyka? Öz janlaryny halas etmegiň deregine höwürtge ýasanyp jüýje çykarjak bolup azara galyp ýörmeleri nämäniň alamatyka?!—diýen sowal bilen şäher goraghanasynyň baýry işgäri Aman aga ýüzlenemde: --Keramatly türkmen topragynda guşlaryň ýitip barýan görnüşleri berk goraga alyndy. Gyş pasly sowuk gelende olary iýmleýän günlerimiz hem bolýar. Göç edýän guşlaryň deňiz kenarynda höwürtgeläp jüýje çykarýandygy baradaky maglumatlar soňky ýyllarda has-da köpeldi—diýip,ol gürrüň berdi. *** Gyzylgazlar bizi görende ürküp biraz aralyga uçdylar-da, gondular. Olaryň birisiniň çep ganatyny sallap uçýandygyny görenimizde özümizi gyzyklandyrýan sowalyň jogabyny tapdyk. Guşlarynyň göç edýän döwründe şikes ganatly mäkiýan alys ýoly külterlemeden özüniň ejizdigine göz ýetiren bolarly. Şonda horaz howrüni tenha galdyrmagy belki, namartlyk hasaplandyr! Baýak gören ojak şekilli täsin höwürtgämizde aýaklary gysgajyk, arkalary gögümtil reňkde, çünkleri göni, heniz per-ganatlary bitmedik iki sany jüýje bardy. Olar gyzylgazlara birjikde meňzänokdylar, belki, biz ýalňyşandyrys! Bu mesele bilen baglanyşykly ýene-de goraghananyň ylmy bölümine gelmeli boldym. Şonda men ýalňyşmandygymyza göz ýetirdim. Goraghananyň işgärleri jüýjeleri halkalap gaýdanlarynda olar ep-eslije bolupdylar. ...Gabarasy uly bolsa-da gyzylgazlaryň jüýjeleri giç kemala gelýärler. Olar sürülenişip gezýän agzybir guşlardyr. Iýmitlenýän wagtlarynda gezekli--gezegine garawulçylyk edýärler. Kürk bolan mäkiýan 2-3 sany ýumurtgany horazy bilen gezekleşip, bir aý çemesi basyp oturýar. Jüýjeleriniň çüňkli göni bolup, diňe 3-4 ýyldan ene-atalarynyňky ýaly egri bolýan eken. Gyzylgazlaryň jüýjeleriniň täsin häsiýetleriniň biri , olaryň her ýylda dogdyk mekanlaryna dolanyp gelýändikleridir. *** Garagyş döwründe ýagan garlar ýerde uzak ýatman eredi. Ýyl maýylganlyk bilen gelensoň,aýlagyň gyrmançaly, ýalpak kenarynyň suwy hem doňmady. Bu gün pederlerimiziň “Gyşda telpeksiz,tomusda çelpeksiz ýola düşme” diýelerinden ugur alyp,agtygym bilen ýyly geýindik. Serenjamlarymyzy jemledik, azyk-owkatlarymyzy alyp, aýlagyň kenaryna gezelenje çykdyk. Maksadymyz jübüt gyzylgazy we olaryň jüýjelerini görmekdi we olary ýanymyz bilen alyp barýan çörek owuntyklary, her dürli däneler bilen hezzetlemekdi. Köp gözlesekde jübüt gyzylgazlara, onuň jüýjelerine we akguýruk garaguşa duşmadyk. Ähtimal, olar alys ülkelere uçup gidendirler?!. --Ata, gyzylgazlarymyzy tanamak üçin olaryň aýaklaryny halkaladylar. Indiki möwsümde olar dolduk mekanlaryna gaýdyp gelerler, şonda olary tanamak bize kyn düşmez, şeýle dälmi?!—diýende, agtygymyň aýdanlary bilen tutuşlygyna ylalaşdym. Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |