19:35 Tebigat we biz | |
TEBIGAT WE BIZ
Çagalar edebiýaty
Çagalar, bu wakany maňa Meredesen aga atly ýaşuly gürrüň berdi. Ýetmiş ýaşy tegeläp barýan Meredesen aga biziň obadaşymyz. Ol Sumbar jülgesinde ýaşaýar. Özem hakyky awçy diýilýänlerden. Bir gürrüň berip başlasa, asyl-asyl ýadadymy bolmaz. Meredesen aga indi köpden bäri aw awlanok. Ýöne welin mahal-mahal gojaman daglara tarap ýola düşýär. Barybam belent-belent daglaryň göwsünden syzyp çykýan çeşmäniň başynda goş ýazdyrýar. Ol şonda çeşme suwundan çaý gaýnadýar. Aw awlan ýyllaryny ýatlaýar. Gowusy, geliň onuň söhbetine gulak asalyň. ■ KE Ý I K Bahar aýlarydy. Biz birnäçe atly bolup, daga gezelenje çykdyk. Jahan ýagtylyp başlan wagty biz Kyrkgektar diýen ýeriň tagtalygyndan ýokaryk dyrmaşyp barýardyk. Biz öz aw tüpeňimizi hem-de dürbimizi-de ýanymyz bilen alypdyk. Sebäbi ol wagtlar sütük derili haýwanlar awlanyp, taýýarlaýyş kontorasyna tabşyrylýardy. Onuň hem deregine awçylar üçin ok, däri ýaly zatlar alynýardy. Biz ondan-mundan gürrüň edip barýardyk. Şol wagt ýoldaşlarymyň biri “hanha keýik” diýip ýuwaşjadan seslendi. Dogrudanam, biz üç ýüz metr çemesi öňümizden bir keýigiň ekiz owlagyny ýalap duranyny gördük. Bize gözi düşen keýik öz çagalaryny alyp gaçyp başlady. Emma onuň bir çagasy enesiniň aýagyna eýermeýärdi. Keýik ýaramaýan owlagyny kükregi bilen itekläp özünden goýman alyp barýardy. Men onuň öz çagasyny kesekiniň eline bermejek bolup barşyna ýüregim awap, haýran galdym. Atdan düşdüm-de, keýigiň gara başyna gaý bolup, gaçyp barşyny synlamaga durdum. Ýoldaşlarym hem maňa eýerdiler. Keýik öz owlaklaryny yzyna tirkäp, bizden hiç hili garaw bolmansoň, bir çuň derä eňdi. Ol köp eglenmänem ýeke özi taýzaryp, garşydaky belentlige çykdy. Men ýoldaşlaryma göz aýlap, ýarym degişme bilen: “Eger şol owlaklary tapyp bilseňiz, özüňiziňki bolsun” diýdim. Olaryň ikisi hem owlaklaryň gözlegine çykdy. Emma hiç hili derek tapyp bilmediler. Allaýar ÇÜRIÝEW. “Mydam taýýar”. 1.06.1984. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |