17:56 Telefon çekdirişim / ýumoreska | |
TELEFON ÇEKDIRIŞIM
Satiriki hekaýalar
Aýalymyñ gündeki iñirdilerine çydamadym. Ýüregimi bire baglap, kolhozyñ telefon stansiýasyna ugradym. Onuñ naçalnigi: - Şu wagt bizde nomer ýok. Siziñ töweregiñizden telefon liniýasy geçýän bolsa, parallel alyp bereris - diýdi. - Liniýa geçýär, parallelde bolsa, gaýrat ediñ. - Arzañy ýaz, puluñy töle. Şu gün baryp çekerler. Telefon çekildi. Soñramy?! Aý, indi... Çagalara nahar-çöregem özüm işden gelip taýýarlaýaryn, soñabaka çagalary ýatyryp-turuzýanam özüm boldum, eginbaşlarynam özüm ýuwdum. Aýalymyñ eli degmedi, onuñ bar işi telefon boldy. Bir gün işden gelenimde, aýalym: - Me, Çeten, şu egin-başlarymam ýuwup goý, meniñ elim degenok. Entek durubersin bakaly, görerin bu gyrnagy - diýip, elini bykynyna urup, ýene telefonly otaga girip gitdi. Baryp telefonyñ trubkasyny göterdi-de, gygyryp başlady: - Hä, gyrnak, ýene şol gepleşip durşuñmy? Men saña görkezerin saçy kesilen. Men sañ kimdigimi tanadaryn. Aýryl telefonyñ ýanyndan, saçy kesilen. Oglan, senem eşit, senem tanaýaryn, saña-da kimdigimi tanadaryn, bilip goý... Ýene bir gün işden ýadap gelsem, aýalym gapyda maña garaşyp duran eken. Menem muña begendim, öýüme telefon çekdirelim bäri aýalymyñ boş duranyny görmändim. - Ýer-ow, gözüñ aýdyñ, eliñ boşapdyr! - Men şol gyrnaga görkezerin. Sen derrew telefonyñ ýüpüni uzalt. Men indi onuñ bilen ýatyp gepleşjek. - Goýaweri keýwany, telefonly otag uzakda däl-ä, girip gepleşiber, ýüpem özüne ýetik. Aýalymyñ gahary gelip, ýüzüme şeýle bir gazaply seretdi welin... Dessine telefonyñ siminiñ ujuna ýene on gulaç ýaly simi çatdym-da: - Ynha, indi telefony gujagyña alyp ýatsañam bolar - diýdim. Şondan soñ aýalym gyşaryp, telefony gujagyna aldy-da, trubkasynam gulagyna dañyp goýdy. Şol hümürdäp ýatyşy. Halys ýüregime düşdi. Aýalym asyl aryp-ýadar ýaly däl. Ahyrynda bir gün stansiýa bardym-da, öýümizdäki telefony aýryp bermeklerini haýyş etdim. Ol: - Siziñ telefonyñyz bir günem boş durmady. Bolýar, aýrarys - diýdi. Öýe gelsem, aýalym telefonyñ trubkasyny agzyna tutup, şol galmagallap otyr. Ol maña gaharly ýüzlenip: - Bu ütülmişem-ä işlemäni goýdy - diýdi. - Bir zat bolandyr-da. - Bary şu gyrnakdandyr, bilýärin. - Gyrnaksyz telefonlaram häli-şindi kesilýär. Ony günäläp oturmasana. Ertir anygyna ýeteris. Aýalym näme diýjegini bilmän, goñşymyza edýän gaharyny menden çykarjak bolýan ýaly, aýylganç bir seretdi. Ol telefony haýyş edip kesdirip gaýdanymy biläýse-hä, asman payment üstüme çökerer. Görübiris-dä, bilýänçä biraz rahatlyk bolsa-da bolýar. Döwran DURDYÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1978 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |