20:29 Düýşüñ huşdaky dowamy / hekaýa | |
DÜÝŞÜŇ HUŞDAKY DOWAMY
Hekaýalar
Sapar Gurbanow ýaňy ymyzgananda, onuň ýanynda sakgaly guşaklygyna düşüp duran eli hasaly baba peýda bolanmyş. Ol Saparyň elinden tutup: – Oglum, meniň saňa aýtjak zadym bar, pugta ýadyňda sakla – diýipdir. – Adama bagt diýlen zat bir gezek berilýändir. Ony bir goluňdan sypdyrsaň, soň dolanyp, tutjak gümanyň ýokdur. Ol şeýle diýenmiş-de, Saparyň gözünden gaýyp bolup ötägidenmiş. Sapar hopugyp oýanyp, gözlerini açsa, ne baba barmyş, ne mama. Ol ur-tut gören düýşüni aýalyna gürrüň berenmiş. – Sen onuň başam barmagyny gysyp gördüňmi? – diýip, aýaly ondan sorapdyr. – Ýok. – Wah, men saňa näçe gezek aýtdym, hiç gulak asaňok – diýip, aýaly Sapara igenip başlapdyr. – Gysyp gören bolsaň bilerdiň, süňki ýokdur onuň başam barmagynyň. Sen düýşüňde Hydyr atany elinje görüpsiň. Özem ol saňa hemme zady oraşanja aýdypdyr. Häzir eliňde uly wezipäň bar. Raýon alyjylar jemgyýetiniň başlygy bolup otyrsyň. Wagtyň barka ondan peýdalanmak gerek. Şarňyldap duran köşk ýaly jaý gurdur. Ýeňil maşyn satyn alsaň, toý-tomaşa gidilende käbir adamlaryň aýallary ýaly menem «Wolga» maşynyň sag tarapyna münüp gitsem, ýüregim ýarylyp öläýmezdim. Sapar Gurbanowyň aýalynyň düýş ýorşy onuň ýüregine jüňk boldy duruberdi. Ol ur-tut işe girişdi. Alyjylar jemgyýetine gelen her biri elli dokuz manatlyk alty halynyň hemmesini öz öýüne sowdy. Başlygyň towguna tok diýjek gümanyň barmy, sklad müdiridir magazinçiler hem agyzlaryny öweltdiler galyberdiler. Şundan soň dürli magazinçileriň atlaryna fakturlaşdyrylan ýüň ýaglyklar diýjekmi, her hili gymmatbaha matalar diýjekmi, Sapar Gurbanowyň holtumyna gitdi durdy. Aýaly bolsa bu zatlary gymmat bahasy bilen ýerleşdirdi. Alyjylar jemgyýetine gelen gurluşyk materiallary hem Sapar Gurbanowyň işigine düşüp başlady. Käbir magazinçiler, awtolawkaçylar, ekspeditorlar: Adymyza ýazýan del harytlaryňdan az-maz özümize-de bir görkez ahyry – diýip haýyş edenlerinde, Sapar Gurbanow: – Beýle birden içiňizi çekibermäň, wagty gelende sizi hem ýatdan çykarmaryn – diýip, olara gözlerini alardyp seretdi. Onuň gazabyndan aýaklary sandyrap başlan söwda işgärleri soň oňa ýekeje söz diýmäge-de het edip bilmediler. Ýöne olar seslerini çykarmasalar-da, sesini çykaranam tapyldy. Sapar Gurbanowyň hars urşy derňew organlaryna ýetip, ol bikanun alan gymmatbaha matalary bilen ýüň ýaglyklaryny haly arteline getirip satdyrmaga mejbur boldy. Bu gezek işi paşmadyk Gurban Saparow indi düýşünde gören Hydyr atasyny huşunda gözlemegiň ugruna çykdy. Oňa prokuraturada «Hydyr atanyň» garaşyp oturandygyny habar berdiler. Ol bir gezek elinden sypdyran bagtyny dikeltmek üçin ol ýere ugrady. Gör, bak, «Hydyr ata» oňa huşunda nähili «bagt» bererkä. Döwran DURDYÝEW. | |
|
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |