21:44 Şeýtany öldüren / hekaýa | |
ŞEÝTANY ÖLDÜREN
Hekaýalar
Günüñ ýeri gyzaryp, uzyn-uzyn minaralaryñ başlary agaryp başlanda Jumabaý eke agyr ukudan oýanýar. Zordan ýöräp, el-ýüzüne suw çalýar. Gaty uzyn saçlary hem-de gür murtuñ uçlary aşak sallanyşyp dur. Galyñ dodak gyzaryp görünýär. Çaýhananyñ deñinden geçen bilen, tanyş-nätanyş bolsun, gadyrly salamlaşýar. Ýoldan geçip barýan bir ýük maşynyñ üstünde oturan bäş-alty kişi hem ellerini bulaşyp, gykuwlaşyp Jumabaý eke bilen salamlaşyp geçdiler. Jumabaý ekäniñ uly garny gaty aşak sallanýany üçin ol öwrülip-dolanyp bilmän dur. Ýogsa garnyñ daşynda kirden ýaña garalyp giden köneje matadan guşagam bar weli iki ýaña bulanýan garyn dyza degip-degip gidýär. Jumabaý eke mahal-mahal murtlaryny iki ýaña sypap-sypap göýberse-de o murtlar ýene sallanýar.Jumabaỳ ekäni mydama çaýhanada oturan görnüşde görenler ol ýöräp bilýändirem öýtmeýärler. Onsoñ ýöräp gelýän Jumabaý eke olar üçin başga bir adam ýaly. Onuñ öýi-işi şo bir çaýhana. Gündogaryñ pessejik, pukaraja jaýy özgelere garyp görünse-de, Jumabaý eke üçin köşk-saraýdan kem däl. Onsoñam oña çaýhana diýseler-de o taýda şeýle bir tagamly palaw bişirýäler. Şeýle bir palaw! O palawdan hiç- hiç doýmarsyñyz, çanagyñ düýbünde galan ýagyny hem ýalar oturarsyñyz. Bu palawdan bir gezek iýen, soñ özge ýerden palaw iýesi gelmez. Diñe şu palaw diýip atygsar durar. Eli boşraklar-a has irräkden çaýhana gelip, çaý baryny içýärler. İçleri syrylyp, içegeler eljuk diýip başlanda naharlaryñ soltany palaw bugaryp bişýär. Ýag çeken sarymtyl tüwiniñ üstünde bugaryp ýatan garaja etler , dilim-dilim käşirler göreñden işdäñi açýar. Palawçy Jumabaý ekä bakyp, başyny silkip göýberýär weli, Jumabaý eke tamdyryñ agzy ýaly tegelek depregini alyp, haýalja kakyp, uzyn-uzyn aýdymyna başlaýar. -Tam, tam, tim,tim, tim, tampra, tampra, tam- tam-tam. O-o-o-oý, ekeler, ükeler. Oşga-plowga geliñler. Ýakşy plow bizde bor. İýgen armonsyz, iýmegende armon bor. O-o-o-oý, ekeler o-o-o-oý ükeler. Oşga-plowga geliñler. Tamp-tamp-tamp. Tamp-tamp-tamp. Jumabaý eke bir gyrada ýazylan keçede oturşyna, soñra ullakan ýaglygy bilen derini sylýar. Dyzynda dik saklaýan depregini kämahal pyrlap goýberýär. Nahara gelýänler bilen uzyn-uzyn salamlaşýar. “Bu plowdan iýgenleriñ ýaşy ýüzden geçedi” diýýär. Bir salym çaýa güỳmenýär. Jumabaý ekäniñ, edil gorpa guýan ýaly, çaýy örän köp içişini görenler: “Jumabaý eke, bir günde näçe çäýnek çaý içýäñiz?” diýip soraýarlar. “Wah, şony sanap ýetişmeýän-dä. Ýogsa, her gün näçe ädim ädenimi bilýän weli, çäýnek sanyny unudýan. Aý, köp däldir-le” diýýär. “Otuz çäýnek dagy içýänsiñ- le” “Goýsana, otuz çäýnek içer ýaly, men, näme, düýemi?! Hany, sanaỳyn,hä-hm,ol on, ol on. Hawa, bary-ýogy ýigrimi dokuz çäýnejik boldy.” İller gülüşýär. Jumabaý ekäniñ bolsa gülenini gören ýok. Onuñ şo bir durkuny saklaýşy hem illerde gülki döredýär. Jumabaý eke ýene deprege kakyp aýdymyna başlaýar. Tak-tyra-tyk, tak-tyra-tyk. Mundan gitseñ Samarkantga bobomlar-ga-a-a salom aýtyñ. Oý, eke-jo-on, bo-bomlor-ga-a salom aýtyñ. Bo-bo-o-o- omlarga-a-a salom aýtyñ. Jumabaý eke aýdymyny goýup çaý owurtlaýar, sag eliniñ aýasyny depregiñ ýüzüne sürtüp-sürtüp goýberýär. Töwerege garaýar. Gelýän bar bolsa, salamlaşyp: “Geliñler, geçiñler, plow iýiñler, çaýymyzdan içiñler.”diýýär. Nahar iýip bolup, çaý içýänler bilen söhbet eden bolýar. -Ýagşymysyz? İşler kalaý? Pensiýa uzak galdymy? Aý, bolýa. Nesip etse, hemmesi bolar. Nesibeden artyk aljak ýokdur. Jumabaý eke palaw bişen badyna iýmeýär. Gazanyñ düýbüne ýakyn gelnende, ýagly, etli ýerlerinden bir uly jamy tümmekläp getiren palawçy: “Jumabaý eke, şu palawy iýseñ ýüz däl, ýüz elli ýaşarsyñ, işalla” diýýär. “Goýsana! Meni ýüz elli ýaşadyp, maýmyna meñzetjek bolýamyñ?! Aýdym aýdyp bilmesem, deprek kakyp bilmesem, dişim dökülip palaw iýip bilmesem, seniñ ýüz elli ýaşyñy nädeýin?!” diýip, palawly jamy öñüne çekýär. Ol hiç mahal palawy çemçe, çarşajyk bilen iýen adam däl. Dört barmagyny jemläp, pilçe ýaly edýär-de bir oýmak palawy alyp, başam barmagy bilen agzyna iteläp goýberýär. Baý-baý, tiz iýýär-ä. Hiç bir gepe-söze bakman, başyny galdyrman, jamyñ düýbüne çalt ýetýär. Onsoñ süýem barmak bilen jamyñ ýagyny syryp-syryp, ýalap-ýalap gutarýar. Soñ eliniñ ýagyny beýleki eline çalýar, kämahal depregiñ degre-daşyna, gönüñ ýüzüne süýkäp-süýkäp goýberýär. Murtuny hem ýatdan çykaranok, murtuñ uçlaryny ýagly barmaklary bilen burup-burup goýberýär. Diñe şondan soñ aýalaryna garap oturşuna, gözlerini ýumýar-da uzyn omyna başlaýar. Adam Atadan, How Eneden tä şu günlere çenli ölenleriñ ruhuna bagş etdim diýip, elini ýüzüne sürýär. Töwerege bir nazar salýar. Bu aralykda gelen bar bolsa, saglyk-esenlik soraşýar. “Hudaýa şükür, indi Buharanyñ ähli halky biziñ palawmyzy iýýär. Düýn bir habar geldi. Biziñ palawmyzdan iýýän bir maşgalanyñ üçem ogly bolupdyr.Işalla, ol oglanlaram adam bolsa, biziñ palawmyzdan iýerler.” Jumabaý eke emaý bilen depregini ele alýar-da, öñki aýdymyñ dowamyna başlaýar. Tak-tyra-tyk, tak-tyra-tyk. Mundan gitseñ Samorkontga anamlarga salom aýtyñ. O-o-o-o-o-o-oý, ekejo-on, anamlarga-a-a salom aýtyñ. Mundan gitseñ Samorkontga ekemlerge-e-e-e salom aýtyñ. Jumabaý eke aýdymyny goýup, depregini çep dyzy bilen çep aýasynyñ arasynda dik saklap oturşyna derini sylýar. Ikinji gazanyñ töwereginde hasanaklap ýören aşpeze kämahal gözgytagyny aýlap goýberýär. -Arada maña üç hat geldi. Biri Hytaýyñ başlygyndan, biri Moskwanyñ başlygyndan, ýene biri kimdendir-ä? Be-e, dilimiñ ujundady-la. Wah, hat köp gelensoñ, bulaşýa-da. Hä-ä-ä, ana ýadyma düşdi, hindileriñ başlygyndan. Bilýäñizmi, üçüsem haýyş edýä, meniñ ýurduma gel-de birinji bagşy bol, köşkde ýaşa diýip ýalbarýalar. Ölsem giderinmi?! Hiç gitmerin. O taýda çayhana barmy? Ýok. Palaw bişýämi? Bişenok. Bişende-de biziñ palawmyzça boljakmy?! Bir emrikaly biziñ palawmyzy iýip-iýip, aşa düşüp, üç günden soñ ýene gelip, ýene iýdi. Gözüm doýmaýa diýip palawmyzyñ suratyny aldy. “Dur” diýdim. “Näme?” diýdi. Meniñ aýdymlarymy ýazyp alda emrikalylara diñlet, “Waý Jumabaý ekem” diýip aglar oturarlar diýdim. Onsoñ meni kino düşürdi. Elime-de emrika puluny berdi. Şo mahal palawçy “Eý, Jumabaý eke, başlañ!” diýip seslendi. “Ýagşy, ýagşy”. Tam-tara-tam-tam. Tam-tara-tam-tam. Gäliňlär, gäliňlä-ä-är,gäli-i-iňlär! Oş kyldyk, o-o-oş kyldyk. Iýgänläri-i-i-i ýo-o-oş kyldyk. Geliñlä-är, geliñlä-ä-är. Miman oluñlar. Plow iýiñlär. Ýüz ýigrimi ýoşny-y-y Bizdän alyñlar. Tam-tara-tam-tam-tam Tam-tara-tam-tam-tam. Soñra Jumabaý eke ýene çäýnegine ýapyşýar. Mañlaýdan, çekgeden, gulak ýeñsesinden syrygýan derleri ýaglygy bilen sylýar. Ikinji gazanyñ palaw ysy hem beýhuş edip barýar. Çydap bilmän,ýene bir jam palow buýurýanlaram bar. Märeke has köpelýär. Gowyr artýar. Onsoñ Jumabaý eke ýene depregine kakyp, hälki aýdymyñ dowamyna başlaýar. Mundan gitseñ Samorkontga Hatynymga-a-a salom aýtyñ. Aý, ekejo-o-o-on, salom aýtyñ. Salom aýtyñ, sa-a-lo-om aýtyñ. Mundan gitseñ Samorkontga Kyzlarymga salom aýtyñ. O-o-o-o-oý, kyzlarymga. Kyzlarymga-a-a-a salom aýtyñ. Jumabaý eke depregini ýanynda goýup, çaý içip başlaýar. Başga gazan ýoklygy ony ynjaldýar. Oturanlaryñ biri: “Jumabaý eke, bu aýdymyñ haçan gutarýar?” diýip soraýar. Adatça, Jumabaý ekä berilýän soraglaryñ ählisi diýen ýaly öñ müñlerçe gezek berlen soraglygy üçin bu soragam täze däldi. - Aý, beçejigim, bu aýdym hiç tükenmez. Jumabaý ekeñiz ölýänçä dowam eder. Bilýäñizmi, bu aýdym bilen Jumabay ekeñiz şeýtany öldürdi, şeýtany. Şeýtanda sabyr bolmaz ekeni. Bir gün gelip diñledi, üç gün, bäş gün diñledi. Aýdym tükenenok. Diñe men görýän şeýtany, şeýtanam diñe meni görýär. Ahyry, sabry ýetmän öläýdi. Onsoñ, menem bu aýdymyñ adyna “Şeýtany öldüren “ diýdim. Palawlar iýilýär, çaýlar içilýär, söhbetler edilýär. Mähelle ýuwaş-ýuwaş dargaýar. Gün gözỳetime tarap sallanyp başlanda palawçy hem, çaýçy hem öýüne gaýdýar. Sebäbi bu jelegaýlarda agşamlaryna her kim öýüne ýygnanýar, tapanjasyny hem öýünde iýip-içýär. Boşap galan çaýhanada birki sany pişik bilen Jumabaý eke galýar. Elbetde, Jumabaý ekäniñ agşam nahary gaty garyp bolýar. Ol bu çaýhanada hem garawul, hem aýdymçy bolsa-da diñe gara garny üçin işleýär. Başga alajy ýok, gidere ýeri ýok. Töwerege garañkylyk çökende, diñe uzyn-uzyn minaralaryñ başlary garalyp görnende Jumabaý eke şol oturan ýerinde gamgyn gyşarýar-da donuny üstüne çekýär. Ol ertirki güne garaşyp galyñ gabaklaryny ýumýar. Oraz ÝAGMYROW. | |
|
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |