08:38 Diňe Gaýgysyz Atabaý -2: dowamy | |
Gaýgysyzyñ işe çynlakaý ýapyşyşyny görenler mundan täsirlenýärdiler. Işler gitse-de Gaýgysyz bu işleriñ gidiş depgininden razy däldi. Üstesine, Türküstan respublikasynyñ çäkleri hem ony dolandyrardan gaty giñ.Başga bir ýagdaý hem işe böwet bolýar:bir ýanda Türkkomissiýa, Turkispolbýuro, bir ýanda Türküstan frontunyñ ýolbaşçylygy, ýene bir ýanda jeza beriji OGPU-nyñ aýratyn bölümleri, ýene bir ýanda bolsa,ýerlerde ýagdaýy bilmän merkezde buýruk berijiler-bularyñ ählisiniñ örän uly hukuklary, ygtyýarlyklary bar, olaryñ hersi bir tarapa çekip bilýär, emma jogap bermeli bolanda Halk Komissarlar Soweti hökümet hökmünde jogap bermeli. Wezipeleriñ belli-belli jogapkärlik çäkleriniñ bolmazlygy işi bulaşyklyga salýar. Aýagy ýer tutup başlan merkezi Sowet hökümetiniñ jogapkär işgärleri yerlerdäki meseleleriñ käbirini çözmekde barha güýje daýanyp başladylar. Bu Gaýgysyzyñ açyk garşylyk görkezmegine sebäp boldy hem-de Gaýgysyz gepleşikler syýasatyny has işeññir ýöredip ugrady. Fergana jülgesindäki basga-basyşlyk, açlyk-horluk, talañçylyk we gyzyl goşunyñ yerli ilaty gyrmasy netijesinde obadan gaçyp gidenler birleşip,mejbury basmaçylyk hereketine başladylar. Bu jülge ajal jülgesine öwrüldi. Merkezi Sowet hökümeti jeza beriji güýçleri artdyrmak we ilatyñ gözüni gorkuzmak üçin täze goşun ýollamakçydy. Ol goşunda öñem talañçy kazak otrýadlary ilatyñ hamyny soýup nähak gan dökmäge öwrenişipdiler. Gaýgysyz Fergana jülgesine aýlanyp,hakyky ýagdaý bilen içgin tanşandan soñ,ilat bilen ýüz-ýüze görşüp,basmaçybaşylary bilen göz-göze sözleşenden soñ,Fergana baka ýañadan ugradyljak goşunyñ ýoluny kesmek üçin dürli ýerlerde gepini düşündirdi. Oña ynanyp başladylar we synag üçin Gaýgysyzyñ özüni Fergana ýolladylar. Gaýgysyz uly-uly mähelleli ýygnaklarda ýagdaýy açyk aýtdy, sowatsyz, fanatik, yñdarma ilata düşnükli dilde sözledi: ”Ýa basmaçylygy taşlap,öz meýliñise görä zähmet çekmäge başlaýarsyñyz, şeýtseñiz siziñ üstüñize goşun gelmejegine kepil geçýän. Ynanmasañyz,meni girew alyñ-da öz ýerkümäñizde saklañ. Bu birinji çykalga. Bu teklibimi kabul etmeseñiz, onda men gidýän, ors goşuny gelýär,ýene talañ, ýene gyrgynçylyk. Ýagdaýa göz ýetiriñ, bolmasa gyrlyp tükenersiñiz.” Gaýgysyz uzak-uzak, gizlin-gizlin gowaklarda oturan basmaçylaryñ arasyna baranda-da bu teklibi aýtdy. Ol öz ýaragyny orta taşlap, örän açyk sözledi. Onuñ bu açyklygy, gaýduwsyzlygy, batyrlygy halka uly täsir etdi. Gaýgysyzyñ ýüz-gözünden döreýän duýgulara ynandylar, şeýle hem özleriniñ bilmeýan, duýmaýan,emma bir-birege geçýän gizlin, syrly signallaryna, içki owazlaryna ýan berdiler. Gaýgysyzyñ daşky durkuny gören her kişi onuñ ýüreginde şeýtan ýoklugyny, ikilik etjek adam däldigini gümansyz kesgitleýärdi.Dili bir zat, gözi başga zat diýýän kezzap bolan bolsa, ölümiñ öñ ýanynda duran halaýyk Gaýgysyzy parça-parça parçalardy. Ynha, hakykat şeýledi. Gündogarlynyñ dilini diñe gündogarly tapyp biler. Şondan soñ baý-garybyñ arasynda, basmaçylaryñ arasynda Gaýgysyzyñ ady hasam meşhur boldy. Onuñ il içinde şeýle abraýly bolmagy diñe daşary ýurtlarda Türküstana göz gyzdyrýanlary däl, eýsem içki duşmanlary, şeýle hem öz güýjüni görkezmäge dyzaýan döwlet jeza beriji guramalary, talañçylyklarda elini bala batyrýanlary, galyberse-de Gaýgysyzyñ wezipe bâsdeşlerini gaty birahat etdi. Gaýgysyzyñ özüni elmydama erkin alyp barşy,başy dikligi, gönümelligi Moskwadaky guramalaryñ hem göwnünden turup barmaýardy. 1922 ỳylyň 18 iỳulynda Türküstan Merkezi İspolnitel Komitetiniň mejlisinde Gaỳgysyz Atabaỳ basmaçylyk hakda taryhy doklad etdi. Şol dokladdan käbir pikirlere üns bermegiňizi haỳyş edỳärin: “Biziň dört ỳyldan bäri alyp barỳan işlerimiziň bary ỳerli ilatyň arasyna asyrlar boỳy ornaşan ỳaşaỳyş usulyna,durmuşyna, däp-dessurlaryna büs-bütin ters gelỳär. Biziň ỳagdaỳy gös öňünde tutmagy başarmaỳanlygymyz ählimiziň umumy keselimizdir.” “…o ỳere jeza beriji otrỳad iberilipdir,otrỳadam öňünden çykan ençeme obany ỳer bilen ỳegsan edipdir.” “Sowet häkimiỳetiniň wekilleri Margelanda musulmanlaryň keramatly hasaplaỳan Kuranyny oda ỳakdylar; Andyjandaky ybadat edilỳän metjidi otrỳadlaryň ỳatak jaỳyna öwrüp, otrỳadyň adamlary ol ỳerde beçebazlyk bilen meşgullandylar. Biziň otrỳadlarymyz metjitleriň üstüne çozup, namaz okap duran işanlaryň, ulamalaryň üstüne bomba taşladylar. Netijede, ulamadyr-işanlaryň ỳerden ỳöräni basmaçylara goşuldy.” “Şonuň üçinem 1919-1920 ỳyllarda Ferganada eỳỳäm galtamançylyk, basmaçylyk däl-de, belli bir halk gozgalaňynyň bolandygyny aỳdyp geçmek gerek.” (“Ŷunost” jurnaly,1990ỳ.1-nji sany) O zamanlarda Sowetleriň beỳle aỳbyny açyk aỳtmak üçin neneňsi ỳürek gerekligini oỳlanyň, bakaly. Emma Gaýgysyz üçin munuñ parhy ýokdy. Gaỳgysyz gaỳgysyzdy. Ol bu göribilmezlikleriñ, ownukçyllygyñ derejesine çenli pese gaçjaklardan däldi. Ähli güýç-kuwwatyny diñe işe gönükdirip haydaýardy. Orsyỳetde güýjäp başlan açlyk,açlyk zerarly gündogara gelýän bosgunlar täze problemalar döredip başlady. Gije-gündiz dem-dynç alman ylgap ýören Gaýgysyzyñ nerwleri hem şoña görä barha dartylyp ugrady. Bir dem salym hem bolsa,ylgap baraga-da maslahat edere sowukganly hem parasatly Abdyryzak, okumyş Suhanberdi aga ýanynda ýok,ýa diňläñde dünýäni unutdyrýan, bokurdagyna ýumruk sygaýmaly belent sesli, Uly Garly bagsy ýok. Şu mahal onuñ ýanynda gardaşy Muhammetguly bolan bolsady. Gör, bak ol neneñ öñdengörüji ekeni: ”Göreşler öñdedir, Gaýgysyz! Biliñi berk guşa!” Şeýle ahwaldaky Gaýgysyz kabinetinde Türküstanyñ dürli ýerlerinden gelen habarlar bilen tanşyp, ähli ýerden kömek dilenýänini oýlanýarka, oña Moskwadan gyssagly telegramma getirdiler. Ol telegrammany ünsli okady-da öñki kagyzlaryñ üstüne gaharly zyñdy. Sekretary çagyryp, jogap telegrammasyny ýazdyrdy: “Moskwa. Kreml. Ulýanowa. Yerlerdaki ýagdaý hakda Merkezde ters düşünje bar. Bugdaý ýok. Kömek edip bilmeýäris. Atabaýew.” Gaýgysyz bu gezegem özüne meñzedi. Ol ata-babadan gelýän gönümelligi bilen, ýürek açyklygy bilen hereket etdi,emma öz ýagdaýlaryny hem gowy bilýardi. Ýagdaý sähelçe gowulaşanda Gaýgysyzyň neneñsi kömek guranlygyny taryhçylar giñişleýin ýazýarlar. Iki ýüz müñ maşgalany Türküstanyñ dürli ýerlerine göçürip getirmek,ýerleşdirmek, azyk, geýim ýardamyny bermek işi guralypdy. Şeýle-de bolsa kähalatda kömek soraýan telegrammalar çäkden çykyberse, Gaýgysyz hiç bir gypynçsyz: ”Türküstan sagylýan sygyr dal...” diýlen jümleli jogap telegrammasyny hem iberip bilýän ekeni. Ýokarda agzalan telegrammalar hakda men alymlardan eşitdim. Emma o telegrammalaryñ asyl nusgasyny Daşkentden almaga mümkinçilik tapyp bilmedim. Gizlinlik bahanasy ýa-da başga biriniñ kabinetine äkidilenligi sebäpli o telegrammalaryñ, şonuñ ýaly başga dokumentleriñ asyl nusgasy ýa-da göçürmesi duman içinde galýär. Gaýgysyz şol gowgaly günlerde-de ýerli milletleriñ ene dilini ulanmak meselesini goldap hereket etdi. Eýýäm 1920-nji ýylyñ ahyrynda Gaýgysyz Daşkentde magaryf institutlarynyň 5-sini açyp, olarda ýerli halklaryñ altysynyñ dilinde okuw geçmek hakda karara gol çekýär. Dil bilen bagly başga meselelere-de ýakyndan bakýar. Ylym,medeniýet ugrundan alymlaryň uly toparyny Daşkentde işlemäge çagyrýar. Olar bilen şahsy tanyşlyk açýar,gatnaşýar, olardan özi hem köp zat öwrenýär.Gaýgysyzyñ dogabitdi bilesigelijiligi,her zada çyny bilen gyzykmasy ýyl geçdikçe güýjemese peselenok. Şoña görä işde duş gelýän meseleleriñ ânigine-şänigine ýetýär, ne sebäpden döreýänini bilmek üçin köküni köwleýär, sebâbini gözläp, dürli soraglara ýüz uryar. Özüni aldasy gelenok. ”Ýalançy dünýäniñ aldany ýetik.” Gaýgysyz şol pikir öwürmeleriniñ birinde şeýle bir hakykatyñ üstünden bardy:ol hökümet başyna geçeni bäri basmaçylyk meselesi onuñ bir ýänyndan aslyşyp dur. Şo sebäpli ol basmaçylygyñ kökleri, sebäpleri hakda başgaça pikirlenip,başga göz bilen bakyp, günäsi geçilen basmaçylaryñ kalbynda baslygyp ýatan oý-pikirleri diñläp, kyn hem bolsa,başga netijä gelenini aýtdy: basmaçylygyñ döremeginiñ aslynda garyplyk bilen bir hatarda, jeza berijileriñ zulmy ýatyr. Başgaça aýtsak, günälini-de günäsizi-de basýan aýratyn bölümleriñ zulmundan gaçanlar mejbur bolup basmaçylyga ýüz urýarlar. Ýigriminji ýyllarda Türküstan respublikasynyñ hökümet başlygynyñ şeýle hakykaty aýtmagy adatdan daşary bir ýagdaýdy. Bu hakykaty ýoýmaga, gizlemäge Gaýgysyzyñ ynsaby çatmajakdy. Onuñ terbiýesi şeýledi, onlarça asyr bäri bütin ynsanyýetde öñe tutulýan, goldanylýan, goralýan ýörelgeden Gaýgysyz çykyp bilmejekdi. Bolşewizm, kommunizm ideỳalaryna bukulyp yörenler Adamy çüýredijiler heniz-henizler Gaýgysyza erişip, bir ýollar arkaly Gaýgysyzy zaýalap bilmeýärdiler. Emma gargalaryñ gagyldaşýany eşidilýärdi, gargalaryñ barha köp sürlenişýäni görünýärdi. Gaýgysyz işden özge zatlara üns bermän, barha ykjam girişdi. Tejribe baryny toplady, respublikanyñ ýagdaýyny,halklaryñ ahwalyny içgin öwrendi. Şonda ol yzy üzülmeýän, tükenmeýän bu problemalary her halkyñ, her ülkäniñ özi çözer ýaly ýagdaý döretmelidigine göz ýetirdi. Uly-uly sosial-ykdysady problemalary bölekläp,ýerli-ýerden çözseñ amatly bolar diýen karara geldi. Şo döwrüñ ýörgünli şygary bolan”öz ykbalyñy özüñ kesgitlemek” ýörelgesini Russiýä federasiýasynyñ çäklerinde ulanmalydygyny öz öñünde maksat edinip göydy. Bu heniz gizlin maksatdy. Emma mundan añry gitmek köp halklar üçin häzir howpludy, sürüden çykan goýny gurt iýşi ýaly, rus imperiýasyndan çykdygyň başga bir imperiýa seni özüne dolap aljakdy. Muña güman ýokdy.Ýöne Russiýa federasiýasynyñ içindäki halklar awtonom ýa soýuz respublika bolup bölünseler, türkmen halkynyñ ýagdaýy neneñ bolar? Horezm respublikasynda, Buhara respublikasynda, Türkmen oblastynda üç bölek bolup oturan türkmen halkyny topragy bilen bölüp alyp birleşdirmäge ýol tapylarmyka? Gaýgysyz Türkmen oblastynyñ ýolbaşçylygyndan Daşkende gaýdanda öz ornuna bir kişini göz öñünde tutýardy, emma partiýa başynda oturan syýasat hassalary,rus ýapjalary bolsa, adamkärçilikli ýöne sowatsyz,ýüreginde ot ýanmaýan Garry Kulyýewi bellediler.Gaýgysyzyñ oña garşylygyna bakman bellediler. Gaýgysyzyñ Türkmen oblastyndan gidýänine olaryñ begenýändikleri bellidi. Garaşmaýan yerinden özüne garşydaş döränine Gaygysyzyñ özi hem haýran galýardy. Gaýta, olara ýardam berip,ýokary wezipä hödürläp ýören Gaýgysyzdy ahyryn. Özüni goramak üçin ähli zady, şol sanda il-watan bähbidini hem pida beräymek bormy? 1919-njy, 1920-nji ýyllarda Gaýgysyzyñ garşysyna çykan türkmen ýolbaşçylary uzak ýyllar Gaýgysyzyñ aýagyndan aslyşyp gezdiler. Olaryñ köpüsi partiýa ýasawullarydy, başynda-da H.Sähetmyradow bardy. Olar täze döwre görä oýlanyp bilmeýärdiler. Gaýgysyzy ejesi owgan bolany üçin ony pes kastadan, ýagny gul-gyrnak nesli hasaplaýanlar bardy. Şoña görä Gaýgysyz arassa ganly türkmen dälmiş. Hamana dünýäde arassa ganly millet bar ýaly. Süpük tireçilik, o ýerli- bu ýerli diýen ýaly ownukçyllyk hem bardy. Munuñ üstesine tutuş türkmen milletine-öz milletine göwniýetmezçilik, ony ýigrenmek ýaly ýäramaz gylyklar hem şo ýyllarda döräp ugrapdy. Bularyñ ählisini başynda aýlap oturan Gaýgysyz şeýle ýagdaýda, şeýle häsiýetli adamlaryñ türkmen birligini gazanmaga dyzajagyna güman etdi. Gaýgysyz, özi hökümet başynda otyrka, türkmenler bilen aýratyn gyzyklansa, öz milletiñe ýan berýäñ, özgeleri unudýañ diýiljek. Gyzyklanmasa-da türkmeniñ alnyndan gün dogar öýdenok. Içki agzalalyk türkmeniñ öýüni ýykjak ilkinji bela. Aşa erkinlik, aşa diklik zerarly döreýän bu agzalalygyñ aslynda umumy medeniýetiň, bilimiñ pesligi, milletiñ ösüşiniñ yzdalygy bar diýip pikir edýän Gaýgysyz bu agzalalygy ýeñmegiñ ýeñil düşmejegini öñden görýärdi. Millet söýgüsi güýçlense, köp päsgelçilikleri ýumurjagy bellidi. Şol beýik maksada ähli kişini gönükdirmekde iş bar. Gündelik işler ülkelerdäki ýagdaýlar Gaýgysyzy ýene öz girdabyna dolap alyp gidýär. Ol hä ondan, hä mundan çykýar. Çala jan ykdysadyýete kuwwat bermeli. Hojalyk ýokary göterilmese, bilbil bolup saýrasañam, halk saña ynanmaz. Işleri şeýle bir akylly-başly guramaly-o işleriñ gidişinden ilat umyt alsyn. Ertir bu günküden gowy boljagyna ynam doresin. Ýene damarlar dartylýar, ýene ganlar gaýnaýar. Uzak günler jokrama gün astynda ylganýar. Ukusyz gijeler köpelýär. Ýigriminji ýyllarda ýaşaýanlar biz ýowuz günde ýaşadyk diýendirler, emma öñde has ganly,has zulumly otuzynjy ýyllar barlygyndan habarsyzdylar. Sowet häkimiýetiniñ gelmegi bilen o ýyldan bu ýyla jebir-sütemler artyp gidip barýardy. Bir tarapdan ylym-bilime köp üns berilýärdi, ikinji bir tarapdanam güýje baýrynmak, güýç ulanmak syýasatyna barha köp ýol açylýardy.Bu iki ýol hiç-hiç bir topraga ýerleşjek däldi ahyry. Soñky wagtlar ýene giñ gerim alan basmaçylar bilen gepleşik geçirip, düşünişjek bolman,olary tiz ýok etmek hakda aýdyp başladylar. Emma Gaýgysyz basmaçylaryñ hem adamlygy, olaryñ hem şu halkyñ parçasydygy hakda aýdyp, ýägdaýy bolsa gepleşikler syýasatyny ulanmagy ündedi. Ol köp-köp basmaçy toparlarynyñ günäsi geçilensoñ,öz mekanlaryna dolanyp gelenlerinde, sähel bahana bolsa, ýanalyşyny gazaply tankyt etdi. Umuman basmaçylyk hereketi barada Türküstan MİK-niñ mejlisinde, ýagny 1922-nji ýylyñ 18-nji iýulynda sözlän sözi öñde-soñda Gaýgysyza aýratyn pikirlenýân adam görnüşini beripdi: ..".Basmaçylyk biziñ Türküstanda, belki-de tutuş Gündogarda alyp barýan işimize ýoñsuz aỳpdyr. Dogrudanam, soñky 4 ýylda basmaçylyk diñe bir ýoga çykarylman, eýsem onuñ Ferganada möwjändigini, beýleki ýerlere-de geçip, Samarkant oblastyny, Surhanderýa we Türkmen oblastlarynyñ hem bir bölegini gurşap alandygyny näme bilen düşündirip bolar. Biziñ ýagdaýy göz öñüñde tutup bilmezligimiz bejerilmez kesele öwrüldi... (Türkmenistanyñ taryhyndan materiallar. K.Muhammetberdiýew. Ýa.Orazgylyjow. Aşg. 1997 ý.53 sah.) Özi bolsa Samarkantda hereket edýän basmaçylar toparynyñ başy Bâhrem Gurbaşy bilen kyn gepleşikler geçirýârdi. Oña respublikanyñ partiýa ýolbaşçysy, MIK-niñ başlygy hem gatnaşýärdy. Ýaragy taşlamak şertleri, beýleki kepillikler ylalaşylyberipdi. Bu iş şu gidişine gitse, gan dökülmän, iki tarap hem utuşly boljakdy. Gepleşikler şeýle yagdaýdaka Moskwadan gelen partiýa işgäri Legran haýal etmän Bährem Gurbaşyny tussag etmeli diýip buýruk berýär.Ýöne Gaýgysyz dagy, işiñ bahbidi üçin,bu buýrugy ýerine ýetirmeýärler-de gepleşigi dowam etdirýärler. Az wagtdan Legranyñ beren ýerliksiz buýrugy Bährem Gurbaşa mälim bolanda, ol şobada daga tutduryp gidýär. Gaýgysyz dagy günäsiz ýere günäli bolup galyberýärler. Soñra Bährem Gurbaşyny we onuñ uly toparyny zyýansyzlandyrmak üçin iki tarapdan näçe kelle togalananyny, näçe ganlar dökülenini göz öñüne getiriberiñ. Elbetde, Gaýgysyz dagy berk käýinç alyp, 1922-nji ýylyñ 30-njy oktýabrynda wezipeden boşadyldy. Gargalar gagyldaşa-gagyldaşa, ahyry, uly bir hor emele getirdiler. Onsoñ bir şahyryñ iki setirde aýdany durmuşda gaýtalandy: Sesiñ sesimize goşulanok diýp, Gargalar bilbili hordan kowdular. Bu duýdansyz öwrülişik Gaýgysyza uly urgy boldy. Edil çapyp barýan atyñ büdreýşi ýaly. Ol sowet dowründe ilkinji şarpygy datdy. Basmaçylary goldaýar diýşip, birmahaldan bäri Gaýgysyzy nyşana alyp ýörenler bu ýagdaýa hezil edinişdiler. Indi Gaýgysyz olaryñ penjesinde.Gizlin gullugyñ, harbylaryñ başynda duranlar Gaýgysyzyñ buýrugy ýerine yetirmänligini haýynlyk diýip kesgitlediler hem-de oña atuw jezasyny bermegi teklip etdiler. Gaýgysyz otuz bäş ýaşda atuwdan gorkmady, töhmetden gorkdy. Onuñ ýüregindäki päkligi görmediler, halkyñ bähbidi üçin ähli yhlasyny gaýgyrmanyny,hakykatsöýerligini duýmadylar. Çilimiñ külüni kakan ýaly kakdylar göýberdiler, indi hem it atan ýaly ataslary gelýär. Onuñ ömür kitabynyñ şu sahypalary açyk ýazylanok, şonuñ üçinem garañkylygyna galýar. Daşkendiñ, Moskwanyñ dürli arhiwlerindäki saralan kagyzlar öz teşne bilesigelijisine garaşyp ýatyr. Gürrüñlere görä, Gaýgysyz bilen bagly meselelere, dokumentlere, beýleki hatlara Merkezi Derñew komissiýasy garaýarka, hut Leniniñ we Milletler baradaky halk komissary Staliniñ täsiri bilen mesele ýumşadylypdyr hem-de Stalin ony öz komissarlygyna işe alypdyr. Gaýgysyzyñ ykbalynyñ oňyn çözgüdinde o döwrüñ abraýly-tasirli adamlary bolan W.Kuýbyşewiñ, M.Frunzäniñ, S.Orjonikidzäniñ, Ýa.Rudzutakyñ ýa-da uly işler bitirip bilýän kiçi wezipeli adamlaryñ täsiri bolan bolmagy hem mümkindir. Gaýgysyzyñ öz hak işini gorarlyk inçe logikasynyñ, oratorlyk kuwwatynyñ barlygyny hem aýratyn bellemek gerek. Stalin eger, Gaýgysyzy goldan bolsa, muny neneñsi ýorsa bolar? Özüni hakykatyñ tarapdary, ýalñyz galany goldaýjy hökmünde görkezmek üçinmi? Ýa gelejekki häkimiýet dawalarynda öz tarapyna bir ses köpeltmek üçinmi? Gaýgysyzyñ ägirt güýçli guramaçylyk ukybyny öz bähbidine ulanmak üçinmi? Belki-de Leniniñ Gaýgysyzy goldanlygyny bilip, Stalin hem kem galmazlyk üçin, Lenine ýaranmak üçin goldandyr? Ýokarky aýdylanlaryñ hijisi hem däl-de, Gaýgysyzyñ duşan ýagdaýyna köki bilen göz ýetirip, onuñ Türküstandaky meşhurlygyny göz öñünde tutup, adaty ynsanlyk normalaryndan ugur alyp goldan bolmaklary hem bolup biljek zat. Bütinleý başga sebäpleriñ ýüze çykan bolmagy hem mümkin. Her niçik bolsa-da Gaýgysyz atylman, Milletleriň işleri baradaky halk komissarlygynyñ kollegiýa agzalygyna bellenýär. Staliniñ gös-göni gol astynda işläp baslaýar. Sowet döwletinde Leninden soñ ikinji orunda duran, milletara meselelere gös-göni ýolbaşçylyk eden, ýagşy-ýaramaz tejribä baý,esasysy hem gelejekki iñ ganly diktator Staliniñ elinde işlän aýlary Gaýgysyz hem köp zada täzeçe nazar öwürdi. Rus federasiýasynyñ dürli ýerlerinden milletleriñ ýagdaýy hakda gelýän habarlar ony öz milletiniñ ykbaly hakda has çuñ oýlanmaga iterdi. Şol günler Gaýgysyzyñ salgy bermegi, ýa gizlin täsiri esasynda, üstesine-de çözülmesi zerurulygy görnüp duran Türküstan halklarynyñ gelejekki ykbaly hakdaky mesele orta atylyp başlandy. Pikirler, esasan, üç ugurda ösdi: 1. Türküstany milletler boýunça bölmän, federasiýa görnüşine öwürmeli. Sebäbi bir-birege ysnyşyp, garyşyp oturan halklary bölmek agzalalyga getirer. 2. Türküstan awtonom respublikasynda iki soýuz respublika döretmeli: Gara gyrgyz soýuz respublikasyny döretmeli, oña gazak, gyrgyz, galpak topraklaryny we halklaryny birleşdirmeli. Özbegistan respublikasyny döretmeli, oña özbek, türkmen, täjik topraklaryny we halklaryny goşmaly. 3. Her milletiñ öz ady bilen respublika döretmeli. Gaýgysyz Milletleriñ işleri baradaky halk komissarlygynda uzak işlemese-de köp wakalaryñ şaýady boldy. ”Ýagynyñ daşýndan içi aman” diýlişi ýaly, milli syýasaty öñ uzakdan duýýan Gaýgysyz, indi o syýasatyñ hut döredilýän ýerinde işledi. Russiýa halklarynyñ hukuklarynyñ deklarasiýasynda: ”Russiýanyñ halklarynyñ bölünmäge we özbaşdak döwlet döretmâge çenli öz ykbalyny özi kesgitlemek hukugy” diýilýän şygaryñ neneñsi aldawly ulanylýandygyna, onuñ añyrsynda neneñsi meýilleriñ ýatandygyny, oñ güman edýän Gaýgysyz, indi ikuçsyz göz ýetirdi. Özbaşdak bolup bölünmeg-ä beýlede dursun, eýsem soýuz respublika bolmak, awtonomiýa almak isleýän halklaryñ öñünde geçilmez päsgelçilikler döredilişini synlady. Ýigriminji ýyllarda gyrgynçylyk bolsa-da, genoside ýol açan stalinçilik heniz öñe çykmandy. Köpleriñ añynda adaty adamçylyk normalary güýjündedi, kütimañlaý düşünjeli kommunistler heniz ýetişmändi. Emma o kütümañlaýlaryñ atynyñ öñe çykyşyny, zamananyñ barha şolara baka dönüşini Gaýgysyz içgin synlaýardy. Diñe synlaýardy. Garşylyk görkezere kuwwaty ýokdy. Şonuñ üçin küýüni-pikrini başga hiç zada bölmän, diñe bir maksada gönükdirdi. O maksat-Türkmenleri bu garma-garyşyklykdan, bulam-bujarlykdan aman saklap, umytly kenara alyp çykmakdan ybaratdy. Staliniñ milli meselede örän çylşyrymly, aýbygadym oýunlarynyñ añyrsyna göz ýetirip, onuñ duzagyna düşmän sypmalydy. Biz Gaýgysyzyñ Moskwada döwri türkmen halkynyñ milli takdyry babatda nâmeler edenligini henuz anyk bilmesek-de, onuñ köp-köp tanyşlarynyñ, dostlarynyñ, işdeşleriniñ üsti bilen bu meseläniñ oñyn çözgüdini gözländigini gümansyz aýdyp bileris. Sebäbi şu çaka çenli iş tejribesine nazar aýlansa, Gaýgysyzyñ dögry ýol barka, egri ýoldan ýöremändigini göreris. Tribunalarda, uly ýygnaklarda, uzyn-uzyn kararlarda, permanlarda aýdylan-ýazylandan başga, ondan has öñinçä, ýüz-ýüze oturyp, meseleleriñ änigine-şänigine ýetilip çözlişi hem bardyr. Ana, dogry ýol şudur. Gaýgysyz Staline gös-göni täsir edip bilmese-de, oña tâsir edip biljekleri, aşakda otursa-da iş bitirip biljekleri tapandyr. Ýolbarsyñ syçan bilen dostlugy ýaly ýa-da piliñ syçandan eýmenişi ýaly. Onsoñam Gaýgysyz bir işe başlanda örän umytly başlar eken. ”Gyşyñ soñy bahardyr.” Her işiñ aýny wagtyny bilmek hem üstünligiñ bir şerti ahyry. Bişmedik meseläni çözmäge girişmeýär. Meseläniñ çözümini dogry ugra gönükdirmäge hem Gaýgysyz köp üns berýär. Bu aladalar Gaýgysyzyñ baş aladasydy, munuñ daşyndan gündelik edara işleri hem az däldi. Stalin öz gol astynda işleýän Türkmen hakda neneñsi pikirde bolduka? O Türkmeni göz astyndan synladymyka? Şeýle ýagdaýda 1923-nji ýylyñ iýun aýynda merkez Gaýgysyzy Buhara halk respublikasynyñ Ministrler Sowetiniñ başlygynyñ orunbasary wezipesine belledi. Gaýgysyz Buhara baka ýangyn söndüriji ýa-da tiz kömek rolunda ugradyldy. Näme üçin? Buharada ýaş buharalylar hereketiniñ ýolbaşçysy Faýzulla Hojaýew Buhara respublikasynyñ hökümet başlygydy. Ol tagtdan agdarylan Buhara emiriniñ täsirli adamlarynyñ biriniñ ýegenidi. Buharada neneñsi syýasat ýöredilýäni belli däldi. Osman imperiýasynyñ hökümetinde uly wesipede bolan, Türk halklaryny ýürekden söýýän Enwer paşa (general) Azerbeýjanda garaşsyz azeri döwletini gurmaga kömek berse-de, Sowetler o döwleti tiz dargatdy. Şowsuzluga uçran Enwer paşa öz pikirdeşleri, meýildeşleri bilen Kaspi deñzinden Türkmen kenarlaryna geçdi hem-de o taýdan Buhara respublikasyna aralaşdy. Harby hem syýasy tejribesi ýetik bolan bu generalyñ meşhurlygy artyp başlady. Köp-köp basmaçy toparlary Enwer paşa bilen güýçlerini birleşdirdiler. (G.Nepesow “Demirgazyk Türkmenistanda sowet gurluşynyñ ýeñmegi” Aşg. 1951 ý. 207 sah.) Eýýäm 1922-nji ýylyñ ortalarynda Buhara respublikasynyñ Merkezi Ispolnitel Komitetiniñ başlygy Osman Hojaýew we beýleki uly ýolbaşçylar Enwer paşanyñ tarapyna gaçyp geçdiler. Olar uly söweşler guradylar. Şol söweşleriñ birinde Enwer paşanyñ özi hem wepat boldy. (General jesedi häzirki Täjigistanyñ topragyna duwlanyp galypdy. 20 asyryñ ahyrky ýyllarynda Türkiye döwleti Enwer paşanyñ jesedini öz topraklaryna göçürdi.) Buharada kimiñ ýüpüne odun goýjagyny bilmeýän Sowet hökümeti Gaýgysyzy seçdi. Faýzulla Hojaýew Gaýgysyzdan dokuz-on ýyl ýaşrak bolsa-da durmuş tejribesi onçakly az däldi. Şeýle-de bolsa ol Gaýgysyzy gaty gabanjañlyk bilen kabul etdi. Üstesine-de Gaýgysyzdan ruhy pesligi mese-mälim añylanda Faýzulla Hojaýewiñ hasam nerwleri dartylyşdy. Gaýgysyz muña ünsem bermedi. Özara düşünişmek üçin wagt ýitirmegiñ geregi ýok hasap etdi. Buhara hökümetiniñ işgärlerini we ýerlerdäki ýolbaşçylary birme-bir akyl-iş terezisine goýup çykdy. Gelen netijesi çydar ýaly däl. Ähli ýerde garyndaşlar, haramhorlar, öñküje zulumkärler, basmaçylara gizlin gulluk etjek ýaranjañlar. Gaýgysyz öz öñünde neneñsi galyñ diwarlar barlygyna göz ýetirdi. Göz ýetirende, ýaýdanmak beýlede dursun, gaýta kuwwatlandy, ekezlendi. Bir-birini goldaşyp oturan şol posly zynjyrlary düýt-müýt dargatmaga dyzady. Gaýgysyz, F.Hojaýewiñ hökümet başlygydygyna bakman, öz pikirlerini durmuşa geçirmegi başardy. Iş bilýän we dogry işlejek adamlary wezipä çekip başlady. Buhara respublikasynda sosial, ykdysady, syýasy janlanma döretjek bolup yene, Türküstan Halk Komissarlar Sowetiniñ Başlygy döwründäki ýaly janyny orta goýup işläp başlady. Öñ basmaçylyk ruhy rüstem gelen bolsa, men-men diýen, gyzyldan gymmatly ýolbaşçylar ýoldan azaşyp, basmaçylara gaçyp-gaçyp giden bolsa, indi hökümet abraý alyp başlady. Bu uly ýeñişdi, eýýäm basmaçylaryñ akylda-ruhda pese gaçyşydy, ýeñlişidi. Gaýgysyz Buhara respublikasynyñ hökümetiniñ başlygynyñ orunbasary hökmünde bir ýyldan gowrak işläp, tutuş respublikany işleýän ýurda öwürmek üçin her bir meselä gatyşmaly boldy. Elbetde, kuwwatyñy sarp etmeseñ, zehiniñi ýakmasañ, o kyn döwürde iş bitjekmi?! Üstesine-de, Türküstan hökümet başlyklygyndan bigünä halyna berk käýinç bilen ayrylmagy Gaýgysyzyñ nerwlerine uly agram beripdi. Şeýle ýagdaýda dürli adamlar bilen iş meselesinde zarply çaknyşyklaryñ bolandygyny güman etse bolar. Ýöne yaradylyşyna görä, Gaygysyz goltugynda daş gizleýänlerden däldigi üçin, ol derrew sowaýardy, öte geçen bolsa şobada ötünç soraýardy. Soñky wagtlar özünde döreýän bu gyzmalyga onuñ özi hem geñ galyp bakýardy. Seresaplygy elden berşine ökünýärdi. Ýogsa ol dil söweşlerinde kim sowukganly bolsa, şol yeñýändigini gaty gowy bilýärdi. Gaýgysyz Buharada işleriñ ýagdaýy bilen içgin tanşandan soñ, bu respublikanyñ çäklerinde Türkmen oblastyny döretmek zerurlygyny nygtady. Hökümet başlygy F.Hojaýew beýle teklibe garaşmansoñ, şobada garşy çykdy. Ýöne Gaýgysyz topraksyz ýere tohum sepýänlerden däl. Öz pikirini örän giñden düşündirdi, müñ bir deliller bilen subut etdi. Üstesine-de merkezden Buhara partiýa ýolbaşçylygy üçin ýörite iberilen Ýa.Rudzutaky ynandyrdy, partiýanyñ Orta Aziýa býurosyndan bu ýere gelenleriñ goldawyny gazandy. Şeýdip, Buhara respublikasynyñ içindäki türkmenleri resmi taýdan birleşdirýän Türkmen oblasty döredildi. Hormatly okyjym! Siz Gaýgysyzyñ Buhara respublikasynda Türkmen oblastyny döretmek bilen geljekki uly ädim üçin bir basgançak taýýarlandygyna göz ýetirensiñiz. 1923-nji ýylyñ dekabr aýynda Aşgabatda partiýanyñ Türkmen oblast komitetiniñ ýerine ýetiriji býurosynda milli döwlet taýdan aýrybaşgalaşmagyñ mümkinligi hakda örän çuñ pikir alşyldy. Muny hut Gaýgysyzyñ özi gurady we işeññir gatnaşdy. Gelejekki uly işlere türkmenleri taýýarlamakda, öñden häzirlik görmekde bu ýygnagyñ ähmiýeti uly boldy. Gaýgysyz Buhara respublikasynyñ hökümet başlygynyñ orunbasarlygyndan başga-da partiýanyñ Orta Aziýa býurosynyñ hem agzasydy. Bu wezipede bolmagy ony Türkmen oblastyndaky, Buhara respublikasynyñ Türkmen oblastyndaky we Hywa respublikasynda Türkmen oblastyndaky türkmenleriñ bir-birek bilen utgaşykly işlemegine, bir-birek bilen habarlaşyp, gelejekki milli-döwlet aýrybaşgalaşmasynda öz hukuklaryna eýe çykmasynda ýeke-täk ýardamçy bolyardy. Hywa respublikasynyñ ýolbaşçylary öz ilatyny aýratyn hasaplap, bu aýrybaşgalaşma girmek islemänlerinde, özlerini öñküsi ýaly aýratyn döwlet görnüşinde saklamak islänlerinde Gaýgysyz Hywa partiýa-hojalyk aktiwinde ýalkymly sözläpdi we öz pikirine ynandyrypdy. Az-kem öñräkki wakalara nazar salsak, 1921-nji ýylyñ awgustynda Türkistan Merkezi ispolnitel Komitetiniñ karary bilen Zakaspi oblastynyñ Türkmen oblast diýlip adynyñ üýtgedilmeginde Gaýgysyzyñ eli barlygyny duýarys. Ol şo wagtlar Türküstan hökümetiniñ başlygydy. Soñ “TSSR-iñ taryhy” kitaby 2 tomuñ 246 sahypasynda şeýle ýazar: ”Türküstanda ilkinji milli oblast bolan Türkmen oblastynyñ döredilmegi Orta Aziýanyñ bütin türkmen ýerlerini geljekde ýeke-täk Türkmenistan Sowet Sosialistik respublikasyna birikdirmek üçin taýýarlyk ädimi boldy.” Birmahallar Daşkentde ýakyndan salamlaşyp ýören Faýzulla Hojaýew Gaýgysyzyñ bu hereketinden soñ, oña öñküden beter sowuk bakdy. Muny Gaýgysyz ýene bilmediksirân boldy we öñki gatnaşygy saklajak bolup dyrjaşdy. Şol günleriñ birinde Gaýgysyz Jüneýit hana garşy ýaragly operasiýa başlamak kararyna gelnendigini bilende bu karara garşy çykdy. Basmaçylygy döredýän sebäpler aradan aýrylsa, Jüneýit hanyñ töwereginde adam galmajagyny aýdyp, basmaçylyk babatda öñki pikrindeligini tassyklady. Gyrgynçylyk boljagyna, Jüneýit hanyñ yzyna düşen ýazyksyz bendeleriñ jemgyýete dolanyp gelmek umydynyñ kesiljekdigine, üstesine-de Jüneýit hanyñ ordasynyñ çöl içine has çuñ gizlenjekdigine ünsi çekdi. Gaýgysyz Jüneýit han bilen heniz ýüzbe-ýüz duşuşmadyk bolsa-da, hanyñ hereketlerini örän dykgatly yzarlaýardy: Jüneýit han 1857-nji ýylda uly baýyñ maşgalasynda dünýä inýär. Kakasy aradan çykandan soñra, 1910-njy ýyllarda özüni görkezip başlaýar. Jüneýdiñ özge hanlardan tapawudy-aşa zalymlygy ekeni. Ol hiç mahal zyndan ýa tussaghana saklan adam däl. Göwnünden turmadygy öldürtmek-onuñ üçin towuk öldürençe-de ýok ekeni. Ol doganoglan agasyny öz eli bilen parçalapdyr. Bir gyzy ärinden aýrylmak islände özi atyp öldüripdir. Bir gyzyny ýemşik burunly birine durmuşa çykarýar weli, gyz oglana ýemşik diýipdir. Jüneýit han gyzyny çagyrypdyr-da burnuny kesip göýberipdir. Han ýurtdan çykyp barýarka, gitmek islemedik aýalyny hem atypdyr. Beýle gürrüñler çyn ya ýalan bolsa-da, bir hakykaty-Jüneýdiñ aşa zulumkärligini añladýar. Jüneýit han 1912-nji, 1916-njy ýyllarda gozgalañ turzup, Hywa hanynyñ sütemine we Rus patyşasynyñ hekemligine garşy göreşip, halk arasynda abraý gazandy. Şo ýyllar Eýrana, Owganystana geçip, iñlisleriñ ýeser penjesine düşdi. Jüneýit han has güýçlenensoñ, öz töweregindäki kiçeñräk Türkmen hanlaryna garşy hem ýarag öwürdi. Hywa hany bilenem ýene dil tapyşdy, Rus patyşasynyñ adamlary bilenem gatnaşyga girdi. Jüneýit hanyñ bu agyp-dönüp durşuny synlaýan halk oña Han baýtal lakamyny ýelmäp göýberdi. Onsoñ Han baýtal 1918-nji ýylyñ başky aýyndan tä 1920-nji ýylyñ fewralyna çenli Hywa hanynyñ tagtynda diktator boldy. 1919-njy ýylyñ aprelinde RSFSR hökümeti bilen ylalaşyk baglaşdy, emma o şertnamany şertim şahyma diýip ulandy. Jüneýit han Eziz han bilenem ýakyn gatnaşykda bolupdyr, täze sowet gurluşyna garşy uly söweşler gurmak hakda, aýratyn döwlet gurmak hakda planlar biçipdir. Eziz hanyñ iñlisler bilen arasyny sazlamasynda Jüneýdiñ araçylyk roly bar bolsa gerek. Jüneýit han diñe bir iñlisler bilen däl, eýsem şo döwürki Eyran, Owgan gizlin gulluklary bilenem ýakyn aragatnaşyk saklandygyny, Owganystanda iñlis awtomobilinde aýlanyp, işlerini bitirendigini taryhçylar ýazýarlar. Şeýle bolansoñ, ýagny daşary ýurt kömegi yzygider gelensoñ, Jüneýit han Hywa tagtyndan taýansoñam, Daşhowuz türkmenleriniñ üstünden öz häkimligini aýyrmaýar. Jüneýit hanyñ ylym-medeniýetden daşdalygy hakda gürrüñ etmänimizde-de, onuñ halka baş boluş ýollarynyñ despot, diktator usulyndalygyny, şeýle-de bolsa onuñ tutuş türkmenlere baş bolmak meýilleriniñ ýok däldigini synçy Gaýgysyz gözden salan däldir. Hanlaryñ, begleriñ, patyşalaryñ möwritiniñ ötenligini Gaýgysyz örän ýagşy bilse-de badyhowa, namysjañ, inçe hileli, öçli we güýçli goldawly Jüneýit hany bir zarbada ýok etmegiñ mümkin däldigini oýlanýardy. Hanyñ yzyna düşen ilaty gyrman, han bilen dil tapyşmaly diýen pikirdedi. Şu taýda Jüneýit hanyñ türk generaly, uly tejribeli Enwer paşa bilen duşuşanlygyny çaklap bilsek-de, olaryñ neneñsi söhbet edendiklerini, neneñsi karara gelendiklerini bilmeýäris. Şo ýyllar Türk ofiserleri Hywa-da köp gelipdirler. Başgyrdystan milli döwletini 1918-nji ýylda guran,türk dünýäsiniñ uly alymy Zeki Welidi Dogan hem Hywa gelipdir. Onuñ Jüneýit han bilen duşuşanlygy duşuşmanlygy bize mälim däl. Gaýgysyz Aşgabatda Türkmen oblastynda işleýärkä, soñra Türküstan hökümetiniñ başlygy döwri Jüneýit han bilen baglanyşygy bolupmy, haýsydyr bir gatnaşyk açypmy? Bu sowalymyz häzirlikçe jogapsyz galýar. Gaýgysyz Jüneýit hanyñ juda çylşyrymly tipligini bilip, entek ony öwrenmek gerekligine göz ýetirendir. Jüneýit han meselesine Gaýgysyzyň örän seresap çemeleşýändiginiñ bir sebäbi hem şu bolsa gerek. Gaýgysyz müñ bir meseleden iñ wajybyny saýlamaga ökdedi- o mesele bolsa türkmenleri bir respublika, onda-da awtonom respublika däl-de, eýsem öz ykbalyny özi erkin kesgitlemek hukugy bolan soýuz respublika jemlemekdi. Buhara respublikasynda açylan Türkmen oblastyna ol aýratyn bakýardy, Hywa respublikasynda açylan Türkmen oblastyny hem gözden salmaýardy. Daşkentdäki, Moskwadaky öñki işdeşlerini, dostlaryny, tanyşlaryny bu meseläniñ oñyn ugra gönükdirilmegi üçin ulanýardy. Gaýgysyz türkmenleriñ amatly birleşdirilmegi üçin öz abraýyny hem ulanmakdan çekinmändir. Onuñ hormaty uludy, oña ynanýardylar, onuñ täsirine düşýärdiler, onuñ haýyşyny boş goýmak islemeýärdiler. Gaýgysyz her köñül köşgüne girmäniñ usulyny bilýärdi. Ine, şeýdip Gaýgysyz öz täze opponenti-garşydaşy Faýzulla Hojaýewiñ gözüniñ alnynda öz etjegini, öz maksatlaryny durmuşa geçiripdir. Ýogsa, Faýzulla Hojaýewiñ tejribesi hem hiç kimiñkiden pes däldi. Diñe onuñ meşhurlygy, şöhraty Buharadan, Daşkentden kän daşlaşmaýardy. Gaýgysyzyñ ady bolsa bütin Türküstana, şol sanda Hywa, Buhara ýañ salýardy. Moskwa Gaýgysyza ýratyn üns berýärdi. Sebäbi Gaýgysyz ýönekeý ynsanlykdan, adaty işgärlikden bireýýäm şahsyýet derejesine göterilipdi. Şahsyýetde-de şahsyýet bar. Onuñ şahsyýeti tebigaty boýunça ýumşak däl, örän başarnykly, örän irginsiz, örän gaýduwsyz, örän batyr hem soñky ýyllar barha gazaply. Ony durmuş şeýle bolmaga iterdi, mejbur etdi. Ýolunda duşan adalatsyzlyklar, töhmetler, haýynlyklar, zulumlar, iñ beteri hem pikir-meýil ýalñyzlygy ony wagtal--wagtal partlamaga mejbur edýärdi. Onuñ durky polada meñzese-de ol polatdan ýasalmadykdy, ähli ynsanlar kimin etden,süñkden, ruhdan ybaratdy. Bir bagtly tarapy-Gaýgysyzda ruhy rüstemlik bardy. Ana, şol ruh rüstemligi ony her gezek halas edýärdi. Häzirki ýagdaýda-milli respublikalara bölünişmek prosesi başlajak-başlajakda Gaýgysyzyñ Türkmen üçin, gelejekki Türkmenistan üçin neneñsi jan çekendigini, neneñsi ädimler, belki-de syrly-gizlin ädimler ädendigini, neneñsi ýollar sökendigini taryh eýýäm öz sahypasynda gizläpdir. Kararlar, buýruklar, dokladlar, dürli komissiýalaryñ protokollary, bu wakalara gatnaşanlaryñ gysgajyk ýatlamalary hakykatyñ diñe bir ujuny görkesip geçýär. Bu döwürde Gaýgysyzyñ öñde-soñda bolmadyk aktiwlik görkezendigine güman yokdur. Ol bu pursatyñ örän möhümligine, milletiñ ykbaly üçin hiç-hiç gaýtalanmajak pursatlygyna örän çuñ göz ýetiripdir. Hem özüni, hem özgeleri bu meseläniñ ähli milletler üçin amatly çozülmegine mobilizläpdir. Milli-territorial taýdan aýrybaşgalaşmak meselesi gazetlerde, žurnallarda öñräkden bäri ara alnyp maslahatlaşylýardy, zähmetkeşleriñ ýygnaklarynda goldanýardy. Türkmenleri we olaryñ oturan topraklaryny bir ýere jemläp soýuz respublika döretmek hakda Gaýgysyzyñ Moskwada uly ýolbaşçylaryñ haýsylary bilen deslapky, resmi däl gepleşikler geçirendigini, kimleri öz pikirine ynandyrandygyny bilmesek-de, Gaýgysyzyñ meseläni baş-başa oturyp çözmek edähedini, şahsy gatnaşyk ýoluny ulanyşyny göz öñünde tutsak, onda Türkmenistany soýuz respublika etmek meselesiniñ o hakdaky kararlardan has öň çözülendigine ynanyp bileris. Hakykat şeýle. Elbetde, territoriýalary bölüşmek, araçäkleri kesgitlemek, etniki alamatlary boýunça ilaty toplamak ýaly örän uly meseleleriñ çözgüdiniñ uzaga çekenligi tebigy zat. 1924-nji ýylyñ 25-nji fewralynda Türküstan KP MK-niñ Plenumy milli-territorial taýdan respublikalara bölünmek zerurlygyny orta atdy we bu ugurdaky işlere başlamagy ündedi. Şol ýylyñ aprelinde Moskwa bu işleri oñlaýandygyny aýtdy. 28-nji aprelde RK(b)P MK-niñ Orta Aziýa býurosy Türküstan KP MK-niñ Ispolnitel býurosy bilen bilelikde komissiýa döretdiler. Şol komissiýa bu uly işi başa eltmek üçin nämeler etmelidigini içgin öwrenip başlady. Gaýgysyz öz garşydaşy we bäsdeşi Fayzulla bilen bu komissiýa girýärdiler hem-de aktiw işleýärdiler. Işiñ barşynda gelejekki Ozbegistanyñ bähbitlerini goraýjy hökmünde çykyş edýän Faýzulla Hojaýew Türkmenistana degişli ediljek territoriýanyñ gaty giñligi bilen ylalaşmak islemeýärdi. Şol wagtky Türküstan ,Hywa, Buhara respublikalarynyň umumy territoriýasynyñ kyrk iki prosentine golaýy Türkmenistanyñ paýyna düşýärdi. Üstesine-de Hywa, Buhara respublikalaryndaky Türkmen oblastlarynyñ territoriýasy we ilaty gelejekki Türkmenistana geçmelidi. Özbegistana degişli ediljek Täjigistanyñ hem ilaty goşulsa Özbegistanyñ ilat sany ep-esli bolýardy. Türkmenleriñ sany bolsa o döwürler azdy. Hatda bir çeşmede 600 müñ töweregi diýlip görkezilýär. Umuman, şo ýyllaryñ ilat sany hakdaky maglumatlaryñ örän jedellidigini aýdyp geçeliñ. K.Muhammetberdiýewiñ we Ýa.Orazgylyjowuñ maglumatyna görä 1913-de Zakaspide 322,6 muñ türkmen ýaşapdyr. Ýigriminji ýyllaryñ yagdaýyny örän içgin öwrenen alym Gaýyp Nepesow 1925-nji ýylda tutuş Daşoguzda bary-ýogy 60 müñ türkmen ýaşandygy hakda maglumat aýdýar. (G.Nepesow “Demirgazyk Türkmenistanda sowet gurluşynyñ ýeñmegi” 235 sah.) Eger şondan çen tutsañ, onda Türkmenistanyň döredilmeginiñ öñüsyrasy türkmenleriñ sany hasam az bolýar. Hatda 1970-nji ýylyñ bir maglumatyna görâ Türkmenistanda bary-ýogy 1,4 million türkmen ýaşapdyr. Gelejekki territoriýasyny onuñ ilatyna göräräk kesgitlemek, Türkmenistany awtonom oblast ýa-da awtonom respublika derejesinde goýmak meýli türkmen milletiniñ ykbalyny batga batyrmak bilen des-deñdi. Şeýle meýilleri komissiýanyñ beýleki agzalarynyñ pikirine assyryn sokmaga başlan Faýzulla Hojaýewi togtatmak gerekdigine Gaýgysyz şobada göz ýetirdi. Ikiçäklikde uzyn-uzyn düşünişmeler peýda bermedi. Faýzullanyñ özüni tutuşy eýýäm ýeñijiniñ sypatyndady. Emma Gaýgysyz hem boýun sallarly däl. Ol gije-gündiz kelle döwdi. Her galanyñ gizlin çykalgasy bolşy ýaly,her meseläniñ hem gizlin-gizlin çözgütleri bolaýmaly diýip oýlandy. Gaýgysyz täjikleriñ ykbalyna ýakyndan bakmak zerurlygyny komissiýa agzalaryna ýatlatdy. Özi täjik bolany üçin Faýzulla Hojaýew täjik problemalary bilen içgin gyzygar we Özbegistan meselesinden az-kem sowaşar öýtdi. Başa barmady. Ol, gaýta, täjikleriñ awtonomiýasy pikirine köp ýan berdi. Şonda Gaýgysyz Faýzulla Hojaýewiñ milletler hakda aladadan öz şahsyýeti, öz ykbaly, öz gelejegi hakda köp endişe edýänligini bildi. Faýzullanyñ Özbegistana jany-teni bilen ýapyşýanynyñ syry-onuñ Tâjigistan ýaly kiçijik, soýuz respublika boljagy-bolmajagy gümana millete baş bolmakdan Özbegistan ýaly uly döwlete, üstesine Tajigistan hem degişli boljak döwlete, soýuz respublika boljagy gümansyz döwlete baş bolmaga dyzamakdy. Hut şonuñ üçinem Faýzulla Hojaýew Özbegistan tarapynyñ bähbitlerine köp ýan berýärdi hem-de özüniñ töweregini gallaşyp duran egindeşlerini şu meseläniñ öz isleýişleri ýaly çözülmegine ugrukdyrýardy, ýagny täjik hem özbek seslerini bir ýere jemleýärdi. Şunuñ bilenem Orta Aziýa býurosyny öz tarapyna gyşartmagy başarýardy. Meseläniñ beýle ösüşi Gaýgysyzy has aktiwleşdirdi. Emma Gaýgysyzda Faýzulla Hojaýewiñki ýaly mümkinçilik ýok. Ol ýeke, ol ýalñyz. O gitse, şo derejede ornuny tutjak ýok. Türkmenleriñ awtonom oblast ýa awtonom respublika bolmagyna razylaşyp, ýol berişip ýörjekler örân köp. Emma awtonomlygyñ derdini çekjek ýene halkdyr, türkmenlerdir. Söwer türkmenjikleridir. Ýo-ok, Gaýgysyz munuñ alajyny tapmasa bolmaz. Respublikalaryñ milli bölünişigini guramagyñ meseleleri jemlenilip komissiýanyñ gelen netijeleri-planlary 1924-nji ýylyñ 11-nji maýynda partiýanyñ Orta Aziýa býurosynda garaldy, ara alnyp maslahatlaşyldy we Moskwa-merkeze ýazylyp berildi. Taryhçy A.Roslýakowyñ gürrüñine görä (Muny taryhçy G.Gadelşin tassyklaýar), Gaygysyz: ”Partiýanyñ Orta Aziýa býurosy özbekparaz syýasat ýöredýär” diýip, meseläni Merkeziñ öñünde doly açyklygy bilen goýupdyr. Bu çaklamany OGPU-nyñ agentleriniñ gizlin habarlary, beýleki çeşmeleriñ häzir gizlin saklanýan maglumatlary arkaly doly tassyklap boljakdygyna ynanýaryn. Diñe bir duýduryp goýmak bilen kanagatlanmajak Gaýgysyz Merkezdäki ähli ryçaglaryny herekete geçirdi. Eger bir mahal bir adamdan, bir wezipeliden peýdalanmaga sâhelçe mümkinçilik dörän hem bolsa, ony şo pursat ulanmaga girişdi. Ýaman ýeri, Gaýgysyzyñ jübüsi boşdy, galyñ jübüli hem ýanynda ýokdy. Faýzulla Hojaýewiñ bolsa gurply, oñurgaly maşgalasy bardy. Eger işledeýin diýse, işlederlik pul tapyp biljekdi. ”Ýaş buharalylar” diýilýän topar onuñ arkasynda direnişip durdy. Buhara emiri gaçanda onuñ hazynasyndan”ýaş buharalylaryñ” ýetdik paýyny alandyklary hakda-da güman edip bolar. Adamzat iki aýagynda ýöremäni öwreneli bäri, berim-berme faktory onuñ bir ýanynda elmydama bar ahyry. Şeýle-de bolsa Gaýgysyzyñ gaýduwsyzlygy, örän baý guramaçylyk tejribesi, şahsy adamkärçilik mertebesiniñ örän belentligi, üstesine-de hut özünuñ Merkezde işläp dost-ýar edinmegi köp-köp zatdan üstün çykdy. Faýzulla Hojaýewiñ Daşkentdäki guran oýunlary Gaýgysyzyñ Merkezdäkiler bilen baglanyşyp guran oýunlaryndan ejiz geldi. Bu işiñ şeýle öwrülişiginde milli meselä gös-göni özi garaýan Staline kimiñ, neneñsi täsir edeni heniz bize belli däl. Emma Staline hut Gaýgysyzyñ özüniñ hat üsti bilen ýüzlenen bolmagy hem bolup biljek zat. Türküstan federasiýasyny döretmeli diýenleriñ pikiri geçmedi. Garagyrgyz soýuz respublikasyny döredip, oña gazaklary, gyrgyzlary, galpaklary goşmaly diýenleriñ hem pikiri geçmedi. Özbegistan soýuz respublikasyny döretmeli diýenleriñ pikiri kabul edildi, ýöne oña türkmenler awtonom oblast, ýa awtonom respublika görnüşinde hem girmediler. Türkmenistan soýuz respublikasy derejesinde guralmaly diýlip planlaşdyryldy. Indi Gaýgysyz Daskentden çykmady. Her bir pursatda her tüýsli pikir öwrülişiklerine taýýar bolup gezdi. Ykdysady, maliýe, maddy, territoriýa we ilat hasaplary hakda her bir owunjak meselelere hem çekinmän girişdi. 1924-nji ýylyñ 12-nji iýunynda partiýanyñ Merkezi komitetiniñ syýasy býurosy Orta Aziýanyñ milli - territorial bölünişigi hakda karar çykardy. 6-njy iýulda täze doredilýän respublikalaryñ we oblastlaryñ partiýa degişli wagtlaýyn milli býurolary döredildi we milli-territorial bölünişige ýolbaşçylyk etmek olara tabşyryldy. 1924-nji ýylyñ 9-njy iýulynda Hywa kompartiýasynyñ Merkezi komitetiniñ ýerine ýetiriji býurosy Hywa respublikasynyñ çäklerindäki türkmenleri we olaryñ ýaşaýan ýerini gelejekki Türkmenistana bermek hakda karar çykardy. Bu türkmenleriñ birleşip başlandygyny añladýan ilkinji buşluk habary ýaly kabul edildi. Şeýle-de bolsa Faýzilla Hojaýew territoriýa göz gyzdyrmasyny goýmandy we amatly pursat gelse, haka-nähaka bakman, territoriýalary Özbegistanyñ hasabyna geçirtmekden çekinmejekdi. Muny gabanjañlyk bilen synlaýan Gaýgysyz bu soñky aýlaryñ güzaplaryndan, zehin ýakmalaryndan, ýolunda gurulýan torlardan halys gerk-gäbe bolupdy. Maksada okgunlylykdan ýaña nerwler ahyr derejä çenli dartylypdy. Onsoñ, gürrüñlere görä, (muny taryhçylaram aýdýar) bir galagoply duşuşykda Gaýgysyz ýerinden syçrap turupdyr-da bar gazaby bilen Faýzulla Hojaýewiñ ýakasyndan ebşitläp tutup, siltäpdir, soñam başyna agyr ýumruk eñteripdir. Faýzulla Hojaýewem ganygyzgynlyk bilen jogap berip ýetişipdir. Dem salymdan sowaşyp, ýene irginsiz, çekeleşikli, jan ýakyjy maslahaty dowam etdiripdirler. Bu gürrüñ ýaşulylaryñ, şo ýyllaryñ şaýatlarynyñ dilinden düşmän, sowaşman şu günlere geldi. Çynmy-ýalanmy hiç zat aýdyp bilmeýärin. Ýöne çyn bolsa, o waka şo günleriñ neneñsi dartgynlydygyny, ne derejede çylşyrymlaşan-dygyny açyk görkezýär. Ahyry, 1924-nji ýylyñ 7-nji sentýabrynda partiýanyñ Orta Aziýa býurosynda Türkmenistanyñ araçäkleri kesgitlenýär. Gaýgysyz, agyr tupan sowlan ýaly, ilkinji gezek uludan dem aldy. Eýýäm 18-nji sentýabyrda Buhara respublikasynyñ çägindäki türkmen raýonlary ata Watana birleşdirildi. 1924-nji ýylyñ 27-nji oktýabrynda SSSR Merkezi Ispolnitel Komitetiniñ karary arkaly Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy döredildi. Taryhyñ, takdyryñ hasap dogrulaýşyna baksañyz-la: Türkmenistan SSR-i 27-nji oktýabrda döredi, Gaýgysyz hem 27-nji oktýabrda dünýä indi, Garaşsyz Türkmenistan hem 27-nji oktýabrda döredi. Orta Aziýanyñ özbek, gazak, türkmen, gyrgyz, garagalpak, uýgur, täjik halklaryndan 1924-nji ýylda diñe özbek we türkmen halklary soýuz respublika döredip bildiler. Türkmenistanyñ soýuz respublika bolmagynda diñe Gaýgysyz, diñe Gaýgysyz sarsmaz gala ýaly berk durdy. Gaýgysyz bolmadyk bolsa, o wagtlar Soýuz derejesinde tanalýan, gepi diñlenýän, halk içinde meşhurlyk gazanan, Gaýgysyzyñ ornuny tutup, onuñ bitiren işini bitirip biljek ýekeje türkmen ýokdy. Diñe Gaýgysyz Türkmeniñ bagtyna yetişen gerçek boldy. Eger Gaýgysyz bolmadyk bolsa, onda Türkmen ykbalyny Faýzulla Hojaýew ýaly başgalar, ýatlar çözerdi. Ykbal-takdyryñy özüñ ýa janköýeriñ kesgitlemese aşyñ ýarpasyna bişerdi. Tükmenistanyñ özygtyýarly respublika bolmagyna bütin il bilen bilelikde Gaýgysyz hem begenýärdi. Ýöne ol ilden iki esse köp begenýärdi. Türkmen milleti tiz, rahat ýetişer ýaly, kämillik tapar yaly syýasy şertiñ üpjün edilenine begenýärdi. Eger amatly bir pursat gelip soýuzdan çykmaly bolanda-da, awtonom respublikalar ýaly, iki basgançak ätlemeli däldi. Iru-giç bu soýuzdan çykmaly boljakdygyny weli gümansyz bilýärdi we bu pikiri köňlüñ bir burçunda häzirlikçe gizläp goýupdy. Gaýgysyz hem onuñ “sen dur, men öleýin” diýýän pikirdeşleri hem soýuzdan çykmak şeýle bir uzakdaky waka däl hasaplaýardylar. O ýyllar soýuz respublikasynyñ soýuzdan çykmak hukugy diñe kagyz ýüzünde galan hem bolsa, ýyllar geçdigiçe o hukugy ulanmak umydy inçelenem bolsa, altmyş ýedi ýyldan soñ, 1991-nji ýylda pagyş-para bolan SSSR-den çykmaly bolanda birmahallar Gaýgysyzyñ düýrmegi bilen topulyp, ähli kuwwatyny sarp edip gazanan özygtyýarlylyk hukugy derkar boldy, ana şonda şo hukuk işläp başlady. Türkmenistan Gaýgysyzyñ alyp beren hukugyny peýdalanyp Garaşsyz boldy. Garaşsyzlygyñ gan dökülmän, hiç bir päsgelçiliksiz gelmegi 1924-nji ýylda kesgitlenen ekeni. O ýyllardan bäri awtonom respublika bolup galan hem-de milli sostawy beýleki milletler, aýratyn hem rus milleti bilen doldyrylan, milli umytlary öçürilen halklaryñ öñünde örän kyn, kähalatda çözülmesi mümkin bolmadyk päsgelçilikler goýuldy. Eger türkmenler hem awtonomlykda galan bolsalar, bize-de şol ykbal garaşýardy. Bizem şo batgalykda batyp galardyk. Ynha, Gaýgysyzyñ 1924-nji ýylda diş-dyrnak bolup gazanan özygtyýarlylyk hukugynyñ ähmiýeti bütin sowet döwründe-de aýdyñ duýuldy welin, 1991-nji ýyldaky ykbalyñ-takdyryñ täze öwrüminde tapylgysyz, hiç zat bilen deñäp bolmajak ähmiýete eýe boldy. Bu hakykata näçe çuñ aralaşdygyñça, o hakda näçe köp oýlandygyñça o hakykat barha mizemez derejä ýetýär. Egerde men Gaýgysyzyñ biografy bolsadym, onda onuñ ömrüni iki basgançaga bölerdim: birinji basgançak-Gaýgysyzyñ 1887-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda doglan gününden tä 1924-nji ýylyñ 27-nji oktýabrynda Türkmenistan soýuz respublika diýlip yglan edilen wagtyna çenli aralyk. Bu esasy, kesgitleýji, iñ möhüm, iñ aktiw döwürdir. Ikinji basgançaga bolsa, soñky ömrüni goşardym. Bu döwür hem ähmiýetli, gyzgalañly, çylşyrymly. Ýöne Gaýgysyzyñ bu dünýädâki baş missiýasy, baş maksady ömrüniñ birinji basgançagynda hasyl boldy. * * * “Türkmenler haýsydyr bir proletar syýasatyñ gurbany bolmaly däldirler” Gaýgysyz. “Atabaýewiñ gulluk wezipesi her neneñ uly bolsa-da, ol onuñ atasynyñ mülki däl.” Gaýgysyz. 1925-nji ýylyñ 15-nji fewralynda Aşgabatda açylan Sowetleriñ birinji ählitürkmen gurultaýy Merkezi Ispolnitel Komiteti we hökümeti-Halk Komissarlar Sowetini resmi taýdan döretdi. Elbetde, Gaýgysyz bu taýda hiç bir jedelsiz lider. Emma sowet däplerine görä, heniz ýygnak başlamazyndan has öñ o ýygnagyñ neneñsi netije bilen tamamlanmalydygyny ýokarda maslahatlaşyarlar.O ýyllar partiýanyñ birinjiliginden, mejlisiñ başlygyndan hökümet başlygy has ähmiýetli wezipe hasaplanýanlygy üçin Türkmenistan hökümetine kimiñ hödürlenmelidigi hakda Merkezdäkileriñ, aýratyn hem Staliniñ deslapdan karara gelendigine söz ýok. Gaýgysyzyñ kandidaturasynyñ ýanynda başga kandidatura bolmadymyka? Gaýgysyz meselesinde kimdir biri Stalini göwnetmeli boldumyka ýa-da hut Staliniñ özi öz tanaýan adamsy hökmünde Gaýgysyzyñ kandidaturasyny goldadymyka? Bu sowallara hem-de umuman Stalin-Gaýgysyz gatnaşyklaryna gelejek jogap bermeli bolar. Herniçik bolsa-da Gaýgysyz Türkmenistan hökümetiniñ başlygy boldy. O çetinden o çetini çöller, daglar, deñiz we sähralar tutup ýatan örän giñ territoriýada ýaşaýan ilat neneñsi ýagdaýda? Türkmenleriñ sowat-bilim derejesi-umumy ilatyñ ondan birisine hem ýetenok. Kä ýerlerde ondanam az. Mysal üçin, Daşoguz welaýatynda prof. Gaýyp Nepesowyň şaýatlyk edişi ýaly sowat-bilim iñ pes derejede. Türkmenleriñ maddy ýaşaýyş derejesi örän pes. Garyp sözi her ýurtda ulanylsa-da, garypdan garyp bar. Türkmenler sözüñ çuñ manysyndaky garyplardy. Her halkyñ näçe möçberde suw ulanýandygyna görä, ýagny öýde we işde ýuwunma-ardynma, iýmit taýýarlama üçin suw ulanyşyna görä o halkyñ öý-durmuş, tämizlik medeniýeti kesgitlenip biler. O ýyllar suw gaty az ulanylýar ekeni. Beýleki eşretler hakda aýdyp oturasy iş ýok. Senagat ýörjen-ýörjen ýagdaýda, pagta arassalaýjy, çigit ýagyny öndüriji, kiçeñräk fabrikler, nebit çykaryjy az sanly guýular bolmasa, göze görner ýaly senagat ýok. Halkyñ sarp edýän, gündelik ulanýan harytlarynyñ ählisi daşardan getirilýär. Elbetde, demir ýol hem-de oña hyzmat edýän kärhanalar bar. Türkmenleriñ bir-birek bilen ynsanlyk gatnaşyklary taýpa-urugçylyk derejesindedi. Gaýyp Nepesow agzalan kitabynyñ 42-nji sahypasynda gyzykly bir maglumat getirýär. 1. Taýpa-muña han baştutanlyk edýär. 2. Uly tire-baş serdar, baş möhürdar başda durýar. 3. Kiçi tire-ýaş serdar ýa-da kiçi möhürdar başda durýar. 4. Urug-beg baş bolýar. 5. Kowum-kethuda başda durýar. 6. Gandüşer-aksakal basda durýar. 7. Garyndaş-ýaşuly baş bolýar. 8. Ojak-maşgala-ata-maşgalabaşy başda durýar. Jemgyýetimiz şeýle ýagdaýdady, üstesine tebigatymyz hem örän gurak, örän gyzgyn, örän garyp toprakly. Ynha, Gaýgysyz şeýle ýagdaýdaky döwlete baş boldy. Bu ýagdaýy ýazmak bilen türkmen halkymy, öz garagözlerimi hiç-hiç ynjytmak, kemsitmek niýetimiñ ýoklygyny aýtmak isleýärin. Her bir halkda bolşy ýaly, Türkmen halkynyñ hem rowaçlyk, pajarlama asyrlary, ýeñişler-ýeñlişler, pese gaçyş asyrlary bar. Türkmenistanyñ häzirki territoriýasynda on üçünji asyrdan tä on sekizinji asyryñ başyna çenli uzak tümlük, durgunlyk asyrlary boldy. Döwletmämmet Azady, Andalyp, Magtymguly ýaly beýikler halys dargap, ownap barýan halka täze ruh berip, türkmenleriñ bütinleý ýitip gitmeginiñ öñüni aldylar. Ine, şol içki ösüş añda-beýnidäki oýanyş, bir-birege ysnyşma iki ýüz ýyla çekdi. Gaýgysyz ýaly beýik türkmensöýer, watansöýer, topraksöýer şahsyýetiñ döremegi üçin iki ýüz ýyl öñ toprak häzirlenip başlan ekeni. Toprak beýik ruh topragydy, gedemligi we gahary aradan aýyryp,ähli türkmen çoýunyp biljek ojak döretmek üçin zerur toprakdy, toz-tozana garylyp-sowrulyp giden milletsöýerlik duýgularyna, pikirlerine, umytlaryna täzeden jan berjek toprakdy. Gaýgysyz hut şeýle ar-namysly topraga kök urup yetişen çynar boldy. Yradyklaryça berkedi, silkedikleriçe ýognady, her bir owunjak kökleri hem halk ruhundan nem aldy. Belki, şu ahwallary göz öñünde tutup Gaýgysyza “gudrat bilen dörän" diýendirler. Hawa, Gaýgysyz gudrat bilen döredi, özi-de türkmen halkynyñ gudraty bilen döredi. Her bir halk özüne zerur bolanda öz beýik ogullaryny döredýär.Ýada salyñ: Günbatarda iñ güýçli imperiýa bolan Wizantiýany ýeñmeli bolanda türkmen halky Alp Arslany döretdi. Ol on müñ esger bilen ýüz müñlük leşgeri kül-peýkun etdi. Eger Wizantiýa imperiýasyny Alp Arslan ýeñmedik bolsa, onda dünýäde türkmenleriñ gelejekki takdyryny göz öñüne getirmek kyn bolardy. Ystambyl-Konstantinopol şäheri dünýaniñ paýtagty, şäherleriñ şasy saýylýarka, Bosfor bogazy dünýäniñ strategik taýdan iñ ähmiýetli bogazy saýylýarka, olary ele geçirmek zerurlygy dörände ýaş we ok ýaly tiz Fatih (Ýeñiji) Soltan Mehmet orta çykdy. Eger Konstantinopol we Bosfor bogazy golunda bolmasa, iñ uzak ýaşly Osman imperiýasy ýedi ýüz ýyllap dowam edermidi?! Bu gazaply tebigat, bu gazaply ýaşaýyş, tükeniksiz alha-çaplyklar, göçe-göçlükler açlyklar, gyrgynçylyklar bu halkyñ özüni hem gazaba öwrüpdir. Türkmenler ýüzi agyr, gylygy hyrsyz, gany gyzma bir halka dönüpdirler. Gaýgyzyz Türkmenistan hökümetiniñ başlygynyñ belent kürsüsinden öz halkyny synlaýardy we bu hakykaty ýatlaýardy. Gaýgysyz öz halkyna belet bolany üçin başga bir hakykaty hem görýärdi: Türkmenler hernäçe ganygyzma, hernäçe hyrsyz ýüzli görünseler-de, olaryñ köñlüniñ çuñunda asyrlar boýy adalatsöýerlik ýitmän galan borly. Şoña düşünmek zerurdy. Hut şol güýçli adalatsöýerlik bolany sebäpli, Gaýgysyz täze wezipede köp iş bitirjegine umyt edýärdi. Ynha döwlet, ynha halk! Nämeden başlamaly? Ajy doýurjak bolsañ, yalañajyñ egnini örtjek bolsañ, näme etmeli? Okuw-bilime gol bermeli. Dosty, dogany Muhammetguly Atabaý bilen birmahallar “Türkmenistan! Türkmenistan!" diýip eden arzuwlary hasyl boldy. Olar şonda ähli ilaty ylymly-bilimli etmek hakda-da göwün ýüwürdipdiler. “Iýmek-içmekden öñ okuw-bilim zerur” diýen Muhammetgulynyñ sözlerini Gaýgysyz hiç unutmaýardy. Ynha, zamany geldi. Gaýgysyz ilki respublikada bar bolan ylymly adamlary işe çekip başlady, olaryñ milletine, syýasy garaýşyna, baý-garyplygyna bakman çekdi. Öñ patyşa zamanynda diñe dini okuw bilen meşgullanan ylymly adamlary dünýewi mekdeplerde işlemäge yrdy. Hökümetiñ agzalaryna Merkezi okuw jaýlarynda okatmak üçin oglan-gyz seçmäni ündeýärdi we olary Daşkende, Moskwa, Leningrada ugradýardy. Ugradylan her bir talybyñ ýagdaýy bilen irginsiz gyzyklanyp, käbiri bilen hat alyşýardy. Ol bu däbini soñky ýyllarda-da goýmady. Soýuz derejesindäki dünýä belli alymlar, az öwrenijiler, medeniýet, sungat wekilleri bilen şahsy duşuşyk gurap, olary dürli ýollar bilen özüne çekip, Türkmenistan bile gyzyklanmasyny güýçlendirdi. Az wagtdan Türkmenistan alymlaryñ, ýazyjy-şahyrlaryñ, kompozitorlaryñ köp üns berýän respublikasy boldy. Gaýgysyz olara bir zatlar öwretjek bolyan, olaryň işine goşulýan biçärelerden däldi. Ol diñe guramaçydy. Muña respublika gelýänler gaty uly üns berýärdiler hem-de şoña görä olaryñ gözüniñ alnynda Gaýgysyzyň abraýy göterilýärdi. O döwürler bu örän uly ahmiýete eyedi. Uly-uly ýazyjylar, şahyrlar, kompozitorlar, dürli ugurdaky alymlar, hojalyk pudaklary boýunça inženerler Gaýgysyzyñ örän berk gylykly, salykatly, paýhasly we beýik medeniýetli bir ynsandygyny bada-bat duýýardylar. Şoña göra Merkezden gelýänleriñ hiçbiri Merkez howasyna buýsanyp, özüni ýokary tutjak bolmaýardy. Gaýgysyz, döwürdeşleriniñ tassyklaýşy ýaly, az geplär eken, emma surnukdyryjy dymma hem däl. Söhbetdeşliklerde gyzykly gep tapmaga ökde eken. Özüni mydama sada we açyk alyp barýar, beýleki işgärlerindenem şuny talap edýän ekeni. Mysal üçin respublikanyñ bir yerine çekirtge çozan bolsa, bir ýerde ýer titiräp weýrançylyk bolsa, ähli wakany, ähli hakykaty bolşy ýaly aýtmagy talap edipdir. ”Aýbyny ýaşyran aýnalmaz.” Gaýgysyzyñ birine ýaranjañlyk etmegi ýa-da biriniñ Gaýgysyza ýaranjañlyk etmegi hiç-hiç akla sygjak zat däl ekeni. Şoña görä ýaranjañlyk, şugulçylyk ýol alyp bilmändir hem-de adamlar öz mertebesini saklamagy öwrenip baslapdyrlar. Ol döwlete ýolbaşçylyk edip başlandan tireçillige, obaçyllyga, garyndaşçyllyga we şuña meñzeş ownukçyllyga berk gaýtawul beripdir, şeýle hem özi muña hiç yagdaýda ýol bermändir. Respublika gelýänleriñ biri: ”Siziñ aslyñyz nireden?” diýip soraýsa-da "Türkmenistanly" diýer ekeni. Ol öz obasyny beýleki obalardan ileri tutup, öz obasynyñ ýa goñşy obalaryñ adamlaryny öz töweregine jemläp ýören bus-bus ýolbaşçylardan däl. Uly dogany Agajan serdaryñ Marydaky mülküne batyrnyp bilmän ýörüşlerini görüp, özi baryp mülk yeri garyplara paýlap gaýdypdyr. Gaýgysyz ynsan erkinligine, ynsan mertebesine, her bir terbiýeli adamyñ edişi ýaly, örän uly ähmiýet berýär. Hatda duşmanlarynyñ hem ynsandygyny unutmaýar. Hut şoña görä-de respublika gurlanda ýene ýolbaşçy wezipede görnen Halmyrat Sähetmyrady ýoldan aýyrjak bolup dyzamaýar. Ýogsa H.Sähetmyrat ur diýilse öldürýän kommunistlerden. Onuñ üçin partiýa ähli zatdan ileri, emma partiýanyñ añyrsynda adamlar bardygyny görmeýän kör kommunist. Onuñ özüni alyp barşyny synlasañ, onda ne öz milletine hormat-söýgi bar, ne adaty adamkärçilik normalary saklanýar. Ol maşyn-adam. Ol sözüñ diñe harpyny bilýänlerden, sözüň ruhy, söz astyndaky gizlin many oña degişli däl ýaly. Şoña görä her bir meselede Gaýgysyz bilen H.Sähetmyradyñ pikirleri caknyşýardy. Munuñ hiç bir gümansyz delilini soñraky sahypalaryñ birinde okarsyñyz. Öñlerem edişi ýaly, häzirem Gaýgysyz jemgyýetiñ agzybirligi üçin jan çekýär. Agzybirligiñ hatyrasyna, täze gurlan Türkmenistanyñ kuwwatlanmagynyñ tarapynda, ol duşmanlaryň, ýa duşmanlara goşulanlaryñ günäsini geçmegiñ tarapynda. Gaýgysyzyñ ýüreginde başdan-aýaga dowam eden belent gecirimlilik bar. Ol bu paýhasly geçirimliligini hiç mahal taşlamady. 1925-nji ýylyñ fewralynda bolan gurultaýda günä geçme hakda we Jüneýit han tarapyndan wekilleriñ bu gurultaýa getirilmegi hakda jan çeken Gaýgysyzdy. Eýsem gurultaýyñ yz ýany hökümediñ karary bilen Jüneýit hanyñ adamlaryna un, çaý berilmegine neneñsi düşünse bolar?! Şol gytçylykda halkyñ agzyndan kesip, duşmanyña bir gezek däl, ençeme gezek un, çaý bermek üçin neneñsiräk ýürek gerekligini bir oýlanyñ! Ýa Gaýgysyz ony öz bähbidi üçin etdimi? Ýok. Ýa Jüneýit handan gorkusyna şeýtdimika? Asla, ýok. Diñe jemgyýeti bölmezlik üçin, icki gapma-garşylygy ýumşatmak üçin şeýtdi. Bu Gaýgysyzyñ beýik ynsansöýerliginiñ alamaty. Üstesine-de ol has uly maksada ýetmek ýolunda, ýagny Türkmenistany aýratyn döwlete owürmek ýolunda Jüneýit hana köp umyt etmese-de onuñ yzyna düşüp ýörenleri özüne çekmek umydy bardy. Ynha, Türkmenistanyñ hökümet başlygy bolanda Gaýgysyzyñ şeýle sypatlaryny, şeýle häsiýetlrini il synlapdy. Ol respublikadaky ýolbaşçylaryñ arasynda iñ köp tejribelisidi we elbetde, wezipä adam seçmekde ol añsat-añsat ýalñyşmaýar. Ýanyp duran ot ýaly şöhleli, ýiti hem örän paýhasly gözleri bilen içgin bakdygy seniñ kimdigiñe göz ýetiriberýär. Soñra işde synap görýär. Ol bir işgär hakda bir netijä geljek bolsa, töwerekdäkileriñ hyşy-wyşysyna ynanmaz, gybat gürrüñlerini diñlemez, işiñ netijesine gol berer. Gaýgysyza bagly bolsa, para-peşgeş arkaly ýa başga bir kümürsük ýollar bilen wezipä geçmek mümkin däl. Şoña görä Gaýgysyza bu ýollary ulanjak bolýanam ýok ekeni. Iş başarmaýan kim bolsa-da, haýsy milletden bolsa-da, neneñsi uly wezipeli, hatda özünden ýokardaky wezipeli bolsa-da, aýbyny göni ýüzüne aýdýan ekeni. Ol jentlmenlerçe açyk ekeni, onsoñ: ”Sen şu wezipäni zaýalap ýörme-de özüñ gidäýsene” diýip sypaýylyk edýän ekeni. Iş başarmaýan şonda-da wezipä ýapyşyp ýatsa, alajyny tiz tapýar. I.I.Mejlauk bilen şeýle waka ýüze çykypdyr. I.Mejlaukda uniwersitetiñ iki diplomy bar. Iş tejribesi hem dürli taraplaýyn. Uly zawodyñ direktory, tutuş Türküstanyñ pagta senagatyna ýolbaşçy bolan, partiýanyñ Orta Aziýa býurosynyñ agzasy bolan adam. Merkez I.Mejlaugy goldaýar we oña Türkmenistan Kompartiýasynyñ MK-nyñ sekretary wezipesini berýärler. Emma onuñ ýerli ýagdaýy bilmeýänligini, bilmekçi hem däldigini, işgärler bilen işleşip bilmeýändigini, täze döwrüň täze talaplaryny berjaý etmeýändigini, şeýle ýagdaýda ýolbaşçy bolup bilmejekdigini Gaýgysyz tiz duýýar. Hiç gypynçsyz herekete geçýär. ”Siziñ iberen adamyñyz Türkmenistana ýolbaşçylyk ederden ejiz, şonuñ üçin ony yzyna çagyrmagyñyzy towakga edýärin diýip, ýokarky ýolbaşçylara habar berýär. Işiñ öñküligine galyberjegini bilende ýañadan, has köp deliller tapyp dyzap başlaýar. I.Mejlauk yzyna çagyrylyar. Umuman, Gaýgysyz partiýanyñ Orta Aziýa býurosyna we respublikanyñ partiýa guramasyna merkezden, üstesine-de başga milletden ýolbaşçy iberilmegine gizlin garşylyk görkezipdir. Merkez şeýtmek bilen ýerdäkilere ynanmaýandygyny açyk görkezipdir. Onsoñ Gaýgysyz dagy I.Mejlaugy aýransoñlar, merkezden soraman, ýerli kadr bolan Annaguly Artykowy partiýa sekretarlygyna belleýärler. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |