10:18 Ömrüm kitap sahypalarynda | |
ÖMRÜM KİTAP SAHYPALARYNDA
Ýatlamalar
Men her bir tolkunyñ garşysyna çykmagy söýýän. Şonda maña kuwwat gelýär. Eger okyjy meni irde-giçde okan bolsa, ol “Duman daganda” diýen romanymy okan bolsa gerek. Komministleriñ mafiýa bilen birleşip döwleti ýykyşlary hakdaky bu roman Gorbaçýow zamany, 1989-da, bir ýylda iki gezek çap edildi. Birinji gezek otuz müñ, ikinjide 27 müñ kitap satyldy. O döwür 4 millionly Türkmenistanda 8 aýda 57 müñ kitap satmak örän geñ wakady. O kitaplaryñ 1.600 sanysyny Sakarçägede ýaşaýan bir kommunist, öñ partiýanyñ welaýat bölüminiñ başlygy bolan kişi dükandan satyn alyp ýakypdyr. O kişi romandaky wakalar özi hakda diýip düşünipdir we şo sebäpli ýakypdyr. Düşünişi dogry-da, ýakyşy ýalñyş. Bu wakany ýazyjy Anna Paýtyk maña gürrüñ beripdi. Romandaky wakalar özi hakda diýip düşünen başga-da birnäçe kişi telefon arkaly haýbat atypdy. Men olaryñ ählisine şol bir jogaby berdim. “Men öz etmeli işimi etdim.” O kitabyň çap edilmegi üçin kagyz tapylyşy-da aýratyn bir söhbet.O döwürler ỳurtda her zadyñ gyt bolşy ýaly, kagyz hem gytdy. Emma bir dostumyz maña ýagşylyk etmek üçin yhlas etdi-de ep-esli tonna kagyz satyn almaga mümkinçilik tapdy. İndi kagyz tapyldy, ony goýara ýer ýok. “Garyp galla tapmaz, galla tapsa, gap tapmaz” diýleni. Kagyzlary Aşgabatdan alyp, 40 kilometrlik dag içinde Pöwrize diýen ýerde ýazyjylaryñ dynç alyş öýüniñ howlusynda goýduk. Ýoldan geçen her kişiniñ o kagyzlara gözi düşýär. Respublikanyñ ýolbaşçylary-da bu ýoldan her gün geçýärdiler. Onsoñ bir gün: “Gazet çykarmaga kagyz ýok” diýlip howsala turýar. Uly başlyk: “Ýazyjylaryñ howlusynda bir küde kagyz basylgy ýatyr. Baryñ, alyñ” diýip buýruk berýär. Buýrugy bitirmeli kişi meniñ dostum bolup çykýar. Ol tizden-tiz maña telefon etdi: ”Oraz! Ýet, seniñ kagyzlaryñy döwlet mugt almakçy bolýar. Eger kagyzlaryñy başga bir gizlin ýere örän tiz geçirip ýetişseñ, utarsyñ. Biz gijräk barjak bolarys” diýdi. Men ýyldyryma öwrüldim. Eýýäm bir ýarym sagat geçip-geçmänkä, kagyzlar başga bir gizlin ýerde gizlenipdi. Ýazyjylar öýüniñ sakçysyna-da:”Kagyz sorap gelseler, bir jaýda basylgy ýatan tualet kagyzlaryny görkezgin” diýip haýyş etdim. Kagyzy aljak döwlet adamlary gelip görseler, tualet kagyzyndan başga kagyz görmändirler we muny başlyga habar beripdirler. “Meni aldajak bolmañ. Men ir bilen gözlerim bilen görüp geçdim” diýip, başlyk gaty gaharly sözläpdir. Eger men kagyzlarymy elden aldyran bolsam, roman hiç çykmazdy. “Duman daganda” romany şeýle kynçylyk bilen çykdy. Onuñ şowly satylmasy we maña weşeñ- weşeñ pul gelmesi meniñ gözlerimi gapyp bilmedi. Hudaýa şükür! O romanyñ kemçiliklerini henizem ýadymdan çykaryp bilmeýärin. Çagalarym bolsa, o paket-paket gelen pullary ýadyndan çykaryp bilmeýärler. “Kaka! Ýene bir sapar öñki ýaly doly paket pul getirsene!” diýip ýylgyryşýarlar. Men bu romany ýazyp başlamankam beýik Magtymgulynyñ ömri hakda biografik bir roman hem ýazýardym. Iñ kyn ýazylan eserim hökmünde onuñ maña beren jebri henizem ýüregime agram berýär. O romanyñ bölekleri gazet-jurnallarda çap edilip başlansoñ, okyjylar meni Magtymgulyçylaryñ hataryna geçirdi. Bu uly ýalñyşlykdy. Sebäbi men nire, beýik Magtymguly nire?! Magtymgulyny öwreniji diýmek örän uly dereje ahyry. Dünýä inenine 275 ýyl geçen Magtymgulynyñ edebi-ylmy syrlarynyñ şu güne çenli-de doly açylmandygy köp zatdan habar berỳär ahyry. Magtymguly, syrym çohdur. Men neýläýin açan ýokdur. - diýen şahyr, 21-nji asyrda-da o setirlerini gaýtalaýar. Şol ýyllar Magtymgula örän köp üns berlip başlandy hem-de respublika derejesinde Magtymguly jemgyýeti döredildi. Oña tanymal alym Nazar Gulla başlyk saýlandy. Soñra jemgyýetiñ guramaçylyk komiteti döredildi. Meni bu jemgyýetiñ jogapkär sekretarlygyna saýladylar. Nazar Gulla-da, menem aýlyksyz-günlüksiz Magtymgula hyzmat edip başladyk. Meniñ Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetinde 12 ýyl işlänim bu ýerde peýdaly boldy. Hökümet edarasynda oturan çinownikleri tanaýardym we olardan peýdalanyp biljekdim. Magtymguly jemgyýetiniñ uly iş planyny düzdüm: Magtymguly lotereýasyny goýbermeli. Magtymgulyny dünýä tanatmaga çalyşmaly. Türkmenistanda Magtymgulynyñ öwrenilişine ýardam bermeli, adynyñ ebedileşdirilişini güýçlendirmeli. Üç sany uly mesele. Uly kynçylyk çeke-çeke ahyry 5 million sany lotereýa goýberdik. O lotereýada Magtymgulynyñ şekli we bir bent goşgusy ýerleşdirildi. Bu lotereýadan Magtymguly jemgyýeti 1,5 million rubl, ýagny o döwürki hasaplara görä 2 million dollar sap girdeji aldy. Bir köpüksiz jemgyýet baý jemgyýete öwrüldi. Men özge wezipämi taşlap, Magtymguly jemgyýetinde aýlykly işläp başladym. Öwünmek üçin aýtmaýaryn, ýöne bu jemgyýetde örän köp iş etdik. Diñe Magtymgulynyñ daşary ýurtlarda çap edilmegine, Türkmen döwlet uniwersitetine we beýleki ýerlere Magtymgulynyň adynyň dakylmagyna, her ýylyñ 18 maýynda Magtymguly gününiñ bellenmeginde Magtymguly jemgyýetinden ilkinji teklip, ilkinji täsir ýetenini aýdyp oñaýyn. 1991-de türkmeniñ iñ uly dessançy bagşylarynyñ biri, Magtymgulynyñ tas ähli goşgularyny saza salan, ahyrda-da zäherlenip öldürilen diýlip güman edilýän Gurt Ýakup hakda kiçijik bir kitapça ỳazdym. Dogrusy men galam tutdum, galamyñ özi ýazdy. Örän tiz, 20 gün içinde ýazylan kitapçany ondanam tiz, ýagny 10 gün içinde çap etdiler. 40 müñ sany kitapçanyñ 39 müñüsini iki aýa galman satdyk. Ynanar ýaly däl. Halk meniñ kitabyma däl-de beýik Gurt Ýakuba şeýle teşne ekeni. Başga bir geñ wakany hem aýdyp geçeýin: “Gurt Ýakup” kitabynyñ galanja müñ sanysyny soñky on ýylda satyp gutaryp bilemok. Muña hiç aklym ýetmeýär. Şu arada 1992-nji ýylda ömrümiñ sekiz ýylyny berip ýazan kitabymy tamamladym. Çaphana üçin 45 müñ rubl puly elim bilen sanap berdim. O pul “Duman daganda” we “Gurt Ýakup” kitaplarymdan toplanan puldy. Men o zamanlar o pula 4 sany gowy ýeñil maşyn alyp bilýärdim. Kitabyñ adyna “Magtymgulynama” goýdum we hiç gypynçsyz, tizräk çap edilmegini isledim. Çap edilişi, kagyzy pes hilli bolsa-da kitap çykdy. Ömrümde beýle begenen däldirin, kim bilsin, gelejekde-de beýle begenerin öýtmeýärin. Kitap 30 müñ sany basyldy. Gowy alynyp başlandy. Emma inflýasiýa-hümmetsizlik ähli zady bulaşdyrdy. Dört maşynyñ puluny berip çykardan kitabymdan dört maşyn-a beýlede dursun, dört teker hem alarlyk pul gazanmadym. Bu pul tarapy, emma o kitabyñ maña beren ruhy kuwwatyny, begenjini ölçäre gural tapylmaz. Häzire çenli-de “Magtymgulynama” meniñ ýürek damarymdyr, damarymda ganymdyr. O meniñ üçin beýle görünýär, okyja başga görünmegi hem bolup biljek zat. İndi Garajaoglan hakda. Meni 1990-da Türkiýeli dosdumyz İrfan Ünwer Nasrettinogly Garajaoglan kongresine çagyrdy. O döwür Moskwadan rugsat alýardyk hem-de şo taýdan Türkiýä uçýardyk. Bizi Moskwadan ugradýan Ŷazyjylar birleşiginiň işgäri: “Türkiýede açlyk. Ýanyñyza çörek köpräk alyñ” diýdi. Sowgat hökmünde bolsa Kremliñ we Leniniñ suraty çekilen çellofan paketleri almagy maslahat berdi. Ýoldaşym ikimiz aýdylyşy ýaly etdik. İki sany uly sumkany çörekden dolduryp, Ankara baryp düşdük. Bir sagatdan soñ o işgäriň bize ýalan sözläni belli boldy. Soñra täze tanyşlara Lenin suratly paket sowgat berýäris weli, birgeñsi ýüzleri çytylýar. Biz bir ýalñyşlyk barlygyny duýup, İrfan beýden sorasak, ol gülüberdi. “Bu taýy Türk ýurdy. Biz Lenini söýmeris. Gowusy, o paketleri taşlañ, ýa yzyna äkidiñ. Onsoñam bizde paket sowgat bermek däbi ýok” diýdi. Biz nämäniñ nämedigine akyl ýetirip başladyk. Biziñ gözlerimizi Türkiýe açdy. Men Türkiýä ugramankam Garajaoglanyñ Türkmenistandaky ýagdaýy bilen içgin gyzyklandym. 1975-den 1990-a çenli Garajaoglany çap etmek gadagan edilipdi. Men bir ýerlerden Garajaoglan kitabyny tapyp okadym. Abdyrahman Mülkamanyñ we beýlekileriñ öñki işlerini öwrendim. Garajaoglanyñ şygyrlary meni bendi etdi. Hakykatda men Garajaoglan bilen hassalandym. Şeýle üýtgeşik şahyryñ gadaganlygyna çydap durup bilmän, “Garajaoglany kim zyndandan çykarar?!” dıýen makalany ýüzümiñ ugruna ýazdym. Sowet döwrüligini, soñundan başa bela gelip biljegini hiç ýada salmandyryn. Bolsa-da meni halk, okyjylar goldady. Şeýdip, Garajaoglany zyndandan çykarmak bagty maña nesip etdi. Men Türkiýede, Adanada Garajaoglanyñ beýik meşhurlygyny görüp gelemsoñ, Garajaoglan agşamyny guradym. Kitabyny taýýarlamaga başladym. O döwür türkçe bilşim ýabygorludy. 1993-de Türk ỳigidi Nejdet Öz maña türk dilini öwredip başlady. Soñ Garajaoglanyñ şygyrlaryny has lezzetli okap, terjime edip başladym. 1994 ýylda Krasnowodsk(häzir Türkmenbaşy) şäherinde ýaşulylaryñ maslahatyna Garajaoglanyñ goşgular kitabynyñ sowgat berilmegini hem-de Nebitdag (häzir Balkanabat) şäherinde Garajaoglana heýkel dikilmegini maslahatyñ iş planyna goşdurdym. Maslahatdan öñinçä Aşgabatda Dünýä türkmenleriniñ guramasy bilen birlikde Garajaoglan agşamyny geçirdik. Halkyñ gulagynda Garajaoglan sözi köp ýañlanyp başlady. Uly kompozitor Rejep Allaýar köp aýdymlar ýazdy. Garajaoglanyñ “Gaşlaryñ gara dälmidir” diýen kitabynyñ çap edilişi hem aýratyn bir söhbet. Men Nejdet Özüñ kömek bermegi bilen kitaby taýýarladym, emma kitabyñ harjyny çekýän firmanyñ ýolbaşçysy: “Sen professor däl, doktor däl. Men kitabyñ golýazmasyny kabul edip biljek däl” diýdi. Men kyn ýagdaýda galdym. A.Mülkamanowa ýüz tutdum, ol köp pul isledi. Garajaoglanyñ türkmençeden parhsyz gaty sada goşgularyny saýlap gazetlerde çap etdirip başlan, emma türkçe gowy bilmeýän professor K.Ataýewe ýüz tutdum. Oña sözbaşy ýazmagy hem haýyş etdim. Ol bu işi gaty tiz bitirdi. Golýazmany okap görsem, sözbaşy türk kitaplaryndan alnan, goşgularyñ terjimesi gaty gowşak. Sözbaşyny aldyk, özümiziñ terjime eden goşgularymyzy aldyk, K.Ataýewiñ terjime eden goşgularyndan 5-10 sanysyny täzeden terjime etdik, redaktirledik. Goşgulary çapa taýýarlan, sözbaşy ýazan professor K.Ataýew diýip ýazdyk. Firma bu gezek işimizi kabul etdi. Professor K.Ataýew özüniñ professor adynyñ galkan hökmünde ulanylandygyny duýman galdy. Galam haky berlende oña 850 dollar, maña we suratça bolsa 450 dollardan berdiler. Işiñ müşgili soñ başlady. Türkiýede çap etmek üçin golýazma iberildi. Çaphana redaktoryñ tiz gelmelidigini habar berdi. Oraz Aýdogdyýew diýen köne kommunist döwletiñ medeniýet işlerine ýolbaşçylyk edýärdi. O döwrüñ düzgünlerine görä, şonuñ rugsady bolmasa medeniýet işgärlerine daşary ýurda gitmäge wiza bermeýärdiler. Garaşyşym ýaly hem boldy. Sebäbini hem aýtmady, wiza-da bermedi. Wagt örän az galdy. Ýaşulularyñ döwlet maslahatynda Garajaoglanyñ kitabynyñ sowgat berilmegi meniñ uly arzuwymdy. Näme etmeli? Her ýollary derñäp gördüm. Çykalga ýok ýaly. Emma her derdiñ dermany barlygy belli. Ahyry, bir söwdagär Azerbeýjanyň paýtagty Bakudan Türkiýä awtobus gidýänligini, wiza meselesini hem özleri çözýändigini aýtdy. Men eglenmän, sessiz-üýnsüz Bakuwa uçdum. Soñra köneje awtobusda Türkiýä ugradyk. Biz üç ýarym günde süyrenip Ystambyla bardyk. Ölüligimiz-diriligimiz bilner ýaly bolmady. Işleri bitirip, gaýdyşyn awtobusda gören görgülerimi duşmanyma-da arzuw etmerin. Her söwdagär ganar-ganar, çuwal-çuwal ýük basypdyr. Zordan oturar ýaly ýer tapdym. Awtobus gyşaranda ýañky ýükler depämizden eñterilýär. Boýnumy, bilimi döwdürmän barsam razy boldum. Ynha, Garajaoglanyñ “Saçlaryñ gara dälmidir” diýen kitaby maña şeýle ezýetler berdi. Kitap çap edilip Türkmenistana gelensoñ, “Men kömek etdim” diýýän köpeldi. Bu hemişe-de şeýle bolýar. Şu taýda Garajaoglan bilen bagly bir syrymy hem okyja aýdasym gelýär. 2005 ýylyñ 21-24 sentýabry arasynda Türkiýäniñ Tarsus şäher häkimliginiñ her ýyl geçirýän halkara Garajaoglan günleri boldy. Oña meni-de çagyrdylar. Dürli ýurtlardan, ýurt içinden alymlar, ýazyjy-şahyrlar, bagşy-aşyklar üýşüpdirler. Söz gezegi maña ýetende: Garajaoglan 2006-da 400 ýaşaýar. Bu ýubileýi dünýä derejesinde geçirmek üçin Ýunesko hem-de türki döwletleriñ ilçihanalaryna, medeniýet ministrlerine hat ibereliñ diýdim. El çarpyşyp goldadylar. Tarsus şäher häkimi, Garajaoglanyñ we Türk dünýäsiniñ aşygy Burhaneddin Kojamaz başlyklaýyn ýüze ýakyn alym, ýazyjy, şahyr, bagşy gol çekip, hat taýýarladyk. Soñra ol hat agzalan adreslere iberildi. Bu barada Azerbeýjanda neşir edilýän halkara “Baýaty” jurnalynyñ 2006-njy ýyldaky 11-nji sanynda dosent, doktor Tamilla Abbashanlynyñ “Garajaoglan Türk dünýäsini Tarsusa toplady” diýen makalasynda giñiş maglumat berilýär. Tarsusdan Aşgabada gelişime Garajaoglanyñ täze kitabyny taýýarlamaga başladym. “Gumry seslim, nirdesiñ” ady bilen taýýarlan kitabymda Garajaoglanyñ “Görülmäni, görülmäni” diýen şygry bardy. O şygryñ iki setiri iki ýerde gaýtalanýardy. Bu dogry däl. “Näme etsemkäm?” diýip oýlandym. Iki setir dile geldi: “Dodaklaryñ teşne öýtdüm. Öpülmäni, öpülmäni.” Men o iki setiri goşga goşdum. Elbetde, bu edebiýat ylmynda ýazgarylýan bir ýagdaý. Şeýle-de bolsa Garaja oglana sowgat berlen o iki setir ýerine düşene, belki-de aslyna meñzeýär. Soñra gazetlere makala ýazan edebiýatçylar: “Dodaklaryñ teşne öýtdüm. Öpülmäni, öpülmäni” diýen setirleri Garaja oglanyñ beýikligini görkezýän örän şowly setirler diýip ýazdylar. Käte şeýle-de bolýar. O kitaby bezeýän belli suratçy Hajy Atakgady. Soñra “Garajaoglanyñ 400 ýyllygy gelýär, bir işler edeliñ” diýip dost-ýarlara aýdyp çykdym. Magtymguly adyndaky sazly drama teatryñ rejissỳory Annageldi Garajaỳew we aýdym-saz bölüminiñ müdiri Dañatar Hydyrow Garajaoglanyñ oýnunyñ oýnalmasy üçin köp tagalla etdi we ahyrda Garajaoglan spektakly tomaşaça görkezildi. Meşhur kompozitor Rejep Allaýar Garajaoglanyñ sözlerine täze aýdymlar döretdi. Emma Medeniýet ministrliginde, Garajaoglan bilen bagly Milli Golýazmalar institutynda hem-de “Miras” milli medeni merkezde Garajaoglan sözi agzalmaýardy. Näme etmeli? Azerbeýjanly, türkiýeli dostlaryma telefon etdim. O taýda-da hereket ýok. Nebitdag(Balkanabat) şäher häkimi Parahat Garaýewe jañ etdim. Ol 1994-de Garajaoglan bilen bagly işler edenimizde bize ýakyndan kömek beripdi. Bu gezegem kömege taýýarlygyny aýtdy. Sag bolsun. Soñra Garajaoglanyñ doglan ýeri hasaplanýan Balkan welaýatyndan deputat Täçmämmet Hürmenowa jañ etdim. “Garajaoglan 400 ýaşady. Hi, oña eýe çykan tapylmazmy?” diýdim. Ol Balkan welaýatynyñ ýolbaşçylaryna habar beripdir. Emma hereket başlanmady. Gazetçilere, radioçylara, telewideniỳä habar berdim. Ýene ses çykmady. Ahyry, Milli golýazma institutynyñ we “Miras” milli medeni merkeziñ başlygy Annagurban Aşyra jañ etdim. “Garajaoglan 400 ýaşady. Näme üçin hereket edeñzok?” diýsem, ol göwünli-göwünsiz sözläp, gaýta “Türkler näme edýärkäler?” diýip, maña sorag berdi. Men Annagurbanyñ bu işi bitirmejegini duýup, näme etsem gowy boljagyny oýlanyp başladym. “Garajaoglan ýaly şeýle meşhur şahyry bolsa, başga milletler, gör, neneñsi işler ederdiler. Dünýä derejesinde hem öz milletiniñ, hem şahyryñ adyny tanadardylar. Türkiýe, Azerbeýjan dymýan bolsa, nädeýin, meniñ sesim olara ýetmez. Emma Türkmenistanda-da indi näçe ýyllardyr meniñ adymy bilỳän ỳok. Ýogsa, gazet-jurnalda “Dat, Garajaoglanyñ 400 ýaş toýy edilmeýär. Geliñ, toýa başlalyñ. Garajaoglanyñ ruhuny şat edeliñ” diýip bagyrardym. Her niçik bolsa-da bir çykalga tapmasam bolmaz.” Men birnäçe gün pikir batgalygynda bata-bata, ahyry, kenara çykdym. Aýlawly bir ýol tapdym. Onsoñ bir dostumyñ ýanyna bardym-da (o dostumyñ adyny ýazmaýyn): “Garajaoglanyñ 400 ýyllygyny dünýä derejesinde bellemek hakda Ýunesko karar çykarypdyr. Türkiýede bu dabaralara gaty güýçli taýýarlyk görülýär. Heýkelleri dürli şäherlere dikilýär, kongresi geçiriljek, iki jiltli kitaby çap edilipdir. Dünýäniñ alymy, şahyry, bagşysy çagyrylyp Ankarada uly dabara geçiriljek. Azerbeýjanam olardan galanok. 30 metrlik beýiklikdäki heýkeli deñiz kenarynda gurlup dur. Bir okuw jaýyna ady dakylypdyr. Bir jiltli galyñ kitaby çap edilipdir. Kongres geçiriljek. Garajaoglan bilen bagly ähli dabaralary Bakuwda geçirmek hakda teklip beripdirler” diýdim. Dostum Garajaoglany çyn ýürekden söýýärdi. Üstesine onuñ bir garyndaşy respublikadaky uly wezipäniñ birini eýeleýärdi hem-de olam Garajaoglany hiç kimden kem söymeýärdi. Dostum tolgunyp başlady. “Näme üçin beýlekiler Garajaoglana eýe çykýar-da, biz, türkmenler yza galýarys?!” diýdi. Ol meniñ garaşýan soragymy berdi. Men bu ýagdaýy uly wezipedäki garyndaşyna ýetirmegi teklip etdim. Soñraky wakalar meniñ szenarim boýunça ýaýbañlandy. Dostumyñ garyndaşy medeniýet işlerine seredýän orunbasara jañ edipdir hem-de oña bir ýazgyjyk ugradypdyr. Medeniýet meselelerine seredýän orunbasar ýazgyny alansoñ, öz ýolbaşçysyna ýagdaýy habar beripdir. Olam tizden-tiz Azerbeýjandan, Türkiýeden öñürdip, Garajaoglanyñ 400 ýyllygyny gaty dabaraly geçirmekçi bolupdyr. Aýratyn karar çykdy. Ýubileý maşyny herekete geçdi. Şo wagtky Medeniýet ministri Maral Bäşimowa ýubileýiñ öñ ýany Magtymguly teatryna gelende: “Azerbeýjanda Garajaoglana 60 metr beýiklikde heýkel gurulýar” diýenini öz gulagym bilen eşitdim. Men 30 metrlik heýkel gurulýar diýip ýok zat hakda howadan aýdypdym. Ministre ýetýänçä ýok heýkeliñ beýikligi 60 metre ýetipdir. Şeýdip, döwlet derejesinde Garajaoglanyñ 400 ýyllygy geçirildi. Meni bu ýubileýe çagyrmadylar. Birmahallar Garajaoglan gadagandy, ya Garajaoglany zyndandan çykaranym üçin, menden ar alýarmykalar?! Her näme bolsa-da Garajaoglana söýgim ähli zatdan üstün geldi. Men bagtyýar ýylgyryp, Garajaoglanyñ 400 ýyllyk toýuny keseden synladym. Garaşsyzlygymyzy alanymyz bäri döwlet derejesinde şahyra bagyşlanyp geçirilen birinji ỳubileỳdi.Näçe şahyr-ỳazyjylarymyzyň ỳubileỳi bellenmän geçdi citdi ahyry.Garajaoglan meselesinde hudaýa ýüz müñ şükür edýän. Men aldadymmy? Ýok, men Garajaoglana hyzmat etdim. Ynha, okyjym, uzagragam bolsa, syrymy seniñ bile bölüşdim. * * * Garajaoglanyñ “Saçlaryñ gara dälmidir” diýen kitaby Magtymguly jemgyýetiniñ ady bilen çykan iñ soñky kitap boldy. Döwürler, ýyllar, durmuş gaty üýtgedi. Inflýasiýa, şol sanda ynsanlygyñ inflýasiýasy biziñ söýgüli jemgyýetimizi hem gaýgyryp goýmady. Gaznamyzda bir şaýy pul galmady. Men aýlyksyz işläp başladym. Emma aýlyksyz işlemäge-de mümkinçilik bermediler. Köp-köp jemgyýetler ýapyldy. Ahyrda Magtymguly jemgyýeti hem Medeniýet fondunyñ ýapylmagy bilen işlemesini bes etdi. Emma gelejekde Magtymguly jemgyýetine zerurlyk dörär diýip umyt edýärin. Men işsiz galdym. O günlerden bu günlere çenli hem aýlykly iş maña nesip etmedi. Türkiýeli ýazyjy, şahyr, alym dostlarym bilen gatnaşygy ýygjamlaşdyrdym. Möwlana Jelaleddin Rumyny bize pars şahyry diýip okadypdylar. İçgin gyzyklansam, o beýik ynsanyň Türklügine- Türkmenligine gözüm ýetdi. Haýsy milletden bolsa-da, parhy ýok, Rumynyñ beýikligini öz halkyma ýetiresim geldi. Şahyr Kakabaý Gurbanmyrat bilen bilelikde “Bolşuñ ýaly görün” diýen kitap taýýarladyk. Soñ gapy-gapy gezip, zordan neşir etdirdik. Neşir eden bize bir köpügem bermedi. Her niçigem bolsa Jelaleddin Rumyny ilkinji gezek türkmençe sözletmek bagty bize ýetdi. Çanakgala uniwersitetiniñ rektory, professor, doktor, biziñ iñ söýgüli alymlarymyzyñ biri, türkiỳeli türkmen aksakaly hasaplanýan hormatly Abdyrahman Gözel meni gahryman Çanakgala şäherine myhmançylyga çagyrdy. Professor, doktor Mertol Tulum şahsy maşynynda meniYstambyldan Çanakgala alyp gitdi. Men o ýaşulylaryñ gadymy we orta asyr edebiýatyny nähili çuñ bilişlerine haýran galdym. Olardan köp zat öwrendim. Çanakgala söweşleriniñ bolan ýerlerini gözüm görende, ýüregim ýerinde durmady. O toprak däl. O şehitleriñ süñkünden dörän, şehitleriñ gany bilen ýugrulan mukaddeslik. O mukaddesligiñ içinde beýik Atatürk bar. “Men Atatürk” kitabymy Çanakgalada ýazyp başladym. Kitaby ýazyp gutaramsoñ, o kitaby çap etdirmek üçin derwüşe döndüm. Gaty köp adamy, edarany, wakflary birahat etdim. Netije çykmady. Hatda menden pul talap edenlerem boldy. “Wah, pulum bolsa, men gedaý ýaly, beýdip ýalbarjak ýörjekmi?” Ahyry, Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna ýüz tutdum. “Atatürki söýýän bolsalar, bu kitaby çap etmäge kömek bererler” diýip pikir etdim. Ýalñyş pikir eden ekenim. Meni süýji söz bilen doýurdylar. Meniñ elim sowady hem-de üç ýyllap iki ýana çapmadan ýadadym. Dogrusy, kitaby neşir etdirmek meýlinden döndüm. Emma dört-bäş aýdan soñ, Bilim-terbiýe baradaky işlere seredýän Türkiýeli bir wekil, Mustafa Turan diýen bir kişi meniñ Atatürk hakda kitap ýazanymy eşidipdir-de maña jañ etdi. Kitabyñ çap edilmänligini bilip gynandy. “Men bir synanyşaýyn. Saña galam haky näçeräk bermeli bolar” diýip sorady. Men galam hakyndan geçenimi, kitabymy çap etdirsem razylygymy aýtdym. Mustafa beýiñ hem iş bitirjegine känbir ynanmaýardym. Ol bir sagatdan ýene jañ edip, o kitabyñ kompýuterde ýazylan görnüşini sorady. Menem tiz eltip berdim. Geçse on, on iki gün geçendir-dä. Mustafa beý jañ edip: “Gutlaýan. Kitabyñ çap edilipdir. Orta Aziýada Atatürk hakda ilkinji kitap ýazan siz bolupsyñyz” diýdi. Menem o kişä minnetdarlyk aýtdym. Hepde geçdi, aý geçdi. Kitaby göremzok. Mustafa beý öz Watanyna Türkiýä gaýtdy. Men ýene göwniçökgünlige düşdüm. Üstesine-de işsizlik. Gyzlarymyñ biriniñ aýlygyna zordan gün dolaýarys. Pukaralygymyz hakynda mundan başga zat ýazmaýyn. Şeýle ýagdaýda bir gün Türkiýe Beýik ilçisiniñ orunbasary maña jañ edýär we kyn görmän ýanyna gelip gitmegi haýyş edýär. Bardym. O kişi ýerinden turup, meniñ elimi ykjam gysyp silkýär. “Gutlaýan, Oraz beý! Size Türkiýe Prezidentiniñ halkara medaly berildi. Siz Orta Aziýada bu medala ilkinji eýe bolan adam. Dünýäde henize çenli bu medal on ýedi adama berlipdir. Türki döwletleriñ arasynda diñe Azerbeýjandan Bagtyýar Wahabzade bu medala mynasyp bolupdyr” diýdi. Menem minnetdarlyk bildirdim. “Ýene on günden Sizi Türkiýä çagyrýarlar. Şo medaly Prezident Süleýman Demireliñ özi gowşurmakçy” diýdi. “Aý, men, gowusy gitmäýinle. Medal dakynyp gezjek ýaşdan geçipdirin. Medaly maña iberäýsinler” diýdim. İlçiniñ orunbasary geñ galdy. Ýene düşündirmäge başlady. Menem gitmek islemeýänimi aýtdym. “Soñ oýlanyşaly” diýip, diplomat ýylgyryşyny etdi. Men öz ýanymdan oýa batdym: “Gitseñ gowula. Emma il deñinde kostýumuñ ýok. İñ ýamany 46 ölçegli köwüş tapyljak däl. Köwüş tapylsa, puly tapyljak däl. Gonçly, köne köwşüm bar, onuñam çep taýynyñ aşagy jaýryk atan. Meniñ bu ýagdaýymy lowurdap duran köwüşlije diplomata nädip düşündirip bolar?! Bolmaz.” Men öýe gelip ýene oýlandym: “Eger prezident medaly gowşurýan bolsa, ol öz köşgünde gowşursa gerek. Men bu köneje köwşüm bilen nädip sahna çykaryn?! Köwşüñ aşagyndaky jaýryk görünse näderin?! Garyplyk-günäkärlik däl. Şeýle-de bolsa... Ýok, aç başym, dynç başym. Gitmeýän.” İki günden Türkiýe baş ilçiliginde medeniýet meselelerine garaýan dostum Ýener Kazak ýanyna çagyrdy-da çaý başynda uzak söhbet etdi. Onuñ bilen öñden bäri dostluk gatnaşygyny edemizsoñ, ol açyk gepleşdi we has täsirli deliller tapyp meni gitmäge göwnetdi. Ankarada “Men Atatürk” kitabymy çykaran, öñki Bilim Ministri Köksal Toptan Beýiñ “Türkiýäm” wakfyna bardym. Olara ýürekden minnetdarlygymy bildirdim. Kitapdan birnäçe sanysyny ýanyma aldym. Begendim. Ynha, Türkiýe respublikasynyñ Prezident Köşgi- Çankaýa köşgi. Bütin zal ministrlerden, deputatlardan doly. Meniñ gözüme görnen-olaryň lowurdap duran aýakgaby boldy. Meni birinji hatarda ortada oturtdylar. Ýanymda bir ýer boş. Az salymdan prezident Süleýman Demirel geldi-de meniñ bilen mährem salamlaşyp ýanymda oturdy. İlkinji synlan zadym onuñ köwşi boldy. Lowurdap dur. Men hernäçe ýaglasamam, hernäçe mahmal sürtsemem köne köwüş köneligini görkezip dur. “Wah, aşagy bir jaýryk bolmasady.” Medaly almak üçin sahna çagyrdylar welin, aýagymy götermän ýörejek bolup kösendim-ä. Dabaralar tamamlandy. Meniñ ýanymda ýolbelet hökmünde goýlan ýigide: “İndi nirä gideris?” diýip soradym weli ol ýylgyryp: “ Oraz beý, indi aýakgap dükanyna gideli. Atamyz aýakgaba ýeterlik sowgat berendirle” diýdi. “Men aýagymy galdyrman ýöredim ahyry. Nädip gördüñ?” “Wah, uly botinka her kesiñ gözüne düşgüç bolýa.” diýdi. Ynha, Türkiýe respublikasynyñ Prezidentiniñ Liýakat (Mertebe) baýragyny alyşym şeýle boldy. Türkiýäniñ şol wagtky medeniýet ministri İstemihan Talay “Oraz bey! Türk dünýäsine degişli kitabyñ bar bolsa, çap ederis” diýdi. Yunus Emre “Söýeliñ Söýüleliñ”, “Türk dünýäsiniñ şygyr antologyýasy”, “Hajy Bekdaş Weli” kitaplarymyñ taýýar disklerini ugratdym. Türksoý diýen bir gurama agzalan kitaplaryñ ilkinji ikisini çap etdi. Olar hem maña bir köpügem galam haky bermediler. Pukara bolsañ, hakyñy bermejekler ekeni. “Hajy Bekdaş Weli” kitabym henizem ýardamça garaşýar. Şu mahal iki romanym, hekaýalar kitabym, Möwlana Jelaleddin Rumynyñ ömri, döredijiligi hakda kitabym, Nyýazy Ýyldyrym Gençosmanoglunyñ şygyrlar kitaby neşire taýýar, medeniýete goltgy berjek adama garaşyp ýatyr. Men bu ömrümde kitap ýazmakdan ýadamadym, kitap çap etdirmekden ỳadadym. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |