10:40 Alty daýy / hekaýa | |
ALTY DAÝY
Hekaýalar
Men öñde-soñda beýle adama duşmadym. Onuñ beýleki adamlardan bir üýtgeşik parhynyñ barlygy göreñden bildirýär. Ol özüni gaty dik, ulumsy saklaýar, kiçeñräk ýiti gözleri haýal gyrpylýar. Garamtyl çekgesindäki, mañlaýdaky galyñ ýygyrtlar onuñ ýüzüni gazaply görkezýär. Onsuzam umumy durkuny syñlasañ ýylgyrýan adamdyr öýder ýaly däl. Alty daýy ýogyn burnunyñ kölegesinde görüner-görünmez ýeserje murt goýşy bilenem beýlekilerden özüni tapawutlandyrasy gelýär. Ol obadaşlaryna göwni ýetmän ýaşaýar. Şoña görä obada diñe Allak diỳlen bir wäşi Alty daýynyñ göwnüni tapyp bilýär. Ady Alty bolsa-da ýakyn dogan-garyndaşsyz, aýalsyz, oglan-uşaksyz bu ýaşuly täze nesle syrly bir adam bolup görünýär. Allak wäşi Alty daýy bilen tirkeşip üỳşmeleñe gelende il begenýär. Märeke ondan-mundan gürrüñ edip ýadaşyberende Allak wäşi: “Hany, Alty daýy, sen başlamasañ boljak däl. Bular gürrüñi gaty ownatdylar. Bar bilýänleri-sygrym guzlady, towugym öldi. Bular, how, obadan çykyp görmedik, birtopar heleýguly ahyry. Hany, Alty daýy, Owganystandan tirýek daşaýşyñy aýdyp bersene!” diýýär. Alty daýy hälden bäri bu teklibe garaşyp otyr, gowsunýar, batly-batly ardynjyraýar. Onsoñ ýene az salym dymyp, tüýlek ellerini owkalap, bu gürrüñi ilkinji gezek aýtjak ýaly tolgunýar. Halaýyk bolsa, Alty daýynyñ Owganystandan tirýek getirişini däl, eýsem ähli söhbetlerini öñ ýüz gezek diñlänem bolsa, her sözüni ýatdan bilýänem bolsa, ýüz birinji gezek diñlemäge taýýar halda sesini kesýär. Alty daýy gorkunç wakalary gürrüñ bermäge laýyk gyryk sesli söze başlaýar: - Hiç kime aýtmasañyz aýdyp bereýin. Bu zatlar gaty gizlin zatlar. Her kim at münüp gidibermelidir öýdýänsiñiz welin, ýook, gidäýmersiñiz. Eli ýapon altatarly, burum-burum tüỳden ýaña gözi-gulagy görünmeýän gazaply owgan ýoluñda oturanyny bilseñ, añsat-añsat gidäýmersiñ. - Aý, o garakçylar bir ýa-da iki däldir, her öwrümde garagullaşyp ýatandyr-diýip Allak wäşi Alty daýynyñ heñine heñ goşýar. - Ýogsam näme?! Ýöne olardan Alty daýyñ gorkçakmy?! Bir gylymam gymyldanok. - Wah, Alty daýy, sen gorkaño-ok, emma bi oturanlar seniñ gürrüñiñi diñläp, titreşip otyrlar- Allak wäşi Alty daýa görkezmän halaýyga göz gypyp göýberýär. - Äý, bulary goýsana! Men şularyñ ýaşyndakam ata ters münüp çapýadym, ýolda ýatan garakçylaryñ hersiniñ mañlaýyndan çüýläp-çüýläp geçer giderdim. Onsoñ her garymda bir garakçy porsar ýatardy. Bular-a gün batansoñ öýünden çykjak bolsa-da heleýiniñ synyna ýapyşyp ýörler. - Alty daýy, ana, garakçylary-ha atyp dyndyñ, soñ nätdiñ? - Soñ han özüm, soltan özüm. Owganystanyñ bir gyrasyndan girip gitdim. Görenler iki bükülip salam berýär. O döwürki atymy gören bolsañyz! O-ho-o- o. Häzirki at diýip münüp ýörenleri meniñ atymyñ ýanynda kürre ýatjak-da. Menem atymy sürüp uly bazara güpürdäp girýän. Söwdagärjikler meni görenlerinde, edil Ezraýyly gören ýaly, zowzuldaşýalar. Satýan zatlaryndan hödür edýäler. “Ýok-how, şondan şoña kişmiş iýmäge gelendir öýdýäñizmi?” diýýän. Şo barmana biri maña Alty daýy diýen bolýa. Ýañkyjany at üstünde oturşyma depip göýberdim. “Daýyñy daşrakdan gözle!” diýdim. Bir görsem bazaryñ hojaýyny gybyrdyklap gelip, atymyñ aýagyny gujaklap dur. “Agam! Näme hyzmat?” diýýä. Menem bir horjuny oklap göýberdim-de tirýekden dolduryp gel diýdim. At üstünde bir käse çaý içdimmi-içmedimmi, aý, garaz, süýt gaýmak tutmanka, doly horjuny eýere atdylar. - Puluny berdiñmi? - Pul berilermi?! Olar ölmän sypsa razy. Tañryýalkasynam aýtman, atyñ ýüzüni bäri öwürdim. At, janawar, öýe gaýdýanyny duýup, süýnüp gelýädä. - Juda gaty sürme, entek ýolda-da waka bary bolmaly ahyryn. - Ýok, menä ata bir gamçam uramok, ýöne keýpim göterilip, hiñlenen bolup gelýän. - Alty daýy, bir samsygam yzyña düşmelidir öz-ä. - Ho-ol gözýetimden gelýä. Atyny aldygyna gamçylaýa. Menem görmedik bolýan. - Ol öñ ataysa nätjek? - Pähey, atdyrjak bamy?! Ýaragyny çenedigi- eddil iki gözüniñ ortasyndan patyladaýjak. “Geliber, bakaly. Bir ok hakyñ bar” diýýän. Ýöne olam özüne göwni ýetýänje adam ekeni. Murtunyñ her taýy bir garyş, gulaklarynyñ tüýlerini örübermeli. Boýnuny palta çapar ýaly däl, at üstünde äpet bir töññe ýaly garalyp otyr. Onsoñ, näme, ýol uzak, düşläp dynç almalam bolýa. - Düşledigiñ-ä ýañky ýetip geler. Näderkäñ? - Nätmekden hudaý saklasyn. Arkaýyn otyryn. Olam atdan düşüp, büküdip gelýä, gelşine salam berýä, aý, dogan diýýä, gardaş diýýä. Menem käkeläber bakaly diýýän. Biri ony öldürjek bolanmyş. Gaçyp gelýän diýýä. Ondan gaçanam bolsañ, menden gutulmarsyñ diýip, menem gumy ýaplanyp ýatyryn. - Uklaýma, Alty daýy! - Siz uklaýansyñyz, bir sagat giç ýatsañyz, irkilip-bürülip, burnuñyz ýere degäýjek-degäýjek bolýa. Meniñ üçin bir gije, üç gije hiç zat. Onsoñ ýañky peläket beýle ýanda mazar ýatan ýaly güberip ýatyr weli, indi turar, şindi turar diýip, gözümi aýramok. Nejis turanok-da. Ahyry, dañdanlar emaý bilen başyny göterdi-de diñşirgendi, diñşirgendi-de maña baka emedekläp gaýdyberdi. Edil gara öý süýşen ýaly-da. Oturanlar söhbetiñ iñ gyzykly ýerine gelenini bilýäler. Içinden gülýäler. Alty daýy, o wakalar edil şu mahal bolup geçýän ýaly, özüni örän dartyk tutýar. - Ýer bakaly, Alty daýy, Alla saña kuwwat bersin-dä. -Menem uklan kişi bolýan. Olam barha ýakynlaşýa. Elinde-de ak saply pyçak. Öküze sünçse-de ýykjak-da. - Alty daýy, tur indi! - Turjak däl. Gelibersin. - Gaty ýakyn geldi-how, jan daýy, turaweri! - Tursam-gorkdy diýer. Haşşyldap dem alşy barha ýakyndan eşidilýä. - Şi gezek seni alaýmasa... - Alaýşyny! Janly-ha däl, maslygymy görse-de demi tutular durar. Ynha, onsoñ ýañky edil alkymyma geldi. Pyçak urjak bolup elini galdyrandyram weli, onýança menem sapançany gysyp göýberdim. Agdarylyp gitdi. Üstüne çäge sürdüm-de gaýdyberdim. - Şu gezek gowy öldürdiñ, Alty daýy. Türkmeniñ adyna ysnat getirmeseñ bolýa. - Eý, biziñ üçin beýle-beýle işler çigit çigitlän ýaly-da. - Berekella, Alty daýy. Hany, munça adam öldüreniñe görä, palçynam öldürip bersene. - Palçynyñ näme öldürmesi bar?! Elini dañagada deper göýbärsiñ weli, suwa çümer gider-dä. - Ýok, ýok, beýdip tiz öldürme. O palçynyñ eden işlerinem aýt ahyry. - Bolýa, ýöne siz hiç kime aýdaýmañ. Urşuñ gyzzy-gyzzysynda adam bary aç weli, bir palçy, öýme-öý aýlanyp, aýal-gyzlary aldap başlady. “Iki çörek tapmasañ urşa giden äriñ şu gije öldürilýär” diýýä, ýene birine: bir çörek ber, urşa giden ogluñ sag-salamat geler ýaly edeýin diýýä. Şeýdip, obanyñ soñky döwüm çöreginem aldap alyp başlady. Bir gün geldi, iki gün geldi. Üçünci günem geldi weli, menem derýañ köprüsini garawullap oturyberdim. Hernäçe aldasañam, ahyrda şu köprüden geçmeli bolarsyñ diýýän. Ine gijara ýañky palçy eşegini dikgirdedip horjuny doluja, keýpi kökje gelýä. Meni görenden reñki üýtgedi. -Alty daýy, öñki gezeklerde eşekden agdarylyp gaýtdy diýýädiñ-ä. - Hawa, reñki üýtgänsöñ, eşekden agyp gaýtdy. Jan aga diýýä, maña degmeseñ, horjundakyñ ýarsyny bereýin diýýä. - Akmak palçy eken-ow. - Palçyñ akyllysy bolmaz. Men oñ janyny aljak bolup durkam, o nanyñ gürrüñini edýä. Onsoñ ýuwaşja ýöräp bardym-da eşegiñ üstündäki horjuny alyp içindäkileri takyrja ýere dökdüm. Biçärelerden aldap alan gaty nanlary, kümüş şaý-sepleri-dä. - Palçy gaçjak bolmadymy? - Gaçanda sypmajagyny bilýä. Edil ýylanyñ owsunyna düşen gurbakga döndi. Aldygna ýalbarýa. Eşek ýüpi bilen elini dañdym, horjunyñ bir gözüni hem kellesine sokdum. Gaýanyñ gyrasyna eltip, syrtyna depip göýberdim. Güjjüldäp derýa düşdi. Şo çümüşi, henizem çykanok. Obadaşlar bu gürrüñleriñ çynlygyna- ýalanlygyna ynanyp bilmeýärler. Emma bir gyrada oturan ýaşulylar Alty daýynyñ özge sözlerine ynanmasalar-da ikinji jahan urşy ýyllary açlykdan öljek obany hut Alty daýynyñ halas edenini hiç-hiç unutmaýarlar: obada azyk gutaryp, adamlaryñ ýüzi gögerip-çişip başlanda Alty daýy bir gije iki oglany yzyna tirkedi-de şähere gaýtdy. Köçeleriñ birindäki örän bezegli derwezäniñ deñinde saklandy.Itdi, içinden kilitlengi. “Hany üstünden aşyrylyñda derwezäni açyñ!” diýdi veli, oglanlar ýaýdanyşyp dur. Alty daýy pyçagyny çykardy-da hemle urdy: “Bol diýýän! Bolmasa ikiñiziñem damagyñyzy çalaryn”. Gapy açyldy. Alty daýy öz howlusyna giren ýaly, örän arkaýyn girdi-de göni sygyr ýatagyna ỳöneldi. Iki sany daýaw öküz gäwiş gaýtaryp ýatyr. Öküzlerin biri aýaga galdy weli, Alty daýy “Biziñ nesibämiz şudur” diýip ýüpüni gazykdan çözdü-de idip gaýdyberdi. Şäherden çykylansoñ, jany ynjalan oglanlaryñ biri: “Alty daýy, beýleki öküzem almalydyk” diýdi. “Hä-ä, işdäñ açyldymy?! Bilip goýuñ, eger beýleki öküzi-de alan bolsak, namartlyk bolardy. Bu öküzem ogurlyk däl, karz bi, karz. Zamanalar düzelişse, başlyga aýdyp bir öküze derek iki öküz berdirerin”. Oba gelensoñ Alty daýy öküzi soýduryp, etini sowuk çägä gömdürdi. Her gün az-owlak alyp, gaýnada-gaýnada her kime bir kürüşgeden paýlap başlady. Ýöne näçe aý geçdi weli, hi-iç et tükenenok. Soñ-soñ eşidip oturylsa, Alty daýy her gün awa gidip, towşan ursa-da, şagal, möjek ursa- da derisini sypyryp, etini gazana ataýýan ekeni. “Günäsi meniñ boýnuma, adamlar aç ölmese bolýar” diýýär. Onuñ bir ýerlerden bugdaý getirişi hem bir gijelik gürrüñ. Uruş gutaryp, oba-il dokluga ýetende Alty daýy başlygyñ ýanyna baryp:”Inim, señ bile gizlin gürrüñim bar” diýip, öküzli wakany we öz niýetini aýdypdyr. Başlyk säginmän:”Şu günki ýygnakda karar çykararys, ertir iki öküzi alyñ-da eltip beriñ” diýipdir. Onsoñ Alty daýy şol gezekki iki oglany- indi iki ýigidi ýanyna alyp, şähere baka iki öküz sürüp gitdi. Baryp, öküz eýesine ahwaly aýdyp, şol öküziñ deregine iki öküz getirdik-diýse, öküz eýesi “Sen mert adam ekeniñ. Maña bir öküzem bolýar. Beýlekini yzyna äkidäýiñ”-diýdi. Ynha, Alty daýy şeýle adam. Ýöne onuñam başyna agyr günler geldi. Ol düwnük keseline ýolukdy-da damakdan bir damja suwam geçmez boldy. Muña dost-duşman, bütin oba gynandy. Topar-topar bolup gelip, halyny sorap başladylar. Alty daýy bolsa özüniñ kesel halyna nebsi agyrman, “Men oba azar bolup ýatyryn” diýip namys edýär. Saglygy gün-günden ýaramazlaşýar. Bir gün ikindin adamlar daşyna egrilişip otyrka Alty daýy zordan tirsegine direndi-de gapa bakyp, nalyş edip başlady. -Eý, Alla! Jany bereñde tiz berip, alañda kösäp aljak bolma, ölümden gorkmaýanymy bilýäñä. Ömrümi namart ýaşamadym, indi soñky demimde namartlatjak bolma! Al jan señki! Alty daýy ýuwaş geplese, sesini Alla eşitmejek ýaly, mejalynyñ ýetdiginden gaty gepledi, soñra başyny ýassyga atyp, sojap-sojap dem alyp, ýokary bakyp ýatdy. -Allajan birküç gün içinde amanady alar, enşalla.Bir haýyşym: meni aýalymyñ ýanynda ýerläñ, uzakdan-ýakyndan gelenlere gowy hyzmat edeweriñ, zürýatsyz ötýänimi duýduraýmañ. Onsoñam, öwliýäde molla gysga doga okasyn, adamlary güne kakadyp goýmasyn. Alty daýynyñ şu ahwalyny görüp otyrka-da Allak wäşiligini goýmady. - Alty daýy, o dünýä barsañ, öldüren adamlaryñam-a öñüñden çykar. - Çykybersinler. Bu dünýäde gorkmadyk o dünýäde-de gorkmaz. Alty daýyñ soltan bolup ýaşady. Dünýäde armanym galmady. Alty daýydan soñ bu obada ne rowaýatçy, ne hekaýatçy galdy. Onsoñ üýşmeleñler sus geçip başlady. Hat-da, Alty daýyñky ýaly, ýogyn burnunyñ kölegesinde görüner-görünmez ýeserje murt goýýanam galmady. Şeýdip, bu oba-da beýleki müñ bir oba meñzedi gitdi. | |
|
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |