02:02 Daglar ýumrulyp beýgelýär: Watan mukamy | |
WATAN MUKAMY
Sözler
Dünýä inemde enem Watanymdy. Dünýä aklym ýetende Watanym Watan boldy. * * * Dogsam, sende dogsam, Watanym! Ölsem, sende ölsem, Watanym! * * * Göbek ganym daman ýeri, ata-enemiñ ömür süren ýeri ýa-da ölemde jesedimiñ topraga garyşjak ýeri... Watanym diýýän kän. Watan düşündürülmän duýulýandyr. * * * Gel, tapmaça tapyşaly. Bir ýany dag, bir ýany deñiz, bir ýany derýa, bir ýany çöl-beỳewan, üstünde Güneş, astynda altyn kimiñ Watanydyr?! Bilmediñ. O meniñ Watanym. * * * Watan! Ogul-gyzyña bir nesihat aýdawer: Ýer şary meniñ Watanym diýýänleriñ niýetini bilsinler. * * * Watan üçin baş goýan atalarymyñ süňkleriniñ ýanynda bu daglar nämejik?! O dökülen ganlaryñ ýanynda bu derýalar nämejik?! * * * Gara kişmiş ýaly garagözelek ogullaryñ barka ýoluñ gara bolmaz, Watan! Gylyjyñ döwri geçen bolsa, gylyçdan ýiti akyl keser. * * * Başyñda Watanyñy, gerdeniñde ene-atañy ömürlik götermejek bolsañ, adyña Adam dakdyryp nätjek?! * * * “Watan, Watan” diýip döşüne urup ýöreni Watan söýmez. Hakyky watançynyñ söýgüsi ýüregiñ örän çuñundadyr. * * * Ynsan gözi ähli zada öwrenişip barýar. Emma Watan bile hiç-hiç öwrenişmeli däldir. Ol bu Watan her salymda elden gidäýjek ýaly duýgy bilen ýaşamalydyr. * * * Watanyñ gadry Watansyzy göreñde belli bolýan ekeni. * * * Watandan aýra düşen beýik bagşy Kiçi Garly ölmezinden öñinçä araçägiñ tikenli simleriniñ añry çetine gelip: “E-eý, adamlar, razy bolaweriñ ho-o- ow! Jesedim ýat ỳurtda galmaly boldy ho-o-ow!” diýip bagyra-bagyra gidipdir. Ölüm ýassygyndaka: “Ýüzümi Watana bakdyryp jaýlaweriñ.” diýipdir. * * * Watan rahatka gahryman kän. Oglum! Watan howp astyndaka sen gahryman bolmalysyñ. Eneñ seni şo gün üçin dograndyr. * * * Jan diýlen göze görünýän zat däl diýýäler. Duraweri, Watan topragny aýaña al-da bak: Eger Adam bolsañ janyñ şodyr. * * * İñ belent, iñ çuñ duýgy Watan duýgusydyr. Beýle belentligiñ, beýle çuñlugyñ bolmasa, Watan meñki diýip ýörme! * * * Ganatsyz uçýan bolsañ Watanyñ barlygydyr. Watan hesretini duýjak bolsañ, uzak-uzak ýurtlara git. Ŷumşajyk tüýjagazlaryñam özge ỳurtda tiken- tikendir. * * * Magtymguly: “Ursa, sökse horlasa-da il ýagşy” diýipdir. Wah, käşgä uran, horlan il bolsa. * * * Ähli zat hiç gymmaty ýok ýaly, adaty ýaly görünýär: Ýandak küdesine çykyp hekgerip duran geçi, sessiz akyp ýatan ýapjagaz, oýuk-oýuk bolup owranyp başlan asfalt ýol, köweginden gara şepbik sarkdyrỳan garry tut...Emma bu şekilleri ýat ýurda düşeñde ýatlasañ, şeýle bir mukaddesleşỳär, ýüregiñ dilim-dilim dilinýär. * * * Watanymyñ şekli ýüregime çyzylan. Ýüregimi görmeseñ, Watanymy tanap bilmersiñ. * * * Yza galýañ diýdiler. Bir Watan üçin jan çekmegiñ geregi ýok diýdiler.Indi birnäçe Watan birleşip, täze Watan döreýär diýdiler. Sözläberiñ. Emma adamda bir ýürek bolsa, bir Watan boljagyna gümanym ỳokdur! * * * Ähli ýerde şol bir şemal öwüsýänem bolsa, her kimiñ öz Watanynda onuñ şuwwuldysy başga- başga eşidilýär. * * * Alla bir, Watan bir, Ene-atañ bir. Özgeler soñky- soñky birliklerdir. * * * Ähli zatda Watan bar. Guş diýjeksiñ, guşuñ Watany-onuñ ganaty diýýäler. * * * Watanyny güle deñeýänler bar, ýüregine-janyna deñeýän bar. Ýöne bir zat belli-ähli zatdan geçip bolsa-da, Watandan geçip bolmaýar. * * * Geçmiş gahrymanlar, meşhur ogul-gyzlar Watanyñ kökleridir. Köksüz agajyñ çüýreýänini unutmalyñ. * * * Watan seniñ geleniñi, gideniñi bilmez, näme bereniñi biler, sen ondan hiç zada garaşma. Watan ömrylla algydardyr. * * * -Watany taşladym, heziller edindim. Göwnüm hiç zat küýsänok. -Ýalan. Her näçe gizleseñem, göz owasyndaky ýygyrtlardan gam jyklap dur. Ajy ỳaşlar aka-aka kirpikler inçelip-owranyp gidipdir ahyry, oña näme diýersiñ?! * * * Watansyzyñ ömri kelte diýýäler. * * * “Garypja Watanyñ bar, nämä guwanýañ?!” diýdiler. Garyp bolar, baý bolar, emma Watan Watanlygyna galar. * * * Dogrymy aýdaýyn: Watanymda asmandan akyp barýan bulutlaram başga-da. * * * Watanymyñ her gysym topragynda, her damja suwunda meniñ bir zerrejigim bar. * * * Watana sygmadyk, dünýä sygmaz. * * * Watan duýgulardan düzülýän däldir-dä. * * * Jahana sygman, dolup-daşyp ýörenleriñ Watany niredekä? * * * Äpet buz üstünde akyp barýan ak aýydan sorañ, bakaly, “Watanym ýok” diýermikä?! * * * Watan ynsan bedeni ýaly näzik: bir ýerine tiken çümse, tutuş beden syzlaýar. * * * Gel, düşüñişeli!Watan diýlen şu adamlar bilen Watandyr. Onsoñ adamlary ynjytsañ, Watany ynjytdygyñ-da. * * * Watanperwerlik-Watanyñ dostuny-duşmanyny tanamakdan başlanýar. Dost, duşman bir-birege şeýle meñzeş, şeýle ýakyn, iñ kyny hem dostuñ duşman, duşmanyñ dost wagtlary kän. * * * Ýarag gezäp, leşger sürüp gelen duşmandan gorkma. Eli gülli, güler ýüzli, jady dilli duşmanda oýun kän. * * * Meniñ kalbym Watan kalby bile deñine gürsüldeşýär. * * * Watan derdinden özge dertler ho-ol geçip barýan bulut ýaly. * * * Watan topragy- atalarymyñ süñklerinden döredi, o topragy al ganymyz bilen suwardyk, enelerimiz göz ýaşlary bilen ýuwdular. * * * Bir ata-ene perzendine: “Watandan uzaklaşmañ” diýip pent etdi.Başga bir ata-ene bolsa: “Gidiñ, dünýä ýaýrañ. Her ýurtdan Watanyñyza bähbit arañ” diýdi. * * * Gülala güllük döwürde Watan barlygy hem duýulmazlygy mümkin. Bagtam uçansoñ duýulýar ahyry. * * * Şuny hiç-hiç unutmagyn: Watan eşretinden datmaly bolanda, bizi gözlemezler. Watan üçin ölmeli bolanda gezek bize ýeter. Hak berilýän däldir, hakyñy özüñ almalysyñ. * * * Gardaşym! Watan sözi kän bir dile alynmaz. Ol ýüregi ỳaglaýan içki duýgudyr. Bir garryja mama: “Köp käkeleýän towuk az guzlagyçdyr” diýerdi. * * * Bu Watandan kimler gelip geçmedi?! Watany dagdan belende göterenlerem, Watany ýandakdan pese düşürenlerem boldy. Pesi peseltmeseñem, beýgi beýgeldewer. * * * Watana diñe sen hyzmat eden ýaly bolýañ-la. Gel, o adyl terezide hyzmatyñy ölçäli.Gördüñmi? Sen nirede, il nirede?! * * * Men ömrümi bir ajaýyp söz gözläp geçirdim. O söz, edil ene sözi ỳaly, sözleriň şasy bolmalydy, elmydama täze-ter, mukaddes hem keramatly bolmalydy. Muña watan sözi laýyk geldi. * * * Millet bolup toplanmasak-üýşmesek, gaýnaşmasak-bişmesek, Watan Watan bolmaz. * * * Her kişi duran ýerinde daşyñ ýagyny çykaryp dursa, bu Watan sarsmaz bolar. * * * Saklanaweri! Gol çekişme! El gysyşma! Watan haky köýýän bolaýmasyn!? Sen mert durmasañ, kim durjak?! * * * Watanyñ daglary ýumrulyp beýgelse-de Watan sarsman durmalydyr. * * * Ýer ýüzünde baky diýen söz diñe Watana degişlidir. * * * Mejnunyñ Leýlini söýşünden has güýçli söýdügim, Watan! Ahyrda ýakasyz, ýeñsiz bir köýnejik, gapysyz, penjiresiz bir öýjük berseñ razydyryn. * * * Watan! Seniñ ogullaryñ, gyzlaryñ kimsi Dag bolup dur, kimsi Derýa bolup akýar. Ho-ol asmanda Bürgüt bolup sakçylyk çekýäne-de bak. * * * Dymýañ diýip öýkeleme, Watan! Jeýhun bolup joşýan duýgularym ýüregimi hem goparyp alyp çykasy gelýär. * * * Aýry-aýrylykda hiç zat Watan däl. Ählisi jemlenýär weli, mukaddesleşýär duruberýär. * * * “Ömürlik hoş gal, Watan!” diýmekden ajy söz barmyka?1 * * * Bu kiçijik Ýer planetasyndan näçe ynsan gelip geçdi?! Neneñsi söýgüler, neneñsi gowgalar bolup geçdi?! Şundan soñ sende Watan gamyndan başga gam galarmy?! * * * Bir kişi öz Watanynyñ, öz milletiniñ örän gadymylygyndan söz açdy. Dogrudyr. Ýöne şu günüñ hem ertiriñ bolmasa, Adam atadan öñ döräňde näme?! * * * Enem kimin mährem barmy?! Enem kimin zar aglajak kimim bar?! Elbetde, Watanym. * * * Gözel Watanym! Bir gysym topragyñ kemmi? Al, ýürejigimi! Saña toprak bolubilsem armanym näme?! * * * Atalarym buzly deñizlere, ýakyp-ýandyrýan topraklara çenli baryp, ahyry, şu taỳda Watan tutdylar. * * * Watanda hiç kem ýok. Bar bela özümizde. * * * Dünýä Watanymy tanamasa, beýik meşhurlyk gelmez. Emma nädip tanatmaly?Ýok, ýok! Baýlyk gutarar, ahyrda akyl ýeñer. Aklymyzy almaza çalmaly, arşa ýetirmeli. * * * Watana hyýanat etmek-öz oturan şahañy kesmek. * * * “Men Watançy! Men Watançy!”diýip ala şowhun turuzýañ weli, heniz hiç bir synagdanam geçmänsiñ. * * * Watan üçin üç ogly şehit beren ene öýde burulyp ýatyr, ogluny esgerlige-de dözmeýän ene bolsa il öñünde öwüt berýär. * * * Watany elden berseñ, şirinden-şirin ene diliñ bolarmy, ata-eneñ uýan dini galarmy, aýal-gyzlaryñ namysy, ýigitleriñ mertligi, geçmişiñ pelsepeli paýhasy... tapylarmy?! Gysgasy, janyñda jan, damarda gan, milletde san galarmy?! * * * Bilbil owazyny eşiden Watansyz: ”Bilbil aglaýar” diýdi, Watan gujagyndaky:”Bilbil saýraýar” diýdi. * * * Sözden gadyr, gözden mähir, akyldan adalat ýitdimi-Watan öýkelidir. * * * Dünýä hernäçe gowulyga baka ösübersin, ýamanlyk ýiter öýtme! Watany ýamanlardan goramak seniñ boýnuñdadyr. * * * Goýun ýalñyz guzujygyny ýalap-ýalap: “Balam, akyllyja bolgun” diýip öwüt berýär. Möjek bäş güjügini onda-munda taşlap, “Baş çaramasañyz garagyñyz çyksyn!” diýip hemle urýar. Watan bolsa olaryñ ählisini gujagynda göterýär. * * * O adamyñ ömri ýat ýurtda geçdi. “Ölmänkäm Watanymy bir görsem, dag-düzüne aýlansam, topragyny gözlerime sürme etsem!”diýip arzuw etdi. Ahyry, Watana geldi. Aglady, aglady. O ýany, bu ýany teşnewi gezdi, gördi. Ne dost galypdyr, ne tanyş. Aryklar gömülip, täzesi çekilipdir, binalar ýykylyp, başgasy gurlupdyr. Oglanlykda hiññillik uçan tutlary hem bireýýäm ojakdan geçirilipdir. “Wah, gelmänler geçsem bolmaýamy?! Kyrk ýyllap köñlümde beslän Watanymy görjekdim. Bu Watan indi ýat göründi. Men şu pursatdan başlap Watansyz galdym” diýip, öñküden has agyr hesret çekdi. * * * -Watansyzam bolsa, syganlar ýaşap ýör-ä. -Ne ýaşamak?! Ömür sergezdanlykda köýýär. * * * Dünýäme saýa salýan beýik çynarsyñ, Watan! Watanym! “Güller gözelligi senden öwrendi.” Ähli bagtyñ köki sende. * * * Watansyz galdym diýme, atsyz-sorsuz, dilsiz- dinsiz ýitdim gitdim diý! * * * Duşman göni ýoldan gelgiç däldir. Beýik çynarlary içinde dörän kiçijik gurçuk ýykýar. * * * Bu Watanda ählimiz akylly, ählimiz batyr, ählimiz arassa. Ha-ha-ha-a! * * * Watan kanunlary tokaý kanunyna meñzese bolmaz. Tokaýda haýal ösen agaç çüýreýär, has tiz öseniñ başyny ỳel alýar. * * * Bir akyldar: ”Agaçlaryñ şahalary uruşýar, kökleri öpüşýär.”diýipdir. Watan perzendi o köklere meñzesedi. * * * “Watan!” diýip hernäçe bagyrsañam, sesiñ añyrsynda ýürek görünmese, ol çirkin owazdyr. * * * Ynsan mukaddesligi ýitse, Watan mukaddesligini gözläp ýörme! Bu kitaplar ýiter gider, bu şöhratlar unudular. Birje sözüm Watana ýaramly bolup galsa razydyryn. * * * Ýat ỳurtda gül içinde ỳatandan, Watanymda ỳüzümi ỳandak bilen süpüreỳin. * * * Bulutlar damja, damjalar çeşme, çeşmeler birleşip bulak bolýar. Bulaklar derýa, derýalar birleşip deñiz bolýar. Deñziñ asly bir damjadyr. Watan hem bir gysym toprakdan başlanýar. * * * Allajan! Watanymy alma, janymy al! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |