00:16 Diňe Gaýgysyz Atabaý -3: dowamy | |
Şeýle ädimler ätmek bilen Gaýgysyz respublikanyñ erkin hereket etmegine Merkeziñ neneñsi jogap berýänini bilesi gelýär. Merkez uzak garaşdyrmaýar. Öz içki bäsdeşlerini gyrahladyp başlan Staliniñ hökmürowanlygy barha pugtalanýardy ahyry. Onsoñ A.Artykowy aýryp, ýene merkezden birini getirip dikýärler. ”Merkezden gelen kim bolsa-da, özümiz öz içimizde agzybir bolsak, gelene ýallaklamasak, etjegimizi edip bileris” diýen pikiri Gaýgysyz aýtman düşündirjek bolýardy. Emma bu başa barybermeýärdi. Şoña görä añyrdan gelenler-ä belli weli, öz türkmenlerimiziñ arasyndan syýasat bilen keselläp, syýasy ýolbaşçy boljak bolşup, hiç bir zady gaýgyrman ýörenlerden howatyr edip başlady. Olara içiñi ynanyp bolmajakdygyna Gaýgysyz ir düşündi. Jemgyýet daşyndan bütewi ýaly görünse-de, aýratynam ýokary ýolbaşçylar iki topara bölünmäge başlady. Milleti, ilaty ileri tutanlar Gaýgysyzyñ töweregine ysnyşyp başlady. Hiç bir zada mukaddes bakman, nirä gamçylansa şo tarapa gözüni ýumup eñip gidýänler bolsa, ikinji bir tarapy emele getirip başladylar. Soñky topar öz halkyndan goldawa garaşman, merkezden umydygär boldular. Merkez, elbetde, ikinji topary goldaýar. Her niçik bolsa-da Gaýgysyz öz rüstemligini, ekabyrlygyny pugtalandyryp bildi. Respublika üçin hem-de täze birleşen türkmen halky üçin zerur ösmeli ugurlary ýalñyşman kesgitledi: Birinji ugur: Halka sowat bermeli, ylym-bilimi ähli ugurda ösdürmeli. Milli medeniýeti ösdürmäge agdyklaýyn üns bermeli. Gödegrägem bolsa, okyjylar bagyşlasyn, tualet medeniýetinden tä mejlis medeniýetine çenli ählumumy medeniýet elipbiýini halka öwretmek zerurlygyna Gaýgysyz örän gowy göz ýetiripdir. Ol öz halkym, öz gara gözüm diýip, özüniñkiniñ ýetmezini görmeýänlerden däl. Ol başdan-aýaga dogry görmäge endik eden adam. Partiýanyñ karary, ýa hökümediň karary bilen bolsun, parhy ýok, täze teatr, neşirýat, gazetler, žurnallar, kinostudiýa, kitaphanalar, okuw jaýlary döredilende Gaýgysyzyñ teklipleri, maslahatlary, goldawlary aýdyñ bildirýärdi. Deñeşdirip görüñ: diñe 1925-nji ýylda umumy sany 222 müñ bolan 90 kitap çap edilipdir. Az ilatly Türkmenistan üçin munuñ ne derejededigini oýlanyberiñ. Satiriki-ýumoristik žurnal hökmünde döredilenden tä 90-njy ýyllarda ýapylýança il içinde meşhur bolan “Tokmak” žurnalynyñ zerurlygyna Gaýgysyz gowy göz ýetirýärdi. Jemgyýetiñ ösüşi üçin akylly-başly tankyt gerekligi jedelsiz bir hakykat. Gaýgysyz şo hakykaty iki elläp goldady. ”Tokmak” Gaýgysyzy we beýleki ýolbaşçylary tankytlasa-da Gaýgysyz o žurnaly ýapmak hakda hiç-hiç oýlanmady. Gaýgysyz halkyñ umumy medeniýetiniñ ösmeginde, öñki pikir edişi ýaly, aýal-gyzlara örän uly ähmiýet berdi. Beýik fransuz yazyjysy O.Balzak: ”Dünýäniñ gelejegi eneleriñ elinde" diýipdir. Hut şeyle nukdaý nazardan 1925 ýylyñ 8-nji martynda daýhan aýallaryñ birinji ählitürkmen gurultaýy geçirildi. Gaýgysyz asyrlar bäri gelýän türkmençilik däp-dessurlarynyñ, terbiýesiniñ iñ gowy, zamanabap nusgalaryny täze durmuşa ornaşdyrmagy ündeýär. Ol muña her ädimde üns berýär. Gaýgysyzyñ mysalynda tutuş Türkmenistan hem açyk, rahat, boldugyça adalatly ýurt bolmaga ýöneldi. Muny duýandyklary üçin, şol ýyllardan başlap, tatar, başgyrt, uýgur, gazak halkynyň hem-de kawkaz halklarynyň wekilleri Türkmenistana köp göçüp başladylar. Türk generaly Enwer paşa şehit bolandan soñ yzynda galan türk esgerler, ofiserler hem Türkmenistana gelip mugallymçylyk we beýleki hünärler bilen meşgullanyp baslapdyrlar. Olaryñ elinde okan Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Çary Aşyr baýramlarda “Ýaşa, ýaşa müň ýaşa! Mustapa Kemal paşa” diýip aýdym aýdýanlaryny ỳatlaýar. 1923-nji ýylyñ 29-njy oktyabrynda öñki Osman imperiýasynyñ harabalyklarynda täze Türkiýe respublikasy yglan edildi. Respublikany gurujy baş lider Mustapa Kemal Atatürk ýa-da onuñ egindeşleri bilen Gaýgysyzyñ hi bir baglanyşygy boldumyka? Bu sowallara dokumental delilli jogap heniz ýok. Ýöne il gürrüñine görä, Mekgä gidýär bahanasy bilen birki kişini Gaýgysyz Türkiýä ugradanmyş. Olar: ”Şu mahal zamany däl, dine özüñizi goramak bilen boluñ” diýlen nesihat getirenmişler. 1918-de Başgyrdystan milli hökümetini guran, soñra beýik alymlyga ýetişen Zeki Welidi Dogan gözme-göz duşuşmadyk bolsa-da Gaýgysyzyñ meşhurlygyny, edýän işlerini yagşy bilen adam, onsoñ ol 1925-de Mustapa Kemal Atatürk bilen duşuşanda söhbet içinde Gaýgysyzyñ ady agzalan bolmagy gaty mümkin. Gaýgysyz beýik taryhçy W.Bartold bilen ýakyn gatnaşykdady. W.Bartold bolsa ýorite çakylykly Türkiýä gitdi. Oña Zeki Welidi Dogan ýolbeletlik etdi. Bu duşuşykda Gaýgysyz hökman agzalandyr. Ýeri gelende aytsak, Gaýgysyz uly alymlar bilen pugta ysnyşýar. Olary Turkmenistanyñ meseleleri bilen yzygiderli meşgullanmaga çekýär. Ýokarda ady agzalan akademik W.Bartold türkmen taryhyny dikeltmekde iñ köp iş eden alym bolýar. I.Belýaýew, Uspenskiý hut Gaýgysyzyñ teklibi bilen “Türkmen sazy” diýen meşhur kitaby ýazdylar. Gaýgysyzyñ özi hem türkmen aýdym-sazynyñ ölemen aşygy ekeni. Ol türkmen dutaryny diñe saz guraly hökmünde, wagtyñy hoş geçirmek üçin bir zat hökmünde görülmegine garşydy. ”Bagşy bilen dutar-dertden saplaýjy hekim bilen dermandyr. ”Gaýgysyzyñ bagşysy lakamyny alan Uly Garly bagşyny, wagt tapanda, uzak gijeläp diñleýär. Aralygynda daş çykyp, halys dykyn alan ýüregini sessiz gözýaşlary bilen gowzadyp gelýär. Ol aýdym-saz diñlände türkmeniñ başdan geçiren betbagtlyklary göz öñünde janlanýar, ol türkmeniñ ahwalyna aglaýar. Bagşynyñ owazy, dutaryñ heñi, Gaýgysyzyñ kalbynyñ sesi birleşýän ekeni. Ol Ýewropa saz sungatyna-da örän uly sarpa goýýan ekeni. Moskwa bardygy her agşam Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýanyñ konsert zalyndaky konsertlere, Uly teatryñ opera we balet oýunlaryna gidýär. Bu hakda kitabyñ soñunda beýik kompozitor Weli Muhadowyñ ýatlamasynda okap bilersiñiz. Gaýgysyz professional sungat hökmünde opera we balet teatryny açmaga otuzynjy ýyllaryñ tümlüginde taýýarlyk görüp başlaýar. ”Ata-babalarymyz opera-baletsiz yaşapdyrlar, bize-de geregi ýok.” diýen yzagalak pikire uýmandyr. Gaýgysyzyñ opera we balet teatryny açmak arzuwy Beýik Watançylyk ugşunyñ aldym-berdimli günlerinde -1941-nji ýylyñ 6-njy noýabrynda meşhur “Zöhre we Tahyr” operasy bilen durmuşa geçdi. 60 ýyldan soñ bu teatr ýapyldy. Gaýgysyz türkmen halkynyñ taryhyny ýazdyrmaga aýratyn üns berýär. Gaýgysyzyñ teklibi arkaly W.Bartold başda durmak bilen W.Žukowskiý, I.Kraçkowskiý, A.Ýakubowskiý ýaly uly alymlar hem goşulyp Türkmenistana we türkmenlere degişli taryhy çeşmeler terjime edilip, redaktirlenip başlaýar. Bu işleri Türkmenistan aýratyn maliýeleşdirýär.SSSR Ylymlar akademiýasy tarapyndan taýýarlanan “Türkmen we Türkmenistan taryhy boýunça materiallar” atly iki tomluk epeý kitaba Gaýgysyz sabyrsyz garaşýar. Alymlar bilen birme-bir duşuşyp, olara dürli yardam berýar, göwnüni guwandyrýar. Birinji tomuñ sözbaşysynda: ”Şu neşir SSSR Ylymlar akademiýasynyñ Gündogary öwreniş instituty tarapyndan 1934-nji ýylda taýýarlanyp başlady...” diýilse-de kitabyñ ikinji tomy 1938-de, birinji tomy bolsa 1939-da çap edilýär. Elbetde, bu kitaplary Gaýgysyz görüp bilmedi. Bu iki tomluk türkmen taryhyna degişli şu güne çenliki kitaplaryñ arasynda iñ ynamdar, iñ naýbaşy kitaplygyna galýar. Öz halkyny çuññur ylymly we beýik medeniýetli etmek üçin Gaýgysyzyñ şeýle yhlas, şeýle gaýduwsyzlyk görkezendigini şu fakt açyk tassyklaýar: kurslary, ýörite orta we ýokary okuw jaýlary hasap etmäniñde 1924-1938-nji ýyllar aralygynda 574 mekdep gurlupdyr. Hut Gaýgysyzyñ özüniñ teklibi bilen Baýramaly böwrek sanatorisi, ençeme keselhanalar, yetimler öýleri bina edildi. Soñra o ýetimler öýlerinde köp-köp çaga okap ulaldy. Şo ýyllaryñ ýagdaýynda bu işler hakykatda-da gahrymançylykly işler. Ylym, medeniýet babatda Gaýgysyzyñ täzeliklerini, ýardamlaryny, nadanlar bilen çaknyşyklaryny, öz halkyna göriplere garşy ýanbermez göreşlerini doly görkezmek üçin tom-tom kitap ýazmak zerur. Ikinji ugur: Ykdysadyýet: esasan oba hojalygy we senagat. Gaýgysyz oba hojalygyny senagat kärhanalary bilen birlikde ösdürmegiñ tarapdary. Ol Türkmenistany diñe çig mal öndürýän respublika däl-de, eýsem önümi işläp bejerýän senagatly ýurda öwürmäge dyzaýar. Gaýgysyzyñ her meselä täzeçe çemeleşýandigi bu tayda-da bildirdi. Ol Türkmenistanyñ şertlerinde sitrus ösümlikleri-apelsin, mandarin, limon ýaly miweleri ýetişdirmegiñ usullaryny öwrenmegi alymlara maslahat berýär. Gwaýula ösümliginden Türkmenistanyñ şertlerinde kauçuk alyp boljakdygy ýa bolmajakdygy hakda örän irginsiz iş alyp barýar. Bu mesele barada amerikan firmasy bilen gatnaşyklara başlaýar. Amerikan traktorlaryny türkmen topragynda ulanmak maksady bilen amerikanlara ýüz tutýar. Muhammetguly Atabaýewiñ inileriniñ biri Hajy Atabaýewi Amerikanyñ Birleşen Ştatlaryndaky traktor zawodyna komandirowka iberýär. Bu hereketleri üçin Gaýgysyz Merkezden çekinip duranok ýa-da OGPU, soñra NKWD yzarlar diýen gorkusy ýok. Ol bu zatlara öñden öwrenişen. ”Birden bir zat bolaýmawersin” diýýänlerden däl, gaýta: ”Näme bolýan bolsa, görübereris” diýýän töwekgellerden. Gaýgysyz oba hojalyk önümçiliginde we maýda hünärmentçilikde kooperatiw herekete köp ýardam berdi. ”Goşçy” jemgyýetine döwlet kömegini gaýgyrmady. Ol açyk aýdyp bilmese-de, kolhoz diýlenine garşylygy sözleriñ arasyndan açyk duýulýar. Türkmenistanda 1930-njy ýyllarda basmaçylygyñ ýañadan güýçlenmeginiñ baş sebäbini Gaýgysyz kolhozlaryñ zor bilen gurulmagyndan görýär. Bu meselede gyssanmazlygy teklip edýär. Zor bilen gurlan kolhozlardan adamlaryñ gaçyp-gaçyp, hatda Watandan gaçyp gidýänligini, üstesine-de malyny kolhoza bermejek bolup ýa soýýanlygyny, ýa serhetden geçirýänligini janygyp düşündirjek bolýar. Añyrdan gelenler muña akyl ýetirjegem bolanok. ”Kagyzda karar barmy-gözüñi ýumda basyber” etdiler. Gaýgysyz ähli ýere gowaça ekip, monokultura geçilmegine-de düỳpden garşydy. Ol özünde bugdaý ýetişdirip bolýarka, özgelere bugdaý diýip el sermekçi däl. Melleklere bugdaý ekmäge rugsat berendigi üçin oña igenç baryny berýärler. ”Bugdaý tapman oturan aç adam seniñ gowaçañy ekmez” diýip, Gaýgysyz real pikirlenýär. Eger 1928-30-njy ýyllarda âhlumumy kolhozlaşdyrma başlanmadyk bolsady, onda öñden gelýän kooperatiwçilik gowy ornaşardy, kolhoz diýip jemgyýetiñ biline palta urulmazdy. Şunda bolşy yaly, başga köp-köp halk hojalyk meseleleri merkezde çözlüp, soñra zor bilen yerlerde ornaşdyrylyp başlansoñ, Gaýgysyz alaçsyz galdy. Merkeziñ barha zorluga baka üýtgeýşine Gaýgysyzda içki gahar köz kimin köreýärdi. Her niçik-de bolsa, Merkezden Türkmenistan üçin köpräk ýolup almak, ýagny maliýe, maddy paýy köpräk aljak bolmak syýasatyny Gaýgysyz barha güýçlendirýärdi. Bu maksat üçin ýene şahsy ýoly köp ulanýardy, irginsiz haýyşlar bilen Merkezi ministrliklere, partiýanyñ Orta Aziýa býurosyna, Merkezi komitete ýüz tutýardy. Ol: ”Şu gün bitirmesek ertir giç bolar” diýen usulda işleýärdi. G.Kržižanowskiý, S.Orjonikidze ýaly energetika, senagat babatda çözüji sesli ministrler bilen örän ysnyşyp, Gaýgysyz respublikanyñ energetika hajatlaryny üpjün etmek hem-de täze senagat kärhanalaryny gurmak işini üstünlikli öñe sürdi. Bu sözüñ doly manysynda ýokdan bar etmekdi. Gaýgysyzyñ on üç ýyldaky yhlasy bilen işe girizilen ýa gurluşygy başlanan zawodlar, fabrikler Orta Aziýanyñ her bir respublikasyndakydan köpdi. Ýarym awtomat telefon stansiýasy Orta Aziýada ilkinji gezek Aşgabatda gurlupdy. SSSR zamanynda ortak haryt respunlikalaryñ haýsynyñ ýolbaşçysy ekabyr bolsa, haýsy ýolbaşçy dil tapsa, ýol tapsa şo respublika berildi. Gaýgysyz bu syra irgözin düşündi we ýetişibildiginden gurluşyk etmäge dyzady. ”Aç başym-dynç başym” edip oturmaga Gaýgysyzyñ ynsaby çatmady. Onuñ damarynda aýlanýan gan sap gandy, galplyk, aldaw, hile, betniýet ýokundysy hem ýokdy. Şo saplyk onuň ýoluny açdy. Gaýgysyz saplykdan, tamizlikden, yagşy işlerden kuwwat alýardy, öz durmuşynyñ manysyny şonda görýärdi. Bosaga-Kerki kanaly we şoña kybapdaş ençeme suw desgalary, elektrik stansiýalary, radio setleri, pagta arassalaýjy zawodlary, ýag, sabyn öndüriji zawodlary hasap etmänimizde-de Aşgabadyñ dokma fabrigi, ýüpek fabrigi, Gowurdagyñ, Ýerbendiñ kükürt zawodlary, Marydaky ýüñ ýuwujy-tüýdüji fabrik, Garabogazköl kombinaty, Çärjewiñ ýüpek fabrigi, Krasnowodskide konserwa zawody, un kombinatlary, çörek bişiriji kärhanalar, gurluşyk materiallary göýberýän kärhanalar Gaýgysyzyñ yhlasy, kuwwaty, ýardamy, ýalbarmalary, talap etmeleri arkaly gurlupdy. Aşgabatda gurdurýan aýna kombinatynyň we beýleki kärhanalaryň tamamlananyny Gaýgysyz görüp bilmedi. Nebit meselesinde bolsa Gaýgysyzyñ aýratyn roly bar. 1931-nji ýylda Leningradda “Türkmenistanda öndüriji güýçleri ösdürmegiñ perspektiwalary” diýen temada SSSR Ylymlar akademiýasynyñ ýörite konferensiýasy Gaýgysyzyñ haýyşy boýunça geçirilýär. Şonda Gaýgysyz giñişleýin doklad edýär. O doklady diñläp oturan akademik, SSSR Ylymlar akademiyasynyñ ilkinji prezidenti A.P.Karpinskiý Gaýgysyzyñ akyl-paýhasyna, ylmy üşügine, hojalygy şeýle çuñ bilşine haýran galypdyr. Şol konferensiýada nebit meselesine köp üns bermek hakda karara gelinýär. Nebitdag sebitinde gazylýan guýulardan nebit çogup başlanyny gören Gaýgysyzyñ neneñsi begenendigini göz öñüne getiriberiñ. Ol şo mahallar näme pikir edendir öýdýäñiz? ”Munça senagatymyz, munça pagtamyz bilen SSSR-iñ torundan çyksagam aç galasymyz ýok” diýip oýlanan bolsa gerek. Sebäbi Türkmenistanyñ aýratyn döwlet boljak nesibeli gününe Gaýgysyz elmydam umytly garaşýardy we her bir beýik ädimini şol umyda baka ädýärdi. Kadrlaryñ ýetmezliginde, umumy ykdysady ýagdaýyñ pesliginde, her bir manady Merkezden diläp ýaşamaly zamanada respublikada şeýle ösüş gazanmak üçin Gaýgysyz bolmaly, ýa Gaýgysyzyñ derejesine deñdeş şahs bolmak serurdy. Onuñ bu eden işleriniñ beýikligi soñ-soñlar, ýagny Türkmenistan diñe SSSR-de däl, eýsem Orta Aziya respublikalarynyň umumy ösüşinde-de yza galanda has belli boldy. Onsoñ Türkmenistanda ýene Gaýgysyzy küýsäp başladylar. Her bir döwur öz ogluny döredýär. Şeýleräkdir çyn hasapdan alañda. Dogyr Gaýgysyzy ýene bir gelin, Eger ol Türkmene zerur bolanda. A.Allanazar. Syýasy-sosial ugur: Gaýgysyz sözüñ beýik manysynda Adam ýetişdirmegiñ ahyrky maksadyny Türkmenistanyñ doly azatlygyny gazanmakda görýärdi. Türkmenistan azatlyk gazanmaly we azatlygyny goramany başarmaly. Onuñ pikiriçe, Adam-Kadr ýetişdirmek uzak iş. Ýigrimi-ýigrimi bäş ýaşa çenli okuw, ylmy kämilleşiş, tejribe toplaỳyş. Takmynan, otuz, otuz bäş ýaş Adamyñ-kadryñ akyl käsesi dolýan wagty. Şeýle Adam wezipä goýlanda öz ýerinde polat ýaly durmaly. Hut şeýle adamlar öñe geçip jemgyýet doretmeli. Onuñ pikiriçe jemgyýet doremese, ösüş ugursyz bolar. Uly-uly maşgalalar, familiýalar döremegini isleýär. Şolara görä intelligensiýa emele geler. Uruşlar, topalañlar ýa diktatorlyk düzgünleri ozaly bilen şol näzik intelligensiýanyñ bilini omurýar, ony özüne ýaranjañ bir sürä öwürýär. Intelligensiýa beýle urgylardan soñ uzak, örän uzak wagtlap özüne gelip bilmeýär. Muny oñat bilýan Gaýgysyz ýañy şineläp başlan türkmen intelligensiýasyny ösdürmäge irginsiz yhlas sarp edipdir. Onuñ hut ozüniñ synçylygy bilen obalardan, şäherlerden tapylan oglanlar, gyzlar Merkezlere okuwa iberilipdir. Gaýgysyz olaryñ ýetişişlerine göz-gulak bolýan ekeni. Mysal üçin, Lebap ýaka obalaryna aýlanyp ýörkä, bir ýygnakda çetde oturanja, eleşan köýneklije oglana Gaýgysyzyñ ünsi düşýär. Ýygnak gutarandan o oglanjygyñ ýanyna baryp, başyny sypap, ony-muny soraşdyryp görýär. Soñ o oglany Aşgabada ibermeklerini haýyş edýär. Ol oglanjyk soñra Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyñ Prezidenti bolan akademik Pygam Azymowdy. Orta Aziýaly kompozitorlaryñ arasynda ilkinji bolup Zähmet Gahrymany adyna eýe bolan, döreden sazlaryna dünýä baş egýän kompozitor Weli Muhadow hem Gaýgysyzyñ synçy nazaryna düşüp seçilenleriñ biri. Şeýle adamlary sanasañ, ep-eslije bar. Gaýgysyz patyşa zamanynda kämillige ýetişen türkmenleri hem Türkmenistan üçin işlemäge yryp bildi. Milli hökümet guranlardan Seýitmyrat Öwezbaý, Kakajan Berdi ýaly örän zehinli adamlar hem Türkmenistan diýlen täze ojagyñ başyna geldiler. Kakajan Berdiýewiñ inileri: şo döwürler fransuz, rus dillerinde, öz ene dilinde gepleýşi ýaly, ezber okap-ýazyp bilýän Bekgi Berdi, onuñ inisi Bapby Berdi dagy, öñ adyny agzap geçen adamymyz Abdyryzak, Allaguly Garahanow, Baýramalyly Annagylyç ahun (bu ahuna Gaýgysyz “halypam" diýip ýüzlenýän ekeni. Annagylyç ahun bolsa meşhur hudožnik, Zähmet Gahrymany, SSSR-iň halk hudožnigi Yzzat Gylyjowuñ kakasy.), H.Ýomudskiý, Nedirbaỳ Aỳtak we beýlekiler Gaýgysyzyñ köñül diregleridi. Buhara Halk Respublikasynda ady çykyp başlan, soňra Owganystana mejbury geçişinde Amanulla han bilen gepleşikler geçiren, 1925-nji ýylyň başyndaky günâ geçişlikten peýdalanyp Aşgabada gelen Abdulhekim Gulmuhammedow Gaýgysyza goldawçy bolup, özünüň şahyrlyk, alymlyk zehinini doly güỳjünde ýüze çykaryp başlaýar. Ol Gaýgysyzyň teklibi bilen W.Bartold, Samoýlowiç ýaly alymlardan tâlim alýar. Ýeri gelende aýtsak, A.Gulmuhammedow kâmil şygyrlaryň, ylmy makalalaryň awtorydyr. Gaýgysyz olaryñ ählisini özüne ýakyn hasaplaýardy, olaryñam ählisi Gaýgysyza uçursyz uly hormat goýýardylar hem-de Gaýgysyzyñ liderligine ikirjiñlenmän gol berýärdiler. Köne intelligensiýanyñ baý tejribesini, ylmy hazynasyny täze döwür üçin ulanmak Gaýgysyza hoş ýakýardy. N.Aýtakowyñ üstüne daş ýagdyranlarynda G.Atabaýyñ şeýle mertlik bilen ony goldaýşyna bir mysal getireýin: Atabaýew: ”Birnäçe ýoldaşlar ýol. Aýtakowa biderek ýere örän köp günä ýapdylar diýip hasap edýärin. Onsoñam, Han Ýomudskiý barasynda Aýtakowy günäkärlemän, meni günäkärlemek gerek. Esengula men bardym we serhediñ añyrsyndan ony men çagyrdym... Munuñ üçin şu gün Aýtakowy tankyt etmek düýbünden nädogry bolar, meni-baş üstüne, tankyt ediberiñ...” (TSSR MIK-niñ we HKS-niñ partiýa guramasyny arassalamak boýunça komissiýanyñ mejlisiniñ stenografik ýazgysyndan. 5-nji ýanwar 1935 ý. ”Türkmen arhiwi” 1993 ý.№1 sah 42. Taýýarlan G.Gadelşin.) Ýeri gelende aýtsak, Gaýgysyz bilen Nedirbaý Aýtak hiç mahal kesekleşmediler diýip taryhçylar güwä geçýärler. Gaýta, olaryñ hersi öz ornuny bilýärdi we bir-birege ýardamçydylar. Eziz hanyñ buýrugy bilen Maryda Aga däli diyen bir kişiniñ her aýagy bir ata dañylyp, wagşylyk bilen süýredilip özdürilende hanyñ ýanynda durup, onuň pikirini goldan mürzesi Berdi Kerbabany hem, Gaýgysyz geçirimlilik edip, täze işlere çekdi. Bekgi Berdi bilen Berdi Kerbaba 1926-njy ýylda Magtymgulynyň bir tomluk kitabyny çap etdirdiler. O ýyllarda Magtymgulynyñ goşgulary türkmen halkyna teşnä suw beren ýaly täsir etdi. Magtymgulynyñ duşmanlary, elbetde, Türkmenistanyñ hem duşmanlary bu hadysa garşy herekete geçip başladylar. 1928-nji ýylyñ 1-nji martynda Türkmenistan Kompartiýasynyñ sekretary Ibragimow: ”Men Magtymgulynyñ neşir edilmegini uly ýalñyşlyk hasap edýärin” diýip Merkezi Komitetiñ 2-nji Plenumynda eden dokladynda aýtdy. Muny şo döwürki partiýa sekretary H.Sähetmyradow hem goldaýardy. Şo Plenumda Ibragimowyñ wezipeden gitmegini, H.Sähetmyradowyñ bolsa respublikadan daşarda işlemegini gazanan Gaýgysyz as salym ynjaldy. Emma Gaýgysyz daga garşydaş toparda ýañy ýetişen G.Kulyýew 1932-nji ýylda “Magtymguly söwda buržuaziýasynyñ ideology” diýen kitapçasy bilen orta çykýar hem-de Magtymgulynyñ on bäş ýyllap neşir edilmezligini gazanýar. Sowet döwründe Magtymgulyny ilkinji neşir edeniñ biri Bekgi Berdiyew bolsa respublikadan çykarylyp goýberilýär. Şondan soñ Magtymgulynyñ kitabyny taýýarlan alym ýa neşirçi taýak datman galanok. Olaryñ her biri hatardan gidende, Gaýgysyzyñ bagryndan ýylan dişleýär. Gaýgysyz ýyl geldikçe garşydaşlarynyñ artýandygyny duýýar. Şo ýyllar Gaýgysyzyñ we onuñ pikirdeşleriniñ öñünde şeýle güýçler durýar: 1. Uly-kiçi hanlar, taýpa başlary, baýlar, din wekilleri we olaryñ yzyna düşenler. Olar täze döwlet gurlansoñ, öz häkimlikleriniñ ýöremejegine göz ýetirdiler. Şeýle-de bolsa, olaryñ arasynda hem Türkmenistan üçin hereket edenleri bar. 2. Türkmenleriñ arasynda emele gelen owganparazlar, eýranparazlar, ozbekparazlar. Olar bütewi türkmen ugrunyñ döremegine päsgelçilik döretmäge meýillidiler. 3. Syyasata başbitin berlip, şo syýasatyñ hatyrasyna öz halkyny hem-de tutuş Türkmenistan respublikasyny pida bermäge taýyar adamlar. Olar daşardan geleni başyna täç edip, özüniňkileri ýere sokýarlar. 4. Merkezden iberilen wezipeli adamlar. Olar Gaýgysyz dagynyñ rowaçlanmagyny islemeýärler hem-de ýerli halkdan ýolbaşçy işe çekilmegine dürli ýollar bilen päsgel berýärler. 5. Tireçillik keselinden, ig-gul düşüñjelerinden saplanyp bilmedikler. Şo döwrüň pikiriçe, pars, owgan, kürt ýa-da başga bir gatanjy bar bolsa, sen pes kasta hasaplanýarsyñ. Bilşiñiz ýaly Gaýgysyzyñ ejesi owgan gyzy. 6. Hökümetiñ başlygy wezipesini almak isleýän aýry-aýry adamlar. Olar Gaýgysyzyñ halk içindäki meşhurlygyny duýup, köplenç assyryn hereket etmeli boldy. Olar agzalalyk döretmek üçin başgalar tarapyndan meçew berlen, küşgürilen adamlar bolmagy hem mümkin. 7. Mezkez, ozaly bilen Stalin, stalinçiler. Olar milli respublikanyñ ösmegi üçin maliýe, maddy ýardamy azaldyp, kesip bilýärler. Gaýgysyzyñ Orta Aziýadaky abraýyna, respublikadaky meşhurlygyna böwet basmak üçin Gaýgysyzyñ zarbyna çydajak, her gün onuñ ýüregini bulandyrjak, aýagynyñ aşagynda gorp döredip biljek partiýa kadryny iberýär. Ol Türkmenistan Kompartiýasynyñ Merkezi komitetiniñ birinji sekretary Ýakow Popok. Bu tip gelen gününden tä soñky günlerine çenli Gaýgysyza sakyrtga ýaly ýapyşdy. Özge sakyrtgalar derä ýelmeşse, Popok göni ýürege neşter sançdy. Ol Gaýgysyza garşy namart oýunlar tapdy. Arkasynda Merkez duransoñ, türkmen ýapjalaryny töweregine üýşürip, edil ýaraly Arslanyñ daşyna üýşen syrtlanlar ýaly topuldy. Arslan, her neneñ ýalñyz bolsa-da, her neneñ ejirler çekse-de Arslan ädimler ädýärdi, golaý gelen syrtlany çeýnäp göýberýärdi, töwerekdäki syrtlanlar dişini syrtardyşyp, aýylganç-aýylganç çyñkyryşyp, ýene topy bilen topulýardylar. Ynha, Gaýgysyz şeýle şertlerde işlemäge mejbur boldy. 1928-nji ýylyñ 1-nji martynda TK(b)P MK-nyñ 2-nji Plenumynda Halmyrat Sähetmyrat tarapyndan Gaýgysyzyñ başyna daş ýagdyrylyşyny bir synlañ. Onuñ bu dokladyny, özem Türkmenistandaky iň soňky dokladyny okasañ, ikinji sekretar hökmünde ylalaşyksyz, arabozar, üşüksiz, görip, milletine hiç bir peýdasyz, özgâ gul bolmaga häzir bir adamlygy duýulýar. Hatda muny Plenumda sözlänlerem aýdýar. Bir özi akguş, özgeler garga. Ol öz ýigrenji bilen Atabaýewi gowy tanadýar. Ol köne saman sowurmaga-da ökde. Türkmen oblispolkomynyñ başlygy Çary Perliýewi (belki, Pirliýewi) Gaýgysyzyň goldanlygyna garaman, ony işden aýyrdanyna begenip sözleýär. Soñ Atabaýewiñ üstünden düşýär. Ol Atabaýew we ony goldaýanlar bilen agzalalygyny birme-bir sanaýar. Onuñ aýyplamalary şeýle: Birinji aýplama: Ŷol. Atabaýew bolsa başga ýagdaýdan ugur aldy: Türkmenistanda ýer-suw gatnaşyklaryny Amyderýa meselesi, uly kanalyñ geçirilmegi çözüp biler. Şoña görä ýer-suw reformasy eýlenenne degmeýän deri, şu sebäpli diñe ýer gurluşygy bilen çäklenmeli. Düşnükli zat, ýol. Atabaýew we ony goldaýjylar oba baýlaryny yerden we suwdan mahrum edip, olary ynjydasy gelmeýär, ähli kişiniñ göwnüni tapjak boldylar. Ýer-suw reformasy meselesi BK(b)P MK-nyñ Syýasy Býurosynda duran halatynda, TK(b)P MK-nyñ we BK(b)P MK-nyñ Orta Aziýa býurosynyñ kararyna garamazdan ýol. Atabaýew öñi-soñy ýene bir gezek meniñ pikirimi üýtgetjek boldy... Men bu göwnetjek bolmaklyga ýan bermedim we bu ýagdaý hakda Moskwada ýol. Zelenskä gürrüñ berdim... Bu ýagdaýlar zerarly meniñ Atabaýew bilen gatnaşyklarym, elbetde, ýaramazlaşyp başlady. Ikinji aýplama: Obalarda baý gatlaklary bar, olary ýerden we suwdan mahrum etmeli. Ýol. Atabaýew bolsa mydama Türkmenistanda beýle zat ýok diýen pikirden ugur aldy. Hamana TSSR feodal-krepostnoýçylyk gatnaşyklaryndamyş, bu taýda türkmen söwda buržuaziýasy ýokmuş, şoña görâ obada ähli adamlar zähmetkeş daýhanlarmyş we netijede-ähli adama ýer bermeli. Muny biz Merkezi Komitetde açyk bildik, ol ýer-suw reforma komissiýasynyñ başlygy bolup Tejene gitdi. (Ispolbýuroda onuñ öz eli bilen ýazylan tezisleri bar.) Birnäçe ýoldaşlaryñ, şol sanda meniñ ýiti garşylygym sebäpli o tezisler kabul edilmedi. O tezislerde Atabaýew şeýle diýýär: bir baýam ýok, bir işanam ýok, şo sebäpli hemmelere ýer bermeli. Muny MK-nyñ býurosy gaýtardy. Ol öýkeledi we bu taýda haýsydyr bir toparlaýyn göreş bar hasap etdi. Emma býuro onuñ tekliplerini kabul etmedi hem-de ony ýañadan Tejene ugratdy. Emma ol göwünsiz gözledi we azajyk tapdy. Bu hemmä mälim we býuro muny gowy bilýär. Üçünji aýplama. Ýol. Atabaýew metbugat sahypalarynda Gyzyl Goşunyñ milli gurluş prinsipi meselesi bile çykyş etdi. Ol şeýle pikir ýöretdi: öz halkyny goramak üçin her halkyñ öz goşuny bolmalydyr, şoña görä-de türkmen halky hem öz halkyny goramak üçin öz goşunyny döreder we ş.m... Biz ýol. Atabaýewiñ ýalñyşlaryny ara alyp maslahatlaşmagy talap etdik...Onuň bu sözleri milletçilikli sözler, bolşewistlikçi däl... Atabaýewiñ abraýyny saklamakdan ötri bütin bu işi redaksiýanyñ boýnuna ýüklediler... Bize gybat bilen, toparlanyşyk bilen meşgullanmañ diýýärler. Dördünji aýplama. Bu Gürgende ýomutlaryñ gozgalañy wagtynda Atabaýewiñ özüni alyp barşy hakda. Atabaýew türkmen ýaragly gollary (güýçleri) arkaly olara kömek bermek zerurlygy hakda hem-de olary özümize birleşdirmek hakda mesele goýdy. Biz MK-da meseläni başgaça goýduk, beýle çemeleşik milletçilikli çemeleşik, beýle çemeleşigi buržuaz intelligensiýasy bolan Öwezbaýewler, Bekgi Berdiýewler talap edýärler. ”Atabaýew, sen şolaryñ ideologiýasyny añladýañ, beýle etmek bolmaz,bu biziñ partiýamyzyñ prinsiplerine garşy gelýär, bu proletar diktaturasynyñ bähbitlerine garşy gelýär.” diýdik. Emma ýol.Atabaýew bolsa:” nädip mähriban doganlarymy goramaga çykmaýyn?! Biz olara kömek etmeli, türkmenler haýsydyr bir proletar syýasatyñ gurbany bolmaly däldirler...diýdi" ýol. Atabaýewiñ partiýalaýyn däl teklibine Atabaýew bilen Aytakow ses berdi. Bäşinji aýplama. Ýol. Atabaýew Gürgen gozgalañy başlanda öñki ofiser Öwezbaýewi Daşkende çagyrdy hem-de olary Gürgendäki türkmenlere ýolbaşçylygy guramak üçin ugratmaga synanyşdy.. .Ýol. Atabaýewiñ ýene bir etmişi hemmelere mälim, ol Daşhowuzy öwrenmek bahanasy bile Öwezbaýewi Jüneýit hanyñka ugratdy. Arman, şu wagt ýol.Atabaýewiñ özi ýok, bolsa, näme sebäpden şeýdenini aýtdyrardyk. Altynjy aýplama. Türkmen buržuaz intelligensiýasyny peýdalanmak hakda. Men, şol sanda birtopar ýoldaşlar-Ispolbýuronyñ agzalary, birtopar ýewropalylaryñ goldaw bermeginde şeýle bir meseläni öňde goýduk, ýagny türkmen intelligensiýasyny, olar köpçülige täsir yetirip bilmejek ýerde, ulanmaly. Olar azlygam bolsa, ideologik edaralaryñ başynda goýulmaly däl... Biz Bekgi Berdiýewi wezipeden aýyrmaga synanyşanymyzda ýol. Atabaýew: ol medeniýetli adam, ony GUS-dan aýyrmaly däl diýdi. Umuman, ýol. Atabaýew burjuaz intelligensiýasyndan geljek howpy görmek islemeýär, olary her bir wezipede peýdalanmaga taýýar. Ýedinji aýplama. Türkmenleri partiýa çekmek hakda. Atabaýew adamlar partiýa çekilende sosial sypat boýunça däl-de şahsy başarnygyna, sowadyna görä çekmek hakda mydama mesele goýup geldi. Hamana, bizde söwda buržuaziýasy ýokmuş, şäher ýaşaýşy ýokmuş, hemmeler oba ilatymyş, biziň zähmetkeş elementlerimizmiş, şoña görä ähli ukyplylary partiýa almak gerekmiş. Mysal üçin, ol kimdir bir Burunowy partiýa almak hakda aýak diredi, Burunow söwdagär, ýöne başarnykly, indi şygyr düzmek bilen meşgullanýar. Biz muny ýazgaranymyzda ýol. Atabaýew bize onuň bilen şahsy garşylyklaryñyz bar diýip hasap etdi. Partiýa çekmek meselesinde biziñ aramyzda agzalalyklar bar. Başga tarapdan Atabaýew ähli gatlaklaryñ partiýa çekilmegi hakda hem-de ýewropalylara garañda türkmenleriñ agdyk çekilmegi hakda mesele goýdy. Muny buržuaz intelligentler talap edýärler, sebäbi partiýada türkmenler köplük bolsa, her bir meseläni şol köplük arkaly geçirip boljak, şeýdibem synpy ugur zaýalanjak. Sekizinji aýplama. Partiýa apparatyny neneñsi düzmek hakda býurodaky agzalalyklar bolupdy, bar we gürrüñsiz bolar. Ýol. Atabaýew partiýa apparatlary raýkomlara, okrugkomlara we partiýanyñ MK-nyñ organlaryna synpy alamatlara görä däl-de, olar kim bolsalar bolsunlar, partiýa agzasy bolsa hem-de şahsy ukyplary bolan ýoldaşlary çekmeli diyen ýörelgeden ugur aldy. Dokuzynjy, onunjy, on birinji aýplamalarynda Sähetmyradow Atabaýewiñ, Aýtakowyñ, Nazarowyñ üstünden inip köp sözleýär. Olar hakda sähelçe tutaryk tapdygy başyna daş yagdyrýar. Paýtagty Çärjewde gurmak hakdaky pikirlerden hem synpy many gözleýär. Ol Atabaýewiñ ýalñyşlary diýýänlerini ýörite ýygnakda ara alyp maslahatlaşjak bolup näçe ýyl bärki synanyşyklarynyñ başa barmanyny aýdýar. Onuñ ýeñip bilmez ýagysy Atabaýew. On ikinji aýplama. Atabaýewiñ iş sistemasyna degişli birki agyz söz. Atabaýew öz iş sistemasynda kollektiwleýin iş prinsiplerinden ugur almaýar. Onuñ hanlyk sistemasy bar, ýeksurunlyk. On üçüñjü aýplama. Galyñ hakda öñräk geçen jedellere degişli. Atabaýew galyñ meselesinde partiýanyñ rewolýusion hüjüminiñ bolmaly däldigini aýdýar, bu iş kem-kemden, ewolýusion ýol bilen ýeñilmelidir diýýär. Bizde bolsa Orta Aziýa býurosynyñ hüjüm hakda karary bar ahyry... Orta Aziýa býurosy biziñ teklibimizi tassyklady ahbetin. Emma ýol.Atabaýew bolsa, şol bir wagtda, ähliñiziñ bilşiñiz ýaly, ýol. Aýtakowyñ işeññir goldamagynda göni bize azar ýamanyny berdi. On dördünji aýplama. Býuroda ala-böle ýol. Atabaýewiñ näme sebäpden oba baýlarynyñ hyýallaryny añladýanlygy bize büs-bütin düşnükli. Muña göz ýetirmek üçin onuñ maslahat-çylaryna we töweregindäkilere bakmak gerek. Partiýa agzalaryndan Pereñliýew, Akmyrat Orazow bar, olar partiýadakylar we partiýada däller arasynda hiç hili parh goýmaýarlar... Narkomprosda Pereñliýewi Öwezbaýewler we Bekgi Berdiyewler dolandyrdy. Orazow Akmyradyñ kim bilen baglydygy hem gizlin däl. Ýol. Atabaýewiñ özi Pereñliýewi we Orazowlary çakdan aşa öwmek bilen ýol. Öwezbaýewiñ arkasyny sypamaga taýýar. Olaryñ biljek meselelerini maslahatlaşmakdan we olara aýtmakdan gaýtjak däl. Jüneýit han hakda partiýa syry şeýdip açyldy. Sebäbi Öwezbaýew Atabaýewiñ üsti bilen partiýa syryny bildi... Bu hakda Orta Aziýa býurosy we biziñ MK-myz bilýär. Bu hakda biz habar berdik. Öñi-soñy ýol. Atabaýew tertibe geljek däl. Tertibe gelmeýänligi üçin göwnüne geleni edýär. Soñra. Bize hüjüm eden Jüneýit hana garşy göreş wagtynda ýol.Atabaýew günäsi geçilmejek haýal-ýagallyk etdi... Men we beýleki birtopar ýoldaşlar, şol sanda ýol. Çary Wellekow merkezi komissiýa bilen birlikde işlediler we obanyñ baý gatlagyny atdylar. Şol bir wagtda (bu hakda MK bilýär) ýol. Atabaýew, obanyñ ähli halkyna ýarajak bolup, öñ aýdyşym ýaly, haýal-ýagallyk etdi... ...Jüneýit hany Atabaýew milli gahryman hasaplaýar ahyry... ...Ol (Atabaýew) gurultaýda etjek dokladyny taýýarlamak bahanasy bilen Jüneýit hana garşy göreşe halky gönükdirmedi, gaýta beýle gyzgalañly wagtda, görşüñiz ýaly Pöwrizede oturdy. Atuwa degişli baýlaryñ-onuñ ýaranlarynyñ spisogyna gol çekmäge banditizme garşy göreş boýunça komissiýanyñ agzalary mejbur boldular. Beýle aýgytly çärelere (atuwlara) ýol. Atabaýewi boýun edäýmek örän çetin boljagyny Gazanjyk PIK-niñ başlygy öñden bilyärdi... Bu göreşde ol adatdan daşary passiw boldy, hut oba baýlarynyñ göwnünden turmak isledi. Gurultaýda meniñ iki dokladym boldy ahyry, onda bir doklad boldy, ol öýde oturdy we hiç zada gatnaşmady, biz bolsa, özüñ bilşiñ ýaly, öñi-soñy Daşhowuzda öýde oturmadyk, baýlaryñ we ruhany elementleriñ bazyrrygyna basdyk. Soñra Sähetmyradow Aýtakowyñ, Ibragimowyñ üstünden düşýär. Çary Wellekowyñ sözünden- “Atabaýew biziñ partiýamyzyñ ýolbaşçylygynyñ astyndan çykdy, özüniñ çözmeli däl prinsipial meselelerini partiýa ýolbaşçylaryna baglaman çözdi.” Bu Plenumda Gaýgysyzyñ özi ýokdy. Ony Aýtakow mynasyp goldaýar. Şol Plenumda H.Sähetmyrat, Ibragimow dagy işden aýrylýar. H.Sähetmyrat Daşkende geçirilýär. Görşüñiz ýaly, H.Sähetmyrat bu doklady bilen özüniñ neneñsi gara niýetlidigigini açýar hem-de Gaýgysyzyñ öz milletini neneñsi söýýänligini ýamanlamak bilen aýan edýär. Gaýgysyz 1937-nji ýylyñ 23-nji martynda respublikan partiýa guramasynyñ Plenumynda çykyş edende Popogyñ we beýleki gara niýetlileriñ şeýle ajy sözleýişleri, Gaýgysyzyñ sözüni bölüp, öz terbiýesizliklerini görkezişleri alym G.F.Gadelşin tarapyndan taýýarlanan “Atabaýewiñ soñky tutluşygy” diýen kitapçada açyk görkezilýär. Gaýgysyzyñ bu çykyşy respublika derejesinde iñ soñky çykyşy boldy. Şo çykyşy okasañyz, respublikanyñ milli ýolbaşçy kadrlarynyñ gyr-ýapyr edilýänligine, Gaýgysyzyñ örän argyn, örän ýalñyz, örän jany ýangyn haldadygyna göz ýetirersiñiz. Şonda-da ol başy belentligini, inçe umydyny ýitirmändir. Gaýtawul bermäge ukyply. Her mahal bolşy ýaly, häzirem partiýa dikmeleriniñ haýbatyndan çekinenok. Tutuş Merkezi Komiteti tankytlamaga başlaýar. Çykyş edenleriñ birnäçesi bolsa Gaýgysyzy nyşanalap zäherli sözleýär. Gaýgysyz olara ýeterli gaýtawul berýär: “Bu gün saña bu samahylly nämä gerek? Saña, köne kommuniste şeýle samsyk zady aýtmak nämä gerek? Bu dogry däl.” “...halk komissarlaryndan üzñelik baradaky günäkärlemäniñ, esasan alanyñda, meni abraýdan düşürmek üçin uslyp däl serişdelerden peýdalanylyp edilýän töhmetçilikli synanyşykdygyny görersiñiz. Meniñ birkemsiz, päk ýürekli zähmetimi şeýle usul bilen garalamaga bu günki gün kimiñ haky barmyş?! Eger siz maña iñ ýönekeý adamkärçilik bilen garaýan bolsañyz, meni şeýle usulda syýasy taýdan atuwa sezewar etmäge hakyñyz ýokdur!” “Eger meniñ ýalñyşýandygymy subut etseler, men päk ýürekden öz ýalñyşymy boýun alaryn.” “Bu kemçilikler, dogrusyny aýtsañ, bizde ilki bilen Merkezi Komitetiñ we Halk Komissarlar Sowetiniñ arasynda işiñ dogry bölünmezliginden gelip çykýar." “Häzirki wagtda iş dolanyşygyny türkmen diline geçirmek biziñ üçin gaýragoýulmasyz meseleleriñ biridir. Bu meseläniñ birnäçe ýyl mundan ozal hem bolandygy üçin bu günki gün ony aýratyn ýiti götermek gerek.” Bu Plenumda Popogyñ Gaýgysyza neneñ hormatsyz daraşýandygy, ony her ädimde dili kelte etjek bolup dyrjaşyandygy, kesä çekýändigi duýulýar. Buýruk bermeli bolanda, üstünlük gazanylanda partiýa muny öz üstüne alýar. Jogap bermeli bolanda, kemçilik ýüze çykanda o başgalaryñ üstüne ýöñkelýär. Gaýgysyz muny söz arasynda, setir añyrsynda janyýangyn añladýar. Şu dialoga üns beriñ: Atabaýew: Bizde, meselem, dil boýunça agzalalyk bar. Popok: Señ bilen bütin býuronyñ arasynda. Seniñ yeke özüñdiñ! Atabaýew: Meniñ hakym bar... Popok: Sen Popok milli medeniýetiñ ganym duşmany ýaly edip çykyş edýärsiñ! Atabaýew: Meniñ, elbetde, Býuro bilen ylalaşmaýan zatlarym bar.! Popok: Biz ýalñyş pozisiýañ üçin saña hatda degmedigem. Atabaýew: Degmesine-hä degdiñiz, ýöne meniñ şu meselede ýalñyşandygymy subut etmeli! Bu stenogrammany tutuş okañda, dogrudanam, Gaýgysyzyñ ýaraly-ýalñyz Arslandygyna şübhe galanok. Soñky ýyllar onda ýurek agyrysynyñ dörändigi, nerwleriniñ çigişendigi şeýle sebäpler arkaly ahyry. H.Ýomudskiý, Seýitmyrat Öwezbaý, Abdyryzak, Kakajan, Bekgi, Bapby Berdiýewleriñ üçüsi hem, Muhammetguly Atabaýewiñ inileri Hajy we Öwezgeldi Atabaýewler, başga-da müñläp-müñläp adamlar, intelligensiýanyñ gülleri NKBD-niñ ganly penjesine düşdüler. Ölen öldi, dirilere şeýle ejirler berildi weli, olar özüniñ diriligine hem ynanmadylar. Uzak syýahatlarymyñ birinde Demirgazyk Buzly okeana golaý, baky doňaklykdaky Turuhansk şäherine baramda, bu ýerlere gelen ilkinji türkmen mendirin diýip öz ýanymdan guwanyp gaýtdym. Soñ-soñ okap görsem, o taýda watandaşymyz, Gaýgysyzyñ goldan adamlarynyñ biri Öwezgeldi Atabaýewiñ mazary gara buz astynda ýatan ekeni. 1926-njy ýylda Magtymgulynyñ bir tomlugyny neşir etdirende respublikadan çykarylan uly alym Bekgi Berdiýew aklanandan soñ hem oñly gün görmändir. Ol Tejende rak keseline uçrap ezýet çekýarkä, kegebeçi baryp: ”Bekgi Berdi ölende bize duýdurman jaýlaýmañ. Biz onuñ ölendigini gözümiz bilen görüp akt ýazmaly. Şol akty Merkeze ibermeli, şonuñ esasynda Bekgi Berdi aýratyn howply adamlaryñ spisogyndan öçürilýär” diýipdir. Aýdylyşy ýaly hem edipdirler. Ýöne men Bekgi Berdiniñ ölenden soñ hem spisokdan öçürilendigine ynanamok. Sebäbi Bekgi Berdiniñ galagop ruhundan hem bir aýplar gözlenýän bolmagy gaty mümkindir. Ynsan, biçäräniñ, bäş günlük ömründe erkin ýaşamalydygyny, onuñam göwni-kalby, onuñam hukugy-islegi barlygyny başgalara düsündirmek ýeñil-ýelpaý iş däl bolarly. Gaýgysyza dolanalyñ. Ol 1937-nji ýylyn 23-nji martynda respublikanyñ partiýa guramasynyñ plenumynda çykyş etmegi bilen respublika derejesinde iñ soñky gezek çykyş edipdi. Soñra 1937-nji ýylyñ 16-njy iýunynda bolsa umuman iñ soñky, ýagny sahnadan gitmeginiñ öñüsyrasyndaky çykyşy boldy. Gaýgysyz bu gezegem örän batyr, başy dik hem-de umytly görünýär. Milli kadrlaryñ ýok edilip, ýerine Merkezden iberilen düşnüksiz familiýalary sanap-sanap, olaryñ öz ýaragy bilen özlerini urýar. Aşgabat şäher partiỳa aktiwiniň ýygnagy bolsa-da Gaýgysyz giñ örä ýaýraýar hem-de respublikanyñ partiýa guramasyny, şo sanda birinji sekretar bolan Ý.A.Popogy ýiti tankytlaýar: ”Ýoldaşlar, Türkmenistanyñ partiýa guramasynda häzire çenli troskiçileri goldan aýry-aýry dönükleriñ, satlyk adamlaryñ, aýry-aýry liberallaryñ barlygy sebäpli şeýle bolyar. Partiýa guramasy nirä bakdy?...” ýa-da “Popok üsti açylmadyk troskiçi hem-de troskiçileri goldady.” Gaýgysyz göz üçin otuz ýedinji ýylyñ dilinde sözleýär. Ol Aşgabat şäher partiýa komitetiniñ aýrylan sekretary Umanskini,Aşgabat şäher prokurory Abramowy, Ý.Popogyň aýaly-şäher komitetiniñ jogapkär işgäri Slawinany we dürli orunlarda oturan Lobanowy, Reboneni, Hrapkowskini, Tarakanowy, Şelaputini, Burhanowy, Gewerkýany, Zabalotnyhy, Hrapkowskayany, Entini, Kiparisowy hem-de beýleki ençeme ýörite iberilenleri aýplaýar. Gaýgysyzyñ troskiçileri bahanalap öz ideýa duşmanlaryny uruşyny içgin synlan biri oturan ýerinden ýeser sorag berýär: ”Siz Popok bilen aragatnaşyk saklan ýerli millet wekilleri hakda hiç zat aýtmadyñyzla?” G.Atabaýew jogap berýär: ”G.Sähedow we O.Täçnazarow Popoga ýakyn durýardylar diýip aýdyp bilerin.” Gaýgysyzyñ bu dokladyndan onuñ özüniñem bu ýagdaýda arenadan tiz gitjegini bilýän ýaly duýgy döreýär. Şoña görä türkmeni söýmeýänleri soñky ädiminde-de ýoldan aýyrmaga dyzaýar. Şu taýda Gaýgysyzyñ ömür boýy ulanan bir täri hakda-da okyja ýatladyp geçesim gelýär. Ol sahnadan giden dostlary hakda, mysal üçin Seýitmyrat Öwezbaý, H.Ýomudskiý, K.Berdiýew we beýlekiler hakda tankydy bellik aýdanda, şony umumy işiñ hatyrasy üçin, özüni gizlemek üçin, perdäni galñaltmak üçin aýdýar. ”Ölen öler, galan saglar biziñki” (XIX asyr türkiýeli türkmen şahyry Dadaloglunyñ sözi) diýen prinsipden ugur alýar. Bu hiç bir halatda Gaýgysyzyñ öz dostlaryna biwepalygy hökmünde görlüp bilinmez. Beýdilse, Gaýgysyza düşünilmedigi bolar, onuñ syrly ädimine akyl ýetirilmedigi bolar. Beýik Watançylyk urşy başlanýança jeza beriji, gizlin guramalaryñ halka yetiren pidasy, o gözel ömürleriñ kömür edilişi her bir duşmanyñkydan beter boldy. Onuñ öwezini dolmak mümkin däl. Stalin we stalinizm bireýýäm sahnadan giden bolsa-da henizem o düzgüniñ ownuk ýüze çykmalaryny käýerde synlamak bolýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |