15:21 Diňe Gaýgysyz Atabaý | |
Men haýsydyr bir proletar syýasaty üçin türkmenleri gurban berip biljek däl. Gaýgysyz Atabaý. 1923 ý. Hormatly okyjy! Çylşyrymly ykbally Gaýgysyz hakda bu gadagançylykdan doly, jikme-jik maglumat toplamak mümkin däldigini ýatladasym gelýär. Rus publisisti Sergeý Medwedýew: ”Russiýanyñ gizlin gulluklarynyñ gizlin arhiwlerinde saklanýan dokumentleriň bary-ýogy bir prosenti bize belli” diýip janygýan pursatynda, türkmenler üçin ol şondanam has ujypsyzdyr. Şo sebäpli, men gola düşen maglumatlar esasynda Gaýgysyzyñ pikir-duýgularyny, ruhy ösüşini, kämilleşişini yzarlamaga üns berdim. Bu beýik ynsanyñ içki hal-ahwalynyñ has ähmiýetlidigi belli ahyry. Eger Gaỳgysyz Atabaỳyň doly biografiỳasyny ỳazmaly bolsa, azyndan dört-bäş tomluk kitap ỳazmaly bolardy. “Döwürler dolanar, gerdişler döner.” Ana, şonda türkmen ykbalynyñ howply bir öwrüminde Gaýgysyzyñ öñe çykyp, halkyñ başyndan injek uly betbagtlygy dep edenligi hakda ähli dokumental maglumatlar ýüze çykar. Şo pursatda Gaýgysyz täzeden direler. Ol ölensoñam, kuwwatly ruhy her bir diriçe milletine hyzmat edýär ahyry. DIÑE GAÝGYSYZ ATABAÝ Türkmenistan Respublikasyny döredip, oña hyzmat ede-ede ahyrda jesediniñ haýsy toprakda, haýsy agajyñ köküne iýmit bolup yatany belli bolmadyk bu gerçek türkmen hakda şeýle bir adalatly ýazmak zamany geldi. Bu zerurlyga göz ýetiremde galama ýapyşdym. Gaỳgysyz Atabaý Staliniñ örän çylşyrymly, çykgynsyz, gazaply päsgelçilikleriniñ garşysyna ýol-çykalga tapyp, üstesine-de o döwürki syýasy şertleriñ ýaramaz ýagdaýynda milli respublika döretmegi başardy. Syýasy şertleriñ ýaramazlygy nämededi? Bu sowala jogaby kumuk taryhçysy Myrat Ajy “Gypjak sähralarynyñ ýowşany” diýen kitabynda örän jaýdar aýdypdyr: ”...Şeýlelikde patyşa Russiýasynda 196 halk ýaşan bolsa, Sowet Soýuzy döwründe ýüze golaý halk galypdyr. Ýarysyny ýok edipdirler. Adamlary däl, halklary! (Moskwa. 2000ý. 5-nji sah.) Türkmenistany öz ykbalyny özi kesgitlemek hukugy bolan soýuz respublika hökmünde däl-de, eýsem awtonom respublika ýa-da awtonom oblast görnüşinde galan ýagdaýyny göz öñüne bir getirip bilersiñizmi?! Akyl ýetireniñ başy aýlanar. Eger Türkmenistan, hakykatda-da, awtonomlykda galan bolsa,1991-de her kim öz ojagynyñ başyna ỳygnananda, bizi kim garaşsyz diýip yglan edip bilerdi?! Tatarystanyň, Başgyrdystanyň, Çeçenistanyň başyna düşen külpetler biziňem başymyza düşerdi ahyry. Russiỳa hiç bir milleti öz golastyndan çykarmak islemeỳär, diňe öňki soỳuz respublikalary, ỳagny, öz ykbalyny özi kesgitlemek hukugy bolan respublikalary demir penjesinden mejbur bolup gaçyrdy. Ynha, akyl ýetirip otursak, 1924-nji ýylda Gaýgysyzyñ başda durup, Türkmenistan üçin köz-kökenek bolup gazanan, öz ykbalyñy özüñ kesgitlemek hukugy, näçe ýyllar bäri gülkünç ýaly görnen bolsa-da, ahyrda şol hukuk Türkmen halkynyñ ykbalyny kesgitlemekde aýgytlaýjy, iñ zerur delil bolup bildi. Türkmen taryhy, diñe patyşalaryñ, han-soltanlaryñ ýa-da söweşleriñ taryhy däl-de eýsem ozaly bilen jemgyýetiñ ösüşine täsir eden beýik syýasy, ylmy, medeni şahslaryñ taryhy hökmünde bütewiligine owrenilip başlansa, beýik Magtymgulydan sowlup geçmegiñ mümkin bolmaýşy yaly, Gaýgysyz Atabaýy hem unutmak mümkin däldir. Belli taryhçy Kakajan Muhammetberdiýew ömrüniñ kyrk ýylyny esasy işiñ ýany bilen, Gaýgysyz Atabaýyñ ömrüne, beýik işlerine degişli materiallary öwrenmäge bagyşlap, ölmezinden öñinçä şeýle netijä gelipdir: ”Gaýgysyz bolmadyk bolsa, Türkmenistan döwleti bolmazdy.” Meşhur taryhçynyñ bu pikiri neneñsi delillere, neneñsi wakalara, neneñsi dokumentlere daýanyp aýdanyny seljermek gerek. Emma mundan öñinçä Gaýgysyzyñ ömrüne bir nazar öwreliñ. Gaýgysyz 1887-nji ýylyñ 27-nji oktýabrynda Mäne obasynda Täç gök serdaryñ Baninur (Türkmençe ady Oguldurdy) diýen owgan aýalyndan dünýä inýär. Täç gök serdar Eýran basybalyjylaryna garşy Sarahs söweşlerinde ýüzbaşy bolup, özüni tanadypdyr. Soñra serdar diýlip başlanypdyr. Şo ýyllaryñ birinde owgan hany pitneçilere gaýtawul bermek üçin Täç gök serdardan kömek soraýar. Olam ýigitlere baş bolup ýetip barýar. Pitne ýatyrylýar, emma şo garma-garyşyklykda hanyñ hazynasy urulýar. Muny türkmenlerden görýärler. Täç gök serdar bu töhmete çydaman, nirdesiñ Mäne diýýär-de gaýdyberýär. Gelip, ýene suw harazy, mülk ýeri bilen güýmeniberýär. Az wagtdan owganlar hazynanyñ hakyky talañçysyny tapýarlar. Onsoñ owgan hany, bir gürrüñe görä, on gyz, ýene bir gürrüñe görä bir gyz sowgat iberip, Täç gök serdardan ötünç soraýar. Şol sowgat berlen gyz hem Täç gök serdara bir ogul, bir gyz dogrup berýär. Gaýgysyz ýedi ýaşyndaka atadan mahrum bolýar. Emma ýedi ýaşa çenli gözüniñ görenleri, atasyndan gan bilen, ruh bilen geçen duýgy-pikirler Gaýgysyzyñ bütin ömrüne yeter. Onuñ ejesi hem weziriñ gyzy diýlen gürrüñem bar. Onsoñ Gaýgysyz daýylaryna çekse-de, atasyna çekse-de parhy ýok, arslan ýürekli bolaýmalydy. Üstesine-de Gaýgysyzyň doglan topragy Mäne babany (Abu Seýit Mänelini) dünýä beren toprakdy. Pelsepede, tebigy ylymda öz asyryny añk eden bu beýik hem keramatly alymyñ ruhy o jelegaýlara eýelik edýärdi ahyry. Ýetim galan Gaýgysyzyñ täze durmuşy başlanýar. Ýetimligem tüýsli-tüýslüdir weli, esasan göze görünýäni iki tüýslüdir. Ýetimleriñ bir topary durmuşdan basylyp, ejizläp, ähli zada gorkuly, ynamsyz bakýar, ataly-enelilere göripligi güýçlenýär, niýeti garalýar gidýär, mahlasy, özüni jemgyýetden çete çekýär, arly gezýär, ”Bir goluma düşäýse bor” diýip ýaşaýar. Beyle ýetimlerde mukaddeslik duýgusy ýitýär, balyk ýaly sypjyk bolýar, şemal ýaly üýtgäp durýar, iñ ýamany hem ýüzünde utanç bolmaýar. Kezzaplyk o ýetimleriñ baş käridir. Beýle ýetimler bir ýol bilen uly derejä ýetäýse, gol astyndakylaryñ dat gününe. Yetimleriñ başga bir topary bolsa, aslyny unutmaýar, her ynsana atasy, enesi, gardaşy ýaly bakýar. Başarsa ýagşylyk etmäge, peýdaly hyzmatlar görkezmäge dyzaýar. Kanagatlylyk, sabyrlylyk we öz sarpasyny saklamak olara adat bolyar. Olaryñ zehini açylýar, ylma, döredijilige yhlasy güýçlenýär. Onsoñ il içinde hormaty artýar. Beýle ýetimler uly derejelere yetende-de ýörişini üýtgetmeýär. Gaýgysyz soñky tipli ýetimlerden boldy. Kakasynyñ öñki aýalyndan dogan ogul-gyzdan oñly ýardam bolmasa-da, Gaýgysyz oba mollasyna gatnap, köne okuwdan bilim alyp başlady. On ýaşa çenli molla çybygy astynda köne dini bilim aldy. Maşgala pukaralygy, açlyk-horluk onuñ başyna her gün tokmak urup başlanda molla gatnamasyny kesmeli boldy. Şonda molladan almadyk sapagyny gazaply durmuş on esse artygy bilen berdi. 1899-njy ýylda Tejende rus-ýerli mekdebi açylanda Gaýgysyz onuñ ilkinji okuwçylarynyñ biri boldy. Ol mähriban Mäne obasyndan başga-da oba-şäher barlygyny, öz türkmeninden başga-da millet-dil barlygyny ilkinji gezek gördi. Tebigy teşnelik, dogabitdi yhlaslylyk oña okuwda üstünlik getirdi. 1903-nji ýylda Tejendäki mekdebi tamamlan Gaýgysyzyñ ýürejigi uçup durdy. Onuñ gözleri açylyp başlapdy, ylym-bilim diýlen ägirt uly hazynanyñ bir künjünden jyklap görüpdi. Tejendäki mekdebiñ maksady kiçi gullukçy, dilmaç taýýarlap, rus patyşasyna wepaly adam ýetişdirmekdi. Emma Gaýgysyz we ýoldaşlary bu germewleri şobada ýumurdylar hem-de özlerine näme zerurlygyna düşünip başladylar. Şoña görä tirýeki agasy Geldiniñ maslahatyna bakman, gözüni Daşkende dikip başlady. ”Giden ýerden getirgeý, tutan ýerden gopargaý” diýilýän häsiýet Gaýgysyza mahsusdy. Ol Orta Aziýanyñ iñ uly şäheri Daşkendiñ mugallymçylyk seminariýasynda 1905-nji ýyldan başlap okap ugraýar. Tejende okaýan ýyllary rus, tatar, azerbeýjan mugallymlarynyñ Gaýgysyzyñ köñlüne atan däneleri Daşkende gelende şinelâp başlady. Üýtgewsiz görünýän dünýäniñ barha çaýkanyp başlaýandygyny, buz astyndan barha güýçli derýa akýandygyny, düýnem hökmürowan görnen toparlaryñ bu gün aýak üstünde zordan durýandygyny görmesi Gaýgysyza oýlanmaga-ölçemäge täze itergi berdi. Aýratyn hem 1905-nji ýylyñ rus rewolusiýasy patyşa imperiýasynyñ gol astyndaky dürli milletleriñ milli duýgularyny oýaryp, öjükdirip göýberdi. Daşkent bolsa şeýle merkezleriñ biridi we her köñle joşgun guýmaga ukyplydy. Ynha, Gaýgysyz şeýle gazanda gaýnap başlady. Her täze tanyş oña täze dünýäni açyp ugrady. Olaryñ arasynda Muhammetguly Atabaý diýen türkmen ýigidi oña has ýakyn boldy. ”Garry nohur” diýen dag obasynyñ arçynynyñ ogly bolan Muhammetguly berk türkmen terbiýesini alanlygy bilen, daş keşbiniñ we otur-turşunyñ ýakymlylygy bilen, esasy hem pikir-duýgularynyñ kämilligi bilen Gaýgysyzy bendi etdi. Yalançyda bir dost gazanylýan bolsa, o dost Muhammetgulydyr diýen netijä geldi. Muhammetguly Gaýgysyzdan bir ýaş kiçi bolsa-da ondan ekabyrrak görünýärdi. Kakasynyñ gatnaşykly ýerleri hem-de türkmenlerden dörän öñki intelligent kişiler bilen tanyşlygy hem Muhammetgulynyñ hereket örüsini giñeldýärdi, Seýle hem bu örä, tanyşlyk, garyndaşlyk meýdançasyna Gaýgysyzy hem yhlas bilen çekýärdi. Üstesine, ”Eli açyga Alla sahy” diýlişi ýaly, Muhammetguly kakasynyñ berýän maddy ýardamyny öz dost-ýarlaryndan gizleýän ýigit däldi. Gaýgysyz dagy halkdan gelyân puluñ hasabyna okaýan bolsa, Muhammetguly diñe kakasynyñ gös-göni goldawy arkaly tölegli okaýardy. Gaýgysyz bilen Muhammetgulynyñ köñülleri, pikir-duýgulary ýakynlaşdygyça, ol ikisiniñ maksady hem birleşdi. Maksat-ýüzüñi halka öwürmekdi. Özleriniñ okaýan Mugallymçylyk seminariýasynda-da gizlin ruh-halka bakmakdan ybaratdy. Aslynda-da, añyrdan gelşine görä, rus intelligensiýasynyñ uly bölegi esasy ünsüni halkdan aýyrmaýardy, ýogsa olaryñ aglabasy barly maşgalalarda terbiýelenen ynsanlardy. Dogrusy, halk derdi bilen ýaşamak däbi bardy. Ynha, şo hassalyk Gaýgysyz bilen Muhammetgulyda-da öñden döräpdi. Halk bolsa gözgyny halda. Näme etmeli? Ozaly bilen halka sowat bermeli. Öz adyny ýazyp bilsin. Okasa, özüniñ ynsanlygyna göz yetirer, aslyna bakar, ahyrda özüni tanap başlar. Nireden gelip, nirä barýanyny biler. Hut şoña görä, Muhammetguly Atabaýyñ: ”Iýmek-içmekden öñürti ylym-bilim zerur.” diýen sözi ömür öçmejek yşyk ýaly boldy. O sözi Gaýgysyz ömrüniñ ahyryna çenli unutmaz hem-de ähli işlerinde o sözüñ aslynda ýatan uly manyny ulanar. Daşkentde türkmeniñ beýik ogullarynyñ biri H.Ýomudskiý bu goşa gumry ýaly bir-birege ysnyşyp ýören Gaýgysyz bilen Muhammetgula ýol görkezýär, nesihatlar berýär, özüniñ çuññur medeniýetinden, paýhasyndan täsir geçirýär. Ýomudskiniñ özüni şeýle erkana duýşy, merdanalygy, ugurtapyjylygy, halkyna janköýerligi, esasysy hem gaỳduwsyzlygy ýaş beýnilere ummasyz güýçli nusga bolýar. ”Bizem Han dädemiz ýaly bolsadyk” diýdirýär. Halk dürdänelerini ýygnap ile ýetirmekde uly işler eden Ostroumow bilen soñra “Türkmen sazy” diýen klassik kitabyñ awtorlarynyñ biri bolan I.A.Belýaýew ýaly beýikler bilen tanyşlyk hem Gaýgysyzy, Muhammetgulyny deñiz gomlaryna düşen ýaly heýjana salypdyr. Biz Gaýgysyz bilen Muhammetgulynyñ Daşkentde döwri Orta Aziýda ady belli beýik-beýik ýazyjylar, şahyrlar, we beýleki gyzykly adamlar bilen gatnaşyklarynyñ ählisini jikme-jik bilmeýänimizi duýmalydyrys. Daşkent o zamanlar Orta Aziýanyñ merkezidi ahyry, ähli güýçler oña dyzaýardy. Bu iki gerçegiñ Daşkent gazanynda gaýnap, kalplarynda neneñsi joşgun döredendiklerini göz öñüne getirmek hem kyn. ”Är yzynda gezseñ är dek bolar sen.” Tomus dynjalşy golaýlaşanda Muhammetguly Gaýgysyzy “Garry nohur” obasyna çagyrdy. Beýleki türkmen obalaryndan üýtgeşik tebigatly “Garry Nohuryñ” adamlary gadymy türkmen däp-düzgünlerini örän pugta saklap galanlygy bilenem geñ görünýärdi. Üstesine-de dag medeniýetiniñ çöl-sähra medeniýetinden artykmaçlygy hem mese-mälim añylýardy. Muhammetgulynyñ kakasyna Atabaý hajy diýýärler. Köp çagaly, döwletli ojagyñ eýesi. Obasynda we jelegaýlarda hormat gazanan adam. Gaýgysyz bu obanyñ, bu maşgalanyñ, aýratyn hem Muhammetguly dostunyň şeýle ýürekdeşligine, wepadarlygyna jogap hökmünde, ýüreginiñ emrini daşyna çykarýar. Onsoñ şol dag obasynda Muhammetguly bilen Gaýgysyz dogan okaşỳarlar. Adaty doganlykda gan, garyn birligi bolsa, bu doganlykda ýürek, ruh birligi bardy. Onsoň muny resmi hasaba almagy Durun pristawlygyndan haýyş edýärler. Şo döwür Durun pristawlygynda işleýän ady belli Hojaly molla razy bolsa-da kireýsiz kilim kakmaýan pristaw birbada garşy bolýar, Atabaý hajy horjunyny güberdip gelende bolsa gol çekýär. Indi Muhammetgulynyň hem, Gaygysyzyñ hem familiýasy Atabaýew bolýar. Käbir maglumatda Gaýgysyzyň atasy, ýagny Täç gök serdaryñ kakasynyñ ady hem Atabaý awçy diýlip görkezilýär. Olar iki dogan hökmünde Daşkende baranlarynda Muhammetgula Atabaýew 1, Gaýgysyza bolsa Atabaýew 2 diýilýär. Bu lakam resmi ýazgylarda, iki gerçegi yzarlan şugulçylaryñ maglumatlarynda-da ulanylýar. Syýasy aktiw talyplaryñ arasynda Gaýgysyzyñ, Muhammetgulynyñ barlygy, üstesine-de dogrusyny aýtmasa içi ýanyp barýan Gaýgysyzyñ adalatsyzlyklar hakda çekinmân gürlemesi Mugallymlar seminariýasynyñ ýolbaşçylaryny, gizlin gullugyñ ýalhorlaryny birahat edýär. Onsoñ Atabaýew 2-ni okuwdan kowmak niýetine gelýärler, emma ähli talyplar özüni aldyran Gaýgysyzyñ arkasynda berk durýarlar. ”Gaýgysyzy kowsañyz, ählimiz okuwdan çykarys” diýip şert goýýarlar. Şeýdip, Gaýgysyz okuwdan kowulmasa-da patyşa içalylarynyň ýadawsyz, irginsiz yzarlamasyna sezewar bolýar. Şo günlerden başlap tä ömrüniñ ahyryna çenli yzarlanjagyny, özüne düýpden başgaça göz bilen bakyljagyny,dostundan duşmany köp boljagyny Gaýgysyz häzir gümanam etmeýärdi. Güman edäýende-de ol gaýga batjak ogul däldi. Gaýgysyz ady ýönelige götermeýärdi, gaýgyny-gamy, gorky-ürkini âdigi bilen mynjyrada-mynjyrada ýaşamany öwrenipdi. Gaýgysyz Daşkentde okan ýyllary köpi gören Ýomudskiý bilen, Muhammetguly bilen türkmen halkynyñ gelejekki ykbaly hakda neneñsi söhbetler edendigini biz diñe çaklap bileris. Şeýle söhbetleriñ uzak-uzak gijeleri kelteldeni welin ikuçsuzdyr. Her bir meselede öz pikiri bolan, her bir çözgütde täze ýol tapmany öwrenýän Gaýgysyz özüniñ maksadyny, öz ornuny ýuwaş-ýuwaş anyklaýardy. Bu dünýä näme iş bitirmek üçin gelenini Gaýgysyz örän ir kesgitläpdi. Gaýgysyz bäş ýyllap Daşkentde okan döwründe Mäne obasynda biçäre-pukara bolup galan, birmahallar weziriñ gyzy bolan ejesi hakda ne taryhy çeşmeler, ne edebi eserler habar berýärler. Ýogsa Gaýgysyz mährem enäni unutjak ogul däl ahyry. Serdar ogluny döreden ene bu ýyllarda neneñsi güzaplar, neneñsi ejirler, ezyetler çekendigini göz öñüne bir getirip görüñ. Ŷa-da amanadyny tabşyraỳdymyka? Ahyry, okuwlar tamamlanýar, hem mugallymlardan, hem durmuşdan alnan dersleriñ bäş ýyly geçip gidipdir. Gaýgysyz Mara gelýär, iş tapman kösenýär. Ynha munuñ sebäpleriniñ biri: Zakaspi oblastynyñ naçalnigi Ýewreinow Türküstan ülkesine ýazan hatynda: ”Biz seresaplygy elden bermejek bolsak, türkmen mekdeplerine türkmen mugallymlaryny bellemeli däldiris, gaýta olary diñe rus-ýerli mekdepleriniñ müdirleriniñ ikinji derejeli kömekçisi edip bellemeli” (Ş.Täşliýew, T.Durdyýew ”Gaýgysyz Atabaýew” A.1988. 15 sah.) Şeýle hatlar az däl. Bu aralykda Muhammetguly zähmet okuwyny öwredýän kursda okamak üçin Peterburga gidýär. Ol şonda Moskwany hem görüp geçýär. Peterburgdaka ”Zakaspi Türkmenleriniñ mekdebi” diýen makalasy rusça çap edilýär. Muhammetguly şonda on sekiz ýaşly ýigitdi. Kursy gutaryp gaýdanda ýol kireýini Ýomudskiden karz alýar. Bu Atabaý hajynyñ maddy ýagdaýynyñ pese gaçanlygynyň alamatlarydy. Muhammetguly hem Mara gelýär we iki gardaş Atabaýewler rus-ýerli mekdeplerde mugallymçylyk edip başlaýarlar. Olaryñ elinde okan okuwçylaryñ neneñsi bagtyýardygyny bir oýlanalyñ. Ylym-bilim, terbiýe bilen bir hatarda olar öz ýüregindäki joşup-daşyp, kenar tapman duran milli duýgy-pikirlerini ägirt yhlas, ägirt kuwwat bilen okuwçylaryñ kalbyna guýýardylar. Gaýgysyz bilen Muhammetgulynyñ energiýasyndan ähli töwerekdäkiler kuwwatlanýardylar. Iki ýigit hem syratly, hem sagdyn hereketli, gözlerinde ot ýanýar, dilleri dür saçýar, geynişlerinden kem tapylmaz, ulumsylyk sürtseñem ýokmaz. Az-kem içki gahar, gyzmalyk bar. Ony özleri duýanok, Ilem duýup baranok. O gahar, o gyzmalyk nireden gelýär? Iki juwan, gözi açyldygyça, öz halkynyñ uçdan tutma diyen ýaly sowatsyzdygyny, ýaşaýyş şertleriniñ örän-örän pesdigini, maşgala, sosial-jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ugur tapmaz derejedediklerini gördüler. Şeýle ýagdaýdaky halkyna kömek etmän, jan agyrtman ýaşap ýörenleri olar ýigrenip başlady. Hökman, hökman bu ýagdaýy gowulyga baka üýtgetmeli diýen pikirdediler. Daşkentdäki binalary, koşkleri, metjitleri görmekleri, üstesine Muhammetgulynyñ Peterburg, Moskwa ýaly uly şäherleriñ ýaşaýyş durkuny, ýaşaýyş medeniýetini synlap gelmegi, onsoñ o taýdakylary türkmenleriñ gamyş kepbeleri, ak-gara öýleri, ýerkümeleri bilen, suwsuz diýen ýaly ýaşaýşy bilen deneşdirmekleri bu iki juwanyñ rahatlygyny gaçyrýardy. ”Meniñ halkym näme üçin zamanabap ýaşamaly dälmiş?!” diýen sowal olaryñ añynda at salýardy. Gan bilen gecýän, däp bolup gelýän klassyky terbiýe bilen terbiýelenendikleri üçin olar şeýle jan ýäkýardylar.” Iliñ göti başyndan aşsyn” diýip bilmeýändigi üçin şeýle janköýerdiler. Olar ylymlydygy, medeniýetlidigi üçin öz öñlerinde şeýle uly maksat goýupdylar we özlerinde şeýle uly jogapkärçilik duýupdylar. Olar millete sowat, añ-bilim berlende aýal-gyzlary unutmaly däldigini, gaýta olara aýratyn üns bermelidigini nygtaýardylar. Milletiñ öñe gitmegi üçin aýal-gyzlaryñ ylymly bolmagy, aktiwligi ilkinji şertleriñ biridir. Ösen jemgyýetleri synlañ, şonda aýal-gyzlaryñ örän ýokary derejede durýandyklaryna şaýat bolarsyñyz. ”Gaýrat atadan, zehin eneden” diýip türkmen aga ýönelige aýdan däldir. 13 asyryñ beýik türkmen-türk filosofy, Magtymgulynyñ ruhy halypalarynyñ biri, Ynsan Hukuklarynyñ Deklarasiýasy 1948-de kabul edilen bolsa, o prinsipleri, o yörelgeleri 700 ýyl öñ aýdyp-ýazyp giden, dünýäde 600 ýyllap ýaşan, iñ uzak ömürli Osmanly döwletiniñ ideýa sütünlerini guran Hajy Bekdaş Weli ynsaniýete öwütleriniñ birinde: ”Aýal-gyzlary okadyñ” diýipdir. Her bir jemgyýetiñ ýagdaýyny o jemgyýetde aýal-gyzlaryñ tutýan orny bilen kesgitläp boljakdygyny Gaýgysyz hem, Muhammetguly hem öran gowy bilipdirler. Şoña görä-de olaryñ “Zakaspiýskaýa tuzemnaýa gazetada” bu meselä bagyşlanan makalalary çap edildi. Şo döwürler Gaýgysyz bilen Muhammetgulynyñ türkmenleri sowatlylyga çekjek bolup il arasynda eden wagyz-nesihatlaryny aýratyn hormat bilen ýatlamak zerurdyr. Olaryñ işleri ilerleýärdi, hatda Gaýgysyzy müdirlige-de bellediler. Mugallymçylygyñ üç ýyly dolanda Gaýgysyzy Durundaky rus-ýerli mekdebe müdir edip iberdiler. Munda patyşanyñ ohrankasynyñ eli bar bolmagy gaty ahmaldyr. Hem Muhammetgulydan aýyrmaly, hem-de şo zamanlar Maryda güỳçlenen rewolýusion hereketden, milli azatlyk isleýän topardan aýyrmaly. Garaz, Gaýgysyzy ilden çeträge zyñmakçy bolýarlar. Gaýgysyz Durunda bir ýyl işleýär. Daşkent türkmeniñ, ýagny yerli milletiñ ýolbaşçy işde bolmagyny islemeýar. Türkmenligi üçin işden çykarylan Gaýgysyza bu ilkinji uly şarpyk bolýar. Has ýokardan bakañda, onuñ şeýle şarpyk almagy gerekdi diýip oýlanýarsyñ. Goý, hakykata has ýakyndan göz ýetirsin, sähelçe bolsa-da, gümany göwnünden gitsin, goý çekelensin. Şonda ol tiz bişer, tiz ýetişer. Arslanlaryñ, bürgütleriñ yetişişi yaly. Onsoñ işsiz galan Gaýgysyz eýlä ýüz urýar, beýlä ýüz urýar, iş tapmaýar. ”Zakaspiýskaya tuzemnaýa gazeta” makala ýazsa, galam haky berjeklerini aýdýarlar. Emma kararsyz Gaýgysyz Mara gelýär. Pars dilini suwara bilýänligi peýda berýär, ony Eýran bankynyñ Mary bölümine hasapçy hökmünde işe alýarlar, soñra baş hasapçynyñ orunbasary bolup işleýär. Bu ýyllar Gaýgysyz üçin iñ kyn, gümanly-dumanly, hiç bir tarapda güneş jyklamaýan ýyllar boldy. Syýasy ýagdaýyñ gümürtikligi gelejekki ýyllara uly umyt bermeýärdi. Gaýgysyz rus intelligensiýasynyñ dury pikirlenýänleri bilen, ozaly bilen-de sosial rewolýusionerler bilen has ysnyşdy. Olaryñ üsti bilen Russiýada, Ýewropa ýurtlarynda ýagdaýyñ neneñsidiginden habar alyp durýardy. Işleýän yeri Eýran banky bolany üçin Eýranyñ, o ýerdäki türkmenleriñ, şeýle hem şo ýyllarda Eýranda, Owganystanda işeññir hereket edýän iñlisleriñ pikir-hyýallary hakda, az hem bolsa, maglumat alyp bilendir. Maryda şo ýyllar rowaç bolan ”Ýolbarsly” çaýhanasy hem diñe naharlanylýan, ya gije geçirilýän ýer däl-de, eýsem köpüñ barýan ýeri, medeni merkez, söwda ojagy, adamlaryñ tanyşýan, üýşýän jüri hökmünde-de bellidi. Gelýän-geçýän syýahatçylar, täjirler, içalylar, gedaýlar, sergezdanlar hem “Ýolbarslyda” düşläp geçýärdiler. Olardanam azda-kände habar düşýärdi. Gaýgysyz bularyñ ählisini başynda öwrüp-çöwrüp, deñeşdirip özi üçin bir ýörelge-ýoda edinendir. Türkmenleriñ diñe territorial, resmi garaşlylyk babatda däl, eýsem pikir-umyt dagynyklygy, döwlet edinmek, döwletçilik duýgularynyñ jansyzlygy, Gaýgysyzyñ ýiti synçylygyndan sypmaýardy. Üstesine-de Rus patyşasynyñ gowşamagy sebäpli iñlis, eýran, owgan, özbek hanlarynyñ türkmen topraklaryny täzeden bölüşmäge dyzaýandyklary Gaýgysyzda uly howsala döredýärdi. Gaýgysyzyñ özüni alyp barşy,pikirleniş ýoly, hamana, ol eneden doglanda türkmen topraklaryna eýe bol diýlip doglan ýalydy. Onuñ biografiýasyny, geçen ýoluny yzarlasañ, bile işleşen, dostlaşan ýa-da ony gören adamlary diñleseñ, dogrudanam, Gaýgysyz türkmen topraklaryna eýe bolmak üçin dünýä inen ynsandy. Ol bu günleriñ birinde ýene bir üýtgeşik adam bilen tanyşdy. Oña Abdyryzak diýýärler. Külli Mary iliniñ hormatyna mynasyp bolan Orazmuhammet ahunyñ ogly. Abdyryzak atasynyñ ýolundan gitmedi, din-şerigat diýip bu dünýäden el üzmedi. Ol gadymy türkmençilige, biziñ häzirki düşünişimiz ýaly ýöntem türkmençilige däl-de, milleti ýitirmän saklan türkmençilige köp ýan berdi. Abdyryzak minneti gulakly pilden çekdi. Onuñ ýetişdirýän gawunlaryny iýmedik armandady. Iki ýüzli halysyny şu günlerem synlap doýup bolanok. Abdyryzak ynsan erkinligini ähli zatdan belentde goýýanlygy bilen Gaýgysyzyñ ünsüni çekdi. Ol örän çuñ taryhy kämillik bilen öwrenen adamdy. Türkmeniñ geçmişini şeýle ezber bilip, Gaýgysyzyñ alnynda täze bir hazyna açdy. Günde-günaşa görüp ýören gadymy Mary ýadygärlikleriniñ añyrsynda nämeler barlygyny gürrüñ berdi. Türkmenleriñ aslynyñ Oguz handan gaýdýanyny, Gorkut ata diýen beýik danasynyñ bolanyny, baryp-ha on birinji asyrda beýik Hindistany boýun egdiren şa Mahmyt Gaznaly hakda, şo döwürki dünýäniñ iñ güýçli imperiýalarynyñ biriniñ imperatory Roman Diogen 4-niñ boýnuna syrtmak atan beýik Alp Arslan hakda, Çingiz Han ähli ýurtlary ýumrup, ähli illeri gyryp gelýärkä oña garşy iñ uly söweş guran gerçek Jelaleddin Meñburny ýa-da Meñkuberti (Hudaýberdi) hakda, altmyş üç ýaşanda, Muhammet pygambere hormat üçin, öz görüni özi gazyp, gabyra giren Hoja Ahmet Ýasawy hakda, pelsepeli mesnewi ýazmakda henizem öñüne şahyr geçirmeýän beýik Jelaleddin Rumy hakda, baky gala-baky şäher hasaplanýan Konstantinopoly-Ystambyly ýigrimi bir ýaşynda dyza çökeren Ýeñiji soltan Mehmet hakda, umuman, dünýäde döwlet guran türkmen şalary hakda, başga-da ýüzlerçe alym,şahyr hakda uzak gijeler söhbet etdi. Arap dilini, pars dilini öz ene dili ýaly bilýän paýhasly Abdyryzak şondan soñ Gaýgysyzyñ ömürlik maslahatçysy bolýar. Bu aralykda Muhammetgulyny Çelekene, soñra Bäherdene mugallym edip geçirýärler.Ol ak telpekli, gyrmyzy donly gornüşde obalardan halk edebi döredijilik nusgalaryny-nakyllary, aýdymlary, hüwdileri, läleleri, ertekileri, dessanlary ýazyp almaga hem girişýär. Onuñ içki hyjuwy, tükenmez kuwwaty bir göwrä sygardan güýçli. Onsoñ ol yene bir uly işe baş goşýar. Öz dogduk obasynda täze tipli mekdep gurdurmaga başlaýar. Muhammetgulynyñ öz niýeti bar: dag içinde dünýä görmän oturan obadaşlarynyñ ogluna-gyzyna sowat-bilim bermekçi, dil öwretmekçi, şeýdip olary uly dünýä bilen baglaşdyrmakçy. Emma ynsan jany gyl üstünde diýleni. Bir ýerlerden gelen kesel ýapyşyp ýatyr. Mekdep gurlup, okuw başlap-başlamanka Muhammetguly 1916-njy ýylyñ 2-nji martynda dünýäden gidýär. Muhammetguly Atabaý türkmeniñ süýnen ýyldyzlarynyñ biri boldy. (Muhammetguly Atabaỳ hakdaky maglumatlar A. Çüriỳewden alyndy). Bu şum habary eşiden Gaýgysyzyñ neneñsi jöwlan urşuny bir duýsadyñyz. Onuñ üçin dünýä boşap galýar, dünýä sowap galýar. Şobada “Garry nohura” ýola düşýär. Birmahallar bu obada dogan okaşan zamanlary bu daglar neneñsi gözeldi, her gaýanyñ daşlary bir geline meñzäp otyrdy, şirrildeşýän çeşmeler gürrüldeşýän guşlar bilen ne şirin saz çalardy, her çynar, her arça şeýle paýhasly bakardy. Bary sowlupdyr. Asyl, bu jelegaýlaryñ ähli gyzygy Muhammetguly bilen ekeni. Hanha, öz gollary bilen saldyran mekdebi Muhammetgulynyñ hasyl bolmadyk arzuwlarynyñ, başa barmadyk niýetleriniñ, ýetmedik maksatlarynyñ binasy bolup görünýär. Gaýgysyzyñ bu ýürek awusyny, çykgynsyz ýalñyzlygyny Çowdur han dostuny ýitiren beýik Magtymgulynyñ matamyna meñzedesim gelýär. Daglar başyn egdi, duman bürendi, Ýeller galabilmän, ýerde süỳrendi, Aỳ-Gün batyp, gökde Myrryh goründi, Bulutlar boldular baran, Çowdur han! ýa-da: Magtymguly, uçdy ol algyr guşum, Arkadagym, eziz syrdaş, gardaşym. ýa-da: Çowdur han, görejim, köñul diregim, Sen wepat bolup sen zarlar içinde! Gaýgysyz gamly halda, Muhammetgulynyñ köp gaytalan sözüni ýatlady: ”Göreşler öñdedir Gaýgysyz! Biliñi berk guşa!” O sözler Gaýgysyza köñül ýardamçysy boldy. Ol hiç mahal, hiç bir pursatda Muhammetgulyny unutmaýşy ýaly, o sözleri hem köp-köp gezek gaýtalamaly bolar. “Göreşler öñdedir, Gaýgysyz! Biliñi berk guşa!” Ýigriminji asyryñ görnükli türkmen magaryfçysy Muhammetguly Atabaýyñ öz gurduran mekdebi onuñ muzeýi bolup, häzirem ile hyzmat edýär. Ýanynda-da kiçeñräk heýkeli gelen-geçeni synlap dur. Muhammetguly Atabaýyñ ruhy zamanamyz hakda nämeler oýlanýarka? * * * Gaýgysyzyñ yzarlanmasy barha güyçlendi, sebäbi onuñ hereketleri hem barha güýçlendi. Polisiýanyñ aýratyn bölüminiñ bir maglumatynda şeýle sözler bar: ”Olar öz wagyzlary, maslahatlary arkaly türkmenleri rus dikmelerine, patyşa çinowniklerine garşy küşgürýärler. Talyp Kakajan Berdiýew, mugallym Ata Myradow, Tejen uýezd naçalniginiñ öñki terjimeçisi Çary Garabekow we hasap-karz bankynyñ gullukçysy Gaýgysyz Atabaýew dagy ýygy-ýygydan şeýle gürrüñ edýärler.”(Öñde ady agzalan kitap 18-nji sah.) Öñde müñ dokuzýüz on altynjy ýylyñ daýhan gozgalañy bar. Türkmenleriñ pälä alynmagyna, olara dürli salgyt salynmagyna garşy ilat baş göterdi. Kim pilli, kim kätmenli, kimsi ýaragly garşylyk dörkezmek üçin topar-topar üýşüp topalañ turuzdylar. Taryhçylaryñ berýän maglumatlaryna göra, Gaýgysyz Atabaý dagy ilatyñ sosial hem milli eziş astyndadygyny düşündirip, patyşa syýasatyna garşy wagyz-nesihatlar bilen çykyş edipdirler. Olar daýhanlaryñ protest hatyny taýýarlamaga gatnaşypdyrlar hem-de o haty Türküstan ülkesiniñ general-gubernatory Kuropatkiniñ hut özüne gowşurypdyrlar. Daýhan gozgalañyna gatnaşýanlaryñ köpüsi 1880-nji ýylyñ ahyrynda 1881-nji ýylyñ ýanwarynda Gökdepe söweşlerine gatnaşan ýa-da o söweşde ýakynlaryny şehit beren, içi doly armanly adamlardy. Olar Gökdepe söweşiniñ köñülde we bedende goýan ýaralaryndan az-kem saplanyp, özüne gelen, gamly pikirlenýän ynsanlardy. Olar indi öz düşen ýagdaýyna sowuk kelleleri bilen akyl ýetirýärdiler we çykalga gözleýärdiler. Päle meselesi şeýle duýgulary ýüze çykarmagyñ amatly pursaty boldy. Gozgalañda ”Ähliñiz ýok boluñ!” diylen şygar barlygy ýöne ýere däldi. Işiñ ýaman ýeri bu gozgalañyñ özakymlaýyn, guramaçýlyksyz, esasysy bolsa bir agyza bakdyryp biljek lidersiz geçmegidi. 1912-nji ýyldan bäri rus imperiýasynyñ syýasatyna garşy gidýän Jüneýit hanyñ we öñ daýhançylyk bilen meşgullanyp ýören sowatsyz Eziz hanyñ öñe çykmalary heniz ähli türkmene lider bolarlyk derejede däldi. Bu gozgalañ Gaýgysyza köp tejribe berdi, täze pikirler oýardy, öñki pkirleriniñ köpüsini ýa ret etdi, ýa üýtgetdi. Gaýgysyzyñ baş pikiri-milli döwlet gurmakdy, milli birlikdi. Halkyñ häzirki ýagdaýy bu maksada ýetmäge mümkinçilik berýärmi? Halk bişişipmi? Öz hukugyny, öz hakyny, özbaşdaklygyny almaga, esasysy hem soñra goramaga taýýarmy? Bu soraglar Gaýgysyzy gije-gündiz gurt kimin gemirdi. Halkyñ ykbaly o soraglara hakyky jogap tapyşyña baglydy. Häzirki wagtda bolmajak zada bolar diýse, boljak zada bolmaz diýse, ol körlük bolar. Üstesine-de ýüzüp bilmeýän halyñda deñize çyksañ, ilkinji gomda suw düýbüne gitmezmiñ?! Gaýgysyz baýlary, hanlary, begleri, serdarlary hasaba almady-olaryñ möwriti geçipdir. Täze döwür gelýär, o döwre mynasyp arslan ýaly adamlar zerur. Hany, o adamlar? Ýok diýäýmeli derejede, barmak basyp sanaýmaly. Meseläniñ ýene bir gabahat tarapy-Daşoguz taraplarynyñ türkmenleri Hywa hanlygynyñ gol astynda, Çärjew-Kerki taraplary Buhara emirligine degişli. Onsoñ Gaýgysyz baş soraga “Şu wagt bolmaz” diýip jogap bermäge mejbur boldy. Onuñ dogabitdi synçy nazary, üşükli añy muny ýalñyşman kesgitledi. Bu Gaýgysyzyñ duýgy bilen däl-de akyl-paýhas bilen iş etjekdiginiñ ilkinji alamatlary boldy.”Maksada sabyr bilen ýetiler.” * * * 1905-nji ýylyñ rus rewolýusiýasynda oýanyp başlan türkmen milli hereketi, ozaly bilen añ-pikirlerdäki, duýgulardaky milli hereket 1916-njy ýylyñ gozgalañyndan soñ has güýçlendi, örüsi has giñeldi. Badabat milli azatlyk almak, özbaşdak bolmak meýilleri rüstem geldi. Azatlygyñ we özbaşdaklygyñ şirin umytlary hakyky ýagdaýy göz öñünde tutmakdan köpleri çetleşdirdi köpleriñ başyny dumanlatdy. ”Gözi bagly guş deý uçup baradyr.”(Magtymguly) diýilýäni boldy. Rus patyşalygynda gullukda bolan H.Ýomudskiý, Seýitmyrat Öwezbaýew, Oraz Serdar, K.Berdiýew we beýlekiler turuwbaşdan milli azatlyk pikirini goldaýardylar. Olar, dogrusy, Gaýgysyz Atabaýyñ dostlary, tanyşlary, halypalary bolsa-da pikirdeşleri däldi. Olaryñ maksada ýetmekdäki gönümelligini Gaýgysyz bäş barmagy bilşi ýaly bilýärdi. Bu meselede örän çeýe pikirlenilmese milleti düzedip bolmajak urgulara duçar etjekdiklerini Gaýgysyz hiç-hiç unutmaýardy. On altynjy ýylyñ gozgalañynda aýlanyp başlan birahatlyk degirmeni soñra togtamady. Bu garma-garyşyklyk köpleriñ başyny gyzdyrdy. Onsoñ sowuk kelleli pikir edip bilýän,durmuşda bolup geçýän öwrülişiklere paýhasly nazar salyp bilýän azaldy. Seýitmyrat Öwezbaý diýilýäniñ akyl-paýhasyna, pelsepeli pikirlerine hemmeler haýran galýan pursatynda, hatda Gaýgysyz hem o hakda: ” Seýitmyradyñ 50 kilo agramy bar, 49 kilosy akyl” diýýän pursatynda Seýitmyrat Öwezbaýyñ özi wakalaryñ ösüş ýoluny öñden görüp bilmedi. Şoña görä onuñ pikirleri hem Gaýgysyzyñka çapraz geldi. Gaýgysyz, eýýäm şo günlerde wakalardan baş alyp çykmak ukybyny ýüze çykaryp ugrady we harasadyñ haýsy tarapdan gopjagyny öñünden kesgitläp bildi. Ahyry, syýasy tupanlardan,topalañlardan ýaña gana boýälan müñ dokuz ýüz on ýedinji ýyl bosagadan girdi. Fewral rewolýusiýasynda ak patyşanyñ tagtdan taýdyrylmagy,gijrägem bolsa,türkmenlere-de uly täsir etdi.Şäher köçelerinde ak telpegini taýagyñ ujuna geýdirip,baýdak ýaly göterip barýan topar-topar türkmenler öz ykballarynyñ neneñsi synaglara sezewar boljakdygyny duýmaýardylar. Üýtgeşmeler ýagşylyk getirer diýen umytda ýylgyryşýardylar. Hakykatda weli, güljegiñ, aglajagyñ bilinmeýän ahwaldy. Wagtlaýyn hökümet başarnyksyzlygyny ilkinji ädiminden görkezdi. Patyşa dikmeleriniñ ýerini ýerli baýlar, ownuk serdarlar eýeläp ugrady. Türkmen oblast ispolnitel komiteti döredilip,olar wagtlaýyn hökümeti goldap başlady. Tiz wagtdan işçi we soldat deputatlarynyñ Sowetleri guralyp ugrady. Gaýgysyz bu işe iki elläp girişdi.Ony Mary uýezd azyk komitetiniñ başlyklygyna saýladylar. O döwürler bu wezipe iñ bir esasy wezipeleriñ biridi. Sebäbi iki häkimiýetligiñ ilkinji miwesi açlyk boldy. Hiç bir zada bakman,ozaly bilen ilaty ölümden alyp galmalydygyna Gaýgysyz örän çuñ düşündi. Gije-gündiz oba-oba, öýme-öý aýlanyp, artyk azyklylary bilip,açlary hasaba alyp, her kime ölmez ödi paýlap başlady. Barlylar zadyny gizledi we Gaýgysyza duşman gözli bakyp başladylar. Başga çykalga ýokdy. Munuñ mejbury hem wagtlaýyn çäredigini Gaýgysyzyñ özi hem gowy bilýärdi. Her niçigem bolsa Gaýgysyzyñ bu jansebil ýortmasy boş gecmedi. Taryhçylaryñ şaýatlyk edişine görä, diñe Mary uýezdinde on ýedi müñ adam ajalyñ agzyndan alnyp galynypdyr. Bu otuz ýaşa ýetiberen Gaýgysyzyñ jemgyýet derejesinde ilkinji uly işi boldy. Onuñ guramaçylyk ukybynyñ ilkinji synagy şowly geçdi. On ýedi müñ adamyñ ömrüni dowam etmeginde öz yhlasynyñ barlygyny sähelçe duýanam bolsa, Gaýgysyzyñ ýüregi, gör, neneñ kuwwatlanandyr, ganat baglandyr. Özgä ýagşylyk etmekden alynýan lezzet ýaly hem bir lezzet bolarmy?! Mary uýezdinde öñ Täç gök serdaryñ ogly hökmünde hormatlanýan Gaýgysyz, indi halk içinde öz işi bilen, öz adamkärçiligi bilen uly abraý gazandy. Oktýabr rewolýusiýasyndan soñ döredilen Sowetlerde bolsa Mary uýezd türkmen seksiýasyna ýolbaşçylyk etdi, şol bir wagtda-da azyk komitetiniñ işini dowam etdirdi. Dostlaryndan, halypalaryndan ýolunyñ kem-kem aýra düşýänini hem Gaýgysyz gözden salmaýardy. Emma öz saýlan taktikasynyñ dogrulygyna weli hiç güman etmeýärdi. ”Şu mahal özbaşdak bolmak mümkin däl. Ýa iñlise, ýa orsa ýan bermeli. Wagtlaýynça ýan bermeli. Ilkinji amatly pursatda etjegiñi bilmeli. Iñlis diýleni örän tejribeli,aýbygadym. Onuñ eline düşen añsat-añsat sypyp bilmeýär. Ors öwrenişilen ýagy. Munuñ bir alajy tapylar. Esasy zat millet bölünmän, parçalanman aman saklansa.” Dosty Abdyryzak hiç tarapa ýan bermän-egilmän, diñe özüne boýun egip ýör. Ol Rus patyşasyna ynanmaýşy ýaly, Wagtlaýyn hökümete, Sowetlere, dinçilere, ateistlere hem ynanmaýardy. Başga bir ýoly bolsa salgy berip bilmeýärdi. Şeýle-de bolsa Gaýgysyz onuñ köñlünde uly orun tutýardy. Hut şoña görä-de Gaýgysyz Abdyryzagy azyk komitetine işe çekmäni başardy. Gaýgysyz turuwbaşdan ynsan mertebesini her bir syýasatdan ýokarda goýmany öwrendi. Bu gylyk oña tä soñky demine çenli hemra bolar. Her tüýsli synaglarda, dürli-dürli kynçylyklarda-da Gaýgysyz bu gylygyna ikilik etmez. Şu ahwal hem onuñ örän pugta, durnukly terbiýe alandygynyñ şaýadydyr. Gaỳgysyzy Gaỳgysyz eden baş ỳörelge şudur. Gaýgysyz halk içine näçe köp gitdigiçe, şonça hem öz halkynyñ pikir-duýgularyny ýakyndan öwrenip başlady. Mysal üçin ol täze döredilen Sowetleriñ ählisiniñ başynda türkmen dälleriñ duranlygyna ýerli halkyñ ünsi düşmeýşini gördi. Diýmek, halk özüni dolandyrmagy, öz ykbalyny çözmegi başgalara bermäge öwrenişipdir. Göwnibir. Şol bir wagtda-da özleri agzybirleşip, bir döwlet gurmak meýli yok. Hanlar, begler, serdarlar öz töweregine eýelik edip, ownuk häkimjik bolup oturanyna razy. Özüni özüniñkilerden gabanyp ýaşaýar. Gaýgysyz halkyñ häzir aýratyn, özbaşdak döwlet gurunmaga taýýar däldigi hakda birmahalky çaklamalarynyñ tassyklanyp başlanyna gözi ýetip gynandy. Türküstany nädip gol astynda saklajagyny oýlanýan Sowet hökümeti Türküstan awtonom Sowet Sosialistik Respublikasyny 1918-nji ýylyñ 30-njy aprelinde döretdi. Russiýadan aýry ýaşamak islän Kokant respublikasynyñ neneñsi gysaja salynýanlygy dury pikirlenýän Gaýgysyza uly sapak boldy.”Her bir zadyñ öz nesibelije wagtyny bilmek örän peýdaly." Türküstan awtonom Sowet Sosialistik respublikasy türkmenler üçin örän amatsyz şertlerde döredildi. Zakaspi oblasty häzirki Mary, Ahal, Balkan we 1919-njy ýylda Gazagystana berlen Maññyşlak oblastlaryndan ybaratdy. Häzirki Daşoguz welaýaty Hywa halk respublikasyna, Lebap welaýaty bolsa Buhara halk respublikasyna degişlidi. Owganystanda we Eýranda galan türkmenleri hasaba almanymyzda-da türkmenleriñ ýurdy üç parça bölünendi. Bu yagdaý Gaýgysyzyñ baş maksadyna gaty çapraz geldi. Şonuñ üçinem ilkinji mümkinçilik bolanda bu bölünişigi üýtgetmek meýli Gaýgysyzyñ aklyndan aýrylmady. Ylymly-bilimli, döwrüñ belentliginde pikirlenip bilýän adamlary öz töweregine çekmek işini Gaýgysyz bir dem salym hem togtatmady. Öz bile okan ýoldaşlary, işdeşleri, pikirdeşleri bir çukura tüýkürýärdiler. Tagtabazarly Ýagmyr baýyn ogly Arnageldi baý ýigrimi iki müñ goýnuny, müñe golaý ýylkysyny, ýene şonça düýesini, üstesine-de sekiz kilo lokga altynyny Gaýgysyza goldaw bolsun diyip täze hökümete meýletin tabşyrdy. Emir Hajy ady bilen meşhur bolan bir kişi hem uly maddy kömek berdi. Üeri gelende aytsak, Kakajan, Bapby, Bekgi Berdiýewler Emir Hajynyň ogullarydy. Emma H. Ýomudskiý, Seýitmyrat Öwezbaý, Oraz serdar, Kakajan, Bekge Berdiýewler ýaly has täsirli we il içinde sözi geçýän adamlar Sowet hökümetini owal-başdan goldamaýardylar, olar Gaýgysyzyñ añyrdan görüji, inçe öwrümli hereketlerine bolsa ýa göz ýetirmeýärdiler ýa-da ynamsyzlyk edýärdiler. Türkmen halkynyñ öñküden-de beter parçalanmak howpy güýçlenen pursatynda iñlisler has ekabyrlaşdylar, Eýranyñ,Owganystanyñ territoriýalaryny özleri üçin köpri hökmünde ulanyp başladylar,munuñ üstesine Rus patyşasynyñ generallary hem turkmenleriñ oñde baryjylaryna degerli täsir etmäni başardylar. Munuñ şeýle bolmagynda Zakaspi oblastynyñ ýolbaşçylarynyñ türkmenler däldigi hem sebäpleriñ biri bolup biler. Eýýäm 1918-nji ýylyñ ortasynda Zakaspi oblasty otly köýnek geýdi.Oraz serdaryñ başda durmagynda Zakaspi oblastynda turan topalañ bu ýerdäki häkimiýeti agdardy. Onsoñ iñlisler Eýranyñ üstünden türkmen topraklaryna aýak basdylar. Düýnki dostlar bu gün aýry-aýry, gapma-garşy frontda durdular. Gaýgysyzyñ ene başga agalary hem Oraz serdaryñ tarapyndady. Gaýgysyz gizlenmäge mejbur boldy. Ony Abdyryzak örän mäkäm gorap saklady,amaty gelende Daşkende ugratdy. Daşkentde oña pikirdeşler, köne dostlar ýardamçy boldular. Gaýgysyzy magaryf komissariýatyna işe çagyrsalaram ol türkmen topragyndan sowaşyp bilmedi,ýogsa Daşkendiñ her bir daşy, her bir agajy onuñ juwanlygyny ýatladyp, ýüregini jigledip durdy. Watan duýgusy başga.Hiç kim o duýgulary düşündirip bilmese gerek. Gaýgysyz ýaly çuññur watansöýer üçin-ä bu duýgylar tutuş bir ummandy. Marydaky meşhur “Ýolbarsly” çaýhanasy, Uly Garly, Kiçi Garly,Oraz Salyr ýaly beýik bagşylaryñ owazlary ony heýjana salýardy. Onsoñam onuñ türkmen topraklaryna eýe bolmaga döränligi, syrly hakykat bolsa-da, gizlin täsiri güýçlüdi. O güýç Gaýgysyzy türkmene,türkmen topragyna çekdi durdy.Gaýgysyz Zakaspi frontuna gaýdarmen boldy. Fronta we ýerli ilata milli dilde neneñsi edebiýat zerurlygyny kesgitlemek işi tabşyrylýar. Onuñ aldym-berdimli söweşlere eli ýaragly gatnaşanlygyny hem aradan aýyrmak bolmaz. Dünýäniñ birinji kolonialisti hasaplanýan iñlisler ýurtdan çykarylsa köp mesele çözüljekdigini Gaýgysyz unutmaýar. Söweşler gyzyşyp-sowaşyp,öñe gidilip, yza çekilip, ahyry Mary rahat hala gelende, o ýerde derrew Sowet häkimiýet guramalary dikeldilýär, işler ýola goýlup başlanýar. Gaýgysyz Gyzyl goşunyñ baran ýerlerinde ýerli halka sütem edilmegini, talañçylygy düýpden ýatyrmak maksady bilen Zakaspi frontunyñ ýolbaşçylaryna ýüz tutýar. Netijede şeýle manyly buýruk berilýär. Ýerli halkyñ ahwalyny tiz duýýan Gaýgysyz Eziz hana, Oraz serdara ynanan ilatyñ ýazyksyzdygyny aýdyp, halkyñ söweşsiz boýun bolmak meýlini duýýar. Ilatyñ başga frontda duranlygy üçin yzarlanmagyny gadagan etmegi guraýar.Mysal üçin Eziz handan sowaşan Gyzyl han bilen gepleşik arkaly düşünişmekde Gaýgysyz öz aktiwligini görkezyär. Onsoñam sada halkyñ Gaýgysyz haýsy tarapda bolsa şo tarapda bolmak meýli güýclüdi. Ine, Gaýgysyzyñ hiç bir arhiwde, hiç bir ýazgyda galmadyk, döwri üýtgetmäge ukyply şahsy güýji şeýle ekeni. Munuñ ýene bir tassyklamasyny az-kem soñra ýatlaşarys. Mary iñlis interwentlerinden we Oraz serdaryñ goşunyndan saplandygy täze hökümet işe başlady. Rewolýusion komitet döredilip,täze saýlawlar geçýänçä ähli işler bu guramanyñ üstüne ýüklendi. Mary uýezd rewkomynyñ orunbasarlygyna Gaýgysyz bellendi. Esasy iş ýene Gaýgysyzyñ boýnundady. Gaýgysyzam etjegini bilýärdi, olam Atanyýazow ýaly, Abdyryzak ýaly adamlary öz töweregine çekýärdi. Gaýgysyz Tejen, Kaka, Aşgabat, Gazanjyk demir ýol duralgalaryndaky esasy söweşleriñ ýeñişli tamamlanmagyna hem täsirini ýetirip durýardy. Asmandan zyñylýan listowkalaryñ halka täsirli ýazylmagynda, öz şahsy tanyşlarynyñ abraýyny umumy iş üçin ulanmakda Gaýgysyz tapylgysyz hyzmatlar bitirýärdi. Üstesine-de Zakaspi frontunyñ rewolýusion-harby sowetiniñ başlygy N.Paskuskiý bilen Gaýgysyzyñ arasyndan gyl geçmeýärdi. N.Paskuskiý türkmenleriñ arasynda ýetişen, Tejende işlän adamdy we türkmenleri jandan söýýärdi. Bu hem Gaýgysyzyñ peýdasynady. Şoña görä Gaýgysyz öz sözüni geçirip bilýärdi. Şol günleriñ birinde frontdan telegramma gelýär: ”Örän gyssagly 800 düýe iberiñ.” Bu düýeler Gazanjyk, Aýdyñ we soñra Krasnowodsk söweşlerinde gumdan öwrümli geçmek üçin zerurdy.Emma 800 düýe hem az-maz däldi. Zakaspi frontunyñ hojalyk dolandyryş naçalnigi I.W.Buharenko özge kişiniñ ýanyna barman, göni Gaýgysyzyñ yanyna barýar. Sebäbi Gaýgysyzyñ her bir işiñ tärini tapýanlygy hemmä bellidi. Ol bu gezegem täze ýol tapýar. Göni bazara baryp,düye satýanlary bir ýere jemläp,şeýle bir janygyp ýagdaýy düşündirýar weli, düýe satýanlar öz meýline düýelerini döwlete karzyna tabşyrýarlar. Eỳỳäm bir aỳ geçip-geçmänkä düỳeler eltilmeli ỳerine eltilỳär. Bu taýda oýlanyp otursañ, Gaýgysyzyñ abraý-sarpasynyñ ne derejede ýokarylygyna haýranlar galýarsyñ. Halk eýýäm Gaýgysyzy ýürege ýakyn kabul edipdir. Bu ahwal gelejekki lider üçin ýeke-täk zerur zatdy. Sebäbi taryhyñ görkezişi ýaly, halk tarapyndan kabul edilmedik ýolbaşçylar wezipede uzak otursalar hem işden giden güni unudylýarlar. Magtymguly ony bir setirde örän jaýdar aýdyp gidipdir: Il-guni bolmasa, şalar tagtydan düşer gider. Gaýgysyzyñ janypkeşligi, il-gün ahwaly üçin janköýerligi, esasysy hem işi guramakdaky başarnygy oňa ýokary wezipä çekilmäge ýol açypdyr. 1919-njy ýylyñ noýabrynda Gaýgysyz Zakaspi oblast rewolýusion komitetiniñ başlygynyñ orunbasarlygyna bellenýär. Bu hakykatda ähli işleri guramak wezipesi Gaýgysyzyñ üstüne ýüklendi diýildigidi. Emma bu gezegem orunbasar.Gaýgysyz bu ýagdaýy öñden bäri bilýär ahyry. Ýerli millete ynanmazlyk düýgusynyñ barlygyny,ony hernäçe şirin sözler bilen basyrsalar-da ýüze galkýandygyny Gaýgysyz örän gowy bilýärdi we ýüreginiñ çuñunda gizlin saklaýardy. Ol bu wezipä geçenden başlap hojalyklary dikeltmek, jemgyýeti janlandyrmak,ýerli kadrlary işe has köp çekmek, Daşkentden,Moskwadan işe iberilenleriň ýerli ýagdaýy öwrenmekleri we şoña laýyk hereket etmekleri üçin jan çekýär. Zakaspi frontunyñ ýeñişli tamamlanmagyna örän uly ýardam berýär.Ilkinji ýardam-ýerli halkyñ Gyzyl goşuny goldamagyny gazanmakdy,iñlis interwentlerine garşy söweşýän esgerleri iýmit, geýim we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün etmekdi. Şol günlerde ol has batyrgaý pikirler orta atýar. Düýn Sowet hökümetine garşy söweşenleriñ günäsini geçmegi hem-de olary Watan üçin işlemäge çekmegi ýola goýýar. Baýlygyna, garyplygyna bakman, haýsy tiredenligine bakman, ýaş-garrylygyna bakman, ähli kişileri Watana hyzmat etmäge çekip başlaýar. Ol, köplenç şahsy çemeleşik,göz-göze bakyp çemeleşmek yoluny seçýär. Bu ýolda köp-köp garşylyklara hem ýokardan gelenleriñ, hem ýerlileriñ garşylygyna duçar bolýar. Sebäbi örän köpler syýasat bilen keselläpdiler, Gaýgysyz bolsa elmydama her kime ozaly bilen adam hökmünde garaýardy, syýasy agza hökmünde garamaýardy. Haýyrly iş bitirip bilýärmi-bolany. Şu taýda Gaýgysyzyñ ýene bir uýtgewsiz, durnukly sypaty hakda aýtmaly. Ol wezipede bolsa-da, bolmasa-da şo bir bolşy ekeni. ”At münen atasyny tanamaz” diýleni Gaýgysyza degişli däldi. 1919-njy ýylyñ awgustynda Asgabatda,hut Gaýgysyzyñ teklibi bilen,tasirli adamlaryñ maslahaty geçirilýär. Şo maslahatda hem Gaýgysyzyñ täsiriniñ güýçlüligi, halkyñ köp böleginiñ Gaýgysyzyñ yzyna düşmäge hyýallydygy, dogrusy, türkmenleriñ ýeke-tak lideri hökmünde Gaýgysyzyñ ýetişip barýanlygy belli bolýar. Şo ýylyñ 6-njy dekabrynda Türkkomissiýanyñ agzasy W.Kuýbyşew Aşgabada gelýär. Bilşiñiz ýaly, o döwürler Türkkomissiýanyñ aýratyn hukuklary, yagny Bütinsoýuz Merkezi Ispolnitel komiteti tarapyndan berlen artykmaç hukuklary bardy. Şoña görä W.Kuýbyşewiñ neneñsi ygtyýarlyklarynyñ barlygy hakda oýlanyberiñ. Ol Aýdyñ söweşlerine ýolbaşçylyk edip, ýene Aşgabada dönýär. N.Paskuskiý hem bile gelýär. Gaýgysyzyñ W.Kuýbyşew bilen tanyşlygy başlanýar we bu tanyşlyk Gaýgysyzyñ gelejekki ykbalyna öwrülişik derejesinde täsir edýär. Gaýgysyz W.Kuýbyşew uly wezipeli bolsa-da çekinmän açyk sözleýär. Ýüreginiñ derdini dökýär. Gaýgysyz Zakaspi oblastynyñ meselelerini, kynçylyklary, kanun bozmalaryñ sebäplerini we ýene köp-köp ugurlardan gürrüñ berýär. Özem özüni ak guş edip,beýlekileri garga edýänlerden däl-de, hut öz ýetmezlerini hem bile aýdýar. Bu göwnaçyk, hakykatçy söhbetdeş W.Kuýbyşewe badabat ýaraýar. Gaýgysyz hakda N.Paskuskiniñ we beýlekileriñ hoş sözleriniñ dogrulygyna ynanýar. Belki W.Kuýbyşew bu bedýan çöl ülkede, bu garyplykda beýle batyr sözläp bilýän, öz mertebesini beýle derejede tutup bilýän ynsana duşanyna geñ galandyr. Munuñ şeýlediginiñ tassyklamasyna soñrak sataşarys. Gaygysyz bolsa öz bähbidi hakda hiç bir pikire ýüz urman, aldygna, her bir amatly pursatda ýerli adamlary saýlap-seçmäge, ýürekli, eli sap, edenli, milletiñ öñüne geçip, gorelde bolup biljek adamlary wezipä cekmäge dyzaýar. Gaýgysyzyñ häzir baş wezipesi-adam ýetişdirmek. Uly harplar bilen ýazylan adamlary, ynanylan ornunda polat kimin durup biljek, daşyň ỳagyny çykaryp biljek adamlary köpräk ýetişdirmeli. Ana, şonda jemgyýet dörär. Bir balyk ýüzüp ýörse,ondan deñiz bolarmy?! Yok, ýok. Wagt utmaly, pursatdan peýdalanmaly. Gijä galmak-ölüme barabar. Birmahallar Muhammetguly gardaşynyñ iymek-içmekden ozal bilim zerur diýenini Gaýgysyz hiç-hiç unutmaýardy, o pikir durmuşda her ädimde tassyklanyp durdy. Garybyñ egnini bir gezek,müñ gezek ýaparsyñ,bir gezek,müñ gezek garnyny doýrarsyñ, şonda-da ahyrda şol çyplaklygyna, sol açlygyna galar. Emma garyba ylym-bilim, terbiýe berseñ, ol durmuşda etjegini biler. Goý, ol özüniñ kimligini bilsin,bu dünýäde näme üçin ýaşaýanyny bilsin. Türkmenler: “Özüni bilen düñýäni biler” diýip ýöne ýere aýtmaýar ahyry. Onsoñ Gaýgysyz kone hem täze sowatly adamlara eýe çykdy. Beýik geçirimlilik bilen, düýnki günde bolan-bolmadyk günäleri unudyp, olara yhlas bilen ýapyşdy. Ilata aldygna sowat öwretmegi gurady. Bir agajyñ kolegesinde,gamyş kepbelerde, ýer kümelerde sowatsyzlara okuw öwredilip başlandy. Türkmenleriñ sähelçe sanly intelligensiýasy ýeterlik bolmany üçin tatar, azerbaýjan, turk adamlaryny hem bu işe çekip başlady. Açlyk, horluk, mätäçlige bakman, çalasowat mollalaryñ, takwalaryñ garşylygyna bakman, bütin milletiñ ýüzüni magaryfa öwürmegi maksat edindi. ”Maña bir harp öwredeniñ kyrk ýyl gullugynda duraryn” duýen gadymy dananyñ pikiri 1919-njy ýyllarda täzeden janlandy. Zakaspi oblastynyñ ilatynyñ añyrdan gelme garyplygy, ýaşaýyş terziniñ, medeniýetiniñ örän yzagalaklygy bu işleriñ, Gaýgysyzyñ isleýşi ýaly, tiz ýola düşmegine uly päsgelçilik bolýardy. Üstesine-de zamananyñ çylşyrymlylygy, Türküstanyñ ýagdaýynyñ has-da agyrlygy Gaýgysyzyñ ýolundaky iñ uly böwetdi. 1920-nji ýylyñ martynda Gaýgysyzyñ ýakyndan gatnaşmagynda we yhlasly guramaçylyk işi esasynda türkmen halk wekilleriniñ gurultaýy bolýar. Bu gurultaýa baý-garyp, köne-täze diýmän, ähli toparlaryñ wekilleri çagyrylýar. Hatda düýn hersi bir baýra ýaplanyp, bir-birege ýarag çenänlerem gurultaýa çagyrylýar. Gurultaý täze döräp gelýän jemgyýeti ysnyşdyrmakda,umumy maksat, umumy ykbal birligini döretmekde gaty täsirli bolýar. Üstesine-de Zakaspi oblast yolbaşçylygynyñ hiç kime kitüw baglamaýändygyny, hiç kimi yzarlamaýandygyny bu gurultaýa gelen wekillere ynandyrmak gerekdi. Ol şeýle-de boldy. Bu gurultaý Gaýgysyzyñ abraýyny örän beýgeltdi. Türkkomissiýanyñ başlygy Ş.Eliawa hem-de Turküstan frontunyñ baş komanduýuşisi M.Frunze bu gurultaýa gatnaşyp, wekilleriñ duýgy-niýetlerini we olaryñ Gaýgysyzyñ töweregine neneñ ysnyşyşlaryny içgin synladylar. Gaýgysyz bilen aýratyn söhbetdeşlikleriñ açyk, işe örän ýakyn ahwalda, özüñi tankytlamak ruhunda geçişine begendiler. Bu Gaýgysyzyñ gelejekki ykbaly üçin gaýtalanmajak pursat boldy. Edil W.Kuýbyşew bilen duşuşykdaky ýaly. Netijede, uly ygtyýarlyklary bolan Türkkomissiýanyñ başlygy we iki sany abraýly agzasy Gaýgysyzyñ akyl-paýhas, işe çemeleşiş, halka yolbaşçylyk ediş ukyplarynyñ örän tapawutlydygyny anyk duýdular. Olar yene bir aýratynlygy duýan bolsalar gerek: rewolýusiýadan öñki ýokary derejeli rus çinownikleriniñ dürli ýazgylarynda umuman türkmen halkyna berilýan bahalar hakda-da öñ habardar bolandyrlar. Gözi ganly, eli ganly general, Gökdepe söweşlerine baştutanlyk eden Skobelew türkmenleri ýer yüzünden süpürip ýok etmänine ahmyr edip ölse-de onuñ başga bir generaly N. Grodekow hakykatdan daş düşüp bilmändir: ”Özüñkilere dönüklik etmekden ýokary jenaýat bolmandyr, şoña gorä-de olaryñ (türkmenleriñ) arasynda dönük tapylar diýip hiç kim gümanam etmedi.” Tugan-Mirza-Baranowskiý W.A. bolsa şeýle diýýär: ”Her bir teke (türkmen diýip düşünmeli) söz berdimi-hiç mahal sözünden dönmez, eger ol ölýänem bolsa, bendi bolýanam bol-sa sözünde durar. ”A.Lomakin:” Kasam içmäge şeýle mukaddes, şeýle hormatly bakýan türkmenler ýaly halk musulmanlaryñ arasynda azdyr diýip çekinmän aỳtsa bolar." O.Tumanowiç bolsa türkmenleriñ hiç bir ýagdaýda ýarañjañlyk-yapjalyk etmeýändiklerini aỳdýar. (Ýokarky maglumatlar prof. Öwez Gündogdyýewiñ materiallaryndan alyndy.) M.Frunze Daşkende gidensoñam Gaýgysyzyñ täsirinden çykyp bilmedik bolarly. Ol eýýäm maý aýynda Gaygysyzy Daşkende çagyrýar. Emma Zakaspi rewkomynyñ başlygy Gaygysyz git-se yerli millet bilen işleşip bilmeris, oblrewkom dargar öýdüp, birinji telegramma jogap bermeýär, ikinjide garşy bolyar. Ahyry, üçünji gezek gazaply telegramma gelýär: ”Rewolyusion harby Sowete.Baranow, Zinowýew ýoldaşlara. Ýoldaş Atabaýewi haýal etmän Daşkende ugradyñ. Gaýdýan wagtyny häziriñ özünde habar beriñ. Atabaýew musulman komunistleri birleşdiriji merkez hökmünde zerur. Frunze.” Ynha, Gaýgysyzyñ ilkinji resmi häsiýetlendirilişi:”birleşdiriji merkez...” Bu örän uly baha. Otuz üç ýaşly türkmene Türküstan-Orta Aziya möçberinde şeýle diýilmegi örän begençli fakt. Üstesine-de Gaýgysyzyñ ynsan hökmünde haýsy sypaty göz öñünde tutulyp aydylany gyzykly. Elbetde, Gaýgysyzyñ gaytalanmajak guramaçylyk zehini, gudrat dörediji guramaçylyk ukyby göz öñünde tutulandyr. Gaýgysyz Daşkende göwünsizräk gitdi. Ol Zakaspi oblastynda işleri ýañy ýola goýup başlapdy ahyry. Zakaspi frontunda iñlis interwentleriniñ we patyşa düzgünini ýola goýmak islänleriñ, milli azatlyk almak islänleriñ ýeñilmegi bilen täze ýagdaý emele gelipdi. Öñki, ýoly aýra düşen dostlar ýene birleşip başlapdylar, Gaýgysyza golaý duranlaryny kem görmeýardiler. Gaýgysyzam olary açyk ýüz bilen garşylaýardy. H.Ýomudskiý, Seýitmyrat Öwezbay, Kakajan, Bekgi, Bapby Berdi dagyny we beýlekileri Gaýgysyz ýene öz ýanyna çekipdi. Hatda Seýitmyrat Öwezbaýy Aşgabat şäher rewkomynyñ başlyklygyna hem belläpdi. Emma öñe çykan türkmenleriñ arasynda pikir-maksat birligi heniz mäkäm däldi. Olaryñ köpüsi täze syýasat keseli bilen berk keselläpdiler, turkmeni müñ ýyllap agsadan tireçillik belasyndan saplanyp bilmeýärdiler. Onsoñ Gaýgysyzyñ ýok wagty Seýitmyrat Öwezbaýy wezipeden boşatdylar.Ol patyşa ofiserimiş, aklaryñ arasynda gulluk edenmiş. Gaýgysyzyñ muña jany ýandy. Ol-a her edip,hesip edip jemgyýet döretjek bolýar, bir ýere jemlenjek bolýar, birnäçeleri hem ýañy döräp gelýän türkmen jemgyýetini we intelligensiýasyny parçalamak isleýär. Şeýdibem özüni Sowet hökümedine wepaly adam hökmünde görkezmek isleýär. Gaýgysyz Daşkende gidende, ana, şeýle türkmenlerden howatyr ede-ede gitdi. Bela, köplenç, uzakdan gelmeýär,öz içiñde döreýär-bu aksiomany Gaýgysyz ýagşy ýatda saklapdy. Ol Daşkentde özüne neneñsi takdyr, neneñsi wezipe garaşýanyny bilmän, güman etmän barýardy. Diñe Türküstan awtonom Sowet respublikasynyñ merkezine işe çekilýän ilkinji türkmeniñ özüdigini bilýärdi. Şoña görä-de neneñsi jogapkärligiñ boýna ýüklenýänini, bu şansy-amatly pursaty örän akylly-başly ulanmalydygyny oýlanýardy. Daskentde işläp, türkmenlerden uzaklaşmak howpy barada-da pikirlenýärdi. Ony Zakaspi oblastyndan bilgeşlin uzaklaşdyrýan bolaýmasynlar?! Birmahallar Maryda azyk komissiýasynda işlän ýyllary Tanýa diýen bir gyza öýlenip, kontrrewolýusiýa döwründe ony Daşkende äkidipdi, o taýda bir gyzjagazy bolupdy. Olaryñ yagdaýy hakda-da bilesi gelýärdi. Ýöne gelejekki näbelli ykbaldan ýaýdanmak Gaygysyzyñ ganynda ýok. Daşkentde Gaýgysyzy güler ýüzli garşyladylar. Türkkomissiýanyñ agzalary onuñ bile aýratyn söhbetdeş boldular. Netijede,ol Ýer işleri halk komissarynyñ orunbasary, az wagtdan bolsa, komissar bellendi. Türküstan derejesinde pikir ýöretmek zerurdy we täze-täze işler etmek gerekdi. Sebäbi açlyk-horluk gapydan gitmeýärdi. Ferganada we beýleki bol hasylly jülgeleriñ käbirinde basmaçylyk hereketi güýjäpdi.Üstesine Türküstan Sowet Sosialistik respublikasynyñ hökümet ýolbaşçylary heniz durnukly bir ugur alyp bilmeýärdiler hem-de Türkkomissiýa bilen çapraz ädimlere ýol berýärdiler. Her niçik bolsa-da Gaýgysyz uly tejribeler toplap başlady we hökümet koridorlaryndaky, kabinetlerindäki caknyşyklarda özüni aman saklamagy öwrenip ugrady. Özüñi gelejekki uly ýeñişlere taýyarlamak-sungatlaryñ inçesidi ahyry. Bu döwürler Gaýgysyzyñ maşgala ýagdaýy hakda,garyndaşlary hakda anyk maglumat örän az. Ejesi we jigisi bu ýyllaryñ uruş-gowgasynda, açlygynda neneñ gün doladykalar? Aman galan bolsalar, kim olara kömek berdikä? Gaýgysyzdan uly doganlaram kândi ahyry. Uly dogany Agajan we onuñ ofiser ogly hakda maglumat ýok. Gaýgysyzyñ ömrüniñ şu taraplary, häzirlikçe, garañkylygyna galýar. 1920-nji ýylyñ 26-njy sentyabrynda Türküstan Respublikasynyñ sowetleriniñ 9 gurultaýynda Gaýgysyz Türkistan Halk Komissarlar Sowetiniñ başlygy wezipesine saýlanýar. Bu türkmen halkynyñ arasyndan hem lider ýetişýänligini añladýardy. Gaýgysyzyñ ýokary wezipä çekilmegi, ozaly bilen,türkmen halkynyñ bagtydy, onuñ gelejekki ykbalynyñ oñyn çözgüt tapmagy üçin örän ähmiýetlidi.Şol wagtlar Gaýgysyzdan başga bir türkmeniñ Türküstan derejesinde birinji wezipâ çykmagy mümkinmidi?! Elbetde, mümkin däldi. Gaýgysyzyñ derejesinde kämilleşen,özüne erk edip bilýän,guramaçylyk babatda ýokary ussatlyga ýetişen, iñ esasysy hem il içinde meşhurlyga eye bolan şeýle türkmen ýokdy. W.Kuýbyşew tarapyndan gol çekilip, merkeze iberilen bir hatda Gaýgysyz hakda gyzykly maglumat berilýär: ”...Täze merkezi Komitetiñ agzalarynyñ arasynda ýerli ilatdan dörän,tebigy ösüp ýetişen meşhur adamlar bar,mysal üçin ...Atabaýew, türkmen obasyndan çykan, örän çykgynsyz şertlerde özünde sagdyn kommunistik dünýägaraýşy gudrat bilen döreden adam.” Bu fakta aýratyn üns bermegiñizi haýyş edýärin.Gelejekde millet öz ojagynyñ başyna ýygnanmaly bolanda türkmeni ojakly etjek diñe Gaýgysyzdy.Ony pursaty gelende synlarsyñyz. Gaýgysyz Türküstan respublikasynyñ hökümet başlygy bolansoň hem milli azatlyk isleýän toparlara goşulmady. Sebäbi ol ýokary wezipede oturan ýerinden ýagdaýy has gowy synlady, diñe bir Sowet imperiýasynda däl, eýsem tutuş dünýäniñ her bir künjünde artyk güýçli döwletler dünýäni täzeden bölüşýärdiler we araçäkleri täzeden biçýärdiler. Muny görmezlik, bilmezlik etmek jenaýat bolardy.Şeýle ahwalda kiçijik Türkmenistanda garaşsyz döwlet gurmak mümkin däldigini on sekizinji, on dokuzynjy ýyllaryñ tejribesi hem aýdyñ görkezdi. Diñe amatly pursata garaşmaly. Gaýgysyz täze wezipede hakyky ýagdaýy bolşy ýaly gördi we gelejekki işleri neneñsi bitirmelidigini köpçülik bolup maslahatlaşdy. Edil Zakaspi oblastynda edişi ýaly,bu taýda-da magaryfa aýratyn uly üns berip ugrady.Döwlet bütjetinde magaryfa goýberilýän puluñ möçberiniň ikinji ýerde bolmagy eýýäm köp zatdan habar berýärdi.Gahatçylykda, weýrançylykda, şol gowgaly günlerde magaryfyñ şeýle güýçli goldanmagy Gaýgysyzyñ medeniýet, ylym derejesiniñ örän ýokarylygyny añladýardy. 1920-nji ýylyñ 15-nji dekabrynda Türkkomissiýa we Türkbýuro merkeze ýazan hatynda uzak maslahatlardan, söhbetlerden, soraşdyrmalardan, pikir öwrenmelerden soñ Gaýgysyz Atabaýewiñ kandidaturasynyñ Türküstan respublikasynyñ hökümet başlyklygyna hödürlenendigini aýtmak bilen,olar Gaýgysyz hakda şeýle diýýärler:”...Bu türkmen örän durnukly, edermen işgär.Ol bütin sowet apparaty bilen häzirlikçe ýeterlik tanyş bolmasa-da, sähelçe wagtdan onuñ başarnykly boljakdygy gümansyzdyr.” Şol ýyllar bilen baglanyşykly köp-köp ýatlamalarda Gaýgysyzyñ her bir meseläniñ çykalgasyny tapyşy,dogruçyl pikirlenişi we özüni bir durkda alyp barşy,güýçli guramaçylygy,esasysy bolsa,il içinde onuñ meşhurlygy hakda köp agzalýar.Ýokarda agzalan sypatlar onuñ Täc gök serdaryñ ogludygyny, ýagny serdar gany bilen geçen alamatlardygyny añladýar. Gaýgysyz Turküstan Halk Komissarlar Sowetiniñ başlyklygyna geçende respublikanyñ ýagdaýy örän agyrdy. O ýagdaýy doly görkezmek üçin, şeýle hem Gaýgysyzyñ bu wezipede eden işlerini aýratyn seljermek üçin özbaşyna, uly bir kitap yazmaly boljakdygyna okyjy göz ýetirýändir. Bu taýda Gaýgysyzyñ esasy, tapawutly işleriniñ käbirini agzamak bilen kanagatlanmakçy. 1. Geçmişiñ ähli tejribesini we ýalñyşlyklaryny öwrenmeli hem-de indiki ädimimizde o ýalñyşlary gaýtalamaly däl. 2. Ýerli kadrlary ýetişdirmäge aýratyn üns bermeli. 3. Merkezden iberilýän kadrlaryñ ýerli ýägdaýy bilmeklerini gazanmaly. 4. Pagtaçylygy gysga wagtda dikeltmeli. 5. Maldarçylyk meselesinde örän seresaply bolmaly. Mallaryñ baş sany azalmaz ýaly we olaryñ daşary ýurda sürülmezligi üçin çäre tapmaly. 6. Senagat kärhanalary millileşdirilende gödek ýalñyşlyk göýberildi, ýagny iri kärhanalar bilen birlikde örän kiçi kärhanalar hem millileşdirilipdir. Netijede önümçilik gaty pese gaçypdyr. Bu meselede ýol tapmaly. 7. Gelejekki ýyllar üçin iş plany düzülende gurbuñ ýetjek işe başlamaly. 8. Basmaçylygyñ esasynda ilatyñ maddy we ruhy mahrumlyklary ýatyr.Ol adamlaryñ köpüsi bu ýola mejbur bolup düşdüler. Ýaşaýyş ýagdaýy düzelişse, basmaçylygyñ köki kesiler. Şoña görä basmaçylary gyryp,güýç ulanyp ýok etmeli däl-de,durmuşy gowulandyryp, gepleşikler geçirip, düşünişip umumy maksada ýetmeli. 9. Ilat öz ene dilinde iş alyp barar ýaly şertler döredip başlamaly. 10. Ähli babatda magaryfy ösdürmeli. Ynha, Hökümet başyna geçip, işleriñ ýagdaýyna göz ýetirensoñ, Gaýgysyzyñ öz öñünde goýan maksatlary takmyn şeyleräk. Ol bu meseleleriñ özeninde jemgyýeti bölmezlik, ähli gatlaklaryñ bir gazanda gaýnaşmagyny gazanmak prinsipi bardy. Ynsany syýasatdan ileri görmek endigi ýüze çykýardy. Onsoñ ýagşy niýetlerini durmuşa geçirjek bolup, ol gazak, gyrgyz, özbek, galpak, türkmen topraklarynda gije-gündiz ýortup başlady. Ýer-suw reformasy boýunça aýratyn işler alyp bardy. Düýnki aç-ýalañaç ynsany,gul ýaly boýny bükük ynsany bu gün ýerli-suwly etmegiñ ähli garşylyklaryndan başga, psihologik, ruhy päsgelçiliklerini hem ýeñmelidi. Zähmetkeş halk öz arkasynda umumy bir Sowet hökümetiniñ duranlygynyñ üstesine anyk biriniñ duranlygyny hem göresi gelýärdi. Muny Gaýgysyz öñräkden bäri duýýardy.Şonuñ üçinem şahsy duşuşyk, şahsy gatnaşyk,şahsy güwä geçme usullaryny köp ulanýardy. Şu sebäpli onuñ kabinetde oturan wagtyndan köpçülik içinde bolýan wagty elmydama artykdy. Ol ähli günäni geçen döwre ýa-da ýolbaşçylara atyp, gelejek üçin bolar-bolmaz wadalar berip möwritini geçirýänlerden däldi. Iş tabşyrsa,özi derñemäni unutmaýar. Gulaga ynanañdan göze ynanmagyñ has bähbitlidigine Gaýgysyz ir düşünipdi. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |