23:04 Mazarsyz galan adam / hekaýa | |
MAZARSYZ GALAN ADAM
Hekaýalar
Iň mukaddes söýgi-gizlin söýgidir. Hakagure O ýaşulyny, belki, Sizem görensiňiz. Dyzdan aşagy ysmaz bolan bir kişi. Onuň hakyky adyny bilýän ýok, ýöne bu çöl etegindäki kiçijik şäherjikde oňa Rahmet eke diýýärler. Iller Rahmet ekäniň ikinji jahan urşunda ýesir alnyp, bu jelegaýlara düşen ýaponlygyny aýdýar. Kämahal ýaşulylar Rahmet ekäniň milletini öz dilinden eşitjek bolýarlar, sebäbi köneler millete, dine aýratyn parh goýguç. Rahmet eke bolsa, her gezek ýeser jogap tapýar: “Towşanyň gulagy uzyn ýa gysga bolany bilen ol towşanlykdan üýtgeyärmi?" Bir kişi onuň iki çöpjagaz bilen tüwini ýeserje iýşini, aỳalaryny döşünde birleşdirip doga okaỳşyny geň görüp, uly ile aýdyp çykypdyr. Rahmet ekäniň bu şäherjikde galyşy hem rowaýat ýaly. Ýesirler gije-gündiz işläp, jaý baryny gurýarlar. Olaryň gurýan jaýynyň gapdalynda ýaşalyp oturan öýden Jahangül diýen şeýle owadan gyz çykyp, her sapar Rahmet ekâ mähir-muhabbetli ýylgyryp, uzak-uzak bakypdyr. Ýene bir gün bolsa, ol Rahmet ekâ ogrynça düýe çal getirip beripdir. Rahmet eke-de o wagtlar gözlerinde ýyldyrym çakýan bir ýigitmiş. Ol çally kürüşgâni alyp, "Adyň nâme?" diýipdir weli, Jahangül gaýnap duran yşkly gözlerini gyrpman, jadylyja bakyp, "Jahangül" diýipdir. Rahmet eke çal içmâni unudypdyr. "Içsene, içsene!" Hi-de söýgi şerbeti barka çal içilermi?! Günler geçdigisaýy aşyk-magşuk ysnyşyp başlapdyr. Rahmet eke dâli-mejnun bolupdyr, dünýâni unudypdyr. Onsoň gizlin ýollar tapyp, öz adyny ölüleriň hataryna goşdurypdyr, ýene bir ýol tapyp, ýüz keşbi gazaga meňzeş bolany üçin gazak milletinden diyip pasport edinipdir. Az wagtdan ýesirleri watanyna alyp gidenlerinde Rahmet eke galypdyr. Indi onuň gözleri Jahangülden özgâni görmez bolupdyr. Oýlener uçurlary o söýgi,duýdansyz gelşi ýaly,duýdansyz ýitip gidipdir:Jahangül Rahmet ekeden sowaşypdyr, hiç- hiç razylyk bermândir. Az wagtdan bolsa başga birine durmuşa çykyp gidipdir. Şeýdip, jowranyp galan Rahmet eke çykalgasyz galypdyr:Ýaponiýa gidip bilmeýâr, paspotynda gazak diýlip ýazylan. Onsoň ol: "Öýlenmerin" diýip, bar ünsüni işe berip ýaşaberipdir. Deň-duşlary "Öýlen" diýip, mahal- mahal gyssasalar-da etmândir. Ol özi iş başarman, ile iş öwredýânlerden dâl. "Adam bu dünýâ işlemek üçin gelýâ" diýýâr. Ony deň-duşlary işe iň ökde adam hasaplaýarlar. Haýsy maşyny, haýsy traktory görse, edil özi ýasan ýaly. Ol radioň,telewizoryň, tikin maşynynyň hem ökde ussasy. Nahar, nan bişirmekde özüne göwni ýetýân aýallaram Rahmet ekâniň tagam bişirişine haýran galýarlar. Bu şâherjikde Rahmet ekâniň geýim biçişine hem söz aýdyp bilmeýârler. Bu ussatlygy gören bir dili duzly:" Rahmet eke diňe çaga dogrup bilenok " diýipdir. Rahmet eke tâ iki dyzdan aşagy ysmaz bolýança şeýdip işledi ýördi. Maýyp bolansoňam güýji ýetjek işden el çekmedi. Ahyry, halys gurbaty tükenensoň, eşekli köçe-köçe syryp başlady. Siz ony eşek üstünde boş oturandyr öýdýâňizmi?! Ýo- ok,iň gowy ýüň joraplary, ellikleri,jempirleri Rahmet eke eşek üstünde örýâr. Rahmet ekâniň ýüregi göwrâ sygsa-da, bu giň dünýâ sygmayar. Şonda-da ol ykbalyndan- tâleyinden bir gezegem açyk zeýrenen dâldir. Âhli gowga içinde. Ýaňy ýetişip ýören ýigit ýyllary bir gezek dumanly kenarda gaýyga münüp, balyk tutmaga gitjek bolup durka ejesiniň aýak ýalaň ylgap gelşine, elindâki köne güpbini arkasyna atanyny, on ỳaşlyja oglan jigisiniň ỳyrtyk balajygyny çekip:”Menem gidäỳeỳin-dä, menem gidäỳeỳin-dä” diỳip zarynlaỳşyny hiç-hiç ýatdan çykarmaýar, ençe gijeler düýşde-de gördi. Beýleki ýüz müň wakalar bir ýana, ejesi,jigisi bilen bagly bu waka-da bir ýana. Şo gezek arkasyna atylan güpbi heniz-henizlerem Rahmet ekâni ýylydỳar, jigisiniň sesi heniz-henizlerem gulagyna gelip dur. * * * Rahmet ekâni her gün irden goňşusy horja eşege mündürip goýberýâr. Onsoň howluda ekdileşiberen ýabany kepderiler Rahmet ekâniň başyna, egnine gonuşyp- uçuşyp, guş dilinde bir-birege söz gatyşyp, hüw- hüwleşip Rahmet ekâni ep-esli ýere çenli ugradýarlar. Rahmet eke mundan hoşal bolýar, çigninde oturan kepderiniň özboluşly bir jadyly ýylysyny, kokusyny alyp, göwni galkyjaklaýar. “Döwletli-iş bilen, bidöwlet-guş bilen" diýlenini Rahmet eke goldanok. "Guşa guwansaň, göwnüň uçasy geliberýâr" diýýâr. Rahmet eke hernâçe ýumşak adam bolsa-da aşaky gabaklarynyň pökgerip, sallanyşyp durmasy çagalarda birgeňsi gorky döredýâr.Olar Rahmet ekâni aýylganç ertekilerden, kinolardan çykyp gelen bir zat hasaplaýarlar. Bu şâherjigiň çagalarynyň arasynda Rahmet ekâ Çingizhan, Apaçi, Samuraý, Döw ýaly lakamlaram ulanylýar. O geçip barýan bolsa, juguldylaryny kesip, aşak bakyp oturýarlar. Kâmahal Rahmet eke oýnap oturanja çagalaryň deňinde eşegini saklaýar weli, çagalaryň âhlisiniň ini tikenekleşýâr. Rahmet eke bolsa özüne berlen süýtli doňdurmany, köke-süýjini olara hödürleýâr. Olary alýan çaga ýok, gaýta gorka-gorka Rahmet ekâ bakyp goýberenlerinde, onuň hiç kime meňzemeýân bulanyk gözlerini gördükleri has beter gorkýarlar we uzak çydap bilmân,guş uçan ýaly, zym-zyýat bolýarlar. Onsoň Rahmet eke kiçijik şâheriň keltejik köçelerinden gyssanman geçip başlaýar. Eşegiň keýpine görâ bolýar:eşek ýolda-yzda bir otluja ýer tapyp otlap başlasa-da, yssy döwri goýry kölegâ başyny soksa-da Rahmet eke eşegini gyssan adam dâl. Uly dükanlaryň, gelim-gidimli edaralaryň öňünde hasam uzak durguç. Eşek, janawer, ol aýagyndan o aýagyna agram berip, gözlerini ýumup, kellesini sallap durýar. Siňekler gybyrdap halys ýüregine düşende, uly gulaklaryny iki ýana pakyrdadyp silkip, ýene irkilýâr. Üstünde oturan Rahmet eke bolsa duşundan geçýân adamlar bilen salamlaşýar. Sâhel saklanyp elleşen adam bilen uzyn-uzyn saglyk-esenlik soraşýar. Soňunda “Öňki işiňdemiň? " diýip soraýmalydyr. “Hudaýa şükür, öňki işimizdediris " diýseň begenýâr. " Gaýrat et. Işiňe berk ýapyş. Ata-eneňe meňze! Seni göremde hoş bolýan. Işlâber. Bize-de kömegiň deger-dâ " diýýâr. Rahmet ekâniň hâsiýetine belet bolup, degişmek islân bolsa:" E-eý, Rahmet eke, işden aýyrdylar " diýen bolýar. Onsoň Rahmet ekâniň aýtjak sözlerini bilip, içinden gülýâr. "Işden aýryldym " diýýâňmi?! " Işden kowuldym diý. Seniň işden kowlanyňy bilen bolsam, salamyňy almazdym. Sen, gowusy, başga ýere göç, adam az ýerinde, ile görünmân ýaşa". Ýaňky içinden gülýân adam gidensoňam onuň yzyndan hüňürdâp-hüňürdâp galýar. "He-eý, onuň ýöreýşini! Şeýdip ýöreseň işden kowlarsyň- da. Hany, göreli, kim seni işe alýarka?! " Geň ýeri, hiç kim Rahmet ekeden gaty görenok. Aryp-ýazyp biri gatyrgansa-da:" Rahmet ekedir-dâ. Ol nâme diýip sögünse-de göwnünde zat ýok ahyry. Gaýta, Rahmet ekâniň sögeni söýünçdir " diýýârler. Rahmet eke şol aýlanyp ýörşüne öz deň- duşlarynyňka, tanyşlaryňka günde-günaşa baryp, eşekden düşmân salamlaşýar, az salym söhbet edýâr. Onsoň ýene ýola düşýâr. Bu taýda eşiden tâzeligini o taýda aýdýar, emma göwne degjek habarlary eşiden ýerinde goýup gaýdýar. Umumy tâzelikleri ýaýradýar: pylany ýogalypdyr, pylanynyň ogly gyz alyp gaçypdyr, pylan ogry pylanynyň halysyny süýrâp barýarka tutulypdyr diýen ýaly. Rahmet ekâniň eşejiginiň barmaýan ýeri ýok, onsoň Rahmet ekâniň gözleri hem köp zat görýâr. Onuň köp zatdan habarlydygyny, mydama eşejiginiň üstünde joňkarylyp oturşyny görüp, kâbir dili uzynlar: "Rahmet eke kegebâniň âgentidir " diýýârler. Ýöne Rahmet eke hakda ýaramaz gep aýdylsa, o gepiň ömri kelte bolýar: aýdylan ýerinde gabry gazylýar. Kâbirleri Rahmet ekâ ýumuşam buýurýar. Onuň eline telefon nomeri ýazylan kagyzy berýârler-de: "Gaýrat et, Rahmet eke. Telefonumyz işlâr ýaly et " diýýârler. Onsoň eşejik arman ýörâberse telefon edarasynyňam deňine barýar. Rahmet eke o jaýdan girip-çykýanlar bilen salamlaşyp durşuna, iş bitirip biljegi tapýar-da hâlki kagyzjygy eline tutdurýar. Onsoň işi biten adam Rahmet ekâni görse, ony boş goýberesi gelenok. Öý-hassahana aralygynda-da Rahmet ekâniň eşegi köp gatnaýar. Özi howlusyndan çykybilmeýânler hassa garyndaşyna salam ugradýarlar, iýmit berip goýberýârler. Rahmet eke-de eşek üstünde joňkarylyp oturşyna iki goly bilen naharly gaby seresap tutup, hassahananyň derwezesine gelýâr, ak halatlyja gyzlara gowşurýar. Polisiýanyň, suduň jaýynyň golaýynda-da Rahmet ekâniň eşegi durup ýadaýar. Kâte ertirden agşama çenli duran günleri hem boldy. Ho-ol öňrâk bir polkownigi tirỳek satanlygy üçin sud edenlerinde Rahmet eke on iki günlâp öýünden göni sud jaýyna geldi. Eşek haýwandyr welin, indi şolam sud jaýynyň deňine gelende özi togtaýýar. Içerden çykýanlardan eşidenlerini gaýtalap, Rahmet ekâniň öz-özi hüňürdeýâr. Sud edilýâne sögünýâr: "Olar ýala gowşak degmeli dâl. Wah, şony men sud edâýsemdim. " Kâ günler Rahmet ekâniň başyna agyr gam gonup, gaty tukatlanýar. O günler ol ýöne köçe- köçe syryp geçýâr.Hiç kim bilen, hiç zat bilen gyzykmaýar. Örýân zadyny hem taşlaýar. Onsoň onuň başyny sallap oturşyny gören adamlar, uklap oturandyr öýdüp, salam bermân, hal-ahwal soraşman geçýârler. Kâhalatda aç eşek otuň ysyny alyp, göni şo tarapa tutduryp gidýâr, şâherden çykýar, otly bir meýdana baryp, ýaman nebsewür çortup başlaýar. Iýe-iýe garny gâberip gidensoňam iýýâr. Kâmahal gözüni açýan Rahmet eke bolsa beýle ýandaky mazarçylygy görüp oýa batýar. "Olam bu gonamçylygyň bir gyrasyna gonar. Hudaýa şükür, ölende jaýlajak bar: jan ýaly goňşusy ony hormat bilen topraga berer. "Rahmet eke bu dünýâden gitdi " diýseler, gapymdan kimler gelerkâ? Gowusy, gelmejegi sanaýmalydyr. Emma... Emma ömrümi kül eden Jahangül gynanarmyka? Gapymdan gelip, jesedime baş egse- de razy. Bilmedim-dä. Uzak ýaşasyn, ýöne iru-giç Jahangülem gider. Men toprak astynda oňa garaşyp ýataryn. Âhli zatdan paýhasly toprak iň soňunda ikimizi öz gujagynda duşurar. Bu millete Rahmet eke ölmejek ýaly görünýân bolmagy-da mümkin. Ölmejek bamy?! Bir dilegim: kösenmân, ile azar bolman ölsem. Ölsem, eşek, janawer, kösenermikâ öýdýân. Eşejigimem başa geleni çeker-dä. Ýöne eýesiz, gapy-gapy ýortup ýörse bolmaz. Haýwandyr, biriniň mellegindâki ekini çortup çyksa, maňa gelşikli dâl. Rahmet ekäniň eşegi diýerler. Gowusy, ölmânkâm eşejigime eýe tapyp goýaýyn. Şonda rahat göz ýumaryn". Bu pursatda eşek iýe-iýe ýadap, ahyry, belet ýoly bilen bazar howlusyna baka dikgirdâp gaýtdy. Derwezeden girmân, bir gyrada durýar. Onsoň bazardan zat alyp çykýanlaryň arasynda Rahmet ekâni tanaýanlar bar. Olar satyn alan köke- süýjüsinden, kişde-kişmişinden birki gysym alyp, Rahmet ekâniň köne brezent horjunyna atyp geçýârler. Rahmet eke horjunynyň sermeşdirilýânini duýsa-da gözüni açasy gelenok, ýöne pessaý ses bilen “Taňryýalkasyn " diýýâr. Hemişelerem işdâsi ýok weli, tukat günlerinde Rahmet eke hiç zat iýesi gelenok. O tukatlyk, o ýalňyzlyk ony ep-esli gün helâk edýâr. Ahyrda bir tâze habar oňa ýene jan berýâr. Owganystana dâne daşaýan üýtgeşik maşynlaryň çetki ýoldan geçýânini eşidende göni şo tarapa gitdi. Barsa, ala şowhun. Polisiýa maşynlary gyzyl yşyk ýakyp, iki ýana zymdyrylýar. Âpet-âpet maşynlar hüňlâp- hüňlâp geçýâr. Rahmet eke üç günlâp ýoluň gyrasynda durup nebsewür synlady. Şunuň ýaly günler bolaýsa. Günüň neneňsi geçenini bilmân galýaň. Şo geçişlikde bir şofýor maşynyny saklap, düşnüksiz dilde bir zatlar diýdi. Arman Rahmet ekâniň bilýân dilinden dâl ekeni. Bolmasa göwnejaý wujurdaşardy. Onsoň ýaňky şofýor kabinadan düşüp, golaý geldi weli, Rahmet eke gözüni giňden açdy, eşek, biçâre-de, başyny dikeltdi. Şo mahal şofýor elindâki fotoparaty şygladyp, Rahmet ekâniň suratyny aldy. Saňa başga nâme gerek?! Şâher içinde nâçe ýyl bâri gezýâr weli, ýekeje adam Rahmet ekâniň suratyny almady ahyry. Şo gün gijara gaýdyşyn onuň eşejigi başga bir ýoldan iýndi. Ýolda çigit satyp oturan bir garryja aýal sataşdy. ––Rahmet, bâri dur. Nâçe günler bâri bu taýdan geçmediň-le? ––Ýola çyksaň, menden köp zat ýok. ––Düýnki masgaralygy eşitdiňmi? Gulagyma ynanman otyryn. ––Nâm bolupdyr? ––Düýn çaga dogrulýan öýde bir ýaş gyz nikasyz dogrup, çagany dogtorda taşlap gitjek diýýâmiş. ––O-ho-ow, oh-ho-ow! Şâheriň işi gaýtdy diýsene! Beýle pislige ýetilen bolsa, soňy ýaman bolar, bâý-bâý ýaman bolar-a! Ýaşar ýaly bolmaz. Men gitdim. Rahmet eke eşegini çaga dogrulýan öýe baka sürdi. Barsa, derweze ýapyk, beýle ýandaky gapydan girýân-çykýan görnenok. Rahmet eke garaşmaly boldy. Onuň gyssanýan ýeri ýok. Gaýta öýüne nâçe giç barsa, şonça gowy. Öýde hi-iç wagt geçenok. Ir ýatsa, ir turmaly bolýar. Ol hasam ýaman. Gün diýlen örâ-ân haýal dogýar. Onsoň eşegiň üstünde oturanyň ýüz esse gowy. Rahmet eke pökgi gabaklaryny ýumdy. Ol indi üçünji gündür ýol başynda durup, şâhere aýlanmaga wagty bolmady. Şâherdâki dost-ýarlar Rahmet ekâ nâm bolduka diýişỳändirler. Öýden habar alanam bardyr. Nâtjek-dâ?! Âhli ýere ýetişibem bolanok. Gaty görmeseler bolýar. Ýöne bu ýaňky kempiriň aýdany dogry bolsa-ha işimiz gaýdypdyr. Ýaman görelde tiz ýaýragyçdyr. Beýtseňem boljak ekeni diýip, çaga taşlap başlasalar, soňy kyn bolar. Onsoň pis durmuş diýilýân başlanar. Duýulmaz-la, geçer-le, bolýa-da diýşip pislige garyşan ertir pis nesil öndürip başlaýar.Yzarlap otursaň tötânden bolýan zat ýok diýýâler ahyry. Çaga dogrulýan öýden bir erkek kişi çykyp gaýtdy. Onuň aýak sesi golaýlaşanda Rahmet eke gözüni açdy. Salamlaşdylar. ––Rahmet eke, bu wagt bu taýlara işiň düşdümi? ––Aý, ýok. Ýöne bir mesele bar öz-â. Sen öňki işiňdemi? ––Hawa, öňküje gulluk.- O kişi sâhel ýylgyrdy. ––Bolýa şol.Gaýrat ediber. Işiňe berk ýapyş. Men ata-eneňe-de beletdirin. Tüweleme, gowy işlâber. ––Hany, ýör, işiň ýok bolsa gideli. Hâzir o gapylaram gulplarlar. ––Gidenimiz ýagşy weli... ––Welisi nâme? Bir aladajygyňa bar. ––Bar. Ikimizem erkek kişi. Sen aýtsana, çaga doguranlaň arasynda bir gyz çöpdüýbi dogrupdyr diýýâler-le. ––Ýahe-eý, Rahmet eke! Olar ýaly bir ýa iki dâl. Uruş ýyllary ýetim öýi ýetimden doly bolsa, indi ataly, eneliden doly. ––Be, be! Gaty arkaýyn gepleýâň-le. Bir çâresini görjek bolmaýaňyzmy? ––Baý-bo-ow, gaty köne zamanda ýaşaýaň, Rahmet eke. Bu meselede bolýan zatlaryň baryny aýtsam, eşejigiňden agdarylyp gaýdarsyň. Gowusy, bilmezlik. Olaryň ikisi hem az salym dymyp gitdi. Ýene Rahmet ekâniň ýoldaşy sözledi. ––Kanunlar bulaşyk... ––Ýalan! O meselede namysdan ýokary kanun bolmaz. Gowşaklygyňy bilse, pisler öňe geçýâr. Ýo-ok. Gyrada gizlenip galaryn öýtmâň. Pislik, edil gara gazan ýalydyr, âhliňize garasy ýeter. Pislik gelende gapyda durman, göni depelâp, töre geçýândir. Entejik görersiňiz! Soň-soň pis haýsy, pâk haýsy-parhynam bilmersiňiz. Rahmet eke örân gaharly sözledi, bulanyk gözleriniň ýokarky gabaklary, hernâçe agyram bolsa, ýokary çekilişdi. ––Rahmet eke, her kim erkana, her kim öz göwün isleýşi ýaly iş edýâr. Onsoňam maňa gahar etme, men günäkär däl. ––Wah, men günâkâr dâl diýlensoň dünýâ ýykylýa. Günâni özüňden gözleseň, günâkâr tiz tapylýar. O kişi Rahmet ekâni beýle janköýerdir öýtmeýârdi. Horja eşek üstünde oýaly-ukuly oturan gojany akly çaşyp başlan, dünýâ gyzykmadan iren bir mülhit hasaplaýardy. Rahmet ekâniň sözüni mundan artyk diňlemâge mejaly bolmansoň, dogtor sagbollaşdy-da sowlup gitdi. O kişiniň öz öýüniň deňinden ir sowlandygyny duýan Rahmet eke bolsa:" Gaçyber, gaçyber. Bu dünýâden gaçyp gitjek ýeriň ýokdur " diýip oýlandy. Şol gije Rahmet eke gaty birahat boldy. Ir ýatdy, ir oýandy. Eger onuň islegi kabul bolsady, ol hâzir çaga dogrulýan öýe baraga-da o gyza:" Hany, bile pislik eden erkeksumagyň adyny aýt! " diýmekçi. " Ýazyksyzja çagaňyza eýelik ediň. Bu ýurt siziň üçin çaga dogrup zyňylýan zibilhana dâl. Ýetimlere baksa-da ýeterlik." diýmekçi. Eger gepe- söze düşünmediksirân bolsalar, öňi-soňy çagany eklemâge mejbur etmeli. Garşylyk görmese, möjekler goýun sürüsiniň ortarasynda ýaşajak ahyry. Heý, bilmedim-dâ... Bi adamlar âhli zada öwrenişip gidip barýalar. Öňler bütin şâherde bâş tirỳeki ýa tapylardy, ýa tapylmazdy. Bu gün her köçede, gara garantga ýaly, süllerişip ýörler. Rahmet eke elli ýyl öň gurlan kiçijik jaýjagazynda iki ýana süýrenip, ýene köp-köp pikirleri başynda aýlap, ahyry, jahany ýagtyltdy. Süýşüp baryp, gapyny açdy. Hemişekisi ýaly, kepderiler hüw- hüwleşip, pasyrdaşyp Rahmet ekâ baka çozdular. Olam nan owuntygy gatyşan dânâni takyrja ýere sepip-sepip göýberdi. Soňra aýasynda dâne goýup elini uzatdy weli, birküç kepderi eline gonup, bir- biregi ganaty bilen süýşürişip, dâneleri çokup uçup gitdiler. Kepderilerine göwni galkan Rahmet eke eşegine baka göz aýlady weli, geň galdy:Eşegi başyny guma garyp, gymyldaman ýatyr. " Beýle ýatmasy ýokdy. Kür-kür! Kürri! " Jogap ýok. Gymyldanogam. " Eşek kesellemez, keselledigi öler " diýlenine Rahmet eke-de ynanýar. Eşejigi ölâýse, dat gününe. Oňa dünýâni görkezip ýören şo eşejik dâlmi?! " Kürri, kürri!! " Az salymdan goňşy gelip salam berende, Rahmet eke salam almaga-da gyssanyp:" Rejepjan! Şo janaweri göreweri " diýdi. Rejep eşegiň başujuna baryp siňe seretdi, soň egilip gözledi, ahyrda eşegiň boýnuna aýagy bilen ýuwaş kakyp goýberdi-de Rahmet ekâ nebsi agyryp bakdy. "Eşejigiň-â azapdan dynypdyr." " Bâ-â, birden beýle bolaýd-ow! " Bu zamanlar eşegiň bahasynyň öküziň bahasyça barlygyny Rahmet eke ýagşy bilýâr. Ol hernâçe toplasa-da ýeterlik pul toplabilmez. " Bâ-âý, orta ýolda goýdy-da. " Indi nâme etsekâ? Nâme etse-de gün geçmez. Onuň barjak ýeri kândi, aýtjak sözi kândi. Bary birbada kesildi duruberdi-dâ. " Ilat âhli pislige öwrenişip-öwrenişip, soň nâdip ýaşajakka? Şuňa aklym ýetmân geçdi". Onsoň ol Rejep goňşusyny ýanynda oturtdy- da bir gapjykdan eplengi kagyz çykardy. ––Rejepjan! Sen maňa ogul ornuny tutduň ! Ýüzüňe öwüp dursam gelşikli bolmaz. Ynha, şu hojalygyň dökümendi, bu kagyzam hojalygyň saňa peşgeş berilýânligi hakda döküment. ––Men saňa hyzmat edenem bolsam, zat üçin hyzmat eden dâldirin, Rahmet eke! ––Goý, goý. Mundanam zat bolarmy?! Çaýyr basan bir daban ýer ahyry. ––Maňa hiç zat gerek dâl. ––O gürrüňi goýaly. Indi Hudaý nâçe gün beren bolsa, ýaşarys, işalla. Bu düwünçekde-de ölemde jaýlar ýaly pul bardyr. ––O gürrüňe entek ir, Rahmet eke. Gowusy, şo pula bir eşejik alaly. Galan işiň bir alajy bolar. ––Beýtseň, razy bolman. Mende-de göwün bar. Ýöne mazaryň üstüne bir kerpiç goýgun. Mermer dâldir, kerpiç goýgun. ––Rahmet eke, ir bilen ters gürrüň edýâs. ––Kerpije, iliňki ýaly, ýyl ýazma, at ýazma, ýöne " Bu-da geçer " diýâýgin. ––O nâm üçin? ––Meniň aklym ýeteli bâri maňa ýardamçy şo söz boldy. Rejep, öňi-soňy, ölüm gürrüňini dowam etdiresi gelmân, başga gürrüňe geçdi. Birsalymdan işe baka öýden çykyp barýarka:" Men bir sorag- ideg edişdireýin. Belki, eşegini münmâge berjek tapylar " diýdi. "Ana, bu gowy gep boldy." Eşek tapylaýsa, jany aram tapar. Rahmet ekâ gerek diýseler, eşek beren tapylar-la. Emma her gün Rejep asfalt ysly eşigini geýip işe gidende umytly garaşan Rahmet ekâniň agşamlyk umydy inçelýâr. Günler geçýâr, gijeler has haýal geçýâr. Öňler dünýâ sygman ýören göwün bu dar howla sygjakmy?! Gaty çaýyrly howluda iki ýana süýşeneklâp, daşky gapyda oturyp ýadaýar. Köçe- de gugaryp ýatyr. Eşegi öleni bâri nâçe wagt geçdi weli, bu şâherden bary-ýogy dört-bâş kişi Rahmet ekâ " Halyň niçik? " diýip geçdi. Ýene-de iki aksakal ö-öňki teklibini gaýtalap gitdi. Olar öňden bâri Rahmet ekâniň öz butparaz dininden dönüp, yslam dinine geçmegini isleýârdiler. ––Siz bir zada düşüniň:ynha, özüňiz öz diniňizi taşlap, başga dine geçesiňiz gelýâmi? ––Ýok. ––Menem şeýle. Menem ata-enemiň ynanan dinine ynanasym gelýâ. Dinsiz bolan bolsam, onda başga gürrüň. Rejep goňşy bolsa, nâçe gözlese-de, Rahmet eke müner ýaly eşek tapyp bilmedi. Günleriň bir güni irden turup Rahmet ekâniň gapysyna barsa, kepderiler sus otyr, ses-üýn ýok. Hemişeler ir sâherden açylýan gapy bu gün ýapyk. "Rahmet eke, o-ow Rahmet eke!" Jogap ýok. Gapyny açsa, Rahmet eke ortarada eşek juluny ýamap oturşyna tükgerip, doňup galypdyr, biçâre. Ony ömürboýy ýylydan, şo dumanly deňiz kenarynda arkasyna atylan ene güpbüsi hem Rahmet ekâni ýylydardan ejiz gelipdir. Rejep, aýaly, çagalary ikiýana ylgaşyp, goňşulara aýdyşyp, merhumy jaýlamaga zerur serenjam berdiler. Garaz, birki sagatdan soň bütin şâher Rahmet ekâniň sagat on ikide jaýlanýanyny eşitdi. Tabyt çykarylanda on-on bâş adamdan köp dâldi. Rahmet ekâniň ömri boýy garaşan Jahangüli hem görünmedi. Emma ir sâherden bâri Rahmet ekâ garaşan kepderiler has köpdi. Olar özge adamlaryň üstüne gonman, âhlisi tabytda ýatan Rahmet ekâniň ysyny alyp, oňa topulýarlar. Adamlar gollaryny salgaşyp kepderileri tabyda gondurmajak bolýar. Şeýdip mazarystana bardylar. Rahmet ekâni jaýlap, baş ujuna mermer daş goýup gaýdanlarynda tâze guburyň üstüni örtüp oturan gökje kepderileriň enaýy zarynlaýyşlary eşidildi durdy. Rejep ep-esli wagt geçensoň Rahmet ekâniň mazaryna zyýarat edeýin diýip bardy weli, o gökje kepderileriň bir topary henizem mazar üstünde hüw-hüwleşip oturan ekeni. Emma ýazgyly mermere weli gözi ilmedi. Beỳleki mazarlara goýlan mermerleri hem görmedi. " Bu-da geçer " diýleni mundan çykdy-ow. " Rejep gamgyn halda gonamçylykdan çykdy.”Eger ölüleri gorap bilmeỳän bolsak,dirilere diri diỳip bilermikäk?!” Ol öýe gelşine bir bişen kerpijiň ýüzüne "Bu-da geçer" diýip ýazdy-da Rahmet ekäniň mazaryna goỳup gaỳtdy. Aradan ep-esli wagt geçdi. Bir gün Rejep çagalary bilen günorta naharynda saçak başyna egrilişip otyrkalar daşky gapy kakyldy.Rejep gapyny açanda Rahmet eke pahyra gaty meňzeş bir ỳapon ỳaşulusy garşysynda dur. Rejep düỳş görỳän ỳaly boldy. Ol tasdan:”Rahmet eke!” diỳipdi, soňky nepesinde saklandy. O ỳapon Rahmet ekäniň kiçi dogany, birmahallar dumanly kenarda: ”Menem gidäỳeỳin- dä!”diỳip zarynlan oglanjykdy, Rahmet ekäniň gulagynda ömürlik seslenen oglanjykdy. Terjimeçi olary tanyşdyryp-tanyşdyrmanka, Rejep Rahmet ekäniň doganyny gujaklap, gözlerine ỳaş aỳlap, damagy dolup, bir söz aỳdyp bilmän uzak durdy.Ŷaponlar bolsa çyny bilen agladylar.Rejep gözleri gyzaryp giden myhmanlaryny öỳe çekjek bolanda, Rahmet ekäniň dogany ilki mazarystanlygy göresi gelỳändigini aỳtdy. Olar şo taỳdan göni mazarlyga baka gitdiler.Ŷolda özüne şeỳle mährem bakyşyny synlan ỳapon adam durubilmän Rejebiň egnine elini goỳup,özüne baka gysyp ỳöredi. Mazarystanyň bir gyrasyna baranlarynda Rejep birden öňe ylgap gitdi.Siliň yzy bildirip duran ỳerde ikiỳana aljyraňňy ỳöredi. Sil suwy Rahmet ekâniň gubury bile ýigrimi-otuz guburyň gumuny ýuwup-eredip alyp gidipdir. Kimiň nirede ýatany hem belli dâl. Gubury ýitiren gökje kepderilerem nirâ gonjagyny bilmân, onda-munda gonup-uçup ýörler.Rejep ho-ol beỳlede palçyga bulanyp ỳatan kerpiji gördü-de ylgap baryp, eline aldy: ”Bu-da geçer” diỳen ỳazgyly kerpiç. Rejep bir kerpije, bir-de myhmana ỳazykly ỳaly bakdy.”Matam gülüni goỳmaga mazaram galmandyr.” Rahmet ekäniň inisi ỳagdaỳa göz ỳetirenden, gülleri gaçyryp, ellerini ikiỳana gerdi- de asmana bakyp, gözlerini ỳumup: ”Muraỳama-a- a!” diỳip ỳürekden bagyrdy, göz ỳaşlaryny ỳagmyr kimin ỳagdyrdy. Muraỳama-Rahmet ekä enesiniň dakan adydy. Rahmet eke şeýdip dagdan agyr gamlary bile ýitdi gitdi. Rahmet ekâniň ýoklugyny duýmadyksyran bolsa-da, öňi-soňy, bu şâherjik başgaça ýaşap başlady. | |
|
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |