11:00 Daglar ýumrulyp beýgelýär: Yşk damjalary | |
YŞK DAMJALARY
Sözler
Söýgi hem, edil guş ýaly, kä uçýar, kä gonýar. Öz köňlüňe bak! Yşgyň köreýän bolsa, bu seniň okamaly kitabyňdyr. Okaňsoň, yşgyň joşuşyna-da bir bak! *** Seniň gözleriň gara-da däl, mawy-da däl, söýgi reňkinde. *** Ÿalňyz galdym sensiz-sensiz. Ÿürek aglar sessiz-sessiz. *** Gözleriň bilen meni diňle, söỳgülim! Sen şeỳle bir näzik weli, seni özümden gabanỳan. *** " Âhli deňizleň suwy syýa bolsa, saňa hat ýazyp tüketsem," şonda duýgularym egsilermikä?! *** Gündiz Gün bolup, gije Aỳ bolup, ỳoluňa yşyk berdim,köňlüňe yşk berdim. Maňa bolsa ỳumruk ỳalyja ỳürek gerek, ỳüre-ek! *** Üşän şemal ak maňlaýyňy sypap-sypap ýylyndy. *** Eýjejigim! Patyşa bolaýyn diýseň, guluň-a bar. *** Çigildem gary dilip çyksa, sen ỳüregimi dilip çykdyň. *** Janym jan öýünden çykansoň, sen ýadymdan çykarsyň. *** Meniñ söýgim bulut satyn alanyñka döndi: Ne ýüregim galdy, ne söýgim. *** Ýyldyrym bolup gel,sil,tüweleý bolup gel! İň gowusy,özüň bolup gel! *** Durmuş meni saýgylap-saýgylap, demir darak bilen daraklap,sümek edip sozdy. İkde egrip-egrip, ýumak edip taşlady. Jana-janym! Menden bir kilim doka, belki ýörâňde aýajyklaryñ galtaşar. *** Sen ỳüregime urlan hanjardanam beter bolduň. Hanjary sogrup bolỳar. Sen ölemde-de ỳüregimden sogrulmarsyň. *** Sen ýola çykdygyň, garşyňdan çykan şemal ýüzüňi sypaýar. Men şo ötegçi şemalça-da bolmadym. *** Akja gar tozgajyklary söýgülimiň ýaňajyklarynda yz goýup gitdi. *** Meni söýmän şunça ýakyp-ýandyrýaň, eger söýen bolsaň dagy külüm ýele sowrular giderdi. *** Ýazda geler, güýzde geler öýdüp garaşa- garaşa ömrüñ gyşyna ỳetdim. *** "Henizem gözleriňde ýyldyrym çakýarmy?" diýip ýazypsyň. Hawa, heniz-henizlerem ýyldyrym çakýar, ýöne diňe özümi ýakýar. *** İkimiz boş lifte münenmizde bir ses geldi: İki adamlyk lifte dört bolup münýâňiz. *** Biz jandan söýüşdik. Duýdansyz ýagyşda ezilen saçlaryň gözümde şekil bolup galypdyr. İndi ýagyş ýagdygy şo saçlar ezilýândir öýdüp gorkýan. *** "Aýalaryň şeýle gyzgyn." diýýâdiň. Ýüregimiň howry aýamdan çykýar. *** Aglama, aglama! Ajy ýaşlar gözleriň garasyny solduraýmasyn. *** Oýmak ýaly ýüreklije guş dünýâni aýlanyp çykarmyş. Biz, ýüreklerimiziň ululygy üçin uçup bilen dâldiris. *** Uzyn boýly diýseň, boýuma guwandym, akylly diýseň, aklyma guwandym. Saňa bolsa düỳpden başga zat gerek ekeni. *** Seni söỳỳänim üçin dara çekjek boldylar. Dar agajy gysga geldi. *** Gel diýdiň–geldim, git diýdiň–gitdim, dur diýdiň–durdum. Indi diňe öl diyerňe garaşyp ýörün. *** Hemmeler: "Söýýâniň gowy gyz" diýýâr."Seni söýýârmi?" diýen bolmady. *** "Gözellik bir başga, söýgi bir başga." diýip öwretdiler. Ikisini bir gyzda görüp aklym çaşdy. *** Uzak ýyllardan soñ tötänden duşdy weli,mañlaýynyñ ýygyrdyny, saçlarynyñ çalyny gizläp bilmän kösendi. Ol meni ýigrimi ýaşly durkumda gördi öýdýän. *** Seniň gözleriňe bakan başka dünýâni görmez. *** Bu dünỳäde ỳakanyň üçin o dünỳäde meni jennete, seni dowzaha atarlar. Senden aỳrylmajak bolup, dowzahda bile ỳanaryn.Külümiz bir birleşsin. *** Gelsene! Seni agladan ýalňyzlygyň özüni agladaỳyn. Bir, gelsene! *** Özüňe meniň gözlerim bilen bakyp gör. Şonda meni söýmän bilermikâň?! *** – Men saňa şem bolaýyn. Ereý-ereý yşyk berip, köñlüñe damaýyn. – Menem saňa gije bolaýyn.Yşk duralgasy gijedir. *** Golaý gelme, gözel! Ŷürekden çykýan alow saçlaryňa çabyraýmasyn. *** Sen bagtly ekeniň.Gury ýaprak ýaly lowlap ýandyň tükendiň. Men bolsa, kömür közi ýaly, ömrüm boýy körâp durun. *** Sesi duýýan iň nâzik güle mimoza diýýâler. Aýtjak sözlerimi öňünden duýýan söýgülim mimozadanam nâzik. *** Yşgy ýeňen ýokmuş. Senem ýeňjek bolup kösenme. Köseme! *** Ömrüm bahar küỳsäp geçdi. Munça ỳylda birje bahar gelmedi. Bahar gelse, umydym bar, sen gelersiň. *** Güllerde-de betbagty bar. Güỳz gülleri hazan ỳelleri üçin gülleỳär. *** Sen maňa ganatsyň, kuwwatym sensiň.Uçurmany başardyň, ajap ýere gondurmany hem başararsyň. *** Soňky sargydymy kabul et! "Göz ýaşyna gark bolup ölen barmy?” diỳseler, bar diỳgin. *** Ne söz tapýan aýtmaga, ne göz tapýan bakmaga.Men doňňara daşdan ýasalan yşk heýkeline öwrüldim. *** Uzak ỳyllardan soň duşuşdyk. Hany, o gül ỳüzlerimiz?! Hany, güler gözlerimiz?! Diňe öpülmäni üçin teşne dodaklar öňki. *** Men bagtlymy, sen bagtly-bilebilmeris. Ýöne bagtly görünmekden utanyp, bir-birege görnübilmân ýörenimiz hakdyr. *** Sözlejekle, ýöne âhli sözler ejiz gelýär. Gowusy, "gara-gara gözler bilen gözleşmeşek oýnaşaly." *** Sen gideliň bâri bir ýerde kararym ýok.Gara garalylar gamgyn gözleriň bolup bakýar, narlar seniň utanjaň ýaňaklaryň bolup gyzarýar. *** Saňa aýdybilmeýân sözlerimi guşlaryň jürküldisinden, şemalyň şuwwuldysyndan aňyp bilersiň. Özge bolmasa, gapyňyza bak:ak garyň ýüzüne ganly gözýaşlary seçelendirip, ýüregimdäkini ýazyp gidendirin. *** O-uf, o-ouf! O gözleri görelim bâri, bulanyk suwdaky balyga döndüm. *** Aramyzdaky bu demir gözenek nâme?! Sen tussagmy, men tussag? *** "Meni iň soňky gezek görýâň, tüweleý kimin göterilýân, maňa bir söz aýt!"diýsem,"Men seni iň soňky gezek görýân"diýdi. *** - Näzlim! Akja kepderi bolsaň, üstümden uçup geçeweri. –Ýok, kölegämem saňa galtaşmaz. *** Gollar göwrä saralanda, dodak dodaga ýetende Garajaoglan: "Üç gije daň atmasady" diýipdir.Ýok, alty aýlyk gije gelmese bolmaz. *** Aýdybilmân, aýdybilmän, ahyry, bir söz aýtdym. Aklyň dâl, gözel duýgularyň jogap bersin.Gaýmak, bal aksa-da, seni bagtyýar etjek şo birje sözdür. *** "Söýýâniňi subut et" diýýâň. Ýürejigimi aýaňda oýnap otyrkaň, başga nâme aýdaýyn?! *** Ýürek diýlen nâmeligini seniň sözleriňden añyp başladym. "Ýürek bir deňizdir, dildir onuň kenary". *** Meniň söýgim jokramadan soň, güwläp inen ýagyş ýalydyr. Gaýra çekilme! Gowusy, ýürejigimiň saýasynda myssylda-da duruber. *** “Iň agyr zat näme?” diỳip, akyldardan soradym. ”Garabagt söỳginiň ỳatlamalary” diỳdi. Men bu ỳüküň aşagyndan nädip çykarkam?! *** İkimiz assaja ýörâp ýörüs. Aýak astynda-da, asmanda-da erik gülleri. Dünýâde diňe erik gülleriniň barlygyna, diňe ikimiziň söýüşýânimize şumahal göz ýetirdim. *** Heniz-henizlerem dört barmajygyň bilen agzymy beklâp,"Ýuwaşş" diýip mâhrem pyşyrdap dursyň. *** Ejemiň dogran güni-göwrämiň dogan güni, saňa duşan günüm – yşkymyň dogan güni. *** Gidýämiň? Şeýle bolsa, jesedimi guş-gurtlar çekelâp durmasyn, üstüme gum sürüp git. *** Seni söýelim bâri jaýryk-jaýryk aýna döndüm: ne maňa bakýan bar, ne men ile bakýan. *** Ellerimi biliňde çigip, şeýle bir gujaklasammm, howurly demlerimi ýüzüňe çabradyp, şeýle bir öpsemmm!!! *** Gyzyl-gyzyl közleri asmana sowurỳan wulkan men, ỳogyn-ỳogyn agaçlary kökünden goparỳan tupan men. Söỳgülim bolsa maňa duman diỳỳär. *** Düýpsüz deňizde ỳüze-ỳüze gelip, seniň meleje gözleriňde gark boldum gitdim. *** Allajan meni ýakmak üçin seniň gözleriňi alowdan ýasandyr. *** Ýoluňa köpri bolup düşeleýin. Säginmân bas-da geç, ganym fontan bolup atylsyn. *** Aýralyga akyl çydasa-da duýgularym hem tenim meni gowrup-ỳakyp barýar. *** Tutuş göwrâm ýürekdir, seresapja bolaweri. *** Ýeke-tâgim! Sen gideňde asmanam bile aglaşdy. Şondan bâri her ýagan ýagyş ýaralaryma şerebe bolup siňýâr. *** Meniň ýaly betbagt yokdur: ýer ýüzüniň, dag başynyň gary eredi, akdy gitdi. Emma saçymdaky gar, indi näçe ỳyldyr, şo doňup ỳatyşy. *** Bu deňizler gözleriňe sygýan bolsa, bu daglar göwsüňde orun tapýan bolsa, zerre ýaly, men, biçârâ, ýer tapylmazmy?! *** Sen gözleriňi lezzetli ýumup:"Bir söz aýtsana!" diýýâň. Gyzgyn posalar sözüň nokadydyr, dünýâm! *** Sen gidersiň. Bagtly ýere gitseň ýagşy.Emma dili bilen bal akdyryp, gözi bilen gaýa goparyp ýören ýylmanajyk köçe jalataýyna aw bolarsyň öýdüp demigýân. *** Ikimize bu dünýâ dar bolýar! Aý ýüzünde aýdym aýdyşýp, ýyldyzdan-ýyldyza böküşip ýörsek bolmaýamy?! *** "Gözýaşlarymyň her damjasynda adyň bar" diýdiň. O damjalaryň suwlan çynarynyň her ýapragynda şekliň bolar, armanlym! *** Ŷadyňdamy, üç deregiň arasynda duşuşỳadyk. Arada o derekleri gözỳaş bilen suwardym. *** Meniň hatymy okap durkaň,arkaňdan baryp saçlaryňy sypasam, asmana uçarmykaň öýdýân. *** Ikimiz ýagyş astynda galyp, suwdan çykan ýaly ezildik. Şonda üýalyp, göwsüňe ýelmeşen köýnegiňi galdyrjak bolşuň göz öňümden gidenok. *** Ýyllar geçer, bu derýadan nâçe suwlar akar. Bir gün meniň oglumy görüp: "Edil kakasynyň gözleri-dâ" diýip, gama batsaň gerek. *** Dünýâniň beỳle sowuklygy ikimiziň ýalňyzlygmyzdandyr. *** Ýörsene, ýörsene! Bu dünýâde gorkup- çekinip ýaşap bolmaz.Ýör, tupan-tüweleýlere döş gereli. Yşgymyzdan güýçli barmy, göreli! *** Şeýle garyp men, gaty garyp men: başyma gar ýagýar, garyň garasy ýagýar. *** Ikimiziň çeken hesretimizi ýyldyzlaram çekip bilmez. Arman, soňy puç boldy.Hanha, indi herimiz biriniň kölegesine öwrülip gitdik. *** Ýer Asmany söýýâr, Aý Yyldyzy söýýâr. Sen kimi söýỳäň? *** Wah, saňa aýdybilmeýân sözlerimi bir duýsaňdyň! *** - Söýeniň ýalanmy? O gözýaşlar ýalanmy? -Ölümden özgesi ýalan. -Ýalan! *** Dünýâni sowuk alar diýseler ynanaryn, sebâbi buza dönen ýüzüň kiçijik dünýâmizi doňdurmaga ýeter. *** Leýli bilen Mejnun gelse, Şasenem Garyby, Zöhre Tahyry bilen, menem seň bilen barsam. Ynanaỳ, olar biziň yşgymyza lowlap-lowlap ýanarlar. *** "Seni söýen öldi"diýseler, janyň çykar.Seniň diriligiňi islâp ýaşap ýörün. *** Leýli gyz! Meni ne hallara saldyň?! Nirden gelip, nirâ barýany belli bolmadyk buz üstündäki aýa döndürdiň. *** Ýene güýz ýelleri öwüsdi.Ýene saçlaryňy sypasy gelip ikiýana çarp urdy. Tapmansoň, ýene uwlap-uwlap gitdi. *** –Diňle, şo-ol öňki aýdymlar! –Wah, aýdymlar öňkü-le... *** Gözleriň meni aldanok, emma beýle dymmak bormy?! Hudaý "Söýüşiň" diýip dil berenmiş ahyry. *** Söýgi diýmek--aýak ýalaň köze basmak ekeni. Wah, men seni söýmedik günlerime bir dolanyp barsam?! *** Aýdan-Günden belent ýyldyzda ornuň bar, gözelim! Yere inip, gadryň gaçyryp ýörme! *** Ŷunus Emre: "Gel, gör,meni yşk neýledi?!" diýipdir.Ŷeke-tâgim, yşgyň meni neýlânini görer ýaly bolmady. *** O gün çölde ýaz günüdi.Ene keýik seni görüp saklandy. Gözleriňe gözi düşüp,ýiten owlagydyr öýdüp, zaryn-zaryn mâledi. * * * Süỳem barmajygyň bile gaşlarymy sypap- sypap,burnuma emaýja basyp, "Oýansana..."diýip pyşýrdamaň bardy. Bize nâm boldy,nâm boldy?! *** Soltanym! Aý-Ýyldyza hökmüň ýöreýârkâ, bu gözýaşlar nâme?! *** Kösäber, kösäber. Her gyşyň soňy bahardyr, unutma! *** Ýok, ölsemem aglaman! Ereý-ereỳ topraga siňer giderin. *** Dilim dymyp, gözlerimi sözlederin. Gözlerim saňa erk eder. Emaý bile çeke-çeke seni alnyma getirer. Şonda-da dymyp bakaryn. Ahyry, sen sözlärsiň, bilbil bolup saýrarsýň. Ynanaý, men şeýderin. *** Deňiz-derýalary aşyp, saňa suwsap geldim.Seni şeýle bir göresim geldi. Gördügim - ölesim geldi. Meniň ykbalym neneň bolarka?! *** …Soňra tiz ukladyň. Myssyldyňa guwandym oturdym. Men gije soltanynyň sakçysy boldum. *** Barlygymy görmediň, ỳoklugymy hem bilmersiň. Gözlerimi açyp ölmeli boldum. Sen jesedime bir baş egseň, gözlerim ỳumulardy. *** Damarymda gan bolup aýlanýan sensiň. Rehmiň insin. Beýle tiz aýlanma: uçursaň, gonmany bilmerin. *** Ýer planetasynyň hakyky ady Söýgimiş. Hut Söýgi bolany üçin Adamzat bu toprakda düşlänmiş. *** Adam ata bile How ene söýüşmedik bolsa, bu dünýä näderdikâ?! Eý, meni söýen! Eý, meniň söýenim! *** Menden habaryňyz barmy?! *** Biwepany söýmek has ejirli ekeni. Ýürejigimi sakgyç edip çeýneýär. *** Aýdan, Günden gabanyp gezdigim! Bulutlara garyşyp gidiberipsiň-le? *** Seniň saçlaryň hoşboý ysy burnumy tütedip dur.Onsoň her çybşylda sen gelýânsiň öýdüp bakýan. *** Sen meniň öňki-soňky bagtymsyň. Heniz söýülmâniň sesiňden duýlup dur. Heniz öpülmäni üçin dodajyklaryñ teşne görünýär. Gözleriňde öz şeklimden özgâni görmedim. Gel, o bugdaýreňk maňlaýyňy, ýaňaklaryňy mâhrim bilen möhürläýin! *** Janam berme, sözem berme! Maňa umyt ber, umy-yt! *** "Söýýäň" diýip günäleme. Gül-gül açylyp,ganat baglap uçasyň gelmeýämi?! *** – Bulutlaram seni görse, ýagman geçip bilmez, mâhribanym! – Buluda täsiri ýetjek ertekidâki gyzy uzagrakdan gözle. Men ýigrimi birinji asyrda ýaşaýan. –Wah, beý diýmâweri! Alla size gudrat baryny bagyşlapdyr. Ol-a bulutmyş, emr etseň,daglar emedeklâp gelip, aýagyňa ýykylar. *** Saňa garaşyp, gijâm gündize döndi. Aýaz pyşyrdap, şemal şuwwuldap bir zatlar diýdi. Men, biçâre, ömürlik ýalňyzlygyň ilkinji gijesini geçirenimi soň-soň bilip galdym. *** Meňki ýaly söýgâ indi duşmarsyň. Beýle söỳgi üçin meňkiçe ýürek gerek, ỳüre-ek! *** Şo-ol ýalňyz tut henizem dur, şol aryjak henizem akýar, bileje oturan çal daşymyz henizem güberip ýatyr. Meniň saçlarymy bolsa diňe şemal oýnaýar. *** Gury çeşme başynda uzak-uzak agladyň.Arada çeşme göz açdy. Ol akýan gözýaşyňmy, ýa dury suwmy? *** Şalara, soltanlara egmedik başymy sen egdiň, belent köňlümi sen ýykdyň. Indi nätjek?! *** Ýüregimden syzyp çykỳan ỳaşlar gözlerimde bugarỳar. Senem agla. Men gözỳaşlaryňa garyşyp kalbyňdan çykar giderin. *** Asmanda gaỳyp ỳören bürgütkäm ganatlarymy sen gyrdyň, zalym! *** Seniň enaýyja ýaňajyklaryň gülsemmi- gülmesemmi diýýâr. Birgeňsi dodajyklaryň öpsemmi-öpmesemmi diýýâr. Meni şo durkuň aşyk edýâr. *** Ýaňyja dogan Güne gabak aňyrsyndan bakýaň. Men bolsa, Gün ýaly maňlaýyňa göz sürtesim gelýâr. *** Sen bir bakaňda, bileje geçiren üç ýylymyz ýada düşdi. *** Beren güllerimi dâli derýa taşladýň.O güllerden has eziz, has mâhrem köňül beripdim, ony nirâ taşladyň, zalym?! *** Sen-duruja güýz suwy. Men-o suwda akyp barýan sary ýaprak. *** Günâni özüňden gözleseň, günâkâri tiz taparsyň. Gel, günâni özümizden gözlâp göreli. *** Men hiçkime aşyk bolubilmän geçer gidermikâm?! Ýa mende, ýa gözellerde bir gep bar. Hi beýle-de betbagtlyk bolarmy?! *** Seniň yşkýňdan ölâýsem, sargydym: meni demire gaplap jaýlaň. Bolmasa, o biýz kepeni ýyrtyp-süýrâp, gapyňa geler duraryn. *** İkimiz deňiz kenarynda kofe içýârdik. "Seniň saçlaryň kofedenem gara" diýip ýylgyrdym.Sen bolsa dymdyň. Şonda: "Biziň ykbalymyz has gara"diýen bolsaň, ýerine düşjek ekeni. *** Yşgym egsilmese, ýanardag ýaly partlar duraryn. *** Rahatlan, jana-janym! Durmuşyň tükenmez gowgasyna janyňy ýakma! Gel, o ýigitlik-gyzlyk günlerimizi ýatlaşaly! *** Ejem, biçäre, gelejekki gelnim geýer diýip, gülli jorap ördi. Gonjuna-da seniň adyňy ýazypdyr. İndi men ejeme nâme jogap bererin?! *** Gel, gel, sözleşeli! “Haýsy dilde sözleseň-de, yşkdan sözleseň düşünerin.” *** Jesedim güle öwrülip, mazarymda gögerse, o gülleri bir suwlawergin. Meni ikinji gezek öldürme! *** Bu söýgüden maňa ýeten--hesretli ýatlamalar boldy. *** Sen geleňde köşk-saraýdym. Haraba döndüm, saraýdym. *** Gül satýanam, aşygam: ”Gülümi alýan ýok” diýip nalady. *** Indi gelme! Seni gözleý-gözleý, ýüregimi bölek-bölek böldüm. Bir bölekdenem seni tapmadym.Indi gelme! *** - Näçe ýaşansyñ? - Näçe gözel gören bolsam, şonça. *** Men bir eýjejik gözel görsem: ”Wah, Allajan, meni näme üçin BU GÖZELE taý etmedikä?” diýýän. *** Wah, o solan gülleriñ yslary gamgyn. *** Malym, döwletim elden gidýär diýýäň. Seňki ýagşy-la. Meniň yşgym elden gidýâr, yşgy-ym!!! *** - Hany, gelmejekdiň-le?! Dünýâni terk edip gitjekdiň-le?! - Wah, men gelmedim, jesedimi getirdim. *** Dogrymy aỳtsam, “Mejnun bilen bir synpda yşk sapagyny okaşdym.” Ol dörtlük alardy, meňki bäşlikdi. *** Tanasalar bir nyşandan, Tanarlar meni yşgymdan. *** Ölümim bir ýürege, bir yşga jan bermese, ölüp oturasy iş ýok. *** Ýadyňdamy!? Ak garly basgançaklardan aỳakỳalaň ylgap-ylgap düşüpdiň. Basanyňa begenip, sowuk garlar eräpdi. Ÿadyňdamy?! *** Söỳdügine zar bolanyň, ölende gabry dar bolar. *** Soňky sözüm şeỳle bolar: ”Allajan! Söỳgülime dowzahda duşursaňam razydyryn. Bir ỳanan iki ỳanmaz.” *** Wah, gül ömrüm köỳdi! Niredekä? Niçikkä? Ŷatlaỳarmyka? Her säherde üç soraga jogap gözläp ömrüm köỳdi. *** Ýagmyr bolup gel! Ýagmyr bolup gel! diýdiň. Men diňe Ýagmyr däl, ORAZ ÝAGMYR bolup geldim. *** AŞYK OKYJYM! Aşyklaryň bu mukamy tükenmez. Ony özüň dowam edeweri! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |