23:50 Diñe Gaýgysyz Atabaý / soñy | |
• Gaýgysyz we Stalin Bi iki şahsyñ gatnaşygy, iş-wezipe baglanyşyklary hakda ýörite barlaglara mätäçlik duýulýar. Eger şu ugur içgin öwrenilse (elbetde, gizlin saklanýan arhiw materiallaryny açmak ilkinji şert) örän gyzykly wakalaryñ, faktlaryñ ýüze çykjakdygy gümansyz. Olar hakda aýdylýan anekdotlarda-da hakykat dänejikleri bar bolmagy mümkin. Bir gezek Stalin Gaýgysyza jañ edipdir: ―Maşgala ýagdaýyñ düzelmeýär diýip maglumat gelýär-le? ―Ýoldaş Stalin, kämahal maşgalany dolandyrmak döwleti dolandyrmakdan kyn düşýär. ―Señki dogry. ―Stalin az-kem dymyp trubkany goýupdyr. Ýene bir gezek Gaýgysyz jan ynanýany bilen çöle çykanda, ýanyndaky adam bir alýumin şelpäni göge zyñyp, ”Ur” diýipdir. Gaýgysyz şobada sapançasyny çykaryp, şelpäni atyp deşipdir. Ýanyndaky “Berekella” diýipdir. ―Ýumşajyk alýumin deşileni üçin berekella aýdylmaz. Polatdan gurşun geçirip bolaýsa-diýip, Gaýgysyz ýylgyrypdyr. Onuñ bu söz oýnuna ýanyndaky şobada düşünipdir. Olar Staline polat diýýär ekenler. Staliniñ Gaýgysyzy gaty gowy tanaýanlygy jedelsiz. Öz gol astynda işleýänliginden başga-da, OGPU diýdi, NKBD diýdi-köp gulakly, köp gözli edaralaryñ gizlin yzarlamalarynyñ, gizlin diñlemeleriniñ netijesinde wagtly-wagtynda ýazylyp berilýän maglumatlarda-da Gaýgysyzyñ ady köp tutulýanlygyna şübhe ýok. Özüniñ yzarlanýanlygy Gaýgysyz üçin täzelik däl. Ol patyşa zamanynda-da, sowet döwründe-de irginsiz yzarlanýar. Gaýgysyzyñ gönümelligi, gaýduwsyz batyrlygy, açyklygy, üstesine-de her bir mesele babatda özüçe oýlanýanlygy ýamanlaýjylar, şugulçylar üçin elinje iýmit bolýardy. Birinjiden, türkmen dilini Türkmenistanyñ döwlet dili, iş dolanyşyk dili etmek hakda Gaýgysyzyñ respublika gurany bäri açyk hereket edip gelýänligi hiç kim üçin syr däl. Milli däp-dessurlar, milli egin-eşikler millet bolup osüp ýetişmek üçin zerur. Emma özgelere garyşyp-gatyşyp, ýitip gitmezlik üçin, ozaly bilen we ahyrda dil hem-de din has zerurdygyna Gaýgysyz örän pugta ynanýardy. Özem bu zerurlyk türkmenler ýaly söweşlerde, göçe-göçlüklerde, açlyklarda we gyrgynçylykly hassalyklarda tükeniberen halklar üçin on esse möhüm zerurlykdy. Ýüregi halk bilen deñine urýan Gaýgysyz muny kalby bilen duýýardy. Ýöne, nätsin, Sowet döwleti Türkmenistandan gaty güýçlüdi we penjesi örän kuwwatlydy. Kiçijik Türkmenistan Sowet döwleti üçin serçe gysymlança-da ýokdy. Şoña görä amatly zamana garaşmakdan we o günlere çenli özüñi ýitirmän saklamakdan başga çäre ýokdy. Özüñi ýitirmezligiñ ilkinji şerti bolsa Dil, Dil, Dildi. 1937-nji ýylyñ basha-baslygynda ozüniñ bu gün ýa ertir ýok ediljegini duýýan Gaýgysyzyñ milli dil hakda: ”Häzirki wagtda iş dolanyşygyny türkmen diline geçirmek biziñ üçin gaýragoýulmasyz meseleleriñ biridir. Bu meseläniñ birnäçe ýyl mundan ozal hem bolandygy üçin, bu günku gün ony aýratyn ýiti götermek gerek.” diýmesi onuñ damarynda tüýs halk gany aýlanýandygynyñ alamatydyr. Gaýgysyz Kuran meselesinde-de örän çeýe hereket edýär. Wezipäniñ hatyrasyna, perde üçin Kurany ýamanlan bolsa-da, ol Kurany türkmençä terjime etmek zerurlygyny orta atýar. Ilki Kurany okap, mazmuny bilen tanşyp, soñ netijä gelmegi ündeýär. Aslyñda, topragyñda, ganyñda, ruhuñda sähelçe ýalan, sähelçe wepasyzlyk bar bolsa, o ýowuz döwürde beýle sözlemek mümkin däl. Şu taýda ýene bir zat aýdasym gelýär. Türkiýe respublikasyny gurujy Mustapa Kemal Atatürk respublikanyñ 10 ýyllyk toýunda, ýagny 1933-nji ýylda eden dokladynda meşhur bir sözi bar. Ony SSSR-iñ döwlet delegasiyasynyñ başlygy K.Woroşilow hem diñläp otyr. Ynha, o söz: ”Bu gün Sowet Soýuzy dostumyz, goñşymyz, hyzmatdaşymyz. Bu dostluk zerur. Ýöne ertir näme boljagyny bu gün hiç kim aýdyp bilmez. Olam edil Osmanly kimin, edil Awstro-Wengriýa kimin bölünip biler. Bu gün elinde pugta tutan milletleri owuçlaryndan gaçyp bilerler. Dünýä täze bir mynasybete geçip biler. Şonda Türkiýe näme etjegini bilmelidir... Biziñ bu dostumyzyñ golastynda dili bir, ynanjy bir, asly bir doganlarymyz bar. Olara howandar çykmaga taýýar bolmalydyrys...” 1933-nji ýylda aýdylan bu öñden görüjilikli sözler, her neneñ ýapyk gapyly döwlet bolsa-da, SSSR-iñ düzümindäki türki halklaryñ gulagyna kem-käs ýeten bolmagy mümkin. Kim o sözler bilen tanşan bolsa, umyt ojagyny öçürmändigi belli. Belki, o sözleri Gaýgysyz hem eşidendir. Ýöne Atatürküñ o sözüni, gylyny gymyldatman Staline ýetirendiklerine ynansa bolar. Şondan soñra Staliniñ türki halklara has hem gazaply bakyşyny synlasa bolýar. Gaýgysyz, ikinjiden, kolhozlar meselesinde-de özboluşly hereket edesi gelýär. Ol açyk garşylyk görkezip bilmese-de, ýerli ýagdaýy göz öñünde tutmagy, Türkmenistan şertlerinde kolhoz gurluşynyñ depginini haýallatmagy isleýär. Ol kolhoza zor bilen salynmagyna garşydy. Şoña görä kolhoz meselesinde halkyñ pikirine görä hereket etmegi öñe sürýär. Gyssagly gurlan kolhozlaryñ neneñsi kyn güne düşüşini, munuñ bolsa syýasatda agyr netijeler berýändigini mysal aýdýar. Şo döwür salgyt düzgüni boýunça baýyñ ähli gazanany salgyda gidýän ekeni. Onsoñ baýyñ önüm öndürmejegi belli. Şeýle ýagdaýda Gaýgysyz baýlara salynýan salgydy azaltmak hakda teklip aýdýar. Gaýgysyz senagatyň, uly-kiçiligine bakman, başdan-aýak millileşdirilmegine garşy ekeni. Ol ownuk hünärmentçilige azar bermän, gaýta olary goldamagyñ tarapynda. Gizlin gulluklar Gaýgysyzyñ bu özbaşdak pikirlenişini Staline ýetirendirler ahyry. Üçünjiden, basmaçylyk döräni bäri Gaýgysyzyñ bu meselede öz pozisiýasy bar. Ol ykdysady kynçylyklar, syýasatdaky ýalñyşlyklar, gizlin gulluklaryñ we harbylaryñ ýerliksiz güýç ulanmalary sebäpli basmaçylyk döreýär diýýär. Oña ýöne ýere “basmaçylaryñ aklawçysy" diýilmeýän ekeni. Orta Aziýa derejesindäki han bolan Jüneýit han bilen Gaýgysyzyñ gizlin, açyk gatnaşyklary, Gaýgysyzyñ Jüneýit han meselesinde ýöreden syýasatynyñ añyrsynda neneñsi syr, maksat ýatyr, Jüneýit hanyñ Eýrana, o taýdanam göni Owganystana geçip gitmeginde Gaýgysyzyñ täsiri neneñ? Şu çaka çenli Jüneýit han hakda ýazan ýazyjylaryñ, alymlaryñ işlerinden kanagat tapmaýanymy aýtsam-da, özümem hiç hili täzelik aýdyp bilmeýarin. Gaýgysyz bilen Jüneýit hanyñ gizlin duşuşyklaryna gatnaşan Baýramalyly Ata agamyz bilen giç tanyşamsoñ, onuñ garrylyk derdi sebäpli üzlem-saplam ýatda galan wakalaryny aýtmagy hem meseläni doly aýdyñlaşdyrmaýar. Hatda Jüneýit hanyñ Türkmenistandan iñ soñky çykyp giden wagty hem takyk däl. Akademik G.Nepesow 1928-nji ýylyñ iýunynda Jüneýit han Eýrana geçdi diýse (Agzalan kitap 320-nji sah.), alym G.Gadelşin hanyñ Eýrana geçen wagtynyñ gijräkdigini tassyklaýar. Ata aga-da soñky pikiriñ tarapynda. Jüneýit hanyñ öñki-soñky durmuşyny, özüni alyp barşyny we niýetlerini Gaýgysyz örän içgin öwrenendir diýip çak edýärin. Gaýgysyz Jüneýde ýazan hatlarynyñ birinde: “Emma hiç mahal öz halkyñyzyñ duşmany bolmadyñyz” diýse-de, bu taktika üçin aýdylana meñzeýär. Jüneýit han özge basybalyjylaryñ Daşoguz türkmenleriniñ üstüne dökülmegini kesen hem bolsa, onuñ özüniñ häkimlik, liderlik üçin öz türkmenlerine beren ezýeti az däl. Onuñ elinden gyrlan, talanan hem ýeterlik. Muny Gaýgysyzyñ bilmezligi mümkin däl. Esasysy bolsa, Jüneýit hanyñ respublika döredilenden soñ hem häkimligini-hökmirowanlygyny elden beresi gelmeýändigi belli bolýar. Dürli haýyşlar edýär, dürli teklip aýdýar. Muny Gaýgysyz seresaply bitirýär. Ol Jüneýdiñ Türkmenistana garşy açyk we güýçli baş götermegine ýol bermezlik üçin dyzaýar. Şony hem örän gowy başardy. Gyzyl Goşunyñ Jüneýit hanyñ garşysyna söweş bilen çykmasyna Gaýgysyzyñ razylyk bermändiginiñ bir sebäbi hem şudur. Ýene bir sebäbi-söweş bolsa ýene ýönekeý halk gyrylýar. Onsoñam Gaýgysyz basmaçy meselesini, gizlin gulluklaryñ, ýa Gyzyl Goşun ýolbaşçylarynyñ isleýşi ýaly, çişiresi gelenok. Näme üçin? Gaýgysyz Staliniñ we Orta Aziýa okrugynyñ gözi ganly polkownikleriniñ tutuş türkmen halkyny basmaçy hökmünde görýändiklerini, şoña görä-de basmaçy bahanasy bilen halkyñ köp bölegini gyrmak niýetiniñ barlygygny hiç-hiç unutmaýar. Gaýgysyz Jüneýit hanyñ daşary ýurda gitmegini isleýär. Bir gizlin duşuşykda Jüneýit han Gaýgysyzyñam Owganystana bile gitmegini isleýär. Owganystanda güýç toplap hökümet gurup Türkmenistany bolşewiklerden azat etmegi teklip edýär. Şonda Gaýgysyz eglenmän: ”Ýok, han hezretleri. Men şu mahal şu taýda gerek” diýip jogap berýär. Gaýgysyz Jüneýit han tä Eýrana geçýänçä oña kömek berendiginiñ ýene bir sebäbi-gelejekki ýyllarda bir uly üýtgeşmeler bolup, Turkmenistan özbaşdak bolaýsa, Jüneýit hanyñ güýjünden peýdalanmak umydy bolandyr. Owganystana gaty köp giden türkmenlere Jüneýdiñ az-kem adamkärçilikli bakmagyny isläp, şeýden bolmagy hem mümkin. Jüneýit-Gaýgysyz meselesi örän gyzykly bolsa-da, olar hakda eşiden zatlarym gaty köp bolsa-da bu kitapda şulary aýdyp kanagatlanasym gelýâr. Stalin Gaýgysyzyñ Jüneýdi şeýle goldaýşyny örän gowy bilendir ahyry. Gaýgysyzyñ bu pikirleri ähli türkmeni basmaçy, wagşy galtaman hasaplan Staliniñ gaharyny getirendir ahyry. Dördünjiden, bu heniz anyk maglumatlar, dokumentler, ýatlamalar bilen tassyklananok, Gaýgysyz ýedi respublikanyñ - Ukrainanyñ, Belorussiýanyñ, Gruziýanyñ, Ermenistanyñ, Azerbaýjanyñ, Özbegistanyñ we Türkmenistanyñ SSSR-iñ sostawyndan birbada çykmagy hakda gizlin gepleşik başlanmagyny gurap başlapdyr. Emma Kawkaz respublikalarynyñ biriniñ ýolbaşçysy bu ýagdaýy derrew Staline ýamanlapdyr. Gaýgysyz hem muny şobada duýup, özleriniñ Staline şugullanandygyny we şo sebäpli başga bir amatly wagtda maslahat geçirmelidigini habar beripdir. Şeýle maglumaty maña togsan ýedi ýaşly Baýramalyly ýaşuly Ata Gurbangeldi ogly aýdyp berdi. Muña ynanjagymy-ynanmajagymy bilmedim. Garrylyk sebäpli ýalñyş pikir ýoretme netijesinde dörän pikirdir öýtdüm. Ata aganyñ Gaýgysyza hormatynyñ-yhlasynyñ uçursyz uludygy üçin ynsan fantaziýasynyñ önümidir öýdüp gümanam etdim. Hakykatda şeýle synanyşyk bolup biljek zat diýibem oýlandym. Ýöne maglumat welin üns bereniñe degýär. Bäşinjiden, merkeziñ güýçli goldawy bilen Gaýgysyza garşy gözüni ýumup, düýrmegi bilen topulup bilýänler köp ýetişdi. H.Sähetmyrat respublikadan gidenem bolsa, Çary Wellek, Oraz Tâçnazar, Gurban Sähedow ýaly örän söweşjeñler, şeýle hem göwnibir, örän parhsyz adamlar orta çykdy. Gaýgysyzyñ güýçli garşylygy, dürli ýollar ulanmasy hem indi ýeterli bolmady. Bulanyk siliñ gelşi örän batlydy we bäri-bärde togtarly däldi. 1935-nji ýylda TSSR MIK-iñ we HKS-niñ partiýa guramasyny arassalamak boýunça komissiýanyñ başlygy Gusewiñ Gaýgysyz hakda aýdan sözüne aýratyn üns beriñ: “Ýoldaşlar, işdäki uly kemçilik sizde aşakdaky ýaly faktlaryñ barlygyndan ybaratdyr. Mysal üçin, örän uly işgärleriñ biri- H.K.S-niñ başlygy ençeme ýylyñ dowamynda kontrrewolýusiýa lagerinde bolup we arassalaýyşa gelen badyna-bagyşlañ, ötünç soraýaryn, janymy bermäge taýýar diýýär, emma aýdýaryn, 1921-nji ýyldan bäri partiýanyñ garşysyna göreşdim diýdi.” (“Türkmen arhiwi” žurnalynyñ 1993 ýyldaky 1-nji sanynda G.Gadelşiniñ makalasyndan alyndy.) Şeýle ýagdaýda, merkezden iberilýän “öz adamlaryny” hasap etmänimizde, käbir turkmen ýolbaşçylary Gaýgysyzyñ ýoldan aýrylmagy hakda mesele goýandyklary belli zat. Muny ýokardan örän dykgatly synlap, gazaply murtunyñ arasyndan gara tüsse burugsadyp oturan Staline bir gezek däl, birnäçe gezek ýetirendirler ahyry. Altynjydan, ”Türkmen azatlygy” gizlin guramasynyñ ýlbaşçysy hökmünde aýyplanan Gaýgysyz bu guramany öñräk gurandyr diýen pikirimiz bar. Soñra bu gurama stalinçiler tarapyndan günä ýöñkeme üçin bahana hökmünde görlen hem bolsa, hakykatda bu gurama hereket edendir diýen ynamymyz bar. Öz wagtynda akademik A.Roslyakow, alym G.Gadelşin bilen özara söhbetinde bu guramanyñ hereket edenligine şübhesiz ynanýandygyny aýdipdyr. Bu pikiri şo ýyllaryñ arhiw dokumentlerini içgin dörüşdiren G.Gadelşiniñ özi hem goldaýar. Ynha, ýokarky ýaly, ýa şoña meñzeş maglumatlar, sebäpler elinje durka Stalin Gaýgysyzyñ on üç ýyllap Türkmenistanyñ hökümet başlygy bolmagyna näme üçin rugsat berdikä? Gaýta 1935-nji ýylda Stalin Gaýgysyza Lenin ordenini berdi. Diktatoryñ bu üns bermesini Gaýgysyz ýagsylyga ýorjagyny-da, ýamanlyga ýorjagyny-da bilmedi. Haýsy sebäpler Staliniñ Gaýgysyz meselesinde şeýle sabyrly bolmagyna ýol açdy-ka? Ýa bi Gaýgysyzyñ uçursyz ugurtapyjylygynyñ netijesimi? Ýa bi ýönekeýje tötänlikmi? Ýa Gaýgysyz Staliniñ gowşak ýerinden pugta tutdumyka? Seýitmyrat Öwezbaýyñ baryp 1926-njy ýylda:” Stalin Gaýgysyzyñ gabryny gazyp başlady” diýmesine neneñsi bakarsyñyz? Bu meselede sorag näçe köp bolsa-da, birje anyk jogap ýok. * * * • Gaýgysyzyñ iş usuly hakda "Sypaýylyk―akyllylygyñ alamaty.” Gaýgysyz “Kyrk ýyl dost bolsañam, bir ýyl işleşip gör” diýlişi ýaly, her adam özüni işde tanadýar. Bu gaty köne aksioma kämahallar ýadymyzdan çykýar-da işe bakman, dili bilen siñegini gorap oturana ynanýarys. Gaýgysyz işde köp gepli däl, ýerlikli sözlemäni başarýan adam. Öwünmäni ýigrenýär, özüni öwdürmäni iki esse ýigrenýär. ”Sypaýylyk―akyllylygyñ alamaty” diýen jümle Gaýgysyzyñ köp gaýtalaýan sözi ekeni. Özi hem bu kadany berk saklaýan ekeni, özgeleriñem bu kadadan çykmasyna gaýtawul berýär. Elbetde, bu zatlaryñ hemmesi döwre görä, döwrüñ ölçeglerine görä ekeni. Respublikanyñ yolbaşçylarynyñ adyny göterýän kolhozlaryñ, sowhozlaryñ barlygy o zamanlar geñ zat däl. Emma özüñe heýkel dikdirmek, özüñi magtatmak 1930-njy ýyllara çenli geçirimsiz ýagdaý hasaplanypdyr. Gaýgysyzyñ dogan okaşanlarynyñ biri, Baýramalynyñ Aýtakow adyndaky sowhozynyñ direktory bolup işlân Annamuhammet Janmyrat bilen Gaýgysyz köp duşuşýar, iç döküşýär. Annamuhammet Janmyrat bilen bolsa öñ adyny agzan ýaşulumyz Ata Gurbangeldi ogly aýrylmaz dost ekeni. Şeýdip, bularyñ üçüsi hem ýakyn dost bolupdyrlar, soñra Ata Gurbangeldi Gaýgysyzyñ kabulhanasyna arza-şikaýat bilen gelenleri wagtal-wagtal kabul edýär. Gaýgysyzyñ gizlin tabşyryklaryny ýerine ýetirýär. Özge wagt bolsa Baýramalydaky kolkozlaryñ birinde arçynlyk edipdir. Ynha, şu iki adam Gaýgysyzyñ kabinetdäki, resmilikdäki ýagdaýyndan başga ýagdaýyny hem köp görüpdirler. O hakda maña Ata aga irmän-arman gürrüñ berdi. 97 ýaşlylygyna garaman, örän daýanykly ýaşulynyñ söhbetleri meniñ üçin her bir hazynadan gymmatly göründi. Kähalatda şübhä-de batdym. Olardan başga-da Gaýgysyz bilen işleşen, onuñ bilen duşuşan, ony daşyndan synlan adamlary köp gördüm, köp diñledim. Olaryñ ählisi Gaýgysyzyñ adamkärçilik medeniýetiniñ örän tebigydygyny we örän ýokarydygyny aýdýarlar. Gaýgysyzy gören badyña oña hormat goýasyñ gelýändigini, onuñ hereketlerinden artyk ýa kem zat tapjak gümanyñ ýoklugyny nygtaýarlar. Emma bitmeli işi bitirmeseñ, Gaýgysyzyñ gazabyndan Hudaý saklasyn, sözüñ doly manysynda patrlaýan ekeni. Aýratynam ýigrimi sekizinji, otuzynjy ýyllardan soñ onda şeýle häsiýet ýüze çykyp başlapdyr. Bu düşnükli zat. O ejirler, o degnasyna degmeler, o şowsyzlyklar, o ýalñýzlyklar yzsyz-sorsuz geçermi?! Nerwleriñ ýan berip başlanlygy mese-mälim duýlupdyr. Muny Gaýgysyzyñ özi hem duýýan ekeni. Şobada, ikiçäklikde bolsun, köpçülik arasynda bolsun, hiç bir eglençsiz ýagdaýda ötünç soraýan ekeni. Şeýle mysallar gaty köp. Bir gezek Türkmengalada bir ýygnakda Gaýgysyz il içinde özi hakda boş gep ýaýradylýanyna gahary gelip: ”Iki ýüz elli atly bilen Eýrana gaçypdyr diýilýan Atabaýew men. Şeýle gep eşideniñizde gaýtawul bermän, siziñ, näme, gulagyñyz gapyldymy, gözüñiz körmi?” diýipdir. Raýon ýolbaşçylaryndan Baýramgylyç diýen biri şobada turupdyr-da: “Ýoldaş Gaýgysyz, siziñ göze, gulaga ýetip oturmagyñyz gelşiksiz. Üstesine-de bu ýerlere seýrek gelýäñiz, tiz gidýäñiz” diýipdir. Bu ahwaly içgin synlaýan halaýyk dymyp, Gaýgysyzyñ näme diýerine garaşypdyr. Gaýgysyz uzak garaşdyrmandyr: ”Men ýañky zagaralyrak sözleri janym ýanyp aýtdym. Göwnüñize degen bolsam, meni bagyşlañ. Bagyşlamagyñyzy towakga edýärin.” diýýär weli ähli halaýyk: ”Ýaşasyn, Gaýgysyz” diýip el çarpýar. (M.D.Annagurdowdan) Bu sözüñ arkasynda “Ýaşasyn, Adalat! Ýaşasyn tankyt!” diýen many hem barlygyna şübhe ýokdur. Gaýgysyz özi tankytlanany üçin ýüregini çişirip, tankytçyny yzarlap ýören göhertlerden däl. Özüni ilden beýik, ilden üýtgeşik tutjak bolubam azara galyp ýörmez eken. Garaz, onda ýokary wezipe bilen bagly hiç hili hassalyk ýok ekeni. Gaýgysyz mydama özüni gamçylamagy, özüni elden bermezligi, özüni kontrolda saklamagy unutmandyr. Eger bir sebäpden bu kada bozulaýsa-da ol derrew özüniñ ýalñyşyny düzetmekden gorkmandyr. Ýolbaşçy neneñ bolsa, aşaky ýolbaşçylaram şoña kybap boljak bolýandygyny, baş yolbaşçyny, ozaly bilen, aşaky ýolbaşçylaryñ tanaýandygyny, synlaýandygyny, belli bir halatlarda gaýtalaýandygyny Gaýgysyz unutmaýardy. Şoña görä özi iñ gowy görelde görkezýärdi. Onuñ ýagşy göreldesine eýerip, tas ähli ýolbaşçylar ikilik etmän işledi. Şeýle bolansoñ aşaky ýolbaşçynyñ durnukly işlemegine ýokarky ýolbaşçynyñ durnuklylygynyñ gaty köp täsir edýändigi düşnükli bolýar. Işde dogruçyllyk, ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly suratlandyrmak Gaýgysyzyñ söýýän zady. Özüni iş başarjañ görkezjek bolup gözboýagçylyga, ýa artdyryp ýazma hiç-hiç ýol berjek adam däl ekeni. Gaýgysyz özüni alyp barşy, durmuşa bakyşy bilen töwerekdäkilere oñyn täsir edýär, ähli zadyñ öz gymmatyny, öz gadryny saklaýar. Adamlara umyt bermekde, ýaşaýşa mukaddes bakmakda, ýagny durmuşyñ hümmetini saklamakda Gaýgysyz bütin halka parlak ýyldyz ýaly görünýän ekeni. ”Gaýgysyz bardyrla. Gaýgysyz arkamyzda durar.” diýen düşüñje her bir päk göwünli adamyñ goldawçysy. Emma Gaýgysyz şöhratparazlyga düýbünden ýol bermändir. Özüni meşhur görkezjek bolup, bu gün peýdaly bolsa-da ertir halka zyýan berjek populistik işler etmändir. ”Arpa tapmaz atyna nöker tutar götüne” diýlenini hem hiç-hiç unutmandyr. Ol halk paýhasyndan susup-susup alan, örän inçe üşükli adam bolupdyr. Ol kabinet söýýän ýolbaşçylara meñzemeýär, onuñ her ýylda komandirowkada bolan wagty kabinetde oturýan wagtyndan köp bolupdyr. Baran ýerinde hiç bir işgäri, hiç bir adamy ýanyna alman, köplenç, özi aýlanýan ekeni. Paýtunly, ýa ýeñil maşynly Gaýgysyzyñ ýeke aýlanyp ýörenini görenler gaty köp. Ol kabinetde işlände-de her gije-gündizde 13-15 sagatlap işleýär. Oña ýüz tutanlaryñ närazy bolup gaýdany örän azdyr. Üstesine-de: ”Hany, göreli, ertir gel, pylanynyñ ýanyna bar.” ýaly býurokratlaryñ sözlerini ulanmandyr. Türkmenler: ”Gaýgysyzyñ ýanyna barsañ, meseläni çöp döwen ýaly edäýýär” diýýäni şonuñ üçindir. Gaýgysyz ir bilen işe gidende-de, ýa raýonlaryñ birine baranda-da onuñ töweregine adam bary üýşýär. Arz-şikaýaty bolmasa-da: ”Ýagşy adam bilen elleşip galaly” diýýän ekenler. Onuñ içki niýetleri hem oñat bolany üçin, ol duşan adamsyna köp-köp bioenergiýa-kuwwat berýärdi. Başgaça aýtsak, onuñ bilen duşuşan adam o duşuşmakdan ýadamaýardy, irmeýärdi we soñra özüni şähdaçyk duýýardy. Gaýgysyzyñ bu artykmaçlygy hakda köpler duýmazdan haýran galýardylar. Gaýgysyzyñ özi hem adamlar bilen mährem elleşmäni gowy görýär. Baýry ýazyjy Ata Durdyýew ýatlaýar:” O döwür oglanlykdan saýlanmandyk. Obamyza Gaýgysyz geldi, ähli adam bilen elleşdi. Biz ýaly oglanlara-da elini uzadaýdy. Şonda gaty geñ galdyk.” Gaýgysyz işde, durmuşda iki standart ulanmady. Öz sözüne özi jogap berýän ýolbaşçydy. Günäni özgä ýüklejek bolup dyzaýanlardan däldi. Her mahal ynsan mertligini saklaýar. Gönümelligi hem oña berlen ömürlik sowgatdy. Ýigrimi birinli asyryñ derejesinden, ýagny ähli zatlaryñ çylşyrymlaşyp, bir-birege gatyşyp-garylyp, ynsan gymmatlyklarynyñ düýpden üýtgän derejesinden baksañyz, Gaýgysyzyñ o döwürki gönümelligi gaty geñ görnüp biler. Mysal üçin bir kiçiräk ýygnakda Türkmenistan Kompartiýasynyñ Merkezi Komitetiniñ sekretary Çary Wellek Gaýgysyza: ”Hökümet bolup pylan meseläni çözüp bilmeýäñiz” diýip igenipdir. Şonda Gaýgysyz: ”Çary! Oglanlyk etme. Biziñ hökümedimiziñ diñe ady hökümet. Ors guýrugymyzdan mäkäm tutup, nirä burasy gelse buýrup dur ahyry” diýip gaty gönümel jogap beripdir. Baý adamlar assyrynlykda Gaýgysyz bilen duşuşyp: ”Biz näme etsekkäk?” diýip soraýan ekenler. Olam sorana: ”Sowet hökümediniñ niýeti-baýy ýok etmek. Kyýamatda meniñ ýakamdan tutjak bolmañ. Eýran, Owgan tarapa gaçyñ, başyñyzy gutaryñ.” diýýär. Umuman, Gaýgysyz tebigaty boýunça ylalaşdyryjy, agzybirleşdiriji ynsan. Bir-birege küşgüriji, aýryjy häsiýetli däl. Gaýgysyz birleşdiriji merkez roluny hiç mahal taşlamady. Stalinizmiñ zalym urgularyndan jemgyýeti halas etmäge dürli ýollar ulandy. Uly topar adamlara Eýrana, Owganystana gitmegi, şo taýda jemlenişip, amatly pursata garaşmagy maslahat berende-de türkmen jemgyýeti hakda oýlanýardy. Ol özüniñ deñsiz-taýsyz guramaçylyk talantyny töwerekdäkilere-de geçirýän ekeni.”Men ölemsoñ dünýäni suw alsyn” diýýänlerden däl. Ýol üzülmesin, kesilmesin, syýasat diyen bolup, täze jemgyýet diýen bolup, gadymdan gelýän ýol-ýoda üýtgäýmesin diýip tabşyrýan ekeni. ”Täze zat oýlap tapmagyñ geregi ýok. Magtymguly ýaly dine ynansak, Watany, ilimizi şoñ ýaly söýsek adam bolarys” diýýär. Gaýgysyz özi arenadan gidäýende-de, belent başly, arslan ýürekli adamlaryñ umumy işi dowam etdirmelerini isläp, şoña kybap Adam-kadr ýetişdirmäge dyzady. Stalin olaryñ köpüsini gyryp ýetişse-de, öñi-soñy olaryñ täsiri güýçli boldy. Paýhasly nesil diýlen bir uly nesli döredeni üçinem Gaýgysyz gaýtalanmajak ýolbaşçy boldy. Ol hökümet ýolbaşçysy bolsa-da, işgär seçip almakda partiýa sokulansoñ, añrybaş gowy kadrlaryñ ählisiniñ öñe geçmegini gazanyp bilmändir, şeýle-de bolsa, kimi ýigrenseler, şondan dynmak üçin ony başga bir uly wezipä hödürlemek ýaly pis oýunlara örän gazaply daraşýan ekeni. Öñe geçen adam iş başarmaýan bolsa, ol partiýa tarapyndan hödürlenenem bolsa, Gaýgysyz beýle ýagdaý bilen ylalaşmaýar. Gaýgysyz iş alyp baranda täzeçilligi, öñde baryjy pikirleri ýürekden goldaýar. “Geçmişden öwrenmeli, ýöne gözüñ gelejekde bolsun” diýip tabşyrýan ekeni. Emma geçmişe dönjek bolýanlary ya-da geçmişde bolmandyr diýen ters pikir bilen täzäni kabul etmeýänleri, o gadagan, bu gadagan diýip ýol ýapyjylary örän tankytlaýan ekeni. Baryp 1937-nji ýylda Türkmen opera teatryny gurmak islän Gaýgysyz muña garşy çykan Ýakow Popok ýaly we oña ýapjalyk edýan birtopar pes medeniýetli partiýa ýolbaşçylaryny açyk tankytlaýar: ”Biz ösüp ýetişdik, sungat we medeniýet meselelerini gozgamak gerek.” Onuñ özüniñ her bir meselede täzeçil pikirlenýändigini we täzeçil hereket edýändigini ýene birki mysal bilen aýdasym gelýär. Gaýgysyz 1926-njy ýylda Mary we Aşgabat okruglaryny (oblastlaryny-welaýatlaryny) ýatyryp uly tygşytlylyk gazanýar. Paýtagty Çärjewe geçirmek hakda hem karara gelýar, emma ykdysady kynçylyklar sebäpli goýbolsun edýär. Paýtagtyñ strategik taýdan örän amatly ýerde bolmagyny isleýär. Üstesine o döwürler Aşgabadyñ suw üpjinçiliginde hem çözüp bolmajak problemalaryñ köplügi Gaýgysyzy bu pikire iteripdir. Orsyýetden bugdaý geler diýen bolup, bir ýyl Daşhowuzda ähli ýerlere pagta ekmegi buýran partiýa ýolbaşçylarynyñ garşysyna gidip, Gaýgysyz şahsy melleklere we göze düşmeýän ýerlere bugdaý ekdirýär. Munuñ üçin Gaýgysyz igenç iýse-de, şo ýylyñ gyşynda Orsyýetden bugdaý gelmeýär, diñe şo ekilen bugdaýyñ hasyly halky aç gyrylmakdan halas edýär. Onuñ ýagdaýa görä hereket edýänligine ýene bir mysal: bir oba täze ýere göçmän, suwsuz kösenip otyr. Gaýgysyz muny eşidip, şol oba barýar. Mähelle üýşýär. Iki ýaşuly: “Göçmeris” diýip öñe çykýar. Gaýgysyz sapançasyny çykarýar-da ýokary zyñyp, ussatlarça gapýar, sapançany elinde oýnap durşuna: ”Men häzir bir käse çaý içip geljek. Şonda kim gözüme görünse, içini gurşundan doldurjak” diýip çykyp gidýär. Az salymdan tutuş oba goşuny eşeklerine ýükläp, täze ýurda, suwly, ekerançylyk meýdanly ýere göçüpdir. Birküç aýdan Gaýgysyz olaryñ göçen ýerine barypdyr. Parç urup oturan bakjaly ýerde adamlaryñ heziller edinenini görüp ýylgyryp: ”Maña sögýäñizmi?” diýipdir. ”Wah, sögmekden geçen, öñ göçmänimize ahmyr edýäs” diýipdirler. Başga bir obada bütin oba täze ýere göçupdir weli, bir ýaşuly özem göçmän, birküç öýli ogul-gyzyna hem rugsat bermän otyrka, muny hem bir gezekde Gaýgysyza görkezip: ”Näme etsekkäk?” diýipdirler. Gaýgysyz garaşylmadyk pikir aýdypdyr: ”Nätsekkäk? diýýäñizmi? Hiç zat edip bilmersiñiz. Özi düşünýänçä garaşmasañyz bolmaz Eger gümän edýän bolsañyz, ýörüñ göreliñ” diýýär. Gapysyna barandan hälki ýaşuly ylgap çykýar. ―Bir käse çaý içip geçaýjekdik. ―Çaýa däl, size bir owurt suwam ýok. Göçjek dä-äl, göçjek dä-ä-äl! Gaýgysyz sapançasyny çykarypdir weli, “At, at! Atmasañ namartsyñ!” diýip, ýaşuly beter çöwjäpdir. Şonda Gaýgysyz dönüp gaýdypdyr. “Her kimiñ öz dermanyny tapmasak bolmaz” diýipdir. Gaýgysyza halk ummasyz uly ynam bilen bakypdyr. Bu ynamy hem döretmek gerekdi, ol öz-özünden gelýän zat däl. Gaýgysyz hakda uly işler eden akademik Ş.Täşliýew şu babatda şeýle yatlaýar: ”Ol hiç ýere çykman, hiç kimi kabul etmän, kabinetinde oturan býurokrat däldi. Halkyñ içine köp çykardy, halkdan öwrenerdi, halka öwrederdi. Halk hakynda, zähmetkeş adam hakynda alada onuñ işinde mydama birinji orunda durýärdy. Ol özüne ýüz tutan adamlara biderek wada bermezdi, wada berse, wadasynda tapylardy. Şonuñ üçin adamlar oña ynanýardy.”(A.Çüriýew “Ýüregiñ emri bilen” Aşg.1989 ý.44 sah.) Hut şu sypatlary üçin halk ony öz ýakyny hasaplap, familiýasyny däl-de, ”Ýoldaş Gaýgysyz” diýip adyny tutýar. Gaýgysyzyñ iş usulynyň ýene bir özboluşlylygy bar, olam-bir pudaga biri ýolbaşçylyk edýarmi, şo ýolbaşça işlemäge erkinlik berýär, onuñ iri-maýda işlerine goşulyp ýörmeýär, esasysy hem ähli pudagyñ içki işini bilýän kişi bolup köpbilmişlik etmeýär. Işi ussasyna goýýar. Ol hökümediñ başlygy hökmünde Türkmenistanyñ her bir ädim ýerini, her obasyny, her şäherini öz dogduk obasy ýaly görüpdir. Meniñ doglan ýerim diýip Mäne-Çaçäni beýleki toprakdan parhlandyryp, zerur bolsa-bolmasa öz obasyna maliýe kömegini, maddy kömek berip ýören ýolbaşçy bolmandyr. Türkmenistanyñ ähli künjeginiñ deñ ösmegini gazanmaga dyzapdyr. Döwlet üçin iñ howply zat bolan korrupsiýany, hiç-hiç eýikdirmändir, şoña görä Gaýgysyza bagly bolsa, puluñ güýji bilen wezipe almak, mesele çözmek mümkin däl ekeni. Gaýgysyz arak, neşe yaly milleti çüýrediji zatlaryñ garşysyna hem ýanbermez göreşiji ekeni. Tribunadan araga, neşä garşy batly gepläp, soñundanam gözüni ýumup ýören ikiýüzli däl. Wagt meselesi Gaýgysyz üçin iñ gymmat zatlaryñ biri. Öz wagtyna sarpa goýşy ýaly, özgeleriñ wagtyny-da almak islemeýär. Başga raýonlara, oblastlara gidende-gelende uly şowhun gurap, mähelle baryny üýşürip, olary dört-bäş sagatlap garaşdyryp, soñundanam soñy gelmez tükezibana tutdurmak Gaýgysyzyñ ýigrenýän zady. Umuman, ol ýerliksiz dabara-şowhuny halamaýar. Ol wagt meselesinde her bir işiñ haçan edilmelidigini örän gowy bilýän ekeni. Halkyñ pukaralygynda döwlet hasabyna tarhandökerlik etmek, öz köşgüni bezetmek, öz öýüni ulaltmak, howlusyna dürli howuzlar gurdurmak, uzak ülkelerden geñ agaçlar getirdip oturtmak, keýikleri howla göýberip göz tussagy etmek Gaýgysyzyñ ýadyna-da düşmändir. Bir ýaranjan bir ýol bilen beýle teklip aýdyp bilse-de Gaýgysyzyñ oña baka gyşarmajagy ikuçsyz. Ol elmydama: ”Sypaýylyk―akyllylygyñ alamaty” diýen prinsipi goldaýar. Uzak hem şanly ömrüni merdem ýaşap geçirip, dogruçyllygyna hiç kim güman etmejek, Gaýgysyz zamanasynda-da işlän we Gaýgysyzyñ öýüne köp baran uly alym M.Annagurdow şeýle ýatlaýar: ”Meniñ syn edişime görä, Gaýgysyzyñ öý-öwzaram sadady, içeride baslygyp ýatan, hatar-hatar asylgy duran halydyr çuwal ýa-da başga goş-golam ýokdy. Kitap kändi...” Köp-köp ýolbaşçylary abraýdan düşürýän nebsewürlik-eli egrilik we zenanlara gyşyk göz bilen bakyş Gaýgysyza sürtseñem ýokmajak ekeni. Hatda onuñ gaty ganym duşmanlary Gaýgysyzyñ etini daglap iýmäge häzir bolsalar-da, oña her tüýsli şyltaklar atsalar-da, ony nebsewürlikde ýa başga aýala gyzykmakda aýplap bilmändirler. Şeýle bir wakany gürrüñ berýärler. Gaýgysyzyñ aýaly ömründe ilkinji ýola altyn çaýylan bir goşar sagadyny çekine-çekine satyn alypdyr. Edil çekinişi ýaly hem bolupdyr. Gaýgysyz o sagady görenden bomba ýaly partlapdyr: ”Meni il içinde masgaralaýañ. Häzir altyn sagat göterilýän zamanamydyr?! Derrew dükana tabşyr!” diýip berk darapdyr. Şondan soñ Gaýgysyzyñ aýalynda birje şaý-sepem bolmandyr. Ynha, Gaýgysyzyñ eli päkligine bir durmuşy mysal şeýle. Gaýgysyzyñ bu sypatlaryna aýratyn üns bermegiñizi haýyş edýärin. Ynsanlykda pis häsiýet hasaplanýan şugulçylyk, ýaranjañlyk hem Gaýgysyzyñ töwereginde mümkun däl ekeni. Gaýgysyz adam hökmünde hiç mahal kiçilik, pislik ýa-da ile ýakymsyz görünäyjek başga häsiýet görkezmedi, sebäbi beýle sypatlar onuñ aslynda ýokdy. Hut şo sebäpli ony oýnap bilmändirler, hut şo sebäpli Gaýgysyzyñ adyndan goşgy ýazan bolup, kitap ýazyp, onuñ ýeñsesinden gülen bolmandyr. Gaýgysyz bütin düýrmegi bilen döwlet işine berlipdir, ozüniñ kimligini ýagşy bilipdir, boş pişä güýmenmäge onuñ wagty ýok. Gaýgysyz köpüñ öñünde sözlände paýhasly, agramly, pikir yzygiderliligini saklap, özem örän ynandyryjy sözleýär. Bir ýygnakda müñ bir meseläni gozgap, başlary garyşdyrmayar, şamaşaýyrda urmaýar. Şeýle üýşmeleñlerden soñ Gaýgysyz hakda ýakymly ýatlama galýan ekeni. Gaýgysyzyñ dine garaýşy neneñdi? Ol arap, pars dillerini suwara bilenligi üçin dini edebiýatdan boş däl. Kurany arap dilinde okap, düşünenligini bir çykyşynda aýdýar. Onuñ ateist däldigi jedelsiz. Emma, öñ aýdyşymyz ýaly, wezipe perdesi üçin, ateist kişi bolan bolmasy bar. Umuman, rewolýusiýadan soñ, Gaýgysyz öz belent maksadyna-Türkmenistan döwletini döretmäge okgunly dyzap, ”Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde” diýen Magtymgulynyñ prinsipini köp ulanmaga mejbur boldy. Kähalatda ol ýoldaşlarynyñ milletçilikde aýplananyna göz ýetirensoñ, syýasat üçin, beýik maksadyñ hatyrasyna olary aýplan boldy. Durmuş pursaty şony talap edýärdi. Dogrusy, ol ömriboýy tupanlar içinde ýaşady. Bulanyk suwda balyk neneñsi ejir çekýän bolsa, Gaýgysyzam şoñ ýaly ejirleri göre-göre ýaşady. Gaýgysyz “halkyñ umumy medeniýeti” diýen söze örän uly ähmiýet berýär. Şoña görä türkmenleriñ umumy medeniýetini ýokary götermäge örän yhlas edýär. ”Işsiz medeniýet -şemal, medeniýetsiz iş―wagşylyk” diýer ekeni. Gaýgysyz öz halkynyñ nähili ýagdaýdalygyny, edil bäş barmagyny bilşi ýaly, bilýär. Käbir adamlary gyra çekip: ”Burun çokamak, gägirmek, gagyrynmak, agzyñy giñ açyp pallap oturmak, aýagyñy owkalamak, gaşanmak aýyp zatdyr. Bilewer-how!” diýip sargar ekeni. Özüñi alyp barşyña degişli gyzykly gürrüñler hem edýär. ”Pylany hiç hammama girmez eken. Bir gün ony zorlap hammama saldyk. Heziller edindi. Reññi täzelenäýdi. ”Indiki ýylam hammama geljek” diýýä.” Gaýgysyz bireýýäm ölüp giden ýolbaşçynyñ aýdanyny hökman durmuşa geçirjek bolup ýörmegi samsyklyk hasaplaýanyny öz jan ynanyşýanlarynyñ ýanynda aýdýan ekeni. Onuñ pikiriçe, her döwrüñ lideri şo döwre, durmuşyñ talabyna görä hereket etmelidir. Şeýle pikirlenýän adamy kommunist hasaplap bolarmy? Umuman, Gaýgysyz babatda onuñ syýasy perdesini, reñkini bir ýana goýup, Türkmenistan üçin, halk üçin näme iş edenini, niýetlerini seljersek, ana, şonda Gaýgysyzyñ gymmaty, belentligi doly görner. Üstesine-de belent işler bitireni üçin özüniñ baky ýatlanmagyny islän adam däldigini unutmalyñ. • Gaýgysyzyñ maşgala ýagdaýy Bu beyik ynsanyñ bitiren işleriniñ hemmetaraplaýyn, çuñ öwrenilmändigi ýaly, onuñ maşgala ýagdaýy hakda hem agyz dolduryp aýdar ýaly edilen iş az. Örän az. Şo sebäpli Gaýgysyz hakda çeper eser, publisistik oýlanmalar ýazasy gelýän ýäzyjylar uly kynçylyklara uçraýarlar. G.Gadelşin we B.Goýunlyýew tarapyndan Gaýgysyzyñ ömrüne we işine degişli Türkmenistandaky dokumentler azap bary siñdirilip toplanyp, iki tomluk kitap etmek üçin taýýarlanypdyr. Emma o kitabyñ ykbaly keç bolupdyr. Neşirýatlarda çañ basyp ýata-ýata Garaşsyzlyk gelende Döwlet arhiwine yzyna alnypdyr. Akademik Ş.Täşliýewiñ we T.Durdyýewiñ birnäçe makalasy bar. Olaryñ rus dilinde “Kaýgysyz Atabaýew” diýen örän gowy ylmy-publisistik kitaby 1988-nji ýylda neşir edildi. Ýazyjy B.Kerbabaýew “Gaýgysyz Atabaý” diýen roman ýazdy, soñra “Çudom roždennyý” diýen at bilen rusça terjime edildi. Alym A.Ylýasow we ýazyjy A.Çüriýew Gaýgysyzyñ döwürdeşleri hakda köp iş etdiler. Rus ýazyjysy Ýu.Paporow Gaýgysyz hakda irginsiz işledi. Köp-köp makalalar ýazdy. ”Prosto Atabaýew” we “Žizn plamen” ýaly galyñ kitaplar neşir etdirdi. Alym G.Gadelşiniñ G.Atabaý hakda aýratyn yhlasly işlänligini unutmalyñ. Ylmy nukdaý nazardan Gaýgysyzyñ bitiren işlerine az üns berlenligini näme bilen delillendirse bolar? Ozaly bilen, biziñ alymlarymyzyñ arasynda Gaýgysyz temasyny perspektiw tema hökmünde görmediler we iru-giç ýene stalinizm dolanyp geläymegi mümkin diýen howatyra gapyldylar. Esasysy bolsa, Gaýgysyzyñ türkmen halky üçin bitiren işlerine doly göz ýetirmäge biziñ medeniýetimiz kemterlik etdi. Başga-da ýüzlerçe sebäpler bardyr. Netijede, ikinji jahan urşundan soñky ýyllarda ýetişen nesil Gaýgysyzdan uzaklaşdy, oña sowuk bakdy, tanamady, unutdy. Dünýä tejribesinde bolsa, Gaýgysyz ýaly şahslaryñ her bir güni, her bir sagady dykgatly derñelip, öwrenilip, uly-uly makalalar, kitaplar ýazylýar. Şeýle adamlaryñ uly işler bitirmeginde maşgalanyñ täsiri, ata-enesi, dost-ýarlary, ogul-gyzlary we beýlekiler hakda gyzykly memuarlar ýazylýar. Özem bu tipli kitaplar örän yhlasly satyn alynýar, teşnelik bilen okalýar. Türkmen okyjysy bilen birlikde bütin Orta Aziýanyñ okyjysy Gaýgysyz hakda gelejekde täze kitaplara, ýagny syýasat bilen zaýalanmadyk, gara niýetlerden uzakda durýan, ýazyjynyñ ussat galamyndan çykjak kitaplara garaşýar. Bize gelip ýeten maglumatlara görä, köplenç hem makaladan makala göçüp gelen, dilden dile geçen maglumatlarda Gaýgysyz otuz ýaşa ýetiberende, 1917-nji ýylyñ oktýabr rewolýusiýasynyñ öñ ýany Tanýa diýen bir gyza öýlenýär. Olaryñ bir gyzy bolýar. Topalañ başlananda Tanýany gyzy Zoýa bilen Daşkende alyp gidýär. Sondan soñ olar kem-kem sowaşýarlar. Gaýgysyzyñ rewolýusiýanyñ yz ýany türkmen gyzyna öýlenendigini, olaryñ bir ogly bolup, ol ogluñ ikinji jahan urşunda wepat bolandygyny, türkmen aýalynyñ Aşgabatda ýaşamanlygyny Ata Gurbangeldiýew aýtdy. Emma ýaşulynyñ uzak ýaşanlygy sebäpli, Gaýgysyzyñ anyk haýsy turkmen gyzyna, nirede öýlenendigini, o gyzyñ haçan aradan çykanyny unudypdyr. Bu maglumat entekler anyklaşdyrylmalydyr. Soñra Gaýgysyz 1928-de Ýewgeniýa Ýakowlewna Brýansewa diýen bir gyza öýlenýar. Olaryñ 1930-njy ýylda Kemine diýen ogly dünýä inýär. Soň iki gyz dünýâ iýnsede, olar 1937-nji ýylda keselden we açlykdan ölýâr. Öñki aýalyndan Zoýa Türkmenistanyñ Moskwadaky wekilhanasynda arhiwarius bolup işläpdir. Ogly Kemine Russiýanyñ gündogar raýonlarynda geologiýa-gözleg toparynda uzak ýyllar baş geolog bolup işläpdir. Ylymlaryñ kandidaty, SSSR-iñ döwlet bayragynyñ eýesi. Häzirki wagtda pensiýada. Keminâniň aýtmagyna görâ, Gaýgysyz alty ýaşyndaka atasyz, on ýaşyndaka ejesiz galypdyr. Gaýgysyzyñ ejesi, garyp ejesi Baninur hakda maglumat hasam az. Oba arasynda oña Oguldurdy eje diýlenini aýdýarlar. Gaýgysyzyň ejesi hakynda garşylykly maglumatlaram bar, ejesi pahyr ýarym aç, ýarym ýalañaç, şol köne, elemedeşik üçekli tamda ýagyş-ýagmyr damjalarynyñ astynda öz süýegini özi süýremeli bolupdyr. Üstesine-de Gaýgysyzyñ özüniñ ýazan terjimehalynda gyz jigisi hakda agzalýar. O hakynda hiç zat bilmeýäris. O gyz näçe ýaşapdyr, ýa açlygyñ bir şarpygyny dadanda ömrüni tamamladymyka? O hakda bilýäne duşmadyk. Ata Gurbangeldiýew bolaýmasa, özge söhbetdeşlerimiñ hiç biri kitaplar ýazan yazyjylar Gaýgysyzyñ ejesini agzamaýarlar, ýa-da bir setirde aýdyp geçýärler. Örän geñ galdyryjy ahwal. Ata aganyñ gürrüñ berşiçe, Gaýgysyzyñ ejesi 1927-nji ýylda ýa-da az kem soñrak aradan çykypdyr. Ol habary eşidenden, Amanmuhammet Janmyrat bilen atly gaýdyp, Mäne-Çäçe obasyna gelipdir. Az wagtdan Gaýgysyzam gelipdir. Ol tabydyñ öňüni göterende:”Armanly giden ejemow!” diýip ýurekden aglapdyr. Jaýlanansoñ tizden Aşgabada dönüpdir. Eneler, adatça özünde arman duýman, enelik geçirimliligi bilen başyny dik tutup ýaşagyç bolýarlar. Gaýgysyzyñ ejesi hem şol eneleriñ biri bolsa gerek. Owganystanly wezir gyzynyñ Watanyndan ýesir ýaly alnyp gaýdylyp, ömrüni ýetimlikde, ýalñyzlykda geçirmesiniñ bir kitaplyk wakalygyny ýol ugra aýdyp geçeýin. Gaýgysyzyñ doganlarynyñ nebereleri häzir Ahal, Mary welaýatlarynda ýaşaýarlar. • Gaýgysyzyñ öz ömri neneñ tamamlandy? Bu örän çylşyrymly mesele. Meniñ pikirimçe, heniz bu sowala anyk jogap beribiljek tapylar öýdemok. Her bir jogabyñ anýrsynda bir “emma” bar. Üstesine-de, öñki zamanda bagşylaryñ “Görogly” dessanyny aýdanda ähli şahalaryny aýdyp, ”Göroglynyñ ölümi” diýlen şahany aýtman goýuşlary ýaly, menem, dogrymy aýtsam, Gaýgysyzyñ ömrüniñ paýawlaýşyny ýazasym gelmeýär. Öñlerem, şu kitapçany ýazamda-da Gaýgysyz mydama diri ýaly duýgy bar. Men ony hiç mahal ölmejek ýaly görýän. Türkmen halky üçin hem-de Orta Aziýaly doganlarymyz üçin şeýle janköýerlik eden, şeýle beýik işler bitiren, taryhyñ bize gazaply bakan ýyllarynda ählimize hossar çykan Gaýgysyz ölmeli däl ýaly görýän. Şoña görä şu kitapçany hem Gaýgysyzyñ özi okar diýip özümi aldadym. Her niçik bolsa-da, kitaplarda, il içindäki gürrüñlerde aýdylýanlary okyja ýetiresim gelýär. Birinji pikir: Gaýgysyz respublikadaky bu tutha-tutlyga örän gahar edýär, birnäçe gezek Merkeze hat ýollaýar. Ahyry, 1937-nji ýylyñ iýul aýynyñ ikinji ýarymynda Moskwa gidýär. Bu meseläni Stalin bilen açyk düşünişmek isleýär. Moskwada Gaýgysyzy Stalin kabul etmeýär. Köne işdeşi Kaganowiç ony öýünde kabul edýär. Gaýgysyzyñ närazylygyna goşulyşmaýar. Soñra Içeri işler halk komissary Yežowyñ ýanyna gidýär. O taýda Gaýgysyzy tussag edýärler. 1937-nji ýylyñ ahyrynda ýa 1938-nji ýylda sud edýärler. Sülçi: ”Sen günäkär. Sen halk duşmany” diýende Gaýgysyz tarsa ýerinden turup, oturgyç bilen sülçini urýar. Gaýgysyza atuw jezasy berilýär. Moskwada ýa-da şondan gündogardaky bir ýerde atylýar. Mazary ýok. Ikinji pikir: Muny baýramalyly Ata Gurbangeldiýew gürrüñ berdi. Gaýgysyzyñ baýramalyly dogan okaşany Annamuhammet Janmyrat bir gün Ata Gurbangeldiniñkä gelýär. ”Ata! Gardaş diýen aty, ýene bir aty gowuja taýýarla. Şu agşam bir ýere gidýäs” diýýär. Atlar taýýar bolýar. Gije Gurbangala diýen demir ýol duralgasyna golaý bir ýerde gizlin durýarlar. Ahyry, Aşgabat tarapdan gelýän bir otly olaryñ deñinde ýuwaşaýar, şol wagt bir kişi wagonlaryñ birinden böküp düşüp, çöplüge siñýär. Annamuhammet Janmyrat atyny şo tarapa tiz sürýär we az salymdan bir kişi bilen dolanýar. Ata Gurbangeldi o kişiniň Gaýgysyzlygyny tanap, atdan böküp düşýär. Salamlaşýar we “Gardaş” diýen respublika meşhur atyna Gaýgysyzy mündürýâr. Olar üç atly bolup gije Annamuhammet Janmyradyñ öýüne barýarlar. Gaýgysyz o taýda iki gijäni gizlinlikde geçirýär. Üçünji gije Türkmen goşunynyñ ýolbaşçylarynyñ biri Baýnazarow bu öýe gelip, Gaýgysyz bilen ikiçäk gepleşýär. Az salymdan olaryñ bary atlanyp, Marynyñ etegindäki aerodroma gaýdýarlar. Edil aerodromyñ gyrasyna gelenlerinde atdan inýärler. Şonda Gaýgysyz: ”Pelek işidir. Bu toprakda ölmek nesip etjek däl öýdýän. Menden razy bolaweriñ” diýip elleşip hoşlaşýar-da Baýnazarow bilen aerodroma girip, ýeke özi ho-ol öñdäki kiçijik uçara münüp, uçup gidýär. Baýnazarow dolanyp gelýär: ”Bu syr kyýamata galmalydyr” diýipdir. Soñ 1945-nji ýylyñ güýzünde Ata Gurbangeldi Kuril adalarynyñ birinde söweş geýmindekä Hytaý radiosynda Gaýgysyzyñ sözlänini eşidip, böküp turup, gözlerinden boýur-boýur ýaş döküpdir. Gaýgysyz sowet halkyny ýeñiş bilen gutlapdyr. ”Men Apak Hoja metjidinden sözleýän” diýipdir. Üçünji pikir: 1928-30-njy ýyllardan başlap, ”Gaýgysyz pylança atly bilen Eýrana gaçypdyr” diýlen gürrüñ gaty güýçli, yzygider dowam edýär. Arhiwden habarly kişileriñ güwä geçişine görä, gizlin gulluklaryñ ýazmaça habarlarynda-da il içindäki bu gürrüñler hakda aýgylýar. Aşgabat bilen Kaka aralygyndaky bir ýerden, başga birleri bolsa başga bir ýerden Eýrana geçipdir diýýärler. Bäherdeniñ Ýarajy obasynda ýaşan Weli Kömek oglunyñ Jannyýaz diýen dosty Gaýgysyz hakda şeýle gürrüñ beripdir: ”Urşa çagyrylyp, goşun bolup Eýrana girdik. Şonda bir kişi duşdy. Ýüzi örän mährem, özem tanyş görünýä. Durubilmän, kimligini biljek bolup ol adamy yzarlap başladym. Bir boş ỳere baranda: Konstantin! Diỳip gygyrdym weli duran ỳerinde doňup galdy. Onuň orsça ady Konstantindi. Soň tanyşdyk. ”Nesibe Eýrana çeken ekeni diýdi. Oba-illeri soraşdyrdy. Sesiñ içiňde bolawersin diýip tabşyrdy.” Gaýgysyz Eýrana geçipdir diýlen pikir hakda ýaşuly ýazyjy Seýitnyýaz Ataýew 2001-nji ýylyñ 29-njy aprelinde öýlän 16:00-da telefon gürrüñçiliginde şeýle diýdi: ”Biz Gaýgysyz ölendir öýtmezdik. Kelteçynaryñ deñinden Eýrana geçip gidenmiş diýen gürrüñe ynanyp ýaşardyk. Bularyñ bary kegebäniñ ýaýradýan gepleri ekeni. Kegebede dezinformasiýa bölümi bar ekeni. Ana, şolaryñ oýny bolmaly bi.” Ýokarky pikirlere çalymdaş, ýa sähelçe üýtgeşik pikirler başga-da köp. Haýsy pikire ynanjagyñy biler ýaly däl. Gaýgysyz hakdaky kitaplary, makalalary okap, Gaýgysyz bilen işleşen, ýa ony gowy tanan adamlaryñ söhbetlerini diñläp, onuñ beyik şahs hökmünde ömrüni, adamkärçilik sypatlaryny, häsiýetini yzarlap, soñunda bularyñ ählisini deñeşdirip, Gaýgysyzyñ ömrüniñ 1937-nji ýylyñ iýulynyñ ortasyndan soñky döwrüni häzirki ýagdaýda anyk aýtmak mümkin däl diýen netijä geldim. Munuñ ilkinji sebäbi―NKBD-KGB-niñ maglumatlary, beýleki dürli arhiwleriñ maglumatlary doly açylsa, doly öwrenilse, diñe şondan soñ anyk pikir ýöretmek bolar. Diñe şondan soñ bir beýik taryhçy, bir beýik ýazyjy şöhratly ömür süren meşhur Gaýgysyz hakda okyja mynasyp kitap ýazyp biler. Gelejekki taryhçy, ýazyjy bir zada aýratyn üns berse diýip haýyş edýän: Gaýgysyz, Staliniñ eline düşmek üçin öz aýagy bilen Moskwa barar ýaly derejede sada adam däl. Gaỳgysyz kyn pursatda kyn karara gelmäni başaran adam. Bu taýda syrly wakalaryñ köplügi mese-mälim. * * * Gaýgysyz bu dünýäde özüne düşen paýdan müñ bir razydyr. Ol näçe gezekler ölümiñ agzyna geldi, ajal agzyny açyp garşylady, emma Gaýgysyz ölmedi. Ol il derdine döräni üçin, etjek ýagşylyklaryny bitirmäge dyzany üçin ölmedi. Gaýgysyzyñ eziz göwresi haýsy gum astynda, haýsy agajyñ köküni ýassanyp ýatsa-da, lerzan urýan ruhy Türkmenistan bilendir. Gaýgysyz Türkmenistan sözüni ilkinji ulanan we iñ köp ulanan ynsandyr. Ol Türkmenistanyñ araçägini kesgitlän adamdyr. Ol Türkmenistandan gidende köp-köp zada razy bolup gidendir. Özüni atsalar, assalar, Nesimi deý parça-parça kesseler razy. Uly-uly niýetleriniñ ýarysyny durmuşa geçirmän gidýänine, ogul-gyzynyñ ýetim-ýesir boljagyna razy. On üç ýyllap ähli türkmenistanlyny döwlet gurmaga, ýurdy abadanlaşdyrmaga, dogrusy, türkmen jemgyýetini gurmaga gönükdirenine razy. Türkmenistany, jandan eziz Watanyny, çapyp barýan atyñ büdreýşi ýaly, büdretjeklerine-de razy. Diñe, diñe Türkmenistanyñ araçäkleri, özygtyýarlylyk statusy üýtgemese bolýar, millet agzalalyk tapmasa bolýar. Bu gün bolmasa-da, ertir Türkmenistanyñ hakyky Garaşsyz boljagyna pugta ynanýar. Gaýgysyz durmuşyñ manysyny uzak ýaşamakda däl-de il bähbitli iş bitirip bilmekde görýär. Gaýgysyzda ýalñyşlar bolanmydyr? Elbetde. Bir ýa iki hem däldir. O ýalñyşlar ozaly bilen döwrüñ ýalñyşlygy. Beýle ýalñyş kimde bolmaýar?! Gaýgysyzam adam ahyry. O ýalñyşlary Gaýgysyzyñ bilgeşlin etmänligi belli. Ýowuz günleriñ täsiri ýa-da özüne keseden zorluklar zerarly edenligine söz ýok. O ýalñyşlar ýagşylyklarynyñ ýanynda syçany pil bile deñeşdiren ýaly ahyry. Üstesine-de her Patyşanyñ, Prezidentiñ, Premýer-ministriñ we beýleki uly ýolbaşçynyñ hersiniñ aýratynlykda öz döwri, öz zamany bolýar. Şo müddet dolansoñ, emri ýöremän başlaýar. Bu betbagtlyk Gaýgysyza uçramady. Bu hakda aýratyn oýlanmagyñyzy ýürekden isleýärin. Gaýgysyz öz halky hakda elmydama dogry pikir etmäni başardy. Şoña görä, ol hiç hili dumana gözüni gapdyrmady. Gaýgysyz bir adamyñ millet üçin nämeler edip biljeginiñ ýokary nusgasyny görkezdi. Ne berekella garaşdy, ne sagbolsuna garaşdy. Iş bitirdi.Wessalam. Ol zym-zyýat bolanda il nätdi? Tolgundymy, aýaga galdymy, gözledimi? Ýok, göwnibir. Hamana Gaýgysyz bu millet üçin ömrüni bagyşlamadyk ýaly, hamana Gaýgysyz bäş günden dolanyp geläýjek ýaly. Bu nämäniñ alamaty? Başga ýüz bir sebäpler bilen birlikde, bu halklaryñ öž beýik ogullaryna gözlemeýändiginiñ alamaty. Emma beýik ogullaryñam öz kadasy bar. Adyny ýitirjek bolup köçelerden adyny aýyrsañ-da, ýadygärligini ýumursañ-da, hatda arhiwlere gara eliñi bassañ-da, beýikler elli, ýüz ýyldan, iki ýüz ýyldan ýene öñe çykaýýarlar. Türkmen, şeýle hem türki halklar üçin Alp Arslanyñ täze dünýä, täze eýýam açan Malazgirt söweşindäki ýeñşinden, Fatih Soltan Mehmediñ Ýer şarynyñ paýtagty, şäherleriñ şasy hasaplanan Ystambyly zabt edişinden, Magtymgulynyñ ýitip barýan türkmen halkyna güýçli ruh, beýik umyt berip, ony ýok bolmakdan halas edişinden hem-de şuña meñzeş ýüzlerçe beýik hyzmatlardan Gaýgysyzyñ hyzmaty hiç-hiç kem däldir. … Hanha, Gaýgysyz örän belentden bakyp dur. Ullakan, ýiti hem örän paýhasly gara gözlerini gyrpman, jan-jigeri Türkmenistana teşne bakyp dur. Baryñ, çykyñ, garşylañ! Köňül gapysyny açyň. Siziň ỳaşap oturan öỳňüzi-Türkmenistany guran geldi. Gaýgysyz taryhdan däl, gelejekden geldi. Atalarymyzyň könlünde öý tutunan geldi. Gaỳgysyz Siziñ hem köñlüñize girmäge geldi. • Gaýgysyz hakda ỳatlamalar?: Ata Gurbangeldi, 97 ýaşynda. Baýramaly etraby, Aga Ýusup Aly daýhan birleşigi. 2001-nji ýyl. 23-nji fewral.18-00 Gaýgysyz atylmady. Ýalan. Gaýgysyzyñ Annamuhammet Janmyrat diýen dogan okaşany bardy. Ol guşçulyk sowhozyñ direktorydy. Şol meni ýany bilen bir gije alyp gitdi. Gardaş diýip ýaman gowy atymyz bardy, onam aldyk. Gurbangalañ ýanynda razýezdde gizlin garaşdyk. Ahyry, otly sähel haýallap, ýene bat alyp gitdi. Bir kişi böküp galdy. Şoña baka at sürdük. Görsek Gaýgysyz Atabaý. Ony Gardaşa mündürip Annamuhammetlere getirdik. Gündiz gizlin bolýar, gije gezmeleýär. Üçünji gije atly Mara baka gaýtdyk. Aerodroma ýetenimizde ýanymyzdaky Baýnazarow Annamuhammet ikimize garaşyñ diýdi. Gaýgysyz biz bilen hoşlaşanda: ”Men gitdim. Razy boluñ” diýdi. Bizem añka-tañka bolup galdyk. Az salymdan Gaýgysyz bir kiçijik samolýota mündi. Samolýot uçdy gitdi. Bar bolan zat şu. Ýöne Gaýgysyz Atabaý ýaly adam indi Türkmenistana gelmez, gelmez, gelmez! Ol hiç mahal iki geplemezdi. Hiç kimde kasty ýokdy. 1930-37-nji ýyllar aralygynda garşy-garşy üç aýdan gelip Aşgabatda sekretarlyk ederdik. Haýyş bilen geleni boş göýbermäñ diýerdi. Men o döwür ýazmaga, okamaga, geplemäge ökdedim. Bu meselede Gaýgysyz barymyzyñ halypamyzdy. Aýtakow Gaýgysyza uly sarpa goýýardy. Gaýgysyz öwünmäni başarmaýardy. Galtamanlar Gaýgysyza degmezdi. Ata Mäneli Gaýgysyzyñ obadaşy. Şoñ bilen gepleşik geçirdi. Oña: ”Ýaragy taşla, rahat ýaşa” diýdi. Ata mäneli: ”Ýok, men okdan ölmeli” diýdi. Gaýgysyz bilen Jüneýit dost ekeni. Men birnäçe gezek çaý, un äkitdim. Meni görenden: ”Gel, dostumyñ dosty” diýýä. Bir sapar Gaýgysyz Şirin kak diýen ýerde Jüneyit bilen duşuşdy. Gaýgysyzyñ ýanynda Görödowikow(?) hem bardy. Gije uly otlar ýakyşdyryp, gaty gowy garşy aldy. Ýöne ählimiz ýaragymyzy goýup bardyk, şonda-da barlatdy. Bir salym bagşy aýtdyrdy. Oñ Gaýgysyz: ”Han hezretleri ýaragy taşlaýsañ” diýdi. Jüneýit içini hümledip otyrdy. Soñ şeý diýdi: ”Saña bir zat aýdaýyn. Ejeñ owganlygy seni zaýalapdyr. Orsa ynanyp bolmaz. Ýör Eýrana, soñ Owgana gideli” diýdi.” Men seniñ guluñ. Häzirem meni tutup bilýäñ” diýdi. ”Ýok men gitmäýin. Men bu taýda zerur” diýip Gaýgysyz jogap berdi. Mundan öñem, soñam Gaýgysyz bilen Jüneýit gizlin köp duşuşdy. Gaýgysyz diýseñ, gaýgysyzdy. Onuñ gama batyp oturanyny gören yokdur. Gülende ýurekden gülýärdi. Bagşylardan Agajan bagşyny, Sary bagşyny, Saçly Garlyny gowy görýärdi. Nobat bagşynam gowy görýärdi. Kerbaba, Alty Garly, Sahy Jepbar dagy Gaýgysyzy halamaýardy. Gaýgysyz Nurmyrat Saryhany göwy görýärdi. Gaýgysyza “Ýoldaş Gaýgysyz” diýip köp ýüzlenýärdiler. Ol göwniýetmedik adamsyny orsam bolsa yzyna ibererdi. Çubin (?) bir gezek gaty geplejek boldy weli, Gaýgysyz oña alaryldy-da: ”Lal bol” diýdi. Bir gezegem Çary Wellek Gaýgysyzy tankytlady, hökümet bolup otyrkañ çözüp bileñok diýdi. Şonda Gaýgysyz: ”Çary sen entek ýaş, oglanlyk etme. Ors biziñ guýrugymyzdan tutup dur. Hiç goýberenok. Haýsy tarapa islese, dönderip dur” diýdi. Şonda orslaram otyrdy. Ýalñyşmasam, 1932-de bolsa gerek. Gaýgysyz hiç kimden çekinmeýärdi. Tankytçydan ar aljak bolýan däldi. Degişmäni gowy görýärdi. Arapça, parsça gowy bilýärdi. Gaýgysyzyñ din meselesinde halypasy Annagylyç ahundy. Annagylyç ahun Yzzat Nazaryñ kakasy, ilkinji geografiýa kitabynyñ awtory. Gaýgysyz maña atam diýerdi, Annagylyç ahuna halypam diýerdi. Sowady güýçli bolansoñ, Gaýgysyz doklad edende däne-däne ederdi. Kagyz okamaýardy. Bir ýygnakda: ”Gaýgysyz gaçypdyr” diýip gep ýaýradýarlar.” Men kimden gaçaýyn” diýdi. Gaýgysyzyñ paýtunçy bilen dört adamlyk paýtuny bardy. Ýeke gezerdi. Ol taýpa-tireçillik edýänlere gaty degerdi. Biri bir zat dilese, şony boş goýmajak bolardy. Anna kör bir goýun diledi. Gaýgysyz şony kolhoz bilen gepleşip bitirdi. Wah, o döwrüñ dokumentleri, protokollary bardy. Galmady. Tabşyran işini özi barlaýardy. Gaýgysyz adamlary bir görende tanaýardy. Ýaramaz adamlary golaý getirmezdi. Ikiçäk galamyzda Staline gahar edip, dişini gyjaýardy. Hemişe harby eşiklidi. Bir gezek men, Annamuhammet, Gaýgysyz üçimiz köne eşikli, telpegimizi sümürip geýip, eşekli ýola çykdyk. Eşekleri suwa ýakyp durkak, Kerim han diýen bir buluç hanynyñ atlysy geldi-de atyna urdurdy. Sonda Gaýgysyz: ”Aýdylýan dogry ekeni” diýdi. Ol Kerim hanyñ külüni çykarjakdy. Emma dönükler öñürtdi. Kerim han zordan sypyp Owganystana gaçdy. Gaýgysyzyñ türkmen aýalam bardy. Örän adamkärçiliklidi. Türkmen aýalyndan bir ogul boldy. O döwür ors aýal almasañ, wezipede goýmaýardylar. 1927-de(?) ejesi pahyr öldi, tabydyñ öňüni göterende bir bagyrdy. Menem Annamuhammet bilen ýanyndadym. Türkmenistana Adam atadan galan ak bugdaýy getirden Gaýgysyzdyr. 1000 gektarlyk ak bugdaý tohumydy. Müsüriñ weziri sowgat berdi. Onsoñ Aýtakow basylan döwri menem basdylar. Igarka diýen ýerde boldum. Soñ urşa gitdim. 1945-iñ aýagynda Kuril adasynda goşundakam Hytaý radiosyndan Gaýgysyz hem orsça, hem türkmençe gepledi. Böküp turup, aglanymy bilmändirin. Gaýgysyz biziñ ýeñşimizi gutlady. Men Apak hoja metjidinden sözleýän diýdi... ...Gaýgysyz Garaşsyzlyk zamanamyzda bolan bolsa, o-ho-ho-ow!... * * * M.D.Annagurdow “Döwür, adamlar, wakalar” Aşgabat 1991 ý. ...Ýerinden turup, märekä ýüzlenen adam orta boýly, garaýagyza golaý, agras görnüşli, at ýüzli, gözi goçak, keltejik murtly... ...Atabaýew kän geplegiç däldi. Özgäniñ sözlerini örän üns berip diñlärdi, gepiniñ arasyny kesmezdi... . ..Gaýgysyz irden işe barýarka-da, işden gaýdanda-da, onuñ töwereginde aýagy çokaýly, sada daýhan eşigindäki adamlar bolup, olaryñ Gaýgysyz bilen edil biri-birleri ýaly gürrüñleşip barýandyklaryny görmek bolýardy. ...Meniñ syn edişime görä, Gaýgysyzyñ öý-owzaram sadady, içeride baslygyp ýatan, hatar-hatar asylgy duran halydyr çuwal ýa-da başga goş-golam ýokdy. Kitap kändi. * * * Seýitnyýaz Ataýew, ý6azyjy. 2001-nji ýyl. 29-njy aprel. 16-00 telefon söhbetdeşligi. -E-e-e-e, Gaýgysyzy bir ýygnakda menem görüp galdym. Örrän özüne çekiji adam ekeni. Uzyn boýlydy. Sesi zarplyrakdy. Biz Gaýgysyz ölendir öýtmezdik. Kelte çynaryñ deñinden Eýrana geçip gidenmiş diýen gürrüñe ynanyp ýaşardyk. Bularyñ bary kegebäniñ ýaýradan gepleri ekeni. Kegebede dezinformasiýa bölümi bar ekeni. Ana, şolaryñ oýny bolmaly bi. Gaýgysyz hakda polkownik Iwanow diýen biri köp bilýardi, ol Ukrainada ýapyk dissertasiýa gorady. Şo dissertasiýany Kakajan pahyr (professor Kakajan Muhammetberdiýew) örrän gowy öwrenipdir hemem özi köp material toplapdyr. Gaýgysyz hakda iñ köp maglumaty men topladym, o hakda kitap ýazyp gutaryberdim diyerdi. Şo Jüneýit bar-a, Jüneýit han, ana şonuñ Eýrana geçmeziniñ öñ ýany az-kem atly bilen Aşgabada gelşini gürrüñ bererdi. Aşgabatda häzirki Lenin skweriniñ golaýyndaky binada ýygnak ğidip durka, biri gelip Gaýgysyzyñ gulagyna pyşyrdapdyr: ”Jüneýit han gelipdir. Siz bilen bir agyz gürrüñi bar.” Gaýgysyz salymyny bermän çykypdyr. Görse, Jüneýit han hakykatda-da at üstünde otyrmyş. Salamlaşypdyrlar. ―Gaýgysyz, biz-ä hoşlaşmaga geldik. Watany taşlamak gaty kyn. Ýöne biziñ ýolumyza çykan bolmasyn. Iki tarapdanam gan köp döküler. ―Arkaýyn bolaý, han aga. Araçäkden geçýänçäñ, adam ogly azar bermez. ―Ýagşy dilegde gal. Ynha, bolan waka. Onsoñ Jüneýit araçäkden geçip gidensoñ, yzynda galanlar bilen tark-turk edişýärler. Gaýyp Nepes bar-a, akademik Gaýyp Nepes. Ana, şolam Jüneýdiñ mürzesimi, näme, ekeni. Aýagyndan ýaralanyp galýar.. Jüneýit ýaralapmy, ýa soñ şo taýdaky atyşykda ýaralanypmy, garaz, agsak bolupdyr. Soñ olam Jüneýit hakda ýazypdy. Ine, Kakajan Muhammetberdi şuñ ýaly, hiç ýerde ýazylmadyk wakalary hem bilýärdi. Gaýgysyz hakda Paporow köp iş etdi. Rahym Esenem täze maglumat tapyşdyrypdy. * * * Weli Kömekow, bäherdenli ýaşuly. 2001-nji ýyl. 7-nji mart. sagat 12-00. Meniñ dostum bardy. Jannyýaz diýerdiler. Ol Gaýgysyz hakda şeý diýdi: ”Men urşa çagyrylyp, goşun bilen Eýrana girdik. Şonda bir kişi duşdy. Ýüzi öran mährem, özem tanyş görünýä. Durubilmän ol adamyň kimligini biljek bolup yzarlap başladym. Boş ỳere gelende Konstantin diỳdim weli, duran ỳerinde doňup galaỳdy. Onuň orsça ady Konstantindi. Soňra tanyşdyk. Nesibe Eýrana çeken ekeni diýdi. Sesiñ içiñde bolawersin diýip tabşyrdy.” Ynha, Jannyýazyñ beren gürrüñ-ä şeýle. Ýöne özümem kiçijik oglanjykkam Gaýgysyzy gördüm. Gaýgysyz gelýäde, Gaýgysyz gelýä bolşup, bir takyra üýşdüler. Meni ejem elimden tutup äkitdi. Ynha, bir salymdan kiçijik samolýot depämizde aýlandy-da tozan turzup gondy. Içinden Gaýgysyz, ýene bir adam çykdy. Ähli kişiñ el çarpanyn bilýän. Öz-ä daýaw adam bolup göz öñüme gelýä. * * * Annaguly Mämmetgulyýew, baýry žurnalist. 90 ýaşynda. 15-nji noýabr. 2001-nji ýyl. sagat 16-20. Garadamak obasy. Gaýgysyz hakdamy? Hä, ine şeýle. Gepi uzaltman aýtsam, ol sähel ardynjyrabrak geplärdi. Ähli kişi şonuñ aýdanyny edesi gelýärdi. Partiýa býurolarynda, näme, çaknyşyklar bolýardy-da. Ýakow Popok diýen biri bardy. Birinji sekretar. Şolam Gaýgysyz bir zat diýse, kän sesini çykaryp bilmezdi. O döwür esasy çaknyşyk-jedel iş hakda bolardy. Onsoñam oglanlar agzybirdi. Köne terbiýe alandyklary bildirýärdi. O döwür ýolbaşçylaryñ köpüsiniñ aýaly türkmen däldiginiñ bir sebäbi-oba gyzlary bilen gepleşip-tanşyp durmuş gurmak gaty kyndy. O döwür hakda gürrüñ ediljek bolsa, bir adamy günälemek dogry bolmaz. O sistemany Staliniñ döredeni belli. Ana, şo sistema günäkär. * * * Weli Muhadow, SSSR döwri Orta Aziýada ilkinji we iñ soñky Zâhmet Gahrymany bolan kompozitor. 23-nji dekabr 2000 ýylda sagat 15-30-da telefon söhbeti. Men Gaýgysyz Atabaýyñ saz medeniýetiniñ şeýle çuñlugyna haýran galýaryn. Meniñ moskwaly mugallymlarymyñ biri Wiktor Belýaýew Gaýgysyzyñ Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýanyñ uly zalynda konserte gatnaşanyny we şonda bir rus gyzy saz çalanda, soñundan: ”Biziñ gyzlarymyzyñ hem şular ýaly ussat sazanda bolmagyny isleýärin” diýenini ýatlady. Uspenskiniñ we W.Belýaýewiñ Türkmenistana gelmegi üçin Gaýgysyz alada edipdir. Ol Türkmen aýdym-sazyna örän uly sarpa goýýardy. Köp-köp kompozitorlaryñ türkmen temasyna ýüzlenmeklerini haýyş edipdir. Şeýle saz eserlerini ýazan kompozitorlara bir roýal we bir halyça sowgat beripdir. Ony özüm gördüm. Moskwada Konserwatoriýanyñ ýanynda türkmen studiýasynyñ döredilmeginde Gaýgysyzyñ baş roly bar. Gaýgysyz bu studiýa tiz-tiz barýardy ”Köp okañ, esasan, saz köp diñläñ” diýip maslahat bererdi. Gaýgysyzyñ özi hem saz köp diñlärdi. Ony Annagurdow gowy bilýändir. Şondanam sorap görüñ. * * * Ata Durdyýew, ýazyjy. Telefon söhbetdeşligi. 2001-nji ýylyñ 2-nji ýanwary, agşam sagat 21:00. Gaýgysyz biziñ Aşgabat raýonymyzyñ Woroşilow kolhozynyñ toýuna geldi. Ähli il üýşdi. Ol gelşine uly-kiçi ähli kişi bilen elleşdi welin, obadaşlarym geñ gördüler, begenişdiler. Onsoñam ýene bir zady aýdaýyn: obadaşlaryñ çözülmeýän bir meselesi bolsa, ýaşulylar üýşüp Gaýgysyzyñ ýanyna gitjek diýip giderdiler. Olary kabul edýändir-dä, gelenlerinde razy bolub-a gelýärdiler. Ýene bir zat: şo döwürler adamlaryñ gürrüñlerine görä, Gaýgysyz gündizlerine otluda barýarka-da tilki, şagal görse atar ekeni. Örän mergen adam bolupdyr. * * * Ýakup Annanurow, Türkmenistanyñ halk hudožnigi. 23-nji dekabr 2000-nji ýyl. ir sagat 10:00. Gaýgysyzy gördüm. Uzynak adam, süñklek. Berk gylyklydygy ýüzünden bildirýär. Elleşende elimi ykjam gysdy. Ýerliksiz gülenini görmedim. Ol örän ykjam harby geýimlidi. Şeýle bir özüne gelşip duran eşik geýipdir weli, ýekeje kem tapjak gümanyñ ýok. Gaýgysyzyñ özem başy dik, gaty dogumly göründi. Orsça gepledi, örän ökde, saldamly sözleýär. Ol maña: ”Gaýrat ediñ. Bäşim Nuralydanam ökde hudožnik boljak boluñ” diýdi. Paltom ýokdy. Moskwanyñ sowugynda ýuka penjekli ýygrylyşyp ýörenimizi görüp, Çary Aşyr ikimize palto hem aýakgap aldyryp berdi. Moskwada Kazan wokzalynda ýörite wagonynda kabul etdi. Şonda men onuñ suratyny çekip başladym. Az wagtdan suraty tamamlap, wekilhana eltsem, “Ony basdylar” diýdiler. Şeýle bolansoñ, men Gaýgysyzyñ dirikä suratyny çeken iñ soñky hudožnik bolýan. Gaýgysyzy unutdygymyz-özümizi unutdygymyz. * * * Hümmet Hanmämmet, bagşy. 75 ýaşynda. 2002-nji ýylyñ 20-nji maý. öýmüzde bolan söhbetdeşlik. Men o ýyllar ýaşajykdym. Soñra halypam Uly Garly bilen Gaýgysyzyñ gaty ýakyn dostlugyny bildim. Bir üýşmeleñde Gaýgysyz Uly Garlynyñ aýdym-sazyny teşne diñläp otyrka, birden turup daşary çykypdyr. Uzak wagt gelmändir. Onsoñ Ýazdurdy Beknazar yzyndan çyksa, daşarda Gaýgysyz damagy dolup, gözýaşyny gizlin süpürip dur eken: ”Size näm bolýa?” diýlende: ”Wah, Garly bagşynyñ şeýle belent ussatlygyna bakman, o barmaklaryñam guma garylyp gitjegine gynanýan” diýipdir. Gaýgysyz ýitirim bolmazynyñ öñüsyrasy Garly bagşyny çagyryp: ”Bagşy, meni Moskwa çagyrýarlar. Dolanyp gelmerin. Razy bolmaşak” diýipdir. Men ýolötenli Gurbanmyrat Gadam diýen bagşyda otuzynjy ýyllaryñ bagşylary hakda Gaýgysyzyñ, beylekileriñ gol çeken kararyny gördüm. * * * Rejep Gaýypguly, ýaşuly źurnalist. Suhanguly agany-ha bilỳänsiň?! Ana, şo görgüli gürrüň bererdi. 1927-de Şükür bagşy Suhanguly aganyň ỳanyna barypdyr. Men-ä garrylyk sebäpli garyplykdan kösenỳän. Kömek bermeseňiz boljak däl diỳenmiş. Suhanguly aga-da ỳokara hat ỳazyp, şeỳle-şeỳle diỳỳä-dä. Netije ỳok diỳỳä. ”Hiç ỳerde işlemäni üçin maddy ỳardam berip bilmeỳäris” diỳỳämişler. Onsoň Suhanguly aga pahyr Aşgabada gaỳdypdyr. Göni Gaỳgysyzyň öỳüne bardym diỳỳä… Munuň gürrüňi uzak. Ŷöne Suhanguly aga aỳdardy pahyr: menem uzyn weli, Gaỳgysyz meniň üstüme abanyp dur” diỳerdi. Onsoň ỳeri gelende aỳtdym diỳỳä. Şükür bagşa hiç ỳerde işlemeỳä diỳip pensiỳa bermeỳäler diỳenmiş. Gaỳgysyz bir işgärini çagyrdy diỳỳä. Olam garşy boldy diỳỳä. Gaỳgysyzyň gahary gelip, “Bagşy diỳlen ölỳänçä işleỳä” diỳip janygyp düşündirenmiş. Ahyry, şeỳdip, Şükür bagşa pensiỳa belledenmiş. Gaỳgysyzyň gürrüňi gutar ỳaly däl… Onuň adamçylygy başga ekeni. Soňy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |