13:35 Tilkiniñ dükany | |
TILKINIÑ DÜKANY
Goşgular
Tilki dükan gurundy, Şäheriñ bir çetinde. Hile-mekirlik satmak Bar onuñ niýetinde. Diýýär: - Meniñ harydym Belki, zerurdyr ile. Al gerege, al, tapdyr, Hile gerege, hile! Mekirligem bar, ynha, Bir iş düşse başyña, Al-da ulan, Aññalak Gapdyr garşydaşyña! ■ GARGA "Gara" diýip, garganyñ ýüregine düşdüler, "Hut gazanyñ düýbi deý!" - üstünden gülüşdiler. Garga özün reñkletdi, halys ýandy-da jany, Has beter gülüşdiler: "Görüñ-eý, ak gargany!" Bilmän näme etjegin, garga özün ýitirdi, Gama batyp, günuzyn öýden çykman oturdy. Goñşusy bardy gargañ - köpi gören gargady: - Goý gülsünler, sen pitwa berme! - diýip, sargady. ■ ÇATRYKDA BOLAN GÜRRÜÑ Maşynlary çatrykda Saklady Swetofor. "MAZ" diýdi: - Işim gaýtdy, Uzak eglenmeli bor! Öñem köp wagt ýitirdim Eýläk-beýläk sowulyp. Alyp barýan betonym Doñsa, bolmaz gowulyk! - Trolleýbus dillendi: - Güýmenmän gaýry zada, Gös-göni gurluşyga Gaýdybererler bada! - Biraz betonjyk satdym, Gün görmek kyn aýlyga! - Gyzygamok hiç haçan Men-ä haram baýlyga! "MAZ"-a maslahat berdi Deñinde durab "KrAZ": - Juda ýañra görünýäñ, Ägä bolawer biraz! Gelse dilden gelýändir Başa bela elmydam! Şowakör deý, gör ahyr, Sermenip ýör, ol mydam! Gitjek diýen ýerine Erkin gidip bilenok. Biziñ ýaly hiç haçan Kireý edip bilenok. Göriplikden ýaña ol Satyp goýmasyn, şepe! - "KamAZ" hem makullady: - Gulak goý akyl gepe! Sümlüp geldi "Žiguli" Şol wagt iki aradan: - Ýol beriñ, meniñ eýäm Ýokary edaradan! - Git, aýaga garjaşma! - Diýdi "Žigulä" "KrAZ". Mazutçy daýy, biraz! "KrAZ" çygylan wagty "Püflemek" üçin mazut. Ýol açylyp, "Žiguli" Öñe okduryldy zut. Trolleýbus usully Ugrap olañ yzyndan, Diýdi: - Haçan dynarkak Bulañ hapa gazyndan?! ■ ITLERIÑ DÄBI Kiçijik güjük juda nalady: - Bigünä ýerme itler dalady! "Ulalsañ, bizden gorkaryñ ýaly, Güjükligiñden dalap mazaly, Gözüñiñ odun alýas!" diýdiler. Gulak-guýrugym çeýnäp goýdular. Ulalsam, menem, hiç zada bakman, Güjüjekleri dalaryn hökman! ■ DÜÝE Suwsuz oñmalam bolsa, Oñuberýäñ düýäm sen. Iýmez welin özge mal, Ýandagy-da iýýäñ sen. Az-küç zada äweñok, Aç bolmasañ bolany. Terk edeñok öý-iliñ, Gitseñ gelýäñ dolanyp. Kejirligem ýok sende, Gerek wagty çökerip, Bolýar saña özgeler Eýgermejek ýüki urup. Ýöne öte geçilse, Ýüze tüýküräýmäñ bar. Bagryñ astyna alýan Pursatlaryñam bolýar. Ýogsa-da gezip ýörsüñ, Terkidünýä ýaly sen. Häsiýetdeş türkmene - Tüýs türkmeniñ maly sen! ■ ÇYPAR TOWUK Bar bolsa-da öýünde Suwy hem-de sabyny. Wagty bilen ýuwanok Äriniñ jorabyny, Çypar towuk. Tanar ýaly däl reñki, Ysy añkap dur garaz... Ýuwmaýşynyñ sebäbi: Jalaýmyş äri - horaz, Çypar towugyñ. Delje mäkiýanlary Erbet görenokmyşyn, Şolar bilen tirkeşip, Wepa berenokmyşyn, Çypar towuga. Özgäñ öýünden örüp, Ýanyp ýörmüş oduna. Kirleýänçä üst-başy Salanokmyş ýadyna, Çypar towugy. Äre hötde gelmegiñ Ýoluny bilýän eken. Gör-le tapan tärini, Mekirlik baý kän eken, Çypar towukda. Ynha indi bialaç Öýde otyrmyş äri. Belki, käbir keýwany Öwrener şeýle täri, Çypar towukdan! ■ GAPY DIÑLEÝÄN PIŞIK Gyssagly çykmak üçin Itenimde işigi, Ýere ýazylyp gitdi Goñşymyzyñ pişigi. Turup, ötünç sorady: - Indikile beýtmerin. Eýäme aýtmaýyñ-da?! - Tä görýänçäm aýtmaryn! ■ KÖP WAGTLAP ÝITIRIM BOLAN PIŞIK BILEN SALAMDAN SOÑKY SÖHBETDEŞLIK - Nirde bolduñ?! - Hytaýda! - Näme etdiñ O taýda?! - Öwrendim U-ŞU, KARATE!!! Indi hötde gelerin Hüjüm etse, Her ite! ■ ÝOL ÝAKASYNDA BITEN JÜMJÜME GÜLI BILEN HYÝALY SÖHBET - Eý, jümjüme, jümjüme, Egniñ çyplañ eşikli, Ýol ýakasyna çykyp, Gussaly hem gelşikli Gözleriñ ýola dikip, Garaşýarsyñ sen kime? - Oglum şähere gitdi: Ýoluna baka-baka, Gözüm gögerdi meniñ. Zaryny çeke-çeke, Başym agardy meniñ Gitdi, bikarar etdi. Garaşmak kyn ekeni. Duşup şäher gyzyna - Liliýa atly güle, Halaşyp toý tutanmyş, Oglum ine şoñ bile. ...Teýahyr ýatlar meni... Hemra ŞIROW. | |
|
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Kargär duşmaz hadaňy-tognaýy-duşman maňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |