08:19 Trampy atana terrorçy diýmezlik we Günbatara garaşýan howp | |
TRAMPY ATANA TERRORÇY DIÝMEZLIK we GÜNBATARA GARAŞÝAN KONFLIKT
Publisistika
Trampy öldürmäge synanyşyk onuñ saýlanma mümkinçiligini güýçlendirdi. Atan adama häzirem terrorçy diýilmeýändigi bolsa, üstünde durup geçeniñe degýär. Gündogardan soñ Günbatarda-da agalyk sürýän dini we ideologiki fanatizm Trampyñ we onuñ bellän prezident orunbasarlygyna kandidaty Wansyñ döwründe artyp biler. Donald Tramp 14-nji iýulda Pensilwaniýadaky saýlaw kampaniýasy wagtynda atyldy. Gulagyndan gyltyz ýaralandy, ýöne millimetr tapawutlylykda ölümiñ bäri ýanyndan gaýtdy. Öñki prezidenti we 5-nji noýabrda täzeden prezident saýlanaýmagy mümkin Trampy atan adamyñ wakanyñ bolan ýerinde howpsuzlyk gullugynyñ işgärleri tarapyndan öldürilen ýigrimi ýaşly Tomas Mattew Kruksdygy mälim edildi. FBR beýanat berenmiş, wakanyñ terrorçylykly akt bolup-bolmandygynyñ derñewi gidýärmiş. Jenaýatçy eli tüpeñli prezidentluge kandidatyñ çykyp gepleýän münberini nyşanalan üçegine çykýar, müñlerçe adamyñ ortasynda gepläp oturan kandidata bir gezek däl, birnäçe gezek atýar, köpçüligiñ arasynda ölenler we ýaralananlar bar, emma ne FBR, ne-de amerikan we ýewropa mediýasy Trampy atana terrorçy diýip bilýär. Ýokarda aýdyşym ýaly, FBR wakanyñ añyrsynda haysydyr bir syýasy meçew bermäniñ barlygyny-ýoklugyny barlaýarmyş. Birden Eýranyñ edip ýören işi bolaýmasyn? Şo tarapyna-da seredýärlermiş. Gandaryñ (bigünä raýatlaryñ birini-de öldürendigi üçin) atlandyrylyşy "şuter" ("atyjy"), oña terrorçy diýlenok. • Meselem, ady Omar bolan bolsady Trampy atan adamyñ ady Isa pygamberiñ (a.s) hawarilerinden ikisiniñ iñlisçeleşdirilen atlary Tomas (Tauma) we Mattew (Mattitýahu) bolman, meselem Omar bolan bolsa, Aly bolan bolsa, FBR we amerikan mediýasy beýle ätiýaçly hereket edip bilermidi? Ýa bolmasa edil şol minutdan başlap "New York Times" gazetinden başlap "Fox" teleýalymyna çenli ähli amerilan mediýasy we onuñ yzyna eýerýän Günbatar Ýewropa mediýasy diñe "terrorçy" däl, "musulman terrorçy" garalamalaryna başlarmydy? Başlamazmydy? Norwegiýada 2011-nji ýylyñ 22-nji iýulynda köpüsi çaga 77 adamy öldüren, 242 adamy yaralan Anders Behring Breýwike-de terrorçy diýilmegi gandaryñ özüni nasist yglan etmeginden soñ boldy, şol pursata çenli ol diñe "ýalñyz möjek" bir "ekstremistdi". Trampy atan adamyñ ady Omar, Aly ýa-da Hüseýin bolan bolsa, häzire çenli onuñ ýedi arkasynyñ ilteşýän ýerlerini, belki-de üstüne müñ esse goşup öwrenermidik? Öwrenmezmidik? Gatnan metjidine, ymamyna, salam-helik eden adamlaryna çenli. • Trampy atan özlerinki bolansoñ Emma dünýäniñ çar künjünde ýeriñ aşagynda ýylan gäwüşese bilýändigini aýdýan amerikan gizlin gulluklary häzirem Trampy aranyñ geçmişini bilenok, şeýlemi? Haýsy buthana ýa-da sinagoga gidendigini, buddistdigini ýa-da ateistdigini anyklap bilmändir, şeýlemi? Çünki "Sowuk urşuñ" gutaran wagtyndan bäri, aýratynam birinjiden-ä "El-Kaidäniñ" "11-nji sentýabr' terakty, ikinjidenem Siriýanyñ Graždanlyk urşundaky YŞYD-yñ wagşyýanalygyndan bäri dogry bolsun-bolsun, tapawudy ýok, "terrorçy" garalamasy musulmanlar üçin ulanylypdy. Düzgün şeýle bolansoñ, kelleler tebigy taýdan garjaşýar duruberýär. "Hamas" terrorçy, diýmek "Hamasy" bahana edip, Gazada on müñlerçe palestinalyny gyrýan Ysraýylyñky dogry düşünjesi şu. Wah, birem gumanitar kömegiñ öñüni bentlemese dagy, maşgala bolup ýazgaranam bolýarys... Ady Tomas, Mattew, Meri, Sarah bolsa aýry kesgitleme, Omar, Aly, Merýem ýa-da Sara bolsa aýry kesgitleme berilmeli, şeýlemi? Şeýle bolýar-da? Günbatardaky bu kelle garjaşyklygy ýakynda amerikan halky bu deñsiz-taýsyz sowukganlylygy bilen Trampy täzeden prezident saýlanda hasam artjaga meñzeýär. • Trampyñ iñ strategiki saýlawy Tramp özüne orunbasar hökmünde Ohionyñ 39 ýaşly senatory JD Wansy saýlap aldy: Jeýms Dewid. Garyplaşan we umydyny ýitiren amerikan düzlüginiñ wekiliniñ "Daýhanyñ agysy" (“Hillbilly Elegy”) kitaby iñ geçginli kitaplaryñ birine öwrüldi we kitabyñ esasynda kinofilm hem surata düşürildi. Obamanyñ daşary syýasat boýunça orunbasary Jo Baýden ýaly dünýäni öz agzyna garatjak bolmakdan has beter öz halky bilen mümkingadar iñ sag-populist görnüşde gyzyklanýar. Syýasaty "Tokaý otla, at gazan" derejesinde alyp barmagy bilen tanalýar. Buşyñ toparyna "neokonserwatiw" (täze dindarlar") diýýärdi, häzirkilere "neoreactionary" ("täze yzagalaklar") diýýär. Fanat derejede dindar we ýewropa liberallarynyñ öñe tutýan bar zadynyñ doly garşysynda. Daşary syýasata bolan gyzyklanmasy meksikaly migrantlar derejesinde we mysal üçin Ukraina berilýän amerikan harby kömegine garşy, ol bu puluñ garyp daýhanlara gitmelidigini aýdýar. Ine, şu ýerde hem Günbatar Ýewropanyñ syrtyna kesewi sokulana dönýär. Ýewropa bileleşigi Trampy şonsuzam halap barmaýar. Tramp hem olary halamaýar. NATO bileleşigine-de daşrak duranyny kem görmeýär, bulam onlarça ýyllap harby-goranyşyny amerikan esgeriniñ ygtyýaryna bermek arkaly baýap gelen ýewropa ykdysadyýetlerini aladalandyrýar. Tramp döwründe olaryñ Russiýadan gorkulary güýçlenjege meñzeýär. • Ýewropada Tramp endişesi ÝB-niñ döwürleýin başlygy bolan Wengeriýanyñ premýer-ministri Wiktor Orban birinji resmi saparynda Ukrainanyñ prezidenti Wladimir Zelenskidir Russiýanyñ prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Soñra Si Szinpin bulen duşuşmak üçin Hytaýa gitdi. NATO duşuşygy üçin ABŞ-na gidende bolsa prezident Jo Baýden bilen duşuşmady, teraktyñ öñüsyrasy Trampy görmäge gitdi Özüni Putin, Szinpin, Tramp bilen görüşendigi üçin ýazgaran ÝB-niñ beýleki döwlet ýolbaşçylaryna-da oturdy-da hat ýazdy: Yraml gelen badyna Ukraina syýasatyny üýtgeder we ÝB häzirki syýasaty bilen has uly ýüküñ astyna girer. Ýogsam bolmasa, Baýdeniñ dünýäni gysymyna gysma syýasaty ýewropa ykdysadyýetlerini diñe Russiýa garşy Ukraina däl, palestinalylara garşy Ysraýyla-da örän köp maliýe we harby kömegi bermäge mejbur edýär. Dünýäniñ ep-esli bölegi ABŞ-nyñ başga ýurtlaryñ ýakasyndan el çekip, özüne üns bermegine begenip biler. Netijede dünýäniñ çar künjüne demokratiýa getirmek bahanasy bilen uruş getirmek biraz azalsa gerek. Ine, amerikan esgeriniñ arkasyna bukulyp jübûsini galñadýarka Orsyýete, indem Hytaýa ýumruk salgaýan ýewropa hökümetleriniñ endişesi şu. Trampy halamasalar-da, muña döz gelmeli bolarlar. • Fanatizm, diskriminasiýa we zorluk-zulum güýçlener Öñki prezident Tramly atyp, halkyñ üstüne ok ýagdyran pensilwaniýaly Tomas Mattewe ady Omar ýa-da Aly bolmandygy üçin häzirem terrorçy diýmeýän dini we ideologiki fanatizmiñ Tramp-Wans döwründe Gündogardan soñ Günbatarda-da möwjejegini pikir etmek üçin sebäp göremok. ABŞ-nyñ öz içine çekilmegi, belkäm uruşlaryñ ýaýramazlygy taýdan alanda oñyn üýtgeşme bolup görnübem biler, emma beýleki bir ýandan migrant meselesi bilen agressiýalaşan dini we etniki fanatizmiñ dünýäniñ hemme ýerinde güýçlenjegi, milli döwletler öñküsindenem güývlenip, halkara hukuk kadalarynyñ ýerine güýç syýasatynyñ öñe çykmaga başlanjagyny hem aýdyp bolar. Gutulgysyz ýagdaýda biziñ ýurdumyza-da täsir edip biljek ýagdaý. Başdaky gürrüñe dolanyp gelip, bir zada hasam ünsüñizi çekesim gelýär. Trampy atanyñ jöhitdigi ýa däldigi mälim edilenok. Emma belli jöhit guramasy "Garalamalara garşy bileleşik" ("Anti Defamation League") Trampyñ janyna kast etmäge edilen synanyşygyñ ABŞ-daky antisemitizmi gorjama gorkusynyñ bardygyny agzaýar. FBR-iñ we süýtden gan gözleýän amerikan mediýasynyñ tapyp bilmedik baglanyşygyny bilýän bolaýmasynlar? Bilmeýärlermikä ýa? Murat ÝETKIN. "YETKIN REPORT" internet gazeti, 17.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||