16:21 Tupanlarda taplanan ömür / hekaýa | |
TUPANLARDA TAPLANAN ÖMÜR
Hekaýalar
Bütin ömrüni bir käre örklemek ynsanlaryň aglabasyna mahsus bolsa-da, ýaşlyk döwründen bir zähmet kärhanasy bilen bagry badaşyp, ömürboýy şol bir ýerde zähmet çeken adamlar durmuşda onçakly köp gabat gelenok. Puhar aga Beýik Watançylyk urşunyň gowgaly ýyllarynda balykçylyk kärhanasyna işe girende ol ýaňy murty tabap ugran ýigdekçe ekeni. Şol hojalykda balyk awlamak bilen meşgullanyp, Hazar deňziniň möwçli goýnunda tutuş är ömrüni ötüripdir. Saýlap alan kärine wepa-yhlas görkezip, galaba kyn-hutbatly günleri başdan geçirse-de ruhdan düşmändir, ejizlemändir. Zähmet depderçesindäki balykçylyk kärhanasyna işe girenligi we pensiýa ýaşyna ýetenligi sebäpli işden boşanlygy baradaky ýazgy muňa şaýatlyk edýär. Häzir Türkmenbaşy şäherinde işleýän oglunyňkyda agtyklaryna guwanyp ýaşaýan Puhar aga bilen çärýek asyra golaý mundan öň bir märekede sulhym alyşyp, tanyş bolupdym. Deň-duş bolmasak-da durmuşda ýüze çykýan köp meseleler barada onuň bilen garaýyşymyz deň gelensoň, indi bir üýşmeleňe dagy gitmeli bolanymyzda biri-birimizden başga ýoldaş gözlämzok. Toýa-ýasa, köpçülige baranda onuň sadalygy, sabyrlylygy, kanagatlylygy haýran galdyrýar. Töre geçmäge, soralmadyk sowala jogap bermäge howluganok. Ýaş başyndan agyr zähmetde, gaýda-gomda, aňzakda-jöwzada taplanan, gabarçakly gollarynyň azap-gujury bilen halal nan iýip ýaşan merdana zähmet pälwanynyň her aýdýan sözleri agras we oýlanyşykly, ýyly nan ýaly mähir-mylakatly. Öz ynsan mertebesine, goňşy-golama, ula-kiçä deň derejede gymmat goýup bilýän gadyrdan adam ol. Şeýle ýagşy häsiýetleriň onda jemlenmegi bizi barha ysnyşdyrdy. Mesawy gürrüňlerini diňlemek üçin onuň ýanyna ýörite barýan günüm az däl. Märekede bir wakany beýan edende dagy diňe men däl, onuň ýanynda toplanan beýleki adamlar hem lezzet bilen diňleýärler. Ýaşuly onçakly dilewar, danyşment adamlardan bolmasa-da, ýatkeşligine dil ýetirer ýaly däl. Heňňamlar aýlanyp, döwürleriň dönendigine garamazdan, ol uzak geçmişiň gowgaly we külpetli günlerini dürs we täsirli beýan edip bilýär. Elbetde, köp okan-öwrenen ylymdar hünärmenleriň Hazar deňziniň özboluşly aýratynlyklary, tebigat we ösümlik dünýäsi barada berýän täsin gürrüňleri köp zatlara gözüňi açyp, aň-düşünjäňi baýlaşdyrýar. Puhar aganyň sada, mesawy söhbetleriniň täsir güýji başgarak. Olar okap alnan bilimler däl-de, başdan geçirien wakalaryň, pikir-duýgularyň beýany. Olar – ýaşalan ömrüň ýatlamalary. Puhar aganyň öz otagynyň bir künjegi kiçijik muzeýi ýada salýar. Ýaşuly üçin eziz, gymmatly, onuň ýüregine ýakyn, ajyly-süýjüli ömür ýatlamalary bilen baglanyşykly bolan ençeme zatlar bu ýerde aýawly saklanýar. -- Ynha, şuny ussalar toýun palçykdan ýasap, kürede bişirilýärdiler -- diýip, öý eýesi çagalaryň üfläp çalýan tüýdügine çalym edýän saz guralyny görkezýär – Uzak aw saparyna giden gämiler kenara ýetip gelýärkäler biz, oglanjyklar ony çalyp, hoş habary ilata buşlaýardyk. Megerem, mübärek habary halka ýetirýänligi üçindir, ilat bu saz guralyny şatlyk, kä ýerlerde bolsa şadyýan diýip atlandyrýardy. Elbetde, Puhar aga üçin obadaşlary, dost-ýarlary, bile zähmet çeken kärdeşleri onuň bu dünýäde süren halal ömrüniň hasam ynamdar şaýatlary bolup durýarlar. Arada öýüne baramda ol meni özünden otuz-kyrk ýaş dagy kiçi kärdeşi, öňki şägirdi Hojageldi bilen tanyşdyrdy. -- Hazar deňzi halkymyzyň rysgal-döwletidir, eti ynsana ýokumly balyklaryň hazynasydyr. – diýip, balykçy goja guwançly gürledi -- Baharda Garabogazyň kenaryndaky suw otlaryndan we deňziň beýleki nygmatlaryndan iýmitlenip daýanan çapak balyklary güýziň ahyrlarynda Esengulynyň ýyly suwly kenarlarynda peýda bolýarlar. Şol döwürde awlanan balyklar müň derdiň dermandyr, tagamy üýtgeşikdir, lezzeti başgadyr. -- Awyň şowly we bereketli bolmagy köp derejede deňiz tebigatynyň amatly şertlerine bagly bolýar – diýip, Hojageldi hem gürrüňi alyp göterdi -- Deňiz tebigatyna dykgatly ser salyp, balykçylar howanyň öwzaýyny öňünden çaklap bilýärler. Ata-babalarymyz “Aý gulaklasa aýda gaý, gün gulaklasa günde gaý” diýipdirler. Dogrudan hem aý gulaklap doganda, howa uzak wagtlap gaýlaýar. Günüň günbatar-demirgazyk tarapy gulaklasa gündogardan, günorta tarapy gulaklasa, demirgazyk tarapdan ýel öwüsýär. Puhar aga ýarym degişmä salyp gülümsiredi: -- Ýöne, Hojaberdi inim, sen deňiz bilen şemal öz etjek-goýjagyny öňünden jikme-jik aýdyp, balykçylary edil gönendirip ýören ýaly edip görkezäýme! Hezretaly jan ýalňyş düşünäýmesin. Deňziň öňünden bilip bolmaýan oýunlary gaty kändir. Men diýen “deňiz gurtlaryna” al salyp, ýuwdup goýbermesi bardyr onuň. -- Eý-ho, aýtmaweri şony! – diýip, Hojaberdi maňa bakyp, başyny ýaýkady – Deňiz adamzady gaty kän gowgalara salyp, mertligini we sowukganlygyny synap görýär. Men, gowusy, aw saparyna Puhar aga bilen bilelikde iň soňky gidişimizi gürrüň bereýin. Şol gün horazlar nazym bilen gygyryp başlanda torlarymyzy düýnki guran ýerimize ugranymyzda demirgazyk-günbatar tarapdan ýuwaşja şemal öwüsýärdi. Balykçylar ony jylawaz şemaly diýip atlandyrýarlar. Şol pursatda deňizde balyk bol bolýar, isledigiňçe awlabermelidir. Çarlaklaryň, gurjankelleriň bir asmana galyp, birde suwa inip aw edýändigini görenimizde has-da begendik. Torumyza takgaz, külke we kefal balygynyň has köp düşjekdigine berk ynanýardyk. Emma awlag ýerimize ýetip barýarkak deňziň suwy örküçlenip başlady. Deňiz gabaryp, suwy galňaýan ýaly boldy. Daş-töwerekdäki zatlar gözýetimde ýitip, birden ýakynymyzda ýaly bolup göründi. Balykçylaryň “Howada daňňal galdy” diýýänleri başlandy. Tolkunlar uranda gorumyna suw girýän gämimiz bir soluna, bir-de sagyna yraň atyp, jygyldap başlady. Deňiz giňişligi gury ýer ýaly däl, gaý-tupan turdygy derrew kenara çykmagyň aladasyny etmeli bolýar. Yrsgal--eklenç nesibesini deňizden gözleýän adamlar muny gowy bilýärler. Meniň howalam basylyp, ýüregine dowul düşüp başlady. “Halypa, kenara ýetip bilerismi?” diýip, Puhar agadan gaýta-gaýta soranymy duýman galýardym. Halypam welin durmuşda şeýle ýagdaýa köp duşansoň, ýüreginde gorky-ürki ýokdy. “Erenler ýar bolup, bizi goldar, inim! Gaýrat etsek ýeteris, aljyramak bolmaz!” diýip, maňa göwünlik berýärdi. Şeýdip köp kynçylyk, azap görsek-de, iňrik garalandan soň sag-aman kenara dolandyk. Ara ep-esli dymyşlyk düşünden soň Puhar aga sakgalyny daraklap ardynjyrady-da, Hojageldä ýüzlendi: -- Inim, sen häzir baýry balykçy, halypaçylyga ýetişip barýarsyň. Diýmek, bu barada-da bilmeli, öwrenmeli zatlaryň bar. Sen ýaňy “Halypamyň ýüreginde gorky-ürki ýokdy” diýdiň. Wah, şol wagt meniň ýüregimde nämeler gopýandygyny sen nireden bilýärsiň? Janymy gaýgy etmez ýaly meniň janym iki däl ahyryn. Meniň durmuşda şeýle ýagdaýa köp duşanym dogry. Emma şol gezek ýagdaý has çökderdi ahyryn. Şonda-da, janymyz gyl üstünde bolsa-da ýüregimizi howsala bermeli däldik. Şeýle ýagdaýda gämidäki adamlaryň aljyrap, el-aýagyny ýitirmegi pajyga gös-göni ýol açjakdy. Şonuň üçinem içimden näçe “Hudaý! Hudaý!” diýip galpyldasamam, muny size bildirmeli däldim. Görnüşi ýaly, men şony başarypdyrynam. Halypa boljak bolsaň, şonuň ýalyda sowukganlylygy, özüňe erk etmegi senem başarmaly bolarsyň. Galan zat Allatagala baglydyr. Gaý-tupanda mertligiňi elden bermek – hemme zady ýitirmekdir. Men bolsa goja balykçyny synlap oturşyma oýa batýardym: “Öňde biri “Keseleň ýagşysy ýokdyr welin, garrylyk hem höwes ederli zat däl eken “ diýenmiş. Wagtyň geçmegi bilen heňňam garraýar, ynsanyň garramagy hem tebigy zat. Şol derdi mertlik bilen çekmegi, günüňe, ýüküňe kaýyl bolmagy welin hemme kişi başaryp baranok...” -- Ynsan ömriniň many-mazmuny öýüň bikesine, ogul-gyza, geline köp derejede bagly bolýar. – diýip, goja meniň pikirimi ýüzümden okan ýaly gürledi -- Gowy gelin maşgalanyň diregi we öýüň bezegidir. Taňrytagala şu babatda meni ýalkapdyr. Imany hemra bolsun, gelnejeňiz hamrak, dile düşüş adamdy. Ogul-gyzym, gelin-giýewim hem il-günüň derdine ýaraýan adamlar bolup ýetişdiler. Meniň göwnüme ganat, süňňüme gujur berýän ýene bir zat hem – şu bagtyýar zamanamyz, il-günümiň eşreti, ýurt parahatçylygy. Esengulyly zähmetkeşler baradaky aladany Hormatly Prezidentimiz Ýurda ýolbaşçylyk edip ugran badyna deňizýaka etrabynda balykçylyk hojalygyny döredip, olary balyk tutulýan enjamlar we gaýyklar bilen üpjün etmekden başlapdy. «Är işlemez, gural işlär» diýleni. Soňam etraby özgertmekde uly işler amala aşyryldy. Indi diňe bir balykçylar däl, eýsem halyçy gelin-gyzlar, lukmanlar, mugallymlar, türgenler... hem öz arzuw edýän iş we durmuş şertlerine eýe boldular. Iň häzirkizaman dünýä ülňülerine laýyk enjamlaşdyrylan mekdepler, hassahanalar, medeniýet öýleri, sport zallary ilatyň durmuşyny düýpgöter täze derejä göterdi. Bu çet etrabyň welaýat merkezi bilen aragatnaşygy hem, ilatyň agyz suw bilen üpjünçiligi hem çözülen meseleleriň hatarynda durýar. Öň ýagdaý olar ýaly däldi ahyryn. Balykçy gojanyň şeýle söhbetlerinden soň, onuň ýanyndan hemişe bolşy ýaly ruhum täzelenen, durmuşa ynamym, ykbalyň eçilen nygmatlaryna şükrüm artan ýaly bolup gaýtdym. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |