14:12 Türkmen | |
TÜRKMEN
Goşgular
Seýle diýen eken bir syýahatçy: “Türkmenleriň eý gördügi myhmandyr. …Dört dogan bar bolsa eger bir öýde, Garamaýak bolmaz – dördüsem handyr”. Men bu baha bilen ylalaşýaryn. Han däl türkmeniň hem han göwni bardyr. Kel toklydan başga zady bolmadyk Kişem özün her kesçeräk görýändir. Myhman barsa şol kişiniň öýüne Ýalňyz tokly söwüş üçin soýulýar. Bilemok, şundan soň öý eýesine Han diýilmän başga name diýilýär? Bir türkmeniň tarypyny edýärler, Işleýän ekeni assnsiýada. Bir menzillik ýola günüň gününe Obasyndan gatnar eken pyýada. Ertirki gelşine ikindä çenli Bil ýazman işläpdir şol daýaw ýükçi. Iş günün tamamlan mahaly bolsa Bilýänsiňiz hakyn alýar günlükçi. Bu kişiniň kimligini tanarsyň, Gulak goýsaň hekaýatyň yzyna. Ýaňky ýükçi obasyna gaýdanda Iki paýtun tutýar eken özüne. Birinde telpegi, birinde özi, Goşa paýtun düşýär ine daş köçä. Şeýdip barýan geň adamy synlamak Lezzet berer eken uludan kiçä. El bulaýar haýran galan synçylar, Atlaram saz edýär boýny düwmeli. Ýeri, indi şol türkmene Han diýmän, Aýdyň, eýsem başga name diýmeli. * * * Bu ýagty jahana gelen bäbekler, Aý geçer, ýyl geçer, keşbine geler. Başyn oňa-muňa ursa-da adam, Ir-u-giç özüniň kesbine geler. Bardyr ykbalyňam gyşydyr ýazy, Az bolguçdyr öz gününden razy. Bagty gözläp ýörme, o närsäň özi Bagty çüwen kişiň üstüne geler. Gündiz edip işlese-de gijesin, Rysgala baglydyr içjek-iýjegiň, Jandarlar içinde kämil diýjegiň – Adam adamynyň kastyna geler. Gara garyn doly bolsa ýaman däl, Baýlyk-bada diýen gepem ýalan däl. Adam ogly diňe çörek bilen däl, Ynam-iman bilen rysgyna geler. Adam namart bolar, naýynsap bolar – Ahyr öňe düşjek ak ynsap bolar, Sözünde durmazlyk juda aýp bolar, Gezek şol gadymy messebe geler. Hamhyýallyk etme çeninden aşa, Ýöne arzuwly bol, umytly ýaşa. Gün güýçliňki bolup durmaz hemişe Döwürler dolanyp asgyna geler. Bäş günlük ömrüňde oýnatma seriň, Bir ýerde goýmazlar, çalşyrlar orun. Gohly-galmagally, jepaly ýeriň Üstünde ýaşanlar astyna geler. Alaç ýokdur, agyr degse-de näler, Deňleşer ahyry gedalar, şalar. Bu ýerde hars uran harsydünýäler Iň soňy şol ýerde essine geler... * * * Bir ýylyň içinde diňe bir ýaz däl. Jöwza tomus-da bar garly gyş-da bar, Duýmankaň duş gelýän ahwalat az däl, Näbiljek ne gowga gara başda bar. Ýüzüň-gözüň ýylgyryp dur, gülüp dur, Gujaklasyň, ogşaýasyň gelip dur, Emma meniň ýürejigim bilip dur – Bela-beter daşda däl-de, içde bar. Salgyma çaparmyş çöllerde suwsan, Bizi heläk edýär, gör, näçe nogsan, Kellesi pikirden püre-pür ynsan, Akyl sende, Ganat welin guşda bar. Her kimde bir gylyk, her zatda hasap, Dünýäde hiç bir zat döränok aňsat, Halyçyň kalbynda gopýar harasat – Halysynda haýran edýän keşde bar. Bir ömür bar, oňa on müň zat gerek, Heňňam agyr, ynsan göwni şat gerek, Ýüregimde ýanyp duran ot gerek, Öçügsi şem hatda kalby boşda bar. * * * Eý-how bu ýalançyň oýny näteňet, Geçen ömrüň göýä düýş bolup galdy. Ataly-eneli bolanlygyňa Ynanmagyň özem iş bolup galdy. Bu niçik ahwalat, bu niçik oýun – Düşünýärsiň, ýöne bolaňok boýun. | |
|
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Gaýtawul / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Şygyrlar / Goşgular - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |