18:39 Dörändir Türkmen | |
DÖRÄNDIR TÜRKMEN
Goşgular
Zemini gül-bossan eýlemek üçin, Onuň ýazlaryndan dörändir Türkmen. Zemine ak bagty paýlamak üçin, Bagtyň gujagynda örýändir Türkmen. Säheri aýdyňdyr, asmany nurly, Topragy baýlykdyr nebitli,gazly, Akly bihuş edýän aýdymly, sazly, Mukamly ýollardan barýandyr Türkmen. Doganlyk ýollary, dostluk ýollary, Agzybirlik gurşar sagy-sollary, Birleşdirip üzňe düşen gollary, Altyndan alkyşlar alýandyr Türkmen. Göwünlere ornaşdyryp ak niýet, Zemini gül-bossan eýleýär, seret, Bedew badyň bilen öňe dowam et, Ynamly geljege dowamdyr Türkmen. Isa HOJAMERDANOW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |