TÜRKMEN DESSANLARYNYÑ ÇEŞMELERI
■ Edebiýat mugallymlaryna kömek
Hiç bir zat tarpdan döremeýär, hiç bir zat öz-özlüginden, başga bir zadyň täsiri, görüm-göreldesi bolmazdan ýüze çykyp bilmez. Baýyrlar bolmasa daglar, daglaryň gary we çeşmeleri bolmasa derýalar bolmaýar. Hemme zat birnäçe zatdan ybaratdyr, birnäçe zat – biri-biriniň başlangyjydyr., biri-biriniň dowamydyr, biri-birini döredýän, ösdürýän, kemala getirýän serişdedir. Her bir döreýän, ösýän, kemala gelýän zat özüni döreden, ösdüren, kemala getiren zatlaryň her haýsyndan zerur bolan ülüşleri alyp, aýrybaşga, özbaşdak sypata girýär.
Dessanlar barada-da ýagdaý şonuň ýalydyr. Dessanlaryň ýüze çykmagy üçin, ilkinji nobatda, diňleýjiniň ünsüni çekip biljek täsin waka ýa-da waka toplumy gerek. Türkmen edebiýatynda bolsa muňa urbalyk hadysalar azlyk etmeýär. Galyberse-de, wakalar tapylandan, seljerilip, saýlanyp alnandan soň, ony belli bir galypyň içinde ýerleşdirmek, ýagny bir sapaga düzmek derwaýysdyr. Oguz han, onuň ogullary, agtyklary, trkmeniň hem-de onuň taýpalarynyň emele gelşi, ýer hem asman, tebigat – ösümlik hem haýwanat dünýäsi, aslyýetine düýpli göz ýetirilmedik, emma adamyň aň-akylyna täsir edýän, gudratly diýlip ynanylan zatlar dogrusyndaky yrym-ynançlar, mifler, rowaýat-legendalar “Oguznamalaryň” esasynda goýlup, mantyk taýdan üznüksiz baglanyşykly tertibe getirilendir. Şeýle-de bolsa, edebiýaty öwrenijiler “Oguznamany” we onuň ülňüsinde ýazylan şoňa kybapdaş eserleriň hiç birini çeperçilik babatda ýugrumy ýeten hasaplamaýarlar. Şol bir wagtyň özünde, ol türkmeniň gadymy köklerini, ata-babalarymyzyň irki döwür ýaşaýyş ýagdaýlaryny, däp-dessurlaryny, adatlaryny, dünýägaraýyşlaryny açyp görkezýänligi, şol döwürleri öwrwnmekde ygtybarly maglumatlary berýänligi babatda biçak ähmiýetlidir. Diýmek “Oguznamalaryň” ilkinji nusgalarynyň ýazylan döwürlerinde materiallaryň, hyýaly-mifik maglumatlaryň, yrym, ynanç, nakyl, rowaýat kimin çeşmeleriň bardygyna garamazdan, çeper pikirlenme ýagdaýy gaty bir öwerlikli bolmandyr. Ýa-da döwrüň durnukly bir etapa geçişindäki çylşyrymly hadysalar, pajygaly pursatlar, ýer-ýurt ugrundaky aladalar, alys ülkelere ýörişler zerarly taryhy-etnografik nukdaý nazardan pikirlenmek baş orunda goýlup, çeper pikirlenmäniň hakyky önümlerini döretmäge wagt tapylmandyr. Ýöne welin, “Oguznamalaryň” öz ýazylan zamanlaryna garanyňda-da has gadymy, has irki mifleri, yrym-ynançlary öz içine alýandygyna, olary Oguz hanyň döwri, şahsyýeti bilen baglanyşdyrýandygyna görä, bu eserleriň käbir waka däneleriniň soňraky dessanlara aralaşandygyny inkär edip hem bolmaýar. Oguz hanyň ata aýratyn gadyr goýmagy, ondaky käbir gahrymanlaryň soňraky dessanlarda atlarynyň agzalmagy ýaly ýagdaýlary şu mesele bilen baglanyşdyryp ýatlamak bolar.
Şeýlelikde, wakalar, hadysalar bar, rowaýata öwrülen şahslar hem bar. Emma olardan bir bitewi sudur döretmek usullary, çeper beýan etmegiň tärleri, eseriň gyzyklylygyny kepillendirýän edebi çemeleşmeler welin entek bişişip ýetişmändir. Emma şoňa tarap ymtylyş bolupdyr. Şonuň ýaly ymtylyş ertekileriň üsti bilen ýol arçapdyr. Edebiýaty döredijiler ýatlanylýan çeşmeleri öz eserleriniň aýlawyna ol-bi taraplardan aralaşdyrmaga, olardan täze wakalar ýasamaga, olara täze gahrymanlar girizmäge, olardaky wakalary yzygiderli tertipde ýerleşdirmäge hem-de olaryň üstüni täze beýan ediş usullary bilen baýlaşdyrmaga çalşypdyrlar. Gadymdan gelýän yrymdyr-ynançlar, adatlardyr-dessurlar, taryhy maglumatlar, duýgynyň we psihologiýanyň birleşdirilmegi, ýanaşyk goýulmagy bilen birlikde, ertekilerde, indi adam häsiýetleri, dowam edip duran durmuşyň anyk ugurlary-da öz beýanyny tapypdyr. Otparazçylyk, şamançylyk, totemçilik, fetişlik, köphudaýlylyk we gaýry bir topar zamanlarda “hut şeýle bolupdyr” diýlip göni manysynda düşünilen hadysalar, şonuň ýaly hadysalara gatnaşyjy hyýaly zatlar /gepleýän guşlar, haýwanlar, tebigat üzündileri we ş. m./ soňra göçme manyly aňlatmalar, düşünjeler hökmünde diňe eretekilerde kämilleşipdir. Has gadymy halk nusgalarynda /mysal üçin, miflerde/ adam durmuşyndan daşarda, ýöne onuň hyýalynda we göz öňüne getirmelerinde ýaşap, başdan-aýak gara çüýçleri alamatlandyryp gelýän döwler, periler, aždarhalar indi diňe ertekilerde umumy ýaşaýyş bilen mäkäm baglanyşdyrylypdyr. Haýyr hem şer düşünjeleri, hemme zatdan öňürti, ertekilerde anyk-duýarlykly aýyl-saýyllyga eýe bolupdyr. A.F.Losew “Antik edebiýatyň estetikasy” diýen işinde “Mif başda öz-özlügine görä oňňut edýär. Ol şonuň ýaly edilip ilkidurmuş urugçylyk jemgyýet formassiýasy tarapyndan döredilipdir”[M., Высшая школа, 1983, 128 с.] diýip ýazýar. Ana, şol öz-özlüginde bolan bir mahalky mifler soňra, ilkinji gezek, diňe ertekilerde adam durmuşyna ýakynlaşdyrylypdyr.Mif – jemgyýetiň, adam aňynyň tebigatyň syrlaryna göz ýetirip, düşünip bilmedik döwürleriniň önümidir. Hatda, adam özüni-de mif ideologiýasynyň içinde görüpdir. Ertekilerde adam eýýäm daşarky äleme, tebigat syrlaryna düşünip ugraýar, tebigatdan saýlanyp ugraýar. Netijede, döwler, periler döwlük, perilik sypatlaryny äpetligi, biçak owadanlygy, ýeke gözlüligi, köp kelleliligi, jadygöýligi babatlarda saklaýan-da bolsalar, olar “biz döwdüris” ýa-da “biz otdan dörän meleklerdiris” diýip, adamlardan çete çekilip ýörenoklar. Çete çekiläýeýin diýenlerinde-de, adam olara ýol bererli däl. Gaýtam olar indi adamyň “daýy”, “daýza” taraplaryny-da emele getirip başlapdyr. Mahlasy, adam öz akylyna ynanyp ugrapdyr, şeýle bolansoň ol perileriň-de, döwleriň-de öz haýryna, ynsançylyk mertebesine hyzmat etmeginiň ýollaryny agtaryp tapýar. Bu gowluk bilen başartmadyk halatynda ol bilegine, gylyjyna daýanýar, sebäbi onuň öz güýjüne bolan ynamy-da ozalkylaryndan has artyk.
Jemgyýetçilik durmuşyndaky, adam aňyndaky şu hili ösüş-özgerişlik döredijilik güýçleriniň-de akylyny ýygjamlamaga, ukyp-başarnygyny pugtalandyrmaga, zehinini taplamaga mümkinçilik döredipdir. Adam özüniň beýleki göze görünýän we görünmeýän hyýaly jandarlaryň hemmesinden öňe saýlanyp durandygyna, paýhas, güýç-gujur babatlarda, ukyp-başarnyk jähetden hem ýeke-täk hökmürowandygyna, şeýle bolansoň, ýaşaýşy dowam etdirmegiň, ony öz pikir ediş derejesine, göwün islegine görä gözelleşdirmegiň, täze nesli terbiýeläp ýetişdirmegiň diňe öz üstüne düşýändigine ymykly göz ýetirmäge başlapdyr.
Netijede halk bar bolan gadymy materiallaryň çäklerinde durmuşyň köp ugurlaryndaky ýüze çykýan meseleleri, ol materiallara täzeden çemeleşmek, gaýtadan işläp, çeper rewüşlerde şekillendirmek arkaly şöhlelendirip boljakdygyna düşünipdir. Emma bu düşünje has gadymy hyýaly däpleri, soňra ýüz beren dini-mistik garaýyşlary ortadan öňli-soňly aýryp bilmändir. Olar däpleşen, dessurlaşan halda durnukly hadysalar, nakyllar, degişmeler, çyny hem ýalany özünde kebşirläp görkezýän rowaýatlar, kömekçi gahrymanlar, aýdym ýa-da goşgy bölekleri şekilinde wakalar ulgamlaryna girizilipdir.
Dessanlarda kyssa bilen duýgynyň owazlaşýan ýazgylarynyň aralaşyp gelmegi-de, bitewi bir waka ulgamyny döretmegiň tärleri-de, hekaýanyň icinde hekaýa getirip, olary esasy gahrymanyň başdan geçirýän ahwalatyna baglamagyň usuly-da, çeper keşp döretmegiň ýollary hem, fantastik jandarlary, hyýaly mistik şahsyýetleri hadysalaryň çözgütlerine gatnaşdyrmagyň nusgalary-da öz gözbaşyny ertekilerden alyp gaýdýar diýsek gaty bir öte geçdigimiz däl.
Şularyň arasynda kyssawy eserlerde goşgynyň ulanylmagy, onuň wakalaryň dürli ýerlerinde getirilmegi dessanlaryň döremegindäki täsir hyzmatynyň möhüm görkezijisidir. Şu däbiň saklanmadyk ýerinde dessan ýokdur. Muňa hatda Gorkut ata eýýamynda “Dädem Gorkudyň kitabyny” döredenler-de düşünipdirler. Sebäbi bu şadessanda Gorkudyň söz söýlemegi /goşgy aýtmagy/ adaty zatdyr. Dili senaly, suhangöý, dilewar adamlar gadymy döwürde ozon diýlip atlandyrylypdyr. Ozonlaryň eli mydama saz gurally bolupdyr. Olar goşgynyň sözüni, sazyny döredijilerdir we aýdymy ýerine ýetirijilerdir.
Şu ýerde bir zady çaklama hökmünde orta atmak isleýäris. “Oguznamada” goşgy setirleriniň öň ýanynda şeýle diýilýär: “Dädem Gorkut geldi. Boý boýlady, soý solady. Bu “Oguznamaýy” söýledi” [Kitaby Dädem gorkut we hekaýaty Gazan beg we gaýry.-A., TMGI, 1997, 238 s.]. Ýa-da “Dädem Gorkut soý soýlady, boý boýlady, gopuz çaldy, şadlyk eýledi. Bu “Oguznamaýy” söýledi, ne diýdi:
Ol ögdügum beg erenler,
Dünýäýe benum diýenler,
Ajal aldy, ýir gizledi,
Fany dünýä kime galdy.
Soň ujy ölümlu dünýä,
Ýom bereýin hanum,
Ýirli gara taglaryň ýykylmasun,
Kölgelüje gaba agajyň kesilmesun,
Ag sakallu babaň ýiri uçmag olsun,
Ag burçaklu eneň ýiri jennet olsun,
Ogul ile garyndaşdan aýyrmasun”
Görnüşi ýaly, bu “Oguznamaýy söýledi” diýlen sözlem /düşünje/ hemişe şol bir ýerde, goşgynyň aýdylmagynyň nobaty gelende sataşýar. Bu ýerde üns berilmeli zat şol jümläniň goşgyny – inçe duýgyny, belent joşgunly owazy aňladyp gelýänligidir.
Munuň şeýle bolmagynyň nähili sebäbi barka? “Oguznamada” bagşylar hem ýatlanylpar, dowamly toý-tomaşalaryň-da gürrüňi edilýär Toý, hemme zatdan ozal, şowhun-şagalaňy, şatlygy, gülküni, göwnühoşlugy aňladýar. Bu zatlaryň hemmesi aýdym-sazyň bar ýerinde mümkin. Adam ölende hem “agylar” bilen ugradylypdyr ahyryn! Çaga dünýä indigi hüwdi başlanýar. Hemme ýerde, hemme babatda heň-owaz başky orunda goýulýan ýaly bolup duýulýar. “Gorkut ata” şadessanynyň kyssalaryna-da bir hili heňiň-owazyň mahsusdygy-da, belki, şu pikiri tassyklaýandyr? Bu eseri tutuşlygyna hiňlenip okasaň hem boljak. Garaz, böwrüňi diňlemäge ýapyşalga bar ýaly: “Oguznamaýy” diýlip, şygyr göz öňünde tutulýar welin, bularyň arasynda many jähetden nähilidir bir ilteşik bolaýmasyn? Biziň çaklama diýýänimiziň “mus-musly” tarapy şunda.
Başky gürrüňimize dolanalyň. Türkmen halk ertekilerinde goşgynyň ýerleşişi edil “Gorkut atadaky ýaly, biri ertekiniň başynda /”Gyz güldüren”/, beýleki biri soňunda /”Aldanan möjek/, üçünjisi soňlamanyň öň ýanlarynda /”Iki tilki”, “sopy sogan iýmez, tapsa gabygyny goýmaz”, “Tozany gapan eýesi gelende görersiň/, ýene birleri wakalaryň ortalarynda /”Boýy bir garyş, sakgaly iki garyş hem onuň güjügi”, “Akpamyk”, “Böwenjik”, “Döw bilen awçy”, “Kerem”, “Öweý ene”, “Şahymährem”, “Ejekejan”/ telim ýerde gaýtalanyp gelýär.
Sözümiziň delili hökmünde ertekileriň käbirine garap geçmek ýerliklidir. “Ejekejan” ertekisi türkmenleriň arasynda iň bir ýörgünli aýdylýan ertekileriň biri. Ertekide ejeleri ýogalan Baýmyradyň hem-de Maralyň gürrüňi edilýär. Atalary başga bir aýala öýlenensoň, olaryň güni agyrlaşýar. Has beterem öweý ene näsaglan bolup, eger äri ogluny öldürip berse, sagalyp gitjekdigini aýtmagy bilen garşylyk ýitileşip ugraýar. Ol şeýdip doganlardan dynmak isleýär. Bu gürrüň aýan bolansoň, olar gaçyp gidýärler. Ýolda Baýmyrat suwsap, keýik çeşmesinden içip, keýige öwrülýär. Keýiklere goşulyp, kä mahal keramatly çynaryň üstünde ýaşap başlan ejekesinden habar tutup geziberýär.
Ýurduň patyşasynyň ogly bir keýigi kowalar, şol çynaryň ýanyna gelýär, aşakda akyp ýatan çeşmä seredip, Maraly görýär. Oňa aşyk bolýar, öýlenýär. Emma Patma atly gyrnak, ol göwrelikä, şa ogluny ondan gabanyp, ony suwuň “düýbüne” ýollaýar. Özi bolsa, Maralyň sypatyna girip, şa ogly bilen ýaşap başlaýar. Şeýle günleriň birinde keýik /Baýmyrat/ gelip, bir geň-taňlygyň bardygyny bilýär. Muny Patma hem duýup, “ärine” şol keýigi öldürmegi tabşyrýar. Keýik her sapar öldüriljek bolnanda derýadan suw içip gelmäge rugsat soraýar. Ol derýa boýuna gelip aglaýar:
Tylla ahyr bozuldy,
Kümüş köken üzüldi,
Patyşanyň kel gyrnagynyň
Göwni maňa dözüldi.
Derýa düýbünde ekiz çagany dünýä getiren Maral jigisiniň sesini eşidip, ahwalyny şeýle beýan edýär:
Saçym derýa ýüzünde,
Tenim balyk agzynda,
Şanyň iki çagasy
Her haýsy bir dyzymda.
Şu goşa bent soňra hem gaýtalanýar. Şolaryň üsti bilenem Patmanyň hilegärligi äşgär bolýar. Ol öýden kowulýar. Ýa-da, ynha, “Böwenjik” ertekisi. Onda ertekiniň tas ähli wakasy alty ýerde gelýän goşgularyň iň soňky böleginde gowy jemlenilip görkezilýär.
Tak-tak etdim,
Dalak iýdim.
Pök-pök etdim,
Böwrek iýdim.
Gagyldap oturan
Gargany iýdim.
Eşeklije babany iýdim,
Torumlyja maýany iýdim,
On oglany orup iýdim,
Kyrk gyzy gyryp iýdim,
Seni iýmän nämejik?!
Dogry, ertekilerde aýdyşyk häsiýetli goşgular ýok. Emma onuň “Gorkut ata”şadessanynda sataşýandygyny welin aýtmak gerek. Gazanyň kapyr, çopan, Bamsy Beýregiň Gysyrja, Patma, Banu Çeçek bilen aýdyşyklary sözümiziň delilidir. Munuň bir parçasyny getirýäris.
Gyz aýdar – Beýrek gideli depe başyna çykdygym cok,
Gargy kibi gara saçym ýoldugym cok,
Güýz almasy kibi al ýňagym ýyrtdygym çok,
Gelen-le gidenden sordugym çok,
Bardy, gelmez beg ýigidim, han ýigidim,
Beýrek diýip agladygym çok,
Söýüşdigim Bamsy Beýrek sen degil sen –
Altyn ýüzük seniň degildir,
Altyn ýüzükde çok nyşan bardyr,
Altyn ýüzügi istär sen, nyşanyn söýle – diýdi.
Beýrek aýdar: - Ala daňdan han gyzy, ýerimden turmadymmy?
Bozaýgyryň biline münmedimmi?
Seniň öýüň ýanynda, sugun-keýik ýykmadymmy?
Sen meni ýanyňa çagyrmadyňmy?!
Seniň atyňy meniň atym geçmedimi?
Ok ataňda men seniň okuňy ýarmadymmy?
Göreşde men seni basmadymmy?
Üç öpüp, bir dişleýip, altyn ýüzügi
Barmagyňa geçirmedimmi?
Söýüşdigiň Bamsy Beýrek men degilmiýem
- diýdi.
Ertekilerdäki we şadessanlardaky goşgularyň biri-birinden tapawudy bu ýerde magat görünýär. Ertekide ol akgynly hem kapyýalary – owazdaş sesleri ýerbe-ýer. Bogunlarda-da birlik saklanylýar. Şonuň bilen bir wagtyň özünde “Ejekejan” ertekisindäki mysallar Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde ulanylan goşgulary biygtyýar ýadyňa salýar. Deňeşdirip gör:
Tylla ahyr bozuldy,
Kümüş köken üzüldi
Patyşanyň kel gyrnagynyň
Göwni maňa dözüldi.
/ertekiden/
Jagry berib kuşlatu,
Taýgan izib tyşlatu,
Tilki, toňuz taşlatu,
Erdem bile oglelim
/Kaşgarlydan/
Bentleriň ikisinde-de bogun birliklerinde, owaz äheňlerinde meňzeşlik bar. Kapyýalary hasyl edýän sözlerde hem ýogyn sesleriň ylalaşykly gelmegi olar
okalanda tempiň birsydyrgynlygynyň saklanmagyny üpjün edýär. Bu şygyrlar durmuşyň belli bir pursatlaryndaky ahwalatyň, ýagdaýyň manysyny gönümel beýan etmek ruhuna ýugrulandyr.
“Gorkut ata” şadessanyndan alnan mysallar barada aýdylanda bolsa, olarda ýek-ýarym halatda bolaýmasa, bogun ölçegleri-de saklanylmaýar, kapyýalarda, köplenç, sesleriň inçelik-ýogynlyk tarapy hasaba alynmaýar. Emma bu ýerde pikire we duýgynyň ýüze çykarylyşyna aýratyn üns berilýär. Olary basymlar arkaly we aňladyjylyk, ähmiýet berijilik äheňde okamaly.
Biz ertekileri gelip çykyşy boýunça dessanlara garanda has gadymy hasaplaýarys. Şeýle bolýan bolsa, ertekilerdäki goşgularyň owaz taýdan kämil çykmagynyň, “Gorkut ata” şadessanynda welin, munuň beýle dälliginiň sebäbi nämekä? Biziň pikirimizce, bu ýagdaý;
1. Ertekileriň waka tarapynyň gadymy bolup, onuň beýan edilişiniň mydama syhtgylanyp durlanlygy, şunda aýdyjynyň ýaşan zamanasyna görä, olardan käbir zatlary düşürip, käbir zatlary bolsa üstüne goşanlygy;
2. Şadessanda duşýan şygyrlarda meseläniň daşky tarapyna däl-de, içki tarapyna – pikir hem duýgy tarapyna agram berlenligi bilen baglanyşyklydyr. Bu zatlar, öz nobatynda, “Gorkut atanyň” sýužetleriniň dörän döwürlerinde şygryň entek gutarnykly bir şekile gelip bilmändiginiň alamatydyr. Emma Mahmyt Kaşgarlynyň “Türk diliniň sözlüginde” getirilýän şygyr böleklerinden çen tutsaň, bu döwürde goşgynyň bogun, kapyýa, şekil taýdan belli derejede durnuklaşandygynyň şaýady bolýarsyň. Olarda ilkinji gezek her bendiň soňunda gaýtalanyp gelýän refren häsiýetli setirlere-de orun berlipdir.
“Gorkut ata” şadessany bir topar şahamçalardan ybarat. Her şahamça özbaşyna aýratyn bir eser. Olardaky wakalar Gorkut ata, Salyr Gazan we beýleki käbir ganrymanlar arkaly bir sapaga düzülýär, ýagny olar şahadan şaha geçip eposyň bitewiligini hasyl edýärler. Eposda batany goramak, batyrlyk hem söweşjeňlik ruhundaky mazmun we toý-dabaralar aýratyn nygtalyp görkezilýär. Batyrlyk, gaýduwsyzlyk, garadangaýtmazlyk, mertlik, maksada okgunlylyk ideýalaryna eýlenen ertekilerde-de ýagdaý şeýle. Şu nukdaý nazardan garalanda “Görogly” şadessany “Gorkut atadaky” we şunuň bilen mazmundaş ertekilerde ýüzüni görkezýän däp-dessurlary özünuň gurluşyna we waka mazmunlaryna örän ymykly ornaşdyrypdyr. Aýratynam bu ýagdaý iki wakada – pajygalarda we toý-dabaralarda görünýär. Hususan-da, şadessanlarda özüni açyk-aýdyň, gala görkezýän şeýle pursatlar – durmuş hakykatynyň şu iki tarapy gahrymançylykly dessanlara-da, yşky-liriki dessanlara-da mahsusdyr.
Şunlukda, “Gorkut ata” şadessany wakalary yzygiderli mantyk boýunça ösdürmekde, ideýa-ündew meselesinde we gaýry bir topar ugurlarda 18-nji asyrda dörän dessanlara ýiti täsirini ýetiripdir. Emma dessanlar öz beýan edýän wakalaryny başga-başga çeşmelerden – miflerden, rowaýatlardan, dini-mistik ülňülerden alypdyrlar. “Leýli-Mejnun” temasynda dörän dessanlar /şol sanda Andalybyň dessany hem/ barada biziň öňde eden gürrüňlerimiz munuň bir subutnamasydyr.
Türkmen edebiýatynda käbir edebiýaty öwrenijiler tarapyndan dessan diýlip hasaplanylýan, emma dessan şekilindäki eserleriň talaplaryny doly ödemeýän eserleriň-de bardygyny aýtmak gerek. Muňa mysal köp. Sözümizi “Hatamnamadan” başlalyň. 1998-nji ýylda Aşgabatda “Rüstem” hem “Hatamnama” birleşdirilip, “Rüstem Zal” ady bilen neşir edildi. “Dessan” atlandyrylan bu eserlerde goşgy setirleri tas ýok diýerlikdir. Olardaky wakalar başdan aýak kyssa bilen beýan edilýär. Olaryň birinjisinde Rüstemiň batyrlygy, gahrymançylygy suratlandyrylýar. Ol Rüstem bilen bagly rowaýatlaryň jemlenen, kämilleşdirilen görnüşidir. “Hatamnama” hakynda aýdylanda bolsa, onda ýek-tük ýerde iki ýa dört setirden ybarat goşgy bölejikleri bar. Olar gahrymanyň içki duýgularyny açyp görkezmäge hyzmat etmeýär. Ol şygyr bölekleri gahrymanlary däl-de, köplenç wakalary /ýa-da aýratyn alnan wakany/ häsiýetlendirýärler: haýsydyr bir gahrymany gözläp tapmagyň serişdesi, haýsydyr bir gahrymanyň goldawa, kömege mätäçliginiň nyşany bolup gaýtalanyp gelýärler.
Milli “Miras” merkezi “Hatamnamanyň” birneme başgarak rewüşdäki nusgasyny halka hödürledi (“Hatamnama”, “Miras”, 2006). Bu kitapdaky goşgy bölekleri-de şol bir meňzeş hyzmatda goýulýar. Melike özüne aşyk bolan ýigitleriň haýsysy ýedi sany sowalyň jogabyny tapyp gelse /jogap berse/ şoňa durmuşa çykmaga söz berýär. Sowallar şeýle:
Birinji sowal:
Bir görüp dilberni bes kylan,
Iki görmegi ýene höwes kylan.
Ikinji sowal:
Ýagşylyk derýaga ki, kyl jandan,
Ujrny Hak berer beýewandan.
Üçünji sowal:
Ol kişi pygly betni eýledi paş,
Etmiş ol özüne ýaman ýoldaş.
Dördünji sowal:
Rastlygy kibi kylar yzhar,
Oňa hemra hemişe Biribar.
Bäşinji sowal:
Ne diýgen söz erer bu Kuhy heda,
Näge bul tamam imiş oňa pida.
Altynjy sowal:
Bilse aslyn kişi şu hammamdan,
Ýetirer ol kaýan bu aglamdan.
Ýedinji sowal:
Bu göwher dek birini kyl peýda,
Ýedi yklym gezip kyl muheýý.
Ynha, “Hatamnama” ýaly uly bir kitabyň wakalarynyň arasyna seçelendirilip goýberilen goşgy bölekleri şulardan durýar. Görnüşi ýaly olaryň duýgy bilen hiç hili dahyly ýok. Hatam ol sowallaryň jogabyny tapmak üçin ýedi gezek sapara çykýar, Hatamyň hemaýaty bilen gyzyň şertini bitirip, oňa öýlenmekçi bolýan Ürgenç welaýatynyň şazadasy ol sowallaryň jogabyny Melikä ýetirip durýar.
Dogry, “Hatamnamada” dessanlara mahsus elementlere-de duşulýar. Edilýän gürrüňleriň arasyna “elkyssalar” goşulyp, beýleki bir waka badalga berilýär. Waka ulgamlary “Habary kimden al” ýa-da “bular bu ýerde dursun” ýaly usulda baglanyşdyrylýar. Şeýle hem, “Hatamnamada” Hatamyň ýedi şerti bitirmek üçin eden ýedi syýahatyndan başga, ýörite hekaýatlar hem orun alypdyr. Bu eseriň wakalarynyň gurluşy “Müň bir gije” arap ertekiler ýygyndysyndaky Sindbadyň ýedi syýahatyny hem-de gadymy grek miflerindäki Geraklyň on iki ýumşy bitiriş usullaryny ýadyňa salýar.
“Görogly” şadessanyndaky “Öweziň ogly Nuraly” atly şahamçada-da ýekeje aýdym-goşgy ýok. Emma ol dessan şahamçasynyň /aslynda “Göroglydaky” şahamçalaryň her biri özbaşdak dessan hasaplanýar-Ah.M./ şadessandaky beýleki şahamçalar bilen berk baglanyşygy bar. Her niçik-de bolsa, ony dessan hasaplamaga doly esas ýok. Sebäbi dessançylygyň esasy şerti onda aýdymyň bolmagydyr.
“Görogly” sýužeti halkaralyk sýužetdir. Ol Özbegistanda, Garagalpagystanda, Täjigistanda, Azerbaýjanda hakyky dessan şekilinde meşhurdyr. Gazagystanda bu eseriň goşgy bilen ýazylan nusgasy bar. Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň gadymy golýazmalar hazynalarynda Göroglynyň edermenliklerini görkezýän ertekilere sataşylýar. Türkmen “Göroglusyndaky” göz öňünde tutýan şahamçamyz hem şonuň ýaly erteki (kyssa, hekaýa, gürrüň) bölekleriniň biri bolmagy ähtimaldyr.
Şeýlelikde, “Hatamnama” miflerden, rowaýatlardan, dini-mistik wakalardan dörän kyssa eseridir. “Öweziň ogly Nuraly” bolsa erteki esasynda dessanlaşdyrylmaga edilen synanyşykdyr, emma ol entek dessancylygyň hakyky kaddyna ýetirilmändir. Her halda bir hakykaty bellemek zerur: Rowaýatlar, mifler esasynda döredilen “Hatamnama’, ertekä arka direýän “Öweziň ogly Nuraly” ýaly kyssa eserleriniň-de 1У111-Х1Х asyrlaryň dessanlarynyň şekillenmegindäki hyzmaty görnetindir. Mysal üçin, “Hüýrlukga-Hemra” dessanynyň özeni türkmen halk ertekileriniň ençemesinden alnandyr. Ýeri gelende aýtsak, “Warka-Gülşa” dessanynyň-da diňe kyssa nusgasy hem bar.
“Hatamnama” hakynda aýdylanda, Hatam hakyndaky rowaýatlar esasynda “Hatam taý” atly halk dessanynyň bardygyny-da bellemek bolar. Bu dessany sungaty öwreniji Akmuhammet Aşyrow 1983-nji ýylyň awgustynda bagşy Gurt Ýakupdan ýazyp alypdyr. Dessan “Türkmen halk dessanlary” ady bilen neşir edilen iki tomlugyň 2-nji kitabynda /1993/ ýerleşdirilipdir.
Dessan edebi däp-dessurlara eýerilip, dessançylyk galybynda, bagşylaryň işjeň gatnaşmagynda emele gelipdir. Ol hem edil beýleki dessanlarymyz ýaly “Rawylar andag rowaýat kylarlar” diýlip başlanylýar. Her aýdymyň öň ýanynda, edil beýleki dessanlardaky ýaly, “Hatam atyň jylawyny eýeriň gaşyna atyp, şu ýerde Eprun patyşa garap, bir söz diýdi” diýlip görkezilýär. Dessanda ona golaý goşgy-aýdym bar.
Dessanda hereket edýän gahrymanlar hem “Hatamnamadaky” gahrymanlar däl. Olaryň Hatamdan özgesi bütinleý başga atdaky we başga häsiýetli adamlardyr. “Hatamnamada” waka köp. Dessanda welin, esasan iki waka ulgamy bilen çäklenilýär. Iki eserde-de jadygöýlik tilsimatlarynyň ýaýrawy esasy orunda durýar.
Bu iki eseriň deňeşdirilmesi olardaky wakalaryň gadymylygyna garamazdan, olara aralaşdyrylan goşgularyň /halk dessanlaryna girýän goşgularyň-da/ has soňraky döwürlerde hut Magtymguly eýýamynda bagşylar tarapyndan däpleşdirilendigine, kämilleşdirilendigine şaýatlyk edýär.
Şeýlelikde, dessanlaryň şekillenmeginde türkmen halk döredijiliginiň, belli derejede ýazuwly edebiýatyň /Kaşgarly, Ýu. Balasugunly, Nyzamylmülk/, bütindünýä çeper pikirlenme önümleriniň hyzmaty, täsiri, görüm-göreldesi aýratyn göze ilerliklidir.
Köp dürli žanrda eser döretmekde, çeper oýlanmalaryň düýpli we ymykly pugtalandyrylmagynda, ala-böle dessanyň ýaýrawyny giňeltmekde özünden öňki eýýamlaryň baý edebi mirasynyň barlygy we olara yhlasly ýapyşandyklary sebäpli Magtymguly eýýamy türkmen edebiýatynyň tebigy durmuşyny, geçmiş taryhy hem öz döwrüniň wakalaryny çuňňur özleşdiren, dünýä edebiýat gaznasyna gymmatly eserleri beren eýýamy diýlip ykrar edildi. Ýeri gelende aýtsak, bu eýýamyň edebi ýadygärkilerini dünýäniň dürli ýurtlarynyň şol eýýamdaky edebiýatlary bilen deňeşdirip görseň, milli edebiýatymyzyň olardan hiç bir babatda pesde durmaýandygynyň şaýady bolýarsyň.
Ahmet Mämmedow,
TYA-nyň Milli golýzmalar institutynyň baş ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň doktory.
Edebiýaty öwreniş