08:02 Türkmen halkynyñ edebi geçmişi | |
TÜRKMEN HALKYNYŇ EDEBI GEÇMIŞI
Edebiýaty öwreniş
(iň gadymy döwürlerden XVIII asyra çenli) 1 SSSR Ylymlar akademiýasy tarapyndan 1929-njy ýylda neşir edilen ýygyndynyň düzümine girizilen «Türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça umumy bellikler» atly makalada1: «Türkmen edebiýatynyň taryhyny ýazmagyň möwriti heniz gelip ýetenok. Bu mesele bilen gyzyklanýan alymlaryň öňünde häzirlikçe türkmen agzeki we ýazuw edebiýatyny ýüze çykarmak, her bir ýadygärligiň ýa-da onuň aýry aýry bölekleriniň aslyýetinde kime degişlidigini anyklamak hem-de eserleriň nusgalary esasynda olaryň asyl nusgasyny kesgitlemek, galyberse-de, kim tarapyndan ýazylandyklary belli bolmadyk edebi ýadygärliklerden beýlekileriniň ýazarlarynyň ömür ýoly barada dogry maglumatlary toplamak wezipeleri durýar... Türkmen edebiýatynyň taryhyny ýazmaga girişmegiň möwriti we onuň şowly bolup çykmagynyň girewi diňe bir türkmen halkynyň dürli döwürlerde ýaşap geçen wekillerine mahsus edebi ýadygärlikleri öwrenmek babatdaky taýýarlyk işleriniň barşy bilen däl, eýsem, azerbaýjan we anadoly türkleri ýaly, Orta Aziýada ýaşaýan türkmenler bilen ir döwürlerde umumy medeni geçmişi bolan halklaryň, şonuň ýaly-da, türkmenler bilen goňşuçylykda ýaşaýan halklar ýaly, ýazyjylary, edebiýaty arkaly öz täsirini ýetirip duran halklaryň edebi ýadygärliklerini öwrenmegiň barşy bilen hem baglydyr» diýen sözler bar. Bu makalanyň neşir edilen wagtyndan bäri on bäş ýyl geçipdir. Şunça ýylyň içinde ýagdaý düýpgöter üýtgedi. Şeýle-de bolsa, türkmen edebiýatynyň taryhynyň henize çenli ýazylmandygyny-da boýun almak gerek. Emma mundan on bäş ýyl öň diňe ýadygärlikleri toplamak, türkmen şahyrlarydyr ýazyjylarynyň sanawyny düzmek ýaly deslapky çärelerden söz açmak mümkin bolan bolsa, häzir ýaş türkmen alymlarynyň arman-ýadaman zähmet çekmekleri netijesinde SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmen bölümi türkmen nusgawy şahyrlarynyň esasy eserleriniň köp sanly golýazmalaryna eýelik edýär. Şeýle hem, halk döredijiliginedegişli eserleriň ― nakyllaryň, tapmaçalaryň, aýdymlaryň, halk aýdymlarynyň uly toplumy ele salyndy. Galyberse-de, bu baýlygyň köp bölegi, köpçülige niýetlenilen deslapky görnüşde bolsa-da, hatda çap hem edildi. Ýaş alymlar aýry-aýry ýazarlaryň ömür ýoluny we döredijiligini ýöriteleýin öwrenmäge girişdiler. Şonuň ýaly-da, şu ýyllaryň içinde azerbaýjan edebiýatynyň iki jiltden ybarat taryhy neşir edildi. Ýygyndy azerbaýjan edebiýaty bilen bagly meseleleriň ählisini çözmedik hem bolsa, barybir, esasy meseleleriň birnäçesini orta atmagy başardy. Özbegistanda «Özbek edebiýatynyň taryhy boýunça umumy bellikler» atly uly göwrümli ýygyndy neşire taýýarlanyldy, orta mekdebiň VIII-X synplary üçin özbek edebiýatynyň taryhyndan söz açýan okuw kitaby ýazyldy, ýokary okuw mekdeplerine niýetlenilip edebiýat taryhynyň giňiş maksatnamasy düzüldi, özbek halk döredijiligi, hususan-da, epos we halk kyssa eserleri boýunça örän kän maglumat serişdeleri toplanyldy hem bölekleýin çap edildi. Türkiýede we Günbatarda şu döwrüň içinde Kiçi Aziýanyň XIII-XV asyr edebiýatynyň taryhy boýunça birnäçe iş neşir edildi. Şeýlelik bilen, ýagdaý ep-esli derejede üýtgedi we bu meseleleri öwrenýän alym şindi öz öňünde düýbünden başga hili wezipeleri goýup biler. Elbetde, türkmen edebiýatynyň jikme-jikden anyk taryhyny ýazmak işi heniz hem uzak wagtlap we dartgynly işlemegi, ýeterlik derejede öwrenilmedik köp ýadygärlikleri ýöriteleýin öwrenmegi talap edýär. Muňa garamazdan, häzirki döwürde başga hili işi: türkmen edebiýatynyň esasy döwürlerini tapawutlandyrýan, onuň ösüşiniň esasy ugurlaryny yzarlaýan syn görnüşindäki taryhyny ýazmak mümkinçiliginiň dörändigini boýun almak gerek. Başgaça edip aýtsak, türkmen edebiýatynyň ösüşiniň baş ýörelgesini aýyl-saýyl etmek, geljekde alymlar tarapyndan işlenjek aýry-aýry mowzuklary bellige almak işleri amal edilmegi mümkin bolan zada öwrüldi. Şu makalada türkmen edebiýatynyň gadymy döwürlerden XVII asyryň ahyryna çenli ösüşiniň baş ýörelgesini kesgitlemäge synanyşyk edilýär. Şunuň ýaly bir syny ýazmak üçin ilki bilen, dogry jogaby baş ýörelgäni tutuşlygyna häsiýetlendirmäge mümkinçilik berjek, «Türkmen edebiýaty diýip atlandyrypmak mümkin bolan umumylygy edebi ýadygärlikleriň haýsy toplumy hasyl edýär?» diýen esasy sorag barada oýlanmak gerek. Bu soraga türkmen edebiýatynyň türkmen dilindäki ýadygärlikleriň tutuş jeminden emele gelýändigini aýdyp jogap berip boljakdygy öz-özünden düşnükli ýaly bolup görünýän hem bolsa, şeýle bir jogap hakykatdan hem dogry bolarmyka? Ýogsa-da, türkmenleriň haýsy döwürde ulanan edebi dilini bu edebiýatyň çägini kesgitlemek üçin esas edip aljak XVIII asyrda ýaşap geçen türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserleri ýaly türkmen edebiýatyna degişlidigi şübhesiz bolan eserleri alyp görsek hem, şol eserleriň diliniň häzirki türkmen edebi dilinden ep-esli derejede tapawutlanýandygyny göreris. Asyrlaryň jümmüşine aralaşdygymyzça, bu aratapawutlar has hem artmak bilen bolar. Ýer eýeleriniň agalyk eden zamanynda, hususan-da gündogar ýurtlarynda edebi bil mydama gepleşik diline gabat geläýmändir. Musulman edebiýatynyň giňden ýaýran ýurtlarynda köp asyrlaryň dowamynda, ilatyň esasy köpçüliginiň haýsy dilde geplese-de, edebi dil hökmünde arap we pars dilleri ulanylypdyr. Eger-de biz OrtaAziýada ýaşaýan halklaryň edebi ýadygärlikleriniň tutuş toplumyndan diňe türkmen dilinde ýa-da oňa ýakyn haýsydyr bir türki dilde ýazylanlaryny saýlap alsak, türkmen halkynyň edebi durmuşyny dolulygyna göz öňüne getirip biulmeris, çünki bu toplum onuň edebi dünýäsiniň ähli taraplaryna däl-de, diňe bir bölegine kepil geçerdi. Diňe türkmenler tarapyndan türki dilde döredilen edebi ýadygärlikler bilen birlikde arap we pars dillerinde döredilen ýadygärlikleri hasaba alan ýagdaýymyzda ― diňe şu ýagdaýda biz türkmen halkynyň edebi durmuşyny dolulygyna göz öňüne getirip bileris. Bu aýratynlygy diňe Gündogar halklarynyň edebiýatyna mahsus hasaplap, ony bir kemçilikdir, şol edebiýatlaryň gowşak taraydyr öýtmeli däl. Dünýädäki edebiýatlaryň ählisi hem şu ýol bilen ösýär we ýewropa halklarynyň edebiýatlarynyň ählisinde-de şunuň ýaly hadysalar bilen ýüzbe-ýüz bolmak mümkin. Mysal üçin, XI-XIV asyrlaryň iňlis edebiýaty esasan latyn dilinde döredilýär, soňra iňlis ýazyjylary eserlerini fransuz dilinde döredip başlaýarlar we kem-kemden iňlis dilinde eser ýazmaga geçýärler. Ispan şahyrlary uzak döwrüň dowamynda şygyrlaryny arap we prowansal dillerinde döredipdirler. Daniýa edebiýaty hatda XVIII asyrda we XIX asyryň başynda-da dolulygyna diýen ýaly nemes dilinde bolupdyr. Milli edebiýatlaryň islendigi ony döredýän milletiň özi bilen birlikde kemala gelýär we milletiň özüniň kemala gelşi ýaly kötaraply hem çylşyrymly häsiýete eýe bolýar. Halklaryň biri-biri bilen garylyp-gatylmadygynyň ýokdugy sebäpli edebiýatyň hem dürli unsurlary özünde jemlemän, gitjek ýeri ýok. Ýadygärlikleriň haýsydyr bir toparynyň emeli suratda tapawutlandyrylmagy diliň kemala gelşini yzarlamagy maksat edinen halatymyzda örän ýerlikli hem bolup biler. Emma biz belli bir halkyň aňyýetiniň beýany bolan edebiýata baha berenimizde we onda halkyň ýaşamak üçin alyp baran göreşiniň alamatyny görmek islänimizde, haýsydyr bir toparyň şunuň ýaly edilip tapawutlandyrylmagy gutulgysyz suratda umumy şekili bozar we taryhy hakykatyň ýoýulmagyna sebäp bolar. Türkmen edebiýatynyň taryhy bu mesele öwrenilende nusga bolup hyzmat edip biler we onuň şu nukdaýnazardan öwrenilmeginiň umumy nazaryýet esasyny işläp taýýarlamak üçin örän m gymmatly netijeleri gazandyrmagy mümkin. Aslyýetinde, iň bolmanda milady ýyl hasaby boýunça X asyrda türkmen diliniň öz aýratynlyklaryna eýe bolandygy barada jedel etmäge ýol goýmaýan subutnamalar bar. Muňa garamazdan, XI-XVIII asyrlaryň aralygynda dili boýunça türkmen edebiýatyna degişli hasaplamak mümkin bolan ýazuw ýadygärlikleri ýok diýen ýaly. Bu ýagdaý türkmen halkynyň ýedi asyrlap edebiýatsyz oňandygyny aňladýarmyka? Şeýle pikir edilmegi patarraky otarmakdan başga zat bolmazdy. Türkmen halkynyň çeper söze uly sarpa goýýandygy hemmelere belli hakykatdyr. Türkmen halk döredijiliginiň çeşmeleri henize bu güne çenli hem guraman gelýär we köňülleri gandyrmagyny dowam edýär. Şunuň ýaly bir halkyň haçanda bolsa bir wagt şygryýetsiz oňandygyny diňe onuň ganym duşmany aýdyp biler. Elbetde, türkmen dili hemişe türkmenleriň edebi dili bolup hyzmat edäýmändir. Şonuň üçin hem, bu dilde döredilen ýadygärlikleri X asyrdan başlap, biziň günlerimize çenli biri-birine sepläp gaýtmak mümkin däl. Türkmenleriň halk döredijiligi köp sanlytoparlaryň gepleşik dili bilen ýakyndan baglanyşykly bolan hem bolsa, gynansakda, ol ýazga geçirilmändir we biziň günlerimize dagynyk ýagdaýda gelip ýetipdir. Ýazuwda bolsa türkmenler taryhy ýagdaýlar sebäpli dürli döwürlerde dürli dilleri ulanmaga mejbur bolupdyrlar. Hut şonuň üçin hem, türkmen edebiýatynyň taryhyny dürli dillerde döredilen eserler emele getiräýmelidi. Şu nukdaýnazarlardan ugur almak bilen, şindi biz bu edebiýatyň taryhynyň esasy ugurlaryny aýyl-saýyl etmäge synanyşmakçy. 2. ...Oksosyň (Amyderýanyň) we Ýaksortyň (Syrderýanyň) kenarlarynda iň gadymy döwürlerden bäri adamlar ýaşap gelipdirler. Milady ýyl hasaby boýunça V asyrda bu ýerler sak we massaget taýpalary ýaly dürli-dürli çarwa halklaryň mesgeni bolupdyr. Saklar soňra günorta-gündogara tarap süýşüp, olaryň täze göçüp gelen ýurduna Seistan (Sakstan) diýip başlan hem bolsalar, bu halkyň bu ýere tutuşlygyna göç edendigini aýdyp bolmasa gerek. Saklaryň belli bir bölegi oguz taýpalaryna baryp goşulan bolmaly. Şol sak tireleri bilen birlikde olaryň epiki rowaýatlarynyň hem belli bir bölegi oguzlaryň arasyna aralaşaýmalydy. Rüstem pälwandan söz açýan we eýran taryhy eposynda uly orun eýeleýän rowaýatlar tapgyrynyň esasan sak taýpalarynyň arasynda dörändigini bu gün arkaýyn aýdyp bolar. Firdöwsiniň «Şanamasynda» hem, has soňky döwürlere degişli pars çeper edebiýatynda hem Rüstemiň tiresi Seýistan bilen baglanyşdyrylýar. Munuň şeýledigini Seýistanyň ýaňy-ýakynda ýüze çykarylan we XIII asyra degişli köne çeşmeleriň esasynda näbelli bir ýazar tarapyndan düzülen taryhy hem tassyklaýar. Şonuň ýaly-da, sak rowaýatlarynyň ýaňy-ýakynda tapylan böleklerinde, Rüstem (Rotastahm) hakdaky rowaýatlaryň goşga geçirilen görnüşine degişlidir diýdirýän galyndylaryna gabat gelindi. «Hudaýnama» («Şalaryň kitaby») atly sasany sene ýazgylarynda bu pälwanyň adyna duş gelinmeýänligi-de onuň aňyrsynyň sasanylaryň ata babalary bilen ilteşiginiň bolmandygy bilen baglanyşykly bolup biler. Türkmen halk döredijiliginde Rüstemiň görnükli orun eýeleýändigi asla gizlin zat däldir. Aýdymlarda-da, ertekilerde-de onuň adyna häli-şindi duş gelinýär. Gahrymanlaryň Rüsteme deňelmegi halk döredijiliginde-de, türkmen ýazuw edebiýatynda-da şu günlere çenli dowam edip gelýär. Rüstemiň türkmenleriň we Orta Aziýada ýaşaýan beýleki halklaryň arasynda şeýle meşhur bolmagyny eýran eposynyň, hususan-da, «Şanamanyň» eden täsiri bilen baglanyşdyrjak bolmaga synanyşmak mümkin däl ýaly bolup görünýär. Bu poemanyň Rüstemden söz açylmaýan beýleki bölekleriniň, hususan-da sasany senenamalarynyň türkihalklaryň arasynda meşhur bolmandygy hem ünsüňi çekmän durmaýar. Şonuň üçin hem, Rüstem hakdaky rowaýatlaryň sak halkynyň aýry-aýry toparlarynyň gelip goşulmagy netijesinde türkmenleriň arasyna ýaýrandygyny çaklamakda geň görlesi zat ýokdur. Rüstemiň ― gahrymançylyklarynyň ählisinde Rahş diýen täsin atyň kömegine daýanýan we mertligiň, gahrymançylyk görkezmegiň nyşanyna öwrülen bu är ýigidiň türkmen halk döredijiligi üçin häsiýetli bolan aňrybaş pälwana çalym edýändigini belläp geçmek hem örän möhümdir. Mysal üçin, Rüstemiň edebi keşbini ezilenleriň howandary Göroglynyň türkmen halk döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýän edebi keşbi bilen deňeşdirmek örän gyzykly bolardy. Bu ýagdaý türkmen halk döredijiliginde Rüsteme keseki ýerli hökmünde däl-de, ir döwürlerden bäri söýlüp we hormatlanyp gelýän gahryman hökmünde garalmagynyň sebäbini örän gowy edip düşündirýär. Elbetde, Orta Aziýada ýaşan we soň-soňlar türkmen halkynyň düzümine giren köp sanly beýleki halklaryň hem dürli rowaýatlary sak eposy bilen bir hatarda ýörgünli bolupdyr. Gadymygrek ýazarlary, ilkinji nobatda-da, Gerodot we Ktesiý tarapyndan beýan edilen maglumatlar bu rowaýatlaryň häsiýeti we gadymylygy barada ýeterlik derejede aýdyň düşünje berýär. Mysal üçin, Kiriň heläk bolşundan söz açylýan rowaýat (Gerodot 1, 240) diňe ahemeni basybalyjylarynyň çozuşlaryna sezewar bolan halklaryň arasynda döräp biljekdi. Türkmen edebiýatynyň taryhynyň dessanlaryň ýüze çykan wagty bolan XVIII çenli taryhynyň bütin dowamynda Zarineý hakdaky rowaýatyň (Ktesiý II, 44, 27) unsurlaryna gabat gelmek bolýar. Emma, elbetde, olaryň türkmen halkynyň arasynda yzygiderli nesilden nesle geçip gelendigini subut etjek bolmagyň hem geregi ýokmuka diýýärin. Bu unsurlaryň has soňky döwürlerde göňşy halklaryň sti bilen türkmen edebiýatyna aralaşan bolaýmagy-da mümkin. Emma şolara meňzeş äheňleriň türkmen halkynyň ýadynda iň gadymy döwürlerden bäri ýaşap gelmegi we şol sebäpli-de olaryň aňsatlyk bilen gaýtadan janlanmagy üçin sähelçejik iterginiň ýeterlik bolmagy hem munuň üçin amatly şert bolup hyzmat edipdir. Oguzlaryň nesilbaşysy Oguz han hakdaky rowaýatlar tapgyry hem örän gadymy döwre degişlidir. Yslam dininiň ýüze çykmagy bilen bu rowaýatlar güýçli özgerişlere sezewar edilen hem bolsa, olaryň has gadymy, üýtgedilmedik görnüşlerinde älem jisimleriniň gelip çykyşy baradaky mifleri aýyl-saýyl etmek mümkin. Elbetde, bu mifler diňe örän gadymy döwürde dörän we has soňra gahrymançylyk eposynyň düzümine giren bolmalydy. Türkmen halkynyň atababalarynda örän baý epiki däbiň bolandygyna, şol däbiň esasynda dörän edebi ýadygärlikleriň ep-esli toplumy emele getirendigine göz ýetirmek üçin şu düşünjeler ýeterlikdir. Elimizdäki maglumatlaryň ählisi gadymy döwürde haýsydyr bir arassa türki däbiň bolandygyny nygtamaga diňe bir mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, baryp biziň gözümiziň ýetäýjek iň gadymy döwürlerinde edebi däbiň dürli unsurlarynyň örän çylşyrymly bir şekilde biri-biriniň üstüni ýetirendigi hakda netije çykarmaga-da gönüden-göni mejbur edýär. Şundan biziň döwrümizde-de bu unsurlaryň türki halklaryň haýsy hem bolsa diňe birine asla degişli edip bolmajakdygy, olaryň örän giň çäklere dürli derejede ýaýrandygy doly düşnükli bolýar. Olary çemiňe gelşiçe bölüşdirmek mümkin zat däl. Bu mesele babatda diňe, biziň günlerimizde ýaňy bir başy başlanan, örän çylşyrymly gözlegler arkaly haýsydyr bir oňaýly netije gazanyp bolar. Elbetde, häzirki döwürde bu baý döredijiligiň iň gadymy döwürlerde nähili şekile eýe bolandygy barada pikir öwürmäge ýagdaýymyz ýok. Munuň üçin ýazuw ýadygärlikleriniň, bölek-büçek hem bolsa, galyndylaryna eýe bolmagymyz gerek bolardy. Mälim bolşy ýaly, häzirlikçe milady ýyl hasaby boýunça VIIIi asyryň otuzynjy ýyllaryna degişli hasap edilýän Orhon-Ýeniseý ýazgylary açyk gahrymançylyk häsiýetine eýe bolan iň gadymy türki ýadygärlikleri bolup durýar. Elbetde, bu ýazgylaryň türkmen dilinde ýazylandygyny aýdyp bolmaz. Emma bu ýazgylarda ulanylan köp sözlere türkmen şiweleriniň düzüminde duş gelmek bolýar we ýazgylaryň dili bilen türkmen diliniň arasynda nähilidir bir baglanyşygyň bardygy göze ilýär. Türkmen halkynyň ata-babalarynyň bu ýazgylary döretmäge gönüden göni gatnaşmadyk bolmaklary hem ahmal, emma olaryň diliniň, edebi döredijiliginiň sekizinji asyrda, belki, ondan hem has irki döwürde, mysal üçin, VI asyrda şu ýazgylardaka golaý bir şekile eýe bolandygyny çaklamak mümkin. Bu ýazgylary döredenler, elbetde, öz öňlerinde edebi maksatlarygoýmandyrlar. Emma muňa garamazdan, olar şol irki döwürlerde-de türki taýpalaryň örän ösen epiki döredijiliginiň bolandygynyň jedelsiz delilleridir. Şol ýazgylary öwrenen B. Tomsonyň: «Zeňläp giden bu daşlary synlan mahalymyz gadymy aýdymçynyň sesi gaýtadan janlanyp, halk epopeýasynyň uzakdan eşidilýän, bir görseň dabaraly, bir görseň hem ajy hasratdan doly ýaňlaryny eşidýän ýaly bolýarys» diýip joşmagy ýöne ýere däl. Bu daşlaryň ýüzündäki ýazgylaryň gadymy döwrüň epiki şygryýeti bilen hakykatdan hem baglanyşykly bolan bolaýmagy hem daş däl. Ýazgylaryň käbir bölekleri goşgy düzmegiň halk şahyrlary we ozonlary tarapyndan şu wagta çenli ulanyp gelýän edi bogunly ölçegine eýe bolan goşgy setirlerine bölünen ýaly bolup dur. Baryp şol irki döwürlerde eposyň diliniň çeperçilik taýdan sünnälenendigini Orhon ýazgylary ynandyrjylyk bilen subut edýär. Ýazgylary (hususan-da Gulteginiň hormatyna daşa geçirilen ýazagyny) düzen kişi ugurdaş jümlelere, biri-birine ters, garşy bolan düşünjeleri, keşpleri deňeşdirmäge ýüz urýar, meňzetmelerden, deňeşdirmelerden we sypatlandyrmalardan (gök taňry, ýagyz ýer we şuňa meňzeşler) köp peýdalanýar. Ýazgylaryň ahlak derejesiniň ýokarylygy haýran galdyrýar. Halkyň bitewiligi, mähriban halkyňa jan-dilden wepaly bolmak, onuň erkinligini janyňy gaýgyrman goramaga taýýar bolmak, söweş tejribesi ― ine, ýazgylaryň esasy özenini şu meseleler hasyl edýär. Gahrymanyň wepaly ýoldaşyna ― atyna goýulýan hormat hem ýazgylaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ýazar gahrymanyň ýörişlerinden söz açyp: «Ol ilkibaşda Tadykçura diýen ak atyna atlanyp, jeň meýdanyna okduryldy. Bu aty heläk boldy. Soňra ol Işbaraýamtar diýen ak atyna böküp mündi. Bu aty-da heläk boldy. Üçünji gezek ol eýerlengi duran dor atynyň üstüne gondy. Bu aty hem şol ýerde jan berdi» diýýär. Ýa-daýazgylaryň başga bir ýerinde: «Ol Alpçalçy diýen ak atyna atlanyp (duşmanyň) üstüne ýöredi» diýen jümlä gabat gelýäris. Bu däpleriň ählisiniň türkmen halk döredijiliginde we edebiýatynda şu günlere çenli dowam edip gelýändigini ykrar etmezlik mümkin däl. Munuň hem üstesine, türkmen halk şahyrlarynyň aglabasynyň bu gadymy ýazgylar bilen tanyşmak mümkinçilukleri asla bolmandyr we şol däpleriň dilden dile geçip gelendigi göz-görteledir. Şeýlelikde, ýokarda aýdylanlardan netije çykarmak bilen biz türkmen halkynyň ata-babalarynda edebi döredijiligiň örän ir döwürlerde ýüze çykandyny, onuň örän dürli-dürli däpleri özünde jemländigini, açyk duýlup duran gahrymançylyk-epiki häsiýete eýe bolandygyny, ulanan dilini örän ýokary çeperçilik derejesine ýetirmegi başarandygyny, adaty dil bilen bir hatarda ölçege salnan dilden, ýagny türkmen şygryýetinde şu günlere çenli agalyk edip gelýän şol bir bogun ölçeginden peýdalanandygyny aýdyp bileris. Bu netijeleriň ählisine deňeşdirme ýoly bilen gelýän hem bolsak, olaryň dogry bolup çykmak ähtimallygy juda ýokarydyr, çünki türkmen edebiýatynyň şondan soňky ösüşini diňe şu esasy düzgünler bilen ylalaşan halatymyzda düşündirip bileris. Türkmen halkynyň edebi durmuşy baradaky maglumatlarymyz XI asyrdan başlap bütinleý başgaça häsiýete eýe bolýar. XI asyryň ýigriminji ýyllaryndan başlap, seljuklylaryň ähmiýetiniň ýokarlanyp ugramagy tutuş Ýakyn Gündogaryň durmuşyna adatdan daşary güýçli täsir edýär. 1040-njy ýylda seljuklylar Gaznawy soltany Masudy ýeňlişe sezewar edýärler we Horasany dolulygyna ellerine geçirýärler. Olaryň ýeňişli ýörişleri 1055-nji ýylda Bagdadyň synmagyna getirýär. Apbasy halifleri seljuk begleriniň diýeninden çykyp bilmeýärler we türkmen harby ýolbaşçy gatlagy, şeýlelik bilen, halifatyň düzümine girýän ýurtlaryň ählisinde agalyk ediji güýje öwrülýär. Oguz taýpalary halifatyň çägine sygman başlaýarlar we Kiçi Aziýa, Kawkazyň Uly Kawkaz dagynyň Esasy gerşiniň günortasynda ýerleşýän bölegine aralaşýarlar. Seljuklylaryň hökümdarlyk eden zamanynda örän möhüm işler amala aşyrylýar. Hut şu döwürde medeniýet gülläp ösmäge başlaýar, soňra diňe bir Gündogar ýurtlarynda däl, tutuşlygyna dünýä medeniýetinde örän uly ähmiýete eýe bolan seljuk sungaty kemala gelýär. Bu döwrüň medeni durmuşy üçin iki ýagdaý aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Halifatda türkmenleriň ähmiýetiniň çakdanaşa ýokarlanmagy türki dilleri öwrenmäge bolan gyzyklanmanyň örän ýokarlanmagyna sebäp bolupdyr. Bize türki dilleriň grammatikasyna degişli kitaplaryň we şol dilleriň esasynda taýýarlanylan sözlükleriň ýigrimiden gowragynyň ady belli bolup, olaryň köpüsi hut şu döwürde döredilipdir. Gynansak hem, şol kitaplaryň bary-ýogy birnäçesi saklanyp galypdyr. Saklanyp galan maglumat serişdeleriniň arasynda Mahmyt ibn Hüseýin ibn Muhammet Kaşgarlynyň meşhur «Diwan lugat at-türk» atly eseri biziň gozgaýan meselämiz üçin has uly ähmiýete eýedir. Kaşgarlynyň özüniň hem belläp geçişi ýaly, onuň maglumat serişdelerini dürli oguz taýpalarynyň arasyndan toplamagy bu işiň türkmen edebiýatynyň taryhy üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolan iň esasy tarapydyr. Üstesine-de, onuň oguz şiweleri üçin häsiýetli hasaplaýan aýratynlyklarynyň köpüsi häzirki zamana mahsus türkmen şiwelerinde-de duş gelýär. Has düşnükli edip aýtsak, onuň sözlügi bizi türkmen diliniň gadymy nusgalary bilen tanyşdyrýar. öz ýaşan döwrüniň adatyna görä, mysal getirýän türki sözleriniň manysyny düşündirmek bilen kanagatlanman, birnäçe nakyly, atalar sözüni we goşgy setirlerini beýan etmek bilen birlikde olaryň ulanylyşynyň aýratynlyklaryny görkezýän nusgalyklary-da getirýän mysallarynyň yzyna seplemegi Kaşgarlynyň sözlüginiň ikinji bir m ähmiýetli tarapydyr. Onuň mysal getirýän maglumat serişdesi tötänleýin häsiýete eýe hem bolsa, barybir, örän köp zady öz içine alýandygy sebäpli şoňa esaslanyp, şol döwürdäki türki halklaryň halk döredijiliginiň häsiýeti barada birnäçe kesgitli netijelere gelmek mümkin. Kaşgarly alymyň halk döredijiligine degişli hut oguzlaryň arasyndan toplan eserlerini beýleki halklaryň arasyndan toplan şonuň ýaly eserlerden tapawutlandyrmagy zerur hasaplamandygyny hem belläp geçmek gerek. Emma şol döwürde türki halklara mahsus edebi eserleriň arasynda dil taýdan beýle bir uly tapawut bolmadyk bolmaga çemeli we halk döredijiliginiň esasy görnüşleri örän giň çäklere ýňýran bolmaly. Kaşgarlynyň ýazgylary bilen häzirki döwürdäki türkmen halk döredijiligini deňeşdiren mahalyň, oguz taýpalary tarapyndan XI asyrda döredilen eserleriň köpüsiniň ol ýa-da beýleki bir görnüşde biziň günlerimizde-de türkmenleriň arasynda ýaşap gelýändigine aýdyň göz ýetirýärsiň. Munuň şeýledigine göz ýetirmek üçin Kaşgarlynyň sözlügindäki: «Kökke sudse, ýuzge tuşur» diýen nakyly mysal getirmek hem ýeterlikdir. Häzirki döwürde bu nakyl türkmenleriň arasynda: «Göge tüýkürseň, ýüzüňe düşer» görnüşinde duş gelip, nakylyň iki görnüşiniň arasynda sähelçejik tapawudyň bardygy göze ilýär. Kaşgarlynyň öz kitabynda ýerleşdiren şahyrana setirleri şol döwrüň türki halklarynda söweşler wasp edilýän, harby mekirliklerden we duşmandan üstün çykylyşyndan söz açylýan söweş aýdymlarynyň birinji orunda durandygyna şaýatlyk edýärler. Bu söweşjeň taýpalaryň ýaşaýyş şertleriniň özi hem şunuň ýaly aýdymlaryň uly orun eýelemegine sebäp bolaýmalydy. Söweş aýdymy dörtleme görnüşinde bolup, bogun ölçegindäki ýedi bogunly setirler a-a-a-b galyby boýunça rifmalaşýarlar. Bu galyp türkmen şygryýetinde häzirki döwürde-de ulanylýar. Söweş aýdymynyň ýanysyra taýpa serdarlaryny, olaryň söweş tejribesini we batyrgaýlygyny wasp edýän şygyrlarda gözümiz eglenýär. Görnüşine görä, duşmandan üstün çykylmagy sebäpli tutulýan toýlarda ýerine ýetirilen toý aýdymlary has hem ünsüňi özüne çekýär. Käbir bentlerde gürrüňi edilýän zatlar bütin aýdyňlygy bilen göz öňüňde janlanýar. Mysal üçin: Tun-kun bile sewnelim!» (Jürdek boýny gaz boýnuna çalymdaş, Käse ýaşdan doly göze çalymdaş. Undup bar aladany, Şatlanarys gije-gündiz!). Ýabany haýwanlaryň awlanyşyny bütin jikme-jikligi bilen beýan edýän aw aýdymlary durmuşa örän ýakynlygy bilen tapawutlanýar. Aradan çykanyň gowy taraplarynyň sanawyny öz içine alýan we agy häsiýetli setirlerden ybarat bolan mazar ýazgylarynda taýpanyň çeken agyr ýitgisi beýan edilipdir. Ýazyň we gyşyň arasynda bolup geçýän dartgynly ýaryşdan söz açylýan setirlerde tebigatyň inçelik bilen beýan edilişiniň şaýady bolýarys. Bu setirler birmahallar ýazda bellenilip geçilýän baýramçylyklarda aýdym edilip aýdylan bolsa gerek. Sahyryň ulanýan serişdeleriniň çäklidigine we az sanlydygyna garamazdan, bu bentlerde tebigat aýdyň we anyk şekillendirilipdir: «Tumlyg kelib kapsady, Kutlug ýaýyg tepsedi, Karlab ajuň ýapsady, Et ýin uşup emrişur». (Sowuk gelip bar ýeri gaplap aldy, Gyşyň bagtyýar ýaza gözi gitdi, Gar ýagmaga başlap, ýer ýüzüni örtdi, Göwre sandyr-sandyr edip, tikenekläp gidýär). Şu aýdylanlardan çen tutup, şol döwürlerde oguz halkynyň durmuşy diňe ýörişlerden we toýlardan ybarat bolandyr öýtmek dogry bolmaz. Ýazgylarda durmuşda özüňi paýhasly alyp barmagy öwredýän, her hili gowulyklary wasp edýän, bilim edinmäge ymtylmalydygyny nygtaýan şahyrana eserler hem uly orun tutýar. Mysal üçin, nakyllaryň birinde: «Kut bilgusi ― bilik» (bilim ― bagtlylygyň, üstünligiň alamaty) diýilýär. Gadymy döwrüň şahyry şeýle maslahat berýär: «Algyl ögüt menden: ogul erdem tile, Boýda ulug bilge bolup, bilgin ula». (Maslahatyma gulak goý: ogul, bilim gözleginde gez, Halkyň uly alymy bolup, öz bilimiňi ýaý!). (Dowamy bar).. Ýewgeniý BERTELS. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |