14:45 Türkmen halkynyñ edebi geçmişi - 2 / dowamy | |
TÜRKMEN HALKYNYÑ EDEBI GEÇMIŞI
Edebiýaty öwreniş
Ýazgylarda myhman kabul etmegiň kada-kanunlaryna berk eýermelidigi, myhmanlardan hödür-keremini diňe ýaramaz adamyň gysganyp biljekdigi ýörite nygtalýar: «Bardy eren kunuk körub, kutga sakar, Kaldy ýawuz oýuk körub uýni ýykar». (Mert myhmany görüp, ony bagty saýar, Namart ony myhman almajak bolup, öz öýüni ýykar). Şu beýtde gürrüňi edilýän meseläniň XVIII asyr türkmen nusgawy şygryýetinde uly orun eýeländigini belläp geçmek gerek. Mysal üçin, Magtymgulynyň: «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen, Namart özün gizlär myhman ýoluksa» ― diýen setirlerinde gürrüňini edýän beýdimizde öňe sürülýän pikir bolşy-bolşy diýen ýaly gaýtalanyp gelýär. Şol döwrüň öwüt-ündew beriji şygryýetiniň ýedi bogunly setirlerden daşlaşyp, hatda biziň günlerimize çenli hem saklanyp galan on iki bogunly setirleri ulanyp başlandygyny hem bilip goýalyň. Şeýlelik bilen, Kaşgarlynyň sözlügine daýanyp, XI asyrda oguzlaryň ösen, baý we dürli görnüşli halk döredijiliginiň bolandygyny aýdyp bileris. Şundan çen tutup hem, baryp IX-X asyrlarda (bu döwrüň halk döredijiligi barada elimizde anyk maglumatlar ýok) häsiýeti boýünça şuň ýakyn bir edebi döredijiligiň bolandygyny aýtmak mümkin. Kaşgarlynyň ýazgylaryny türkmenleriň döreden çeper eserleriniň bölekleri, gyýçaklary hasaplamak mümkin bolsa, olardan başga häsiýeti boýunça şol böleklere ýakyn bolan tutuş bir edebi ýadygärlik hem bagtymyza saklanyp galypdyr. Bu «Kitabi Dedem Korkud» («Gorkut atanyň kitaby») ady bilen belli bolan rowaýatlar tapgyrydyr. Gürrüňini edýän rowaýatlarymyz Drezden kitaphanasynda saklanylýan ýeke-täk golýazmanyň üsti bilen gelip ýetipdir. Golýazmanyň XVI asyra degişlidigini çaklamak mümkin bolup, dilinden belli bolşuna görä, ol Azerbaýjanda göçürilipdir. Kätibiň kitabyň dilini öz gepleýän diline görä üýtgemelere sezewar etmegine garamazdan, onda, barybir, durli türkmen şiwelerinde şu günlerde-de ulanylýan köp sanly sözler saklanyp galypdyr. Bu ýagdaý bolsa eseriň türkmenleriň arasynda dörändigini ap-aýdyň görkezýär. Rowaýatlar belli bir derejede üýtgedilipdir, emma olaryň XVI asyrda däl-de, X-XII asyrlardan giç bolmadyk bir döwürde ýazga geçirilendigi, aýry-aýry unsurlarynyň bolsa, belki, VI-VIII asyrlarda, hatda has gadymy döwürlerde peýda bolandygy göze dürtülip dur. Kitap boý diýlip atlandyrylýan on iki dessandan ybarat. Dessanlaryň her birinde haýsydyr bir türkmen batyryndan, onuň görkezýän gahrymançylyklaryndan söz açylýar, üstesine-de, onuň ömür ýoly adatça çagalygyndan başlap beýan edilýär. Dessanlary dana aýdyjynyň, bilgijiň we maslahatçynyň ― Gorkut atanyň edebi keşbi birleşdirýär. Ol käte wakalara gönüden-göni gatnaşýar, käte bolsa rowaýatyň jemleýji böleginde peýda bolýar. Gorkudy taryhy şahs hasaplamak mümkin däl diýseň hem boljak. Taryhçylaryň eserlerinde türkmenleriň bir taýpasynyň Gorkut diýen serdarynyň ady gabat gelýän hem bolsa, bu ýagdaý diňe bu adyň uly hormatdan peýdalanandygyna şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, diňe onuň gadymy «hudaýlaryň» biri bolandygyny çaklaýmak galýar. Dürli-dürli ýerlerde, şol sanda Syrderýanyň kenarynda-da onuň mazarynyň bardygyny aýdýanlar bar. Rowaýatlarda musulmançylygyň alamatlary göze ilýän hem bolsa, olaryň ýüzleý häsiýete eýedigi we rowaýatlaryň oguzlaryň yslam dinini kabul etmeklerinden ozal ýüze çykandygy duýulýar. Rowaýatlarda öz beýanyny tapan durmuş, hanlara boýun egýän hem bolsalar, heniz ýer eýeleriniň hökümdarlygyna daýanýan jemgyýetçilik gurluşyndan habarsyz çarwalaryň durmuşydyr. Mysal üçin, çarwaçylyk edýän, şol bir wagtyň özünde-de güýçli urşujy hökmünde tanalýan Garaja çopanyň şahsyýeti şu ýagdaýdan habar berýär. Rowaýatlarda gürrüňi edilýän zenanlar özlerini boldugyça erkin alyp barýarlar, öz ärleri bilen deň hatarda söweşlere gatnaşýarlar, harby oýunlar guralanda, erkekler bilen bäsleşýärler, Däli Domrulyň aýaly ýaly, öz ýakynlaryny halas etmegiň hatyrasyna gaýduwsyz gahrymançyly görkezýärler. Kitapda meýdan äriniň wepaly dosty bolan söweş atyna uly üns berilýär. Bamsy Beýrek ajaýyp sözler bilen özüniň wepaly atynyň tarypyny ýetirýär. Dana Gorkudyň aýdymyna ýanap çalýan saz guraly bolan kobuz eserde mydama hormat bilen ýatlanylýar. Rowaýatlaryň örän täsirli çeperçilik güýjüne eýedigi ýurdumyzda, şonuň ýaly-da, daşary ýurtlarda ýaşaýan we gündogar edebiýatyndan gowy baş çykarýan alymlar tarapyndan doly derejede ykrar edildi. Edil soňky döwürlerde döredilen dessanlarda bolşy ýaly, rowaýatlarda wakalar kyssa arkaly beýan edilip, joşgunly ýerlerde goşgy setirleri işe girizilýär. Şeýle-de bolsa, bu goşgy setirleriniň gurluşyny aýyl-saýyl etmegiň häzirlikçe kyn düşändigini, çünki ýeke-täk golýazmanyň olary ynam bilen gutarnykly derejede tapawutlandyrmaga mümkinçilik bermeýändigini belläp geçmek gerek. Gorkut ata bilen bagly rowaýatlar tapgyryny Kaşgarlynyň ýazgylary bilen doly derejede deňeşdirmek mümkin. Olaryň dilleriniň düýpli tapawutlara eýedigine we soňraky döwürlere degişlidigi göz-görtele bolup duran goşundylaryň gabat gelýändigine garamazdan, rowaýatlaryň umumy ruhy «Diwan lugat at türk» kitabynyň ruhuna doly gabat gelýär. Çakymyza görä, Kaşgarlyny maglumat bilen üpjün eden oguzlar bu rowaýat tapgyryndan, üstesine-de, onuň has gadymy nusgasyndan habarly bolan bolmaly. Gorkudyň rowaýatlarynyň gadymy oguz aýdyjylarynyň-ozanlarynyň döredijiliginiň miwesidigi şübhesizdir. Şeýlelikde, ilkibaşdaky görnüşinde däl-de, kä ýerleri asyl nusga gabat gelýän, kä ýerlerinde bolsa köne jikme-jiklikler täzesi bilen çalşyrylan hem-de tutuş ýaly bolup görünýän bitewi bir eser wagtyň geçmegi bilen diňe az-owlak zyýan çeken asyl nusgadaky hakyky bölekleriň üstüni ýetirýär. Elimizde türk alymy Muallim Rifatyň bu kitap barada ýazan uly göwrümli işi bar hem bolsa, onuň bilen baglanyşykly meseleleriň ählisiniň gutarnykly çözülendigini aýtmak häzirlikçe asla mümkin däl. SSSR Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş instituty tarapyndan eseriň asyl nusgasynyň özüniň Drezden golýazmasynyň surata alnan nusgasy bilen deňeşdirilen ýazgysy, şonuň ýaly-da, rowaýatlaryň akademik W.W. Bartoldyň elinden çykan terjimesiniň doly neşiri çapa taýýarlanyldy. Bu kitabyň neşir edilmegi uly ähmiýete eýe bolar, çünki W.W.Bartoldyň terjimesi alymyň özi dirikä dolulygyna halka ýetirilmändi we şol sebäpli-de okyjylar eseriň käbir baplary bilen ilkinji gezek tanyş bolar. Merhum taryhçynyň öz terjimesine ýazan sözbaşysy aýratyn gymmata eýedir. Kitabyň Stambulda we Bakuda neşir edilen nusgalaryndaky bilnip hem bilinmän goýberilen säwlikleri aradan aýyrýan bu neşiriň esasynda türkmen edebiýatynyň örän gymmatly ýadygärligi bolan bu kitabyň taryhy bilen bagly meseleleriň birnäçesini gaýtadan gözden geçirmek mümkin bolar. Hususan-da, Orta Aziýanyň halklarynyň epiki döredijiliginiň ähli taraplary baradaky maglumatlaryň örüsiniň örän giňemegi bu işi has hem aňsatlaşdyrar. Türkmenleriň edebi durmuşy diňe halk döredijiligi bilen çäklenip oňaýmandyr. Bu babatda örän özboluşly hyzmaty ýerine ýetirmek seljuklylara nesip edipdir. Gaznawylaryň elinden häkimiýeti gaňryp alan seljuklylar özlertiniň köşk edähetlerini döreden mahallary olaryň öňkülerden miras alan düzgünleriniň köpüsini bolşy-bolşy ýaly edip saklap galypdyrlar. Mysal üçin, köşgüň edebi dili hökmünde baryp sasanylar zamanynda ýaşap geçen şahyrlar we ýazyjylar tarapyndan dolanyşyga girizilen we şol döwürde adatça dari dili diýlip atlandyrylan orta aziýa-pars dili ulanylypdyr. Eýrany boýun egdiren seljuklylar özleri bilen bu dili hem alyp gelipdirler we öz şahyrlarynyň üsti bilen onuň örän giň çäklere ýaýramagyna hem-de pehlewi dilinden gözbaş alyp gaýdýan ýerli gepleşikleriň gysylyp çykarylmagyna ýardam beripdirler. Bu dili öwrenmekligiň seljuk begleriniň mydama borjy bolandygyny oý etmek mümkin. Seljuklylaryň taryhçysy Bundary Togrul begiň arap dilini bilmänligini we ol Bagdady paýtagt edinen halif bilen duşuşan mahaly weziri Abu Naip Muhammet ibn Mansur Kundurynyň terjimeçiniň wezipesini ýerine ýetirendigini belläp geçmegi zerur hasaplapdyr. Seljuklylaryň pars (dari) dilini bilmändikleri barada bolsa bir habar hem bize gelip ýetmändir. Bu ýagdaýlaryň ählisi, elbetde, bu döwürde pars dilindäki, görnüşine görä, türkmen okyjylarynyň arasynda-da uly meşhurlykdan peýdalanan edebiýatyň güýçli derejede gülläp ösmegine ýardam beräýmelidi. Pars sözleriniň we parslara mahsus edebi ýordumlaryň türkmen halk döredijiligine hut şu döwürde aralaşyp başlan bolmagy mümkin. Şeýlelik bilen, bu edebiýatyň türkmen dilinde döredilmändigine garamazdan, türkmen halkynyň edebi durmuşynda bolup geçen özgerişliklere düşünmek üçin hökman ony hasaba almak gerek. Bu döwrüň edebi durmuşynyň näderejede dolup-daşandygy Muhammet Awfy tarapyndan XIII asyryň başynda düzülen «Lübabül-Albab» atly tezkirede (almanahda) seljuklylar zamanynyň şahyrlary sanalyp geçilende, XII asyryň birinji ýarymynda ýaşap geçen elli bir şahyryň, şol asyryň ahyrynda ýaşap geçen elli dört şahyryň adynyň tutulmagyndan hem görünýär. Üstesine-de şol şahyrlaryň ýarysyndan azragynyň asly Horasandan, beýlekileriniň asly bolsa Mawerannahrdan, Yrakdan we Gaznadan eken. Şu sanawa giren şahyrlaryň diňe käbirlerinden beýlekileriniň döredijiliginiň örän az öwrenilendigini açyk boýun almak gerek. Üstesine-de, olaryň diwanlarynyň golýazmalarynyň örän seýrek duş gelmegi hem bu işi kynlaşdyrýar. Bu ýerde gürrüňi edilýän şahyrlaryň döredijiligine giňişleýin häsiýetlendirme bermegiň ýeri däl hem bolsa, olara mahsus käbir umumy alamatlary belläp geçmek gerekmikä diýýäris. Gaznawylar zamanynyň şygryýeti üçin esas bolup, sasany şahyrlarynyň eserleri hyzmat eden bolsa, seljuklylaryň köşgünde döredilen şygryýet, öz gezeginde, gaznawy şahyrlarynyň döredijiliginden ugur alýar we onuň wekilleri gaznawy şygryýetiniň wekili meşhur Unsurydan üstün çykmaga çalşypdyrlar. Azraky Harawynyň aşakdaky setirleri munuň aýdyň mysalydyr: «Eger-de, Mahmydyň bagtyna Unsurynyň köňlünden Jada meňzeş şol setirler joşup çykan bolsa, onda maňa, Seniň belent mertebäňe laýyklykda, şahyrlaryň ähli etsem-petsemlerini Bir mysgaldan hem ýeňil bolup görner ýaly etmek ýaraşýar!» Bu bäsleşikde üstün çykmak üçin, şol döwrüň talabyna görä, şahyrana beýan ediş täriňi çylşyrymlaşdyrmaga, çylşyrymly deňeşdirmeler, meňzetmeler, yşaratlar bilen şygryýetiň ýüküni ýetirmäge çalyşmalydy. Bu şygryýete düşünmegiň örän kyn bolmagy hut şu ýagdaý bilen bagly bolupdyr. Mysal üçin, Soltan Sanjaryň zamanynda ýaşap geçen iň görnükli şahyrlaryň biri Auhadaddin Enweriniň diwanyna düşündiriş ýazan kişi bu ýygyndydaky düşünmesi kyn setirleriň manysyny düşündirmek üçin iki ýüzden gowrak ylmy işden peýdalanmaga mejbur bolupdyr3. Köşk şygryýeti sholastiki ylmyň bir pudagyna öwrülipdir. Ylhamyň we hyýalbentligiň ornuny joşgunsyz pikirler eýeläpdir. Şeýle-de bolsa, sholastiki şygryýet usulyndan ussatlyk bilen baş çykarmak bilen birlikde, dowam edip gelýän şahyrana däbiň talaplaryna laýyklykda edebi ýordumlaryň daşyna çäk çeken dar çarçuwalary çym-pytrak edip, tutuş adamzady gyzyklandyraýjak meseleleri gozgamagy başaran belent mertebeli Nyzamynyň hem XII asyrda ýaşap geçendigini unutmaly däl. Seljukly şygryýetini dykgatly öwrenen mahalyň bu garşylyk görkeziş hereketiniň diňe Azerbaýjanyň çäginde ýüze çykmandygyna göz ýetirýärsiň. Elbetde, Horasandaky şertler bu ýerdäkiden tapawutlanýardy we bu garşylyk başga hili görnüşe eýe bolaýmalydy, emma şeýle bir garşylygyň bu ýerde-de ýüze çykandygy welin äşgärdir. Mysal üçin, XII asyrda ýaşap geçen horasanly şahyrlaryň ählisi diýen ýaly köşk şygryýetine gyýa göz bilen garapdyrlar. Olar bu şygryýetiň jemgyýetçilik ähmiýetiniň uly däldigine,aslyýetinde onuň gazanç etmegiň bir ýolundan başga zat däldigine barha we barha anyk göz ýetirmäge başlaýarlar. Häkim eýeleriniň özüni birneme äsgermezlik etmegine ýaňy-ýakynlara çenli, hernäme-de bolsa, göz ýummaga çalşan köşk şahyry indi öz düşen gününden irip başlaýar we muňa çydamagyň mümkin däldigine akyl ýetirýär. Mysal üçin, asly Merwden (Marydan) bolan şahyr Mahmyt Semaýy bu ýagdaýdan şikaýat edip, sesini şeýle gataldýar: «Ez derd çeşidenu keşiden hari, Jan juýad har demi zi ten bizari... Eý kaş bimurdemi ki murden bihter, Z-in zisteni be-sad hezaran hari!» (Jepalar we kemsitmeler sebäpli, Her demde jan teni terk etmegiň ýoluny gözleýär. Ölüp gitsem bolmaýarmy, çünki müňlerçe kemsitmelere çydanyňdan Dünýäni terk edeniň has gowudyr). Ysmaýyl Baharyzynyň aşakdaky rubagysy hem muňa mysal bolup biler: «Dilra çi dihem firib çendin be-sahun, Çun kari mera ne ser pedidestu ne bun! Der Sali now az refte giýasi mikun, Sali na u sed hezari enduhi kehun!» (Kalbymy şu derejede söz bilen gandyrmak nämäme derkar! Bu işiň başlangyjy hem ahyry ýok ahyryn... Täze ýylda ýagdaýyň neneňsi boljagyny köne ýyldan çen tutup çak et, Ýyl täze-de bolsa, ýüz müňlerçe gaýgy-gamyň şol öňküligi). Bu aýlawa girýän şahyrlaryň arasynda gazal we rubagy ýazmaga bolan meýliň has äşgär ýüze çykmagy olaryň köşk şygryýetinden we onuň esasy edebi görnüşi bolan kasydadan göwünleriniň geçmeginiň aýdyň alamatydyr. Awfy şol zamanda döredilip, daş görnüşi adaty gazallardan tapawutlanmaýan we ahyrky beýdinde tahallus (edebi lakam) duş gelýän gazallaryň onlarçasynyň biziň günlerimize gelip ýetmegine sebäp bolupdyr. Şahyrlaryň ählisi hem gazal bilen birlikde rubagy-da ýazypdyrlar we olar, köplenç, ýokary çeperçilige-de eýe bolupdyrlar. Kasyda bilen deňeşdireniňde, gazalyň, hususan-da, rubagynyň halka has ýakyn bolan edebi görnüşlerdigi göz-görtele bolup dur. Bu iki edebi görnüşiň sasanylar zamanynda doly diýen ýaly duş gelmezligi tötänleýin ýüze çykan ýagdaý bolmasa gerek. Aýratyn hem, rubagy edebi görnüşiniň köp ulanylmagy ünsüňi özüne çekýär. Görnükli rubagyçylaryň biri bolan Omar Haýýamyň hut on birinji asyryň ahyrynda we XII asyryň başynda döredijilik bilen meşgullanandygyny ýatlalyň. Bu täsin şahyr barada örän köp ýazylandygyndan habarymyz bar. Şeýle-de bolsa, göwnümize häzire çenli ýeterlik derejede üns berilmedik ýaly bolup görünýän iki ýagdaýa ünsüňizi çekmek isleýäris. Birinjiden, Haýýamyň hemişe adatdan daşary bir hadysa hökmünde görkezilmäge çalşylýan döredijiligi tutuşlygyna, aslyýetinde, hut seljukly medeniýeti bilen ýakyndan baglanyşykly bolup, ony bu medeniýetiň özboluşly özeni hem hasaplap bolardy. Ikinjiden, onuň döredijiligi bilen türkmen nusgawy edebiýatynyň arasynda baglanyşyklaryň bardygy göze ilýär. Görnükli türkmen nusgawy şahyry Magtymgulynyň döredijiligi bilen ýeterlik derejede tanyş bolan her bir kişi bu şahyra mahsus bolan esasy liriki äheňiň, ýagny özboluşly ötgürligiň we gussanyň Haýýamyň ruhy ahwalatyna ýakyndygyny hökman aňşyrar. Muny geň görüp oturasy iş ýok. Haýýamyň türkmen taýpalarynyň Ýakyn Gündogarda agalyk eden eýýamynda ýüze çykan seljukly edebiýatynyň adaty wekilidigini göz öňünde tutsaň, onda türkmenleriň arasynda onuň döredijiliginiň uzak wagtlap öz täsirini ýitirmezliginiň sebäbi düşnükli bolar duruberer. Elbetde, Haýýamyň we Magtymgulynyñ durmuş meselelerine bolan garaýyşlary biribiriniňkä doly gapma-garşydyr. Bu başgaça bolup hem bilmejekdi. Olaryň ýaşan zamanlarynyň arasynda alty asyr ýatyr, daşlaryny gurşan durmuş şertleri bolsa düýbünden tapawutly. Bu iki şahyryň döredijiliginiň deňeşdirilip öwrenilmeginiň Magtymgulynyň orta asyrlarda ýaşap geçen Haýýamyň döredijiligi bilen gowy tanyş bolandygyny we köplenç ýagdaýda onuň şygyrlarynda Haýýamyň pelsepesiniň tankyt edilýändigini, bu şygyrlaryň orta asyr rubagyçysynyň XVIII asyryň şertlerinde türkmen halkyna uly zyýan berip biljek pikirleriniň öňüni almak maksady bilen ýazylandygyny äýgär etjegini çak etmek mümkin. Edebi ýadygärlikleriň henize çenli az öwrenilen ýene bir görnüşini hem belläp geçmek gerek. Ol Isgender, Abu Müslimiň gozgalaňy, Emir Hemzäniň gahrymançylyklary hakdaky halk kyssalarydyr. Olaryň köp bölegi hut seljuklar eýamynda döräp başlapdyr. Gahrymançylygyň tarypy ýetirilýän kyssa eserlerine mahsus esasy äheňiň saklanyp galmagy bilen birlikde belli halky ýörelgelere eýe bolmagy, halkyň içinden çykan gahrymanlaryň mertliginiň arkasyndan tagtyndan agdarylýan zalym hökümdaryň edebi keşbiniň döredilmegi, şäher garyplarynyň, kemsidiji ýagdaýda ýaşaýandygyna garamazdan, aklyna, üşügine we çalasynlygyna daýanyp, hatda iň güýçli duşmanlaryň hem hötdesinden gelmegi başarýan wekili — çakgan aýýar hakyndaky uzyn beýanatlar — bularyň ählisi gürrüňini edýän kyssalarymyzyň häsiýetli alamatydyr. Bu kyssalar XX asyryň başlaryna çenli Orta Aziýada uly meşhurlykdan peýdalanypdyr. Olaryň öwrenilmegi we XVIII asyr türkmen kyssalaryna (alym türkmen dessanlaryny göz öňünde tutýan bolmaly – O.Ç.) nähili dahyllarynyň bardygynyň kesgitlenmegi türkmen edebiýatynyň bu özboluşly görnüşiniň döreýiş taryhyny, gürrüňsiz, aýdyňlaşdyrar. Çaklama häsiýetli bu pikirler, biziň pikirimizçe, bir zady, ýagny seljuklar zamanynyň pars dilli edebiýaty bilen türkmen dilinde döredilen türkmen edebiýatynyň arasynda hakyky baglanyşygyň bardygyny görkezýär we bu edebiýatyň çüňňur öwrenilmegi türkmen edebiýatynyň ösüş taryhyny hem aýdyňlaşdyryp bilerdi. Biz özümize şeýle bir sorag bermelidiris: seljukly jemgyýetiniň agalyk ediji gatlagy bu döwrüň pars dilindäki edebiýatyndabeýanyny tapan bähbitleri aran bolsa, onda bu döwürde halk köpçüligini emele getiren türkmenleriň durmuşy nähili bolduka? Bu jogap bermez ýaly sorag däl. Birinjiden, bu ýerde Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde beýanyny tapan gymmatlyklaryň ählisi doly derejede ýaşamagyny dowam etdiripdir. Şonuň bilen birlikde başga hili ýörelgeler hem göze ilmäge başlaýar. Hoja Ahmet Ýasawynyň döredijiligini we onuň esaslandyran edebi mekdebini şol ýörelgeleriň beýançysy hasaplap bolar. Hoja Ahmet Ýasawynyň edebi mirasynyň ýagdaýynyň onuň eserlerini haýsy dilde döredendigini anyk kesgitlemäge mümkinçilik bermeýän hem bolsa, barybir, onda oguz unsurlarynyň bardygy barada hiç hili şübhe ýokdur. Hoja Ahmediň döredijiligi bilen türkmen edebiýatynyň arasyndaky baglanyşyk onuň eserleriniň diline salgylanylmazdan hem ýüze çykarylyp bilner. Hoja Ahmediň şygyrlarynyň Magtymgulynyň döredijiligine örän uly täsir edendigini inkär etmek başartmasa gerek. Magtymgylynyň döredijiliginde yslam dininiň esasy ýol-ýörelgeleri türkmenlere düşnükli şekilde beýan edilýär. Bu ýagdaý Hoja Ahmet Ýasawynyň şygyrlarynda-da äşgär göze ilýär. Şeýlelik bilen, bu türkmen şahyrynyň-wagyzçysynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň bir ülşi bolmak bilen, şol ülüş bolmasa, bu edebiýatyň üznüksiz taryhyny düzmek asla mümkin däl. Şeýlelik bilen, biz seljuklylar zamanyna, ýagny XI-XII asyrlara türkmen edebiýatynyň şondan soňraky ösüşi üçin düýpli esas hökmünde garap boljakdygyny aýtsak, asla ýalňyşmarys. Şol zamanyň türkmen edebiýaty onuň soňraky ösüşinde güýçli derejede ýüze çykan unsurlaryň ählisiniň diýen ýaly tohumyny özünde saklaýardy. 4. Diýmek, seljuklylar zamany düýbünden täze bir edebiýatyň peýda bolmagy üçin ähli şertleri döredipdir. Emma XIII asyrda ýüze çykan aýylganç heläkçilik — mongol çozuşy bu şertleriň kämilleşmeginiň öňüne böwet bolupdyr. Köşk edebiýatynyň sesine suw sepilipdir, onuň jümmüşinde kemala gelmäge başlan halk edebiýaty mongollar tarapyndan talaňçylyga sezewar edilen welaýatlarda öz soňky sözüni aýtmaga ýetişmändir. Şol bir wagtyň özünde, mongol çozuşy bu babatda türki halklaryň edebiýaty üçin oňaýly şertleri hem döredipdir. Mongollaryň çozuşyna çenli, ýagny X-XIII asyrlarda pars dili Ýakyn Gündogaryň halklarynyň köpüsiniň esasy edebi dili hasap edilen bolsa, mongollaryň bu ýerlerde peýda bolmagy bilen dürli türki dilleriň eýeleýän orny örän ýokarlanypdyr. Mongollar gelmezinden öň türki diller esasan halk döredijiliginiň beýan ediş serişdesi bolan bolsa, XIV asyrda olaryň «belent mertebeli» edebiýat üçin hem ýaramlydygy bütin aýdyňlygy bilen äşgär bolýar. Haýsydyr bir Aly tarapyndan XIII asyrda ýazylan «Kyssaýy-Ýusup» atly şahyrana eserde Ahmet Ýasawynyň başyny başlan işiniň özboluşly dowam etdirilişini görýäris. Ony döreden şahyryň ömür ýoly barada bilýän zadymyz ýok. Bu poema soňky döwürlerde Wolga derýasynyň orta we aşak akymlaryna ýanaşýan topraklarda giňden ýaýran hem bolsa, onuň oguz dilindeýazylandygy göz-görtele bolup dur. Şonuň üçin hem ony ýaýdanman türkmen edebiýatyna degişli etmek mümkin. Ol hem Hoja Ahmediň eserleri ýaly dörtlemäniň halky görnüşinden we bogun ölçeginden peýdalanylyp ýazylypdyr. Mazmunyndan — Ýusup alaýhyssalam barada Kuranda aýdylanlaryň özboluşly beýanyndan çen tutup, ony dini häsiýetli öwüt beriji eser hasaplap bolar. Şahyryň bu mowzuga ýzlenmeginiň sebäbi öz-özünden düşnüklidir. Eser Ýusubyň öz başyndan inen ähli bela-beterlere garamazdan, umytdan düşmändigi, durnuklylyk görkezendigi, şonuň netijesinde-de ahyrsoňunda uly hormata we bagta mynasyp bolandygy hakdaky pikiriň daşynda aýlanýar. Betbagtçylykdan doly ýyllarda bu poema häli-şindi ýüze çykyp duran heläkçilikler sebäpli umydyny ýitirmek derejesine baryp ýeten örän köp sanly okyjylaryň derdini ýeňledip biljekdi. Şu aýratynlygyny hem göz öňünde tutmak bilen, barybir, poemany belli bir derejede dünýewi edebiýata geçiş hasaplamak hem mümkin. Onda öwüt-ündew açyk wagyz görnüşinde däl-de, çeper edebi keşpleriň üsti bilen berilýär. Ol yzygiderli ýorduma eýedir we Zylyha, ýagny Pentefriniň aýaly bilen baglanyşykly meşhur wakanyň beýanynyň arkasyndan onda adaty söýgä uly we düýpli orun berilmegi has hem möhümdir. XIV asyrda özboluşly we täsin ykbally şahyr kazy Burhaneddin Siwasly (1344-1397) türkmen edebiýatyna örän möhüm goşant goşýar. Onuň ata-babalary salyr taýpasyna degişli bolup, Horezmde ýaşaýar ekenler. Türkmen taýpalarynyň uzakdaky ýerlere göç eden döwürleriniň birinde şolardan Muhammet ibn Resul ibn Sewinç atly biri Kiçi Aziýadaky Kastamuny diýen ýere göçüp barýar. Onuň ogly Hüsämeddin Hüseýin ata-babalarynyň meşgullanyp gelen harby kärinden ýüz öwrüp, ömrüni hukuk bilen bagly ylymlara bagyşlap, Kaýsary welaýatynyň kazysy diýen hormatly wezipä eýe bolmagy başarypdyr. Onuň nesilleri ylym bilen meşgullanmaklaryny dowam etdiripdirler. Olaryň ählisi ylmyň haýsy hem bolsa bir pudagynda uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Onuň çowlugy Hüseýin Burhaneddin Ahmede öz alym ata-babalaryndan hem has meşhur bolmak nesip edipdir. Ol dört ýaşynda okuw okamaga başlap, on iki ýaşyna ýetende arap grammatikasyny örän gowy bilmegi bilen iliň diline düşüpdir. Soňraky ýyllarda bolsa ol suhangöýlük sungatynyň nazaryýeti (ritorika), stilistika, şygyr ölçegleri, geometriýa, matematika, pelesepe boýunça görnükli alym bolup ýetişipdir, arap we pars nusgawy şahyrlarynyň iň göwy eserlerini öwrenipdir. Tiz wagtdan ol iň bir meşhur mugallymlaryň birine öwrülipdir we çar tarapdan gelýän talyplar onuň huzurynda ýygnanmaga başlapdyrlar. Şol bir wagtyň özünde-de ol damarlarynda söweşjeň ata-babalaryndan miras galan ganyň at salýandygyny duýýardy we bu ýagdaý bar wagtyny hüjre ylymlaryna sarp etmäge päsgel berýärdi. Ol harby hünäri hem öwrenip, tiz wagtdan bu ugur boýunça-da uly üstünliklere eýe bolupdyr hem-de ýaraglaryň ähli görnüşinden peýdalanmagy öwrenipdir. Heniz ýigrimi ýaşyndaka ol Kaýsary welaýatynyň kazysy wezipesine saýlanypdyr we öz ýöredýän akylly-başly syýasatynyň arkasyndan halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolupdyr. 1378-nji ýylda ol Siwasyň hökümdarynyň wezirligine bellenilipdir. Bu hökümdaryň aradan çykmagy bilen welaýatda bulagaýlyklar başlanyp, 1381-nji ýylyň başynda Siwasyň abraýly adamlary Burhaneddini hökümdar diýip yglan etmäge mejbur bolupdyrlar. Onuň şondan soňky ömri Siwasy ele geçirmäge synanyşaýan daşky duşmanlara garşy dyngysyz göreş alyp barmak bilen geçipdir. Akgoýunly neberesiniň baştutany Gara Osman bilen aralarynda 1397-nji ýylda bolup geçen söweşde ol wepat bolupdyr. Burhaneddinden arap grammatikasy we kanunlary öwreniş ylmy boýunça ýazylan ylmy işleriň ençemesi miras galypdyr. Emma bizi esasan bu işler däl-de, liriki şygyrlaryň uly göwrümli diwany gyzyklandyrýar. Bu diwan biziň günlerimize onuň ýeke-täk golýazmasy arkaly gelip ýeten hem bolsa, golýazmanyň heniz ol dirikä we görnüşine görä, şahyryň şahsy kitaphanasy üçin göçürilmegi gymmatyny has hem artdyrýar. Bu ýygyndynyň esasy bölegini liriki gazallar eýeleýär. Başgaça edip aýtsak, Burhaneddin, öň hem belläp geçişimiz ýaly, seljuklylar zamanynda durnuklaşyp ugran däbi dowam etdirýär. Emma seljukly şahyrlary pars edebi dilinden peýdalanan bolsalar, Burhaneddin, olardan tapwutlylykda, ilkinjileriň biri bolup, gazallaryny öz ene dilinde ýazýar. Onuň diwanynyň ähmiýeti örän uludyr, çünki biz onda pars şygryýetine mahsus ajaýyp tärleriň ählisiniň türkmen şygryýetinde ulanylyşynyň şaýady bolýarys. Burhaneddin gazallaryň ýany bilen rubagylar hem ýazypdyr. Şol bir wagtyň özünde-de, onuň bu nusgawy şygyr görnüşleri bilen bir hatarda edebiýata Orta Aziýanyň halk dörejiligine mahsus bolan týug görnüşini girizmeginiň ähmiýeti has hem uludyr. Dört setirli bentlerden ybarat bu şygyr görnüşinde rifma bolup omonimler — ýazylyşy meňzeş, emma dürli many aňladýan sözler hyzmat edýär. Burhaneddin söýgi lirikasynyň adaty mowzuklary boýunça mylaýym äheňli we hyjuwly gazallary döretmegiň hötdesinden gelipdir. Şonuň ýaly-da, öz halkynyň hakyky ogly hökmünde ruhubelentlik, batyrlyk, öz halkyň bähbitlerine jan-teniň bilen wepaly bolmak ýaly häsiýetleri taryp etmek bilen gahrymançylyk häsiýetli şygyrlary-da döredipdir: «Erenler er ýolunda er tek gerek, Meýdanda erkek kişi ner tek gerek. Ýahşi, ýaman, gaty ýumşak olsa, hoş, «Serweren» diýen kişi erkek gerek!». Burhaneddiniň şygryýetiniň öwrenilmeginiň türkmen edebiýatynyň taryhy üçin uly ähmiýete eýe bolar. Gynansak hem, häzirlikçe onuň diwanyna girýän eserleriň diňe az sanlysy çap edildi. Belli rus türkşynasy P.M.Melioranskiniň onuň döredijiligi baradaky işinde örän gymmatly maglumatlar duş gelýän hem bolsa, bu diwanyň Londondaky Britan muzeýinde saklanylýan ýeke-täk golýazmasyndaky şygyrlaryň dolulygyna neşir edilmeginiň belli bir gymmaty bolmazdy. Onuň ýaşy boýunça özünden kiçi döwürdeşi Seýit Ymadeddin Nesiminiň döredijiligi hem öwrenilmäge mätäç. Şahyr özboluşly hurufi pyrkasyna degişli bolup, bu pyrkanyň wekilleri adamyň ylahy gelip çykyşynyň bardygyna, Hudaýa akyl ýetirmegiň diňe adama akyl ýetirmek arkaly amala aşyrylyp bilinjekdigine ynanypdyrlar. Adamy bar zadyň merkezinde goýýan we bar zatdan öňürti adamyň mertebesine hormat goýmagy talap edýän bu taglymat agalyk ediji toparlarda gahar-gazabyň peýda bolmagyna sebäp bolupdyr we Nesimi 1417-nji ýylda Halap şäherinde jezalandyrylyp öldürilipdir. Nesiminiň iki diwany gelip ýetipdir. Olaryň biri şahyryň pars dilindäki, beýlekisi, has gyzyklysy bolsa azerbaýjan diline ýakyn bir dilde ýazylan eserlerini öz içine alypdyr. Käbir alymlar Nesiminiň gelip çykyşy boýunça türkmendigini aýdýarlar. Onuň gelip çykyşy bilen bagly meseläni diňe eserleriniň tankydy neşirleri we hurufylyk barada Stambulyň kitaphanalaryndaky köp sanly kitaplar bilen tanyş bolanymyzdan soňra çözüp bileris. Muňa garamazdan, eýýäm häzirki döwürde-de Nesiminiň döredijiligini öwrenmegiň türkmen edebiýaty üçin uly ähmiýetiniň bardygynyň şübhesizdigini belläp geçmek mümkin, çünki türkmen nusgawy şahyrlarynyň oňa aýratyn üns bermekleri ýöne ýere bolmaly däl. Durdy şahyr bilen şahyrana aýdyşygynda görnükli türkmen şahyry Magtymguly öz bäsdeşine Nesimi bilen baglanyşykly sorag bilen ýüzlenýär. Andalyp lakamy bilen meşhurlyk gazanan şahyr Muhammet Garyp hurufizmiň bu wekiline tutuş bir poema bagyşlapdyr. Nesiminiň ägirt uly ähmiýeti onuň eýýäm şol döwürde XII-XIII asyrlaryň ýönekeý ruhy şygryýetine pars söpuçylyk şygryýetiniň bütin inçeliklerini miras alan çylşyrymly pelsepewi şygryýeti garşy goýanlygyndan we Magtymgulynyň hem onuň döwürdeşleriniň döredijiligi üçin esas taýýarlanlygyndan ybaratdyr. Galyberde-de, türkmen halkynyň Horezm bilen ýakyndan bagly bolandygyny hasaba almak bilen, bu sebitiň şahyrlarynyň döredijiligini, ilkinji nobatda-da şahyr Horezmi tarapyndan XIV asyryň ikinji ýarymynyň başynda ýazylan «Muhabbetnama» atly meşhur poemany hem gözden salmak bolmaz. On bir sany söýgi aýdymyndan (olaryň üçüsi pars dilinde ýazylan) ybarat bu poemanyň diliniň, esasan, köne özbek diline ýakyndygyny ykrar etmäge mejbur hem bolsak, onda käbir oguz unsurlaryna hem duş gelnip, onuň türkmen edebiýatyna, aýratyn hem halk dessanlaryndaky liriki şygyrlara öz täsirini ýetiren bolmagynyň mümkindigi hakdaky pikiri inkär edip bolmaz. dowamy bar... Ýewgeniý BERTELS. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |