21:36 Türkmen şahyrynyň goşgular kitaby puştu dilinde | |
TÜRKMEN ŞAHYRYNYŇ GOŞGULAR KITABY PUŞTU DILINDE
Edebiýat täzelikleri
Owganystan Demokratik Respublikasy bilen Sowet Soýuzynyň halklarynyň arasyndaky dostluk, medeni aragatnaşyk barha pugtalanýar. Bu hyzmatdaşlyk Owganystanda aprel rewolýusiýasynyň ýeňip üstün çykan wagtyndan bäri has-da giň gerime eýe bolýar. Şeýle dostlukly gatnaşyklaryň miweleriniň biri-de belli türkmen şahyry Anna Kowusowyň goşgular kitabynyň "Owganystana syýahat" diýen at bilen Kabulyň milli neşirýatynda puştu dilinde çap edilip çykarylmagydyr. Owganystan Demokratik Respublikasynyň Informasiýa we medeniýet ministrliginiň Türkmenistan ýazyjylar soýuzynyň hem-de kitabyň awtorynyň adyna iberen bu bezemen kitaby doktor Arif Osmanowyň sowet-owgan edebi gatnaşyklary baradaky makalasy bilen açylýar. Ol özüniň makalasynda Sowet Soýuzynda owgan ýazyjylarynyň, Owganystan Demokratik Respublikasynda bolsa sowet awtorlarynyň kitaplaryny neşir etmeklige uly üns berilýändigini nygtap görkezýär. Bu alym türkmen şahyry Anna Kowusowyň "Owganystana syýahat" kitabynyň içine girýän owgan halkynyň durmuşy, zähmeti barada, iki goňşy halkyň arasyndaky dostlugy wasp edýän goşgularynyň çeperçiligini, tematiki taýdan örän derwaýyslygyny taryplaýar, kitabyň şowly çykmagynda meşhur owgan şahyry, goşgularyň terjimeçisi Abdylla Bahtaniniň hyzmatyny, onuň terjimeçilik ussatlygyny belleýär. Kitapda terjimeçi Abdylla Bahtaniniň gysgajyk sözbaşysy ýerleşdirilipdir. Ol Anna Kowusowyň Moskwanyň "Советский писатель" neşirýatynda 1963-nji ýylda rus dilinde çykan "Owgan duşuşyklary" kitabyny, "Türkmenistan" neşirýaty tarapyndan 1961-nji ýylda "Öýde hem ýolda" diýen at bilen türkmen dilinde neşir edilen kitabyna girýän Owganystan baradaky goşgularyny uly höwes bilen okandygyny, goşgularyň özünde çuň täsir galdyrandygyny, ençe ýollaryň dowamynda olary puştu diline terjime edendigini ýazýar. Terjimeçi özüniň şol sözbaşysynda awtoryň döredijiligi, biografiýasy bilen owgan okyjylaryny tanyşdyrýar. Anna Kowusowyň "Owganystana syýahat" kitaby "Hindiguş daglaryna" diýen meşhur goşgusy bilen başlanýar: Hindiguş, Hindiguş, seniň adyňy Ilki sapar ýaş çagymda eşitdim. Elipbiýi hatym edemde ýaňy, Jugrafiýa sapagynda eşitdim. Mugallym diýýärdi, ol belent şeýle, Ol ýere sekmeýär pyýada, atly... Bu gün illeriňe geldim men seýle, Üstüňden ýol saldym polat ganatly... Kitapda mundan başga-da başga-da şahyryň "Nan", "Dostumyň sözi", "Seniň owazyň", "Şahyr dostuma", "Gerirud", "Gazni", "Güýz bilbili", "Owgan gözeli" ýaly ululy-kiçili jemi otuza golaý goşgusy ýerleşdirilipdir. "Owganystana syýahat" kitaby "Garaşsyzlyk sütüni" diýen goşgy bilen tamamlanýar: Kabul ploşadlarnyň Birinde gördüm seni. öz belent dik başyňy Asmana gezäp göni, Sen guwançly berk dursuň, Garaşsyzlyk sütüni!.. Türkmen şahyrynyň goşgular kitabynyň Owganystan Demokratik Respublikasynda puştu dilinde neşir edilmegi guwançly wakadyr. N.AŞYRPUR, S.ENSARI, filologiýa ylymlarynyň kandidatlary. "Edebiýat we sungat" gazeti, 13.01.1979 ý. | |
|
√ Kitap arakesmesi - 14.05.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi - 12.08.2024 |
√ "Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024 |
√ Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024 |
√ Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär - 16.06.2024 |
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
√ Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024 |
√ Туркменка - 28.07.2024 |
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |