22:47 Türkmen ýazyjysy Ogulmaýa Saparowa baýraga mynasyp boldy | |
TÜRKMEN ÝAZYJYSY OGULMAÝA SAPAROWA BAÝRAGA MYNASYP BOLDY
Edebiýat täzelikleri
Türkiýäniñ Baýburt şäherinde şu ýyl 27-nji gezek geçirilýän "Dädem Gorkut" medeni baýramçylyklary başlady Türkiýäniñ Baýburt şäher häkimligi tarapyndan 27-nji gezek geçirilýän "Halkara Dädem Gorkut Medeniýet we sungat baýramçylygy" başlady. 17-nji iýulda duşenbe güni Masat obasyndaky Dädem Gorkut kümmedine edilen zyýarat bilen başlan medeni çäreler 23-nji iýulda ýekşenbe güni Aýdyndepe ýaýlasynda geçiriljek konsertdir halk oýunlarynyñ çykyşy bilen tamamlanar. Gorkut atanyñ ýadygärligine gül goýulmagynyñ we kortež ýörişiniñ yzyndan Köşk howlusyndaky Atatürküñ ýadygärliginiñ öñünde baş egildi, Garaşsyzlyk gimni ýañlandy. "Türk ýüzýyllygy we Dädem Gorkut" atly simpoziumyñ çäklerinde alymlar Baýburt bilen baglanyşykly Anadoly we türk dünýäsinde Gorkut atanyñ yzlaryny gürrüñ berdiler. Bir ýygnanşygyñ çäklerinde geçirilen we ýygnanşyga ýolbaşçylyk eden Baýburt uniwersitetiniñ Ynsanperwer we jemgyýetçilik ylymlary fakultetiniñ dekany professor Rafet Metiniñ geçiren simpoziumynda Atatürk uniwersitetinden professor Ahmet Özgür Güwenç "Dädem Gorkudyñ gürrüñlerinde hukuk", Tokat Gaziosmanpaşa uniwersitetinden Alpaslan Demir “Anadolyda türkleriñ derejesi", Ýozgat Bozok uniwersitetinden professor Ýunus Özger “Dädem Gorkudyñ watany Baýburtda öñe saýlanan şahsyýetler", Ankara uniwersitetinden professor Üçler Bulduk “Dädem Gorkudyñ we oguzlaryñ Anadolydaky yzlary", Atatürk uniwersitetinden Gülhan Atnur "Dädem Gorkudyñ gürrüñlerinde ozanlar ýörelgesi we Dädem Gorkutda türk baglanyşyklarynyñ yzlary" ýaly nutuklar bilen çykyş etdiler. Simpoziumdan soñ Türk dünýäsi ýazyjylar we senetkärler fondunyñ (TÜRKSAV) 25-nji "Halkara Türk Dünýäsine hyzmat" baýragyna mynasyp bolanlarа baýrak gowşuryldy. Bu ýyl Eýran Türkmensährasyndan Ogulmaýa Semizade-Saparowa Eýrandaky türk medeniýeti we edebi eserleri boýunça geçiren işleri üçin baýraga mynasyp bolan bolsa, Türkiýäniñ Gaziantep uniwersitetinden professor Erdal Baý taýýarlan "Türk dünýäsi watandaşlygy" maksatnamasy üçin baýrak almaga hukuk gazandy. Alymlara baýragy şäher häkimi Pekmezji, Baýburt uniwersitetiniñ rektory professor Mutly Türkmen, TÜRKSAV-yñ baş sekretary Ýawuz Güler gowşurdy. Baýrak gowşurylyşda türkmensähraly ýazyjy Ogulmaýa Saparowa şäher häkimi Pekmezjä türkmen donuny sowgat etdi. @Kitapçylar. https://www.turkavrasya.com/haber/27-bayburt-dede-korkut-solenleri-basladi-656 https://www.alevihaberler.com.tr/haber/27-bayburt-dede-korkut-solenleri-basladi-261 https://www.yenimuhalefet.com/haber/27-bayburt-dede-korkut-solenleri-basladi-19133 | |
|
√ Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024 |
√ Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi - 12.08.2024 |
√ Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024 |
√ Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024 |
√ Туркменка - 28.07.2024 |
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
√ Salman Rüşdiniñ münberde pyçaklanmagy barada aýdany - 15.06.2024 |
√ "Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024 |
√ Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär - 16.06.2024 |
√ Halypa ýazyjymyzyň kitaby neşir edildi - 29.10.2024 |