17:32 Owganystan ýol ýazgysy: -2: "Şäherleriñ enesi" Heratda | |
• “Şäherleriň enesi” Heratda
Ýol ýazgylary
Gündogarda “Şäherleriň enesi” hasaplanýan beýik akyldarlaryň watany Herat şäheriniň meşhur minaralary uzakdan seleňläp görünýär. Bu minaralar ozal 1979-njy ýylda sowet goşunlary çozmazdan ozal 9 sany bolup, häzir olaryň diňe 5 sanysy zordan diýen ýaly saklanyp galypdyr. “Täze döwrüň Çingiz hanlary” şäheri haraba öwrüpdirler. 800 ýyllyk taryhy bolan bu minaralaryň biri şäheriň ene ýoluna tarap gyşaryp dur... Haýsydyr bir gurama tarapyndan, bu taryhy binanyň ýykylmazlygy üçin, ony ýüp bilen çekdirip, ýere gazyk bilen kakyp saklamaga synanyşyk edilipdir. Elbetde bu “restawrasiýa” wagtlaýyn iş bolsa-da, ýene-de biraz göwnüň suw içýär. Her nämede bolsa geçmişi goraýjylaryň bu ýere aýakbasandygy bildirýär. Minaralaryň ýanyndan maşynly barşymyza “ertekiler dünýäsine” düşen ýaly bolup barýardyk. Maşyndan egilip minaralaryň başyny görmäge synanyşýarys. Eşek arabalar, at arabalar maşyna ýol bermeýärdi. Maşynlylaryň eşeklere, atlara berýän duýduryş signallary gulagymyzy gapara getirdi. Ýädigärliklerden ünsümizi sowup sürüjä “kömekçi” bolmak üçin arabaçylara sowlyň diýen yşaraty edip öňde oturan Rejep ellerini galgadýardy. Herata tas giräýen ýeriňde türkmenleriň toplum bolup ýaşaýan ýeri bolan Baraman mähellesine geldik. Baraman mähellesiniň pesejik gümmezlije öýleriniň gabadynda saklanyp, tanyşymyzyň beren adresi bilen biz Juma han atly bir türkmeniň öýüni gözledik. Bize derrew salgy berdiler. Biz darajyk egrem-bugram köçejikden mähellä girdik. Köçe şeýle bir dardy welin kä mahal münüp barýan maşynymyz öýleriň palçyk suwaglaryna degip gaçyrýardy. Öňümizden adam geläýse-de, maşynyň öňünden sowlyp, derrew diwara söýenip şeýle bir gysmyljyraýardy welin, maşyn ol adama hem deger öýdüp ýüregim agzyma gelýärdi. Sürüjiniň ussatlyk bilen adama degmän geçişine geň galyp seredip barýas. Maşyn agaç gapylyja bir öýüň gapysynda saklandy. Öýden çykan ýigdekçe iki eli bilen salamlaşyp hormat bilen öýe çagyrdy. Ýigit basym bizi öýde goýup daşary çykdy. Birazdan gapydan daýaw, giňmaňlaý, epeý kişi gelip girdi, salamlaşdy. Türkmen edebi bilen myhman hatyramyzy saklap kimdigimizi hem soramady. Tanyşlyk dine türkmeniň ilkinji mürähedi bir çäýnek gök çaý bilen çörek gelenden soň başlandy. Ol Eýrandan gelýändigimizi aýdanymyzdan, tanyşyndan getiren salamymyzy minnetdarlyk bilen kabul etdi. Öýe iki sany ýaş uly aýal gelip girdi. Aýallar hem salyhatlylyk bilen bize salam berip ýanymyza geçip oturdylar. Iki ýurduň türkmenleri bolup ata-babadan, geçmişden gürrüňe başladyk. Asyl biziň myhman ýerimiz çagalykdan gör näçe gezekler öwran- öwran okan “Doganlar”, “Gyz salgydy”, “Bedirkent”, “Çuwal bagşy” romanlarymyzdaky baş gahryman Jüneýit hanyň çowlugynyň öýi eken. Men döwür-döwran aýlanarda, han Jüneýidiň neberesi bilen duşuşaryn, olaryň hut öz agzyndan sowet döwründe iň bir “milletçi”, “kommunistleriň duşmany”, “öz ýurdundan dönüklik edip gaçan” hasaplanylan han Jüneýit hakda gürrüňleri eşiderin diýip pikir hem etmeýärdim. Ýüzleri gülüp duran peşeneli Juma han bize türkmen myhman söýerligi bilen hezzet-hormat etdi. Wagtymyzyň çäklidigini, ertir ir bilen Kabula gitjekdigimizi, Herata aýlanyp görmek islegimzi aýtdyk. Juma han “Onda men häzir motor çagyraýyn” diýdi. Men ömrümde motora münüp görmämsoň, gaýga galdym. “Beh, biziň her haýsymyz üçin bir motosiklet çagyrarlarmyka, onuň üstünde oturyp bir bilermikäm?.. Her nämede bolsa bu gözel taryhy “ŞÄHERLERIŇ ENESINI” görmän gitmeklik durmuşyň iň ajaýyp pursadyny elden sypdyrmak boljakdy. Şoňa görä men bütin şäheri paý-pyýada aýlanmagada häzirdim. Gapyda bizi äkitjek motor häzir diýdiler. Gapa çykanymyzdan soň men biraz rahatlandym. Daşarda köneje maşyn durdy. Olar ýeňil maşynlara “motor” diýýän ekeni görüp otursak. Biz maşyna münüp ilki bilen minaralara tarap ugradyk. Minaralaryň ýanynda aýlanyp ýörşüme ýoluň gaýra ýüzündäki ruslaryň urşundan galan “tank mazarlygyna” gözüm düşdi. Ol ýerde ýatan sansyz sajaksyz gapdaly bäşburç ýyldyzly tanklary görenimde, bütin bedenim elendi. Mekdep ýyllarym ýadyma düşdi... Mekdebimizde tam süpüriji bolup işleýän Aýjan daýzanyň görüp, bakyp oturan iki sany oglundan birini, bizden bary ýogy 2 ýaş uly ogly Aşyry esgerlige alynanyna köp wagtam geçmändi. Onuň Owganystana iberilendigi hakyndaky habar gulagymyza degdi. Aýjan daýza esger ogly Aşyrdan iberilen hatlar mekdebimize gelerdi. Kitaphana gelen esger hatlaryny, gör näçe gezek begenişip Aýjan daýza gowşurypdyk. Aýjan daýzanyň begençli gözýaşlaryna, onuň “batyr oglum, esger oglum” diýip guwançly pyşyrdylaryna gör näçe gezek şaýat bolupdyk. Emma esgerligini gutarmaga az wagt galanda Aşyryň “öldi” habary ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Onuň jesedi salnan üsti gyzyl örtüli tabydy 1 aýdan soň getirdiler. Tabytdaky oglunyň ýüzüni hem görkezmän, iň soňky gezek hoşlaşmak üçin tabydy açdyrman “Aşyr neressäni” iň soňky ýoluna äkitdiler. Aşyryň ady mekdebe dakyldy, köçä dakyldy, hatda agasynyň oguljygyna hem adyny dakdylar. Bu zatlar ýüregi ýaraly Aýjan daýzanyň gözüniň ýaşyny tä ölünçä kepetmedi. Olaryň iç biri 19 ýaşynda ýat toprakda ölen Aşyryň ýerini tutmaýardy... Men Heratdaky “Uruş yzlaryny” görüp, şol ulygyzlykda ýüregimizi ynjydan Aşyr neressäni ýatladym. Ýaňaklary gyzaryp duran, etli ganly Aşyr pahyr belki şu ýerlerde jan berendir. Belki onuň gözleri şu ýerlerde iň soňky gezek mähriban Aýjan daýzany gözländir. Ne gözel ýigitlerimiz nämäniň hatyrasyna bu ýerlerde gan dökdüler? Iň bolmanda şony bir bilsediler??? Birnäçe ýyl mundan ozal ynjan ýüregim, ýene bir gezek ynjady... Heratyň minaralaryna tarap öwrülip, taryhy bir derwezeden girdik. Derwezäniň sag tarapyna ýöneldik. Ýanynda kerpiçler, mermer daşlarynyň bölekjleri dargap ýatan mazara tarap bize ýol görkezdiler. Mazaryň baş ýazgysyny okadyk. “Mir Alişir Nowaýy”. Beýik ynsanyň öňünde dyz çökdük. Horaşaja, bir tarahy çöküp ýatan mazardan akyldaryň sesini eşitdim diýsem hiç ynanmarsyňyz? Äleme indiňmi, algy etjek bol Bergi edip gitmek ynsana geňdir. Dünýäden işiňi bitirmän gitmek, Hammamdan ýuwunman çykana deňdir. Dünýede işini bitirip giden ähli türk dünýäsiniň şamçyragy Mir Alişir akyldaryň idegsiz ,garypja mazar bolup çöküp ýatmasy meni ýene bir gezek ynjytdy. Onuň gapdalynda bolsa Nowaýynyň dosty we türki çagataýça ýazyjylaryň hemaýatçysy, Heratyň hökümdary Soltan Huseýin Baýkara bir gysym toprak bolup ýatyr. Soltan Huseýin Baýkara diňe bir döwet dolandyrmak bilen çäklenmän, Gündogar edebiýatynyň ösmegine goşant goşan uly bir şahsdygy hakynda Nowaýynyň eserlerinde ýatlanýardy. Onuň Dehlewiniň eserlerini ýygnadyp, halka ýetirmekde bitiren hyzmaty, gündogaryň akyldarlaryny Abdyrahman Jamyny, Hüseyin Vâiz-i Kâşifî’yi, Hâmidî, Hâtifî, Hilâlî, Bennâî, Asafî, Seyfî-i B ârî, Molla Muhammed-i Beda şî, Ahî ni bir ýere jemläp bilen hökümdardy. Meniň göwnüme bolmasa Nowaýy bilen soltan häzir ýerlerinden galyp, türkmenleriň arasynda bagşylaryň söýüp aýdýan “Soltan Baýkara” dessanyndaky aýdymy garşylaşyp aýdaýjak ýalydy. Serwi agajnyň güli soldy Bu güli neýlese bolar. Gül ölenni sizden eşitdik Mundan yza gaýtsa bolar – dessandaky soltanyň akyldar aýaly Gül hanymyň ölümine göz ýaş dökäýjek ýaly bolup durdylar. Bu uly ynsanlaryň mazarlarynyň şeýle haldadygyna gynanandygymyzy aňan, mazarçylygyň müjewüri, goragçysy bolan goja bize ýakynda Özbegistandan resmi bir delegasiýanyň gelendigini we Nowaýynyň üstüne bir ýadygärlik dikiljegini aýtdy. Göwnüm teselli tapdy. Biz indi derwezäniň gabat garşysyndaky soltan Teýmurleňiň akyldar gelni, Şah Mürzäniň aýaly Göwherşat begumyň mawzoleýine tarap ýöräp ugradyk. Teýmurleňiň akyldar gelni Göwherşat begumyň Horasanyň hökümdary bolan wagtlarynda Heratda, Maşatda beýik ýüpek ýolunyň geçýän ýolunda birnäçe kerwensaraýlar, ylmy medreseler, metjitler gurup häzirki güne çenli adyny ebedileşdirmegi başarandygy hakynda maglumatlary okapdyk. Onuň mazarynyň üstüne gurlan uly kümmetli bina bolsa, gündogarda aýal maşgala nähili hormat goýulandygyna güwä geçip häli häzirem sarsman dur.. Bu giden harabalykda diňe bu mazar-mawzoleý abat galypdyr diýseň boljak. Ýöne onuň hem ok degmedik ýekeje kerpiji ýokdur belki-de... Bu mazarçylykda 15-nji asyrda Horasany we Horezmi dolandyran soltanlar we onuň maşgalalary, wezirler, wekiller, döwlet işgärleri, alymlar, akyldarlar, alty asyrlyk ondan hem köp taryhy gujagyna gysyp syr bol ýatyrlar. Bu ýerden biraz belende çykylýan ýerde pars - täjik edebiýatynyň görnükli wekili Mir Alişir Nowaýynyň ýakyn dosty Abdyrahman Jamynyň mazaryna barýarys. Biz hakydamyzy wagtlaýyn Eýrana öwürdik. Eýranyň gadymy JAM şäherinde Soltan Sanjaryň öz eli bilen ilkinji kerpijini goýan Ahmet Jam medresesi bu günler 1000 ýyldan golaý wagt bäri saklanyp gelýär. Bu medresäniň içine gireniňde akyldar, yslam dininiň alymy Şyh Ahmet Jamynyň mazary bar. Onuň töwereginde nebereleri we doganlarynyň mazarlary bar. Gürrüňe görä, Şyh Ahmet Jamynyň nebereleriniň jaýlanan ýerinde, mazarynyň üstünde pisse agajynyň gögerýändigini eşidipdim. Eşidenime hem ynaman baryp görüpdim, şeýledigine hem göz ýetiripdim. Ine, indi Eýranyň Jam şäherinden 200 km daşlykda akyldar şahyr Abdyrahman Jamynyň mazarynda hem edil mazaryň üstünde gögerip duran pisse agajyny görüp aklym haýran galdy. Pisse agajynyň suwsuz ýerde gögerip oturyşyna gudrat diýmän näme diýjek? Jamynyň mazary beýleki mazarlara garanda idegli bolmaga çemeli. Mermer daşlar bilen bejerilen, töweregine hem haýat çekilen. Heratda Jamileriň nebereleriniň köplüginden habarym hem bardy. Ýöne biz Sowet döwründe edebiýat kitaplarymyzda Nowaýyny, Baykarany, Jamyny okaýan wagtymyz, Sowet goşunlary bu akyldarlaryň mazarlaryny oka tutýan ekeni. Olaryň mazarlarynyň ok degmedik ýeri ýok. Olary “öldürmäge” edilen synanyşyklarynyň barsy puç boldy. Olar diri we ýene-de ýüreklerimizde ýaşaýardy. Hany düýşde akyldarlar bilen jem bolup “turgul diýerler-ä” ine men hem şeýle düýşi görüp, oýanyp bilmän duran ýalydym. Dumly duşum akyldar, men bolsa gaflatda... Juma han bizi Heratyň iň owadan ýeri bolan “Tagty sefer” diýlen ýerine äkitjekdigini aýtdy. Biz edebiýatyň bu “şuglaly ýyldyzlaryndan” kynlyk bilen aýrylyp “Tagty Sefere” gitdik. “Tagty sefer” Herat şäherinden biraz ýokarda ýerleşen. Bu ýerde täze binalar, owadan myhmanhanalar, oteller gurulypdyr. Owadan gül-gülälekli arklar ýap-ýaşyl öwsüp dur. Bu ýere geleniňde “Owganystanda uruş bar” diýseler ynanar ýaly däl. Han-ha çagajyklar “Çarhy-Pelege” münüp aýlanýarlar. Hanha-da, ýaş çatynjalar bolmaga çemeli gol tutuşyp barýarlar. Owganystanda-ha däl megerem jahanda uruş barmaýan ýaly bu ýeri görseň. Aýdymlaryny diňlänimde ganmaýan, iň söýgüli türkmen bagşym Gurt Ýakubyň “Soltan Huseýin Baykara” dessanyndaky, akyldar gyz Gülpamyň çopan atasynyň ýanyna, Soltan Baýkaranyň sawçylyga gelen ýeri bolan bu ýere olaryň hormatyna asyrlap “Tagty Sefer” ýagny “Soltanyň gyza sawçylyga gelen ýeri” diýen ady halk goýupdyr. Meniň göwnüme bolmasa, bu ýaşyl serwi, çynar agaçlarynyň arasyndan seýkin basyp, uz ýörüşläp akyldar Gülpam çykaýjak ýaly bolup durdy.. Howanyň sergin mylaýym şemaly maňa ýene bir rowaýaty ýatlatdy... Soltan Baýkara awçylar bilen keýik awlamaga çykýar. Şol wagt doly ýagyşy gelip olary ezýär. Ýagyşdan gutulmak üçin olar töwerege seretse uzakdan tüsse çykýar. Olar at salyp, şol tüsse çykýan çopan goşuna barýarlar welin ýolda 4-5 sany gyz çöplän çöpleme odunlaryny bir gyrada goýup, donlaryny ýagyşdan goranmak üçin başlaryna büräp, çugutdyryşyp otyrlarmyş. Olaryň içinde bir gyz bolsa egnindäki donuny çöplemäniň üstüne örtüp, özi ýygrylyp duranmyş. Soltan ol gyzdan “aý gyz näme üçin sen donuňy egniňe geýmän, titräp dursuň”-diýende, gyz derrew “Men çöplän odunymy öl etsem, onda öýde galanlar üşär we bu gün hiç zat iýip bilmezler. Üstesine-de soltan biziň öýe myhman gelse, oňa soltana laýyk hyzmat edip bilmeris” diýip jogap beripdir. Patyşa gyzyň akylyna geň galyp, çopan goşuna baka gidiberipdir. Bir wagtdan soň soltan ýoldaşlary bilen egin eşiklerini guradyp, garnyny berre guzynyň etinden doýuryp, çopan gyzynyň öňlerine goýan gatygyny içmekçi bolýar. Görse hälki odunyny gury getiren gyzmyş. Ol akylly gyzyň getiren odunyndan hem doýup hem ýylynan Soltan Baýkara ol gyza aşyk bolupmyş. Agşamyň düşmegi bilen sowujak şemal meni biraz üşedensoň, Gülpamyň çöpleme odunyna gaýnan gara tüňçeli, tüsse ysly gök çaýy içmegi ýüregim küýsedi. Han çowlygy Juma han eýýäm aňdy-da, bize “Indi howada garaňkyrady. Öýe gidip biraz garbak-gurbak edeliň -diýdi. Belentlikden ady owazasy dünýä dolan “Şäherleriň enesi” Heraty ýene bir gezek synladyk. Herat “ýaraly” bolsa-da, sarsman, minaralaryny uzakdan seleňledip şanly taryhyndan gürrüň berip agras dem alyp ýatyr. Men şäherde her ýerde ýanyp başlan ölügsizje çyralary synlap ýuwaşjadan Nowaýydan setirleri okadym ]Gözýaş dökdüm – ýylgyrmadyň sen asyl. Geçdiň gitdiň – gaňrylmadyň sen asyl. Aýralyga nälet okap gygyrdym, Kän gygyrdym – öwrülmediň sen asyl. Hasratymdan külli jahan yrandy, Bir zerrelik tolgunmadyň sen asyl. Hoş sözüňe kän garaşdym. Emma hiç Meni küýsäp, sagynmadyň sen asyl. Söýgi-söýgi, sen nähili belent zat, Kaddyň büküp, egilmediň sen asyl. Ýüregime gylyç sokduň keçpelek, Mähriň berip ýylgyrmadyň sen asyl. Senden ýaňa gün görmedi Nowaýy, Senden ýaňa aýňalmadym men asyl. Biz Heratyň köçelerini biraz maşynly aýlanyp, Juma hanyň öýüne geldik. Öýde bize ulydan saçak ýazylypdyr. Saçagy bezemek üçin birnäçe aýal-gyzlaryň zähmet çekendikleri bes-bellijedi. Biz bu saçagy görenimizden soň mazalyja ajygandygymyzy bilip galdyk. Şam-nahar iýenimizden soň, ýene ara gürrüňbaşy gök çaý geldi. Ýaş uly aýal Oguljan daýzanyň gürrüňlerinden doýmak ýokdy. Ol Jüneýit hanyň Türkmenistandan orsdan gaçyp gaýdandan soňky ykbaly hakynda gyzykly gürrüňleri berdi. Jüneýit han ilki Eýrana geçýär. Ýöne uzak wagt ol ýerde togtamaýar we Owganystana geçýär. Owganystanyň baştutany Amanulla han bolsa ony Kabula çagyrýar. Ýöne Jüneýit han Heratda galmagy makul bilýär. Amanulla han oňa suwly we Heratyň iň gowy ýerinden Türkmen galasy diýen bir oba açyp bagş edýär. Kim bilýär?.. Belki Jüneýit han pelek öwrüler –gerdan aýlanar umydy bilen, Türkmenistana ýakyn bolan bu şäherde galmak isländir. Kim bilýär?... Belki-de ol Watan tarapdan öwüsýän şemala, ertir - agşam ýüzüni ýuwup gelejekgi günlere garaşandyr... Kim bilýär belki-de ol uzakdan hem bolsa gaýalara gulak salyp daşlara siňen Çuwal bagşysynyň owazyny “daglar gümmrü-gümmürlendini” diňländir. Kim bilýär?..... Han Jüneýidiň ogly Eşiniň gyzyndan gaýdan çowlugy Juma hanyň öýünde men olaryň çeken horluklaryny eşidip, olaryň häzir hem awaradadygyna nebsim agyrdy. Juma hanyň gürrüň bermegine görä, olar Jüneýit handan galan neberelerini uruş başlansoň toplap, Türkmenistana gaçyp barypdyrlar. Olar Marçakdan geçip Tagtabazara barypdyrlar. Olary 3 aý saklap, ýene yzyna Owganystana geçirip goýberipdirler. Şeýdip Sowet hökümedi olary ikinji gezek öz topraklaryndan kowupdyrlar. Soňra olar Eýrana gidýärler. Ýykma–ýykylma güzerany ammalçylyk bilen geçiren türkmenleri Eýran hökümedi hem yzyna geçirýär. Şol wagt bularyň gulagyna ‘Türkmenistanyň özbaşdaklyk gazanandygy” hakyndaky hoş habar gelýär. Olar ýene gara janlaryny süýräp, öz topraklaryna atýarlar. Ýok, ýene-de olary şool öňki garaýyş “watan dönüginiň agtyk-çowluklary” hökmünde garap, yzlaryna goýberýärler. Indi olar “Her gün başymyza gelse Heratda geler” diýip jaýlaşyp oturypdyrlar. Jüneýit hanyň Amanulla han tarapyndan sowgat berlen ýeri bolsa birnäçe türkmenlerimizi gujagyna gysyp indi adamsyz garasyz bolup ýatyr. Kä mahal Han Jüneýidiň ýogyndan gelen agras we dözümli sesi güňlenç eşidilýärmiş. Ol ses hanyň mazaryndan şeýle eşidilýärdi.... Watanymda han idim Hanlara perman idim. Dertlere derman idim Misgine dükan idim Jansyzlara jan idim Neýleý indi biçäreýem Juma han babasy hakdaky gürrüňleri gözi ýaşly diňledi. Oguljan daýza gürrüňiň dartgynyny gowşatmak üçin “hawa myhmanlar Han Jüneýit türkmeniň gany kümüşem bolsa garylmaz” diýermiş. Onuň beý diýdigine indi-indi düşünýän. Biz asyl hiç şu ýurt bilen hem, onuň adamlary bilen alşyp garyşyp gidibermedik. Başga milletler gelse, derrew gatyşyp ötäýgidýärler. Biziň ganymyz gaty arassa bolanlygyndandyr-da biz ne kümüşe ne mise garylýas. Hooool sap-saplygymyza durandyrys” diýip ulydan dem aldy. Biz uzak gije türkmenleriň hal ýagdaýy, olaryň başdan geçiren günlerini diňläp, uzak gije gözlerimizi ýumman oturdyk. Olar bizden ýaralaryna melhem isledi, biziň elimizde bolsa ne melhem, ne-de derman bardy... Ah ! Elimde güýç bolsady-da, olary ata watanyna, Bedirkent galasyna götersedim! Han Jüneýidiň, orsuň zulumyndan gaçan ata-babalarymyzyň ruhuny şat etsedim!... Biz ertir sagat 8 de Heratyň aeroportyna gitmelidik. Bizi Kabulda bir harby wezipede işleýän türkmen ýigidi Haýretdin han garşy almalydy. Ertir ir bilen biz ýola düşmäge taýýarlanyp otyrkak, daşardan bir galmagallar eşidildi. Görüp otursak, Haýretdin han bizi aeroporta äkitmek üçin birnäçe esger we Abdyrahman atly komandiri iberen eken. Elleri tüpeňli esgerleri gören badyna hem çagalar we aýallar gorkup galmagallaşýan ekenler. Murtlary pişge ýaly Abdyrahman han bizi ýol boýy goraglap Heratdan 30 km uzaklykdaky aeroporta getirdi. Biz Juma hanyň öýünden hoşlaşyp yzymyzda türkmeniň taryhyny goýup barýandygymyza göz ýetirdik. Hoş galyň! Günlerde bir gün size hökman Watan eýe çykar. Günlerde bir gün men hökman ýene-de dolanyp Herata gelip Han Jüneýit hakynda, siz hakynda, Gülpam hakynda, Nowaýy hakynda yzy gutarmajak roman ýazaryn. Belki-de romanymyň ady “Pelegiň oýny” bolar. Kim biler, Pelegiň oýnuny??? (Dowamy bar...) Ogulmaýa SEMIZADEH SAPAR GYZY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||