Ş E M Her günki adata görä, ähli maşgala şamyny iýmek üçin saçagyň başyna üýşdüler. Naharyň ysy töwerege ýaýransoň, her kim ulularyň "Bissimyllasyna" sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Ulular nahara ellerini uzadyp, kiçilere hem iýmegi mürähet eden wagty... Birden elektrik çyralary öçdi. Eller saçaga ýetmän doňup galdy. Birden garaňky-da öýüň zenanynyň sesi eşidildi "Duraweriň, gymyldamaň, ýogsam gyzgyn çorba ýakaňyzdan guýulaýmasyn, agzyňyzy ýakaýmasyn!" Her kim doňan ýaly ýerinden gozganman oturdylar. Birden ýaňy gepe-mana düşünmeýän, öýüň iň kiçisi aglamaga başlady "Umma-umma". Çaganyň suw soraýandygyny bilseler-de, ýerinden gozganan adam bolmady. Şol wagt garaňky-da bir zorruk ýogyn ses eşidildi. "Sesini kesseňizläň–how" diýenden, garaňky öýde gymyldy hereket artdy. Çaga suw alyp berjek bolup barýanlaryň biri bolsa galmagaly has köpeltdi. Ol öýüň ulugyzynyň aýagyny tötänlikde basyp geçäýipdir welin "Hiih" diýlip içiniň çekileni, soňra-da üznüksiz "hork-hork' edilip aglanýany eşidildi. Çaga suw berilensoň, öýüň içine biraz imi-salalyk aralaşdy. Birden telefonyň jyňňyrdysy oturanlarda bimazalyk döretdi. "Golaýdakylaryň biri alaýsynda-how" diýip ýene zorruk ses gygyrdy. Telefonuň golaýynda oturan oglan gepleşdi ``hawa, biziňki hem ýananok. Haçan ýanjagy belli däl ``-diýip goňşy öýden gelýän jyňňyrda jogap berdi-de, telefony ýerinde goýdy. Ol öňki oturan ýerinde oturmak üçin ýönelende aýagynyň aşagyndan çykan şakyrda böküp beýläk düşdi. Ol ýerde-de... Aý garaz boldy bir bulaşyklyk. Galmagala ýaňy ýatyp baran çaga-da aglap başlady. Şol wagt kimdir biriniň ýadyna şem düşdi. "Wiiý, öten ýyl çyra öçende, alan şemimiz bolmal-a! Nirede şol?!" Bir zatlaryň şakyrdap açylyp, ýapylany eşidildi. "Wah huşum gursun ine şem bar ýakalyň derrew". Ötluçöpi garaňkyda sermenip tapyp şemi hem ýakdylar. Indi her näme-de bolsa, olar saçagy birek-biregi, şemiň ýagtysyna görüp başladylar. Öýe aramlyk aralaşdy. Her kim sessiz şamlaryny iýdi-de, ýerlerinden turdular. Alagaraňky öýüň ortasynda şemi ýakyp goýdularda maşgala onuň daşyna egrelişdiler. Şemiň yşygyna gözlerini ýalpyldadyp, garry ene söze başlady``wah biz dagy ulugyzkak, ýowşanyň odunyň yşygyna tahýa dikerdik, dolak dokardyk. Bular ýaly şem tapylsa dagy galman, gijelerine haly dokajag-a biz. Görüň ýagtysyny dagy! Bular ýaly ýagty hanyň begiň otagynda bolardy o zaman. Şol wagt zorruk sesli öýüň erkegi gepläp başlady. "Hawa-la biz dagy şemiň ýagtysyna mekdebi gutarmadykmy näme? Şem bolmadyk bolsady, onda biz bujagaz ýaşaýşy tapmazdyk" diýip guwanç bilen ýanyp duran şeme seretdi. Öýüň ulugyzy bolsa şemiň ýagtysyna kitaplaryny okady. Çagalar hem ulularyň şem hakyndaky gürrüňlerine diň salyp, içlerindenem eneleriniň öwreden sanawajyny gaýtalap "ýan ýan ýaglyja köke bereýin" diýip asmandan asylyp duran elektrik lampasyna bakyp ýatyşlaryna uklapdyrlar. Bir wagtdan hem töwerekden ýogynly-inçeli horruldylar gelip başlady. Şem bolsa hemmeler ýatsa-da, sönmän şol ýanyp durşuna töweregindäkileriň öwgüsine çydaman, ýanyp-ýanyp daň atmazynyň öňisyrasynda eräp gutardy. Ertir daň atdy. Hemmeler ukudan turandan soň öz işleri bilen meşgul boldular. Okuwa giden okuwa, işe giden işine gitdi. Ulygyz bolsa, agşamky eräp eräp gutaran şemiň galyndylaryny süpürip, hapa atylýan bedrä taşlady. Agşam ýene saçagyň başyna üýşdiler.Elektrik çyrasy bolsa depelerinde ýalpyldap ýanyp durdy. Garry ene "Waheý şol döwürlerde dagy oňupdyrys çala yşyk bilen. Indi oňup boljak hem däl-le, agşam dagy şemiň ýagtysyna ýöregim howlukdy-la, gyz" diýip zeýrendi. Öýüň zenany hem "wah-eý aýlanaýyn şu çyradan" diýip sallanyp duran lampa gözüni dikdi. "Derrew şamyňyzy iýiň, ýogsam ýene öçäýse, şamsyz galarsyňyz. Şemiň ýagtysyna iýip düýnem naharymyzyň mazasy gaçdy' diýip erkek adam hem gürrüňe goşuldy.
Bir tarapda süpürilip hapa atylýan bedrede ýatan, eräp gutaran şem, içini gepletdi: "ikiýüzliler! Düýn maňa-da zardyňyz siz. Meniň yşygym hakda, meniň salýan ýagtylygym hakda aýdan sözleriňize haýp ynanypdyryn. Siziň öwgüleriňize ynanyp ömrümiň ahyryna çenli ýandym. Ýandym, eredim, tükendim. A bu gün bolsa siz..."
Ogulmaýa SEMIZADE-SAPAROWA.
Hekaýalar